TOSLAMA
Ýa-da 2012-nji ýylyň 21-nji dekabry güni ýazylan goşgy.
"Boljakmyşyn diýip ahyrzamana,
2012-nji ýylyň aýagna,
Ýok zatlary toslap tapýan bar"- diýip,
Hydyr çopan gürrüň berýär taýagna.
"Bü-ä asyl ertekä-de meňzeş däl,
Ýaşaýşyň ýitmegi ýeriň ýüzünden.
Beýle zadyň bolup biläýjegini,
Sorap, biliň"- diýýär "Ýeriň özünden"
Dekabryň 21-nji güni,
Ereýär ilkinji ýagan akja gar,
Daň atandan Gün-de dogdy gyzaryp,
Ýeriň üstündäki ähli zat-da bar.
Güzerany bilen gümra adamlar,
Çagalaram gar oýnaýar daşarda,
Aýly hem ýyldyzly Asman görüner,
Ýaşmaly wagtynda Gün hem ýaşar-da.
Ýigrimikisinde görüner göze,
Arçaly-kerkawly daglaryň başy,
Ýasly ýasyn, toýly tutar toýuny,
Durmuş dowam eder göwünler hoşy.
Dünýämizi söýüp ýörkäk ýürekden,
Ýaşaýşymyz beter örňär-de berkär,
Günüň, suwuň, ynsanyň bar ýerine,
Ahyrzaman gelip bilmäge gorkar.
Allanazar REJEBOW.
Goşgular