05:46 Tereddut -12 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
"Kalu-bela" näme diýmekdir? Bu sözler Ýaradanyň ýaradanlary bilen, aýratynda ynsan bilen bolan ähtleşmesine degişli sözlerdir. Bu ähtnamada: «Men siziň Rabbiňiz dälmi näme?» diýlip soralýar. Bu sowala: «Hawa Rabbimizsiň» diýen jogap alynýar. Bu meseläniň iki tarapy bardyr. 1. Bu sorag kimden we nähili soralypdyr? 2. Haçan soralypdyr? Birinjisi babatda binäçe düşünjeleri getirip bileris. 1. Ynsan heniz hiç bir zat dälkä «bar bolmak» emrini almagy we bu emre «bolýar» diýmegi ýaradylşa degişli bir sorag-jogap we bir äht hasap edilýär. 2. Ynsan atomlar äleminde hat-da bu älemiň, hem ötesinde parçajyklardan ybaratka, her bir zady kemala tarap ugrukdyryp terbiýeläp başlan Rabbülälemin bu parçajyklara ynsan bolmak hyrujyny duýduryp, şol istikametde olardan äht we razylyk alypdyr. Bu hem her zerräniň öz takadyndan has ýokary, Kap dagyndan agyr ýükleri eginlerinde göterip, Rabbiniň «bar bolmak» teklibine «bolýar» diýmesinden ybarat saýylyp bilner. Bu iki görnüşde bolup geçen «sorag-jogap» ýa-da «teklip we kabul etmek» söz we beýan bilen däl ýalydyr. Muňa esaslanyp bir topar tefsirçiler bu ähtnama temsili istiare (bir şekiliň başga bir şekile istiare ýoly bilen meňzedilmegi. Istiare bolsa bir sözüň manysyny wagtlaýynça başga bir söz hakynda ulanmak diýmekdir) arkaly edilen bir ähtnama nazary hökmünde seredipdirler. Ýagny, misli şeýle diýlipdir, şeýle-de jogap berlipdir we şeýlelik bilen hukuk gymmaty bar bolan bir ähtnama kabul edilipdir. Ol ýogsa, beýan we ýazyşmak bilen baglaşylan ylalaşyk däldir. Aslynda müňbir dürli ýüzlenişiň (hitap) we müňbir dürli jogabyň eýesi Rabbiň «hitap-jogap» mümkinçilikleriniň giňligini nazara almazdan beýle kesgitlemä barmak jogapkärçilikden halas etmez. Ýeri gelende bu barada-da durup geçeris. 3. Bular ýaly ykrar we şaýatlyk hakyndaky ähtleşme, ynsanyň özüni bilmegi, özüniň özünden başga hiç zadam däldigine düşünmeginden ybarat. Bir nebis magryfeti, «Nebsini bilen Rabbini biler» hakykatyna nusga bolmak, zandyny görkezýän aýnanyň öňünde goýulmak we bu ýol bilen aň-düşünjesine gelip şöhlelenen reňbe-reň hakykatlaryň jemlenmesine şaýat bolmak we bu şaýatlygy yglan etmekdir. Şeýle hem bu teklip we kabul, bu söz berip söz almak, bu duýmak we duýdurmak örän açyk hem birbada syzylar ýaly hem däldir. Belki birnäçe habarlar we oýaryşlar bilen aňylyp duýulyp bilinjek zatlardandyr, irşadyň ähmiýeti hem bu nokatdan başlanýandyr. Ynsana amanat edilen nebis ýa-da «menlik» «ego», Ýaradanyň beýik barlygyny bilmegi we ykrar etmegi üçin berlendir. Şeýle-de onuň barlygynyň manysy bu bilmekden we ykrar etmekden ybaratdyr. Şonuň üçin ynsan barlygy bilen Onuň barlygyny, sypaty bilen Onuň sypatlaryny görkezişi ýaly, kemçilikleri bilen Onuň kemalyny, mätäçlikleri bilen Onuň baýlygyny we barjamlylygyny, ejizligi we pakyrlygy bilen Onuň gudratyny we yhsanlaryny görkezer. Bu ilkinji peşgeşdir we ilkinji yhsandyr. Bu ilkinji yhsana ynanmazçylyk eden düşünje we paýhas (irfan) bolsa her barlykda Onuň barlygyny, her ýagtylykda Onuň nuruny görüp, beýik Ýaradany yglan we ykrar eder. Bu bolsa «elestü» we «bela» («Men siziň Rabbiňiz dälmi näme?» diýen soraga ruhlaryň «Hawa, Rabbimizsiň» diýen (jogaby) ylalaşygy diýmekdir. Bu ylalaşyk gudrat we eradanyň ýazan kämil kitabynyň manysyna düşünmek we hadysalaryň syrlaryna ýetmek netijesinde, bu «teklip we kabul», söwdadaky «satdym we aldym», nikalaşylandaky «öýlendim nikalaşdym» diýmek ýaly bolýar. 3. Bu ylalaşyk we ylalaşygyň içindäki sorag-jogap maddylaşdyrylyp paýhas edilmeli we şoňa görä düşünilmeli mesele däldir. Hak (j.j.) ähli barlyklara öz asyllaryna görä emr berýär we ýene mahlukatdan göterlen sesleri we owazlary diňlär, düşüner we ýerine görä olara jogap berer, dileglerini kabul eder we ýerine ýetirer. Kelamy ystylah (terminler) bilen beýan etsek, ynsan ýaly aýry-aýry dil we şiwelerde zeruryny aýdýan barlyklaryň her diýenine düşünýän Allahytagala (j.j.) şol bir wagtda şeýle aýry-aýry dillerde we şiwelerde olara emr berer, hakykatlary düşündirer, ynsan we älemi bildirer, ýaradanlaryndan wadalar alar, ylalaşyklar baglaşar we ylalaşyklarda bolar, lafzy kelam we beýan bilen edilen bu işleriň hemmesi «kelamy lafzy» jümlesindedir. Kelamy lafzy – agyzdan çykan söz bilen edilen söhbet diýmegi aňladýar. Şeýle hem biziň üçin kelam we beýandygy anyk belli bolmadyk haýwanlara bolan ylhamdan melekleriň ýeten derejesi bolan ilahy hitap tarzyna çenli Hakyň üýtgeşik bir gürleşmesi bardyr, ol-da, «Kelamy nefsiniň» başga bir ýüze çykmasy we tejellisidir. Allahyň bu şekildäki gürleşmesi ynsanyň kalbyna aralaşan öwüsginlerden, melekler älemine çenli örän giň bir halkasynda bolup geçýändigine garamazdan her halkanyň «almak-bermek» ýagdaýynyň başga-başga bolandygy üçin, bu halkalardan haýsy hem bolsa birine gelen habary, ondan göterilen sözi we beýany başga bir halkanyň ölçeglerine görä ne eşitmek, ne-de tassyklamak mümkin däldir. Aslynda biziň her zady eşidip biljegimizi kesgitli aýtmak hem örän ýalňyş karardyr. Çünki bu gün bilşimize görä biz sesleriň milliondan bir bölegini eşidýäris, görülmeli şöhleleriň hem şonçasyny görýäris. Bu bolsa biziň eşidýän we görýän älemimiziň, eşitmeýän we görmeýän älemimiz bilen deňeşdireniňde örän ujypsyzdygyny aňladýar. Bu sebäpli Hak Tagalanyň zerreler bilen gürleşmesiniň, älem giňişliklerine emr bermesiniň, derňewler geçirip, birleşmeler emele getirmesiniň, örän beýik ölçeglerdäki akymynyň biziň kiçijik ölçeglerimizde kesgitlenmesi mümkinem däldir. Allah (j.j.) zerreler bilen ylalaşjak, molekulalar bilen ylalaşjak, öýjükler bilen ylalaşjak, atomlar äleminde, ene göwresinde bäbekligiň döwürlerinde ylalaşjak, emma biz bulary öz ölçeglerimiziň içinde aýan-açyk hiç wagtam kesgitläp, görüp ýa eşidip bilmeris. Üstesine şeýle ylalaşma ynsanyň ruhy we ol ruhda bir mehanizm bolan wyždanda bolup geçýän bolsa... Ynsan ruhy özbaşdak bir barlykdyr we bu husus bu gün indi jedelleşilmez ýaly derejede aýan boldy. Dürli ugurlary bilen tutuş ylym dünýäsini gurşan parapsihologiýa şu günki günümizde ruhy, barlygy bilen, funksiýalary bilen, düýşleri bilen, arzuwlary bilen, umytlary bilen, emelleri bilen şeýle bir gyzyklanylýan mesele halyna geldi welin, ondan söz açylmadyk ýokary derejedäki maslahat we ylmy topar galmady... Dolulygyna başga we özbaşyna bir meseläni emele getiren ruhuň üstünde öň bir durandygymyz üçin häzir onuň diňe berlen sowala degişli ýerlerinden söz açarys. Ruh ynsan bedeninden öň we bir garaýyşa görä wagt bilen çäkli däldigi üçin, şeýle hem ylalaşyga degişli talap we kabul onuň bilen geçendigini ykrar etsek, düşünmek we düşündirmek ölçeglerimiz bilen ony gurşamak asla mümkin däldir. Hawa, ol düýşlerdäki diline we eşitmesine meňzeş şekilde gürleşýär, telepatiýada bolşy ýaly ses tolkunlaryna zerurlyk duýmazdan habarlaşmagy üpjün edip, düşünşip bilýär. Hatda bu husus hernäçe kyn hem bolsa Sowet Soýuzynda hem – materialist bir dünýä bolmagyna garamazdan – örän manyly görülýän bolsa, ruhuň özüne mahsus gürleşmesi kabul edilýär diýmekdir. Bu parhly gürleşme, parhly ýazgy lentalaryna geçiriljek, parhly kassetalarda goraljak we ýeri gelende özüne mahsus söhbeti bilen orta çykjak, öz dilinde gürleşjek hem ýene özboluşly çagyryşlary bilen belli boljakdyr. Şonuň üçin «elest» mejlisinde-de ruhlar Rabb bilen sözleşmäge çagyryldylar. Jismaniýet berzahy (maddy-beden perdesi) arada bolmandygy üçin her bir zady aç-açan gördüler we «bolýar» diýip bu ylalaşyga gol goýdular. Emma şu günki günümizde köp duşulşy ýaly birnäçeler ruh kitabynyň wyždan bölümini hiç dörüşdirmändikleri üçin beýle bir gol goýmaga we ylalaşyk baglaşmaga rast gelmediler. Rast gelmekleri mümkinem däldi. Çünki olaryň ne o dünýä barada garaýyşlary, ne-de gözlegleri bardy. Aslynda, Kantyň Ýaradany taryplamak hakynda ýazan kitaplaryny arkada goýup, Bergsonyň tutuş älemden ýüz öwrüp diňlemek islän sessiz kitaby budy... Ruh diňleniljek, ruhuň ylhamlaryna gulak goýuljak, wyždanyň diline düşünmek üçin laboratoriýalar guruljak we aň-düşünjä baryp ýetjek şekilde hakykatyň ýüzüni açmaga çalşyljak... Bu kitap özbaşyna beýik hakykatyň iň ýalňyşdyrmajak şaýady we ylalaşyga gol çeken tarapyň ikisinden biridir, emma beýle bir dili öwrenmekden mahrum bolanlara muny düşündirmek gaty aňsat düşmez. Eger akyllar şertleşmekden daş durup bilsediler, ynsan wyždanynyň bu ilkinji ylalaşyga «bolýar» diýendigini duýardy we görerdi. Aslynda obýektiw we pozitiw oýlanmalaryň we gözlegleriň maksady hem şudur. Zehin öz azaşmalaryndan halas boljak, erkin pikirlenjek we netijede erkin düşünjäniň linzasy arkaly wyždandaky bu inçe ýazgylar okalmaga çalşyljak... Bu ýol bilen kalbynyň çuňluklaryna bakmaga özüni endik etdiren niçe ynsanlar bardyr, olaryň içki göz ýetirmeleri we içki duýgulary bilen gazanan waridatyny, ylhamlaryny hiç bir kitapda tapmak mümkin däldir. Ylahy kitaplaryň nyşanlary we yşaratlary bilenem diňe şol linzanyň aşagynda özlerine mahsus reňkler bilen dörärler. Bu gözýetimi görmeýän we özüni ýeňip bilmeýänler bolsa mundan hiç wagt hiç bir zada düşünmezler. Indi meseläniň ikinji tarapyna geleliň. Bu ylalaşyk haçan bolduka? Ilki bilen şuny aýdaýyn, bu meselede aýat we hadysda aýdylýar diýlip bir deliliň görkezilmegi örän kyndyr. Emma birnäçe tefsir alymlarynyň beýanlaryna salgylanmak mümkindir. Bu talap we kabul tohumyň tohumlandyrmak işini ýerine ýetiren pursatynda bolupdyr. Düwnçegiň ynsan şekiline geçýän pursadynda bolupdyr. Ýa hut çaganyň ýetişip özüni bilen pursady bolupdyr... we ş.m. Ähli garaýyşlaryň özlerine görä subut ýollary we usullary bardyr. Muňa garamazdan bularyň birini beýlekisiniň ýerine saýlamak, hatda bulardanam başga bir hususy artykmaç saýmak ýaly çynlakaý bir sebäbi görkezmek hem örän kyndyr. Bu ylalaşyk ruhlar äleminde bolup bilşi ýaly, ruhuň öz atomlary bilen baglanşyga geçen başga bir äleminde hem bolup biler. Embrionyň ösüşiniň islendik bir döwründe bolup bilşi ýaly kemala gelşine çenli geçen islendik bir döwründe-de bolup biler... Düýne bu gün bilen bile seslenen we düýni bu gün bilen bile eşidýän we diňleýän Allah (j.j.) bütin bu döwürleriň ählisinde-de bu ylalaşygy berjaý eden bolup biler. Biz wyždanymyzyň çuňluklaryndan gelen beýle bir sesi eşitmek taýdan we kalbymyzyň bu pursada şahadatyndan habarly edilendiris. Misli aşgazanyň açlygyny özüne mahsus dilde düşündirişi, bedeniň gam-gussalaryny we agyrylaryny öz sözleri bilen dile getirişi ýaly, wyždan hem öz dilini ulanyp, öz terminlerine sadyk galyp, ylalaşyklardan söz açýar, agyry we ejir çekýändigi üçin iňleýär, beren sözünde sadyk galmak üçin çyrpynýar we üznüksiz hyruçlar halynda tolgunmasyny dowam etdirýär. Bir çaga ýaly iňňildileri bilen dykgat çekende özüni bagtly saýýar, halyny düşündirip bilmedik, derdine eýe çykan tapmadyk wagtlarynda-da närazylygyndan ýaňa iki ýana ururnyp durýar. Iň beýik hakykata dury duran aýna bolan köňül şeýle baý kitaphana, şeýle üýtgeşik bir hasabat depderi, şeýle mäkem bir gutydyr, emma bu oňa düşünýän mutagalajynyň (gözleýjiniň) nazarynda şeýledir! Şübhe, guman nämedir we birnäçeleriň alada galyşlary ýaly gorkuly bir zatmydyr? Şübhe, guman ynsany assyrynlyk bilen gemirýän we ýuwaş-ýuwaşdan ölüme eltýän gorkunç bir keseldir. Ynsan ynanç, düşünje we garaýyşlary babatda özüni bir gezek bu keseliň duzagyna düşürdigi, şondan soň ýaşaýyşa degişli ähli hereketleri, ruha degişli bütin başarnyklary bilen ysmaz bolup galýar. Şübhäniň we guman etmegiň iki esasa daýandyrylmagy mümkindir. 1. Erk-erada daýanýan, köneleriň reýbilik we hisbanilik diýip atlandyran şübhesi. 2. Içki paýhas we daşky göz ýetirme deňagramsyzlygyndan, niýet we nazar gyşarmalaryndan, bilimde ýerbe-ýer goýmak ukybynyň ýoklugy sebäpli döreýän beýleki görnüşdäki guman we şübheler... Ikinji görnüşdäki şübheler mahal-mahal her ýerde üstünde durup geçen meselämizdir we meniň pikirimçe ýok edilmesi hem mümkindir. Birinji şübheler bolsa bir dertdir, diwanalykdyr we betbagtçylykdyr. Bu pisint şübhelere Spinoza: «Hakyky reýbiniň (şübhä gideniň) wezipesi sessiz oturmakdyr» diýipdi. Käşkä olar bu nesihata gulak assadylar. Iň bolmanda töweregine zyýanlary ýetmezdi, diňe öz nebislerinde galardylar. Şeýle hem şübhäniň ylmy maksat bilen şertlendirilip, wagtlaýyn bolýany hem bardyr. Beýle şübhä hiç kimiň diýjek zadam ýokdur. Emma biziň bu ýerde kesel diýip atlandyran şübhämiz Dr. Paul Sollieriň hem aýdyşy ýaly «Ýeňip geçmek we ondan halas bolmak mümkin bolmadyk we çözülmejek ýaly görünýän şübhedir». Şeýle bir şübhe, yzyny üzmän aň-düşünjämizi basgy aşagyna alar we şeýdip dowam eder gider. Soňra bütin ruhy ahwalatymyzy we akyl-paýhasymyzy ysmaz eder. Bu hala gelen ynsan müňbir şübhäniň jemlenen nokady bolşy ýaly, müňbir kararsyzlygyň, iç-içine kesişip gidýän garjaşyk we ugry-utgasyna düşünip bolmaýan ýollara meňzeşdir. Şübhelerini ýeňip geçip bilmedik we öz kalbyna söz diňledip bilmedik bir ynsan üçin bedeni ysgynsyzlyk, zehin we ahlak bulanyklygy we näsaglyklary öňüni alyp bolmaýan hokmany hadysalardandyr. Şübhe ynsana özüni alyp barşynda doňýüreklik, ruhunda darykmak we bişowluk emele getirer. Şonuň üçin şübhä giden kimseler beden güýjüne garaşly işlerden gaçmak arzuwynda bolup, ýadawlyk getirjek işlere bolsa ýigrenç bilen gararlar. Hiç bir işi etmänkä ýadawlyk çekýänlere psihýatryň goýjak diagnozy näçe kesgitli bolsa bolsun, olar hakynda içki ruhy ýetmezçiligiň funksiýasyny inkär etmek dogry bolmaz. Şübhäniň zehine täsiri barada aýtsak bu bela-betere sataşanlar dowamly we çynlakaý zehin işjeňligini görkezmezler. Az-köp beýnisi uzak wagtlap şübhe urgulary bilen sarsan bir ynsanyň sagdyn pikirlenip bilmegi gaty müşgildir. Bular ýalylaryň iň görnüp duran taraplary ünssüzlik, zehinleriniň işjeňligini ýitirmegi we ýadkeşlikleriniň kütelmegi ýaly ýagdaýdyr. Indi bular ýalylar üçin her zat gitdigiçe bolup bilmejek şekile görner we öňlerinde aşylmagy mümkin däl ýaly görünýän «bolup bilmezlerden» depeler emele geler. Olaryň öňünde ýeke-täk açyk gapy we ýörelip bilinjek ýeke-täk ýol bardyr ol hem başgalary tankyt etmek ýoly. Olar şeýdip ýaşarlar, barlyklaryny dowam etdirerler. Şeýle hem şübhäniň ahlagy basgy aşagyna almasy söz açylmaly meseledir we meniň pikirimçe iň howplysy hem şoldyr. Meýil-arzuwlaryň, islegleriň, ýetip bolmajak maksatlaryň, doýmany bilmeýän hyrujyň, gysgaça aýtsak, şahsyýetiň iň pynhan we päk esasyny döreden zatlaryň täsire düşmeginiň sarsgyny we garşylykly urgular, şübhäniň girdabina düşen ynsanlaryň zehinlerinde öz döreden netijeleriniň meňzeşini ahlak babatda-da döreder. Iş durmuşynda başarnyksyzlyk, görgüler we herekete geçiriji agzalarynda (waso moteurs) kemçilik döreýän kimselerde ürkeklik, köpçülükden çete çekilmek ýaly zatlar ýüze çykýar. Bular ýalylar keýp çekmegi, keýpi-sapa höwes edişleri ýaly, her kimden gaçamak we ýeke ýaşamagy islärler. Bu sebäpdenem gam-gussadan, gaýgy aladadan hiç dynyp bilmezler. Bular erkinlik düşünjesinden mahrum, ruhy taýdan garşylyk görkezerdenem örän ejizdirler. Üstesine aşa ýokary derejedäki şübhä gidenlerde käwagt hiç bir zada gynanmazlyk ýaly bir ýowuzlygyň, sowuklygyň we mähirsizligiň höküm sürüşi ýaly, kä mahallaram doly ýykylan ruhy şahsyýetleri bilen köpüň adamsy bolmak waspyny bütinleý ýitirerler. Şübhe jemgyýetçilik netijeleri babatda-da örän howply keseldir. Töwereginden we töwereginde bolan-bolýan zatlardan şübhelenýän, guman edýän bir kimse gözi göre-göre özüni müň bir endişe içine atar, hem özüni, hem töweregini birahat eder. Şeýlelik bilenem şübhä we gumana ýoluganlaryň jogapkärçilik endişesi bilen hereket etmegiň gerek bolan ýerinde yza çekilmekleri ýa-da hereketiň hut gerek wagtyndan gijä galmagy ýaly ýagdaýlary şeýle bir howpludyr, kä halatlarda bir jemagatyň, halkyň tutuşlygyna betbagtlyga uçuramagyna sebäp bolup bilerler. Hususanda ähmiýetli, beýik işlerde, syýasy we harby ugurda baştutanlaryň ynamsyzlyklary we şübheleri milletleriň, goşunlaryň bagtyny ýatyrmaga-da ýeter, hatda artaram. Aslynda, özünden şübhe edeniň başgalara daýanç we arkadag bolmagy mümkin däldir. Çünki özünden şübhe edeniň nähili hereket etjegi belli bolmansoň arkasynda birnäçe gezek ýalňyşmaly bolan ýygynlar onuň iň ýazyksyz we makul hereketlerini-de diňe şübhe bilen garşylarlar. Şeýlelik bilen şübhä gidenleriň uly bir toparyndaky «bolşy ýaly» galmak meýli, az bir toparyň ileri gitmek, hemle urmak gaýratlary äsgermezlik eder ýaly derejede däldir. Netijede şübhä gidenleriň ne düşünjesinde ne-de iş we hereketlerinde deňagramlyk ýokdur. Olaryň arasynda wezipelerini, kärlerini, işlerini jogapkärçilik gorkusy bilen terk eden şeýle köp adam bardyr – Allah gorasyn! – olar ýalylar kynçylykly döwürde bir milleti we bir döwleti ysmaz edip biler. Bularyň atylyp hereket edişleri gowgadan doly waka bolşy ýaly, wehimden doly çäreleri hem sönüp gitmek we öçügsileşmekdir. Käbirlerine görä bu hal erksizlikden gözbaşyny alýan ýaly görünse-de, asla beýle däldir. Aslynda bu hal çalt görnüşde karara gelmezlikden, ýaşaýyş bilen baglanyşykly umumy ahwalyň we hadysalaryň bize habar beren çözüm ýollaryndan birini saýlap almazlykdan gözbaşyny alýar. Şübhe we saýlap bilmezlik ýagdaýynda şübhä gidenler, gujur-gaýratly, dogumly adamdan has zyýanly we has howpludyr. Hereket edeniň bir ugra ugrukdyrylmasy we hereketleriniň tertipleşdirilmegi ýaly çözülmeli meselesi bolsa-da, hiç bolmanda ol hereket edýär. Şübhä gidenlere gezek gelse welin onuň hereketi durmak, durmasy hem hereket etmek ýaly garaşylmadyk zat bolansoň hemle atmasyna-da, yza çekilmesine-de ynanyp bolmaýar. Üstesine-de, şeýle kişiler gujur-gaýratlaryndaky çenden aşalygy batyrlyk, wehim we gorkaklygy hem seresaplylyk, bir çäre hasap edýän bolsa, indi ol bu kesellän ruh halaty bilen hem özüni, hem töweregindäkileri betbagt etjek arwaha öwrülendir. Howply ýagdaýda fronty, öň hatary terk eden niçe baştutan ýa-da serkerde bardyr, bütin milleti şol reýbilige, wehime gurban edipdirler. Döreden howp-hatarlary sebäpli diňe özi heläk bolsady «ýatan ýerleri ýagty bolsun» diýmek bilen kanagatlanybam bolardy. Emma, esasy kyn tarapy bir topar şübhä giden, öz garamagyndaky bir giden biçäreleriň heläk bolmagyna sebäp bolýarlar. Modern şübheçilerden millete wekilçilik edip küfürini ýüze çykaryp biljek mertleriň tapylşy ýaly, asyl durklaryny ýaşyran we birnäçe bela-beterlere sebäp bolan namart şübheçiler-de bardyr. Bu ýerde reýbiligiň dürli görnüşlerini delilleri bilen ret etmek we ýaralamak islemeýändigimiz üçin olary pelsepe kitaplaryndaky tankytlar bilen özbaşyna goýup, diňe bir hususy açyp görkezmekde peýda bar diýip hasap edýäris. Ol hem her synanşygyň başynda tersine ähtimallyk bermejek şekilde iman we ol imandan gözbaşyny alýan erada we öçmejek azyma, gujur-gaýrata zerurlygyň bolmagy meselesidir. Bularyň birindäki şübhe we ynamsyzlyk beýlekileriň hem täsirini ýok eder we netijesiz goýar. Sylag-serpaý we jeza beriljek bolan kyýamat-magşar gününe gumansyz ynanç, şahs üçin-de, jemagat üçin-de kämilleşmekde ilkinji şert we iň ähmiýetli esasdyr. Bu ynanç istikametinde görkezilen jogapkärçilikli ömür ýoluny ýaşamak, iň akylly hereket we iň ähmiýetli tutanýerlilikdir. Bir ynsanyň ýaşaýşyndaky, garaýşyndaky we hereketlerindäki öwrüm-çöwrümler, ýalan-ýaşryklar bolsa üstünlige päsgel berýän serişde we bir peläketdir. Jemläp aýtsak, şübhä düşen bir adam üçin şu hususlaryň üstünde durulmagynyň peýdasy bardyr. 1. Olar ýalylaryň biri hökman magrifet mertebesine ýeten (aryf bolan) biriniň ýanyna gitmeli ýa-da äkidilmelidir. Şeýle çäre görmek bilen onda şübhe keseliniň bardygy ýa-da ýokdugy, çuňlugy we haýsy hususlara degişlidigi orta çykar. Bu bolsa keseliň bejerilmesini ýeňilleşdirer we şübhäni gidirmäge ähmiýetli kömegi deger. 2. Şübhe ynanç meseleleri bilen baglanyşykly bolsa, şol babatda, ybadata degişli meseleler bilen baglanşykda ynanç-ygtykady güýçlendiriji çäreler görülmelidir. Şübhä itekleýän sebäpleri nazara alyp deliller getirmeli we şübheleri ýeke-ýekeden yok edip aýyrmaly. 3. Bulardan başga-da şübhä düşen adam düşünje gözýetimi giň, kalby we ruhy ýaşaýşy aýdyň bolan kişiler bilen ýygy-ýygydan görüşdirilmeli we olaryň ýaşaýşa höweslendirýän söhbetlerinden peýdalandyrmaly. 4. Olar üçin käte imany çuň, ybadaty baý, düşünjede istikamata ýeten ynsanlaryň durmuşyny görmekleri-de örän peýdalydyr. Ýurt içinde we ýurt daşynda yslamyň öňde gelen ýokary mertebeli wekilleri bilen bular ýaly hassalaryň duşuşdyrylmasy birnäçe gezek berlen müň nesihatdan has täsirli bolup biler. 5. Mundan başga şübhä giden geçmişiň baý we reňkdar sahypalarynda ýygy-ýygy gezdirilmeli, taryhyň we siýeriň akyşynyň şaggyldylary bilen ýüzi, men-menligiň garaňky ýerkümelerinden, «Akmaýanyň ýoly» ýyldyzlary ýaly parlak, şanly geçmişimize öwrülmelidir. Bu ýol bilen geçmişiň aýdyň ýüzüni we ýyly demlerini duýan her kesiň ruhuny gaplan bulanyk düşünjelerden derrew halas bolmagy we az-u köp köňülde dirilişe ýönelmegi birnäçe gezek görülen wakalardandyr. 6. Şübhe bir hassalyk halyna gelip, töwerege-de ýaýramaga ýykgyn edýän bolsa hassanyň bir hekimiň gözegçiliginde saklanmagy we samramalarynyň köpçülige ýaýramagyna mümkinçilik berilmezligi gerekdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |