19:29 Gökdepe etrabynyñ gadymy ýadygärlikleri | |
GÖKDEPE ETRABYNYÑ GADYMY ÝADYGÄRLIKLERI
Taryhy makalalar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan çuňňur öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesi ylym-bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ösüşiň täze basgançaklaryna barýan Garaşsyz ýurdumyzda milli medeniýete, sungata, milli mirasa uly üns berilýär we geljekgi nesillere ýetirmeklige ähli şertler döredilýär. Türkmenistan siwilizasiýalaryň dörän mekany bolup, irki ekerançylara degişli ýadygärliklere baý ýurtdyr. Geçen asyryň ortalaryna başlanyp, soň giň gerim alan arheologiki barlag işleri Türkmenistanyň gadymy taryhynyň aýry-aýry döwürlerini çuňňur we yzygyderli öwrenmeklige ýardam edýär. Arheologlar täze açyşlary bilen türkmen halkynyň taryhynyň öň belli bolmadyk sahypalaryny aýan edýärler. Jeýtunyň açylmagy we öwrenilmegi bilen, Köpetdagyň eteklerinde neolit ýa-da irki daş asyrlary (miladydan öňki VI müňýyllyk) döwrüne degişli ýadygärlikleriň bardygybelli boldy. Şol ýadygärlikler toplumy Jeýtun medeniýeti diýlip atlandyryldy we olaryň ýaýrawy anyklandy. Jeýtun medeniýetine degişli ilkinji ýadygärlik 1931-nji ýylda Keletäniň töwereginde aýan edildi. Bu ýerden neolit döwrüne degişli daş gurallary we nagyşly kulalçylyk-keramiki önümleri ýüze çykaryldy. Aşgabadyň we Gökdepäniň töweregindäki ýadygärlikler bolan Jeýtunda, Taze Nusaýda, Togogolakdepede, Çopandepede we Pessejikdepede geçirilen arheologik barlag işleri neolit zamanyna degişli birnäçe maglumatlaryň toplanylmagyna getirdi. Mälim bolşy ýaly, 1952-nji ýylda arheolog A.A.Maruşenko Gökdepäniň töwereginde arheologiki barlag işleri geçirilýärkä Yzgant obasynyň demirgazygyndaky gumda jeýtun döwrüne degişli kulalçylyk önümleriniň böleklerini tapypdyr. 1968-nji ýyldan başlap, Çopandepäniň, Togolakdepäniň we Pessejikdepäniň durkuny öwrenmek we olardan çykan maddy medeniýete degişli galyndylary öwrenmek üçin arheolog Öwlýäguly Berdiýew yzygiderli gazuw agtaryş işlerini alyp barypdyr. Neolit zamanynda Türkmenistanyň günortasynda uly öwrülişikler we täzelikler bolup geçýär. Bu döwürde irki ekerançylygyň we mallary eldekileşdirmekligiň ilkinji görnüşleri emele gelýär. W.M. Massonyň Jeýtundepede geçiren arheologiki ylmy-barlag işleriniň netijesinde palçyga garylan samanyň galyndylary seljerilende, bu döwürde ilkinji bugdaý däneleriniň sudurlary ýüze çykarylýar. Bu bolsa adamlaryň taýýar önümleri ýygnamaklykdan irki ekerançylyga geçip başlandygynyň subutnamasydyr. Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerden tapylan çakmakdaşlaryndan ýasalan iş gurallaryny öwrenen G.F.Korobkowanyň we O.A.Löllekowanyň geçiren seljeriş işleri netijesinde şol gurallar bilen arpa we bugdaý orulandygynytejribe işlerini geçirmek arkaly anykladylar. Bu döwürde gurluşykda hem uly özgerişlikler bolup geçýär. Palçyk topbagyndan, gödegrägem bolsa, çig kerpijiň ilkinji görnüşi ýüze çykýar. Günorta Türkmenistanyň neolit döwrüne degişli ýadygärlikleri öwrenilende olaryň jaý gurluşynyň esasan birmeňzeşdigini görkezdi. Olar ýaşaýyş we kömekçi jaýlardan we howludan ybarat bolupdyr. Jaýlar esasan inedördül sudurly bolup olar 10-dan 39 inedördül metre barabardyrlar. Jaýlaryň içinde uly ojak salnypdyr. Olar nahar taýýarlamak we içerini ýylatmak üçin ulanylandyr. Käbir ýerlerde ojaklaryň iki tarapynda gap-gaçlary we beýleki zatlary goýmak üçin çüň we giň ýer goýlupdyr, käbir jaýlarda bolsa, ojagyň bir tarapynda, esasan sagynda seki salnypdyr. Ýaşamak üçin salnan jaýlaryň hemmesiniň diwary saman suwagy bilen suwalypdyr we käbiriniň bolsa, üstünden gyzyl reňk çalnypdyr. Howlular örän dar, kähalatlarda jaýyň özünden hem kiçi bolupdyr. Neolit zamanynyň ajaýyp üstünlikleriniň biri küýzegärçiligiň-keramikanyň oülanyp tapylmagydyr. Bu döwürde gaplary elde ýasapdyrlar. Palçygy mazaly eýläp, zolaklara bölüp, gabyň düýbünden başlap erňegine çenli zolaklary bir-birine sepläp, oňa gerek göwrümi beripdirler. Gabyň içini we daşyny ellerini ölläp ýylmanlaryndan soň, oňa suwuk palçyk erginini çalypdyrlar we guratmaga goýupdyrlar. Şondan soň gaplary açyk otda bişiripdirler, emma oduň gaplaryň hemme ýerine endigan degmeýändigi üçin olaryň galyňrak ýerleriniň içinde gara zolak emele gelýär. Tapyndylardan çen tutup gaplaryň esasan dört görnüşiniň bolandygy anyklandy. Olar golçalardan, okaralardan, şakäselerden we dik bulgur görnüşli bolandyklaryny aňmak bolýar. Bu zamanyň ýene bir uly üstünlikleriniň biri reňkiň oýlanyp tapylmagydyr. Adamlar dürli jisimlerden we ösümliklerden reňk almagy, olaryň oda, suwa çydamly bolmagyny gazanypdyrlar. Şeýle hem bu döwürde nagşyň ilkinji ýönekeýje görnüşleri emele gelipdir.Bu nagyşlar eneolit (miladydan öňki V-IV müňýyllyk) döwründe kämilleşip, çylşyrymlaşyp häzirki gelin-gyzlarymyzyň sünnäläp çekýän keşdelerindäki “tegbentleriň”, “üzülmezleriň”, “okgözileriň” we türkmen halylaryndaky “älem” nagyşlarynyň kökleriniň dörän döwrüdir. Bu bolsa, biziň nagyş sungatymyzyň hiç ýerden getirilmändigini, onuň kökleriniň neolit zamanyndan şu günlere ýetendigini subut edýar. Indi Gökdepe etrabynda ýerleşýän Jeýtun döwrüne degişli ýadygärlikler barada gysgaça durup geçeliň. Çopandepe Gökdepe etrap merkezinden 7-8 kilometrlikde ýerleşen, jeýtun medeniýetine degişli ýadygärlikleriň biridir. Bu ýerde aýan edilen ilkinji gurluşyklaryň galyndylary topbak palçykdan ýasalan “çig kerpiçden” salnandygy we olaryň Jeýtun we Çagyllydepe ýadygärliklerindäki jaýlaryň galyndylary bilen bir meňzeşdigi anyklandy. Gazuw agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda çakmak daşdan, süňkden ýasalan iş gurallarynyň, kulalçylyk önümleriniň galyndylarynyň bardygy anyklandy şeýle hem bu ýerden palçykdan ýasalan haýwan şekilleri, monjuk, daşdan ýasalan asyk, balykgulaklaryň bölekleri we köp mukdarda mallaryň süňkleri ýüze çykarylypdyr. Togalakdepe ýadygärligi Çopandepäniň 4-5 km demirgazygynda ýerleşýär. Bu ýerde hem Çopandepedäki ýaly çig “kerpiçden” örülen jaýlaryň galyndylarynyň üstünden barlypdyr.Bu ýadygärligiň gündogar böleginde aýan edilen gurluşygyň galyndysy özüniň üýtgeşik görnüşi bilen tapawutlanýar. Ol alty sany birmeňzeş uzynlykda bolan parallel diwarlardan ybaratdyr. Şular ýaly gurlan diwarlar Günorta Türkmenistanyň irki ekerançylygyna degişli ýadygärliklerinde başga-da duş gelip, olar howlularyň içinde ýa-da obanyň çetinde salnypdyr. Olaryň nämä niýetlenip salnandygy anyk däl, ýöne arheologlar mal etini kakadylan ýer bolmaly mümkindir diýen pikiri öňe sürýärler, çünki bu ýerlerden köp mukdarda mal süňkleri tapylypdyr. Iň gyzykly zatlaryň biri hem palçykdan ýasalan haýwanlaryň şekilleriniň hem köpüsiniň şu ýerden tapylmagydyr. Ol heýkeljikler öldürilen mallaryň öwezine ýasalan bolmagy ähtimaldyr. Pessejikdepe Togalakdepeden 1,5 km aralykda, Gökdepe etrabynyň “Ahal”daýhan birleşiginde ýerleşýär. Pessejikdepäniň ýaşaýyş jaýlarynyň galyndylarynyň üsti açylanda ojakly diwaryň garşysyndaky çykyp duran tekçäniň bardygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem jaýlaryň poly alebastrdan ýasalan suwag bilen suwalypdyr. Çopandepe we Togalakdepede pol diňe palçyk suwagy bilen suwalypdyr. 1968-nji ýylda Öwliýäguly Berdiýewiň açan 64 inedördül metrden ybarat bolan uly otagy aýratyn üns bermeklige mynasypdyr. Arheologlar bu otagyň obanyň ilatynyň umumy meselelerini çözmek ýçin we dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin ýygnak geçirilýän“urug jaýynyň” bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler. Bu jaý Jeýtun ýadygärlikleriniň gurluşyklaryndan özüniň ululygy we diwarlarynyň iki esse galyňlygy bilen tapawutlanýar. Jaýyň diwarlaryny samanly suwag bilen birnäçe gezek suwalypdyr. Şeýle suwaglar günorta Türkmenistanyň weMesopataniýanyň ýaşaýyş jaýlarynda eneolitdöwründe-de dowam etdirilipdir. Pessejikdepäniň “urug jaýynyň” ojakly diwarynyň garşysyndaky diwarda tekje ýerleşip, onuň merkezinde aý görnüşli şekil ýerleşdirilipdir. Şol diwara bütinleý we demirgazyk-günbatar diwara bolsa, bölekleýin gyzyl we gara reňkler bilen dürli şekiller çekilipdir. Şekiller toýnakly we ýyrtyjy haýwanlaryň, bagyň şekillerinden we başga näbelli alamatlardan düzülipdir. Bu ýerde toýnakly mallar gyzyl we ýyrtyjy haýwanlar gara reňkler bilen şekillendirilipdir. Neolit döwrüne degişli diwar ýüzüne çekilen suratlaryň tapylmagy uly açyşlaryň biridir. Bu bezegler Türkiýedäki Çatalguýuk ýadygärliginden soň ikinji açyşdyr. Çatalguýukdaky şekiller hem haýwanlardyr geometriki alamatlardan düzülendir, emma Pessejikdepedäki şekilleriň ýöntemligi, bu bezegiň has gadymydygyndan habar berýär. Bu jaýybeýleki jeýtun ýadygärlikleriniň jaýlary bilen deňeşdireniňde onuň has uludygy, diwarlarynyň galyňdygy aýratyn hem diwar ýüzüniň bezegi bu jaýy beýlekilerden tapawutlandyrýar we onuň obanyň ybadathanasy bolanbolaýmagynyň hem mümkindigini çaklamak bolýar. Arheologlaryň täze gözlegleri Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Öwliýädepe we Daşlydepe ýadygärliklerinden täze tapyndylary ýüze çykardy. Şol maglumatlaryň netijesinde bu ýadygärlikleriň köp gatlaklydygy anyklandy. Bu bolsa, Gökdepe etrabynda neolit, eneolit, bürünç we antik zamanlarynda ýaşaýşyň bolandygyny subut edýär. Bu ýadygärliklerde dowam etdiriljek gazuw-agtaryş işleri täze açyşlaryň üstünden eltjekdigi ikuçsyzdyr. Nurgözel BÄŞIMOWA, TYA-nyň Taryh institutynyň Gadymy döwür taryhy bölüminiň müdiri, sungat öwreniş ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |