19:40 Ak bugdaýly Änew | |
AK BUGDAÝLY ĄNEW
Taryhy makalalar
Häzirki döwürde ylmyň dürli ugurlarynda düýpli işler taryhy we medeni mirasymyza daýanmak esasynda alnyp barylýar. Turkmen halkynyň gojaman geçmişiniň dowamynda toplan taryhy tejribesini, nesillere galdyran ajaýyp maddy we medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny täze Galkynyşlar zamanasynyň talaplaryna laýyklykda çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de olary halka ýetirmek örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetleriň biri-de ekerançylyk medeniýetidir. Geçmişimiziň, şu günki Altyn asyrymyzyň we geljegimiziň halal, döwletli, ynsanperwer dowamatydygyna bu gün her bir ynsan düşünýär. Jemgyýetiň aňynyň ösüşine görä ýaşaýşyň maddy esaslary hem döräpdir. Dagdan akan çeşmeler ekerançylygyň ösmegine amatly ýerleri emele getiripdir. Kadaly we dogry suwarylanda ekerançylyk ýerlerden köp suw sarp etmezden, bol hasyl almak mümkinçiligi döräpdir. Bu şertler günorta Türkmenistanda oturymly ýaşaýşa geçip, ekerançylyk bilen meşgul bolmaga mümkinçilik beripdir. Ylmy barlaglaryň netijesinde miladydan öňki VI müňýyllyga degişli Jeýtun we şol dowre degişli beýleki ýadygärlikleriň ýerlerinde arpa-bugdaý ekmek, laýdan jaý salmak, küýzegärlik önümlerini döretmek ýaly alamatlary mahsus bolandygy anyklandy. Eneolit zamany Köpetdagyň etegindäki zolakda oturymly ekerançylyk medeniýetiniň merkeziniň bolandygyny subut edýän, şol döwrüň ýadygärlikleriniň biri bolan Änew bilen baglanyşdyrylyp, änew medeniýeti diýlip atlandyryldy. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde açyldy. Şol gazuw-agtaryş işleri Änewiň demirgazygynda ýerleşýän depede medeni gatlaklaryň ikisiniň bolandygyny aýan etdi. Rafael Pampelliniň şol ýerden ýüze çykaran maglumatlarynyň netijesi onuň 1908-nji ýylda Waşingtonda çap eden, Türkmenistanyň taryhy üçin örän ähmiýetli bolan “Türküstandaky derňew işleri” we “Änewiň gadymy ösuşi” atly iki jiltden ybarat kitabynda ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girizildi. Şeýlelik bilen, änew medeniýeti dünýä möçberinde meşhurlyk gazandy. Änew medeniýetiniň dowam eden döwri miladydan öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymyna - IV müňýyllyklara gabat gelýär. Änew medeniýeti öz ösüşinde birnäçe basgançaklary ýa-da döwürleri başdan geçiripdir. Olaryň arasyndaky tapawutlar aýratyn hem küýzegärlikde has aýdyň ýüze çykypdyr. Änewiň demirgazyk depesi ýadygärlikleriniň iň gowy öwrenilenleriniň biridir. Onuň öwrenilmegi azyk önümleriniň agramly bölegini beren ekerançylygyň we maldarçylygyň şol döwrüň ykdysadyýetiniň esasyny düzendigini görkezdi. Hakykatdan-da änew medeniýeti zamanynda ekerançylyk-maldarçylyk hojalygy jeýtun medeniýetiniň döreden däplerini ösdüripdir. Suwarymly ekerançylyk dag etekleriniň derýajyklarynyň we çeşmeleriniň joşgun suwlaryny peýdalanmak bilen alnyp barlypdyr. Oturymlyklaryň gündogar topary doly suwly Mäneçaý we Çäçeçaý derýalarynyň töwereklerinde jemlenipdir. Çakmaklydepede esli mukdarda derek we garagaç kömrüniň tapylmagy, bu çäkleriň uly tokaýlyk bolandygyna hem-de suwdan kemçilik çekmändigine şaýatlyk edýär. Beýleki etraplarda bolşy ýaly, bu ýerlerde-de arpa esasy orun degişli bolupdyr. Şol döwürde ýarym suwarymly ekerançylykdan durnukly hasyl berýän suwarymly ekerançylyga geçilýär. Miladydan öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymynda Tejen derýasynyň ýakalary ilatlaşyp başlaýar. Ygalyň ýetmezçilik etmegi emeli suwaryşyň irki usullarynyň ösüşine we dag eteklerindäki akar suwlarda howdan görnüşli desgalary gurmaga itergi beripdir. Bu babatda Tejen derýasynyň uly bolmasa-da, ýeterlik bol suwly akaba gollarynyň kenarlarynda ýerleşen Göksüýri obaçylyklarynyň amatly şertleri bolupdyr. Şol ýerlerde derýa suwunyň daşgynlyklarynyň bolup geçendigi kesgitlendi. Olaryň guramagy çemenlik-batgalyk görnüşli topragyň emele gelmegi bilen utgaşykly bolup geçipdir. Bu ýagdaý Göksüýri obaçylyklarynda gadymy emeli howdanlaryň we olardan gaýdýan uzynlygy 3 km, ini 2,5 m-den 5 m-ýe çenli ýetýän gadymy emeli ýaplaryň üstüniň açylmagy bilen tassyklanyldy. Olaryň ýokarky we aşaky akymlarynyň iki gapdalyndaky meýdanlara suw kiçeňräk ýaplar bilen eltilipdir. Ekinleri köp gezek suwarmaga mümkinçilik berýän suwarymly ekerançylyk durnukly hasyllylygy üpjün edipdir we hojalyk hem-de medeni ösüşiň möhüm şerti bolupdyr. Ekerançylyk medeni öňe gidişligiň ygtybarly esasy bolupdyr. B.e. öňki IV-III müňýyllyklara degişli ýadygärlikler bolan Altyndepede, Ýylgynlydepede, Göksüýrüde we Änewde ak bugdaý we iki hatarly arpa esasy ekilýän ekin bolupdyr. R.Pampelliniň Änewde geçiren gazuw işleri netijesinde aýan edilen tapyndylaryň arasynda çig kerpijiň galyndylarynyň içinden däne gabyklary we sümmül gylçyklary ýüze çykarylypdyr. Alymlar tarapyndan takyklanyp öwrenilende, tapylan tapyndylaryň alamatlary bugdaý üçin häsiýetlidigi aýdyňlaşdyrylypdyr. Bugdaýyň bu görnüşi müňýyllyklaryň dowamynda ýerli tebigata uýgunlaşyp, kämilleşen ak bugdaý ady bilen bellidir. Şeýlelikde milletimiziň buýsanjyna öwrülen türkmeniň ak bugdaýynyň öz gözbaşyny Änew medeniýetinden alyp gaýdýandygyny subut edildi. XX asyryň 30-40-njy ýyllarynda ak bugdaý esasy ugur alyş çig maly bolup hyzmat edipdir. Sümmülli ekinleriň we olaryň ýabany ösýän kowumdaşlarynyň toparlara bölünişi häzirki wagta çenli birentek özgerişlere sezewar bolupdyr. Tohumçylyk babatda türkmen ak bugdaýy, bugdaýyň ýokary hasylly görnüşlerini döretmegiň altyn genetiki gaznasy bolup hyzmat edipdir. Bu ugurdan hünärmen, Kubanda belli tohumçy P.P.Lukýanenko türkmen ak bugdaýynyň topary esasynda bugdaýyň täze, iň oňat görnüşlerini döredipdir. XX asyryň başlarynda R.Pampelliniň ekspedisiýasynyň Änewden tapan däneleri türkmenleriň ata-babalary tarapyndan örän gadymy döwürlerde ak bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilendigini subut etdiler. R.Pampelliniň Änewde geçiren ylmy-barlag derňewlerinden 100 ýyl geçenden soň ýene-de amerikaly alym Fredrik Hibert Änewde gazuw agtaryş işlerini dowam etdirdi we kömre öwrülen bugdaý däneleriniň üstünden bardy. Şeýlelikde, Amerikan alymlary R.Pampelliniň we Fredrik Hibertiň Änewden tapan bugdaý däneleri arkaly irki ekerançylyk ojaklarynyň biriniň Türkmenistandadygyny gümürtiksiz kesgitlendi. Irki döwrüň ekerançylary diňe bir Köpetdagyň etegindäki düzlükleri özleşdirmek bilen çäklenmän, Murgap derýasynyň gadymy akymyny özleşdirmäge hem synanyşypdyrlar we Zerewşanyň ýokary akymlaryna çenli baryp ýetipdirler. Täjigistandaky ýadygärlik bolan Penjikendiň golaýynda miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda günorta Türkmenistan üçin häsiýetli bolan Sarazm obasy - miladydan öňki II müňýyllyga degişli ýadygärlik tapyldy. Täjigistanly arheolog alym A. Isakow Sarazmdan ýüze çykarylan tapyndylaryň Türkmenistandaky Göksüýri ýadygärlikler toplumynyň tapyndylaryna meňzeşdigini we änew medeniýetiniň Sarazma ýetiren täsiri barada öz makalalarynda belläp geçýär. Şular ýaly üsti açylan ýadygärliklerdir - tapyndylar Türkmenistana gadymy medeniýetleriň özbaşdak ojagy hökmünde garamak üçin meseläni esasly goýmaga mümkinçilik berýär. Islendik beýleki zatlar ýaly, gadymy adamlaryň sungaty hem özüni döreden halkyň dünýägaraýşy hakynda maglumat berýär. Alymlar Änew-Namazga döwründe Türkmeniň gadymy topragynda däneli ekinleriň ekilendigini, şonuň üçin hem jemgyýetde dürli dini baýramçylyklar bilen utgaşykly geçirilen hasyllylyga uýmagyň gülläp ösendigini hem subut etdiler. Şol dowürde bugdaý-hasyllylyk bilen bagly bolan ynanç döräpdir we döwrüň hasyllylyk alamatyna öwrülip, nagyşlara salnyp başlanypdyr. Olar esasan hasylyň, bolelinligiň çeşmesi bolan beýik Ýere - Enä ynam bilen bagly bolupdyr. Ýer diňe bir ekleýji däl-de, ýaşaýşyň özeni hasaplanylypdyr we ony adamzady dünýä inderýän Enä deňäpdirler. Ynama görä, Ýer - ähli ösümlikleri, jandarlary döreden bolsa, Ene - dünýä ynsanlarynyň döremeginiň gözbaşydyr. Ýeri we Enäni hasyllylygyň alamaty hökmünde mukaddesleşdirmek derejesine ýetiripdirler. Bu däpler esasan hem zenan heýkeljikleri bilen baglanyşykly bolupdyr. Dünýäniň ähli dinlerinde zenana hormat goýlupdyr. Bu ýagdaý aýratyn hem gadymy ekerançylarda ýokary derejä ýetipdir. Bu bolsa Enäni topraga deňemegiň örän gadymdan şu günlere çenli gelip ýetendigine, Enäniň tebigatda tutýan ornunyň näderejededigini kesgitli görkezýär. Görşümiz ýaly, ata-babalarymyz ekerançylykda baý tejribe toplap, özleriniň gadymdan dowam edip gelýän kärlerini kämilleşdiripdirler. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň, halkymyz öz gadymky ekerançylyk däpleriniň hakyky eýesi boldy. Munuň şeýledigini bolsa, ýylyň-ýylyna gallaçylaryň ak bugdaýyň bol hasylyny alýandyklary we döwlet derejesinde geçirilýän hasyl baýramçylyklary aýdyň subutnamadyr. Nurgözel BÄŞIMOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň bölüm müdiri. # "Edebiýat we sungat", 14.07.11 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||