19:26 Türklerden öñ Ýewropada gurlan iki yslam döwleti | |
TÜRKLERDEN ÖÑ ÝEWROPADA GURLAN IKI YSLAM DÖWLETI
Taryhy makalalar
Musulmanlar Sisiliýada, 827-nji ýyl Türkleriñ Wenanyñ alkymyna baryp, Ýewropany iki gezek aldym-berdime salandygyny biz bilýäris. Ýöne iñ güýçli döwrüni türkler bilen başlanam bolsa, Ýewropadaky musulman sferasy osmanlylar bilen başlanok. Hatda Osmanlydan önki türkmen begliklerindenem öñ Ýewropada iki uly yslam döwleti gurulypdy. Bular Andalus we Sisiliýa yslam döwletleridi. • Andalus yslam döwleti Häzir Andalus ady Ispaniýada Andaluziýa görnüşinde dowam edýär. Sewilýa, Kadis Kordowa, Malaga ýaly şäherleriñ ýerleşen sebiti sekiz asyrlap musulmanlaryñ häkimiýeti astynda ýaşady. Musulman Ispaniýasy manysynda ulanylýan Andalus sözüniñ gelip çykyşy hakda "Yslam ensiklopediýasynyñ" degişli maddasynda Mehmet Özdemir şeýle maglumatlary berýär: "Araplar tarapyndan Ispaniýa üçin ulanylýan we ýurtdan doly çykarylanlaryndan spñ ispan diline Andalusiýa görnüşinde geçen öñ diñe "Musulman Ispaniýasy" manysynda ulanylan Andalus (Endulus, Endelüs) sözüniñ etimologiýasyny doly anyklamak başardanok. Häzir köplenç "Hispania" görnüşi birinji gezekki basybalyşlardan soñ 716-njy ýylda (hijri 98-nji ýyl) basylan zikkede gabat gelýän adyñ V asyrda Demirgazyk Afrika geçmezden öñ on sekiz ýyllap Ispaniýanyñ günortasynda galan wandallaryñ (Wandalus) adyndan dörän bolmagynyñ mümkindigi (Wandaluziýa, Wandallaryñ ýurdy) çaklanýar". Araplaryñ sebite birinji gezek 711-nji ýylda Welid ibn Abdylmäligiñ halyflyk eden döwründe Tanjanyñ häkimi Taryk ibn Zyýadyñ serkerdeliginde gelendigi mälim. Andalus ady ýeke-täk döwleti añladanam bolsa, aslynda sekiz ýüz ýylyñ dowamynda sebitde bäş döwlet gurulypdy. Bularyñ arasynda Andalus emewileri (756-1031), Tawaýyful-Müluk döwri (1031-1090), Murabitler döwri (1090-1147), Muwahhidler (1147-1229), Grenada Beni Ahmer emirligi (1238-1492) dagy bardy. Arap musulmanlary ilkinji gezek Ispaniýanyñ kenarlaryna çykanda olara birinji bolup boýun egenler we ýörişlerde uly peýdalaryny ýetirenler jöhitlerdi. Westgotlaryñ zulmunyñ astynda ejir çekip ýaşan jöhit halky araplary şatlyk bilen garşylapdyr we olara gerekli goldawy beripdir. • Medeniýetiñ we hoşniýetliligiñ imperiýasy Apbasylar Emewi imperiýasyny ýykandan soñ Andalus garaşsyzlygyny yglan etdi. Bu hem-ä yzy gutarmaýan syýasy oñşuksyzlyklaryñ oduny tutaşdyrdy, hemem taryhda deñi-taýy bolmadyk hoşniýetli, dost-doganlyga goldanýan medeniýetiñ gurulmagyna sebäp boldy. Musulmanlar, hristianlar, jöhitler (ýewreýler) bilelikde agzybir durmuşda ýaşaýardylar we örän güýçli medeni alyş-çalşygynу ýola goýupdylar. Andalus yslаm dünýäsindе öçmеjek yz gаldyran sаn-sajаksyz alуmlary, akyldаrlary ýеtişdirýärdi, dillеre dеssan bolаn kitарhanalary gurýаrdy. • Andalusda ýetişen käbir tanymal şahslar Yslam sazyny täze sepgitlere çykaran we ud saz guralyna bäşinji tary goşan Zirýab, türk dilinde "Kepderi gerdanlygy" diýilýän "Tawku'l-Hamâme fi'l Ülfeti we'l-Üllaf" eseriniñ awtory Ibn Hazm, "Haý bin Ýakzan" eseriniñ awtory Ibn Tufeýl, Anadolyda tasawwufyñ öñbaşçysy Muhiddin Araby (Ibnül Araby), Günbatarda Aben Roşd diýip tanalýan Ibn Rüşt, Günbataryñ ylmy akademiýalarynda "Maimonides" diýip okadylýan Ibn Meýmune, yslam jemgyýetinde sosiologiýanyñ düýbüni tutujy Ibn Haldun Andalusyñ ýetişdiren birnäçe beýik şahsyýetlerinden biridir. Ibn Haldun dogduk ýurdy Andalusyñ çäklerini şeýle kesgitläpdir: "Ortaýer deñzi iki deñiziñ birleşýän ýeri Tarifde başlaýar. Tarifiñ gündogarynda Ortaýer deñziniñ kenarynea el-Jeziretül-Hadra, mundan soñam gezegi bilen Malaka, Menkib, Almirýe bar. Bularyñ yzky günbatar taraplarynda Şeriş, Leble şäherleri bar. Mundan soñ Esteje, Kurtuba, Medile, Girnata, Jeýýan, Edebe, mundan soñ Ýaş jülgesi, Basta bar. Bularyñ aşak tarapynda Şentemiriýe, okean tarapynda-günbatarda Şilb bar. Bu iki şäheriñ gündogarynda Batluýus, Marde, Ýabre, Gafik, Betzjale şäherleri, bulardan soñam Ribah galasy, aşak tarapynda günbatarda-okean tarapynda Uşbune we Baje derýasy, kenarynda Bajäniñ gündogarynda Şenteriñ şäheri ýerleşýär... Gündogar bölegine gelende, bu ýurduñ Ortaýer deñziniñ kenarynda Almirýadan soñ Kartajina, mundan soñ Elefte, Daniýa, Walensiýa gelýär... Munuñ gündogarynda Mürsiýe, mundan soñ Şakr, mundan soñ Tartuşa we bu yklymyñ şu böleginiñ ahyrynda Tarkuna bar. Tarkunanyñ aşak tarapynda we onuñ demirgazygynda Menjale topraklary we Weride ýerleşýär. Bular Şakura bitişikdir. Tuleýtula bolsa bularyñ günbataryndadyr". (Mukaddime) • Inkwizisiýa we täze basybalyjylyklar Ispanlar milli jebislik we täzeden bileleşmek üçin ünslerini Andalusy basyp almaga gönükdiripdiler. Syýasy taýdan uly Emewi döwletiniñ güýjüne baýrynyp gelen andaluslylar az wagtyñ içinde bu güýçden mahrum bolupdylar. Afrikada muwahidler andaluslylara harby kömek ugradanam bolsa, musulmanlaryñ içerki çekişmeleri Andalusyñ ispanlaryñ garşysynda güýçsüz galmagyna sebäp bolupdyr. Hristianlaryñ başlan basybalyjylykly hereketi 1492-nji ýylda Grenada Beni Ahmer emirliginiñ ýykylmagy bilen şowuna bolupdyr. Mekkari Grenadanyñ iñ soñky we gahrymanlarça goragyndaky şertleri şeýle suratlandyrýar: "Gyş paslynyñ gelmegi bilen añzakly sowuklar we gazaply gar bilen bilen birlikde şäheriñ daşaryk girip-çykyşy doly kesildi. Şäherde iýer ýaly zatlar mazaly azaldy. Şonuñ üçin bahalar gymmatlady, ýetde-gütdelik ýetjek derejesine ýetdi. Gabaw döwründe duşman galanyñ daşyndaky her tarapy, her garyş ýeri basyp alyp, musulmanlara ekin ekip hasyp ýetişdirmäge mümkinçilik goýmandy. Gün geçdigisaýy şertler ýaramazlaşýardy. Şol wagt 897-nji hijri ýylynyñ başlarydy. Duşman musulmanlary aç-suwsuz goýup, uruşsyz boýun egdirme arzuwyndady. Halkyñ köpüsi Büşşerat sebitine gaçypdy. Netijede sapar aýy gorende kynçyluk we ýeter-ýetmezçilik iñ soñky derejesine ýetipdi". (Ismail Ýigit - "Syýasy, dini, medeni, sosial yslam taryhy: Andalus. "Gyrnata"-Beni Ahmer döwleti we Demirgazyk Afrika yslam döwletleri"). Bu çöküşlik Ispaniýanyñ musulmanlary we jöhit halky üçin ezýetli we hupbatly geçjek günleriñ başlanýandygyny añladýardy. Bir milliona golaý bigünä jöhit taryhyñ gören iñ wagşy sudlarynda (inkwizisiýa) sud edilip sürgüne ýollandy, zyndana salyndy, dinini üýygetmäge mejbur edildi ýa-da ölüm jezasyna höküm edildi. Jem soltan konflikti we Kıpr ekspansiýasy Osmanlynyñ Ispaniýada bolup geçýän üýtgeşmelere üns bermegine päsgel berdi. Osmanly syýasy taýdan goşulmaga ýagdaýy bolmasa-da, ol ýerde bolup geçýän dramatiki wakalara gulagyny dykyp oturmady. Müñlerçe musulman we jöhit ispan zulmundan gaçyp Osmanly döwletine sygynypdy. Osmanly welaýatyna sygynan jöhitlere we musulmanlara ýurdy taşlap gitmäge rugsat berilenem bolsa, 12 ýaşdan kiçi çagalaryny ýanlarynda alyp gitmäge rugsat berilmän, zor bilen hristianlaşdyrylypdyr. Bu ýagdaý köp adamyñ dil ujundan hristian bolan bolup (takiýe), Ispaniýada galmagyna sebäp boldy. Morisko diýilen gizlin musulmanlar topary uzak wagtlap ömrüni dowam etdirenem bolsa, wagtyñ geçmegi bilen taryh arenasyndan çekilipdiler. Andaluslylaryñ Ispaniýada başdan geçiren zulumlary we ýeñlişleri dürli "perýatnamalarda" biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir. "Ah! Ýarymadada yslama göz degdi, bela-beterler ýagmyr bolup ýagdy. Şindi ol jana-jan Andalus şäherlerinde yslamyñ ne namy bar, ne nyşany. Ylla hiç bolmadyk ýaly, ylla başdan bäri ýok ýaly boldy. Belensiýeden bir sorasana, Mursiýäniñ haly niçik? Şatibäniñ başyna gelenler nä? Jeýýana näme boldy? Topragyndan ylym-bilim burugsap duran Kurtuba. Akyldarlarynyñ ady alyslarda ýañlanan Kurtubamyza näme boldy? Nirede Hymsyñ ýalkymly, aýdyñ bag-bakjalary, günüñ şöhlesini täzeleýän baglary. Tükendimi lummurdap akýan şeker ýaly datly derýalarynyñ suwy? Andalus binasynyñ binýadynda hersi aýry daşdy bular. Bu ajaýyp watanyñ binýadynyñ daşlary kül-uşak edilenden soñ ýaşamagyñ nä hajaty bar? Ynsan nämä höwes edip ýaşamaly? Beýik Yslam ýaryndan aýrylan juwana döndi. Güýçli ýigit, sesi çykanok, gözünde gözýaş. Yslamdan boşalyp inkär tümlügi bilen dolan Andalus üçin uly yslam gan aglady, gije-gündiz ýas tutdy. Metjitlerimiz buthana boldy, ýarymaýyñ ýerine haç asyldy, nur ýüzli azanyñ ýerine üznüksiz zarñyldap duran jañyñ sesi, baýguşlaryñ jakyrdysy..." 1492-nji ýylyñ 4-nji awgustynda ilkinji jöhit topary Stambula gelende, türk we jöhit halkynyñ arasynda çuññur dostluk gatnaşygy döräpdi. Andalus tragediýasyndan öñem Stambuldaky iudeýler esasanam Fatih Soltan Mämmet bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýupdylar. Häzir gündelik syýasy goh-galmagalyñ täsiri gatnaşyklary dartgynlylaşdyrsa-da, jöhitler we türk halkynyñ arasynda dostluk gatnaşyklarynyñ köki ýüzlerçe asyra uzaýar. • Sisiliýa yslam döwleti Italiýanyñ Sisiliýa oblasty taryhda dört uly häkimiýetiñ astynda ýaşady. Birinjisi b.e.öñki grek ýörişleridi. Yzyndan karfagenlileriñ guran koloniýalary, wizantiýa häkimleriniñ jebir-jepaly häkimiýeti, ahyrsoñunda-da musulmanlaryñ gelmegi... Musulmanlar Sisiliýa bilen eýýäm VII asyrda gyzyklanyp başlapdy, emma esasy maksat Italiýany basyp almak bolmandygy sebäpli bu ada IX asyra çenli doly manyda musulman agalygyna girmändi. Musulmanlar Sisiliýany Demirgazyk Afrika ýurtlaryna edilýän ýörişler üçin harby daýanç nokady hökmünde ulanýardylar we ada onçakly üns bermeýärdiler. IX asyra gelinende bolsa, harby strategiýalary üýtgedip biljek möhüm üýtgeşme bolup geçdi. Wizantiýa häkimi Ýewfimiý musulmanlary Sisiliýanyñ içlerine çagyrmagyndan soñ sebite gelip düşen yslam goşuny 827-nji ýylda Sisiliýany doly basyp aldy. Aglabidleriñ Tunisdäki emiri Ziýadat-Allahyñ serkerdeligindäki 20 müñ adamlyk musulman goşuny az wagtyñ içinde Sisiliýany häkimiýeti astyna alyp, Rime tarap ýörişiñem başyny başlady. Tropeýa, Santa-Sewerina, Amanteýa ýaly Günorta Italiýanyñ Kalabriýa oblastynyñ şäherleri we posýoloklary biruçdan musulmanlaryñ golastyna giripdir. • Watikandaky "Keramatly Pýotr" soboryndaky musulman alamatlary Keramatly Pýotr sobory - häzir köpimiziñ teleýaýlymlarda görýän we Watikanda ýerleşen ajaýyp bina. Elbetde, häzirki ajaýyp keşbini XVI asyrda ýaşan Mikelanjelo borçly hem bolsa, taryhy binanyñ gurluşy ondanam irki döwürlere uzaýar. Rimiñ alkymyndaky soboryñ 846-njy ýylda "çagyrylmadyk myhmanlary" bardy. Sisiliýanyñ köp ýerini eýelän musulmanlar başly-barat ýagdaýda Rimiñ gala diwarlaryna çenli gidipdiler. Watikan, Bari, Rim oblastlaryna gurnalan ýörişleriñ düýp maksady Sisiliýanyñ howpsuzlygyny gazanmakdy. Musulmanlar 827-nji ýylda eýelän Sisiliýa adasyny 1061-nji ýylda normandlaryñ çozuşyna çenli elde saklamagy başardy. Şol geçen döwrüñ içinde ada aglabidleriñ, fatimileriñ, kelbileriñ golastynda boldy. Bu ýerde musulmanlaryñ güýjüni gaçyran sebäp bolsa, ýerli halkdan has beter sebite gelen musulman häkimleriñ az wagtyñ içinde öz merkezi hökümetlerine baş galdyryp, topalañ turuzmagydy. Bu ýagdaý has beterem fatimileriñ döwründe köp gaýtalandy, gozgalañ turzan häkimi basyp ýatyrmak üçin ugradylan häkim gapma-garşylyklary basyp ýatyran badyna öz hökümdarlygyny yglan edip, täze gozgalañyñ başyny başlaýardy. Palermonyñ paýtagt bolan musulman Sisiliýasybda 300-e golaý metjit gurlupdy. Edil Andalusda bolşy ýaly, Sisiliýada-da jöhitleriñ we hristianlaryñ ujypsyz salgytlardyr paçlar bilen azat durmuşda ýaşap bilmegi hökümete içerden düýpli gozgalañ ýa-da nägilelik turmagynyñ öñüni alýardy. Uzak wagtlap wizantiýaly häkimleriñ diýdimzorlugyndan ýadan italýan hristianlary şeýle hoşniýetli hökümetden diýseñ hoşaldy. Musulmanlar Italiýany mazaly özgertdi. Mysal üçin pyrtykal baglaryny ýetişdirmekleri, Eýrandan gawun getirip ekmekleri ýaly gündelik işler bilen birlikde ylmy ugurda-da möhüm üýtgeşmeleri girizdiler. Grek medeniýete ýakyn deltada ýerleşen Sisiliýa musulmanlarynyñ ylmy tejribesi grekleriñ antiki pähim-paýhasynyñ utgaşygyny emele getirdi. Bu üýtgeşmelere ýakyndan şaýatlyk eden italýanlaryñ intellektual añynda rewolýusion öwrülişik emele gelipdi. Ebu Abdylla el-Karani, Ebu Said ibn Ybraýym, Ebu Bekir es-Sikilli, Ibn Abi Usaýbiýa, meşhur pelsepe daşyny gözleýji Ibn el-Muaddib Sisiliýanyñ ýetişdiren saýlama alymlaryndandy. Şeýle-de "Dünýäni gezmäge höwesegiñ keýpihon syýahaty" eseri bilen tanalýan syýahatçy alym el-Idris hem Sisiliýada ýetişen ajaýyp alymlaryñ biridi. Bu alymlar andalusly alymlardan tapawutlylykda geometriýada, matematikada, medisina ylymlarynda öñe saýlanýardylar. Gürrüñsiz, bularyñ añyrsyndaky düýp sebäplerden birem Platon we Sokrat ýaly gadymy grek alymlarynyñ watanyna goñşy bolup ýaşamagyñam ýiti täsirleri bardy. Italiýada musulman ilaty garalap görkezýän kartina • Sisiliýanyñ elden gitmegi Hiç bir düýş baky dowam etmeýär, başlangyjy bolan her bir zadyñ soñy-da bar. Andalusyñ kiçijik hemrasy ýaly şugla saçan ajaýyp Sisiliýa döwleti-de indi öñki haýbatly döwürlerindäkisi ýaly däldi. Musulmanlaryñ öz aralaryndaky agzalalygy, oñşuksyzlygy geleñsizligi Sisiliýa hem ýolukdy. Angliýa çenli uzaýan ümmülmez territoriýada basybalyjylykly hereketlere başlan normandlar 1061-nji ýyldan başlap, Sisiliýadaky musulman döwleti-de basyp almaga girişdi we 1091-nji ýylda adany doly eýeledi. Musulmanlar üçin taryhyñ eden öwrümine seretseñizläñ, normandlaryñ bular ýaly arkaýyn basyp almaklarynyñ sebäbi-de Palermonyñ emiri Ibn at-Timnahyñ beýleki emirleri ýeñmek üçin olary ýarymada çagyrmagy boldy. Şeýle-de bolsa, Italiýadaky musulman ýaşaýşy doly tamamlanmandy, ol diñe Fatih Soltan Mämmede çenli üç-dört asyrlyk arakesmä çykypdy... Häzir Andalus bilen baglanyşykly sanardan köp ylmy işleriñ ýazylandygyna garamazdan, gynansak-da, Sisiliýa yslam döwleti hakyndaky çeşmelerimiz çäkli. Şonuñ üçinem bu boýunça täze ylmy işleriñ ýazylmagyna sebäp bolar umydy bilen şu iki güýçli medeniýeti ýatlap geçmegi peýdaly hasapladyk. Fatih Soltan Mämmediñ Italiýa eden ýörişleriniñ birem şu iki döwleti täzeden janlandyrmakdy: emma wakalaryñ ugry başga-başga ugurlara gönügipdi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 24.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |