21:24 Dehistan | |
DEHISTAN
Taryhy ýerler
Türkmen halkynyň gojaman taryhynyň dowamynda toplan tejribesini, gadymy ýadygärliklerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de olary halka ýetirmek örän wajyp, gaýra goýulmasyz meseleleriň biridir. 2013-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan YUNESKO-nyň Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasynyň sanawyna teklip etmek baradaky Utgaýdyryjy Geňeşiniň duşuşygy boldy. Bu halkara maslahatyna dünýäniň 12 ýurdundan Gündogar medeniýetleri boýunça hünärmenleriň ençemesi, şeýle-de YUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy Merkeziniň Ýadygärlikleri we ajaýyp ýerleri aýawly saklamak boýunça halkara geňeşiniň, Merkezi Aziýa barlaglarynyň halkara institutynyň ýokary wezipeli işgärleri we Londonyň uniwersitet kollejiniň bilermenleri gatnaşdylar. Türkmenistan Utgaşdyryjy geňeşiň garamagyna Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynda ýerleşen birnäçe ýadygärligi hödürledi we adamzadyň gülläp ösmegine getiren ol ýollardaky ýadygärlikler halkara bilermenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýle ýadygärlikleriň hataryna Dehistan ýadygärlikler toplumy hem Dehistan ýurdy geçmişde ýokary medeniýetli, mes toprakly, bol suwly bolupdyr. Geografik nukdaý nazardan Dehistan Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýar. Derýanyň günorta taraplary bolsa Dehistan saýylypdyr. Şoňa görä-de Etrek we Gürgen derýalarynyň aşak akymlaryna Etrek-Gürgen sebitleri diýilmegi tötänden däldir. Ol ýerler goja zamanlarda köp sany taýpalaryň ekin ekip hasyl alan, oba we şäherler, suwaryş desgalaryny döreden, senetçiligiň we söwdanyňösen ýerlerdir. Gadymy oazisde geçirilen arheologik gözlegler ýüzden gowrak oturymly, ekerançylyk obalarynyň bolanygyny anyklamaga mümkinçilk berdi. Dehistan sözi parsça “ekerançy obaçylyk”, “ekerançylykly ýurt” diýen manyny aňladýar.Dehistana gadymy grekler Girkaniýa ýurdy diýipdirler. Ýerli ilat Dehistany Maşat-Misserian diýip atlandyrýar. Alymlaryň pikirine görä, Girkaniýa-Gürgen möjekler mekany diýen manyny aňladyp, bir wagtlar şol etraplar jeňňelige basyrylgy bolup, tokaý haýwanlarynyň, şol sanda möjegiň hem köp ýeri bolupdyr.Emma gadym zamanlarda ilat Girkan-Gürgen(Hazar) deňziniň gündogar kenarynda ekerançylyk üçin amatly, tekiz, mes toprakly ýerler tapypdyr we 3500 ýyllap şol toprakda üznüksiz ýaşaýyş bolupdyr. Bu ýerlerde ýaşan ilat asyrlaryň - müňýyllyklaryň dowamynda suwaryş desgalarynyň, kanallaryň, bentleriň, howdanlaryň we howuzlaryň ençemesini gurupdyrlar. Şeýlelikde olar ekerançylygyň mundan beýläk pajarlamagyna, öz döwründe ykdysadyýetiň we medeniýetiň rowaçlanmagyna, şeýle hem dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşupdyrlar.Arpa, bugdaý, jöwen, şaly ýaly däneli ekinler bilen birlikde bag-bakjalar, miweli ösümlikler hem ýetişdiripdirler. Gadymy ýazgylaryň berýän maglymatyna görä, Dehistan ýurdy mes toprakly, bol suwly ekin-tikinli, gün görünmeýän çarbagly, ajap bossanlyk eken. Arheologlaryň we topragy öwreniji alymlaryň geçiren barlaglaryna görä Maşat-Misserian we Çat sebitlerinde gadymy ekerançylyk ýerleri 400 müň gektara ýakyn meýdany tutupdyr. Dehistan topragynyň kä ýerlerinde medeni gatlaklaryň çökündileriniň galyňlygy 2 metre ýetýär. Şeýle ýerler gaýtadan özleşdirilende, tarp ýerlere garanyňda has ýokary hasyl berýär. Dehistan Misserian atly orta asyr şäherinde IX-XIV-XV asyrlarda ýaşaýyş bolupdyr. Şäheriň umumy meýdany 200 gektara barabardyr. Dehistanyň ýadygärlikleri XIX asyrdan başlap syýahatçylaryň we diplomatlaryň, alymlaryň we ülkäni söýüjileriň ünsüni özüne çekipdir. Şol asyryň 1-nji çärýeginde Dehistan harabaçylygy harby-topografiki kartalarda peýda bolýar. 1840-1841-nji ýyllarda Gürgen sebitlerinde diplomatik maksatlar bilen bolan Russiýanyň Eýrandaky missiýasynyň sekretary K.A.Bode Maşat-Misserian harabaçylygy barada ýatlaýar. Ýewropalylaryň ilkinji bolup Dehistana 1836-njy ýylda gelen iňlis syýahatçysy A.Konollidir. Emma, nebsimiz agyrsa-da ol Dehistan – Misserian barada onçakly ýazgy galdyrmandyr. 1856-njy ýylda belli wenger syýahatçysy Armeniýa Wamberi kerwene goşulyp Eýranyň üsti bilen Hywa barýarka Dehistan harabaçylygynyň üstüünden geçipdir. A.Wamberiniň gündeliginde Dehistan ýerli ilatyň atlandyryşy ýaly Maşat-Misserian diýlip atlandyrylýar. Onuň ýazmagyna görä iki sany beýik diň (gürrüň minaralar barada gidýär), birnäçe gümmezli jaýlar, ägirt “suw howdany” syýahatçynyň ünsüni aýratyn özüne çekipdir. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda rus goşunlarynyň Türkmenistana aralaşmagy bilen baglanyşykly Misserian oazisi şol sanda onuň ýadygärlikleri hem telim gezek ýatlanylýar. Dehistany ylmy taýdan öwrenmäge ilkinji synanyşyk eden akademik A.A.Semýonowdyr. Ol baryp XX asyryň başlarynda Dehistanyň arhitektura ymaratlarynyň ýazgylaryny okapdyr. XX asyryň 50-nji ýyllarynda akademikler M.E.Masson we G.A.Pugaçenkowa Dehistanyň medeni mirasy bilen gyzyklanypdyrlar,arhitektura ymaratlaryny ölçäpdirler. Ýazgylary täzeden gözden geçiripdirler. Olaryň ylmy işleriniň netijeleri kitaplarda öz beýanyny tapdy. Dehistanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ş.Batyrow adyndaky Taryh institutynyň alymlaryşol institutyň arheologiýa bölüminiň müdiri bolan, taryh ylymlarynyň doktory, akademikÝ. Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda 25 ýyldan gowrak arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini alyp bardylar. Şol döwürde Dehistanyň taryhynyň, medeniýetiniňwe sungatynyň köp taraplaryny häsiýetlendirýän maglumatlar toplandy. Ol maglumatlar ençeme ylmy kitaplarda, ýygyndylarda we makalalarda öz beýanyny tapdy. Şondan soňra bolsa Dehistana bolan gyzyklanma has hem artdy. Misserianyň şäher galasy iki gat bolup, daşky gala pahsadan, içki gala bolsa bişen kerpiçden we pahsadan bina edilipdir. Daşky gala-da, içki gala-da diň-küňreler bilen berkidilipdir. Iki gat gala diwarlarynyň aralygy 25 m. bolup, olaryň(ozalky beýikligi 15 m-e barabar bolupdyr. Şäheriň gala berkitmesi öz döwrüniň harby-inženerlik nusgasynda bina edilipdir. Daşky we içki galalaryň daş taraplaryna çykyp duran küňreleri belli bir aralykda bir-birleri bilen sepleşip özboluşly dört tarapy ýapyk kapas jaý emele getirýär. Munuň özi diňe harby maksat bilen, ýagny gala diwaryna hüjüm edilende şol gabawa düşen duşman gapana düşen ýaly hiç tarapa gidip bilmez ýaly edilipdir. Gala diwarlarynyň üstünde gözegçiler üçin meýdança we atyşhanalar bolupdyr. Şäheriň üç derweze ýeri mese-mälim bildirýär. Derwezä girmek üçin şäheriň daş ýüzündäki suw saklanylan hennegiň üstünde salnan köprüler bolupdyr. Köprüniň sütünleriniň galyndysy kä ýerlerde bildirýär. Şäheriň içinde-de, daşynda-da bir wagtlar durmuş gaýnap joşupdyr. Ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlary şol döwürde arzan düşmedik bişen kerpiçden bina edilipdir. Minaralar, Juma metjidi we ençeme etrapça metjitleri, medrese, kerwen saraýlar, hammamýaly desgalar Dehistanda az bolmandyr. Emma olaryň hemmesi biziň günlerimize ýetmändir. Tebigatyň: ýeliň, ýagşyň-garyň täsiri esasynda köp ymaratlar ýere siňipdir, olary ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykarmak arheologlaryň wezipesi. Saklanyp galan iki minaranyň biri XI asyryň başlaryna degişli.Minaranyň depesine çykmak üçin içinden köp sany kerpiç basgançaklar edilipdir. Belli bir aralykda dürli tarapdan, gündogarynda, günortasynda we günbatarynda minaranyň içine ýagty düşer ýalypenjire deşik edilipdir. Bu orta asyr ymaratynyň kerpiçleriniň örülişi-de, onuň daşky bezegi-de diýseň täsin. Onda “kufi” ýazgylary bolup, beýleki orta asyr binagärlik sungatyna düýbünden mahsus bolmadyk häsiýetler bar. Akademikler A.A.Semenow we M.Ýe.Masson minaranyň bilindäki, ýörite ýonulan kerpiçlerden ýazylan haty okamaklyga synanyşypdyrlar. Emma onuň harplarynyň birnäçesiniň saklanyp galmandygy sebäpli hatlaryň doly mazmynyny seljermäge mümkinçilik bolmandyr. Şeýle-de bolsa minaranyň bina edilen wagty 495-nji hijri ýylyna ýa-da miladynyň 1102-nji ýylyna gabat gelýändigi takyklanypdyr. Minaranyň ýokarky böleginiň daşky diwary çylşyrymly geometriki gurnama nagyşlar bilen bezelipdir. Dürli şekildäki ýörite edilen kesme nagyşlar bir-birleri bilen sepleşýärler, hatda ozal olaryň aýry-aýry böleklerden durýandygyny seljermek hem aňsat däl. Bu minara diňe bir arheologiki ýa-da binagärliknusgasy bolman, eýsem sungat hem-de inženerçilik taýdantäsin desgadyr. Minaralaryň ikinjisi, ozalky gürrüňi edilen minaramyzdan 120 m. günortada ýerleşýär. Bu minaranyň diwarynda hat-ýazuw ýok. Emma, orta asyrlarda köplenç halatda metjitleriň ýanynda minara salynýandygyny nazarda tutup minara onuň gapdalyndaky metjit ýaly XIII asyryň 1-nji çärýeginde salnandyr diýen netijä gelindi. Minaralaryň ikisiniň-de häzirki beýikligi 20 metr, ýogyn ýeriniň diametri 7-8 metr töwerekleridir. Minaralaryň golaýynda XII-XIII asyrlarda bina edilen metjidiň galyndylary hem bar. Metjit täsin arhitektura ymaratlaryň biri bolandygy onuň girelge tarapyndaky galan diwarlarynyň beýikligi, owadanlygy güwä geçýär we bu ýere gelenleri haýran galdyrýar. Mawy syrçaly plitalar, dürli geometrik şekilli ownuk kesme nagyşlar orta asyr ussalarynyň, jaý gurujylarynyň paýhasyna haýran galdyrýar. XX asyryň başlarynda akademik A.A.Semýonow metjidiň girelge tarapynyň hatlaryny okanda Muhammet diýlen ýazgynyň bardygyny subut edipdir.Akademik M.E.Masson Semýonowyň metjit baradaky aýdanlarynyň üstüni ýetiripdir. Metjidiň diwarlaryndaky arap hatlarynyň arasynda ony bina eden ussalar – Abul-Huseýn ibn Muhammet an-Nakanyň we Muhammet ibn al-Huseýn an Nakanyň atlaryny okapdyr. Olar ataly-ogul bolan bolmagy ähtimaldyr. Metjidiň saklanyp galan görnüşlerini Orta Aziýanyň binagärlik sungatyny öwreniji, akademik G.A.Pugaçenkowa ylmy makala ýazypdyr. Soňra bu metjit Moskwaly alym A.M.Pribytkowa tarapyndan hem öwrenildi. Dehistanyň arhitektura ymaratlarynyň gurluşyk materialy bolan bişen kerpiçleriniň berkligi Daşkentde ýörite barlaghanasynda barlanyp görlende, olaryň yssa we aýaza çydamlylygy häzirki zaman standartynyň iň ýokary derejesine deň bolupdyr. Musulman ýurtlarynyň orta asyr medeniýetine häsiýetli zadyň biri-de dini mekdep-medreseleriň bolmagydyr. Misserianda hem şeýle medreseleriň biri ýüze çykaryldy.Onda gazuw-agtaryş işleri geçirilip, onuň köp otagly jaýlardan, medresäniň howlusy Orta Aziýa, Eýran we arap ýurtlaryna häsiýetli bolan eýwanlardan ybaratdygy anyklandy. Eýwanyň sütünleri 25-30 sm beýiklide saklanyp galypdyr. Şäheriň daşynda kerwensaraýlar, mal saraýlar we myhmanhana, derwüşhana, bazar meýdançalary, çar baglar, kerpiç we küýze bişirilen peçler we başga-da birnäçe önümçilik obýektleri ýerleşýär. Goranyş galasynyň günorta tarapynda ýerleşen kerwensaraýda heniz gazuw-agtaryş işleri geçirilenok. Emma, harabalaryň arasynda aýry-aýry otaglaryň sudury, diwarlary we diňleri mese-mälim bolup dur. Bu kerwensaraý iki bölekden:uly giň howlydan we myhmanhanadan ybarat. Myhmanhananyň hüjreleriniň depesi gaçyp, hüjreler ýer bilen deňleşipdir. Kerwensaraýyň içindäki jaýlar bişen kerpiçden, daşky berkitmesi bolsa palçykdan bina edilipdir. Türkmenistanda häzire çenli orta asyr şäherleriniň üçüsinde, Merwde, Aşgabadyň ýakynyndaky Täze Nusaý galasynda hem-de Dehistanda hammam bardygy belli edildi. Dehistanda köp sanly kerpiç bişirilýän küreler we keramika bişirilýän peçler bar. Diňe kerpiç küreleriniň 50-den gowragynyň bolandygyna güwä geçmek boljak. Küreleriň şeýle köp bolmagynyň sebäbi düşnükli. Uly orta asyr şäherinde jemgyýetçilik jaýlary, ýaşaýyş jaýlary we gaýry ymaratlar bişen kerpiçden bina edilipdir. Şonuň üçin esasy gurluşyk materialy – bişen kerpije bolan isleg gaty ýokary bolupdyr. Bişen kerpiç esasan IX asyrdan başlap köpçülikleýin ulanylyp başlanypdyr. Munuň özi şol döwrüň uly tehniki üstünligidir. Ondan ozal hem, aýdalyň antik döwürde-de bişen kerpiç bolupdyr. Emma ol örän seýrek hadysa bolup diňe has dabaraly desgalarda – Köşk-ymaratlarda peýdalanylypdyr. Köpçülik üçin elýeterlikli bolmandyr. Bişen kerpiç tehnologiýasynyň ýüze çykmasy ymaratlaryň konstruksiýasynyň kämilleşmegine hem ýardam edipdir. Misserian senetçiligiň hem ösen şäherlerinden biri bolupdyr. Irki döwürlerde bolşy ýaly, orta asyrlarda hem gap-gaçlar köplenç toýundan ýasalypdyr. Olar ýörite peçlerde bişirilipdir. Nahar iýmek üçin niýetlenen gap-gaçlar köplenç halatda nagyşlanypdyr we syrçalanypdyr. Suw, bugdaý, arpa, un we ş.m. üçin niýetlenen uly küýzeler syrçalanmadyk bolsa-da, azda-kände ýönekeýräk nagyşlar bilen bezelen humlara duş gelmek bolýar. Şeýle küýzelere heniz bişirilmänkä we ýasalyp heniz daşy guramanka kesme we basma nagyşlar çekilipdir. Dehistanda metaldan: misden, bürünçden we demirden ýasalan gap-gaçlar, ýarag we bezeg esbaplary hem duş gelýärler. Şäherde çüýşe önümleri, daşdan we süňkden ýasalan zatlar hem az däl. Misserianda kaşin-silikat, kwarsdan ýasalan gaplaryň örän köp mukdarda we çeper öndürilmegi, orta asyrlarda Dehistanda senetçiligiň sungat derejesine ýetendigine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň örän ýokary bolandygyna we ykdysadyýetiň ösendigine güwä geçýär. Şeýlelikde, Dehistan ösen sebitleriň biri we dünýäbelli ýadygärlikler toplumybolup, Magtymguly atamyzyň“Bady-sabany görsem” we “Dükan görüner” goşgy eserlerinde öz beýanyny tapypdyr Magtymguly Pyragynyň Dehistanyň gülläp ösen döwrüni görmegi arzuwlan ýerleriniň biri bolup, ol sebit iki goşgysynda ýatlanylýar. “Bady sabany görsem” atly şygrynda: “Dehistanyň baýrynda bady-sabany görsem; Bahawetdin Mirkulal, Zeňňi babany görsem.” ýa-da “Dükan görüner” goşgusynda: “Dag serinden güzer salsaň, Ol ýerde ýurt eýläp galsaň, Şol jaýyňdan nazar alsaň, Ulug Dehistan görüner.” diýlip Dehistany mahabatlandyrýar. Magtymguly Pyragy Dehistanyň şol gülläp ösen döwrüni görsem diýip arzuw eden bolmagy ähtimaldyr. Nurgözel BÄŞIMOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |