16:58 Türkmen alymynyñ sözlügi | |
TÜRKMEN ALYMYNYŇ SÖZLÜGI
Türkmen dili
Belli rus etnografy N.I.Nadeždin öz işleriniň birinde şeýle ýazypdy: "Geografik atlar Ýeriň dilidir. Ýer bolsa geografik atlar arkaly adamzadyň taryhy ýazylan bir kitapdyr". Baryp gadym döwürlerden başlap ýer-ýurt atlarynyň, aýry-aýry sözleriň gelip çykyşy barada, olaryň aňladýan manylary hakynda iş salşan alymlaryň telimsiniň atlaryny taryh öz sahypalarynda saklaýar. Şol sanda gadymy alymlaryň işlerinde Orta Aziýanyň, şeýle hem Türkmenistanyň gadymy toponimleri barada-da käbir maglumatlara duş gelmek bolýar. Bu babatda XI asyrda ýaşap geçen Mahmyt Kaşgarynyň «Türki sözleriň diwany» atly sözlüginiň uly ähmiýeti bar. Ýa-da bolmasa Orta Aziýanyň ilkinji toponimçilerinden Abu-Sad es-Samaniniň (1113–1167), Ýakut ibn Abdallah ar-Rumi al-Hamawiniň (1176–1229) atlaryny agzamak hem ýeterlikdir. Olaryň ýazan «Geneologik atlaryň kitaby», «Ýurtlaryň sözlügi» ýaly uly işleri bize taryhyň dürli döwürlerine, belli-belli döwürleriň sosial-ykdysady ýagdaýyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Anyk taryhy maglumatlara görä, Samani Maryda doglupdyr. Ol öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Onuň iki sany uly kitaphana eýelik edendigi hem bu aýdylanlara güwä geçýär. Şu ýerde Reşideddiniň, Muhammet Kazymyň, Hafizi Abruwyň, Hondemiriň, Munis we Agehiniň, Abdylgazynyň işlerini-de mysal getirmek bolar. Has soňraky döwürlerde G.Wamberi, L.Z.Budagow, W.W.Radlow, W.W.Bartols, W.A.Gordlewskiý, W.A.Obruçew, A.Ýe.Fersman we beýlekiler Türkmenistanyň toponimikasyna bagyşlap bir topar işlerini ýazdylar. Bu babatda türkmen alymlarynyň hem birnäçesiniň atlaryny hormat bilen agzamagymyz gerek. Akademik A.G.Babaýewiň geografik eserleri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty S.Atanyýazowyň ýer-ýurt atlarynyň gelip çykyşyna bagyşlanan ylmy makalalary bu ugurdan edilýän işe ep-esli goşant boldy. Golaýda «Ylym» neşirýaty Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügini» çapdan çykaryp, gowy iş bitirdi. Sözlük TSSR Ylymlar akademiýasynyň akademikleri Pygam Azymow bilen Agajan Babaýewiň redaksiýasy bilen neşir edilipdi. Awtoryň «Türkmenistanyň toponomik sözlügi» atly kitaby baryp on ýyl mundan öň «Ylym» neşirýaty tarapyndan okyjylar köpçüligine hödürlenilipdi. Onda Türkmenistanyň geografik atlarynyň üç müňüsine düşündiriş berilýän bolsa, häzirki kitap bu atlaryň ýedi müňe golaýyny öz içine alýar. Görşümiz ýaly, kitaba az zähmet siňdirilmändir. Birinji neşiriň üsti ýetirilip, olaryň aglabasy täzeden işlenilipdir. Ozal manysy belli däl sözleriň ençemesiniň manysy anyklanylypdyr. Sözlüge girizilen ýer-ýurt atlary resmi dokumentlerde ýazylyşy ýaly berlipdir. Awtor öz kitabynda käbir halatlarda Türkmenistanyň geografik atlarynyň nätakyk gidýän ýerlerine-de duş gelinýändigini ýazýar. Meselem, «Türkmenistan SSR-i. Administratiw-territorial bölünişigi» (Aşgabat, 1975) diýen kitapda Garnas, Gowkuzereň, Sedwer, Jaňňa, Purnuwar ýaly atlar Garanas, Gowkyzereň, Saduar, Janga, Pürnüwar görnüşinde ýalňyş ýazylypdy. Şonuň üçinem awtor tarapyndan sözlüge girizilen şol atlara dogry düzediş berlipdir. Bulardan başga-da S.Atanyýazow sözlügiň gurluşy hakynda okyjylara doly maglumat berýär: sözlükde sözler elipbiý tertibinde, olardaky uzyn aýdylýan çekimliler bolsa baş sözden soň ýaý içinde iki nokat arkaly berilýär. Eger-de bir toponim birnäçe ýerde duş gelýän bolsa obalaryň – ady ýaý içinde getirilýär. Ýa-da ençeme ýerleriň birmeňzeş atlarybir makalada düşündirilýär. Meselem: HALAÇ – Çärjew oblastynda raýon, Gäwers raýonynda baýyrlyk. Sözlükde toponomiýada ulanylýan sözleriň edebi dildäki birnäçe manysy hakda aýry-aýrylykda gürrüň edilmän, eýsem toponimleriň sostawynda aňladýan manysy düşündirilýär. Has düşnükli bolar ýaly, türkmen diline arap-pars we beýleki dillerden geçen toponimleriň türkmen elipbiýinde berilmegi hem ýerine düşüpdir. «Käbir toponimleriň manysyny düşündirmekde taryhy we geografik maglumatlary getirmek zerur bolýar. Çünki şol maglumatlar adyň döreýşine, dürli döwürdäki üýtgeşmelerine we manysyna düşünmäge ýardam edýär. Häzirki ençeme toponimler baryp klassyk şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem duş gelýär. Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň we beýleki şahyrlaryň goşgularyndaky geografik atlaryň sözlükde mysal getirilmegi şol toponimleriň dörän we ulanylan döwürlerini (hronologiýasyny) anyklamaga, olaryň formalaryny we wariantlaryny öwrenmäge kömek edýär» diýip, awtor kitabyň sözlügiň gurluşy hakyndaky düşündirişinde ýazýar. Bulardan başga-da sözlükde toponimik rowaýatlarynyň has meşhurraklarynyň käbirleriniň ulanylmagy hem kitabyň ähmiýetini artdyrýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, bu täze kitap awtoryň uzak ýyllaryň dowamynda irginsiz gözlegleriniň netijesidir. Onuň ýer-ýurt atlarynyň asyl manysyny has dogrulygy bilen okyjylara ýetirmek üçin respublikamyzda aýlanmadyk-görmedik ýeri ýok. Muňa kitapda getirilen geografik atlaryň biçak giňligi hem güwä geçýär. Şeýle hem Soltanşa Atanyýazow Orta Aziýa respublikalarynda, Azerbaýjanda, Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenleriň arasynda-da telim ýola bolupdy. Şol ýerde ýaşaýan ýaşulularyň, dürli kärde işleýän alymlaryň ençemesi bilen gürleşipdi. Kitapda doganlyk respublikalarda ýaşaýan türkmenler bilen baglanyşykly dörän geografik atlaryň hem ençemesine düşündiriş berilmeginiň uly ähmiýeti bar. Şeýle hem kitabyň soňunda maglumat beren adamlaryň spisogynyň getirilmegi-de ýerine düşüpdir. Hawa, yhlas bilen çekilen zähmet öz miwesini beripdir. Çaklaňja ýazgymyzda Soltanşa Atanyýazowyň iňňän hormatly hem jogapkärli işinde mundan beýlägem üstünlik arzuw edýäris. Allaýar ÇÜRIÝEW. «Edebiýat we sungat», 11.03.1981 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |