19:28 Toprak hakda aýdym | |
TOPRAK HAKDA AÝDYM
Goşgular
Söýülen ýerlerim, söýen ýerlerim, Mähriban topragym, sendedir-sende. Käte gülen, käte köýen ýerlerim, Mähriban topragym, sendedir-sende. Dowam edip atalaryň keşbini, Seniň bilen bagta barýan gös-göni. Egsilmez baýlyklaň sansyz mesgeni Mähriban topragym, sendedir-sende. Sen ýeňiji bolduň, ýaşaýaň erkin, Günsaýyn täzeläp gezýärsiň görküň. Arzuwlaň mesgeni ýüregmiň örkem Mähriban topragym, sendedir-sende. Ýüzüňi örtende maýsalar, güller, Neneň joş urmasyn juwan göwünler. Sapaly aý-ýyllar, sapaly günler Mähriban topragym, sendedir-sende. Iň belent, iň gözel arzuw-hyýalym, Bolmanda bir daban uzaltmak ýoluň. Şonda meni täç edinjek dost-ýarym, Mähriban topragym, sendedir-sende. Eneli-ogula mahsusdyr, belkem, Biz birek-birege meňzeýäs kem-kem. Meni ähli dertden saplajak melhem, Mähriban topragym, sendedir-sende. Çekip bir gün aýralygyň azaryn, Men gitsemem, galar sende mazarym. Owazym, buýsanjym, namysym – barym, Mähriban topragym, sende bor, sende. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |