22:38 Türk esgeri we Omar Muhtar bir fotosuratdamy? | |
TÜRK ESGERI we OMAR MUHTAR BIR FOTOSURATDAMY?
Taryhy makalalar
Omar Muhtary we türk esgerini bir kadrda görkezýän fotosurat diýseñ täsin. 1911-nji ýylyñ watançylyk göreşinde Senusy jemagatynyñ ýolbaşçylary we Mustapa Kemalyñam arasynda bolan fotosuraty sagdan bäşinji adamyñ "Çöl peleñi Omar Muhtardygy" çak edilýär 1911-nji ýylda italýanlar Tripolini basyp alanlarynda Enwer paşa, Mustapa Kemal paşa, Süleýman Askeri, Guşçybaşy Eşref ýaly türk taryhynda yz galdyran şahslar ýerli halk bilen bileleşip, basybalyjylara garşy güýçli göreşe girişdi. Göreş şeýle bir şowly boldy welin, italýanlar sebitdäki türk esgerleriniñ yza çekilmegi üçin Stambul bogazyny gabaw astyna almaga synanyşypdy. Balkan urşunyñ başlamagy esasy ofiserleriñ sebitden çekilmegine getirenem bolsa, Tripoli bilen türkleriñ arasyndaky gatnaşyk 1918-nji ýyla çenli dowam edipdi. Iñ soñky türk ofiseri diñe Mudros ýaraşyk şertnamasyndan soñ ýaragyny taşlapdy we italýanlaryñ ýerine fransuz goşun bölümlerine boýun egmegi makul bilipdi. Şol geçen döwrüñ içinde Omar Muhtaram müñe golaý meýletinçisi bilen Enwer paşanyñ serkerdeligindäki türk esgerleri bilen egin-egne berip, italýan basybalyjylaryna garşy söweşipdi. Omar Muhtar Omar Muhtar aýratynam Birinji jahan urşundan soñ Şeýh Idris Senusynyñ wekili hökmünde başlan göreşinde taryhyñ seýrek iñ seýrek gabat gelinýän gahrymançylyklarynyñ birini görkezýär. Enwer paşanyñ agasy Nury paşa göreşe ýarag kömegini bermek üçin 1922-nji ýylda Omar Muhtar bilen Müsürde duşuşyk geçiripdir, emma bu synanyşyk başa barmandyr. Käbir taryhçylar Omar Muhtaryñ Mustapa Kemal Atatürk bilen Türkiýe respublikasy gurulandan soñ aragatnaşygy ýola goýmaga synanyşandygyny öñe sürýär, emma onuñ ýazan hatlary italýan basybalyjylarynyñ eline düşüpdir. Atatürküñem Omar Muhtaryñ alyp baran göreşine gönüden-göni ýa-da gyýtaklaýyn gatnaşygynyñ bolandygyna güwä geçýän haýsydyr bir delil elimizde ýok. Ýöne Omar Muhtary we türk esgerini bir kadrda görkezýän fotosurat diýseñ täsin. 1911-nji ýylyñ watançylyk göreşinde Senusy jemagatynyñ ýolbaşçylary we Mustapa Kemalyñam arasynda bolan fotosuraty sagdan bäşinji adamyñ "Çöl peleñi Omar Muhtardygy" çak edilýär. Fotosuratda çepde oturanlardan dördünji adam Mustapa Kemal, sagda dik duranlaryñ bäşinjisi-de Omar Muhtar Bu fotosuraty Ýakyn Gündogar boýunça belli türkiýeli hünärmenlere ww liwiýaly käbir taryhçylara görkezip, pikirlerini soradym. Fotosuraty siñe syn eden hiç bir hünärmenem şobada "Ýok, bu Omar Muhtar däl" diýip bilmedi. Ilki bilen onuñ Omar Muhtar bolup çykmazlygynyñ ähtimaldygyny aýdan hünärmenleriñ pikirini dykgatyñyza ýetireýin. Umuman alanda şular ýaly pikirler öñe sürüldi: Fotosuratda görlüşi ýaly, senusy liderleri ýapyk eşikli we donly. Eger bu garaşylman durka alynan fotosurat däl bolsa, onda Omar Muhtaryñ ýerli eşikleri geýmän ol ýygnanyşykda bolmagy mümkin däl. Suratyñ hili pesem bolsa, fotosuratdaky adam Omar Muhtara garanda bugdaýreñk. Turan Kyşlakçy, Müfid Ýüksel ýaly türk hünärmenleri we Omar Muhtara garyndaşlyk ilteşigi bolan käbir liwiýaly intellektuallar bolsa hiç hili ikirjiñlenmezden fotosuratdaky adamyñ Omar Muhtardygyna kepil geçdiler. Elbetde, Omar Muhtar ýaly ady dünýä dolan watan gerçegi bilen türk esgerini bir kadrda görmegiñ özi biziñ üçin ullakan mertebe! Taryhy çeşmelerde Omar Muhtaryñ türkler bilen egin-egne berip duşmana garşy söweşendigini bilýäris. Käşgä muny hasam gowy subut edip biljek fotosuratlar we subutnamalar soñky nesillere, ýagny bize gelip ýeten bolsa bolmaýarmy diýenimizi duýman galýarys. Muhammet Esed Sözümizi Muhammet Esediñ Omar Muhtar bulen geçiren duşuşygyndaky sözler bilen tamamlaýarys: "- Oglum, señem görşüñ ýaly, biz indi özümize berilen puryjanyñ soñuna geldik öýdýän - diýip, gözüme dikanlady we içimden geçýän pikirleri okaýan ýaly sözüni dowam etdirdi: - Söweşip ýörüs, çünki duşmany bu ýerlerden kowup çykarmaga ýa-da munuñ üçin ölýänçä imanymyz we azatlygymyz üçin söweşmäge borçludyrys. Başga ýoly ýok. Biz Allañky we ahyrynda Allaha dolanyp barmaly. Aýal-ebtatlarymyzy, çaga-çugalarymyzy Müsüre iberdik, sebäp Jebaby-Alla bizi ölüme çagyran wagty yzymyza gañrylyp seretmez ýaly bolsun. Garañky asmanyñ bir ýerlerinden uçar motorynyñ gyryk sesi eşidildi. Omar Muhtaryñ adamlarynyñ biri gyssanyp, oduñ üstüne güm sürdi. Aýyñ şuglasyna çalaja agaryp görünýän bulutlaryñ arasynda uçaryñ bulançak sudury göründi we barha agralýan uçuş bilen üstümizden aýlanyp, gündogara bakan ýöneldi. - Emma häzir mümkinçilik bar-a - diýip, öñe omzadym. - Senem, ýoldaşlaryñam Müsüre geçseñiz gowy bolmazmy? Çünki Müsürdäki sireneýkaly bosgunlaryñ başyny jemläp, güýçli goşun düzmegiñizem mümkin. Halkyñ özüni dürsemesi üçin bu göreşe arakesme berse bolar, bermeli-de bor... Müsürde iñlisler italýanlaryñ guk ýanlarynda güýçli ýagdaýda bolmagyny islemejekdiklerine ynanýan. Alla bilýändir welin, olary duşman saýmaýandygyñyza ynandyran ýagdaýyñyzda, belkäm, Müsürde geçirjek taýýarlyk işleriñize göz ýumup bilerler. - Ýok, ýok, oglum, ýok, munuñ üçin indi giç. Iñlisler barada aýdanda, olar Müsüriñ öz halkyna-da gop berip biljek garaşsyzlyk urşunyñ Liwiýada ýeñiş bilen tamamlanmagyna hiçem göz ýumaslary gelmez. Iñlisler biziñ üçin tüýlerinem gymyldatmaz. Italýanlar bolsa indiden soñ bu işi ymykly soñlandyrmagyñ we geljekdäki ähli garşylyk berme mümkinçiliklerini häzirden ýok etmegiñ kül-külüne düşdüler. Men we adamlarym Müsüre tutduryp gitsek, gaýdyp bu ýerlere gelip bilmeris. Ýeri onsoñ, men nädip halkymy taşlap gideýin, Allanyñ duşmanlary olary pürreläp ýörkä, men nädip olary başsyz goýaýyn?" Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 20.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |