05:48 Tereddut -14 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
Allah neçün gullaryny bir meňzeş ýaratmady? Birini kör, birini agsak ýaratdy? 1. Allah mülk eýesidir. Mülkünde isleýşi ýaly hereket eder. Hiç kim Onuň işine gatyşmaz we Onuň ýaratmagyna päsgel bolup bilmez. Seni zerreleriňe çenli ýaradan, synalaryňy ýerbe-ýer goýup saňa ynsan sypatyny bagyş eden Allahdyr (j.j.). Sen bulary saňa lutf eden Allaha öňünden bir zatlar beripmidiň Ondan nägile we bir hak talap eder ýaly... Eger sen özüňe berlenler babatda, Allaha bir zatlar beren bolsadyň, «Bir göz däl iki göz ber, bir el däl iki el ber» diýen ýaly talaplary etmäge, «Näme iki däl-de bir aýak berdiň» diýip nägilelik bildirmäge hakyň bolardy. Emma sen Allaha (j.j.) hiç zat bermezden – Allah saklasyn! – Oňa adalatsyzlyk ysnat edýärsiň. Adalatsyzlyk ödelmedik bir hakdan geler. Seniň Oňa gezek gelende ödelmedik nä hakyň galdy-da haksyzlyk edildi! Allahutagala seni ýoklukdan çykaryp bar etdi, onda-da ynsan edip... Dykgat etseň senden aşakda birgiden mahluklar bar, olara bakyp saňa nämeleriň eçilendigine düşünip bilersiň. 2. Hak Tagala käte ynsanyň aýagyny alar, oňa derek ahyretde örän köp zatlary berer. Aýagyny almak bilen ol ynsana ejizdigini, biçäredigini, pakyrdygyny duýdurar. Kalbyny özüne öwürdip ol ynsanyň duýgularyna ösüş berse, örän az bir zat almak bilen, örän köp zat berdigi bolar. Diýmek daşyndan görmäge beýle bolmasa-da, hakykatda bu oňa Allahyň lutfunyň alamatydyr. Misli şehit edip jenneti berişi ýaly... Bir ynsan söweşde şehit bolýar. Bu şahadat bilen mahkeme-ýi Kübra bolan kyýamat magşar gününde we Allahyň huzurynda syddyklaryň, salyhlaryň gözi gitjek derejesine göteriler. Ony gören başga birleri: «Käşkä Allah bize-de söweş meýdanynda şehitlik nesibesini bagyş etsedi» diýerler. Şonuň üçin olar ýaly ynsan din üçin söweşde parça-parça bolsa-da, uly bir zat ýitiren saýylmaz. Belki-de alan zady oňa deňeşdirerden has uludyr. Örän seýrek duşýan hem bolsa käbir ynsanlar bu meselede özüni öýkeli, göwnüne degilen, göwniçökgün we aldanan ýaly duýup, ters ýola düşseler-de, örän köp adamlarda bular ýaly kemlikler has köp ýagdaýda Allaha şükür etmäge wesile bolýar. Bu sebäpli agzalalyk dörediji pitneçi bir kysmy ynsanlaryň şu meseledäki ýitgilerini dillerine dolamasy ýerlikli däldir. Bu meselede esasy zat ebedilik, bakylyk üçin ýardylan ynsanlaryň ruhlarynda ol äleme degişli höwesi oýarmakdyr. Bu kemlilikde, kemlikleriň itergi bermesi bilen Allaha şükür etmek, başgalaryň hem ondan ybrat alyp ganatlanmalary şekilinde özüni görkezýän bolsa, maksada uýgun we hikmetlidir. «Her işde bir hikmeti bardyr, Hebes işi hiç etmez Allah...» Hz. I. Hakky. Bir tebigy apatda ölenleriň ählisiniň ajaly bir wagtda gelenmidir? Ajal bir barlygyň öz şertleri we öz ýaradylşyna laýyklykda geçirmeli ömrüniň soňy we şol barlygyň ömür serenjamynyň gutarmagy diýmekdir. Soňradan döredilen zatlaryň ählisi, aslyýetinde «soň» we «soňlamak» ýazgysy bilen dünýä geler. Barlygyň akyp gidişi içinde başlangyjy bilen soňuny biri-birinden aýyrmak mümkin däldir. Her zat bir damja ýaly ir-u giç topragyň bagryna damar, erär we derýa ýaly ir-u giç akar, bir deňize garyşar. Bu ähli barlyklaryň umumy alyn ýazgydydyr. Bu ýazgyt bilen her barlyk dünýä iner we ýene bir gün bu ýazgyt bilen gelişi ýaly aýrylar gider. Başlanmak soňlanmagyň alamaty, soňradan meýdana gelişler soňa baryp ýetmegiň esasydyr. Başlangyjy bolmaýanyň soňu-da ýokdur. Ezeli bolan hem, ebedi bolan hem Oldur. Soňradan dörän her zadyň barlygyna höküm eden, ony belli bir meýilnama bilen bu äleme indiren we her zadyny görüp gözegçilik eden bir Beýik Barlykdyr, Ol bütin bu gelip-gitmeleriň, dogup-ýaşmalaryň daşyndadyr. Bolan, boljak bütin müddetler we möhletler hem Onuň eýeçiliginiň astyndadyr. Şol sebäpden hem ne gelmelere, ne-de gitmelere «tebigy» diýmegiň dogry bolmajakdygy ýaly, apatlar we olara bagly hadysalara-da «tebigy» diýmek asla göwnemakul däldir. Närsäniň barlyga mynasyplygy daşky bir emr we erada bilen we şol bir wagtda-da wezipe çygrynda bolup geçýändir. Ynsan, haýwan, ösümlikler we gaýry bütin barlyklar özlerine höküm eden bir gudrat bilen ýüze çykar, sergi we aýnadarlyk wezipesini ýerine ýetirerler, soňra orunlaryny başgalara berip sahnadan aýrylar giderler. Bu älemde doguşlar hem, ölüşler hem bir sergi, bir synag bolup akar durar. Her zadyň barlyga ýetişi syrly bir Mewjudyň ap-aýdyň delili we terjimeçisi bolşy ýaly müddetiniň soňunda aýrylyp gitmesi-de özünden owaly bolmaýan Ol gizlin barlygyň ebediligine we ölümsizligine delildir. Hawa, hiçlikden we ýoklukdan barlyga eren biz we her bir zat, barlygymyz bilen biriniň barlygyny, görmegimiz, eşitmegimiz we bilmegimiz bilen gören, ömür boýy arkamyzda amanat göteren ähli zady terk edip gitmek – bir-bir gelip, bir-bir gidenlere, gidip-de gelmeýänlere derek gaýyp bolan BIRIBARY görkezýäris. O, «Oldur ki, haýsyňyz has gözel işi etjekdigiňiziň synagyny geçirmek üçin ýaşaýşy we ölümi ýaradandyr». (Mülk, 2). Gelşiň syryna düşünmek, bolşuň synagyny tabşyrmak we gitmäge taýýar bolmak. Ine, ynasan üçin iň möhümi budur. Indi, bu kiçijik taýýarlykdan soň meselämiz bolan «bir wagtda ölenleriň hemmesiniň ajaly birden gelýärmi?» sowaly ele alalyň. Hawa, hemmesiniň ajaly birden gelýär we beýle bolýandygy üçin hem çynlakaý we bellige alarlyk hiç bir many ýokdur. Barlygy tutuşlygyna elinde saklan Beýik Ýaradan zerrelerden nyzamlara çenli her zady we her kesi öz takdyry içinde birden bar edişi ýaly, birdenem öldürip biler. Ne aýry-aýry ýerlerde bolmaklary, ne-de aýratynlyklarynyň we hilleriniň tapawutlylygy bu meselede hiç bir päsgelçilik berip bilýän däldir. Gudraty Soňsuzyň güýjüni görkezmek üçin, bolşy-bolşy ýaly ol gudraty doly suratlandyryp biljek bir mysalyň tapylmazlygy bilen birlikde, ýene-de Oňa aýna bolup biljek, bir pikir berip biljek azda-kände bir zatlar aýtmak mümkindir. Gysgaça aýtsak, Güne ýönelen dürli häsiýetdäki we ýagdaýdaky barlyklar hiç hili garşylykly sebäpler görkezmezden oňa bakyp ömürlerini dowam etdirýärler, onuň nury astynda reňk açyp, onuň bilen iň rownakdar hala gelýärler we onuň doguşy we ýaşyşy bilen solup, süllerip we öçüp gidýärler. Edil şonuň ýaly her zat şol bir baharyň gujagynda köpeler, şol bir tomusda öser kemala geler we şol bir güýzde hazan urup saralar, emma hemmesiniň takdyry aýry-aýrydyr. Hemmesi ol giň ylmyň meýilnamalary bilen, ol soňsuz erk-eradanyň herekete getirmegi bilen... gelşi gözel we öz isleglerine görä däl ol deňsiz-taýsyz erk we eradanyň isleýän istikamatynda barlyga ýeterler we ömürlerini dowam etdirerler. «Ol ýerde-suwda bolan her bir zady biler. Tänip giden bir ýaprak we garaňkylyklara gömülen hiç bir tohum, däne ýokdur, ap-aýdyň kitapdan tapylmajak». Agaçlaryň, otlaryň, tohumlaryň, däneleriň ýaşaýyşlary we ölümleri, kemala gelişleri we miweleýişleri şeýle bir çynlakaý tertipde düzülipdir, onsoň ynsan ýaly iň kämil barlyk eýesiz goýularmy? Bir zady görmegi başga bir zady görmesine, bir zady eşitmegi başga bir zady eşitmesine päsgel bermeýän älemiň Beýik Sahyby, elbetde, iň eziz mahlugy, iň gymmatly sungaty bolan ynsanyň her halyna ähmiýet berer we Onuň bir şahsyna beýleki barlykaryň jyns we görnüşleriniň mynasyp bolan zatlaryny lutf edip, älemleriň mazmuny bolan ynsany aýratynlykda ele alar, aýratynlykda oňa mähremlik eder, aýratynlykda ýanyna alar-da huzurynda şereplendirer. Bu çakylyk, ýanyna almak käte düşekde, käte söweş meýdanynda, käte bolsa haýsydyr bir tebigy hadysada we apatda-da bolup biler. Hatda aýry-aýry ýer-ýurtlarda köpçülikleýin ýa-da ýeke-ýekeden bolup geçip biler. Ýaradyjynyň ynsana bakyş nukdaý nazaryndan bular netijä hiç hili täsirini ýetirmeýär. Her ynsanyň jylawyny elinde tutan, her janly-jandary isledigiçe ýaşadyp soňra-da erkine goýberen soňsuz ylym we gudratyň eýesi, ýanyndaky kitaba görä, belli şahs we toparlaryň ruhlaryny ýanyna almagy adaty ýagdaý we göwne makuldyr. Owal hem aýdyşymyz ýaly bu goşun gullugyny tamamlanlaryň erkinlige goýberilmegi öňünden belli bolansoň goşun bölüminiň iň uly serkerdesi tarapyndan çykarlan permanyň ýerine ýetirilmegi ýaly bir zatdyr... Diňe ruhlaryň alynmagy bilen wezipelendirilen melegiň wezipesiniň mazmunyna degip geçenimizde belleýşimiz ýaly, ruhlary almak wezipesine gatnaşýan şeýle bir melek kändir welin, bir wagtda müňlerçe apatyň gol gezdiren her ýerinde, sahybynyň eradasy we rugsady astynda, her wepat bolan bilen bir däl, birnäçe melek gürleşip biler we ellerindäki kitaplara görä dürli ýazgytlar bilen gurban bolanlary garşy alarlar. Bular ýaly apatlar çynlakaý öwrenilen mahaly, hakykatdan hem ilkinji takdyry, hem wepat bolanlarynyň ajallarynyň bir wagtda gelendigi görünýär. By hususdaky gyzykly we haýran ediji hadysalary tutuşlygyna kesgitlemek üçin jilt-jilt kitaplar ýazmaly bolar. Üstesine ýazylanlar hem jiltleri geçjek derejede köpdür. Şu ýakyn günlerde-de, kitaplara esas bolup biljek şeýle täsin hadysalaryň birnäçesini metbugatda görüpdim. Meselem, şäherleri başaşak çöwüren gorkunç ýer titremesinde müňlerçe ynsanyň hernäçe yhlas edilse-de halas edilip bilinmändigine derek, ýer yranmasyndan birnäçe gün soň özlerini gorardan ejiz ýüzlerçe çaganyň hiç hili zeper we zyýan görmän topragyň aşagynda rahat ýatyrkalar tapylmasy... Kanala gaçan tirkegiň içindäki işçileriň suwa gark bolmaklaryna derek, has ötelerde hiç bir kynçylyklara uçramazdan suwuň ýüzünde akyp barýan gundagly bäbegiň tapylmasy, bir uçar agdarlan mahaly işine ussat, tejribeli adamlaryň halas bolup bilmän jaýyr-jaýyr ýanýarka, uçar agdarlan mahaly iki ýüz metr töweregi gapdala zyňlyp giden çaganyň hiç ýerine hiç zat bolman aman-sag galmagy ýaly hadysalar muny subut edýär, ýaşaýyşda ölüm hem öz-özünden bolup geçmän, tersine bilen, gören we dolandyran biriniň emri esasynda bolup geçýär. Durmuşda bir-birden ýa-da toplum şekilde gelen her barlyk, bellik we hasap depderlerindäki wezipäniň bitmegi we ajallaryna çenli ýaradylyşlarynyň inçe syrlaryny öwrenmek, barlygyň aňyrsyndaky gizlin syrlara aralaşmak, bizi we olary iberen Gudraty Güýçlä aýna we terjimeçi bolmak borjy bilen ömürlerini doldurarlar, bölek-bölekleýin ýa-da toparlaýyn amanatlaryny tabşyrarlar. Bu bilmek, kesgitlemek we soňra amanadyny almak, ýagny şol wagt ajallaryny getirmek we işleini bitirmek, her zady başdan aýagyna iň oňat şekilde bilen Allah (j.j.) üçin örän aňsatdyr. Galyberse-de her ynsanyň töwereginde bir giden melegiň bardygyny we ondanam başga birnäçe jan alýan melekleriň hem bolýandygyny gizlin-u açyk her zady Bilýänden öwrenýäris. Bu aýdylanlarda diňe şeýle bir kiçijik nägilelik kellä gelip biler. Bular ýaly betbagtçylyklarda mynasyplar bilen bir hatarda bigünäler hem wepat bolýar. Muňa degişli bir zatlar aýdyp bilermisiňiz? Ilki bilen aýdaýyn, bu sowal hem ýene akyde we göz öňüne getirmedäki ýalňyşlykdan döreýär. Eger ýaşaýyş diňe durmuşdan ybarat bolsady we ynsanyň owaly we ahyry şu ýer ýüzi bolsady, belki bu nägileligiň makul bir tarapy we daýanjy bar diýip tassyklasa bolardy. Emma ynsan üçin bu ýeri ekin ýeri, gaýrat meýdany we garaşmak jaýydyr. Ötesi bolsa harmanyň atylyp hasylyň ýygnalýan ýeri, miweleriň ýygylyp netijäniň çykarylýan zamany we ahyrsoňy kynçylyklardan gutulyp sagadata, bagta ýetme ýeridir. Bu sebäpdenem bu ýerde ýagşynyň ýaman bilen, günäliň bigünä adam bilen wepat bolmagynda adatdan daşary bir zat ýokdur. Tersine, işiň şeýle akymda bolup geçmegi iň makuly we iň mantyklysydyr. Çünki ikinji dirilişde her kes niýet we amallaryna görä hususy bir barlyga ýetjek, şoňa görä çemeleşiljek we şoňa görä jezalandyryljak ýa-da sylag-serpaýa mynasyp boljakdyr. Netijede, ölüm we ajal bu dünýäde bolmagyň we hyzmat etmegiň wagtynyň dolmagyndan ybaratdyr. Beýle bir wagt aralygy ynsanyň eradasyny ýitirmezlik çäginde öňden taýýarlanylan, bellige alnyp sanawa geçirilen bir meýilnama ýagdaýyndadyr we ýene her zady bilip gören Gudraty Güýçliniň emr we permany bilen möwsümi gelende berjaý edilmeginden başga zat däldir. Munuň köpçülikleýin bolmagy bilen aýratynlykda bolup geçmeginiň arasynda akyla, mantyga ters hiç zat ýokdur. Örän köp meselelerde bolşy ýaly bu ýerde hem Gudraty Güýçliniň soňsuz ylym, gudrat we eradasyny bilmezlik bulaşyklygyň ilkinji sebäplerini emele getirýär diýip pikir edýärin. Başga bir sebäp bolsa, närselere we hadysalara garaýyşyň tersligidir. Bolup geçen zatlar taýyndan akyl-paýhasymyz hataly bolan tebigat we tötänlikler düşünjesinden arassalanman we köňüllerde päklige, towhyda ýetmedik bolsak, içimiz ejiz ynanç-akydalar bilen şeýtanyň was-wasylarynyň söweş meýdanyna öwrüler. Şeýle hem köňül dünýämiziň pakyrlygy we ýeterlik derejede baýlaşdyrylmazlygyna derek – delilsiz hem bolsa – her gün käse-käse şübhe we ynamsyzlyklaryň içirilmegi şeýle gorkunç bela-beterdir, nesilleriň istikamatynyň bozulmagyna däl-de, heniz hem istikamatlaryny goraýandyklaryna haýran galýarsyň. Ähmiýetsiz ýaly görünýän şuňa meňzeş meselelere hetden aşa çynlakaý çemeleşilendigi aýdylyp bilner. Emma, imana degişli husularyň hiç birinde biz bular ýaly düşünjä goşulmarys. Ynanç-ygtykada degişli iň kiçijik mesele biziň gözümize dag belentliginde we jahan gymmatyndadyr. Bu sebäpden onuň üstünde näçe çynlakaý dursaň duranyňa degýär we ýerine-de düşer. Bu hususa göz ýetiren dostlarymyzyň darykmajakdyklaryna we bizi bagyşlajakdygyna umyt edýärin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||