20:04 Ysmamyt ata ýadygärligi | |
YSMAMYT ATA ÝADYGÄRLIGI
Taryhy ýerler
Taryh ylmyny ösdürmek barada uly tagallalar edilýär we gadymyýetiň ýadygärliklerini gorap saklamaga, olarda dikeldiş hem-de rejeleýiş işlerini geçirmeklige möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň millli mirasyny öwrenmekligiň, dünýa ýaýmaklygyň wajypdygy barada Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: ”Millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýa ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir.” Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanynda ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan ýagygärlikleri öwrenmäge, olarda rejeleýiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge giň ýol açyldy. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty hem taryhy ýadygärlikleri rejelemekde we gorap saklamakda birnäçe işler amala aşyrýar. Türkmenistanyň çägi taryhy ýädygärliklere örän baý. Ýurdumyzyň islendik welaýatyny alyp görseň-de, olarda özleriniň arhitektura aýratynlyklary bilen tapawutlanýan meşhur taryhy ýagygärlikleri we aramgähleri görmek bolýar. Daşoguz welaýaty hem taryhy we medeni ýadygärliklere baý ýerleriň biridir. Ol ýerde orta asyrlarda salnan ajaýyp bina ýagygärlikler diňe bir biziň halkymyzyň däl eýsem bütin dünýäniň halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Şol ýadygärlikleriň käbirleri keramatly hasaplanýarlar we olara dünýäniň çar künjünden zyýarata gelýärler. Şeýle keramatly saýylýan ýerleriň biri-de Ysmamyt ata ýadygärlik toplumydyr. Ol Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň “Zaman” daýhan birleşiginde ýerleşýär. Ysmamyt ata çylşyrymly binagärlik toplumyndan ybarat bolup, XI-XII asyrlara degişli Eşretgalanyň harabalygynyň (170x170m) üstünde salnypdyr. Şol sebäpli hem gurlan binalar beýikli-pesli, ýagny olaryň düýbi deň derejede tutulmandyr we dürli döwürlere degişlidirler. Taryhy ýadygärlikleri we olaryň gurlyş aýratynlyklaryny öwrenýän Ýu.W.Steblýuk Ysmamyt atanyň dini ähmiýetiniň örän ulydygyny, şol sebäpli-de bu ýere Horezmiň ähli künjeklerinden zyýaratçylaryň gelýändikleri, sebitiň ähli welaýatlarynyň we etraplarynyň ýaşaýjylary – türkmenler, özbekler we gazaklar bu ýerde özleriniň merhumlaryny jaýlaýandyklary barada ýazýar. Ysmamyt ata barada ilkinji gezek XVII asyrda Hywa taryhçysy Abulgazynyň işinde, Şähristan bilen Horezmiň ýolunyň ugrunda ýerleşýän obalaryň atlarynyň arasynda agzalýar. ХIХ asyrda Munisiň berýän habaryna görä, häzirki Ysmamyt ata toplumyna degişli binalaryň birnäçesi ХVIII asyrda salnypdyr3. Akademik Ýa.G. Gulýamowyň pikirine görä, Ysmamyt atanyň töwereginden ýygnalan keramiki bölekler Afrigiler döwrüne, IX-X asyrlara, binalaryň salnyş usullary boýunça bolsa, XIII-XIV asyrlara degişlidirler. Halkyň arasyndaky ýörgünli rowaýata görä, biziň eýýamymyzyň VII asyrynda häzirki Türkmenistanyň çäklerinde, Horezmde yslam dinini wagyz etmäge Muhammet Pygamberiň egindeşleriniň we serkerdeleriniň biri bolan Musaib Kazy Sahabyň ogly Isym Sahab gelýär. Şol wagtlar Eşretgala şäheri bolup, onda Soltan Mahmyt hökümdarlyk edipdir. Halkyň arasynda onuň abraýy örän uly bolupdyr. Isym Sahab Soltan Mahmyt bilen duşuşypdyr. Hökümdar yslamyň näme wagyz edýändigi bilen gyzyklanypdyr. Yslamyň bir hudaýa ynam edip päk ýürekli bolmalydygyny aýdylanda, ol biz hem bir hudaýa ynanýarys we päk ýürekli bolmalydygyny wagyz edýäris diýip yslamy wagyz edilmegine garşy çykmandyr. Tiz wagtdan Soltan Mahmydyň özi-de ýakynlary bilen yslamy kabul edipdir. Birnäçe wagt geçenden soň Soltan Mahmyt Isym Sahabyň ýanyna gelip, özüniň oglunyň ýokdugy we nesliniň dowamynyň bolmajakdygy sebäpli, adynyň ýitip gitjekdigini düşündirip, ondan yz galar ýaly atlaryny birleşdirmegi haýyş edipdir. Isym Sahab razy bolup, şeýle hem edilipdir. Isym Sahab ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde ýaşapdyr we ölenden soň hem Eşretgalada jaýlanypdyr. Soltan Mahmyt onuň adyny halkyň arasynda ebedileşdirmek babatda alada edipdir. Yslamyt ata ady hem şol iki meşhur şahsyýetleriň - Isym Sahab bilen Soltan Mahmydyň atlarynyň birleşdirilmeginden gelip çykypdyr. Şondan bäri hem bu toplum Isymmahmyt-Ysmamyt bolup galypdyr. Ysmamyt ata toplumy barada halkyň arasynda diňe rowaýatlar dilden-dile geçip gelýär, emma bu şahsyýetler barada taryhy resminamalar saklanyp galmandyr. Ysmamyt ata toplumynyň töweregini uly gonamçylyk (4-5 ga) gurşap alýar. Gonamçylykdaky iň uly mazar Ysmamyt atanyň (Isym Sahabyň) mazary-kümmetidir. Soltan Mahmyt hem şol ýerde jaýlanan bolmaly, emma onuň mazary saklanyp galmandyr. Ysmamyt ata binagärlik toplumynyň Eşretgalanyň galyndysy bolan belentlikde gurlandygyna garamazdan, töwerekdäki zeýkeşleriň joşmagy zerarly, bu gonamçylygy birnäçe gezek suw alandygy barada bellenilýär. Toprakdan syzyp geçýän şor yzgaryň asyrlaryň dowamyndan häzirki günlere çenli berýän güýçli zeperi zerarly, ýadygärlige weýran bolmak howpy abanypdyr. Bu toplum iki sany uly gümmezli, zyýaratçylar üçin namaz, gurhan okalýan, dileg edilýän otagly we mazarly Ysmamyt atanyň kümmetinden; ýedi gümmezli uzyn däliz görnüşinde salnan “Daşköçe” diýlip atlandyrylan desgadan; toplumyň galan bölegi bilen birikdirýän dälizden; gyşky we ýazky metjitlerden; aşhanadan; hanaka ýa-da medreseden durýar. 2009-njy ýylyň aprel aýynda Ysmamyt ata binagärlik toplumynyň ýanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň ylmy işgärleri - arheologlar – O.Orazow, Ş.Annataganow, antropolog – O.Babakow, taslamanyň ýolbaşçysy – N.Bäşimowa we Köneürgenjiň ýadygärlikleri goramak baradaky Goraghanasynyň müdiri, rejeleýji işgärleri, gurluşykçy inžener, arhitektorlar, şeýle hem Ysmamyt ata gonamçylygynyň ymamyndan düzülen toparyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda Ysmamyt ata binagärlik toplumyny rejelemek işini geçirmeklik makul bilindi. Arhitektorlaryň takyk ölçeg alýan lazerli gurallarynyň kömegi bilen ýadygärligiň çyzgylary taýýarlandy we şol ýerde kompýutere salyndy. Her gümmeziň, Daşköçäniň demirgazyk we günorta diwarlarynyň ýüzündäki ýaý görnüşli ýedi sany arkanyň, gümmezleriň aralygyndaky gädijekleriň takyk ölçegleri alnyp, aýratynlygy göz öňünde tutulyp, rejeleýjiler üçin iş çyzgylary taýýarlandy. Daşköçäniň demirgazygyndan we günortasyndan uzaboýuna (her tarapyndan 40 m), binýadynyň başlanýan ýerine çenli çukur gazyldy we diwarlaryň daş ýüzünden berkitmek üçin bişen kerpiçden ini 80sm, boýy 1,5-2m barabar binýady tutuldy we yzgar geçmez ýaly ilki bitum çalyp, soň polietilen bilen daşyny ýapyp, üstüne ruberoid düşelip berkidildi. Arhitektorlaryň taýýarlan çyzgylary esasynda rejelemek kada-kanunyny yzarlap, Daşköçäniň diwarlarynyň ýüzündäki aýlawly-arka görnüşli bezeglerde, ýedi sany gümmezde, gümmezara gädijeklerde we portalynda-girelgesinde kerpiçleri ýonup, gerek ölçeglere gabat getirip, rejeleýiş işleri geçirildi. Şol bir wagtda Daşköçäniň we aramgähiň içinde abadanlaşdyryş işleri hem geçirildi. Häzirki wagta çenli Ysmamyt atanyň kümmetiniň gümmezleri, girelgesi we basgançakly meýdany rejelendi. Ýadygärlik toplumynyň gurluşlarynyň içki we daşky görnüşleriniň ählisi surata düşürildi. Ysmamyt ata ýadygärlik toplumynyň galan bölegi bolan gyşky we ýazky metjitlerinde, aşhanada we hanaka-medresede rejeleýiş işlerini gelejekde dowam etdirmeklik göz öňünde tutulýar. Nurgözel BÄŞIMOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |