20:06 Daşrabatdepe | |
DAŞRABATDEPE
Taryhy ýerler
Daşrabatdepe Balkan welaýatynyň Balkanabat merkezi şäherinden 38 km demirgazyk-günbatarda, Jebel-Gyzylgaýa gara ýoluň ugrunda, Uly Balkan dagynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Daşrabatdepe ozal ylmy taýdan öwrenilmedik ýadygärlik bolup, gazuw-agtaryş işleriniň netijesindeony öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutlarynyň ylmy işgärleri tarapyndan bu tema boýunça edebiýatlar we arhiw materiallary bilen işlenildi. Daşrabat şäherçesiniň töweregi jar bilen gurşalyp, onuň umumy meýdany, takmynan 3825 kw. m barabardyr. Günorta-gündogar tarapynda 11 sany ululy-kiçili inedördül, göniburçly dag daşlaryndan salnan jaýlaryň sudurlary saklanyp galypdyr. Daşrabatdepäniň demirgazyk-günbatarynda daşdan salnan 20 metrden gowrak diwaryň galyndysy saklanyp galypdyr. Diwaryň saklanyp galan ýerleriniň beýikligi 80-sm-den 2 m-e çenli barabar. Şäherçäniň demirgazygynda ýerleşýän depäniň diametri takmynan 40 m, beýikligi 5-5,5 m barabardyr. Onuň üstünde gatlak-gatlak dag daşlarynyň bölekleri, şeýle hem megerem, bezeg şaýlaryny ýasamaklyk üçin taýýarlanan togalak daşlar, keramikanyň we aýna önümleriniň bölekleri saklanyp galypdyr. Şol tapyndylaryň esasynda ýadygärligiň orta asyrlara degişlidigini bellemek bolar. Emma, gyzyl palçykdan ýasalyp, daşy ýörite sürtgüç bilen ýylmanan birnäçe keramiki bölekleriň tapylmagy, bu ýadygärligiň antik, ýagny b.e.öňki III we b.e. III asyrlaryna degişli bolmagynyňmümkindigini aňladýar. Ýadygärlikdenalnan tapyndylary hasaba alyp, kameral işleri ýerine ýetirildi. Olaryň umumy sanawy 144 bolup, olardan daş – 46, keramika – 51, aýna – 47 sany. Daşrabat ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleri depäniň üstünden günbatardan gündogara tarap uzynlygy 20 m, ini 2 m bolan garymda diwaryň iç ýüzinden binýadyna çenli gazuw dowam etdirildi we 5,5m çuňluga eltildi. Şol diwaryň daş ýüzüni yzarlamak gazuwy hem dowam edilip, ýokarsy basgançak görnüşli bolan diwar aşaklygyna ýasy iri daşlardan, arasyna 10-17 sm galyňlykda palçyk goýlup salnan, göni görnüşde dowam edýändigi anyklandy. Ýadygärligiň günorta-gündogar tarapynda daşdan salnan tegelek suduruň üstünden baryldy we gazuwyň netijesinde daşky diametri 2,70 m, içki diametri 1,70 m barabardygy, onuň diňiň galyndysydygy kesgitlenildi. Diňiň diwarynyň ýokarky 1,2 m bölegi daşdan örülip, aşaklygyna giňeýän ýerleri, binýadyna çenli - 4,30 m pagsadan salnypdyr. 1-nji, inedördül bölekden günbatarlygyna we günorta-günbatarlygyna ýenede iki sany (2x2 m) inedödül gazuw dowam etdirildi. Bu ýerde diňden günbatara tarap daş diwaryň dowam edýändiginiň sudurlarynyň üsti açyldy. Ekspedisiýa gatnaşanlaryň pikirine görä, derwezä tarap uzaýan bolmagy mümkin. Şular ýaly diň ýadygärligiň dört tarapynda hem diňiň sudury ýüze çykaryldy. Gazuwyň günbatar tarapynda dürli ululykdaky daşlardan örülen diwar bolup, onuň galanyň daşky diwarynyň iç tarapydygy aýan edildi. Daşlaryň galyňlygy ortaça 6-7 sm, ululygy 15x20-den – 30x50 sm we olaryň arasyndaky palçygyň galyňlygy 10-13 sm ybarat. Diňiň gündogar tarapynda dürli ululykdaky daşlardan ýapgyt örülen gurluş (konstruksiýa) bolup, onuň diňiň üstüne münülýän ýol bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. Gazylan çukuryň günbatar tarapynda daşdan örülen diwar (uzynlygy 3,75 m) ýerleşip, ol girelgäniň diwary bolmaly. Görkezilen ölçegdäki diwaryň başdaky 90 sm aýratyn öňe çykýar. Ol derwezäniň sütüni bolmagy mümkin diýen netijä gelindi. Diwar 5 setir bolup gidýän daş hatarlaryndan ybarat bolup, olar galanyň iç tarapyna ýapaşak görnüşinde örülipdir. Gazuw-agtaryş wagtynda antik döwre degişli küýzäniň gapdal taraplarynyň bölekleri ýüze çykaryldy. Şeýle hem bu ýerde entek duşmadyk, ölçegleri 36x36x8 sm-den ybarat bolan 7 sany çig kerpijiň üsti açyldy. Olaryň biriniň ýüzünde adam ýüzüniň şekilini ýatladýan tagma ýaly şekil bar. Bu kerpiçleriň ölçegleriniň we çig palçykdan bolmagy antik zamanyna degişli Nusaý kerpiçlerine (40x40x10 sm) meňzeş bolmagy bu ýadygärligi antik zamany bilen senelemäge esas berýär. Kerpiçler demirgazykdan gündogara tarap uzap gidip, gündogar tarapy 1-1,20 m pagsa gapdaly bolsa uzaboýuna daş düzülipdir. Bu depäniň ýokarky gatynyň düşegi bolmagy ähtimaldyr. Antik we orta asyrlaryň gurluşyklarynda ulanylan kerpiçleriň ýüzlerinde galdyrylan belgiler – tagmalar alymlar tarapyndan öwrenildi. Tagmalar kerpijiň çig ýagdaýynda onuň ýüzüne basylyp çyzylan tegeleklerden, nyşanlardan, dürli harplardan we eliň aýasynyň yzlaryndan ybaratdyr. Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýadygärligiň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gümrükhana bolmagynyň ähtimaldygyny görkezdi. Nurgözel BÄŞIMOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |