01:48 Türkmen aýna önümçiliginiñ taryhyndan | |
TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNDAN Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär. Bu tapyndylar şol döwürlerde senetçiligiň nä derejede ösendigini aýan edýär. Orta asyrlarda ösen senetleriň biri hem aýna önümçiligidir. Arheologik maglumatlar we ýazuw çeşmeleri aýna senetçiliginiň önümçilik güýçleriniň ösmegine düýpli täsirini ýetirendigine şaýatlyk edýärler. Senetçiligiň aýrylmaz bölegi bolan aýna önümçiliginiň taryhyny öwrenmek onuň ösüşini aýdyňlaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar. Orta asyr ýadygärliklerinde gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi aýnadan ýasalan dürli—dürli gaplaryň köp mukdarynyň ýüze çykarylmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň çäklerinde aýna öndürilmegini öwrenmekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda saklanylýan aýna tapyndylar bahasyna ýetip bolmajak hazyna bolup durýar. Orta Aziýada aýna işlenip bejerilendigi baradaky ýazuw ýatlamalaryna Hytaý ýyl ýazgylarynda gabat gelinýär. Olarda biziň eýýamymyzyň V asyrynyň birinji çärýeginde reňkli aýna ýasaýan ussalar barada habar berilýär. Rus taryhçysy A.Smirnowyň 1928-nji ýylda ýazan işinde Orta Aziýada haýran galdyryjy derejede örän dürli—dürli görnüşdäki aýnadan ýasalan reňkli hem-de taýýarlanyş usuly boýunça ajaýyp önümleriň ençemesiniň tapylandygy barada ýatlanyp geçilýär. Alymlar olaryň ýerli ussalar tarapyndan öndürilendigi baradaky netijelere gelýärler. Abu Bekr Muhammet ar-Raziniň «Syrlaryň syrlary kitaby» (IX asyr) atly alhimiki traktatynda aýna ýasalyşy, onuň görnüşleri barada käbir maglumatlar bar. Bu eserden aýna ýasalyş işleriniň ýola goýluşynyň ýagdaýyny anyklamak bolýar. Ýygyndyda aýnanyň dürli görnüşiniň bolandygy barada aýdylýar. «Ol çägeden we potaşdan (aşgardan) alynýar. Onuň iň gowy görnüşi ak (reňksiz), dury siriýa aýnasydyr. Ol öz hlli boýunça hrustaly ýada salýar» diýlip ýazylypdyr. I müňýyllygyň ortalarynda tutuş Alynky Gündogarda gymmat bahaly metallardan we dag hrustalyndan ýasalan gap-gaçlaryň giňden ýaýrandygyny alymlar belleýärler. Soňra olaryň deregine özüniň durulygy boýunça dag hrustalyna çalymdaş, emma has arzan aýnany işläp bejermekligi öwrenipdirler. Al-Biruniniň işinde Orta Aziýada aýna işläp bejermekligiň taryhy barada maglumatlar berilýär. Onda aýnanyň eredilmeginiň usullary gysgaça beýan edilýär. Ol aýna öndürmegiň orta asyr tehnologiýasy, aýna önümleriniň gymmaty we derejesi barada kabir düşünjeleri berýär. Şeýle hem aýnanyň rejelenişi we syrçalar barada maglumatlary getirýär. Orta Aziýanyň çäklerinde aýna işläp bejerilmeginiň başlangyç döwri we onuň emele gelmeginiň sebäpleri baradaky maglumatlara akademik W.W. Bartoldyň işlerinde gabat gelmek bolýar. Ol Hytaýa günbatardan, grek-rim dünýäsinden aýna we hrustal önümleriniň getirilendigini hem-de Orta Aziýada aýna senagatynyň dörändigi barada ýazýar. B.e. ozalky II asyrdan başlap, Beýik Ýüpek ýoly arkaly Günbatar ýurtlary bilen ýola goýlan söwdanyň netijesinde Orta Aziýada aýna işläp bejermeklik oýlanyp tapylypdyr we şol gatnaşyklaryň esasynda Orta Aziýada aýna senagatynyň başy başlanypdyr. Bar bolan maglumatlar aýna işläp bejermekligiň ýüze çykmagynyň has irki döwürlerde bolandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäklerinde irki aýna önümleri aýna esasly monjuklar görnüşinde Ýaňgalada (miladydan öňki II müýyllygyň ikinji ýarymy) we Änew gatlaklarynda (miladydan öňki II — I müňýyllyklar) tapyldy. Iki kertikli agymtyl-ýaşyl aýnadan ýasalan monjuk Änew IV medeni gatlagyndan (miladydan öňki II müňýyllygyň aýagy, I müňýyllygyň başy) tapyldy. Änew medeniýetiniň düzgünleşdirilen dowürleri boýunça bu gatlaklar Namazga VI döwrüne degişli edilýärler. Änewiň ýokarky gatlagynda (miladydan öňki I müňýyllyk) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gara tog milli açygrak goňur aýnadan ýasalan başga bir monjuk tapyldy. Bu gatlak belli arheolog W.M. Masson tarapyndan Änew IV döwri diýlip hasaba alyndy. Aýna önümleriniň miladydan öňki II — I asyrlara degişlileri Nusaýdan hem tapyldy. Türkmenistanyň çäklerinde orta asyrlarda senetçiligiň beýleki görnüşleri bilen bilelikde aýna önümleriniň önümçiligi ählitaraplaýyn ýaýrap başlapdyr. Aýna işläp bejermeklik şäher, şeýle hem oba ilatynyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrypdyr. Oňa Türkmenistanyň orta asyr şäherlerinde geçirilen arheologik işleriň netijesinde tapylan aýnadan ýasalan tapyndylar şaýatlyk edýär. Merw, Nusaý, Şähryslam, Misseriýan — bular aýnadan ýasalan önümleriň önümçilik merkezleri bolupdyrlar. Aýna önümlerinden has köp duş gelýänleri okara, käse görnüşli gaplaryň galyndylary, şeýle hem özleriniň ölçegleri boýunça kiçi göwrümli bolany sebäpli, bitin görnüşde saklanyp galan dürli atyr we lukmançylykda ulanylan kiçijik çüýşejiklerdir. Aýnadan dürli bezeg şaýlaryny hem ýasapdyrlar. Şähryslamdan asyklar we şelpeleriň birnäçesi tapyldy. Olary iki görnüşe bölmek bolar: içinden göni deşik geçýän melewşeräk reňkli aýnadan taýýarlanylan romb görnüşli we mawy aýna ergininden taýýarlanylan kesik-konus şekilli. Şelpäniň aşaky çägi gyzyl aýna ergininden ýasalan, dakylýan guşajyk bilen bezelipdir. Keramiki materiallara salgylanyp, olar XII—XIII asyrlar bilen senelenýär. Şeýle-de, kolba, banka, badalar, bulgurlar uly çüýşeleriň, grafin görnüşli gaplaryň bokurdaklary, düýpleri duş gelýär. Seýrek duş gelýän gapjagazlara alambikler — himiki derňewlerde ulanylan turbajykly gabyň bölegi ýa-da simaby gaýtadan işlemek üçin ulanylan piliň holtumyna meňzeş gap degişlidir. Bu gaplar irki orta asyrlardan başlap duş gelýär we IX—XIII asyrlarda giňden ýaýrapdyr. Ilkinji şeýle gaplar bürünçden ýasalypdyr diýen çaklama hem bar. Missariýandan tapylan uzyn turbajyk görnüşli konus şekilli himiki gabyň — alambigiň bölegi bolmagy mümkin. Ol tutuksy aýnadan ýasalypdyr. Alambigiň şuna meňzeş turbajyklary Tatarystandaky Bilýar ýadygärliginden köp mukdarda tapylypdyr. Arheologik ýadygärliklerde aýnadan ýasalan önümleriň bardygy barada arheologlaryň makalalarynda agzalyp geçilýär. Bu babatda aýratyn bellemeli iş arheolog Ý.A.Dawidowiçiň Nusaýyň orta asyr aýnasynyň taryhyna bagyşlanan makalasydyr. Onuň işinde Nusaýdan tapylan ençeme aýna önümleri — badalaryň, güldanlaryň, käseleriň, atyr çüýşeleriniň, kolbalaryň (turbajyk ýa-da konuş, guýguç şekilli, uzyn bokurdakly togalak gap), probirkalaryň (lukmançylykda we himiýa tejribelerinde ulanylýan turbajyk görnüşli gapjagaz), alambikleriň we ýuka penjire aýnasynyň galyndylary bar. Aýna önümleriniň tapyndylary Nusaýyň Orta Aziýada iri senetçilik merkezleriniň biri bolandygyny subut edýär. IX asyrda syrçaly keramikanyň entek ilatyň durmuşyna ymykly ornaşmandygyny, aýnadan ýasalan zatlaryň bolsa eýýäm giňden ulanylandygyny we Orta Aziýada aýna işläp bejermegiň çalt ösmeginiň göze ilýändigini alymlar belleýärler. Tapylan aýna galyndylary we önümler bu ýerde aýna öndürýän senetçilik ussahanalarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Hanhowuz galasynyň taryhynyň arheologik taýdan öwrenilmeginiň netijesinde bu ýadygärligiň söwda ýolunda ýerleşip, berkitmelerden, kerwensaraýlardan ybarat, keramika, kerpiç bişirýän we aýna eredilýän peçleri özünde jemlän iri mesgenleriň biri bolandygy anyklanyldy. Aýna eredilýän peçler şäheriň taşlanyp gidilen we ýumrulan ýerlerinden gurlupdyr. Merwden tapylan aýna galyndylarynyň içiräk toplumy, şeýle hem Gäwürgaladan we Soltangaladan tapylan aýna monjuklar XII—XIII asyrlarda aýna öndürmegiň giň gerim alandygyna güwä geçýär. Merw monjuklaryna çalymdaş aýna monjuklar Orta Aziýanyň, Kawkazyň we Gündogar Ýewropanyň dürli döwürlerdäki ýadygärliklerinde gabat gelýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň senetçilige hem öz täsirini ýetirendigini görkezýär. Şasenemgalada we onuň töweregindäki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan aýna önümleri Guýusaý çäklerinde, şeýle hem Çermenýabyň kenarynda aýna önümçiliginiň bolandygyny, görnüşleri boýunça birmeňzeş gaplaryň bölekleriniň köp tapylmagy aýna önümleriniň diňe ýerli ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak bolman, eýsem, satuwada çykarylandygyna güwä geçýär. Arheologik barlaglaryň netijesinde Şähryslam şäheriniň Orta Aziýada aýna önümçiliginiň merkezleriniň biriniň bolandygy anyklandy. Şähryslamdan daşdan we keramikadan ýasalan önümler bilen birlikde aýnadan ýasalan önümler hem tapylyp, olar barada «Şähryslamyň maddy medeniýeti» atly kitapda maglumatlar berilýär. Ýadygärligiň Bäherden şäherçesinden uzak bolmadyk ýerde, kwars çägesiniň alynýan ýeriniň golaýynda ýerleşýändigide ünsüňi özüne çekýär. Belki-de, orta asyrlarda ýaşap geçen aýna ýasaýjylar hem bu çägäni aýna önümlerini ýasamakda peýdalanandyrlar. Bu ýerden aşhana gaplary, atyr-derman, öý hojalygynda ulanylýan we bezeg şaýlary görnüşli dürll—dürli aýna önümleri tapyldy. Şähryslamyň aýna önümleri ýaşyl, gök we sary aýnalardan ýasalypdyr. Aşgabat şäheriniň öňki aýna kombinatynyň himiki barlaghanasynyň kesgitlemegine görä, ýaşyl reňk almak üçin demriň we misiň okisi, gök reňk üçin kobalt, sary reňk üçin kükürt ulanylypdyr, şeýle hem aýnany 1000 — 1200 dereje gyzgynlykda taýýarlapdyrlar. Şähryslamda setirlenip ýasalan gazanpisint çukurlaryň içinde kükürdiň bölekleri üýşürilip goýlan görnüşde ýüze çykaryldy. Şol tapyndylar orta asyrlarda hem şeýle himiki usulda işlenendigine güwä geçýär. Misseriýanda alnyp barlan köpýyllyk barlaglar stratigrafiýa, suw üpjünçiligi, maddy we ruhy medeniýet, senetçilik we söwda barada dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Misseriýanda keramika, metal önümleri bilen birlikde, aýna önümleri hem tapyldy. Olary aşhana, atyr-derman çüýşelerine, himiki çüýşelere we bezeg önümlerine hem bölmek bolar. Misseriýanyň aýna önümleriniň arasynda dürli görnüşli emekleri bolan okaralaryň birnäçe galyndysy aýratyn tapawutlanýar. Aýna önümleriniň arasynda lukmançylyga degişli kiçijik gapjagazlary, düýbi guýguç şekilli jamlar, grafinler, bulgurlar we hojalykda ulanylýan beýleki zatlar bar. Olar görnüşleri, göwrümleri, ulanylyşy, reňkleri boýunça tapawutlanýarlar. Olaryň arasynda ýaşylymtyl hem-de tüsse reňkli aýnadan taýýarlanylan ajaýyp bulgurlar tapawutlanýarlar. Misseriýandan tapylan ýaplaryň örän ýuka aýnadan ýasalandygy sebäpli, dine gulplary-eltutarlary, düýpleri ýa-da bokurdaklary saklanyp galypdyr. Aýna önümleriniň galyndylarynyň köp bolmagy XI — XII asyrlarda Misseriýanyň ilatynyň senetçiligiň bu görnüşiniň önümçiligini ýola goýandyklaryndan we giň gerimde peýdalanandyklaryndan habar berýär. Paryzdepeden tapylan aýna önümleriniň galyndylarynyň arasynda aýratyn gyzyklanma döredýänleri iki sany bir-birine meňzeşräk küýzejik görnüşli gaplaryň bölekleridir. Olaryň inçelen bokurdagyna birikdirilen erňejigi gysylyp, guýguç hökmünde ýasalypdyr, bokurdagy bolsa aşaklygyna giňäp, emaý bilen göwrä geçýär. Erňejigiň gysylmagy küýzejikden guýulýan suwuklygyň azajykdan, usullyk bilen akmagy üçin niýetlenendir. Gaplaryň göwresiniň örän ýuka (galyňlygy 1 millimetr) bolany sebäpli saklanyp galmandyr. Şeýle ýukajyk küýzejik dury ýaşyl aýnadan üflenip ýasalypdyr. Şular ýaly göwresi bolan guýguçly we tutawaçly küýzejikler Türkmenistanyň başga ýadygärliklerinde henize çenli duş gelmedi. Erňegi guýguçly, bokurdagy ýok, göwresi has çişirilen, ölçegleri ulurak küýzeler Gazagystanyň Kuýruktobe we Otrar ýadygärliklerinden tapylypdyr. Daňdanakandan hem kiçi göwrümli çüýşejikleriň tapylmagy orta asyrlarda Türkmenistanyň çäklerinde himiýanyň, lukmançylygyň ösendigini subut edýär. Türkmenistanyň medeniýetiniň orta asyrlarda gülläp ösen döwründe senetçiligiň birnäçe görnüşleri sungat derejesine ýetirilipdir. Olardan keramika, metal önümleri bilen bir hatarda, aýna önümçiligini hem görkezmek bolar. Türkmenistanyň ýadygärliklerinden ýüze çykarylan aýnadan ýasalan zatlar özleriniň nepisligi bilen göreni haýran edýärler. Olar dürli reňkli aýnalardan galyň we ýukajyk edip, üfläp we guýma usulynda ýasalypdyr. Günorta Türkmenistanyň ösen şäherleri bolan Merw, Nusaý, Şähryslam, Misseriýan ýaly orta asyrlaryň medeni merkezlerini häsiýetlendirmekde, olaryň sungat derejesine ýetirilen senetçiliginiň bolandygyny aýna önümçiliginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. XX asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistanda ilkinji senagat kärhanasy gurlup, aýna önümlerini çykaryp başlapdyr. Şol zawod Orta Aziýada aýna önümçiliginiň başyny başlan kärhanadyr. 1928-nji ýyldan başlap aýna önümlerini, 1938-nji ýylda bolsa penjire aýnalaryny öndürmeklik mehanizmleşdirilipdir. XX asyryň aýagyna çenli aýna kärhanasy uly toplum — kombinat derejesine ýetip, onda ýokary hilli önümleri — penjire aýnalaryny, dürli görnüşli gaplary, çüýşeleri, termoslary, çyra çüýşeleri, günden goraýan we başga birnäçe görnüşli aýnalar öndürilipdir. Çykarylan önümlere diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Ukraina, Eýran, Owganystan, Türkiýe ýaly başga-da köp ýurtlarda uly isleg bildirilipdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze we kuwwatly aýna kärhanasynyň gurluşygyny möhüm wezipeleriň hatarynda goýdy. Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Owadandepede täze kuwwatly aýna kärhanasynyň gurluşygy güýçli depginde amala aşyryldy we önüm öndürip başlamaga taýýar edildi. Onuň öndürjek önümleri diňe türkmenistanlylaryň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli ýurtlara ýokary hilli önümleri eksport eder. Gadymy senagat bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösüşlere eýe bolýar. Nurgözel BÄŞIMOWA, # turkmenistan_2017 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |