19:25 Tereddut -18 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
"Ülpet" näme we onuň ýaramaz täsirleri nämelerden ybarat? "Ülpet" sözi arap dilinde ülfet bolup, öwrenişmek, dostluk, jana-jan syrdaşlyk, söýgi ýaly sözler bilen ugurdaş sözdür. Soragda göz öňünde tutulýan manysy bolsa, az-u köp bu sözlere ýakyn bolmak bilen birlikde has giň we has köp zady öz içine alýandyr. Ynsanyň närseler we hadysalar bilen gatnaşygy, bu gatnaşyklardan gelip çykýan manylar we bu manylaryň wyždanda galdyrýan yzlary, oýaryşlary we has soňra ynsanyň hereketlerinde ýüze çykan üýtgeşmeler... bir giden wakalardyr we olarda biri-birine täsir eden hal-hereketler bilen ruh janlylygyny, gujurlylygyny we duýgurlygyny saklar. Hawa, barlygyň gözelligine we özüne çekijiligine ynsanyň duýjak haýranlygy, edil sagat ýaly işleýän umumy nyzama onuň gyzyklanmasy, derňew, gözleg we eden açyşlary arkaly ýeten irfany we has çuňluklara ýetmek arzuwy, ahyrynda bu bilim parçajyklaryny bir ýere jemläp, öňli-soňly düşünmek ukybyny gazanmagy ony her hadysanyň garşysynda duýgurlyga, zehin işjeňligine, ruhy herekete mydama taýýar bolmaga ugrukdyrar. Tersine, ynsanyň töwerekdäki müňbir gözellik jümmüşini duýmazlygy, görmezligi we biri-birine eriş-argaç bolup gidýän gurluşlary duýman, ondan çetde galmagy, gören zatlarynyň sebäp we hikmetleri hakynda oýlanmazlygy, gören zatlaryna diňe nazar aýlap oňmagy, ruhunda hiç hili irfana ýetip bilmezligi, onuň duýgusyzlygynyň, ruhy ölüliginiň we gözi ýumuk ýaşamagynyň alamatydyr. Bular ýaly ynsanlara ne älemiň syrly kitaby ne-de her gün gözleriniň alnynda enfüsiň (içki älemleriň) sahypa-sahypa açylmagy hiç bir zady aňlatmaz. «Üstlerine baryp görnen niçeme mugjyzalar bardyr, olar görmän ýüzlerini öwrüp durandyrlar» (Kurany Kerim). Bolup-geçenlerden peýdalanmazlar, many çykarmazlar dogup-ýaşandan… Töwerekde bolup geçýän zatlary duýýan bir ynsanyň barlyga haýran galyp, gözlegde bolup bakmagy, onuň üçin öňi-ardy görünmeýän çäksiz deňizlere çykan ýalydyr. Bu syýahatyň her menzilinde özüne syrly köşkleriň altyn açarlary beriler. Päk köňülleri we ganatlanan duýgulary, täze açyşlar edýän zehinleri, ylham joşgunlaryna taýýar ruhlary bilen ünsli ýöredigiçe we syzyp özüne siňdiren zatlaryny wyždanyndan geçirdigiçe «çar tarapy bagy-erem» düşünje dünýäsinde jennet baglary ýaýylyp kemala gelmäge başlar. Şeyle ruha we kämil düşünjä ýetmedikler bolsa, töweregini gurşan endikleriniň diwaryndan çykyp bilmändikleri üçin närse we hadysalaryň birsyhlylygyndan, täzelenmeýändiginden şikaýat eder durarlar. Olaryň gözi bilen seretseň hemme zat başagaýlyk içinde, hemme zat garaňky we manysyzdyr. «Her mugjyzany görselerem oňa ynanmazlar». Beýnilerinde zynjyr, ruhlarynda gandal we «kalplaryna möhür basylandyr, düşünmezler». Bular ýalylardan hiç hili haýra we hasyla garaşmaň, olardan bir zatlary umyt etmek netijesizdir. Şeýle hem bilip eşidenden, görüp düşünenden ýa-da şeýledigini aňlandan soňam, endik edinip duýmazlyk bardyr, her hal sowal arkaly öwrenilmek islenen hem şol bolsa gerek. Ýagny, biraz öwrenip-bilip, ýarpy-ýalta ynanyp, irfana ýetenden soňra üýtgeşen dünýäler, täzelenen gözellikler, çuňlaşmagy we giňişleýin göz ýetirmegi talap edýärkä, gyzyklanmasyny we duýgurlygyny ýitirip, hiç zatdan ders almazlyk bardyr, Allah gorasyn, bu ýagdaý ynsan üçin gorpa ýykylmak we duýgularynyň ölmegi diýmekdir. Beýle ýagdaýa düşen, eger tiz wagtda gözüniň çylpygyny süpürip, barlyklardaky hikmet inçeliklerine düşünmäge yhlas etmese, yhlas etdirilmese, gulagyny açyp melegi agladan gelen ylahy habarlary diňläp, olara düşünmäge jan etmese, wagtyň geçmegi bilen öz-özünden gatamagy, başaşaklygyna ýykylyp gitmegi mümkindir. Şonuň üçin älemiň Nazymy Beýik Ýaradan elmydam dürli ses we ruhy ahwalatlar bilen ders we duýduryşlar berip, her gezek täze-täze, sözi açyk, açyk mugjyzaly päk ýol görkezijileri iberip, ezeli nutugyny gaýtalatdyryp, köňüllere ýagtylyk, garaýyşlara-da aýdyňlyk getirdi we ýene ynsanlaryň endige öwüren zatlaryna garşy, elmydam olaryň wyždanlaryny täzeden oýardy we akylyň orta çykaran kesgitlemeleriniň gaýta-gaýta gözden geçirilmegini isledi. Hawa, Ol kitabynda ynsanoglunyň ýaradylyp Ýer ýüzüne ýaýramagy, ýanýoldaşy bilen rahatlyga we ynama gowuşmagy, gökleriň we ýeriň ýaradylşyndaky azamaty we gudraty, dilleriň we şiweleriň biri-birlerinden daş boluşy ýaly düşünilmesi gerek aýratynlyklary, gije we gündiziň tapawutlaryny, ýyldyrym we ýagmyr bilen gelen rahmet ýaly zatlary dürli jümleler bilen şeýle bir köp zikr edipdir, görüp düşünen we akyllaryny ulananlar üçin hiç bir endige we ülfete ýer goýmandyr. Onuň aýatlaryndan (gudrat we mugjyzalaryndan) biri hem sizi toprakdan ýaratmagydyr. Soňra siz ýer ýüzüne ýaýran ynsanlar bolduňyz. Onuň gudratlaryndan biri-de, öz-özüňiz bilen ysnyşyp rahatlyga ýetmegiňiz üçin size öz nebisleriňizden ýanýoldaşlar ýaratmagy we araňyza söýgi hem merhemedi goýmagydyr. Şübhesiz, munda aň eden bir jemagat üçin dersler bardyr. Onuň aýatlaryndan biri-de gökleriň we ýeriň ýaradylmagy, dilleriňiziň we reňkleriňiziň üýtgeşik bolmagydyr. Şübhesiz munda oýlananlar üçin ybrat bardyr. Onuň aýatlaryndan biri-de gijelerine uklamagyňyz, gündizlerine bolsa Onuň fazly-kereminden ryzkyňyzy we nesibäňizi çöplemegiňizdir. Şübhesiz, munda düşünen adam üçin dersler bardyr. Onuň aýatlaryndan biri-de size gorky we umytdan doly ýyldyrymy görkezmegi, gökden indirip öli ýatan ýeri onuň bilen diriltmegidir. Şübhesiz munda akyl eden bir kowum üçin dersler bardyr. (Rüri, 20-24). Gökden inen ýene ýüzlerçe duýduryşlary we irşadlary bilen, ýanyndan geçip ýüzüni görmedigimiz, müňlerçe täsinliklere we mugjyzalara ünsümizi çekip ulfeti dargytmak isleýär. Emma şeýle-de bolsa käbirleri ýene-de her biri bir bilbil bolup saýraýan hadysalary görübem duýmazlar. "Olar mahylardyr, derýada ýaşarlar, derýany bilmezler". Mundan başga ýene-de bir düşünje we pikirlenmekdäki ülfetiň ynsanyň herketlerine, ybadatlaryna täsiri bolýandyr we bu ýagdaý şahsyň yşkynyň, joşgunynyň we tolgunmasynyň ölümi diýmekdir. Bu ýagdaýa düşen sahsda ybadat yşky, jogapkärçilik duýgusy, harama ýigrenç we günälerine aglamak ýaly zatlar büs-bütin ýitip gider. Mundan soň oňa öňki halyna dolanmak hem örän kyndyr. Onuň ýene-de özüne dolanmagy, töweregine göz ýetirmegi we köňlüne gelip-gidýänleri taraşlamagy üçin örän tämiz ruhy täsirleriň, arassa ýatlamalaryň kömegi gerekdir. Ynsanoglunda täze bir ruha gönezlik üçin gelen her bir täze dem oňa bu manyny pyşyrdandyr. Elbet, adamzat üçin solmak, könelmek bolup biljek zatdyr. Emma özüňi täzeläp durmak hem bolmajak zat däldir. Onuň solup gitmeginiň öňüni almak üçin göwni çökgünlige garşy ruhuna neşter uran ele hormat goýulsyn. «Olardan öň özlerine kitap berlen, soňra üstünden uzak wagtyň geçmegi bilen kalplary gataşan we ýoldan çykan ynsanlar ýaly bolmasynlar diýip ynsanlaryň kalplary Allahyň (j.j.) zikrine we inen hakykata hormat goýmaklarynyň wagty ýogsa entegem gelmedimi» (Hadid, 16). Jemleme hökmünde şuny aýdyp bileris. Ülfet ynsanogluna musallat, uly bir musybatdyr we köp adam bu jebre giriftardyr. Bu ýagdaýa düşen ynsan töwereginde bolup geçýän zatlara garşy gapyl, älem kitabyndaky gözelliklere kör we hadysalaryň hakykaty aýdýan sözlerini eşitmeýän kerdir. Bu sebäpden hem ynanjynda çiglik bardyr, ýeterlik däldir, ybadatlarynda yşksyz we joşgunsyz, beşeri işlerinde-de hasapsyz-haksyzdyr. Onuň bu ýagdaýyndan halas bolamgy üçin oňa kuwwatly bir ylahy goluň uzamagy gerek, onuň gulagynyň eşitgir, gözüniň görgür bolmagyna ylahy bir täsir gerekdir. Şonuň üçin hem ülfete düşenlere obýektiw we subýektiw sagdyn pikir, ölüme we ahyrete degişli meseleleriň düşündirilmegi, dürli dini edaralaryň gezdirilip görkezilmegi, dini we jemgyýetçilik işlerine çekilmegi gerek. Şeýle hem olara geçmişimiziň altyn sahypalaryny ýygy-ýygydan agdaryp, şanly geçmişimize nazarlaryny gönükdirmeli, düşünjesi, gözýetimi aýdyň, joşgunly we hyjuwly adamlar bilen duşuryp söhbetdeş bolmaklary üçin şert döredilmelidir. Gysgaça aýdylyp geçilen bu çärelerden başga-da, geçirilip bilinjek çäreler, aýdylmaly sözler bar bolup biler. Biz diňe bu ugurdan gönükdiriji pikir bermek bilen çäklenmegi makul bildik. Kalplaryň açary ellende bolan Allahyň ülfetimizi gidermegini dileg edýärin. Tohum banklary hakynda söz açýarlar. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz? Bu banklar emeli usulda tohumlandyrmagy ynsanlarda-da ulanmak maksady bilen döredilen edaralardyr. Haýwanlary emeli usulda tohumlandyrmak köp wagtdan bäri bilnip gelinýän zatdy. Indi tohum banklarynyň üsti bilen bu usuly ynsanlaryň hem arasyna ýaýrajak şekilde has giňişleýin ölçegde ulanmak pikiri entek täzedir. Haýwanlaryň tohumyny gowulandyrmak üçin alnyp barylýan bu iş üstünde durulmagyna degýänem bolsa, ynsanlar barada-da şeýle pikir etmek adamyň adam adyna hormat goýmazlyk bolýandygy şübhesizdir. Tohum, gadymkylaryň «huweýne» (kiçijik janly) diýýänleri tebigat äleminde çigit, şänik, däne görnüşinde we islendik bir janlynyň ýazgysy, takdyr sandygy we ilkinji düwünçegidir. Tohum yzgarly toprakda oýanyp öser, kemala geler. Hüweýne bolsa ene göwresinde, ýatgyda... Her jübütiň öz älemlerine degişli ilkinji gönezligi, ilkinji öýjügi bolup, ol ýetişdiriljek barlygyň geljegine degişli many we hususyýetleri özünde saklaýar. Bu sebäpden ösümliklerde we janlylarda tohum degişli jynsyň we nesliň dowamyny aňladýan örän möhüm zatdyr. Şejere agajy ondan gözbaş alyp ulalar. Özboluşly aýratynlyklar we häsiýetler onuň bilen geljege geçer. Haýwanat dünýäsinde arassa tohumyň goralyp saklanmagy ýa-da has-da gowulandyrylmagy babatda, ähmiýetli bolan bu husus, ynsanlar üçin şol bir wagtda hukugyň birnäçe ýörelgelerine-de esas döredipdir. Mundan başga-da, yaradylyş kanunlary nukdaý nazaryndanam bu meseläni üstünde durulmagy zerur bir mesele diýip hasap edýäris. Tohum banklarynyň esasy maksady edil agaçlarda we ýakyn taryhlarda haýwanlarda ulanylşy ýaly, ynsanlarda-da «emeli usulda tohumlandyrmagyň» geçirilmegini teklip etmekden başga zat däldir. Beýle bir çäräniň ilkinji iki görnüşi üçin jedel döremändigini kabul etsek-de, ynsana gezek gelende miras, öýlenmek, mähremlik ýaly meselelerden ötri ýagdaý düýbünden başgaçadyr. Şonuň üçin hem tohumlandyrmak we nesliň dowamatyny gazanmak ýagdaýlarynyň resmileşdirilmegi meselesi, ilkinji ynsan bilen birlikde döräpdir we ynsanlaryň pälleriniň azan döwürlerini hasaba almasak bu düzgünler häzire çenli dowam edip gelýär. Ynsanoglunyň nesil dowamlylygynyň çäklendirilmegi haýwany duýgularyndan, isle-de beşeriň ýaramaz pällerinden ötri bolsun, taryhy jemgyýetçilik we dini kitaplar bu düzgünler barada kesgitli bir pikirdedirler. Bu sebäpdenem ilkinji aýal we erkegiň bir ara gelmeginiň bu baglaýjy ylahy kanunlar bilen resmileşdirilendigine ynanýarys. Hukugyň dörän döwründen buýana ol, bäş esasyň (usul-y hamse) biri bolan «nesliň goralmagy» kökünde asyllylyk we doly hukuklylyk gazanypdyr. Bu esas bize şuny düşündirýär. Ynsan üçin tohumyň we tohum atyljak ýatgynyň ilkinji nobatda resmileşdirilmek bilen biri-birine baglanmagy zerur şertdir. Başgaça aýtsak, tohum bilen tohum atylan ýeriň ýagny är bilen aýalyň has öň bir bütewilige öwrülmegi zerurdyr. Çaga maşgala hökmünde aňladylan bu bütewiligiň ýüzi bolup, munuň esasynda bir köke baglanandyr. Din bu birligi nika bilen berkidýär we ony ene, ata we nesliň sagdynlygynyň esasy hasaplaýar. Nikasyz birara gelmeler bolsa din nazarynda zyna, ahlaksyzlyk we maşgala ojagyny bozup, köksüz nesilleriň döremegine sebäp bolýar. Bu bihaýa işi eden erkek we aýaldan dogan çaga bolsa asylsyz, çöpdüýbidir. Bu sebäpden hem ähli semawi dinlerde nikanyň üstünde berk durlup geçilipdir we ony ynsanlygyň zerurlygy hasap edilipdir. Muňa laýyklykda zyna bolsa azgynlaşan beşer ruhunyň düzgünden çykmalary we azaşmalary hökmünde görlüpdir hem ynsanyň haýwanlaşmasy hasap edilipdir. Indi yza dolanalyň. Tohumyň we ýatgynyň biri-birine bagly bolmagy esasynda ele alnan ýagdaý bilen deňeşdirilende kime degişlidigi bilinmeýän bir «hüweýne» bilen emele getirilende kanuna laýyklyk barmydyr? Aslynda munuň ýaly tohumlanmak bilen, binika dünýä indirilen çaga arasynda hiç bir tapawut ýokdur. Iki ýagdaýda-da tohumlanan ýer babatda hiç hili ylalaşygyň ýokdugy üçin degişlilik kesilip nesil daragty paltalanylýar. Beýle ýagdaýda bolsa miras, öýlenmek, mähremlik ýaly berjaý edilmesi mümkin bolmadyk birnäçe hukuk meseleleri garşymyzdan çykjakdyr we netijede emeli tohumlandyrmak meselesiniň äsgermezlik eder ýaly mesele däldigi belli boljakdyr. Mundan başga-da bu meseläniň psiho-sosiologik taýdan, maşgala psihologiýasy babatda örän gorkuly bir meseledigi görünýär. Zürýadynyň öz tohumyndan däldigini bilen bir kaka, gujagynda ösüp ýetişen ol günäsiz çaga garşy içindäki kesekiligi basyp ýatyryp bilmez we mydama ony sowuk bir duýgy bilen garşylajakdyr. Beýle ýagdaýa düşen enäniň nähili garaýyşlarda boljakdygy hasam düşnüklidir. Şejere agajynyň dowamy bolmaly çaga, kakanyň amanat kakalygyny we egnindäki perzentlik köýneginiň nesýedigini her gezek duýanda utanjyndan iki büklüm bolup ýere girjek bolar. Hawa, her gezek duýanda, çünki, beýle mesele elmydam duýulmak ahmallygynda bolşy ýaly, belli bir ýagdaýda atanyň bakyşlaryndan we hereketlerinden hem aňylyp bilner. Bu ýerde şeýle bir garşy gitmek ýüze çykyp biler. Biziň maksadymyz bir aýala nikalaşan adamsynyň tohumyny kemala getirmekdir. Ýa, buny-da etmek bolmaýarmyka? Bu şekilde düşündirilen soraga-da, derrew, bir gezekde «bu bolar» diýmegi gyssanmaçlyk bilen berlen kesgitleme hasap edýäris. Çünki sowal hernäçe aýdyň bolup «bu bolar» diýdirjek şekilde bolsa-da, aňyrsynda ýatan erbet niýet we ýasamalyk bizi has sersaply bolmaga mejbur edýär. Tebigy we ýaradylyşa laýyk ýol barka, munuň ýaly tebigatymyza mahsus bolmadyk ýoluň seçilmegi nämedenkä? Ähli zatlarda bar bolan düzgüne görä hereket edip, ylahy hikmete boýun bolunsa dogry bolmazmy? Ynsan üçin ýaradylyş kanunlaryna boýun bolmak esasy ýörelge bolup durka, emeli tohumlandyrmak tebigatymyza ters bir ýoldur we oňa hyzmat eden edaralar hem zyna edaralary saýylmazmy? Bu yerde şeýle bir sowal döräp biler. Ýagny, «Siziň bu aýdýanlaryňyz atanyň we enäniň önelgeli bolup tohumlanyşa ukyply bolsalar dogrudyr we beýle ýagdaýda tebigy ýoluň seçilip alynmasy gerek. Emma, kä halatda kaka tohumlandyrmak meselesinde ukypsyz bolýar». Biz hem şol wagt emeli tohumlandyrmada kimiň tohumy ulanylmaly diýen sowaly bermek isleýäris. Eger kakanyň erkeklik taýdan ejiz we ukypsyz bolyp, ondaky tohum öz wezipesini ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, beýle kakadan alnan tohumyň tohumlandyryşda netije bermejegi anyk... Şeýle bolsa ýene keseki tohum... Eger ýatgy ýollary ýapyk, onda kemçilikler bar bolsa, emeli tohumlandyrmagyň bolup geçmegi üçin lukmanyň kömegine zerurlyk ýüze çykyp biler. Şerigatyň çäklerinde şeýle kömek ýatgyny we ýollaryny önelgelilik ýagdaýyna getirse, ýene tebigy we fitri ýol bilen erkegiň bu işe goşulmagy esasy zatdyr. Eger ýatgy öz wezipesini ýerine ýetirip bilmejek bolsa, daşyndan tohumlandyrmagyň hem manysy bolmaz. Bu ýagdaýda meseläni ýönekeýleşdirip «tohum öz ärinden bolsa bolýar, ýogsa ýok» şekilde kesgitli aýtsak dogry bolsa-da, munuň islendik wagt erbet niýet bilen ulanylmagy mümkindir. Bu meseläni öňe sürýänler munuň ýaly erbet niýete ýol açylmagyna wesile gözläp, fetwa almak maksadyna gönükdirilen soragy berýärler diýip pikir edýärin. Ýogsa, ol banklar bar, şerigaty dogry tutýanlar we şerigatdan gaýry durýanlar üçin hem olaryň gapysy giňden açyk. Bundan başga, ýaradylyş kanunlary nukdaý nazardan hem bu mesele hemişe tankyt edilip bilner. Gep oýnatmaga giň mümkinçilik berýän bu meseläniň çuňlaşdyrylyp düşündirilmeginiň näme peýdasy bar? Üstesine-de bu meniň ugrumam däl. Ony derňemegi hünärmen lukmanlara we haýwanat dünýäsine degişli tarapy bilen weterinarlara we zoologlara goýmak iň dogrusydyr. Bu usulyň barlyklaryň tebigatyna ters gelýändiginde hiç bir şübhäniň ýokdugy hem ýeterlikdir. Çünki, her janly öz jyns we görnüşini dowam etdirmek üçin jübütleşýär. Ýerine ýetirilen bu syrly hyzmatda özlerine töleg hökmünde bir wagtlaýyn lezzet berlipdir. Muny barlygyň synasyna ýerleşdiren Ýaradyjy-da ony üýtgetmek islemeýär. Şonuň üçin hem hiç kimsäniň ýaradylşa degişli bu kanuny üýtgetmäge we ýatyrmaga haky ýokdur. Beýle etmäge synanyşmak ýaradylşy we fitraty üýtegetmäge synanyşmak diýmekdir. Bu bolsa aslynda ters we şeýtany bir ýoldur. Şeýle hem beýleki jandarlar ýaly görüp üstünde tejribe geçirmek, adamzat manysyny pese gaçyrmak tarapy hem bolansoň, bu synanşyga her bir ynsan garşylyk görkezip çykyş etmelidir. Emma, gynansak-da, döwrümiziň ynsany heniz tebigy ylymlaryň elipbisinde bolansoň ony närse we hadysalar hakyndaky ýalňyşlardan halas etmek aňsat düşmez. Bu we muňa meňzeş meselelerde Galileýiň gözlegleri we netijeleri, Darwiniň aýratynam zoologiýa ylymynda girizen tertipleşdirmeleri we ewolusiýa kanuny bilen ynsanyň iň kämil şekilde ýaradylmagynyň arasyndaky gapma-garşylyklary orta çykarmagynda bolşy ýaly ylym bilen dini çaknyşdyrmak isleýärler. Her işde bolşy ýaly ylymda-da bökdençlikleriň aşyljakdygyna, döwrümiziň ylym adamlarynyň hakykaty görjekdiklerine umyt baglaýarys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |