18:56 Medeni miras - ebedi miras | |
MEDENI MIRAS - EBEDI MIRAS
Edebi makalalar
Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler zamanasynda taryhymyzy, milli medeniýetimizi öwrenmekde Hormatly Prezidentimiziň tagallasy Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen milletiniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak we gaýtadan dikeltmek, şeýle-de taryhy galalary, depeleri, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Täze Galkynyş we beýik Özgertmeler zamanasynda hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen türkmen halkynyň ösen gadymy medeniýeti, maddy gymmatlyklary täze mazmuna eýe boldy. Millilik, milli sungat, milli ruhy gymmatlyklar hakynda pikir ýöredenimizde biziň ýadymyza ilki bilen halk ýörelgeleri, edim-gylymlary, däp-dessurlary, içki paýhas, ussatlaryň gözellige bolan ymtylyşy ýaly aýratynlyklar düşýär. Merkezi Aziýanyň günbatar çäginde ýerleşýän Turkmenistan ösen medeniýetiň in gadymy ojaklarynyň biri bolupdyr. B. e. öňki YI-V müňýyllyklarda ilkinji oturymly, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolup başlanylandygynyň alamaty Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jeýtun ýadygärliginde ýüze çykaryldy. Ol ýadygärlik Jeýtun medeniýeti ady bilen dünýä meşhur boldy. Öz gözbaşyny Jeýtun medeniýetinden (b. e. öňki VI- müňýyllyk) alyp gaýdýan külalçylygyň - keramikanyň, şeýle hem reňkiň oýlanyp tapylmagy, keramikada we diwar ýüzünde ilkinji nagyşlaryň we suratlaryň emele gelmegi şol döwrüň örän möhüm üstünligidir. Jeýtun medeniýeti döwründen ilkinji siwilizasiýalara - bürünç zamanyna geçiş döwrüne arheologiýa ylmynda eneolit ýa-da daş-mis asyrlary diýilýär. Bu döwre daş-mis asyrlary diýilmeginiň sebäbi, daş gurallaryny ulanmagyň dowam etmegi bilen bir hatarda, täze mis gurallarynyň hem ulanylyp başlanandygyndadyr. Eneolit zamany Köpetdagyň etegindäki zolakda oturymly ekerançylygyň bolandygyny subut edýän, şol döwrüň ýadygärlikleriniň biri bolan Anew bilen baglanyşdyrylyp, anew medeniýeti diýlip atlandyryldy. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik barlaglary netijesinde açyldy we 1908-nji ýylda ilkinji gezek ylmy dolanşyga girizildi hem-de dünýä meşhur boldy. Şol ekspedisiýanyň işlän döwründe Änewden tapylan bugdaý galyndylary derňelende, b.e. öňki V-IV müňýyllyklarda türkmen topragynyň ak bugdaýyň mekany bolandygy hem subut edildi. Änew medeniýeti döwründe (b.e. öňki V-IV müňýyllyklar) keramikadaky nagyşlar çylşyrymlaşyp, türkmen halylaryndaky geometrik nagyşlaryň ilkinji görnüşleri döreýär. Änew medeniýetiniň çeper döredijiliginde öz gözbaşyny Jeýtundan alyp gaýdýan heýkeltaraşlykda hem öňe gidişlik bolupdyr. Haýwan şekillerini ýasamak eýýäm şol döwürde giňden ýaýrapdyr. Heýkelleriň köpüsi şekillendirilýän jandara örän meňzeş bolupdyr. Heýkeljikler ýerli toprakdan-toýundan taýýarlanypdyr. Muny ýadygärliklerden tapylan gurallar hem subut edýär. Ynsan şekilleri, aýratyn hem aýal heýkelleri köp duş gelýär. Olara hasyllylygyň simwoly hökmünde seredilipdir. Namazgadepeden toýundan ýasalan özboluşly aýal heýkelleriň birnäçesi tapylýar. Zenan hudaýy, aýratyn hem bürünç zamanynda öz meşhurlygyny saklapdyr. Göksüýri oazisindäki Ýalaňaçdepe ýadygärliginden zenan hudaýynyň heýkeli şol ýerleriň ýaşaýjylarynyň hakyky keşbini suratlandyrýar. Irki döwre degişli adamsypat heýkeljikler san taýdan köp däl. Şol heýkeller köplenç dik duran, oturan zenan şekillerinden ybarat bolupdyr. Olaryň arasynda has dolmaç bedenli görnüşde şekillendirilenleri hem duş gelýär. Erkek adamlaryň şekilleri eginlek, dik duran, köplenç ýagdaýda bolsa oturan görnüşde ýasalypdyr. Heýkeljiklerde saçlaryň örülen, çekgede burmalanan görnüşleri hem gabat gelýär. Uzyn saç diňe aýallardadäl, erkeklerde-de bolupdyr. Olaryň käbirleriniň saçy güberçeknagyşly tuwulga bilen utgaşýar. Erkek adamlaryň heýkeljikleriniň ýarysyna golaýynda sakgal bar. Esgerleriň şekillerini ýasamaga aýratyn ähmiýet berlipdir we olaryň şekillerine yhlas bary siňdirilipdir. Esgerleriň heýkel şekilleriniň başga ýurtlarda-da tapylmagy gadymy gündogarlylaryň bir-birleri bilen gatnaşykda bolandygyny görkezýär. Ýöne Göksüýri tuwulgalarynyň şekili Ýakyn Gündogarda iň gadymkydyr. Ýylgynlydepe ýadygärliginiň diwar bezegi üýtgeşikdir, onuň diwarynda iki dürli gara we gyzylymtyl sary reňkler bilen çekilen şekiller bar. Ýylgynlydepäniň ussalary hatda häzirki zaman sungatynda seýrek ulanylýan usuly ulanypdyrlar. Olar surat çekmezden öň, diwaryň ýüzüne birnäçe (azyndan iki) gat edip dürli reňkleri yzly-yzyna çalypdyrlar we ýüzüni çyzyp, surat çekipdirler. Şol ýerden aşaky gatlaga çenli tä reňkler ýüze çykýança gazalyp aýrylypdyr we dürli reňkli nagyşlar edilipdir. Biri-biriniň yzyndan gaýtalanýan ýylana meňzeş şekilleriň, tegelek tegmilleriň, ýarymaý we agaç şekilleriň hersiniň öz aňladýan manysy bolupdyr. Tegelek ak tegmiller güni-gündizi ýarym aýlar-gijäni, agaç-ýaşaýşy, ýylan-bolçulygy aňladypdyr. Şeýlelikde, şol nagyşlar adamlaryň uzak hem-de bol elin durmuşda ýaşamagyny we hoşniýetli arzuwda bolmagyny alamatlandyrypdyr. Türkmenistanyň gadymy küýzegärçiligi örän täsirli hem-de bezeglere baý bolupdyr. Änew medeniýeti döwründe küýzegärlik sungaty kämilleşipdir, ol uly ösüşe eýe bolupdyr. Önümleriň görnüşleri üzül-kesil artypdyr. Garadepe gaplary biri-biriniň içinden geçýän ownuk nagyşlaryň bardygy bilen tapawutlanýar. Göksüýri, gaplaryndaky nusgalar bolsa, nagyşlar toplumynyň takyklygy, sazlaşyklylygy hem-de nagşa ikinji reňkiň goşulandygy bilen saýlanýar. Ýylgynlydepe keramikasyna irimçigräk nagyşlar mahsusdyr. Altyndepe döwri üçin Göksüýri nusgasy mahsusdyr. Şu nusgalar kem-kemden b. e. öňki III müňýyllygyň gaplary üçin häsiýetli bolup, olar ownuk haly nagyşlaryna öwrülipdir. Änew medeniýetine degişli nagyş nusgalarynyň ählisi müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, çylşyrymlaşyp türkmenleriň nepis haly önümleriniň nagyşlarynda saklanyp galypdyr. Olar gölleriň, gyra nagyşlaryň özenini düzýär we özbaşdak ulanylýar. Halyçylyk-dokmaçylyk öz gözbaşyny Änew medeniýeti döwründen alyp gaýdan bolmagy-da ähtimadyr. Türkmenistanyň günorta etraplarynda ýaşan türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň bu çaklamany öňe sürmäge esas berýän ähli şertleri bolupdyr. Halynyň ýüpini taýýarlamak üçin ulanylan köp sanly ikbaşlaryň tapylmagy şol döwürde dokmaçylygyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Sumbarda giçki bürünç eýýamyna (b.e.öňki II müňý.) degişli ýadygärlikler öwrenilende, ýerli ilatyň has gadymy taryhyna degişli açyşlar etmäge mümkinçilik berdi. Aýal guburlarynyň sekizisinden ikbaşlar, ikler, çiş-temenler bilen birlikde bürünçden ýasalan on alty sany täsin zat tapyldy. Anyklanylyşyna görä, olar haly dokalanda çitim ýüpini kesmek üçin ulanylypdyr. Edil şonuň ýaly, ýöne demirden ýasalan keser guralyny häzirki halyçylar ulanýarlar. Keserleriň ýasalyşynyň kämilligi, gutarnykly görnüşe eýedigi bu guralyň oýlanylyp tapylan wagtynyň has irki döwürlere degişlidigine güwä geçýär. Aýdylanlardan çen tutsaň, türkmen halyçylyk sungatynyň öz köklerini juda gadymyýetiň çuňlugyndan, Änew medeniýetinden alyp gaýdanlygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň çäklerinde halyçylygyň taryhy bilen baglanyşykly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Eneolit (daş-mis) we bürünç eýýamlarynyň küýzegärçilik önümleriniň ýüzüne çekilen nagyşlar, tapylan zähmet gurallary günorta Türkmenistanda halyçylyk iň gadymy senetleriň biri bolupdyr diýip hasaplamaga mümkinçilik berýär. Türkmen halysy döwletiň ykdysadyýeti, taryhy, ösen medeniýeti, kämilleşen sungaty, däp-dessury, şeýle hem türkmen maşgalasynyň milli terbiýesiniň gözbaşydyr. Bu sungat derjesine ýeten senet halkymyzyň geçmiş taryhyny, dünýägaraýşyny has uzakdan görkezýän uly dünýewi gymmatlykdyr. Halkyň durmuşa, ýaşaýşa bolan garaýyşlary, pikirlenişi we oňa akyl ýetirişi halylara salynýan nagyşlaryň many-mazmunyna siňipdir. Şeýlelikde, haýwanlaryň, guşlardyr ösümlikleriň nagşa geçirilen görnüşleriniň daş-mis asyrlary döwründen tä biziň günlerimize çenli gelip ýetmegi, şol nagyşlaryň ýerli nagyşlardygyny subut edýär. Halyçylyk sungatynyň köp asyrlyk taryhy bardygy barada ilkinji ýatlamany baryp XIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo galdyryp gidipdir. Ol öz kitabynyň 12-nji babynda, şeýle ýazýar: “Bu ýerde, bilýäňizmi, dünýäde iň nepis we owadan halylar dokalýar, başga-da köp zatlar öndürilýär”. Änew medeniýetine degişli amaly sungatyň ajaýyp nusgalaryny döreden türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň hünärmentleri Mesopotamiýanyň, Elamyň, günorta Owganystanyň hem-de Bulujystanyň gadymy gündogar medeniýeti bilen ýygy gatnaşykda bolupdyrlar. Täjigistandaky b.e. öňki II müňýyllyga degişli Sarazm ýadygärliginden ýüze çykarylan tapyndylar Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan adamlaryň b. e. öňki IV-III müňýyllyklaryň dowamynda şol ýere göçüp barandyklaryny we hünärmentleriň öz sungatlaryny baran ýerlerinde ornaşdyrandyklaryny tassyklaýar. Munuň özi medeni gymmatlyklarymyzyň başga bir ýerden getirilmän, eýsem ýerli kökleriniň bolandygyny we olaryň goňşy ýurtlara-da bärden ýaýrandygyny ýene bir gezek subut edýär. Ekerançylygyň döremegi we ýaýramagy, maldarçylygyň ösüşiniň ýokary depginleri, gadymy şäherleriň kemala gelmegi hem döwlet gurluşynyň esaslarynyň peýda bolmagy, uzak döwrüň dowamynda biri-birini çalşyp gelen döwletler Türkmenistanyň giň çägine ýaýran arheologik ýadygärliklerde öz beýanyny tapýar. Nurgözel BÄŞIMOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |