19:35 Türkler "Mossadyñ" atasyny nädip çökerdi? | |
TÜRKLER "MOSSAD"-yñ ATASYNY NÄDIP ÇÖKERDI?
Taryhy makalalar
"Mossadyñ" atasy hasaplanýan "NILI" gullugynyñ beren habarnamalaryny iñlisler Gaza uruşlarynda doly peýdalanypdyr. Muña garamazdan türk esgeri bu uruşda seýrek gabat gelinýän gahrymançylyk bilen şäheri goramagyñ hötdesinden gelipdir "NILI" jansyzlyk gullugy Birinji jahan urşy döwründe türklere garşy iş geçirmek üçin rumyniýaly sionist Aaron Aaronson tarapyndan guruldy. Gullugyñ meýdan operasiýalaryny bolsa Aaronyñ uýasy Sara Aaronson dolandyrypdyr. Aaron Aaronson Bu gulluk aýratynam aýal jansyzlary ulanyp, türk ofiserleriniñ fiziki aýratynlyklary we söweşjeñ ukyplary baradaky taktiki maglumatlary toplap, iñlislere ýetiripdir. Hususanam Ahmet Jemal paşa bu gullugyñ esasy üns merkezindedi. Jemal paşa hakdaky islendik maglumat iñlisler üçin gymmatlydy, sebäbi ol Gaza hüjümine garşy goranyşa ýolbaşçylyk etjek osmanly paşasydy. Jemal paşa Osmanly kontrrazwedkasy 1916-njy ýyla çenli Aaron hakda-da, Sara hakda-da ýeterlik maglumat toplap ýetişmändi, has dogrusy tutuş iki ýyllap şeýle adamlaryñ bardygynam bilenokdy. Sara öñki adamsy Haýim Abrahamyñ üstüniñ açylmagy bilen ilkinji gezek osmanly kontrrazwedkasynyñ ünsüni çekipdir. Abraham gönüden-göni "NILI"-niñ haýryna hereket etmese-de, başga jansyzlyk hereketlerine goşulmagy onuñ öñki aýaly Saranyñam yzyna düşülmegine getirdi. Sara Aaronson Umumy howpsuzlyk müdirligi (Emniýeti-Umumiýe Müdüriýeti) ahyrsoñy 1917-nji ýylda Adanadan Gazä uzaýan sebitde, esasanam Ýewropadan gelen sionist jöhitleriñ içalyçylyk edýändiklerini duýupdyr. Beýleki bir tarapdan bu gullugyñ adyny, operasiýalaryny, maksadyny doly anyklap bilmändir. Aslynda Osmanly döwleti öñräkden bäri sebitde jöhitler we hristian araplar tarapyndan Müsürde we Ierusalimiñ töwereginde ot kakyp ýören içalyçylykly toparlaryñ üstüni açyp, gerekli öñüni alyş çärelerini geçiripdi, emma Aaron Aaronson şeýle bir hüşgär we güýçli gulluk döredipdi welin, onuñ edýän işleri hiç göze iliberenokdy. Hernä ahyrsoñy şeýle gullugyñ bardygy we maksady anyk belli edilipdir: 1. Afulede para-peşgeş arkaly zabitan (jemgyýetçilik howpsuzlygy gullugynyñ işgäri) çekmek. Şol zabitan arkaly her gün - Afuleden günorta geçýän otlularyñ sanyny, esger sanyny, ok-däri, ýarag, top we beýleki serişdeleriñ mukdaryny öwrenmek; 2. Dera stansiýasynda pula zabitan çekip, 1-nji maddada görkezilen ugurlar boýunça maglumat toplamak; 3. Ierusalime ýük gelip-gelmändigini we ol ýerdäki esgerleriñ sanyny, batalýonlaryñ san belgisini, serkerdeleriniñ kimdigini anyklamak; 4. Ýafa, Nasyra, Akka, Haýfa, Seba, Ebu Seba ýaly ýerlere ýük gelip-gelmändigini bilmek; 5. Awtoulag, araba, şimendifer (otly) ýollarynyñ ýerleşen ýerleri we İtilaf hökümetlerine sowatly hökümet işgärleriniñ we zabitanlaryñ sanawyny taýýarlamak. Lomaý pul çykdajy edip, osmanly hökümetiniñ garşysyna topalaña taýýarlamak we halaýygyñ añyny üýtgetmek; 6. Iñlisleriñ Haýfadan guryýere gelip düşmegini üpjün etmek üçin bu topalañy Şam we Halap töwereklerinde taýýarlamak; 7. Bu topalañyñ taýýarlanmagynda Palestinada, aýratynam Nasyrada ruhanylar we iñ köpem katolik poplar bilen ýakyn gatnaşykda bolmak; 8. Stansiýalarda näçe wagonyñ we enjamyñ bardygyny, nemes tahtelbahriýelerine (suwasty gämilerine) benzin bermek üçin palestin kenarýakasynda kesgitlenen strategiki nokatlary anyklamak. (Jelil Bozkurt / "Osmanly arhiwlerinde "Nili" jansyzlyk gullugy"). "NILI"-niñ iñ uly üstünligi we güýji osmanly býurokratiýasynda düýpli korrupsiýa toruny emele getirmegidi. Käbir işgärleriñ hökümete garşydaş pikirde gezmegi, käbirleriniñem pula ejiz bolmagy, olary bu gullugyñ çeññegine añsat düşüripdir. Şeýle-de, bu gulluk özüni derñemek üçin üstüne gelýän añtawçylary-da bir alajyny tapyp satyn almagyñ hötdesinden gelmegi işi gitdigiçe çylşyrymlaşdyrypdyr. Ähli kynçylyklara garamazdan "Ittihat we Terakki" häkimiýetiniñ iñ ykjam ugurlarynyñ biri kontrrazwedkady. "Teşkilaty-Mahsusa" ýörite gullugynyñ bu boýunça anyk ädimleri ädip biljek derejede güýji bardy. Jemal paşanyñ özem muny ünsden düşürenokdy, çünki ol gullugyñ esasy ünsüniñ özünde jemlenendigini bilýärdi. Gullugyñ möhüm adamlaryndan Ýosef Lişanskiniñ üstüniñ açylyp, soraga çekilmegi "NILI"-ä uly zarba inderipdi. Munuñ yzy ýumak çöşleşen ýaly çöşlenipdi. Ýosef Lişanski Halka barha gysylypdyr we Aaron Aaronson osmanly kontrrazwedkasynyñ didiwanyna mündürilipdir, emma meýdan operasiýalarynyñ möhüm adamy bolan Saranyñ ýalñyş tanalmagy gulluga gerekli zarbanyñ urulmagyny gijikdiren iñ esasy sebäpleriñ biri bolupdyr. Aaronyñ gyzy Sara ähli alnyp barylýan işleriñ dolandyryjysy bolupdyr. A türkler bolsa aýal maşgalanyñ bular ýaly aýgytlaýjy wezipede oturybiljegini ýatsa-tutsa akyl-huşlaryna-da getirmändir. Ýene bir ýalñyşlyk bolsa, bu gullugyñ iş aragatnaşygyna üns berilmezligidi. Mundan öñki jöhit jansyz gulluklary maglumatlary hristian araplara berip işläpdir. Emma "NILI"-niñ gönüden-göni gatnaşyk saklaýan adamy Müsür ýörişine gatnaşýan güýçleriñ komanduýuşisi general Edmund Allenbiniñ hut özüdi. Edmund Allenbi Türk kontrrazwedkasy Saranyñ oýnaýan roluna düşünenden soñ sebitde giñ gerimli gözleg operasiýasyny geçiripdir we ahyrynda ony tapypdyr, emma Sara ele düşmeziniñ öñýany sapançasy bilen öz kellesinden atyp ölüpdir. Onuñ öz janyna kast etmegi diñe gullugy goramak maksady bilen bolmandyr. Iñlisleriñ meýilleşdirýän Gaza operasiýasy boýunça möhüm maglumatlary general Allenbä ýetirýänligidi. Ýagny, Sara Gaza ele geçsin diýip öz janyna kast edipdi. Gazа söweşi Bu gullugyñ üstüni açan Ahmet Jemal paşa türk esgerlerine şular ýaly öñüni alyş işini geçirmegi tabşyrypdyr: "Kenarýaka myntykany (zolagy) goraýan goşun bölümi san taýdanam az, taýýarlyk taýdanam pes. Kenarýakasyna gözegçilik edýän postlar örän seýrek we duşmanyñ hereketini duruzmak üçin edilýän işler bärden gaýdýar. Kenar frontundaky howpsuzlyk çärelerini berkitmeli. Her goşun bölümi öz sahil mıntıkasının howpsuzlygyny üpjün etmeli bolar. Ýerine ýetirilen işler gönüden-göni goşun bölüminiñ serkerdeleriniñ dykgatyna ýetiriler. Kenar howpsuzlygyna serkerdeler jogap berer we bu boýunça kemçilige ýol berenleriñ "kellesi gider". Günüñ ýaşmagyndan bir sagat soñuragyndan kenara barýan ýollardan geçmek gadagan ediler. Zerur ýagdaýlarda geçmeli bolsa, žandarmeriýa we polisiýa gullukçylarynyñ gözegçiliginde geçiler. Bu düzgüni bozanlar harby diwana çykarylar. Goşun bölümleriniñ ştablary dessine bu gadagançylyklary güýje girizmeli. Şährtleriñ we posýoloklaryñ arasyndaky gatnawlar mundan daşarda bolup, bularyñam marşrutlary belli ediler. Türk Goşun birikmesiniñ Seferiýe (Ýörişler) komandowaniýesi Çöl myntykasy bilen bileleşip, biz tarapdan duşman tarapa, duşman tarapdanam bize geçýänleriñ öñüni alar. Munuñ üçin "myntykaýy-memnua" bilen bir "myntykaýy-meşrua" yglan ediler. Geçişler ýörite rugsatnama bilen ýola goýular. Gündizlerine balyk tutmaga çykýanlaryñ sandallary gijelerine "muaýýen myntykalarda" "tagty-nezaretde" saklanar. Bularyñ berjaý edilişine myntyka serkerdelikleri jogap bererler". (Jelil Bozkurt / "Osmanly arhiwlerinde "Nili" jansyzlyk gullugy). Saranyñ ölüminden soñ "NILI" gullugyndan 14 adama ölüm jezasy berilipdir. Ölüm jezasy berilmedikler bolsa Anadola sürgün edilipdir, emma olaryñ köpüsi Kaire gaçyp gidipdir. "Mossadyñ" atasy hasaplanýan "NILI" gullugynyñ beren habarnamalaryny iñlisler Gaza uruşlarynda doly peýdalanypdyr. Muña garamazdan türk esgeri bu uruşda seýrek gabat gelinýän gahrymançylyk bilen şäheri goramagyñ hötdesinden gelipdir. Ysraýyl hökümeti soñky kabul eden kararlarynyñ birinde Gaza operasiýasyna gatnaşýan birliklerine "NILI" adyny bermegi taryhyñ ýene bir oýny bolsa gerek. Bu gullugyñ edýän işleriniñ netijesinde iñlisler bilen sebitdäki jöhitler ýakynlaşypdyr, sebit türklerden arassalanansoñ has guramaçylykly kontrrazwedka işlerinde sionistlerden peýdalanylypdyr. Ysraýyl döwlet hökmünde gurulandan soñ, onuñ iñ uly güýji "Mossad" boldy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 28.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |