05:46 Tereddut -13 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
Külli eradanyň diňe we diňe Allaha degişlidigi Kurany Kerimde beýan edilýär. Munuň bilen birlikde, ynsana jüz-i eradanyň berlendigi hem mälimdir. Beýle bolsa günä iş edýän bir kişi öz eradasyna uýup günä işi edýärmi ýa-da oňa günä işi Allahutagalanyň külli eradasy etdirýärmi? Meseläniň gysgaça beýany şudur. Ynsanda erk-erada bardyr. Biz muňa isleseňiz jüz-i erada, isleseňiz ynsanyň erki, isleseňiz ynsanyň kesp (gazanmak) güýji diýeliň. Hak Tagalanyň ýaratmasyna-da külli erada, ýaratmak, döretmek kuwwaty, ýagny gudrat, erada we döretmegiň eýesi diýeliň. (Bular Allahyň sypatlarydyr.) Meselem, Allaha degişli tarapy bile ele alnanda, misli Hak Tagala zor salýar-da bolmaly zatlar bolmalysy ýaly bolýar görnüşinde düşünilýär we şeýlelik bilen işe jebir aralaşýar. Meselem, ynsana degişli tarapy bilen ele alan wagtymyzda bolsa, ynsan öz işlerini özi edýär görnüşinde düşünilýär we bu ýagdaýda-da işiň içine «her kim öz amalynyň ýaradyjysy » düşünjesinden ybarat bolan mugtezile düşünjesine eýerýär. Älemde bolup ýören ähli zady Allah ýaradýar. Bu soragda geçen «külli erada» sözüniň manysy hem budur. Hatda «Wallahü halakaküm wema tagmelun». Sizi-de, işiňizi-de Allah ýaradýar...» Ýagny siziňem, siziň edýän hal-hereketiňiziň hem Halygy ýalňyz Allahdyr. Meselem, siz taksiçi ýa-da bir jaý salýarsyňyz... bu işleri Ýaradan Allahdyr. Sizem, hereketiňizem Allaha degişlisiňiz. Emma, orta çykan bütin bu işlerde size degişli bir aýratynlyk hem bardyr, o-da kesp we gatnaşmakdyr. Bu bolsa ýönekeý bir şertdir we ýöntem bir sebäpdir. Edil dünýäleri ýagtyltjak ägirt elektrik liniýasynyň düwmesine basan ýaly... Bu ýagdaýda «Siziň hiç bir dahylyňyz ýok, hiç bir goşandyňyz ýok» diýilmejekdigi ýaly, iş dolulygyna size degişli hem diýip bolmaz. Iş tutuşlygyna Allaha degişlidir. Emma, Allah size degişli bu işleri ýaradanda bir bölek goşandyňyzy-da ýönekeý şert hökmünde kabul etmegi buýrupdyr we etjek işlerini onuň üsti bilen edipdir. Meselem, şu mesjidiň içindäki elektrik mehanizmini Allah gurupdyr, işlejek hala getiripdir. Gaýtadan muny ýagtyltmak işi, düzgüni-de Allaha degişlidir. Elektron akymlaryndan bir yşyk döretmek, mesjidi ýagtylandyrmak bir işdir. Ol hem «Nurun-nur, Münewwirun-nur, Musawwirun-nur» bolan Allahytagala (j.j.) degişlidir. Emma bu mesjidiň aýdyňladylmasy meselesinde siziň hem gatnaşygyňyz bardyr. Ol hem Allahyň guran bu elektrik mehanizminde Allahyň bellän düwmesine basmagyňyzdyr. Siziň eradaňyzdan we takatyňyzdan has aňyrda ol mehanizmiň ýagtyltmak wezipesini ýerine ýetirmegi bolsa tutuşlygyna Allaha degişlidir. Ýene bir mysaly dykgatyňyza ýetirýärin. Meselem, taýýarlanylyp işlejek, herekete geljek, ýörejek bir enjamy göz öňüne getireliň. Işletmek üçin diňe düwmesine basmak wezipesi size berlipdir diýeliň. Ol enjamy herekete getirmek bolsa ony düzen, gurnan Gudraty Güýçlä mahsusdyr. Şonuň üçin ynsana degişli bu kiçijik gatnaşyga «kesp» ýa-da «jüz-i erada» diýýäris. Allaha degişlisine bolsa «döretmek, ýaratmak» diýýäris. Netijede şeýle bir erada bölünşigi garşymyza çykýar. Külli erada. Jüz-i erada. Erada diýdigimiz myrat etmek, dilemek, islemek diýmekdir, bu tutuşlygyna Allaha degişlidir. Kurany Kerimde: «Allahyň isläninden başgasyny diläp bilmersiňiz» buýrulýar. Bu hususa ýalňyş düşünilmesin. Biz şeýle pikir edýärkäk, guluň hem «bir barmak degirmek diýiljek derejede eradasy bardyr» diýmek bilen, tutuşlygyna jebri determinizmden uzaklaşdygymyz bolýar. Işi emele getiren Allahdyr diýenimizde bolsa mugtezile mezhebi we rasionalistler ýaly pikir etmeýändigimizi görkezýäris. Bu şekilde-de ne Uluhiýetinde, ne-de Rubibiýetinde Allaha taý we şärik goşmadyklardan bolýarys. Allah (j.j.) Zatynda birdir, älemi we barlyklary ýaradyp dolandyrmagynda birdir... işini başgasyna etdirmez. Allah (j.j.) ähli zady özi ýaradypdyr. Emma, jogapkärçilik, synag ýaly käbir syrlar we hikmetler üçin ynsanyň meýil we gatnaşygyny-da ýönekeý bir şert hökmünde kabul buýrupdyr. Meseläni has-da aýdyňlaşdyrmak üçin ýagşyzadalardan beýik bir şahsyýetiň bu meselede getiren mysalyny aýtmak isleýärin. Ol şeýle güürüň berýär: «Sen bir çaganyň islegi bilen ony gujagyňa alsaň, soňra-da ol saňa meni pylan ýere äkit diýse, senem ony şol ýere äkitseň, ol hem o ýerde üşäp kesellese, saňa «Meni näme üçin bu ýere getirdiň» diýip nägileligini bildirip bilermi, elbetde bilmez. Çünki özi isledi. Üstesine oňa «Özüňden boldy» diýip bir-iki şarpygam çalarsyň. Indi bu hususda çaganyň eradasy inkär edilip bilnermi? Elbetde edilmez. Çünki ol talap etdi we isledi. Emma ony ol ýere äkiden sensiň... Kesellemesini-de çaganyň özi etmedi. Belki ondan bolan zat diňe isleg we meýil. Şeýlelik bilen bu ýerde hassalygy beren bilen çagany ol ýere äkiden we bu işi isleýän biri-birinden aýrylýarlar. Biz takdyra we ynsanyň eradasyna, bu manyda we bu garaýyşda baha bereris». Işiň dogrusyny her zady takdyr eden biler. Kurany Kerimde «Kime azaşmagy (zalalaty) myrat etsem azaşmakdan aýrylmaz, kime hak ýoly (hidaýeti) myrat etsem hak ýolundan aýrylmaz» diýilýär hem-de «Ynsan ogluna akyl, pikir berdim, eradasyny öz eline berdim, hatda dogry ýolu-da, egri ýolu-da görkezdim. Haýsysyndan gitmekçi bolsa gitsin» diýilýär. Bu ýagdaýlara nähili düşünmeli? Bu soragda iki mesele bar. Birinjisi, Hak Tagala külli eradasy bilen nämäni islese şol bolýarmy, ýogsa ynsan eden işini öz eradasy bilen edýärmi? Bu soragdaky aýat şeýledir: «Men ýehdillahiu fela mudille leh.We men ýudlil fela hadiýe leh.» Allah (j.j.) kimi hidaýete erdirse ony hiç kim dogry ýoldan azaşdyryp bilmez. Ol kimi-de zalalata iterse, hiç kim ony dogry ýola getirip bilmez». Manysyny yzlasaň hidaýet – dogry ýol, kämillik, nebileriň giden istikametli giň ýoludyr. Zalalet bolsa azmak, dogry ýoly ýitirmek we istikamatdan aýrylmak diýmekdir. Dykgat etseňiz bularyň ikisem özbaşlaryna bir iş we ynsana degişli tarapy bilen hersi bir hereket, hersi bir amaldyr. Bu sebäpden bularyň ikisinem Allaha bermek gerekdir. Aýdyşymyz ýaly her iş Allaha degişlidir. Oňa degişli bolmadyk hiç bir iş görkezilmez. Zalalaty Mudill (azaşdyryjy, ýalňyş ýola höwes etdiriji) adynyň gerekligi bilen, hidaýeti Hadi isminiň tejellisine baglaýan diňe Allahdyr (j.j.). Hawa ikisini-de beren Hakdyr. Emma, bu gul hiç bir dahyly, başlatmasy bolmazdan, Allah tarapyndan zor bilen zalalate itilýär ýa-da hidaýete ugrukdyrylýar, olam ýa azaşan, ýa dürs ynsan bolýar diýmek däldir. Bu meseläni gysgaça şeýle düşündirmek bolar. Hidaýete ermede ýa-da zalalata düşmekde amal näçe bolsa, meselem, bu iş on tonna agyrlykdaky bir iş bolsa, onuň ýüzde birinem ynsana degişli etmek hatadyr. Hakyky mülk sahyby Allahdyr we ol iş hökman mülk sahybyna degişlidir. Ýene bir anyk mysal getireliň. Allah hidaýet eder we hidaýetiniň wesileleri bardyr. Mesjide gitmek, nesihat diňlemek, pikirleriňe aýdyňlyk bermek hidaýetiň bir ýoludyr. Kurany Kerimi diňlemek, manysyny yzarlap çuňluklaryna çümüp gitmek hem hidaýet ýollaryndandyr. Resuly Ekremiň (s.a.w.) Huzur-u Risalet-Penahilerine gitmek sapak alyp öňünde oturmak, Ony jan-dil bilen diňlemek, Onuň köňülden çykan sözlerine gulak goymak, we Ondan gelen tejellilere köňlüňi açyk tutmak hidaýet ýollaryndan bir ýoldur. Ynsan bu ýollar bilen hidaýete ugrar. Hawa, mesjide barmak kiçijik bir iş bolsa-da, Allah (j.j.) mesjide barmaklygy hidaýete wesile kylyp biler. Hidaýet eden Allahdyr, emma bu hidaýete ýetmek üçin Allahyň gapysyny «kespi» bilen kakan guludyr. Ynsan dynç alyş öýüne, meýhana, buthana gider. Şeýdibem «Midill» isminiň gapsyny kakar we «Meni azaşdyr» diýdigi bolar. Allah myradyna ýetsin diýip ony azaşdyrar. Emma islese öňüne bir päsgelçilik goýar, azaşdyrmanam biler. Dykgat edilse ynsanyň elinde şonça jüzi bir zat bardyr, ol hem ne hidaýete, ne-de zalalata hakyky sebäp boljak häsiýetde däldir. Şeýle bir mysal getireýin. Siz Kurany Kerimi we wagz nesihatlary diňläniňizde edil şonuň ýaly ylmy bir kitap okan wagtyňyz içiňiz nurdan dolar. Şeýle hem başga biri minaranyň kölegesinde ezan-i Muhammediýni eşidýärke, wagyz-nesihat diňleýärkä, hatda tüýs ýürekden aýdylan mynajat gulagyna ilende-de birahatlanyp «Bu ýakymsyz sesler näme-kä?» diýip azanyň sesinden şikaýet eder. Diýmek, hidaýet edenem, zalalat berenem Allahdyr (j.j.). Emma kim zalalatyň ýoluna gitse, Allah (j.j.) hem müňden 999,9 bölegi özüne degişli işi ýaradar – misli düwmäni basmak ýaly – soňra bolsa ynsany zalalata meýil we arzuwy sebäpli ýa jezalandyrar ýa-da bagyşlar. Allah birnäçe ynsanlara maşyn, jaý, mal-mülk, abraý, dost-ýar, şan-şöhrat beripdir. Başga birnäçe ynsanlara bolsa älem ýüzi ýaly pakyrlygy, derdi, betbagtlygy beripdir. Ikinji topar ynsanlar şeýle erbetmi ýa-da Allah birinji topardaky ynsanlary şeýle gowy görýärmi? Beýle sorag öwrenmek, bilmek maksady bilenem soralyp bilner. Başgaça bolsa günähe galynar. Aslynda, içinde şular ýaly derde goýýan soragy bar bolan ynsanyň muny soramagy gerek. Allah (j.j.) islänine at, maşyn, baýlyk, taksi, jaý berer, islänine-de pakyrlygy, garyplygy berer. Emma bütin bularda maşgaladan we gaýry zatlardan dörän sebäpler hem inkär edilmeli däldir. Meselem, bir ynsanyň mal gazanmakda başarjaňlygyny we ukybyny inkär edip bolmaýşy ýaly, öz döwrüniň şertleri içinde gazanmagyň ýollaryny bilmeginiň hem gowy gazanja sebäp bolup biljekdigi inkär edilmez. Munuň bilen birlikde Allah (j.j.) käbir ynsanlara başarjaňlyk görkezseler hem mal-mülk bermeýär, gazandyrmaýar. Muňa garamazdan, zaýyf bir Hadys-Şerifde Allahyň maly öz islänlerine, ylmy bolsa kim islese şoňa berýändigi barada söz açylýar, bu bolsa gozgalan mesele bilen örän manydaş... Şeýle hem mal-mülk şübhesiz haýyr saýylmaly däldir. Hawa, kä halatda Allah (j.j.) mal-baýlygy, dünýewi rahatlygy we sagadaty isleýänlere isledikleriçe berer, käte-de bermez. Emma Allahyň (j.j.) hem bermegi, hem bermezligi haýyrlydyr. Çünki sen bir gowy adam, berleni-de ýerinde ulanjak bolsaň, seniň üçin haýyrlydyr. Gowy adam bolman, istykamatdan hem aýrylan bolsaň Allahyň bermegi-de, bermezligi-de seniň üçin haýyrly däldir. Hawa istykamatyň ýok bolsa, pakyrlyk seniň üçin küfre wesiledir. Çünki seni Allaha garşy baş galdyrmaga iterer-de, her gün Oňa garşy isýan baýdagyny galdyrarsyň. Ýene, eger sen istykamatda däl bolsaň, kalp we ruh ýaşaýşyň ýok bolsa, seniň baýlygyň seniň üçin bir beladyr we ýele sowrulýandyr. Şu wagta çenli örän köp adam bu synagdan geçip bilen däldir. Nijeme baýlygyň eýeleri bardyr, baýlygyň içinde ýüzýän hem bolsalar müňkürliklerinden ýaňa kalplarynda tejelliden iň kiçijik bir ýylpyldy we aýdyňlyk ýokdur. Şonuň üçin bular –Hak Tagalanyň mal we baýlyk bermesi bir istidraçdyr. Netijede baýlyk olaryň azaşmagyna wesile boldy. Emma bular ähli zatdan öň kalp we ruhy ýaşaýyşlaryny öldürendikleri we Allahyň beren tebigy başarnyklaryny çüýredendikleri üçin şu ýagdaýa mynasyp görüldiler. Bu arada Serwerimiziň (s.a.w.) şu hadyslaryny ýatlamak hem ýerine düşer. Araňyzda şeýle adamlar bardyr, gollaryny göterip Allaha kasam eden wagtlary Allah (j.j.) olaryň kasamlaryny kabul eder we kasamlaryndan dändirmez. Bera ibni Mälik olardan biridir. Enesiň gardaşy Beranyň bolsa ne iýjegi, ne-de ýatjak ýeri bardy, ölmez-ödi güzeranda ýaşaýardy. Ine Bera ýaly saçlary ber-bulaşyk, geýimleri könelip giden, haly perişan saýyljak kimseler bardyr, olara beýik ynsanlar nazary bilen bakylypdyr we kalplarynyň ululygy, içleriniň nurlylygy bilen baha berlipdir. Ine bular hem Resul-y Ekremiň dili bilen aýtsak, kasam etseler Allah eden kasamlaryny ýalana çykarmajak kişiler diýlip wasp edilipdirler. Şonuň üçin, hersi aýratynlykda ne baýlyk, ne-de garyplyk bir peläket ýa-da nygmat saýylmaly däldir. Belki ýerine görä pakyrlyk Allahyň iň uly nygmatlaryndandyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) eradasy bilen pakyrlygy saýlap alypdyr. «Islemezmisiň dünýä olaryňky bolsun, ahyret biziňki» buýrupdyr. Hezreti Omar dünýä baýlyklary döwlet hazynasyna akýarka bir pakyr ynsan ýaly ölmez-ödi bilen oňupdyr we ondan artygyny islemändir. Emma şeýle pakyrlyk hem bardyr, ondan Allah gorasyn, küfür we zalalatdyr. Meselem, berlen sowal bilmek niýeti bilen bir müminiň agzyndan çykman, bir gadyrbilmeziň agzyndan çykan bolsa, Allahyň nygmatlaryna garşy şikaýat eden ol kişi käfir bolardy. Diýmek ýerine görä pakyrlyk nygmat, ýerine görä uly döwletlilik. Asyl mesele kalbyň müsaddykyn bolmagydyr. Ýagny, Ýa Rabbi senden näme gelse gelsin maňa ýaraýanydyr. «Hoşdur maňa senden gelen ýa hülle don bolsun, ýa hut kepen. Ýa täze gül, ýa hut tiken, lutfuň-da hoş, gahryň-da hoş». Anadoluda aýdym edilip aýdylanda «Senden o hem hoş, hem bu hoş» diýýärler. Ynsan hülle don geýse-de, baýlygyň içinde ýüzse-de Allah bilen bile bolan ýagdaýynda Abdulkadyr Geýlany ýaly ýene aýagy welileriň omzunda we mübärek başy hem Resuly Ekremiň (s.a.w.) etegine degjekdir. Emma Allah bilen baglanşygy ýok bolsa o pakyryň bu dünýesem berbat, o dünýesem berbat boljakdyr. Şonda Allah bilen bile bolmaýan baý, daşyndan bu dünýede bagtly ýaly görünse-de netijede bir agyr derde ýolukjakdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |