19:14 Gorkut Ata - Ruhy Atamyzdyr | |
GORKUT ATA - RUHY ATAMYZDYR
Edebi makalalar
Türkmen halkynyň gojaman taryhynyň dowamynda toplan tejribesini, täze Galkynyşlar we beýik Özgertmeler zamanasynyň talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de olary halka ýetirmek örän wajyp, gaýra goýulmasyz meseleleriň biridir. Dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girýän eserler ähli döwürleriň synagyndan geçip, öz çeperçilik gymmatyny, ähmiýetini ýitirmän saklap bilýär. Bu ýagdaý türkmen halkynyň medeni mirasynyň gadymy we gymmatly çeşmeleriniň biri bolan «Gorkut ata» eserine hem gös-göni degişlidir. Gorkut atanyň kitabyny okan her bir adam onda örän sagdyn aňly, giň gözýetimli, akyl-paýhasly, baý, agzybir, edermen oguz begleriniň ýaşaýyş keşplerini görýär. Şol oguzlaryň nähili beýik edebiýatynyň, toý-baýrama görk berýän sungatynyň bolandygyna göz ýetirýär. «Gorkut ata» kitabyny öz wagtynda çapa taýýarlan Mäti Kösäýew: «Türkmenler Gorkut atany diňe bir ýazyjy, şahyr, bagşy diýip tanaman, aýdan zady hökman bolaýýan, keramatly bir adam hasaplapdyrlar» diýip ýazypdyr. Mäti Kösäýew orta asyr awtorlary bolan Reşiteddine (XIV a.), Alyşir Nowaýa (XV a.), Salyr Baba Gulaly ogluna (XVI a.), Abylgazy Bahadyr hana (XVII a.) salgylanyp, Gorkut atanyň Garahoja diýen adamyň ogly bolup, türkmenleriň “baýat” tiresinden bolandygy barada ýazypdyr. «Gorkut atanyň» ýönekeý bir rowaýat gahrymany bolman, eýsem taryhy şahsdygyny subut etmek üçin birnäçe deliller getiripdir. Syrderýanyň kenarynda Jankent – (Täze şäher) diýen ýerde Gorkudyň mazarynyň hem bardygyny ýatlanýar. A.Ýu.Ýakubowskiniň salgy bermegine görä, Gorkudyň mazary Gazagystandaky Kazaly şäheri bilen Gyzylordanyň aralygynda ýerleşýän bolmaly. Belli gündogarşynas W.W.Bartold hem «Gorkut ata» barada ýazanda, dessanyň gahrymanlarynyň oguz türkmenleridigini teswirläpdir we Gorkut ata kitabynyň dürli şahalarynyň hut Türkmenistanyň özünde köp asyrlaryň dowamynda aýdylyp gelinýändigi belläpdir. «Gorkut» ata eposy Merkezi Aziýadan başlap, Kawkazda, Alynky Aziýada giň ýaýran meşhur eser saýylýar. Bartoldyň pikirine görä, Alynky Aziýada Gorkudyň adyny we şöhratyny ýaýradanlar «Garagoýunly» we «Akgoýunly» türkmenler bolupdyr. Edebiýatçy alym Ýe.E. Bertels «Gorkut ata» eposynyň dili barada söz açyp, onda türkmenleriň dürli şiweleriniň gadymdan häzirki wagta çenli ulanylýan sözleriniň bardygyny nygtaýar. «Gorkut ata» eseriniň hemme boýlarynyň bir döwürde däl-de, dürli döwürlerde ýazylandygyny alymlar belleýärler. Onuň käbir bölümleriniň has irki döwürlerde, V-VII asyrlarda ýüze çykan bolmagy mümkin, käbirleri bolsa X-XI asyrlara degişlidir diýlip hasaplaýarlar. Emma soňky ýyllarda bu eser boýunça geçirilen ylmy derňewler, ony bir-iki ýüz ýyl gadymylaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýene bir bellemeli zat, ol hem eseriň dürli-dürli, ýagny «Gorkut ata», «Kitaby Dädem Gorkut» ýaly atlandyrylmagydyr. Emma türkmen dili üçin «Gorkut ata» görnüşi hakykatdan-da göwnejaýdyr. «Gorkut ata» kitabynyň Mäti Kösäýew aýtmyşlaýyn, türkmen halkynyň gadymy taryhyny, jemgyýetçilik gurluşyny, däp-dessuryny, ykdysadyýetini, milli-ahlak durmuşyny öwrenmekde belli gadyry ýokdur. «Gorkut ata» kitaby türki dilli halklaryň kemala gelmeginde uly ähmiýetli bolup, şol halklaryň ýaşaýşynyň we durmuşynyň özboluşly beýanydyr, halky-myzyň, ruhy medeniýetimiziň, onuň giň dünýägaraýşynyň we ýokary adamkärçilik häsiýetleriniň arassa çeşmesidir. «Gorkut ata» kitabynda Gorkut mydama halkyň arasynda, iliň ýagşysyna ýaraýan, il-günüň we hökümdarlaryň maslahatçysy hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň şeýledigini başdan-aýak gahrymançylyk ruhuna ýugrulan «Gorkut ata» dessanynyň ähli boýlarynda diýen ýaly görmek bolýar. Dogrudan-da türkmen halkynyň geçmiş durmuşy, esasan, onuň azatlyk, erkinlik, parahat durmuş, özbaşdak döwlet gurmak ugrundaky gahrymançylykly hereketlerden, göreşlerden ybarat bolupdyr. Mäti Kösäýew «Gorkut ata» kitabyny çapa taýýarlamak bilen we onuň aýry-aýry boýlaryny «Sowet edebiýaty» žurnalynda we başga ýerlerde çap etmek bilen, türkmeniň unudylan taryhyny täzeden dikeltmäge synanyşyk etdi. Mundan başga-da Rahmanowyň, Nurmyrat Esenmyradowyň «Gorkut ata» boýunça toplan maglumatlary çapdan çykdy. Garaşsyz Türkmenistanda «Gorkut ata» bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. «Gorkut ata» eposy barada ýazan, ýokarda agzalan awtorlar, şol zamanda oguz türkmenleriniň nähili beýik ar-namysly, gaýratly we edermen bolandygyny, türkmenleriň maddy baýlyklary we ruhy gymmatlyklary döretmek bilen dünýä medeniýetine, edebiýatyna, taryhyna egsilmez goşant goşandyklaryny belleýärler. Mälim bolşy ýaly, «Gorkut ata» eposynda aýal-gyzlar möhüm orun tutýar. Olaryň namysjaňlygy, ojaklaryna wepalylygy, kynçylyga çydamlylygy özüniň beýanyny tapypdyr. Munuň şeýle bolandygyny diňe Gazan hanyň aýaly Burla hatyny we onuň kenizlerini häsiýetlendirilişini mysal getirip bolar. Gelin-gyzlar mergenlik bilen ok atmakda, at çapmakda, duşman bilen söweşmekde erkek adamlardan pes bolmandyrlar. Eger bir ýigit öýlenjek bolsa, ol gyzyň şertlerini ýerine ýetirmeli bolupdyr. Ýigit at çapmakda, oky nyşana atmakda ökde çyksa, göreşde ýyksa ony gyz mynasyp ýoldaş diýip durmuşa çykmaga razylyk beripdir. Gyz wada bereninden soň bolsa, öldürseňem öz ähdinden dänmändir. «Gorkut ata» kitabynda aýallaryň ornuny beýan edip, M.Kösäýew şeýle ýazýar: «Aýallar köp meselelerde ärlerine maslahat berýärler, ärleri bolsa olaryň beren geňeşlerine gulak asýarlar». Gorkut ata taglymaty halkyň hakydasynda Gorkut ata ýoly bolup galypdyr. Gorkut ata ýoly bolsa, halallyk, ruhubelentlik, agzybirlik, jebislik ýoludyr. Türkmenler Gorkut ata Pygambere ynanan ýaly ynanypdyrlar. Öz ykballaryny Gorkut atanyň eline berip, onuň edenine kaýyl bolupdyrlar, onuň ýörelgesini dogry hasaplapdyrlar, onuň keramatyna uýupdyrlar. Bu dana adamyň ýaşan zamanynda türkmen toýlary, uly döwlet maslahatlary Gorkut atasyz geçmändir. Çaga dünýä inende türkmenler ony çagyryp, at dakdyrypdyrlar, toý tutsalar, onuň beýemçisi, saz çalsalar, sazandasy, tersleşik bolsa, araçysy bolupdyr, tagta münülse, Gorkudyň nesihaty bilen döwleti dolandyrypdyrlar. Onuň hakykatdan-da şeýle bolandygy «Oguznamalarda-da» örän köp agzalýar. Gorkut ata zamanynyň ýer-ýurt, derýa-deňiz atlary bilen baglanyşykly käbir meseleleri hem türkmen däp-dessurlarynda öz beýanyny tapypdyr. Gorkut ata zamany oguzlar häzirki Hazar deňzine Gürgen deňzi diýer ekenler. Gürgen ady biziň gadymy oňonymyzyň - Gurduň adydyr. Oguzlar özlerini gurtganly hasaplapdyrlar. Türkmeniň gurt häsiýetinde batyrlyk, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly gowy häsiýetler görünýär. Mälim bolşy ýaly, Gorkut ata ökde sazanda bolup, çeper döredijilik bilen meşgul bolupdyr. Çeper döredijilik diňe bir ynsan duýgusyna täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem ol duýgularyň üsti bilen, ynsanyň paýhasyna hem täsir edýär. Gorkut ata halallygy ündemek, nogsanlygy ýazgarmak häsiýeti mahsus bolupdyr. Gorkut atanyň il-ulusa beren öwüt-ündewleri diňe bir öz döwri üçin däl, eýsem ähli döwürlerde hem ähmiýetlidir. Ol bu günki ýaşlary watansöýüjilik, adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Şol nesihatlar arkaly Gokut ata tekeppirlik, ulumsylyk, harsydünýälik ýaly erbet häsiýetleri ýazgarsa, kiçigöwünlilik, agzybirlik, pespällik, il-gününe, ýurduna hyzmat etmek, eli açyklyk ýaly hiç wagtda ähmiýetini ýitirmeýän adamkärçilik häsiýetlerini wasp ýedipdir. Şeýlelikde, paýhasly, parasatly Gorkut atanyň ýörelgesi we taglymatlary türkmen taryhynyň ruhy binýady bolup, hut şu günler hem halkyň aňynda örän möhüm orun eýeleýär. Beýik türkmen şahyry Magtymguly atamyzyň arzuw edip, emma ýetip bilmedik agzybirligini bize häzirki döwürde, Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletinde görmek miýesser boldy. Biziň pederlerimizi baky ebedileşdirmek üçin uly işler alnyp barylýar. Gözel Aşgabadyň seýilgählerini olaryň heýkelleri bezeýärler. Suratkeşler şekillerini çekýärler. Ýakynda bolsa Türkmenistanyň dünýä ýüzundäki abraý-mertebesiniň nusgasyna öwrüljek, üýtgeşik binagärlik aýratynlygy bolan “Oguzhan” köşkler toplumy ulanmaga berildi. Bu täsin Köşkler toplumynda bar bolan giň we ýagty otaglaryň her birine şöhraty äleme dolan ata-babalarymyz – beýik pederlerimiziň atlary dakyldy. Nurgözel BÄŞIMOWA. # "Türkmenistan", 16.06.2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |