03:09 Topraga siñen aýdymlar | |
TOPRAGA SIŇEN AÝDYMLAR
Goşgular
Magtymguly Garla Ýaşyrakdym, Aýatdakaň görmändim, Daşyrakdym Baraýardan sesiňe. Ýöne şol mahalam «Ýandymda» ýanyp, Tisginerdim «Daglaň gümmürdesine» Söýerdim gyrmyzy geýen gyzlary, Gülnahala duşsam bordum bir gysym. Ahyram, gör seniň gezen ýerlerňe Alyp geldi meň arzuwym, yhlasym. Bu ýerde hyýalam, Ýatlamalaram Seniň adyň bilen utgaşyp gelýär. Daň agarýar aýdymlaňdan güýç alyp, Säher owazyňa ses goşup gelýär. Bu ýerde keşbiňi çekipdir bar zat, Çar ýandan gulagma gelip dur sesiň. Saňa hasam golaýlaşdym, Şabadyň Diňläp aýdymlaryňa meňzeş nagmasyn Niçe gündür, Seniň taryplap giden Ýigitleriň bilen, Gyzlaryň bilen Duşuşyp, Sen hakda gürleşip ýörün, Olar ömrün saza baglapdyr kileň. Ýigitler Görogla, Gyzlar Seneme Şeýle, bir meňzäpdir. Täsin, bu täsin Megerem seň jadylaýjy aýdymlaň Olaň görküne-de edipdir täsir. Her gün aýdymlarňy alyp ýanyna, Babadaýhan söhbet açýar ýer bilen. Şeýdibem topraga siňip ýör olar Maňlaýlardan damýan melhem der bilen. Aýdym bilen derden önen gül bolsa, Döz geler aýaza, Döz geler oda. ...Topraga siňen zat ömürlik galýar. Ony ýok edere güýç ýok dünýäde. ■ «DILBER» Halypa sazanda Durdy Myradowyň ýadygärligine. Çek bagşy, Dutaryň taryn çek, bagşy, Ýüreksize ýürek, dilsize dil ber. Perdelerden seýkin basyp düşsün-de Sallana-sallana ýöresin Dilber. Gözi gitsin oňa gözi düşenleň, Ýigitler kalbynda harasat duýsun, Unutsyn-da sakgallarnyň akdygyn Gojalar telpegin maňlaýyna geýsin. Menem gül görküne bolaýyn bendi, Döz geler ýüregim düşse-de oda. Ylgaýyn-da şol gözeliň yzyndan, Jahyllyk çagymy salaýyn ýada. Gül ýygaýyn baýyrlardan şoň üçin, Meniň başga zada degmesin elim, Boş gepden, Gybatdan, Galmagallardan Gaçaýyn men iň bolmanda bir salym. Bir salym ynjalsyn, Dynç alsyn serim, Sungatyň döreden gudratyn synlap Goý, razy bolsun senden hem menden, Lezzet alsyn, meýmiresin humarlap. Çal bagşy, Ýene şol sazy çal, bagşy, Ýüreksize ýürek, dilsize dil ber. Perdelerden seýkin basyp düşsün-de Salana-sallana ýöresin Dilber. ■ TÜÝDÜGIŇ «JAÝLANYŞY» Baky Maşakowyň ýadygärligine Men düýnem öňinki bolan wakany – Süýnüp giden goşa ýyldyzy ýatlap, Bir goşgy ýazmaga synanyp gezdim, Duýdansyz ýitirilen baýlygy ýoklap. O goşgy hut seniň Hem seniň bilen Özüniň örküni ömürlik baglan, Islese, kalbymyň buzun ereden, Islese, ot bolup bagrymy daglan. Kyn günde gözleriň syryp ýaşyny, Toý güni ýaşlaryň gyýyp nikasyn Gezen şo-l tüýdügiň agysyn aglap, Tutmalydy şol tüýdügiň ýasyny. Sebäbi seň bilen hoşlaşanmyzda: «Tüýdügem ömrüni soňlady» diýdik. «Bu gün senem soňky ussadyň bilen, Nätjek, bir gabyrda jaýlaýas, tüýdük! Hoş, tüýdük, Arkaýyn ýat senem! – diýdik – Indi ikiňize duşma ýok bize...» Bu gün bolsa düýnki ýazjak goşgyma, Öňinki howlugyp aýdylan söze. Käýinip otyryn, Çünki şo-l tüýdük Çykypdyr mazardan Hem bir gerçegin. Elinde dür saçyp saýraýar bu gün, Äşgär edip uzak ömür sürjegin. Äşgär edip bu gadymy sungatyň– Jadyly tüýdügiň Hem seniň ýaly Meşhur ussatlaryň kesbin ýöreden, Saz bilen bejerip dertli dünýäni. Gezen adamlaryň Bir gabra sygyp, Uzak ýatmajagnyň hakykatdygyn Dünýä ýaýyp, bir. gerçegiň elinde Şo-l «jaýlanan» tüýdük saýraýar bu Gün. Saýraýar, Tenekar owaz ýaýraýar, Diňleýän, Her heňde bir gez beýgelýän. ...Düýn goşgy ýazmanma ahmyr edemok, Ony şu gün ýazýanyma begenýän. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |