22:21 Tupan | |
Oguljemal ÇARYÝEWA
Goşgular
▶ TUPAN Dag tarapdan süýşüp-süýşüp geldiñ sen, Tupan, seniñ durup bormy öñüñde. Höwes edip urdum otly goýnuña, Durjak boldum mydam seniñ deñiñde. Gujagyñda kaka dönüp towlandym, Neçün bozduñ saçlarymyñ timaryn. Ýadadym ýuwaşja gezip ýörmekden, Boldum mydam sen deý güýçliñ bimary. Döwülesim geldi seniñ goýnuñda, Öwünesim geldi seniñ oýnuñda. Okarada nirden çabga getirdiñ, Tupan seniñ gudrat gördüm oýnuñda. Süññüm owup ezip barýar damjalar, Sana zülpüm nirde bolsañ Kemine. Synap, gynap geçip gitdiñ deñimden, Geñ ýagtylyk inip barýa zemine. Sowlup gitdiñ, höküm sürdi ümsümlik, Ýag ýaly ýumşady synmaz poladym. Kim ýeli söýýär, kimem ýagyny, Ýöne men-ä saña duşup ýyladym. Gözümde mähir bar, ýürekde söýgi, Ezilen jüýje deý otyryn ine. Eýle-beýle zatlar almaýar meni, Meni boýun etjek tupandyr diñe. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |