19:40 Tomusky şäherler: Uruş | |
TOMUSKY ŞÄHERLER: URUŞ
Publisistika
1975-nji ýylda Liwanda graždanlyk urşy başlady. Gülleleriñ we top oklarynyñ söweşde iñ merhemetli zatlardygyna, ýyrtyjy haýwamlaryñam guduz açan adamsypat mahluklardan has ýumşakdygyna añ ýetirdik. Oturyp, Liwana iñ uzak göç posýologynyñ niresi boljakdygyny pikir etmäge başladym we munuñ ýeterlik däldigini bildim. Hormatly ildeşlerim menden öñ eskimoslaryñ ýurduna gidipdiler. Bularyñ iñ meşhury Ýellowknaýfda ady Peter Baker bolan Muhammet Habbazdy. Ol we ýanyndakylar ömrüni arktiki balyklary iýip ötürdi, emma Kanada döwleti we ak gijelerde, soñsuz buzluklaryñ mekanynda ýaşamak ugrunda görkezen dözümini sylaglandyryp, ony Senatyñ agzasy edip bellände, deñizden bolmadyk azyk önümlerini-de iýip gören bolmaly. Öñki ady Muhammet Habbaz bolan senator Peter Baker buzluklaryñ arasynda geçiren ömrüni halkyna, äpet aýylaryna we balyklaryna berip, paýtagt Ottawa göçüp geldi. Liwanda depressiýada we lapykeçlikde gezip ýördüm, psihologiki ýagdaýym hasam ýaramazlaşdy we indi gitmekden başga zady pikirime getiremokdym. Emma nirädir bir ýere däl-de, liwanlylaryñ bolmadyk ýerine gidesim gelýärdi. Gidesiñ gelýäni gowy zat welin, ýöne, eý Sedir ýurdunyñ perzendi, ildeşleriñ aýak basmadyk ýurduny saña nirden tapyp bereli? Seniñ Miçiganda we Braziliýada çykanlaryñ bar. Buenos-Aýresde ejeñ saklap ýören fotosuratyna salgylansañ-a, juda görmegeý, soñ-soñlar "senator Peter" bolan jenap Bakeriñ ýaşan polýarynyñ garşy kenarynda "ykbalynyñ" yzyndan giden gyz bolan daýzañ bar. Argentinany hiç pikir etmedim. Dünýäniñ añry başyndadygy dogry, emma liwanlylar bilen doly. Ýogsam bolmasa meniñ, hassa ruhlaryñ, nikaply ganhorlaryñ, goñşularyny şugullaýan goñşularyñ, sadist egoistligo urşuñ we gep-gybatyñ ýigrenjiliginden keýp alýan gabanjañlaryñ sebäp bolan trawmasyndan (gowulaşmak däl) halas bolandan soñ psihologiki taýdan gowulaşmagym üçin sanatoriýa ýaly bir ýere gitmeli boljakdy. Uruş döwründe käbir tanyş-bilişler begenjine nikaplaryny çykaryp, urşy gutlamaga başlapdylar. Adam hakyky dowzahyñ şu ýerdedigini bilmezligi nähili isleýär! Sartr telim gezek "dowzah başgalarydyr" diýipdi. Bular ýaly mahluklardan arassalanan çola ýeri gözläp ýörkäm, nähili göwnüçökgündim we gamgyndym! Gepi süýndürip, sizi beterem gynandyrmaýyn. Bir gün ýene gözläp ýörkäm bu islegimi amala aşyrjak ýer bilen tötänlikde garşylaşdym we gygyranymy bilmän galdym: "Portika. Portika. Tapdym. Tapdym. Grenlandiýa. Dünýäniñ iñ uly we iñ az ilatly adasy. Gyzgynmy, hiç gyzgyn däl. Faýrouzyñ (Feýruz) "Gar ýagýar, gar ýagýar, dünýä gar ýagdyrýar" aýdymynda bolşy ýaly gardan we buzluklardan başga zat ýok. Sugunlardan başga janly-jandaryñ bolmadyk ümsüm ýeri. Gözleýän ýerimi tapdym!". Bärde diñe syýahat kösençlikleriniñ iñ uly göterijisine meniñ üçin şatlykly habary ýetirmekdi. Emma bu şatlykly habary oña nädip ýetirmelidim? Kartada Grenlandiýa diýilýän ýere göçjegimizi oña nädip aýtmalydym? Hemişeki ýaly hiç hili geñ galmady: "Bize amatly boljagyny anyk bilýäñmi, Beýrutda konsullygy barmy?" diýip sorady. Beren jogaplarymdan göwnüñ suw içer ýaly däldi. Şonda-da raýymy ýykmady. Psihologik ýagdaýymyñ Grenlandiýa ýaly alys ýurda zerurlyk duýýandygyny bilip durdy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 29.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |