TEREDDUT
Ryzky Allahyň kepillendirýändigi aýdylýar. Emma, biz käbir ülkelerde elli, altmyş gün açlyk çekip ölenleri bilýäris. Bu ýagdaýy düşündirermisiňiz?
Ryzkyň Allahyň beren wadasyna baglydygy Kuranda birnäçe ýerde aýdylýar. Meselem, «Ýer ýüzünde ýöreýän, hereket edýän her bir janly-jandaryň ryzky Allahyň kepilligindedir» (Hüd, 6). «Güýç-gudratyň eýesi Hezreti Allah Rezzak-i älem Odur. Hawa, ryzky beren Oldur» (Zaryýat, 58). Kurany Kerimde şu manyda örän kän aýat bar. Bularyň hemmesi-de ryzkyň Allahyň kepilligindedigini görkezýär. Hiç kim açlygyndan ölýän däldir. Ähli ynsan muny bilmelidir, bedenleriniň zerurlygy bolan ryzklary kepillendirilendir, emma zeruryndan daşgary ryzk wada edilen däldir. Ýagny, ysryp, ters ulanmak, bet niýet, ýaramaz endik ýaly ryzk saýylmaýan bir topar zatlar onuň üçin zerury ryzk halyna gelen bolsa we ynsan oňa meňzeş ryzksyzlykdan ölýän bolsa, beýle ryzk wada edilen däldir, bu sebäpli ölen ynsanlara-da açlykdan ölýärler diýilmesin...
Häzir birnäçe ýönekeý mysallara ýüzleneliň. Meselem, bir neşekeş neşä endik edýär. Ony neşeden kesseň dälireýär. Neşebentliginiň derejesine görä ölmegem mümkin. Bu adam, neşe berilmänliginden ölýär. Ölýär, ýagny, ol ilki bilen neşekeş bolandygy üçin, soňra bolsa ýaramaz endigini taşlamaga laýyk gelmeýän şekilde neşeden kesilendigi sebäpli ölýär. Ýa-da başga biri çilim öwrenipdir, çilimkeş bolupdyr. Çilimi talaba laýyk taşlamasa bir topar dert-azarlara ýolugýar. Hatda käbir ýagdaýlarda eli, aýagy çişýär we doktorlar oňa: «Sen muny bu şekilde terk edip bilmersiň. Beýle oýlanşyksyz hereketiň sende bir topar ýetmezçilikleri emele getirýär» diýip maslahat beripdirler. Bu sebäpden köneler «Öwrenilen endik örkleseňem durmaz» diýipdirler... Başga-da birnäçe şuňa meňzeş erbet endikler bolup biler. Bir ynsanyň bedeniniň bir günlük zerurýeti elli gram proteýin bolmagyna garamazdan, ol bir-iki kilogramlap iýmäge öwrenen bolsa, hatda bir oturşyna bir kilo miwe, bir kilo gatlama, bir kilo et iýýän bolsa bu endigini goýsa onuň kesellemegi we ýerinden galyp bilmezligi mümkin. Emma, ynsana bir gününe 50-100 gram miwe, şonçaragam proteýin ýeterlik. Belki ol adamyň bir oturşuna iýenleri birnäçe gününe ýeterlik bolardy. Öýjükler ätiýaçlyk zapaslaryny ýygnamaga we iýmit gelmedik wagtlary şol zapaslaryny özleşdirmäge ukyplydyrlar, şeýdibem beden ýaşamgyny dowam etdirip bilýär.
Bu gün iýmit ýetmezçiligi sebäpli o ýerde, bu ýerde ölýänler bar. Olar eger Hak Tagalanyň özlerine lutf eden ryzkyny düzgüne laýyk alsalar, meselem, aýdalyň Hak Tagala bir ynsana bir çuwal bugdaý berýär. Ol bolsa bu bir çuwal bugdaýy iki aýa ýetirmän iýýär, soňam on aýlap aç galýar we bir müddet yz ýany ölýär. Emma ol ynsan bir çuwal bugdaýy tygşytly harçlap, her gün bir owuç iýsedi bir ýyla ýetjekdi, açlykdanam öljek däldi...
Diýmek, ynsanlar ölýän bolsa ryzksyzlykdan, açlykdan däl, belki Allahyň beren ryzky bir ýyllaryna ýetejekkä hasapsyz harçlandyklary üçin we bedenlerinde-de ýaramaz endigik döränsoň ony terk edibem ýaradylyşyň kanunlaryna garşy gidendikleri üçin ölýärler. Ryzksyzlykdan ölmeýärler...
Muhýiddin Araby Hezretleri örän birahat bolup, özünden giden wagtlary magnawy (ruhy) älemde biriniň özüni duşmanlardan gorandygyny, soňra bolsa «Men Ýasyn süresidirin» diýendigini, özüne gelende-de başujunda Ýasyn süresiniň okalýan ekendigini aýdýar. Şeýlelikde her süräniň bir şahsy magnawysynyň bardygy aýdylýar. Häzir käbir musulmanlaryň yzygider okaýan wirdleri we tefsirleri üçinem muny aýdyp bilerismi? Aýtmak bolarmy? Ýa bularyň ählisi bir duýgy öwüşginimi?
Muhyiddin Ibni Araby ýaly hakykaty gören bir göz, eger bir zady gördüm diýýän bolsa bu dogrudyr, şübhesizdir. Biziň hakykata ters bir wakany beýan etmegimiz mümkinem bolsa, Allaha bu derejede ýakynda bolan ruh ynsanlary barada beýle pikir etmek dogry däldir. Hawa, biziň ýaly ejiz we hakykata pamyk ýüplügi bilen bagly bolanlaryň kä wagt hakykata ters wakalary beýan etmegimiz bolup biler. Emma Muhýiddin Ibni Araby ýaly mydama Rabbyň azamatyny, gudratyny üstünde duýýan we mydama dürli jähennemleriň howpuny ruhunda ýaşaýan, täsin jennetleriň beýgeldiji gözellikleriniň öňünde joşgunyndan serhoş bolup aýlanan biriniň Hakdan, hakykatdan daş düşüp, bolmadyk bir wakanyň beýanynda bolmagy mümkin däldir. Şonuň üçinem näme diýen bolsa dogrudyr. Ýöne, aýdan sözleriniň içinde Kuranyň we hadyslaryň müteşabihleriniň bolşy ýaly, ýagny biziň asyl manysyna düşünmegimiz mümkin bolmadyk ýa-da örän kyn düşünjek zatlarymyzyň bolşy ýaly, manysyny alyp bilmejek sözlerimiziň hem bolmagy mümkindir. Meselem, Kurany Kerim: «Allahyň eli olaryň elleriniň üstündedir».(Fetih, 24) buýrýar. Häzir bu sözleri göni manysynda düşünmek – Alla saklasyn – Allahda-da bizde bolşy ýaly el bar manysyny çykaryp boljakdygy üçin yslamyň ilkinji döwür selef alymlary Allaha el, ýüz, aýak ýaly agzalar ysnat edilen kelemeler Kuranda-da, sünnetde-de bardyr, emma, bularyň hakykatlaryny diňe Allah biler diýipdirler... Soňradan gelen alymlar bolsa maddylaşdyrma, meňzetme ýaly zatlara gapy açylar endişesi bilen bu kelemelere uýgun şekilde düşündiriş beripdirler. Meselem, «ýed – el» sözüni gudrat bilen «wejh - ýüz» sözüni bolsa öz Zaty bilen düşündiripdirler.
Soňraky alymlaryň bu meselede onçakly endişesi bolmandyr. Çünki musulmanlar sahabalar döwründäki ýaly sada däldiler. Az-da bolsa deňeşdirme we maddylaşdyrma pelsepesi bilen tanyşypdylar we ýaralanypdylar. Bu kelemeleriň bolşy ýaly taşlanylmasynda, betniýetli kimselere hyýanat gapysy açylyp bilerdi. Bu sebäpden olary muhkem aýatlar bilen kesgitlenen hakykatlara gönükdirmek zerurlygy bardy. Dogrusy, biziň günlerimizde hem Kuranyň bular ýaly müteşabih aýatlaryny Allah tarapyndan nämä myrat edilen bolsa şeýle kabul edipdirler ýa-da soňky döwrüň alymlarynyň edişi ýaly tefsir bilen düşündiripdirlerler.
Kuranda bular ýaly düşünilmeýän ýa-da düşündiriş talap edýän jümleleriň, kelemeleriň bolşy ýaly, Serwerimiziň (s.a.w.) beýanynda-da müteşabihleri görýäris. Meselem, Tirmiziň rowaýat eden bir hadysynda buýrýar: «Allah elini meniň döşüme goýdy we maňa diýdi «Ýa Muhammet Mele-i aglanyň ýaşaýjylary nämäniň pikirini we maslahatyny edýärler?...» Şol wagt men Onuň eliniň sowuklygyny döşüm bilen duýdum...» Bu-da bir müteşabihdir we soňky döwür alymlaryna görä, Hak Tagalanyň rahmeti bilen birikmek, gizlin, syrly hakykatlara doly oýanmak, gökleriň syrlaryna, närseleriň hakykatyna ýetmek şekilinde düşündirilýär, hadysyň soňy-da muny tassyklaýan ýagdaýdadyr.
Bu hadysda bolşy ýaly, başga-da köp ýerlerde Serwerimiziň (s.a.w.) beýanlarynyň içinde göni manyda düşünsek işiň içinden çykyp bilmez ýaly birgiden müteşabih görkezmek bolar. Emma, esasy meselämiz bu bolmansoň ýokarda aýdanlarymyz bilen çäklenmekçi bolýarys.
Muhýiddin Ibni Araby ýaly uly şahslaryň sözlerinde hem müteşabih bardyr. Ýasyn Süre-i Jelilesiniň bir şekile girip başynda durmasy bolşy-bolşy ýalam kabul edilip bilner, müteşabih saýylyp hem bilner.
Temessül (şekile giren) we mysaly şekiller Muhýiddin Ibni Aaraby hezretleri ýaly Ymam Rabbany hezretleri we «Hujjetullahulbaliga» eýesi Şah Weliýullah Dehlewi hezretleri tarapyndan kabul görlüp ýygy-ýygydan ýüzlenilen bir meseledir we hakykatdyr. Temessül Kurany Kerimde:
«Melek bibi Merýemiň ýanyna gelende syratly, görmegeý bir erkek kişiniň şekiline girip geldi» (Merýem, 17) aýatynda geçýär we aňladylýar. Melek Allahyň nurundan ýaradylan bir barlykdyr. Öz şekilinde görünşi, görünip bilşi ýaly başga şekillerde-de görnüp bilýär. Onuň asyl şekilinden başga ähli görünme şekillerine «temesül» diýýäris. Ýagny, belli bir hala degişli, belli bir barlygyň belli bir ýagdaýyny, ýa-da Hak Tagalanyň islegine görä, islendik bir barlyga degişli şekile girýär diýmekdir. Meselem, bir ýerde Serwerimize (s.a.w.) wahyý getirmäge mahsus bir şekil bilen gelýär we ol wezipäni ýerine ýetirende hakykata wekillik edýär. Bir ýerde bolsa söweşiji bolup gelýär. Meselem, Ahzap wakasyndan soň Serwerimiz (s.a.w.) Beni Kuraýza gitjek wagty Jebraýyl (a.s.) bir harby adamyň şekilinde gelipdi. Üsti-başy toz toprakdy. Bu waka bilen baglanyşykly Aýşe enemiz şeýle gürrüň berýär. «Perdäni syrdym. Serwerimiziň (s.a.w.) ýanynda biri bardy we Serwerimiz (s.a.w.) bilen gürleşýärdi. Şeýle diýýärdi: «Eý Muhammet, siz sowutlaryňyzy, başyňyzdaky tuýalgalaryňyzy çykardyňyzmy? Biz melekler taýpasy heniz çykarmadyk. Namaz pylan ýerde okaljak...» Başga bir gezek Dihýe atly bir sahabanyň şekilinde gelip, Serwerimize (s.a.w.) wahyý getiripdi... Şunuň ýaly melek haýsy wezipe bilen Serwerimiziň (s.a.w.) huzuryna gelse şol wezipäniň ýagdaýyna görä şekile girerdi. Eger, başgalarynyň depesinden ýalyn saçjak bolsa, şoňa görä bir ýagdaý we bir şekil alardy...
Melekleriň Allahyň emri we rugsady bilen dürli-dürli şekilleri we görnüşleri alyşlary ýaly, ruhanylar, jynlar, şeýtanlar, barlygyň ruhundaky kanunlar, manylar... Kuran aýatlary, dogalar, tesbihler bularyň ählisi Allahyň rugsady bilen temessül edip biler. Ynsanyň düýşüne girýän zatlaryň ählisi şol şekile girmekden ybaratdyr.
Meselem, siz düýşüňizde bir almany gördüňiz. Bu alma many äleminde we mysal äleminde bir hakykaty görkezýär. Düýşde görnen alma süýji söze delildir. Meselem, düýşünde alma gören adam ertir süýji gürrüňler etjekdir we biriniň göwnüni awlajakdyr...
Emma, Kuranyň we Sünnetiň yşygy astynda ylhama açyk köňülleriň bular ýaly zatlardan söz açmagy bolup biljek ýagdaýdyr, emma hakykata ýapyk ruhlaryň beýle gürrüňleri asla mümkin däldir. Muny bir waka bilen berkitmek isleýärin. Ýakynda bir arkadaş: «Pylanyň öýüne bir äpet zat uçup gelip giripdir, soňam çykyp gidipdir...» diýdi. Elbetde, beýle gözel manyly düýşi görse her kimem begener. Düýşi görenem, düýşüň içinde geçýän öýüň adamlaram... Çünki, başlaryna bir döwlet guşunyň gonmagy diýip ýorýardylar bu düýşi. Ine şol pursatda-da düýşi diňläp oturanlaryň biri endmyny tikenekledip: «O düýşüň jynaza manysy bar. Bu maşgalaň içinde möhüm biri öljekdir» diýdi. Aradan köp wagt geçmänkä gelip diýdiler: «Arkadaşymyzdan iň hormatlanýan pylany garaşylmadyk ýagdaýda ýalňyş bir sanjym sebäpli aradan çykdy...» Diýmek, mysal älemine degişli belgileriň umumy gözellikleriniň ýanynda belki ondanam owal simwollaryň näme manysynyň bardygyny aňlamak we oňa görä ýormak zerur...
Kuran doga we mynajatlarda şeýle dürli şekillerde temessül edip bilýär. Käte bir doga, Kurandan bir süre sahabalardan Üseýd bin Hudaýra bolşy ýaly bir bulut, bir duman şekilinde temessül edip görnüp bilýärkä, Muhýiddin ibni Araby hezretleriniň gören zady hem dogadan, senadan, ewraddan, ezkardan, zikrlerden, wirdlerden temessül eden bir zatdyr...
Bu meselede ikinji bir husus hem şudur. Her hakykata, her görnüşe, her zikire, her pikire wekilçilik edýän bir melekler bardyr. Olar biziň wirdlerimizi we zikrilerimizi Hak Tagala eltip ýetirmek üçin gözegçilik ederler. Ýasyn-y şerifi eltip ýetirmäge-de şeýle wezipeli bir melek bardyr we ol Ýasynyň mazmunyna görä bir şekildedir. Misli Ýasyn o melegiň sekilini çyzan ýalydyr. Ýasyn üçin bir şekili göz öňüne getirip bilersiňiz, göz öňüne getirmek biraz kyndyr. Birnäçeler üçin asla mümkinem däldir. Muny mümkin görsek-de, bu diňe mysal älemine aralaşyp bilenler üçin mümkindir. Ine, bilenleriň biljegi, biziň bilmejegimiz bir şekilde Ýasynyň wekili bolan melek, Ýasynyň mysaly hakykatyna uýgun temessül eder. Başga bir melek hem Amme sürey-i jelilesine wekilçilik eder. Şeýdip süreleriň temessül edip belli bir şekilde orta çykmasy örän zerur. Bir wagtda bize wepadar bir dost bolmagynyň mümkin bolup bilşi ýaly, şol bir wagtda ol sürä gözegçilik eden melegiň görünmegi-de mümkindir.
Sahih hadysy şerifde şeýle rowaýat edilýär. Mümin gabryna ýerleşdirilen wagty başujunda bir owadan adam görüner. Mümin ondan: «Sen kim?» diýip sorar. Ol adam: «Seniň amalyňdyryn. Kyýamata çenli saňa wepadar dost we hemradyryn» diýip jogap berer. Şonuň ýaly-da ýaramaz bir ynsan hem gabryna ýerleşdirilen wagty başujunda gaharly, betnyşan we sypaty jähennem azabyny dadyrjak bir ynsan görüner. Adam ondan sorar: «Sen kimsiň?» Ol hem: «Men seniň eden ýaramaz amalyňdyryn. Kyýamata çenli seniň biwepa dostuň we hemraňdyryn» diýer… Ýokardaky sözleri özümçe ýorup başga sözleri ulanan bolmagym ahmal, emma meseläniň hakykaty edil Serwerimiziň (s.a.w.) buýruşy ýalydyr. Diýmek amal hem bir şekilde görnüp bilýär. Hatda jennetde dürli-dürli nygmatlaryň görnüşleri müminiň amallaryna baglydyr diýlip bilner. Şeýle hem ähli-sünnet wel-jemagatyň görşüne görä jennet häzirem bardyr. Jenneti inkär etmek ähli-sünnet wel-jemagatyň mukaddes serhetinden daşyna çykmak diýmekdir. Emma, jennetiň bir çigidiň uly agaja öwrülşi ýaly ösüp kemala gelmesi müminleriň amallaryna baglydyr. Amallar dowam etdigiçe ol pajarlap ösjekdir. Onda şeýle diýmek bolar. Her bir müminiň jenneti özi üçin doly ösüp kemala gelen däldir, käbir şahalary heniz doly ösüp ýetişmändir diýip hem bolar. Mümin namazy, orazasy, hajy, zekaty, musulmançylykda sadyklygy bilen ol jennete täze-täze öwüşginler, reňkler getirer, rownakdarlygyny artdyrar, haçanda haşyr-neşir bolup ahyrete giden wagty ony doly ösüp doly kemala gelen görnüşde tapjakdyr. Şeýlelikde ynsanyň amallary-da jennetlerde temessül etjek we mümin olardan peýda görjekdir. Bu hususy beýan etmek üçin Allah dostlaryndan biri: «Bu ýerde bir «Subhanallah» diýen ol ýerde jennet miwesini iýer» buýrýar. Hawa, bu ýerde bir «Elhemdulillah» diýen o ýerde Allahyň nygmatlaryndan peýdalanar. Şonuň üçin her amal o ýerde dürli şekillerde ynsanyň peýdalanmagy üçin hödürlenjekdir, biz bularyň hemmesine temessül diýýäris.
Käbir musulmanlaryň yzygider okan wirdleri-de edil şonuň ýaly temessül edip biler. Ýa-da ol wirdler bir melek tarapyndan Hak Tagala ýetirilende ol melek oňa gözegçilik eder. Ol melek okalan wirdiň ýagdýyna görä şekil alar. Hezreti Muhýiddin ýaly kimseleriň gözüne görnen-de ine şol bolup biler. Sahabe-i Kiram we ýene başgalaryna-da Kuran-y Kerimi okan wagtlary dürli şekile girip olara görnüpdir...
Sözi uzaltman, soňy müşki-anbar bolsun diýip, Useýb Ibni Hudaýr bilen baglanşykly bir hususy aňladaýyn.
«Ol Serwerimiziň huzuryna gyssanyp, tolgunyp gelipdir-de:
- Ýa Resulyllah, agşam Kurany Kerim okaýardym. Ýanymda-da atym bardy. Çagamam atymyň golaýyndady. Birden atym kişňäp çarpaýa galdy. At çagany depeläýmesin diýip Kuran okamagymy kesdim. Men sesimi kesen badyma atymam köşeşdi. Men ýene okamaga başladym, atym bir zatlar görýän ýaly ýene çarpaýa galmaga durdy. Men ýene okamagymy kesdim ol ýene köşeşdi. Soňra başymy galdyryp görsem depämizde bir bulut bar. Men Kurany okadygymça ol ýakynlaşýardy. Okamamy kesemde-de ol bizden uzaklaşýardy» – diýipdir. Serwerimiz buýrdy: «Eger daň atýança okasadyň, olam size ýakylaşmasyny dowam etdirjekdi. Ol sekinedi.» Kurany Kerimde-de binäçe ýerde geçýän bu „sekine“ sözi, isle Allahdan köňüllere gelen bir ynam, isle melekleriň daşynda ynsanyň ruhuna berklik gazandyran we onuň ruhy güýjüne güýç beren ruh-ul kudus, isle gönüden-göni zat-y Uluhiýetiň tejellisi bolsun, her hili ýagdaýda-da käbir okalan wirdlere, zikirlere we Kurana şeýle derejede baha berişiň nyşany, yşaraty we delil diýmekdir.
Her zadyň dogrusyny Allah biler.
Edebi makalalar