07:41 Tereddut -5 / dowamy | |
TEREDDUT
Edebi makalalar
Wahdet-i wujud näme we ygtykadymyzda ol meselä nähili garalýar? Wujut birligi, beden bütewiligi görnüşinde beýan etjegimiz «wahdet-i wujud», has köp tasawwufçylar arasynda gürrüňi gozgalýan meseledir. «Wahdet-i wujud» köplere görä bir zowk we hal meslesidigine garamazdan käbir adamlar oňa pelsepe nukdaý nazaryndan garap, başgaça many bermek isleýärler. Ýene bir topary bolsa onuň bilen wahdet-i mewjut – monizm arasynda tapawut görmeýärler. Musulmanlaryň düşünje taryhynda mümkin boldugyça möhüm bir orun tutan «wahdet-i wujud» düşünjesi-de, her meselede bolşy ýaly çakdan aşalyk (ifrat) we bärden gaýtmalar (tefrit) içinde dowam edip gelipdir. Aslynda tutuşlygyna Allahyň zaty bilen baglanşykly bu düşünje gurluşy kä ýerde beýan we söz ýetmezçiliginden, kä ýerde ony şu görülen äleme deňeşdirmekden döreýän kemçiliklerden, kä ýerde-de pelsepe häsiýetli «panteizm» bilen meňzeşliklerinden häzire çenli örän parhly düşünilýär hem-de dürli-dürli kabul edilmelere sebäp bolýar we ol köp çekişmelri döredýän meselelerdendir. Bu ugura degişli onlarça tewhidiň üç derejesi bar. 1. Tewhid-i efgal. Älemde orta çykan her işiň döredijisi Allahdyr diýen ynanç. Bu düşünjä görä, haýsy sebäp bilen haýsy wagtda bir zat orta çyksa çyksyn, onuň üçin sebäp gözlemegiň geregi ýokdur. Ol gönüden-göni Allahyň işidir. Bu ýerde kelam ylmynyň mesele edinen zatlaryndan «kesp» we «halk» (ýaratmak) hususlaryna geçip, meseläni dagytmakdan peýda bolar öýtmeýäris. Aslynda ol husus takdyr bilen baglanyşykly soraglaryň arasynda ele alnypdy. Bu garaýyşda bolanlaryň tewhidi efgaly güýçlendirjek deliller bardyr. Mysal üçin «Allah sizi-de, amallaryňyzy-da ýaradandyr» (Saffat, 96). «Hemmesi Allahdandyr» (Nisa, 78) we ş.m. 2. Tewhid-i sypat. Ähli gudratlaryň, eradalaryň, ylymlaryň Allaha degişlidigine bolan ynanç. Muňa görä ähli dartyş, itiş we her dürli güýç, kuwwat, başarjaňlyk Ondan bir many, bir hal we Oňa mahsus bir işdir. 3. Tewhid-i Zat. Barlyk ýeke-täk bir zatdan ybaratdyr. Onuň daşynda görünýän zatlara gezek gelende olar dürli-dürli mertebelerde Onuň zuhur (emele gelmek, duýdansyz döremek) we tejellisinden (görünmek, bilinmek) başga zat däldir. Tewhidiň mertebeleri diýlip aňladylan bu hususlaryň ählisiniň üstünde çekişme döräp biler. Zuhuruň we tejelliň inçe aýratynlyklaryna çenli tankydy nazar bilen garalyp bilner. Ýöne, biziň meselämiz bulardan, tewhidiň üçünji mertebesi hökmünde görkezilen Tewhid-i Zat bilen baglanyşykly bolandygy üçin diňe onuň üstünde durmak isleýäris. Bular ýaly tewhit düşünjesiniň zowk we hal bilen çäklendirilen ýagdaýynda hiç kimiň aýdyp biljek zady bolmandyr we üstünde çekişilmändir. Aslynda, ähli barlyk we hadysalary Allaha, Onuň isimlerine daýandyrylmadyk ýagdaýynda düşündirip bolmajakdygy açyk bir hakykatdyr. Bu aňlaýyşda-da az-köp meňzeş manyda bir tewhit düşünjesi duýulýar we ol tasawwufçylaryň düşünje tarzlaryna has ýakyndyr. Sadüddin Teftazani hem «Şerhül-Makasyd» atly eserinde wahdet-i wujuda tarapdar bolanlary iki topara bölüp, olardan bir toparyň düşünjesiniň ählisünnediň çägindedigini aýdýar, biraz öň aýdyşymyz ýaly, bularyň ýagdaýy hiçbir wagt çekişmä sebäp bolmandyr. Ymam Teftazana görä wahdet-i wujudçylar iki topardyr. Sofyýýe we mutasawwife. Sofiýýe mewjut (barlyk, älem) ýaly, wujutda (bar bolmak, döremek, ten, beden) hem köplügi kabul edýär, emma, hakykat ýolagçysy Allaha barýança özüni irfan deňzine gark bolan ýaly görüp zatyny Allahyň zatynda, sypatlaryny Allahyň sypatlarynda pany we ýok bolan hasaplaýar, şeýle ýoly tutan bendäniň nazarynda Allahdan başga ähli zat ýitirim bolýar we Hak ýolagçysy öz barlygyny Hak tejellileriniň bir nokata ýygnanmasyndan ybarat saýýar. Ine tasawwuf ýoluny eýerenleriň «fena fi-l-tewhit» diýýän halatlary-da budur. Birnäçe gezek bu mertebedäki ahwalata doly düşünilmändigi üçin «hulul» (içine aralaşmak, bitewileşmek, birikmek) we «ittihat» (birleşmek, birlik emele getirmrk) görnüşinde düşündirilmäge çalşylypdyr. (Hulul we ittihat ynanjy, Uluhyýetiň mahlukata geçişini we birleşişini kabul eden batyl ynançdyr). Sofilerden bir toparynyň nazarynda şeýle bir tewhit düşünjesi makam-y jemiň, ýagny ähli barlygy Hak Tagala bilen bitewi ýagdaýda görüp öz güýç kuwwatyny Onuň bilen birikdirmek makamynyň, mertebesiniň zerurlygy diýip kabul edýärler. Hawa, bu-da ähli zatdan owal bir irfan soňra bolsa zowk meselesidir. Bu makamda, mertebede ynsanyň barlyga hakyky güýç bermegi, muşahedä, ýagny Ony görmäge we duýuşa gapma-garşydyr. Bu sebäpden hem ol ahwalata ýetiren sebäpleri kabul etmek ýaşryn şirki aňdyrýar. Tersine, bu aň-düşünşä we ahwalata ýetmezden sebäpleri inkär etmek, ryýakärlik we esassyz, howaýy bir düşünjedir. Munuň bilen birlikde jemiň näme diýmekdigini bilmeýän, irfansyz, farkdan habarsyz, ýagny Ýaradny barlykdan tapawutlandyrmagy başarmaýan, gulluk syrlaryndan habarsyz hasap edilipdir. Kämil ynsan bolsa fark we jemi ýerine görä kabul edýär. Ikinji bir topar açykdan açyk wahdet-i wüjuda tarapdar bolanlardyr. Bulara görä wujut birdir. Ol hem diňe Jenaby Hakyň wujudyndan ybaratdyr. Älemde görülýän köplük bolsa, diňe hyýal we salgymdyr. Görşümiz ýaly, Sofiýede «Wahdet-i Wüjud» düşünjesi bir zowk, bir hal işi bolmagyna garamazdan, soň gelen mutasawwife bolsa hakyky bir düşünje we pelsepe duýgusyny berýär. Dogrusy, kelamçylardan hem bu düşünjäni kabul edenler we hatda Jelalüddin Dewwani ýaly onuň güýçli tarapdary hem az däldir. Emma, düýnden bu güne Ähli Sünnet ulamasy barlygyň hakykatynyň mewjutdygy we dogrulygynyň subut edilendigi meselesinde pikirdeşdirler. Şeýhülyslam M. Sabri «Mewkiful-akl» atly kitabynda wahdet-i wüjud nazarýetiniň arkasynda Wüjud-u Hak bilen zatynyň meňzeşdigi düşünjesini görkezýär. Bu bolsa başy çykýanlaryň bilişleri ýaly, Kelam ulemasyna görä wujud mazmuna goşmaçadyr. Bu barlygy wajib bolanda-da şeýledir, mümkin bolanda-da şeýledir. Ymam Eşari bolsa düýpden tersine, wajibde-de, mümkinde-de wujudy mazmunyň özi saýypdyr. Filosoflar bolsa wüjubda Eşari bilen bir düşünjäni paýlaşmaga derek, mümkinde kelam ulemasynyň nukdaý nazaryny goldaýar. Soňky iki akym, barlygy Zat-y Baryň özi we Onuň wujudyndan ybarat saýandyklary üçin, barlyga itibari we izafi (nominal) bir wujut berip, ähli zat Allahyň zatyndan ybarat saýýarlar. Aslynda wujut ýaly beýleki ylahy sypatlaryňda Zatynyň aýnysy (hut özi) ýa-da gaýrysy diýen mesele gadymdan bäri üstünde çekişme gurlup gelen meselelerdendir. Emma, arasynda bir giden ulemanyň hem bar bolan jemagat hakynda Wuwjudy Baryýny Zatynyň özi saýmak düşünjesinde Wahdeti Wujut, hatda Wahdedi Mewju (monizim) netijesini çykarmak, bu beýik şahsyýetleri zalalat ýolunda görmek bolar. Beýle bir düşünjäniň bolsa manewi jogapkärçiligi aşagyndan çykardan uly bolsa gerek. Dogrusy, Jelalüddin Dewwani «Risalet-ül Zewra» kitabyndaky beýanlary bilen Hakyň barlygynyň Zatynyň şol bir zatdygyny we Zat-y Hakdan başga hakyky mewjuduň ýokdugyny we muňa görä wujut wujut bolmak taýyndan Hakyň wujudundan ybaratdygyny aýdýar. Bu hem Allahdan başga ähli barlygyň wujudynyň hakyky bolman itibaridygyny (nominaldygyny) aňlatmakdan başga zat däldir. Dewwany şol eserinde bir ädim has öňe ädip, älemiň Allahdan başga bir topar özbaşdak barlyklar hökmünde düşünilmeginiň hem wujut taýdan, hem zuhur taýdan bolup bilmejek zatdygyny aýdýar. «Wujut taýdan älemiň bar bolmagy ters düşünjedir. Çünki Jenby Hakdan başga islendik zadyň hut özüniň bar bolmagy mümkin däldir. Zuhur taýdan hem mümkinatyň hakyky bar bolmagy hem düýpden ýalňyş düşünjedir. Çünki bir zadyň zuhury diňe Hakdan ybarat bolan wujuda baglylykda emele geler. Muňa görä Hakyň wujudyndan başga özbaşdak hakykatlar göz öňüne getirilse, ol barlyklar öz wujutlarynyň dowamlylygyny özi üpjün etmeli diýlen netije orta çykar. Diýmek wehim we hyýal hökmünde kabul eden närselerimizi mewjut saýmak bolmaz» diýýär. Muhiddin ibni Araby bir dereje ýokary galyp, şöhlelenmek we ýazymakdan ybarat saýdygy älemiň şu görünýän halyny asla mewjut we üstesine dowamaty bolan bir mewjut daldigini gaýta-gaýta nygtaýar. Allah (j.j.) mydama tejelli edýär, älem-de täzelenip durýar. Bu tejelliler biri-biriniň yzy bilen gelýär we älem her pursat bu tejelliler bilen barlyk we ýokluk arasynda gelip gidip durandyr. Tejelliler şeýle derejede yzygider we kesilmän akýar, dowam edip gelen barlyk zynjyrynda hiç hili ýoluklyk-da duýulmaýar. Möwlana Jelaletdin Rumy hezretleri hem dürli öwüşginli we baý beýan etmeleri bilen bu netijä goşulýar. «Eý ruhumyzyň ruhy, biz kim bolupdyrys, özümize barlyk donuny biçip orta çykar ýaly. Biz bir oýun, hiçden ybaratdyrys. Biziň barlygymyz hem hiç zatdyr. Sen bolsa bir Wüjud-u Mutlaksyň ähli zadyň görünmeli aýnasynda panylary görkezýärsiň. Biz bir arslanlardyrys, emma hakyky däl, sanjak ýüzünde şekillendirilen we ösen ýele hereket eden arslanlar. Sanjagyň ýüzündäki bu arslanlaryň hereketleri duýular-da, bulary herekete getiren ýel görünmez. Ol görünmeýän egsik bolmasyn! Biziň barlygymyz seniň yhsanyň, seniň ýaradyşyňdyr. Ýokluga barlyk lezzetini dadyryp, ony ezelde özüne aşyk etmişsiň». Älemdäki bütin çaýkanmalry we tolkun atmalary Hakyň tejellisinden saýýan bu düşünje, Hakdan başga hiç bir zada wujut bermeýär. Onuň bu äleme bar nazary bilen bakmagy Ýaradandan ötüri we mejazdyr (simwolikdir). Emma Hakyň tejellisinden ybarat bolan barlyklarda özgerip durmak we köplük göze dürtülýär. Bu aýnalaryň aýratynlygyna bagly özgeriş we köplükdir, Wujuduň birligine zyýany ýokdur. Jüneýit Bagdady hem bu hakykaty «Suwuň reňki gabynyň reňkidir» sözi bilen beýan edýär. Şol sebäpli hakyky wujut birdir. Misli bir nur ýaly... Bütin barlyk bu nuruň şöhlesinden we möwjelenmesinden ybaratdyr. Mysal üçin nähili bir giden nem-yzgardan düzülen ýagyş, doly, ýyldyrym çakmagy we gök gürlemegi hersiniň aýry-aýry görnüşlerdigine garamazdan, ýeke-täk hakykatyň dürli ahwalyndan ybaratdyr. Edil şonuň ýaly-da sil deýin akyp giden we aýry-aýry görnüşleri bolan närseler we hadysalar hem bir hakykatyň jilwelerinden ybaratdyr. Görşümiz ýaly, «Wahdet-i Wüjud» meselesini pelsepe häsýetinde ele alan mutasawwife, ilkinji sopularyň wahdet-i şuhuda ýetiren, boldugyça dury tewhid akydalaryna derek, hulul we ittihady aňdyrýan sözlerden halas bolup bilmändirler. Aslynda meseläni bir ylym, pelsepe meselesi hökmünde kabul edilenden soňra bu ýagdaýdan gutulmak mümkinem däldir. Galyberse-de, munuň bilen birlikde aýatlarda we hadyslarda bu meselä degişli oýarmalaryň bardygy görünýär. Olardan käbir mysallary alalyň. 1. «Siz olary (käfirleri) öldürmediňiz, emma Allah öldürdi. Atanyň-da (daş, toprak we ýarag) sen atmadyň, Allah atdy» (Enfal, 16). 2. «Hakykatdan saňa wepalylyk kasamyny edenler (Hudeýbiýe güni), diňe Allaha kasam etdikleri bolar» (Fetih, 10). 3. «Kasam bolsun, ynsany biz ýaratdyk we nebsiniň oňa nähili wes-weseler berendigini bilýäris, Biz oňa jan damaryndan has ýakyndyrys». (Kaf, 16). Edil şular ýaly istikamata delil hökmünde görkezilen Hadys-y Şerifler hem bardyr. Olardan biri ymam Müslimiň rowaýat eden: «Eý ynsanogly! Hassa boldum meni soramaga barmadyň. Gul: - Ýa Rabb, Sen Rabbülaleminsiň Seni soramaga nädip baraýyn? Jenaby Hak: - Bilmeýärmisiň, plan bendäm hassa ýatdy, ony soramaga barmadyň. Eger barsadyň, meni onuň ýanynda tapardyň». Şeýle hem, ýene şol çeşmede: «Gulum nepil ybadatlary bilen maňa ýakynlaşar, beýle edende menem ony söýerin we söýen wagtymda-da onuň eşiden gulagy, gören gözi, tutan eli we ýöreýän aýagy bolaryn...» Delil hökmünde getirilen muňa meňzeş mysallary köpeltmek mümkindir. Emma köpeltmegiň hiç hili üýtgeşiklik getirmejegi üçin sözümizi gysgaldýarys. Ilki başda mysal alanlarymyzyň ikisinden tasawwuf beýikleriniň hem bu ugurda aýdan zatlary sanardan has köpdür. Şeýle hem, sorag-jogap çäginde tutuş «Wahdet-i Wüjud» taryhyny ele almaga mümkinçiligiň ýoklugy ýaly oňa zerurlygam ýok. Biz bu ýerde diňe iki mysala ýüzlenip oňmakçy. Ilki bilen Kurany Kerimden ilkinji iki aýaty muhkemata degişli hasap edip, Kelamy Ylahyda hiç bir gapma-garşylyga ýer goýman makul bir tefsire gitmek iň laýyk ýoldur, häzire çenli iň beýik tefsirçiler hem mydama şeýle edipdirler. Bu ýorgut isle hereketiň – kimden gaýdýan bolsa bolsun – Allaha degişlidigini beýan etsin, isle bir mugjyza manysyny aňlatsyn, isle iň şerepli gulunyň amalyny – onuň şereplidigini görkezmek üçin – Zat-y Uluhyýetinde bütewileşdirsin, islese onuň manysyny güýçlendirmegi, dogrulygyny we berkligini göz öňünde tutsun uly bir parh etmez... Aslynda delil hökmünde getirilen bu aýatlarda Wahdet-i Wüjutdan has zyýada, närseleriň hakykatynyň güýçlendirildigi görünýär. Çünki käfir – mümin tapawudyndan, katyl – öldürilen tapawudyndan, ýüzlenilýän adam we üçünji şahsyň tapawudyndan söz açýar. Mundan wuwjut birligini çykarmak örän çylşyrymly düşündirişler bilen mümkin bolup biler. Ýene jan damaryndan ýakyn bolandygyny beýan edýän aýatdan şol manyny çykarmak asla mümkin däldir. Hadis-i Şeriflerde bolsa wujut birligi beýlede dursun, anyk köplükden söz edilýär. Guluň ýakynlyk gazanjak wagtyna çenli, ikinji barlyk bolandugyny kabul edip, belli bir wagtdan soň birlikden söz açmak mutasawyfäniň hem hiç haçan kabul edip bilmejek bir hülal we ittihad akydasydyr. Hatda bu meselede ählullahyň wahdet-i wüjudy tassyklaýn ýaly görnen sözlerinde hem hemişe maksatlarynyň tersine ikilik duýulýar. «Gähi Güneş, gähi deňiz bolarsyň, gähi Kap dagy, gähi Anka bolarsyň, sen zatyňda ne o ne-de bu bolarsyň. Eý aklyň her dürli oýlanmalaryndan päk bolan Zat! Sen soňsuz bolan halyňda munça görnüşlerde tejelli edendigiň sebäpli sen barada tewhid eden, hem-de teşwih eden (meňzeden) haýrandadyr». (Möwlana). Bu sözde hiç bir düşündirişe we ýorguda gerek bolman, onuň ikilik hakyndaky beýany aç-açandyr. Galyberse-de, mutassawifeniň hut özi hem köplük tarapda görünýär. Täsin beýan etmeleriň kölgesinde başga zatlary Wahdet-i Wujuda delil agtarsyn dursun, bu nazarýetiň tarapdarlary nebsi öldürmek, menligiňi ýok etmek... ýaly köplük beýan edýän zatlardan hiç arassalanyp bilmändirler. Wahdetde hereket edenleriň nogsanlyklardan gutulmak we kämillige ýetmek üçin munça muşakkatlara bulaşmaklarynyň nämä geregi bar!.. Üstesine-de bu beýik şahsyýetleriň Allaha gulluk etmek meselesinde görkezen çyn ýürekdenlikleri şübhesiz «Wahdet-i Wüjudyň» pelsepe aňlaýyşyny ýalana çykarýar. Aslyýetinde özüni jogapkär kabul eden Wahdet-i Wüjudçy ýolbaşçy bilen gullukçynyň tapawudyny kabul eden diýmekdir. Gullukçydygy kabul etmek bilen birlikde wujut birliginden söz açmak biri-birine gapma-garşydyr. Mükellefiýeti (Allahyň öňündäki gulluk jogapkärçiligi) inkär eden käbir dinsizleri hasaba almasak Allahyň öňündäki jogapkäçiligini inkär etmäge şu günlerimize çenli hiç bir müminiň gaýraty çatmandyr. Şonuň üçin sofiýeniň wahdet-i şuhuda äkiden «Wahdet-i Wüjud» aňlaýyşlary bir hal, bir istigrak we köňülde duýulan zatlary beýan edişde söz ýetmezçiligidir. Mutassawifäniň bu wahdet-i wüjud düşünjelelri içki aňlaýyşda we garaýyşda bir pelsepä öwrülmegidir. Olaryň bu ugurdaky hal-ýagdaýlary günbatar pelsepsi ýaly bir öwüşgindir. Başgalaryň öňe sürüşleri ýaly yslam beýikleriniň «neoplatonizm» täsirinde bir «panteizm» pelsepesini ýöretmek isländikleri şekilinde asla düşünilmeli däldir. Belki bu beýik şahsyýetler içki göz ýetimlerini we duýuşlaryny dile getirmek islänlerinde arasynda «neoplatonizmden» wagtlaýyn ulalan käbir sözlerini ulanmakda zelel görmändirler. Ýogsa Zat-i Uluhiýete düşünmek babatda bu iki toparyň arasynda daglar ýaly parh bar. Bularyň ählisine garamazdan Kuranyň beýan edişi şekilde bu dünýäni hem o dünýäni deň tutýan jemagatyň, aşakda görkezmekçi bolýan hususlardaky ýaly mutasawife ýöňkelýän görnüşde Wahdet-i Wüjud aňlaýyşyny dogry hasaplamak bolmaz. 1. Bütin dünýä ýaýran, her ýerde we hemme zat saýylan ylaha ynanç iň gelşiksiz, iň bigörk zatlary «Allah» diýip kabul etmegi netije berýär. Akyl we dini düşünjeler beýle baglanşyksyzlygy berk ret edýär. 2. Kurany Kerim birnäçe ýerde älemden Allahyň barlygyna we birligine delil getirýär, bu bolsa «närseleriň» hakykatynyň üýtgewsizdigini görkezer. 3. Kurany Kerimde ençeme aýatlar älemiň heläk boljakdygynyň üstünde durup we ondan soňraky täze dünýeleri buşlaýar. Heläk bar bolan bir zadyň ýok bolmagy diýmekdir. Üýtgewsiz, durnukly bolmadyk bir zadyň heläk boljakdygyny aýtmak hebesdir. Kuran bolsa hebes zatlary aýtmakdan örän beýikdir we uzak durýandyr. 4. Pygamberleriň (s.a.) ählisi, uly-kiçi her bir zadyň soň ýaradylandygynyň dersini bermek bilen birlikde halyk we mahlyk arasyndaky gatnaşygyň ýaradylan we ýaradyjy arasyndaky gatnaşykdygyny tutanýerlilik bilen öwredipdirler. Mutasawwife ýöňkelen görnüşdäki «Wahdet-i Wüjud» düşünjesi pygamberleriň, hem olara iberilen wahyý hakykatlarynyň ýalana çykarylmasyny aňladýar. Bu bolsa dünýäniň iň dogry ynsanlaryna iň ýigrenji kemsitme saýylar. 5. «Wahdet-i Wujuda» daýanç hökmünde getiren delilleriň hemmesinde subut etmekden zyýada ikilik duýgusy görünýär. 6. Kurany Kerimiň uly bölegi ytagat edenlere sylag-serpaý, ysýan edenlere-de jeza wada berip uly howpdan habar berýär. «Wahdet-i Wüjud» aňlaýyşy içinde bu aýatlardan many çykarmak gury wagt ýitirmekdir. Çünki «Ytagat eden kim? Nygmat nirede? Günäli kim? Azap näme?» sowallaryna muňa görä hiç haçan jogap tapyp bolmaz. 7. Ähli närseler Ondan ybarat we sil ýaly akyp giden hadysalar, Onuň ýüze çykmagynyň bir görnüşi diýlip kabul edilen ýagdaýynda, şirki we müşrigi, buty we butparazy aýyplamak haksyzlyk boljakdyr. Çünki, beýle bolsa her bir döreýiş Onuň ýüze çykmasydyr, ýokrada agzalan zatlar hem Ondan aýry görülmez. Herhal, tewhit ynanjyny berkiden Kuran we sünnet, şol bir wagtda butuň we butparazlygyň hem beýik duşmanydyr. 8. «Wahdet-i Wüjuduň» ikinji toparynyň düşündirişine görä maddanyň gadymlygy barada düşünje duýulýar. Munuň bolsa küfürdigi biragyzdan ykrar edilýär we Ählullah beýle küfrden örän päkdir. Bütin bulardan soň mutasawwifä ýöňkelen Wahdet-i Wüjud meslegi bilen pelsepeçileriň Wahdet-i Wüjud mesleginiň arasynda mydama açyk parhlylyk görnüp gelnipdir. Wahdet-i Wüjud pelsepesi (Panteizm) daşyndan görmäge mutasawwifiň Wahdet-i Wüjud düşünjesi bilen baglanşykly görünse-de, panteizmde Allah bilen älem bir zatdan ybarat görülýär. Muny hem esasan şu iki hususda düşündirip bolar. 1. Diňe Allah hakyky bir barlykdyr. Älem bir kysym ýüze çykmalaryň (manefestasiýa), ýa-da emele gelmeleriň, döremeleriň (emansipasiýa) jeminden başga zat däldir we «Spinozanyň» mezhebi budur. 2. Diňe älem hakykydyr. Allah bar bolan zatlaryň birleşmeginden ybaratdyr diýlen ýörelge bu hem ýa tebigy wujudiýeçilik (naturalist panteizm) ýa-da maddy wüjudçylyk (naturalist panteizm) mezhebidir. Gegel we onuň tarapdarlary hem bu pikirdedirler. Aýdylanlaryň esasynda şuny diýip bileris: Yslam mutasawwifesi Wajibül-Wüjutda panydyklaryny ykrar edip, älemi inkär etmeklerine derek beýlekiler Halyk-y älemi gaplap-gutulap (Alla saklasyn!) bir tarapa goýmaga çalyşýarlar. Mutasawwifäniň Wahdet-i Wüjud düşünjesi Wahdet-i şuhudy çala ýaňzytmaga derek, beýlekileriň «Wahdet-i Wüjud» düşünjesi bolsa Wahdet-i Mewjudy (monizm) ýaňzydýar. Birinjiler, hal, muşahede we istygrah ýaly ahwaly beýan etmekde söz ýetmezçiligi sebäpli olar ýaly meňzeşliklere girmeklerine derek beýlekiler ylmy döredijilik, pelsepe adyndan şeýle ýola düşüpdirler. Birinjiler Allah (j.j.) bilen başlap, bu nokatdan närselere we hadysalara baha berýärler, ikinjiler bolsa Jenaby Haky närseleriň arasyna goşup meseläni derňemäge çalşypdyrlar. Birinjilerde ylahy zowk, ikinjilerde bolsa diňe nazarýet... Birinjiler özlerini pes görmegi esas edinip ýöreseler, ikinjiler bolsa Wajibül-Wüjuda meňzemek pelsepesini ýöretmek ýaly tapawutlylyklar görkezipdirler. Işiň dogrusyny Ol Allah biler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |