19:48 Oguz han - nesilbaşymyz | |
OGUZ HAN - NESILBAŞYMYZ
Taryhy makalalar
Türkmen halkynyň taryhyna täze ylmy-watançylyk nukdaýnazardan garamak bilen, onda türkmenleriň geçen taryhy ýollary, guran döwletleri, döreden medeni gymmatlyklary, şol gymmatlyklaryň dünýä siwilizasiýasyndaky ornuny görkezmek taryhyň iň möhüm meselesidir. Türkmenistanyň dünýä birleşigi tarapyndan ykrar edilen özygtyýarly, garaşsyz döwlet bolaly bäri ýigrimi ýyl dolup gelýär. Biziň ýurdumyzyň garaşsyzlyga eýe bolmagy gadymy türkmen halkynyň gahrymançylykly, iňňän möhüm wakalardan doly taryhyny hemmetaraplaýyn, çuňňur, dogruçyl öwrenmek, ony hakyky ylmy taýdan beýan etmek üçin giň mümkinçilikler açdy. Bu ýerde gürrüň biziň öz taryhymyzy ýöne bir öwrenmek hakda barman, eýsem onuň türkmen halkynyň geçmişine bolan täze ýörelgesini, täze nazarýetini işläp taýýarlamak hakda hem barýar. Ozalky agzalman geçilen ýa-da ýoýlan görnüşde beýan edilen wakalar, hadysalar, görnükli taryhy şahslar baradaky hakykaty täzeden dikeltmek zerurlygy ýüze çykýar. Dogruçyl ylmy çeşmeler, antropologiki maglumatlar we beýleki ýalana çykaryp bolmajak ahwalatlar türkmenleriň öz ene topragynda gelmişekler däldigine, olaryň ata-babalarynyň häzirki Türkmenistanyň çäginde asyrlar boýy, müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýaşandyklaryna şaýatlyk edýär. Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň kemala geliş merkezleriniň biridir, biziň halkymyz bolsa dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan halkdyr diýip, buýsanç bilen aýdyp bolar. Dünýä ýüzünde iňňän irki gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun hem Änew medeniýetlerini, şeýle hem dünýädäki iň gadymy döwletler bolan Altyndepe bilen Marguş döwletlerini döredenler hut biziň ata-babalarymyzdyr. Türkmenler Zemindäki iň gadymy halklaryň biri bolup, oguzlaryň nesilleridir. Biziň halkymyz türkmenleriň pederi-nesilbaşysy we ilkinji türkmen döwletiniň düýbüni tutujy diýip at-owazasy dünýä ýaýran Oguz han Türkmeniň adyny guwanç bilen tutýar, watany söýmek, halka wepaly bolmak, bellenilen maksada ýetmekde tutanýerlilik görkezmek, batyrlyk we edermenlik ýaly ajaýyp milli häsiýetler Oguz hanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Oguz hanyň türkmenleriň nesilbaşysydygy hakyndaky pikir Ruhnamanyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Oguz han baradaky hekaýatlar rowaýat häsiýetli bolanlygy üçin, onuň haçan we nirede dünýä inendigini anyk aýtmak çetin. Her niçik bolsa-da, «Oguznama» eserinde Oguz hanyň ejesiniň adynyň Aý hakan ýa-da başgaça aýdylanda, Aý han bolandygy bellenilýär. Oguz hanyň kakasy barada aýdylanda bolsa, köplenç halatda, onuň Gara hanyň ogludygy teswirlenýär. Bize mälim bolan «Oguznamalarda», hususun-da, taryhçy Fazlallah Reşiteddiniň (1247-1318) we taryhçy hem-de Hywa hany Abylgazy Bahadyr hanyň (1603-1664) «Türkmenleriň nesil daragty» («Şejere-i terakime») ýaly eserlerinde oguzlaryň, şol sanda Oguz hanyň asyl kökleri yzarlanylýar. Käbir çeşmelerde Oguz hanyň ejesiniň adaty bir aýal däl-de, eýsem peri, hatda aýal hudaýylygy hakynda hem rowaýatlar bar. Gadymy türki dilli halklaryň arasynda, «Oguznamanyň» türki nusgasy bilen birlikde, uýgur nusgasynyň bardygyny hem bellemek gerek. Olarda belli bir derejede özboluşly aýratynlygyň bardygyna garamazdan, çalymdaşlyk hem köp. Türki halklarynyň, şol sanda Oguz hanyň we oguz kowumlarynyň gelip çykyşlary baradaky edebiýatlaryň arasynda «Oguznama» has möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi ol Merkezi Aziýada-da, Alynky Aziýada-da has giň ýaýran eserdir. Abylgazynyň ýazmagyna görä, Oguz han Eýranyň at-owazly patyşasy Kaýumarsyň döwürdeşi bolup, ondan bäri XVII asyra çenli wagt geçipdir. «Oguznamada» Oguzyň kakasynyň ady Gara han, ejesiniň ady bolsa Aý hakan ýa-da Aý handyr. Gara handan dünýä inen oglanlarynyň biri adaty çagalardan tapawutlanyp, onuň özboluşly häsiýetleri bar eken. Oguzlaryň milli däpleri boýunça çaga birbada at dakmaz ekenler. Haçan-da, ol kämillik ýaşyna ýetip, haýsy hem bolsa bir edermenlik görkezse, şoňa görä at dakypdyrlar. Onuň şeýle bolandygyny türkmenleriň gadymy Gorkut ata eposyndan hem bilýäris. Ylmy edebiýatlarda we rowaýatlarda Oguz adynyň gelip çykyşy barada we Oguzyň kimdigi barada dürli çaklamalar orta atylýar. Belli türkmenşynas A.M.Şerbak ony bäş nusgada beýan edýär. Birinji Oguz - owuz, ýagny owuz süýdüni emen manysynda; ikinji Oguz - kagan (han) - Öküz kagan diýmekdir; üçünji - Oguz kagan - Hun kagany Mode (Ruhnama boýunça Mete); dördünji Oguz - Çingiz hanyň häsiýetleri jemlenen taryhy bir şahsdyr. Ol bu pikiri belli german alymy I. Markwarta salgylanyp aýdýar; bäşinji Oguz kagan - Aleksandr Makedonskiniň (Isgender Zülkarneýn) häsiýetleri jemlenen bir şahsdyr. Germaniýada ýaşaýan türkmen, alym Begmyrat Gereý Oguz hanyň gelip çykyşy baradaky pikirleri umumylaşdyryp, ol hem ýokarda bellenişi ýaly bäşe bölýär. Reşiteddin Oguz han we ýigrimi dört Oguz taýpalary barada gürrüň edende, «dünýäde ýaşan ähli türkmenler Oguz hanyň ýigrimi dört agtygyndan gelip çykypdyrlar» - diýip belleýär. Reşiteddin we Abylgazy ikisi-de öz işlerinde Oguz hanyň ogullarynyň we agtyklarynyň atlaryny görkezýärler. Oguz hanyň alty ogly: Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han we Deňiz han bolupdyr. Bu alty ogluň her haýsyndan dört ogul dünýä inipdir. Abylgazy ýokarda atlary tutulanlardan başga-da, Oguz hanyň alty oglunyň gyrnak aýallaryndan bolan oglanlarynyň hem sanawyny getirýär. Rowaýata görä, Oguz hanyň 24 agtygyndan 24 taýpa emele gelipdir, şolaryň her biri aýratyn at we lakam alypdyr. Emma XI asyryň alymy Mahmyt Kaşgarly oguz türkmenleriniň sanawynda 22 taýpanyň adyny tutýar. Eýsem rowaýatlarda oguzlaryň 24 taýpadan ybaratdygy barada gürrüň gidýändigine garamazdan, Mahmyt Kaşgarlyda onuň 22 bolmagynyň sebäbini näme bilen düşündürmek bolar? Dogrusy, Mahmyt Kaşgarlynyň sözlerine üns berilse, bu sowalyň jogabyny şol ýerden tapmak bolar, ýagny ozalky oguzlara degişli taýpalaryň käbirleri soňra olardan bölünip aýrylypdyr. Şolaryň biri hem halaç taýpasy bolupdyr. Abylgazy Bahadyr han hem, Reşiteddindäki ýaly, taýpalaryň adyny ýekän-ýekän sanap geçýär. Emma ol oguzlary 12 sany uly taýpa (kaýy, alka öýli, ýazyr, dodurga, owşar, bekdili, baýyndyr, çowdur, salyr, alaýuntly - ala atly, igdir, iwe) we 12 sany kiçi taýpa (baýat, gara öýli, ýazyr, düker, karyk, garkyn, bejne, žebni, eýmur, ürekir, bükdüz, kynyk) bölýär. Olardan başga-da, 12 sany «tabyn» taýpany we ýene-de has ownuk taýpalardan 16-syny goşup, olaryň umumy sanyny 52-ä ýetiripdir. Şeýlelikde, şol bir halk - oguz-türkmen halky barada gürrüň edýän üç awtoryň (Mahmyt Kaşgarly, Reşiteddin we Abylgazy) oguz taýpalarynyň sanyny dürli-dürli bermekleriniň sebäbini şol döwrüň syýasy-ykdysady şertleri, ýagny taýpalaryň biri-birlerinden bölünip aýrylmagy ýa-da ownuk taýpalara bölünmegi netijesinde köpelmegi bilen düşündirmek bolar. Onuň hakykatdan-da şeýle bolandygyna we XI asyrdan soňra oguz türkmen taýpalarynyň gitdigiçe ownap başlandygyna olaryň sanynyň Mahmyt Kaşgarlyda 22, Reşiteddinde 24, Abylgazyda 52 bolandygy şaýatlyk edýär. Oguzlaryň türkmenlerdigi, türkmenleriň hem oguzlardygy barada bolsa orta asyr taryhçylarydyr alymlary tarapyndan örän kesgitli we açyk aýdylýar. Mahmyt Kaşgarly «Oguz-türkleriň bir kabylasy bolup, olar türkmenlerdir» diýip ýazsa, Reşiteddin «Dünýädäki ýaşaýan ähli türkmenler Oguz hanyň 24 agtygyndan gelip çykypdyrlar» diýýär. Abylgazy hem türkmenleriň 24 oguz kabylasyndan gelip çykandygyny belleýär. Oguzlarda gadymdan gelýän bir däp bolupdyr, ýagny olaryň goşuny «sag» we «sol» diýlen iki ganatdan ybarat eken. Şonuň bilen birlikde, bu ganatlaryň başga hili, ýagny «bozok», «üçok», «içoguz», «daşoguz» diýlip atlandyrylan görnüşleri hem bolupdyr. Şeýle adalgalaryň ýüze çykyşlary barada taryhda gyzykly rowaýatlar saklanyp galypdyr. Oguz hanyň ogullarynyň «bozok» we «üçok» boýlara bölünişi şeýle bolupdyr. Oguz han harby ýörişe çykanda, Şam welaýatynda dem-dynç almak üçin düşlän mahaly, pynhanlyk bilen nökerlerinden birini çagyryp, goluna bir altyn ýaý we üç sany hem altyn ok beripdir-de, şeýle ýumuş buýrupdyr: «Ýaýy gündogarda, bir çölde, adam aýagy düşmejek ýerde gömüp, bir ujuny çykaryp goýgun. Oklary bolsa günbatar tarapa eltip, ýaýy nähili bukup goýan bolsaň, oklary hem şeýle goýgun» diýipdir. Şol adam tabşyrygy aýdylyşy ýaly ýerine ýetiripdir. Aradan bir ýyl geçenden soňra Oguz üç uly ogluny: Gün hany, Aý hany we Ýyldyz hany ýanyna çagyryp, olary gündogar tarapa, beýleki üç kiçi ogullaryny hem günbatara tarap awa ugradypdyr. Köp sanly aw bilen dolanyp gelen gündogara giden ogullary altyn ýaýly, günbatara gidenleri üç sany altyn okly gelipdirler. Ogullarynyň işleriniň rowaç bolandygyna yrym edip, il-güni toýa çagyrypdyr we getirilen aw etinden märekäni naharlapdyr. Oguz ogullarynyň tapan altyn ýaýyny we altyn oklaryny özlerine gaýdyp beripdir. Oguz hanyň altyn ýaýa eýe bolan üç uly ogullarynyň beýleki ogullaryna garanyňda ileri tutulandygyny oguzlaryň-türkmenleriň şol zamandaky milli däp-dessurlaryndan, toý-dabaralaryndan hem aňmak bolýar. Ýagny altyn aý we altyn oklaryň tapylmagyna bagyşlanan toýda kakalarynyň - hanyň sag tarapynda uly ogullary Gün han, Aý han we Ýyldyz han - «bozoklar» oturupdyrlar, kiçi ogullary Gök han, Dag han we Deňiz hanyň orunlary Oguz hanyň sol tarapynda bolupdyr36. Emma oňa garamazdan, ogullarynyň we olaryň nesilleriniň haýsy mesele bolsa-da, şonuň ýorgudyny bile çözmegini, ylalaşykly hyzmatda bolmaklaryny, «biz hemmämiz bir urugdandyrys» diýip hereket etmelidiklerini, söweşde we oturylyşykda her kimiň öz ornuny tanamalydygyny oglanlaryna tabşyrypdyr. Reşiteddiniň ýazmagyna görä, şol toý dabarasynda Oguz hanyň aýdan iň soňky sözleri: «Men ölenimden soňra, Gün han diri bolsa, tagt we ýurt oňky, eger-de ol diri bolmasa, Aý hanyňky bolmalydyr» diýen sözler bolupdyr. Oguz hanyň tagta geçmek baradaky wesýetleri Ruhnamada şeýle beýan edilýär: «...aga barka ini agalyk etmesin, uly gardaş barka kiçi gardaş beg bolmasyn!» Ondan başga-da, Oguz han öz ogullaryna döwlet - patyşalyk düzgünlerini berjaý etmekde ýoldan gyşarmazlygy sargyt edipdir we bir kişini patyşa götermegi, ikisini birden götermezligi maslahat beripdir. Çünki ol «Han bir bolsa, il düzeler, iki bolsa il bozular» diýen pähimden ugur alypdyr. Çeşmelerden mälim bolşy ýaly, Oguz han öz döreden döwletiniň iň ýokary hökümdary bolupdyr. «Oguznamalaryň» maglumatlaryna görä, atalarynyň wesýetine eýerip Oguz han aradan çykanyndan soňra, onuň uly ogly, 70 ýaşly Gün han tagta çykypdyr. Oguz döwletinde wezir wezipesiniň hem bolandygy barada «Oguznamalarda» aýdylýar. Görnükli, örän akylly-başly wezir hökmünde Erkil hojanyň ady agzalýar. Ol Oguz hanyňam, ogly Gün hanyňam weziri bolupdyr. Oguz handan soňky nesilleri hem döwleti dolandyrmakda Oguz hanyň tejribesini öwrenipdirler we öz işlerinde ony ýerlikli peýdalanypdyrlar. Bu hakda Abylgazy maglumat berýär. Her bir döwlete häsiýetli bolşy ýaly, oguz döwletiniň hem döwlet nyşanlarynyň, baýdagynyň, möhrüniň bolandygyny çaklamak bolar. Oguz döwletiniň baýdagynda öküziň şekili bolandyr diýip çaklamaga esas bar. Sebäbi, b. e. öňki III müňýyllyga degişli arheologiýa ýadygärliklerinden: Garadepeden daşdan ýasalan, Altyndepeden bolsa tylladan ýasalan öküz şekilleri tapyldy. Şol şekilleriň haýsy hem bolsa bir ruhy ähmiýetiniň bolandygy şübhesizdir. Döwletiň hökümdary Oguz hanyň hut özüne degişli nyşany - altyn ýaýy we altyn oklary bolupdyr. Şeýle ýaý we oklar bilen döwletiň öňünde aýratyn hyzmatlary bolan harby ýolbaşçylar ýa-da harby ýörişde öz maslahatlary bilen ýeňiş gazanmaga ýardam eden adamlar sylaglanypdyr. Bulardan başga-da, altyn ýaý we ok aýratyn tabşyryk bilen başga ýurtlara giden ilçilere berlipdir. Onuň sebäbi, şol altyn ýaý we altyn oklar şol adamlaryň hakykatdan-da Oguz hanyň wekilidigini tanatmak üçin zerur bolupdyr. Onuň şeýle bolandygyny Reşiteddiniň ýazgylaryndan aňlamak bolýar: ýokarda agzalan nyşanlary bolan gaňly urugyndan bolan ilçiler welaýata baran mahaly Oguz hanyň beren ýaý we ok nyşanlaryna gözi düşen ilat olary hemme tarapdan goldapdyr, azyk we ulag kömegini beripdir. Oguz han daşary syýasatda diplomatiýany giňden ulanypdyr. Ol harby ýörişe gitmekçi bolanda, şol ýurtlara öňünden ilçi iberipdir. Uruş-sögüşsiz il bolmagy teklip edipdir. Hiç wagt duýdansyz gapyl basmagy makul görmändir. Garşydaş döwletlerine eden tekliplerini olaryň öwrenmeklerine mümkinçilik döredipdir. Ylalaşygyň güýç ulanmak tarapyny däl-de, diplomatiýa tarapyny möhüm we çylşyrymly meseleleri çözmegiň esasy serişdesi hasaplapdyr. Güýç-ýarag ulanmaklyga iň soňky çäre hökmünde seredipdir. Bular barada «Oguznamalarda» ynandyryjy deliller bar. Biziň ygtyýarymyzda gadymy ata-babalarymyzyň düýpli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýandyklaryna gös-göni şaýatlyk edýän ýeterlik derejede esasly maglumatlaryň bardygyny belläp geçmegimiz gerek. Şeýle gatnaşyklar ozaly bilen goňşular, Eýranyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň çäklerinde dowam eden gadymy medeniýeti dowam etdirijiler bilen ýola goýlupdyr. Biziň irki medeni gymmatlyklarymyzyň ýüze çykmagynyň başlangyçlary daş asyrlaryna degişlidir. Şol döwürlerde gadymy türkmenleriň medeni gatnaşyklarynyň hakyky sudurlary äşgär bolup ugrapdyr. Bu gatnaşyklaryň ölçeg guraly hökmünde ilkinji nobatda nagyşly küýzegärlik önümleri öňe çykýar. Şol eýýamyň gaplaryndaky nagyşlaryň käbir alamatlary Türkmenistanda Eýranyň we Alynky Aziýanyň küýze gaplarynda hem peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Tapyndylaryň esasynda alymlaryň käbirleri ýokarda agzalan ýerlerden ilatyň haýsydyr bir böleginiň göçüp-gonmalarynyň ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýarlar. Adamlaryň keşbini öwrenýän antropolog alymlaryň daş-mis zamanyna degişli kelleçanaklarda geçiren barlaglary ýerli oguz türkmenleriniň süýri kelleli ýewropa jynsly, gündogar ortaýerdeňiz keşpli adamlar bolandygyna şaýatlyk edýärler. Daş-mis zamanynda gadymy gündogaryň sebitlerinde medeni gatnaşyklar örän giň ugurlar bilen alnyp barlypdyr. Bu döwür irki ekerançylaryň medeniýetiniň mese-mälim ýokary göterilendigi bilen häsiýetlendirilýär. Hut şeýle öňe gidişligem bürünç zamanynyň täze jemgyýetiniň kemala gelmegine itergi beren ýagdaý boldy. Ýerli ykdysadyýetiň ösüşiniň aňrybaş ýokary derejesini alamatlandyran döwür bürünç zamanydyr. Şol döwür Merkezi Aziýada Namazgadepe, Altyndepe we Ulugdepe ýaly gadymy türkmenleriň ilkinji şäherleriniň dörän döwri boldy, ýöne şolaryň arasynda Altyndepe has oňat öwrenilendir. Daş-mis zamanynda bu ýadygärligiň çäkleri has giňelip, onuň gündogar ýapgytlygynda ilkinji toýun gaplary bişirilýän küreler gurlupdyr we bu künjegi bürünç zamanynda küýzegärleriň oturymyna öwrüpdir. Altyndepede aýan edilen has ähmiýetli açyşlaryň biri hem diň görnüşli basgançakly ybadathana bilen özboluşly jaýlaýyş toplumyny alamatlandyrýan keramatly ýerdir. Dini ybadat diň görnüşindäki uly ymaratyň tapylmagy alymlara ony Mesopotamiýanyň gadymy medeniýeti bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berdi. Mesopotamiýanyň gadymy Ur şäherindäki meşhur ak ybadathana (zikkurat) asman öküzi Nanna Sini bilen baglanyşdyrylypdyr. Şümerleriň gadymy dini rowaýatlarynda adatça öküz aý hudaýyny, ýarymaý bolsa Nannany alamatlandyrýar. Altyndepeden maňlaýynda aý şekili bolan pöwrize daşly altyn öküziň kellesiniň tapylmagy Türkmenistanyň çäklerinde Mesopotamiýadaky ýaly dini ynançlaryň ýaýrandygyna, şübhesiz, şaýatlyk edýär we Altyndepedäki dini merkez hem aý hudaýyna bagyşlanandyr diýip hasap edilýär. Türkmenistan bilen çäkdeş ýerleşýän Eýranda we Hindistanda gadymyýetiň çuňlugyndan bäri Mitra öküzi bilen baglanyşykly gün hudaýyna tagzym etmegiň ýaýrandygyny hem belläp geçmek gerek. Şunuň bilen baglanyşykly b.e. öňki V müňýyllykdan bäri gadymy Türkmenistanyň heýkellerinde öküziň şekiline duş gelinýändigini belläp geçmek hem täsirlidir. Mysal üçin, Garadepeden öküziň ak mermerden ýasalan şekiljigi tapyldy. Şu ýerde biz ata-babalarymyzyň durmuşynda Gün hem Aý alamatlaryna uly sarpa goýlandygyny belläp geçmeli. Oguz hanyň uly ogullaryna degişlilikde Gün han hem Aý han diýen atlar dakylypdyr. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan däpleri biziň günlerimizde hem saklanyp galypdyr, oglan we gyzlaryň birnäçe atlarynyň düýp sözünde Günüň hem Aýyň alamatlary bar, mysal üçin, olar Aýdogdy, Gündogdy, Aýgül, Aýsoltan we ş.m. atlarda görünýär. Täze Galkynyşlar we beýik Özgertmeler eýýamynda türkmenleriň pederi bolan Oguz hanyň sarpasy has belentden tutulýar. Aşgabadyň iň gözel ýerlerinde Oguz hanyň belent heýkelleri buýsanç bilen nesillerine garap dur. Gurulýan kaşaň binalarda hem beýik pederimiz Oguz hanyň ady ebedileşdirilýär. Muňa mysal edip dünýä ülňüleriniň iň ýokary derejesinde gadymy Gündogaryň we häzirki döwürdäki Ýewropanyň binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän iň öňde baryjy tejribeler esasynda gurlan «Oguzkent» myhmanhanasyny we ýaňy açylan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguzhan» köşkler toplumyny görkezmek bolar. Nurgözel BÄŞIMOWA. # "Türkmenistan", 03.06.11 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |