05:51 Tereddut -6 / dowamy | |
Tereddut
Edebi makalalar
Dinsizligiň şeýle möwç almagynyň sebäbi nämedir? Dinsizlik, netijesine seredeniňde, inkär etmek bolansoň, ýaýrap gitmesi, umuman köňül dünýäsini ýykmasy bilen baglanyşyklydyr. Elbetde, başga sebäpleriň hem bardygyndan söz açylyp bilner. Dinsizlik – düşünjede inkär, Allahy kabul etmezlik, ataeizm, hyýalyňda çäksiz erkinlik we bolyp bildigiçe aladasyz-gaýgysyz bolmak halaty, amal we hereketleriňde bolsa gadaganlyk diýlen zady bilmän, aklyňa gelenini edip ýaşamak ýagdaýydyr. Düşünjede dinsizlik nesilleri ahmal etmek, ylym we ylym ojaklarynyň hyýanatçylykly peýdalanmagy netijesinde gülläp ösüşi ýaly, has soňra gürrüňi edilmekçi bolunýan hususlardan goldaw alyp, tiz ýaýramak we ýaýbaňlanmak bilendir. Bir toplumyň içinde dinsizligiň ilkinji şinelän merkezi, gülläp ösen atmosferasy, nadanlygyň we kalpsyzlygyň atmosferasydyr. Kalby we ruhy iýmitlendirilmeýän köpçülikler iru-giç dinsizligiň penjesine düşerler we Hakdan kömek bolmasa ondan gutulmaklary mümkin däl ýalydyr... Bir millet özüni emele getiren şahsyýetlere öwredilmegi we ynandyrylmagy zerur bolan zatlar ähmiýet berilmän öwredilmese we güýçli ynandyrylmasa olar bilimsizliginden we nadanlygyndan ýaňa çeňňege düşüp, ters täsirler arkaly öwredilen zady kabul etmäge taýýar hala gelýärler we netijede-de dinsizligiň gorpuna itilip goýberilýärler. Dinsizlik owalbaşda ynanç esaslaryna garşy biparh, ünssüz görner. Içinde biraz pikir we düşünje erkinligi bar ýaly görnen bu boluş, dinsizlige we inkäre goldaw berip biljek ýagdaý tapdygy derrew öser, şaha ýaýratmaga başlar. Inkäriň alga alar ýaly we ylmy sebäbi ýokdur. Käte bir owarramçylyk, käte gaflat, käte-de ýalňyş netijeleri çykarmak ony döredip biler. Biziň günlerimizde bu hususlaryň hemmesi bilen heläk bolan örän köp ynsan bardyr. Emma, bularyň arasynda ähmiýet derejesine görä iň ýokardaky orny aljaklarynyň täsiri, ýykgynçylygy has uly bolansoň, biz hem diňe olaryň üstünde durup geçmekçi bolýarys. Şuny-da bada-bat aýdaýyn, bu ýerde dinsizligiň we inkäriň ýok edilmegi hem-de bu ugurda gerekli bolan hususlary orta goýmak ýagdaýynda däldigimiz üçin okyjy bizden tom-tom kitaplar arkaly beýan edilip bilinjek zady bizden iki sözde aýtmagymyzy islemeli däldir. Aslynda sorag-jogap çäginde örän agyr geljek beýle bir çuň meseläniň derňelmejegi-de düşnükli bolsa gerek. Galyberse-de, bu ugurda döredilen saýlama eserler barka, ýazyljak zatlar bolup bilse şolaryň gaýtalamasy bolar. Sowala dolanalyň. Biziň günlerimizde her biri bir ylahy hat bolan närseler we her biri gudrat galamyndan çykan hadysalar, başgaça aýtsak, tebigat we onuň kanunlary dinsizlikde «dub tokaýlygy» ýaly görkezilýär we nesiller onda azaşdyrylýar. Ýogsa günbatarda-gündogarda elli müň gezek ýazylyp çyzylşy ýaly tebigat kanunlary sazlaşykly işleýän bir mehanizme, ýokary hilli we bol önüm öndürýän fabrika bolsa bu sazlaşyk we tertip, bu düzgünlilik we öndürijilik güýjüni ol nireden alypdyr? Bir şygyr ýaly şahyrana akyşy, bir mukam ýaly ruhlary oýaryjy tebigatyň bu ses we owazy özüne we tötänliklere bermegi mümkinmidir? Tebigat oýlanylyşy ýaly, dörediji güýje eýe bolsa, onuň özüniň nädip dörändigini, bu güýji nireden ele salandygyny düşündirip bilerismi? Ýogsa, «özi özüni ýaratdy» diýjekmidiris! Bu ne gorkunç azaşdyrmak, nähili ynanylmajak ýalan! Bu ýalan wakanyň özeni şudur: «Agaç agajy ýaratdy, dag dagy, älem älemi»... Beýle manysyz gepe «dogry» diýjegiň tapyljagyna ynanmak kyn we eger-de, tebigat diýlende dogrudan dogry «şerigat-y fitriýedäki» - ýaradylşa degişli kanunlar göz öňünde tutulýan bolsa, bu-da başga bir aldawdyr. Çünki, köneleriň aýdyşy ýaly, kanun bir soň çykan zat. Soňradan dörän zatlar, närseler jöwheriň barlygy bilen bar we onuň bilen barlygyny dowam etdirer. Ýagny bir birleşmäniň, organizmiň umumy düzümindäki ähli bölekleri bir ýerde göz öňüne getirmän, olara degişli kanunlary bir ýere jemlemek mümkin däldir. Başgaça aýtsak, kanunlar barlyklar bilen dowam edýändir. Şinelemegiň, ösüp kemala gelmegiň kanuny bir tohum we çigit bilen dartyş kanuny, massalar arasyndaky dürli baglanşyklar ýa-da meýdan bilen gaýymdyr. Bu mysallary köpeltmek mümkindir. Bu ýagdaýda barlyklara düşünmezden kanunlary bilmek we aýratynam o kanunlary barlyga ýer we esas saýmak, barypýatan hokgaçyllyk we dialektikadyr. Sebäpleriň barlyga esas bolmasy hem mundan pes geňlik däl. Dogrusy müňbir hikmet we inçelikleri özünde jemleýän bu älemi hiç bir ylmy gymmaty bolmadyk sebäpler we tötänlikler bilen düşündirmäge synanyşmak bolşundan beter gülkünç, gülkünç boldugyça-da ylymlaryň ýalanlaryny kesgitleme ýaly edilip garşy goýlan samahyllamadyr. Mülleriň derňewleri sebäpleriň ýeterlik derejede däldigini we tötänlikleriň ejizdigini yglan edýärkä, ylymlar görüşipmişler we höküm çykaranmyşlar. «Sowet Soýuzynyň Himiýa instituty» Opariniň baştutanlygyndaky 22-ýyla çeken ylmy işi bilen himiýa ylmynyň kanunlarynyň we himiki reaksiýalaryň barlyga yşyk tutmakdan örän uzakdadygyny hem ýene ylym we ylym adamlary aýdýarlar. Bu gün ýyllarça ylmy okuw jaýlarynda tejribe arkaly subut edilen bir hakykat ýaly okadylan «ewollusiýa we transformizm», täze ylmy açyşlaryň we genetika degişli ösüşleriň garşysynda indi fantastik ylmy nazarýet halyna gelip, taryha ýük bolmakdan başga gymmaty, ylmylygy galmandyr. Gynandyrýan ýeri, bu esassyz we möwsümlik gerekmejek meseleler henizem asyl-asyl bolup duran, medeniýetsiz, daýançsyz we esassyz neslimiziň dinsizlige ýykgyn etmeklerine getirýär. Bereket bersin, başga bir tarapdan munuň tersine, duýgy we düşünjelerimizdäki çökündileri aýyrjak, kalbymyzdaky we ruhumyzdaky ýaralarymyza melhem boljak eserler satuwa çykmaga başlady we indi bu gün tebigat we sebäpleri hakyky ýüzi bilen aýdyňlyga çykaran kitaplaryň gündogar we günbatar dillerinde ýazylanlarynyň ýüzlerçesine hemme ýerde duşmak mümkindir. Öz dünýämizde ýazylanlary ahlak pese gaçmasy hökmünde keseki hasap etsegem «Näme üçin Allaha ynanýarys?» ýaly kitaplary dünýä okyjylaryna hödürlän ýüze ýakyn günbatarly galam, hiç bolmanda bular ýaly dertleri düşündirmelidirler. Ylmyň şeýle aýdyňlyga gowuşmagyndan soň dinsizligiň ahlak pese gaçmasy, yzagalaklyk we pes düşünjelilik, biraz hem çaga rurhunda bolmakdygyny aýtsak öte geçdigimiz bolmaz. Näme edeli, ýaşlarymyz heniz özüne düşünmändigi, ruhy dünýäsinde bütewileşmändigi üçin ýokarda mysal getirenlerimiz ýaly käbir könelşen we fantastik düşünjelere ylmy hakykatdyr öýdüp aldanmakdan doly halas bolan däldir. Bu sebäpden häzirki günümizde dogrusyny öwrenmäge we öwretmäge gönükmek her dürli borçly edilmeler we boýnuňa ýüklenmeler bilen hasam kynlaşdyrylýar. Bu beýik wezipäniň görülmeýşi bolsa, jemgyýetde ýerini doludryp bolmajak ýitgileri orta çykardy we çykarýar. Belki-de ýyldan ýyla geçip gelýän hakyky horluklarymyzyň sebäbi-de budur. Biz aň we kalp birligine göterlen, özüne çuňlaşan, öwretmek yşky bilen ýanyp tutaşan, munuň derdini çekýän ýol görkezijilerden mahrum bir topar betbagtlardyrys. Ýene umyt edeliň, dogryny öwredijiler, bu kökli we beşeri wezipäni üstlerine alarlar we bizi asyryň derdinden halas ederler. Ine şol wagt nesiller düşünje we göz ýetirmede anyklyga gowşarlar, ýalňyş düşünjeleriň ýesiri bolmakdan agramdaşy (maýatnigi) ýaly bir saga, bir sola gidip gelip durmakdan we ýygy-ýygy üýtgäp durmakdan gutuljaklar we düşünjeleri giňäp dinsizlikden goranyp biljekler. Netije hökmünde şulary aýtmak bolar: Düşünje taýdan nesliň dinsizligi, doly bilimsizlikden, nadanlykdan, deňeşdirip akyl ýetirmek ukyplarynyň göýdükliginden, kalbyň we ruhuň iýmitlendirilmeýänliginden gözbaşyny alýar. Çünki ynsan oňat bilýänlerini, aýratyn-da buýsanjy hem bar bolsa, söýer, bilmediklerine garşy bolsa duşman bolar, iň pesinden habarsyz galar. Indi başymyzy galdyryp tekjelerde goýulan kitaplar bilen bize düşündirilen pikirlere we tanadylan şahsyýetlere bakalyň. Şonda köçede ulalan çaganyň «apaçi» keşbine girişini, näme üçin özüni «Zorra» meňzedenini we nädip «Don Žuan» bolşuny aňlap bileris. Gürrüňini berýän zatlarym hakykata yşyk tutan bir-iki mysaldyr. Siz bu ýykyjy zatlaryň üstüne içtymagy we ykdysady häsiýetde bolanlaryny hem goşsaňyz endamlaryňyzy tikenekletjek ýene bir topar zat bilen garşylaşyp bilersiňiz. Düýnden bu güne ynsan özüne gowy diýlip tanadylany söýüp şonuň yzyna düşdi. Tanap bilmediklerini bolsa keseki hasaplap, olar bilen gyzyklanmady. Indi biziň paýymyza onuň azgynlaşan ruhunyň garşysyna nämeleri goýup biljekdigimiziň pikirini edip, mundan soň bolsa ony boş goýmazlyk we aýdyňlyk ýoluny oňa görkezmek düşýär. Nesliň dinsizlige ýykgyn etmeginde we inkäriň ýaýramagynda ikinji möhüm zat ýaşlyk ýelginidir. Olaryň çäksiz erkinlik arzuwlary, köşeşmäni bilmeýän men-menlikleri we göterim köňülleriniň deňagramsyzlygynyň ýüze çykmasy hökmünde dinsizligi kabul etmekleridir. Bu biweç köňüller «öňünden bir çümmük lezzet aljak bolup, soňundan görkeziljek bir batman jebire kaýyl bolýarlar», gözgyny akybetlerine taýýarlanmak ýolunda şeýtanyň hödürleýän gury keýplerine we lezzetlerine girewe girip, özlerini oda urýan kebelekler ýaly uçup-uçup dinsizlige düşýärler. Bilimsizlik, nadanlyk, kalp we ruh açlygy ýaly hususlar köpeldigiçe, madda ruhy göteriji duýgulara üstün gelýär we Faustyň tejribesizliginiň netijesinde Mefistofele aldanyşy ýaly betbagt ýaşlar hem özlerini şeýtana aldatdyrýarlar. Hawa, ruhlar ölüp, kalplar pakyr galyp, akyllar çölleşip dinsizlige bialaç boýun bolupdyrlar. Ynanç ygtykat, jogapkärçilik duýgusy, arassa kalb, ruhuňy terbiýelemek we päklenmek bolsa ýaşlygyň aman galmagynyň iň beýik ygtybarly ýoludyr. Ýogsa şeýtanyň we nebsiniň alyna giden jemgyýet samahyllamadan samahyllama düşüp, durman mährabyny we kyblasyny üýtgeder we çem gelen pelsepäni bir halasgär ýaly çapak çarpyp garşylajaklar we hossaryna duşan ýaly gujagyna doljaklar. Irden turup nigilizme alkyş aýtjak, öýlä golaý marksist-leninçilere salama durjaklar, ikindä ýakyn ekspansisizme girew goýjak, belki-de agşam garaňkysynda Gitleriň aýdymlaryny aýtjaklar. Emma, hiç we hiç öz ruhy köküne, uly millet agajyna, onuň asyrlyk miwelerine, taryhyna we medeniýetine dönüp bakmazlar. Düşünje dünýäsi zaýalanan nesliň howaýy höwesinden gutulmasy, aň-düşünjede istykamete ýüzlenmegi örän müşgil, belki-de mümkinem däldir. Şonuň üçin neslimize bu güne çenli barlygymyzyň dowamaty bolan esaslardan düzülen bir terminologiýanyň öwredilmegi we pikir dünýäsinde düzgünli, dogry düşünjä ýetmegi zerurdyr. Ýogsa bu maýmyn işdämenlik bilen: «Bu duýgusyz halda bu jemgyýet ýaşar diýilse örän ýalňyş, Bir millet görkeziň ruhy kökleri gurap, diri galmyş». M.A. Dinsizlige ýene bir bat berýän zat hem ähli zadyň mubah görülmegi, ýagny halal-haram diýip çäk goýulman «eden-etdilikde» ýaşamak we bar bolan her zatdan peýda gözlemek düşünjesidir. Dünýä nygmatlarynyň ählisinden lezzet almak pelsepesine daýanýan bu düşünje biziň günlerimizde özbaşyna düzgünleşdirilip, bir pelsepe mekdebi halyna getirilipdir. Biziň nesillerimiz ilkinji gezek «libido» bilen sarsdyrylan we yralanan haýa-şerim duýgymyz J.P. Sartre, A. Jamus bilen weýran edildi we harabaçylyga döndürilipdir. Ynsany ynsanlygyndan utandyran we has köp zibilhaha meňzeýän bu «ruh pesligi» pelsepesi «nesillere ynsanyň hakyky ýüzüni açyp görkezen» bir düşünje sistemasy diýlip atlandyryldy we hödür edildi. Ilki bilen tutuş Ýewropanyň ýaşlary has soňra bolsa öýkünjeň dünýä gipnoz edilen ýaly bu akyma tarap eňdi. Ynsanlyk onda kommunizm bilen göýdükleşen menlik agajynyň täzeden möwjäp ösjegini we öz-özüne erişjegini zandyna guýýardy. Arman, ol ýene-de, ah ýene-de aldadylandygyny parh etmeýärdi. Ine, Yaradany ykrar etmek ynanjy haramlar we mubahlar ynanjyna öwrülýär, şeýle derejede aslyny ýitiren we göýdükleşen nesliň, her zatdan lezzet almak pelsepesine ters gelýändigi üçin olar özüni diniň däl-de dinsizligiň gujagyna atdy we onda Hasan Sabbahyň ýalançy jennetlerini gözlemäge durdy. Geljegiň öňdengörüji baştutanlary we dolandyryjylary, mürşit we mugallymlary dinsizligiň öňüni alar diýen umyt bilen ýokardaky hususlary beýan etdik. Ýogsa ne-hä sergezdanlygyň, bihepbeligiň sebäpleri bulardan ybaratdyr, ne-de muňa çäre hökmünde öňe sürlenler bu aýdylanlar bilen çäklenýär. Başlanýan täze döwürde milletimiziň özüne dolanmgyny we özüni tanamagyny dileg edýärin!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |