12:42 Tötänlik däl | |
TÖTÄNLIK DÄL
Publisistika
Orta atylan meselelere ýüzleý seredilip, az wagtda bir gyra oklanmagynyñ düýp sebäpleriniñ birem telewizion žurnalistika. Bular ýaly habarçylyk terzi biznes aladasy bilen islendik meseläni çalt-çaltdan agzap geçip, täze wakalaryñ gözlegine çykýar. Habarlarda maglumatyñ many-mazmuny bolmaýar. Berilýän habarlar ýönekeýje we baýaky bolýar. Niýet belli, maksat diñe şowhun turuzmak! Ine, syýasatam şundan täsirlenýär... Şol sebäpden RHP monstrynyñ "Mawy watan ertekidir" sözüniñ üstünde gysgaça durlup başdan sowuldy. Meseläniñ geñ ýeri häkimiýetem munuñ üstünde durmady. Bolar-bolmaz, suwjuk, toslama, esassyz gep-gürrüñleri änigine-şänigine çenli çintgeýän häkimiýet "Mawy watan ertekidir" sözüniñ üstünde nämüçin durmady? Çünki: Biz deñizçi millet däl. Biz geografiýany öwrenjek bolýan milletem däl. Pikir edip görüñ, dünýä kartasynh çyzan osmanly kaptany-derýasy (admiraly) Piri Reisiñ segsen ýaşynda ölüm jezasyna höküm eden millet biz. Onuñ dünýäniñ medeni mirasynyñ altyn hazynasyna goren "Kitaby-Bahriýe" eserimiz näçämiz bilýäris? Üç tarapy deñizler bilen gurşalan ýurdumyzda raýatlaryñ segsen göterimi bilenok! Bolanymy? Meseläniñ başga tarapy ýokmy? * * * Osmanly taryhyna ser salynanda, deñizçilik bilen baglanyşykly möhüm döwülmeleriñ bardygyny görüp bilýäris. Meselem, Soltan Abdyleziziñ döwri bularyñ biridir... Daşary ýurda syýahat eden ilkinji patyşa bolan Abdyleziz Ýewropa döwletleriniñ gämiçilik pudagyndaky öñegidişliklerine şaýatlyk etdi. Harby-deñiz güýçlerindäki ýelken döwrüniñ möwriti geçipdi, indi bronirlenen gämileriñ döwri başlapdy. Osmanly Nawarin ýeñlişini şundan ötri başdan geçirmänmidi? Abdyleziz Osmanlynyñ bu ugurdaky yzagalaklygyny ýeñip geçmek isledi. Häkimiýetiniñ ikinji ýylynda 95 million liralyk 1865-nji ýylyñ döwlet býužetinden flotiliýa 24 million lira aýyrdy. Dörtden bir paý harby-deñiz güýçleri üçin mundan öñ görlüp-eşdilmedik paýdy. Soltan 1867-nji ýylda Bahriýe Nazirligini (Deñizçilik ministrligi) gurdy. Abdyleziz Osmanly flotiliýasyny (öz adyny göterýän 17 söweşjeñ gämisi bilen birlikde) 106 gämi artdyryp, soñky derejä ýetirdi. Bronirlenen flotiliýada on müñ gullukçy bardy. Abdyleziz Angliýadan we Fransiýadan soñ Osmanly flotiliýasyny üçünji harby-deñiz güýçlerine öwürdi. Şeýle-de: Türk gämi ussahanalarynda ilkinji bug bilen işleýän gämini 1874-nji ýylda ýasatdy. Osmanlynyñ mundan beýläk deñiz syýasaty bardy... Emma Abdyleziz "şama-şaýyrdylyga köp gyzykýar, isripçil" diýip, 1876-njy ýylda tagtdan agdaryldy! Düýp sebäbi-de iñlisleriñ türk flotiliýasynyñ ösüşinden duýýan howatyrlanmasydy... Munuñ iñ gynançly ýeri-de, Abdylezize garşy guralan döwlet agdarylyşygynda flotiliýanyñ işjeñ rol oýnanlygydy. Was-wasyly Abdylhamyt II şuña meñzeş agdarylyşyk bolaýmasyn diýen gorky bilen flotiliýany Haliçde çüýredip goýdy. Netije? Osmanlh Birinji jahan urşuna girende onçakly harby-deñiz güýji ýokdy! * * * XVII asyrda ýaşan iñlis diplomaty ser Paul Rikaut osmanlyşynasdy. Ol şeýle diýipdi: "Türkler haçanda bir gün deñizde güýçli bolmagy pikirlerine getirseler we talap edilişi ýaly işleseler, bütin dünýäniñ olaryñ öñünde egiljegine hiç kimiñ şübhesi bolmasyn". Tötänlikmidir, osmanly deñizçiligi XVII asyrdan başlap yza galdy... Serediñ: Ittihatçylar Abdylhamyt II-niñ agdarylmagyndan soñ flotiliýany aýaga galdyrmak üçin 1909-njy ýylda "Donanmaýy-Osmany Muaweneti Milliýe Jemiýeti"-ni ("Osmanly flotiliýasy milli jemgyýeti") gurup, “Tanin” gazetiniñ öñbaşçylygynda "her raýatdan bir teññe" kampaniýasyny başlatdy. Edilen haýyr-sahawat kömegi bilen flotiliýa iki kreýser we dört eskadr minonosesi alyndy... Bu milli jemgyýet "Ittihatçylaryñ öýjügi" diýlip, Wahdetdin we Damat Ferit tarapyndan 1919-njy ýylda ýapyldy! Ýene bir mysal bereýin: Kipr konfliktiniñ bolup geçen döwründe - 1965-nji ýylda "Türk flotiliýa jemgyýeti" guruldy. “Cumhuriyet” gazeti “Millet Yapar” kampaniýasyny başlatdy. Bäş ýylyñ dowamynda 32 desant gämisi, eskadr minonosesi, 10 añtawçy gämisi flotiliýa alnyp berildi. "12-nji sentýabr" režimi bu jemgyýeti 1986-njy ýylda ýapdy! Bular tötänlik däl... Türkler taryhyñ dürli döwründe deñizden daşda saklanmak islendi. "Mawy watan ertekidir" diýen ähli deñizçileriñ FETÖ duzaklaryna düşürilmegi tötänlikmi? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||