19:07 "Düýe malym - dünýe malym!" | |
"DÜÝE MALYM - DÜNÝE MALYM"
Edebi makalalar
Türkmenleriň häzirki zaman däp dessurlary müňýyllyklaryň dowamynda halkyň çylşyrymly durmuşyna ýugrulyp, kämilleşip, emma asyl manysyny ýitirmän gelen, edim-gylymlarydyr. Türkmenler taryhda dürli ösüşlere we pese düşüşlere sezewar bolan hem bolsalar, öz däp-dessurlaryny aýawly saklap gelen halkdyr. Taryhdan bilşimiz ýaly, her bir halk dünýäniň medeni mirasyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Gadymy türkmen halky hem dünä siwilizasiýasyna öz gymmatlyklary bilen uly goşant goşan halkdyr. Bu bolsa, diňe bir maddy gymatlyklar bolman, eýsem däp-dessurlardyram. Türkmen halkyna her bir oňat görýän zadyny mukaddesleşdirmek mahsusdyr. Şeýle mykaddeslikleriň biri hem düýedir. Türkmenler ýöne ýerden “düýe malym-dünýe malym” diýip aýtmaýarlar. Düýelere, Beýik ýüpek ýolunda ýerleşýän halklarda aýdylyşy ýaly, Türkmenictanda hem “çölüň gämisi” diýlip atlandyrylýar. Gurak we suw gyt ýerlerde düýe tapylgysyz we taýsyz maldyr. Sebäbi düýe Türkmenistanyň çöllük ýerlerinde çydamlylygy bilen tapawutlanyp, beýleki mallaryň içip bilmeýän duzly-şor suwlary içip oňup bilýär. Olar birnäçe malyň ýerini tutup bilýärwe et, süýt berýän, ýükçi hem-de tirkeg mal hökmünde gadymdan bäri ulanylyp gelinýär. Bürünç zamanyna (miladydan ozalky III-II müňýyllyklar) degişli Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde düýe tirkelen arabanyň toýundan ýasalan şekiljiginiň tapylmagy, eýýäm bäş müň ýyl mundan ozal düýeleri tirkeg maly hökmünde ulanylandygyny subut edýär. Türkmenistana “arwana” atly bir örküçli düýeler häsiýetlidirler. Olar öý haýwanlary hökmňnde bellidirler. Düýe köp halklarda güýçliligiň we öndürijiligiň alamaty hökmünde bellidir. Arap ýurtlarynda dünýäde iň owadan, asylly, pähimli-paýhasly, sabyr-takatly, çydamly zat düýedir diýip aýdýarlar. Gadym zamanlardan bäri ak düýe oňat görlüpdir we olary han-begler ulag hökmünde ulanypdyrlar. Türkmenlerde-de iň owadan ak maýany kejebeläp gelin getirilipdir. Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri hem, mukaddes hasaplanýan düýe ýüňidir. Düýäniň iki görnüşli ýüňi bolup, biri irimçik üstki, beýlekisi mymyjak, ýumşak, tenine ýakyn ýerleşendir. Egrip örmek, dokamak üçin esasan ýumşak ýüň ulanylýar. Bu ýüňiň täsinligi – sowukdan, yssydan goraýjy funksiýasynyň barlygydyr. Ýumşak ýüňi düýäniň endamyny elmydama belli bir ýylylykda saklaýar. Günüň aşagynda gyzgynlyk derejesi 50-60 gradusa barabar bolanda-da onuň endamy 40 gradusdan ýokary bolmaýar. Bu bolsa düýäniň ýüňüniň beýleki mallaryň ýüňünden tapawutlylykda onuň her bir tarynyň turbajyk görnüşligindendir. Şu aýratynlygy sebäpli düýe ýüňi ýylylygy oňat saklaýar. Düýe ýüňi gury ýylylyk saklamakdan başga-da goýnuň ýüňi bilen deňeşdirilende deň göwrümliligine garamazdan 2 göterim ýeňildir. Diri düýeden ýygnalan janly hasaplanýan ýüň deriden ýolnandan has gymmatlydyr, onuň bejeriji häsiýeti hem ýokarydyr. Düýe ýüňüniň agymtyl meleden goňura çenli, türkmen topragynyü dürli öwüşginlerini ýadyňa salýan mylaýym reňkleri bardyr. Belki şonuň üçindir, ony başga reňke boýamaýarlar. Köp asyrlaryň dowamynda düýe ýüňüni dürli keselleri bejerýän derman hökmünde ulanylypdyr. Düýe ýüňüni bilagyryly, bogunagyryly, gury agyryly adamlar melhem hökmünde ulanýarlar. Türkmenler düýe ýüňini mukaddesleşdirip, oňa gözden-dilden goraýan keramat hökmünde garapdyrlar. Düýe ýüňüni aýal-gyzlar öz bezeg şaýlaryna hem alajalara goşup gözden-dilden gorag hökmünde dakynýarlar. Gadymy zamanlardan bäri inçejik egrilen, erşi-argajy düýe ýüňünden ýokary hilli mata dokalypdyr. Bu matadan esasan ýaşuly erkek kişiler üçin çäkmen tikipdirler we oňa “agary” çäkmen diýlip atlandyrylypdyr. Bu matadan oglanjyklara-da ýyly geýim tikilipdirler. “Agary” çäkmenleri mukaddes zat hökmünde Pygamber ýaşyna ýeten erkek adamlara sowgat beripdirler. Türkmen ýigitleri öz dogduk mekanlarynyň goragyna çykanlarynda, agary çäkmenli Garagum çölüniň reňkinde guma “siňip” gidipdirler. Duşmanyň garaşmaýan ýerinde bolsa, ýerden “gögeren” ýaly bolup olara berk gaýtawul beripdirler. Türkmenlerde saçak hem mukaddes hasaplanýar.Düýe ýüňünden dokalan saçaga salnan çörek öziniň täzeligini köp wagtlap saklaýar diýlip hasaplanylýar. Häzirki döwürde-de her bir türkmen öýünde düýe ýüňünden dokalan saçak saklanýar, yryma görä öýde düýäniň ýüňi bolsa, şol öýe yrsgal-döwlet gelermiş. Düýe ýüňünden ini 25-30 sm, boýy 3-4 metr bolan guşaklar dokalypdyr. Guşagyň 70-80 sm-lik bir çeti nagyşlanypdyr. Guşagy gelinlerdir-uly ýaşly zenanlar dakynypdyrlar. Ony keçe basanlarynda, ýygym döwründe bilagyrynyň, hem-de sowuklamanyň öňüni almak üçin billerine birnäçe gezek aýlap dakynypdyrlar we nagyşly ujyny iň üstünden düşüripdirler. Bu guşagy ýaňy bäbegi bolan gelinleriň billerine daňyp, aýaklaryna ýüň jorap geýdirip 40 gün aýyrmandyrlar. Ýüň guşak gelni dürli kesellerden we “göz-dilden” gorapdyr. Şeýle-dedüýe ýüňüni çagalaryny göz-dilden, kesellerden goramak üçin sallançak kilimlerinde-de ulanypdyrlar we alaja hökmünde sallançak bagyna goşupdyrlar. Düýe ýüňüni namazlyklarda hem ulanypdyrlar we ony diňe namaz okaýanyň egilende maňlaýynyň degýän ýerine salypdyrlar. Düýe ýüňini basmak günä hasaplanyp, ony diňe ýorganda we egine geýilýän eşiklerde ulanylypdyr. Düýe ýüňünden düşek etmek ýa-da jorap örmek günä hasaplanýar. Ýokarda agzalyp geçilen önümler ogşuk malynyň inçeden ýumşak ýüňünden taýýarlanypdyr. Gadymy grekler kükürt, sirke we aşgardan, şeýle hem derman otlardan taýarlanan erginlere düýe ýüňüni batyryp taýýarlanan ýapgyny melhem hökmünde ulanypdyrlar. Beýik lukman Ibn Sina öz kitaplarynda düýe ýüňüniň ýokary derejeli bejeriş ukybynyň bardygy barada ýazypdyr. Fransuz koroly Lýudowik XIV düýäniň ýumşak ýüňünden tikilen ýorganlary oňat görüpdir we şol ýorgany ýapynyp ýatan gijesi örän oňat düýşler görýändigini aýdypdyr. Nurgözel BÄŞIMOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri. # "Edebiýat we sungat", 09.12.2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |