13:39 Türkmen Şygryýeti - Türkmen Ruhy -2: Elkyssa bissimillasy -2 / dowamy | |
Üns beriň, «Görogludaky» Däli Mätele). Özüne göwni ýetýän Domrul halka jebir bermek üçin, halky horlamak üçin gurap ýatan çaýyň üstünden köpri gurup, ýolagçylary mejbury geçirip, pul gazanmak pikirinden daşda. Ol at-owazasynyň dessine ýedi yklyma ýaýrap, özi bilen atyşyp-tutuşyp, bäsleşjek garşydaş tapylmagyny isleýär. Hany, ol zamanlar mes oguzlara garşydaş tapylyp durmy?! Akyldar Gorkut atamyz şeýlelik bilen oguzlaryň gaty mes döwran sürendigini simwolikanyň üsti bilen ýönekeý edip berip bilipdir. Däli Domrula garşydaş ýok, oňa garşydaş çykan diňe Ezraýyl. Ol hatda Ezraýyl bilen hem näçe tutuşýar. Ana, biziň edebiýaty öwrenijilerimiz şindizem Ezraýylyň obrazyny «mifiki obraz» diýip, sürüp gidip otyrlar. Gorkut ata ýaly genial filosofyň, genial ýazyjynyň mifiki detal almajagy köre hasa. Mifiki detaly ýazyjy köplenç ejizligi, çykgynsyzlygy zerarly ulanýar ahyry. Gorkut ata ony ulanmaz! Eýse, «Besediň Depegözi öldürdigi boýundaky» Depegöz mifiki obraz dälmi näme?» diýjek hem tapylar. Däl! Depegözüň obrazy örän nepislik bilen işlenip, mife çenli eltilen, çylşyrymlydan beýik obraz. Muňa göz ýetirmek üçin, boýuň sýužetini yzarlalyň, Oguzlaryň aga-ýana baýlyga çümüp ýaşap ýören zamanlary Goňurja sary çopan ýaýlaga gidýär. Çopan halallygyň simwoly! Emma çeşmäniň başyna bir bölek peri gyzlary gonýar, çopan oýlugyny taşlaga-da, olaryň birini tutup, haram iş edýär. Ondan hem Depegöz dünýä inýär. Depegözüň daşyndaky perdesini depdikleriçe ulalýar, urduklaryça goçalýar. Oraz goja bu çagany ogullyga alýar, ony getirip, aýallara emdirmäge berýär, çaga emdiren aýalyň emmisinden agyz salýar. Ol ulalyp, oguza gün bermeýär, oňa ne gylyç ötýär, ne naýza, ne ok kär edýär, ne neşter! Ol her gününe sürüläp goýun hem çopanlaryny iýip ugraýar. Garasaý, ol oguzlaryň abat gününi weýran edýär. Eýse Depegöz kim? Ol haramylyk! Ol haram nebis! Ol hapalyk! Onuň ýeke gözi bar, ol hem depesinden. Erkana oguzlaryň berkarar ýurtda abadan ýaşamagyny islän Gorkut ata edebiýatda gizlin obrazyň – Depegözüň obrazy bilen oguzlara: «Ýurdy haramy weýran eder» diýen pikiri ündeýär. Halkyna halallygy ündeýär. Haramylygy hatda peri bilen etseň hem onuň soňunyň oňullyk bilen gutarmajakdygyny tekrarlaýar. Perizatdan dogulandygyna garamazdan, Depegöz haramylygyň önümi, haram nebis, pis päl! Şonuň üçinem ony doýrup bolanok! Şonuň üçinem oňa ok kär edenok. Ahyrynda ony öldürýän kim? Beset! Eýse Beset kim! Ol hem çagalygynda haýwanyň terbiýesini alan oglan! Akyldar atamyz Gorkut ata haramylyga, haram nebsiň kemala gelmegine ýol berseň, soňra ony halallyk bilen ýok edip bolmaýar, oňa haýwanlar, gara güýç gerek diýip nygtaýar. Nähili ajaýyp filosofiýa, nähili ajaýyp simwolika! Emma oňa düşünmän, mif diýsek, Gorkut atanam kiçeldýäris, özümizi hem.
Edebiýaty öwreniş
«Görogly» eposy durşuna simwollardan, simwoliki obrazlardan ybarat. Hatda kiçijik çaganyň görden çykmasy – ýurt eýesiz galyp, basybalyjylaryň süteminden, horlugyndan, gandan hamyla bolan toprak Göroglyny dogurýar. Merýem ene Asmandan Taňrynyň suwa düşen nuruny suw bilen içip, hamyla bolýar, Göroglyny bolsa toprak dogurýar! Göroglynyň ölümi hem simwolika ýugrulan. Görogly gara daglara gidip, arkasyny gara daglara diräp söweşýär, soňky demine çenli söweşýär. Duşman okundan öleninden soň bolsa, ýezitler gelip, onuň kellesini kesip, alyp gidýärler. Daglarda Göroglynyň dag ýaly göwresi ýatyr, seri bolsa ýok. Görogly ölüp, türkmen ili başsyz galdy diýmek ol! Gör, nähili real pikir, nähili beýik simwolika! Beýle simwolikany tapyp ulanaýmak her bir şahyra başardyp duranok. Aslynda, beýle çylşyrymly, beýik simwolika tapdyryp hem duranok. Ýadyňyza salyň, Kerim Gurbannepesowyň «Taýmaz baba» poemasy türkmende uly edebi hadysa boldy. Şonda Mätäç mamanyň traktora süýredilip jaýlanmagy, Keminäniň içmeginiň Porsygalada jaýlanmagy ýaly simwolika, ýöne birneme ýöntemräk simwolika! Simwolika – simwolikadygyny bildirse, ol eýýäm simwolika däl. Ony diňe üşükli okyjylar setir arasyndan saýgaryp tapmaly. Nobatguly haý-haýly Baýkal-Amur magistral demir ýolunyň gurluşygynda döredijilik saparynda bolup, onlarça gowy goşgular döretdi. Olaryň arasynda döwrüň talap edýäni – gurluşykçylar hakynda ýazylan goşgular hem bardy. Ýöne aglabasy tebigat goşgularydy. Uç-gyraksyz Sibiriň sümme tokaýlygy, «dünýä döräli ýoluny tapman azaşyp ýören derýalar» barada şirinden owadan şygyrlardy, emma şahyr hakyky şahyr bolanynda dünýä öz pikirini aýdýar. Pikir aýtmak üçin ýaşaýar, pikirini ýaşyrmak üçin bolsa, köplenç, tebigat gözelliklerine ýüzlenýär. Ynha, şahyryň «Ýeniseý» atly goşgusy. Iýun, Tomus Köşeşipdir Ýeniseý. Ýalmanyp baranok iki ýanyna. Gara basan ýaly doňun zyňypdyr Eltip ak aýylaň okeanyna. Indem uky deýin sessiz-selemsiz Gök kalbyny rahatlykdan gandyryp, Barýar ol şatlygnyň ýitjek ýerine, Hasratyny çal çarlaga galdyryp. Bulutlaň tersine, Ýeliň tersine Nirä barýar? Barýar ol haýsy ýana?! … Hol, yzda asmandan başlanýan derýa, Hol öňde göterilip gidýär asmana. Goşgy, göräýmäge, Sibiriň içinden parran geçip, akyp ýatan Ýeniseý derýasy ýaly. Oňa köp okyjylar hem şeýle düşünendirler, emma şahyr bu ýerde şygryň açaryny ýüzde goýupdyr: ol şygry galamdaş ýoldaşyna – Atamyrat Atabaýewe bagyşlapdyr. Näme diýip hut öz goşgusyny galamdaş dostuna bagyşlaýar? Sebäp, şygryň temasam, predmetem türkmene dahylly däl, kommunistik senzura-da BAM goşgularynda beýik zada garaşjak däl. Ýeniseý akyp ýatyr, Ýeniseý şahyryň ömri, ol birneme köşeşipdir, ol giňäpdir, indi onuň alnyndan çykyp biljek güýç ýok. Ol ähli päsgelçiligi, bökdençlikleri buz ýaly pytradyp ýok edipdir. Indi ol şatlygynyň ýitjek ýerine barýar. Eger Nobatguly 1978-nji ýylda Atamyrada ýüzlenip: «Gam çekme! Biz asmanyň yradasy bilen dörän şahyrdyrys, bu dünýädäki kynçylyklary ýeňip, nesip bolsa, ýene asmana tarap göterilip gideris» diýen bolsa, onuň asmandan däl-de, başga bir ýerden çykjakdygy görnüp dur. Emma şahyr simwolikanyň kömegi bilen islendik pikirini gaty arkaýyn aýdyp bilýär. Elbetde, oňa her bir okyjynyň düşünmejegi belli. Okyjy üçin goşgynyň üst ýüzi – düşnükli ýeri bar ahyry. «Ýeniseý» goşgynyň düýbüne düşünmäniňde-de, ol päkize tebigat goşgusy hökmünde edebiýatda öz ornuny tapyp bilýär. Altmyşynjy ýyllarda Rähmet Seýidowçyllyk türkmen edebiýatynda apogeýe galypdy. «Tebigaty boýun egdirmek», «Tebigaty ýeňmek» pikiri kiparlap, tebigaty goramak pikiri möwjeýärdi. Ellinji ýyllarda galam tutanyň baş temasy şoldy, şahyr ähli tebigat goşgusyny ýazýardy. Hakyky şahyrlaryň alnynda hemişe üç sany müdimi sorag keserip durupdyr: 1. Söýgi näme? 2. Ölüm näme? 3. Hudaý näme? Şu üç sowala, aýratynam birinji sowala dünýäniň iň genial şahyrlary jogap agtaryp, şygyr, poema, dessan, sonetler çemenini döreden bolsalar-da, şol baky sowalyň jogabyny şindize çenli tapan ýok. Söýgi geçmişi-de, geljegi-de äsgermeýär, Al Maariniň ýa Attaryň, Pyragynyň ýa Baýronyň yşky goşgulary şu günki okyjyny heýjana salsa-da, şu günki söýgä jogap bolup bilmeýär. Her bir täze dörän yşk özi üçin aýratyn pida talap edýär. Yşk ylahy gudrat bolup, ol her bir adama miýesser etmeýär, diňe ylahynyň ileriläp, azyzlan bendeleri yşka uçuraýarlar, yşkdanam zehin uçgun alyp, beýik-beýik kişiler döreýär. Söýüşenleriň ählisi uly şahyr, alym, kompozitor bolmaly diýen zat ýok, emma yşka uçuran adamlaryň ýuka ýürek, ynsaply, gowy adam bolýandygy weli hak. Gaýry dillerde «izbrannyýe» «poswýaşennyýe» diýen ýaly düşünjeler bar, ol düşünje bizde-de bar eken, emma soňky giçki asyrlarda diniň güýjemegi bilen, şol düşünje ulanyşdan galyberipdir. Ol käbir dessanlarda «azyzlar» hökmünde duş gelýär, biziň hem mundan buýana Allanyň arzylan bendelerini azyzlar diýip atlandyrmagymyz gerek. Beýik rus ýazyjysy Turgenew: «Ynsan kalbynyň syrlylygy bimöçberdir, söýgi bolsa şol syrlaryň içinde iň bir açyp bolmajagydyr» diýip, ýönelige nygtan däldir. Kerim Gurbannepesow hem: «Şahyrlyk ýanmakdan başlanýan eken» diýip nygtaýar. Şahyrlar şindi ýaş mahallary söýgä uçuraýarlar, şol söýgi hem olara ömrüniň ahyryna çenli poeziýa üçin akkumulýator bolup hyzmat edýär. Poeziýanyň taryhyna ser salsaň – her hili tebigy gudrata-da, emeli gudrata-da gabat gelýärsiň. Merkezi asyrlardan başlap, arap hem pars, hindi hem türki dilli poeziýada şahyrlar her dürli «oýunlar» edipdirler. Giçki Merkezi asyrlarda şol «oýunlar» Ýewropa poeziýasynda dowam etdirilýär. Mysal üçin, gaty zehinine göwni ýetýän adam bolaýmasa, het edip bilmez ýaly berk kada-kanuna laýyklykda, şahyrlar goşgy düzüpdirler. Günbatarda bolsa, sonetler, sonetler çemenini döretmek däbi girizilýär. Onuň öz berk düzgüni bar, sonetleri her bir şahyr ýazyp bilmeýär. Nobatguly öz bir çykyşynda: Biz ýaşkak Gurbannazar Ezizow iki sany sonetler çemenini döretdi. Şondan soň sonetler çemenini ýazmadyk şahyr galmady. Men ýazmadym, çünki men ýoň bolýan zatdan gaçmagy halaýaryn, ikinjidenem, poeziýa berk düzgün-nyzamly galyby halamaýar, poeziýa ýaşmak gerek däl, poeziýa ýel ýaly erkinligi küýseýär – diýen kysmyrak pikiri aýdypdy. Orta asyrlarda türki dilli şahyrlar hatda ylmy işleri hem poeziýa bilen ýazypdyrlar. Awisenna öz medisina traktatlarynyň hem birentegini şygyr bilen ýazýar. Emma beýtmek taryhda zerur bolan bolsa hem bu gün, biziň pikirimizçe, gerek däl. Ylmyň öz dili bar, poeziýanyň öz dili. Ýöne Nobatgulynyň şygyrlaryna ýönekeý okyjy aňsat düşünip bilmeýär. Eýsem şahyr «Sungat – sungat üçindir» diýen düşünje bilen döredýärmi?! Ýok! Ol bir makalasynda: «Okyjyda okyjy bar, sada daýhan okyjy hem bar, türkana çopan okyjy hem. Ylymlaryň aňyrsyna ýeten professor okyjy hem bar. Meniň pikirimçe, her şahyr öz ýeten derejesinde ýazmaly. Okyjyny köpeltmek maksady bilen, okyjynyň deňine düşmek özüňe, döredijiligiňe kast etmekdir» diýip ýazdy. Gurbannazar Ezizow ömrüniň soňky ýyllarynda poeziýanyň sada bolmalydygy hakynda örän köp çykyş etdi. Emma durmuş, dünýä, döwür çylşyrymlaşyp barýar. Meger, ertiriň poeziýasy has çylşyrymly bolsa gerek. Bu mesele ýönekeý mesele däl. Kolumbiýa şahyry Leon de Greýf bütin ömrüne «düşnüksiz şahyr» diýlip kötek iýip ýaşaýar, emma ömrüniň ahyrky ýyllarynda, eýýäm şahyryň şygyr ýazmasyny goýan ýyllarynda birden onuň goşgusyna «düşünmek» prosesi başlanyp, sähelçe wagtyň içinde ispan dilli onlarça döwletde ol iň gowy şahyr hasap edilýär. Ol bütin ömrüne şygyr ýazyp rowaç şahyr bolup bilmeýär, emma ölende «dünýäniň iň gowy şahyry öldi» diýip, dünýä ýas baglaýar. Şeýlelikde, dag Muhammediň ýanyna geldi. Leon de Gref okyjynyň üstüne barmady, tersine, okyjy öz beýik şahyryna çenli ösdi. Yşk-söýgi temasy tutuş Gündogarda şeýlebir işlenen, şeýlebir sünnälenen, göwnüňe bolmasa, şol poeziýadan soň şahyrlar yşky goşgulary ýazyp bilmejek ýaly. Türki dilli edebiýatdaky yşky poeziýa bolsa durşuna gyzyla gaplaýmaly dessan. Özem Kiçi Aziýada, Häzirbegjanda, Türkmenistanda gadym zamanlarda derwüşçilik, diwanaçylyk, galandarçylyky, sopuçylyk ýaly aşyklar akymy hem döräpdir. Ýunus Emre, Garajaoglan, Saýat Nowa ýaly onuň ägirt uly wekilleri bar. Aşyklar eline dutaryny alyp, öz sýgülisiniň waspyny edip, oba-oba, kent-şäher söküp, il içinde aýdym aýdypdyrlar, goşgy okapdyrlar. Olaryň bellibir ýaşaýan ýeri bolmandyr. Has takygy, olar türki dilli ullakan ýurtlarda söýgülisiniň waspy bilen ýaşapdyrlar, halk olary bagşy diňlän ýaly diňläp, içirip, egnini bitirip, goňşy oba ataryp goýberipdir. Häzirbegjanlaryň «Görogly» eposynyň baş gahrymany Görogly belli bir derejede aşyk şahyr. «Nejeboglan», «Şasenem – Garyp» ýaly meşhur dessanlarymyz hem şol aşyk şahyrlardan galan miras bolsa gerek. Şol dessur hem Mätäjä çenli formasyny, belli bir ýagdaýda mazmunyny üýtgetse üýtgedip, biziň nusgawy şahyrlarymyzda ýaşapdyr. Mollanepesiň, Seýdiniň, Keminäniň, Saýylynyň, Pidaýynyň, Şabendäniň, Andalybyň uly şahyr hem uly bagşy bolandygyny bilýäris. Gadym Arabystanda şahyr Mejnun Leýliniň waspyny edip, Leýliniň janly obrazyny döredýär. Petrarka Lauranyň, Petefi Etelkanyň, Pyragy Meňliniň, Seýdi Hatyjanyň, Zelili Döndiniň janly obrazyny edebiýata getiripdir. Gynansak-da, yşk mülküniň şasy Mollanepes bütin ömrüne gyz-gelinleri wasp edip, ýetip bolmaz kämillige çykandygyna garamazdan, onda belli bir at bilen gyzyň obrazy döredilmändir, gaty inçe lirikdigine garamazdan, Keminäniň poeziýasynda bolsa ýigrimiden gowrak gyz-gelniň ady tutulyp, olaryň belli birini bijebaşy edip bolar ýaly däl. Şu ýaramaz ýagdaý sowet poeziýamyzda hem dowam etdi. Nobatguly şol howpdan halas bolup, özüniň meşhur «Serwi agajy ýa-da sentimental poemasynda» Selbiniň obrazyny göwnejaý işläpdir. Selbi – toslanyp tapylan at, Magtymgulynyň Meňlisi hem hakyky at bolmasa gerek. Çünki biriniň gyzynyň adyny (eger ol aýaly bolmadyk bolsa) bagşylaryň diline berip, ile jar etdirmek türkmen etikasyna gabat gelmeýär. Şeýlelikde, Nobatguly türkmen edebiýatyna Selbiniň obrazyny getirdi. Ol özünden ozalky şahyrlarda hem döwürdeş şahyrlarynda ýok obrazy döretdi. Şol poemadan soň Nobatgulynyň haýsy bir şygryny okasaň hem inçe billi, saçlary başyna jyga kimin oralan, gaşlary taraşly Selbi gyz göz öňünde janlanýar. Epiki poemada beýle obrazy döretmek kyn mesele bolmasa-da, liriki poeziýada, aýna döwükleri san-sajaksyz goşgulardan bir gyzyň mozaikasyny düzäýmek çyn şahyryň işi. Müňünji ýyllarda beýik imperiýa gurup, Bagdatda eden tansyna (raksyna) diňe yslam dünýäsi däl, haçparaz hem butparaz dünýäsine sarsgyn beren türkmenler on altynjy asyrdan başlap konserwatizme gol ýapýar. Türkmen bir töwra halk, ol gaty tarhanhatly hökmürowan dine-de bimöçber ygtyýar beräýmeýär, goňşy halklar ýaly, gyz-gelinlerini çadraň astynda saklamaýar, ýöne türkmençilik çygryndan çykmaga-da hukuk bermeýär. Gyz-gelinleri namysynyň tuguna çenli göteren, olara gyýa göz bilen garan bilen ölüşmäge taýýar türkmen poeziýa bimöçber ygtyýar beripdir. Iki-üç asyr mundan ozal şahyrlar: «gysymlap gyşarsam, gyz, mämelerin», «emsem lebiň gana-gana», «guçsam inçe billeriňden» diýip, arkaýyn aýdyp bilipdirler. Hany, göz öňüne getiriň, şu günki gün kinosungaty şol setirleriň mazmunyny surata düşürip, tomaşaça hödürlejek bolup görsün! Emma poeziýada bolýar, ol islän zadyny owadan edip aýdanynda, pornografiýa bolman, gözellik bolýar. Söýgi gözellige, duýgudarlyga, ynsanperwerlige, watanparazlyga, adamçylyga, gahrymançylyga gapy açýar. Ýunus Emreden, Garajaoglandan başlap, biziň bilýän ähli nusgawy şahyrlarymyz türkmen gelin-gyzlaryny ideýallaşdyrdy, mukaddesleşdirdi, diýmek, türkmen okyjysyny hem şonçarak ideýallaşdyrdy. Aşyk öz söýen gyzyny adaty Zemin gyzydyr öýtmeýär, ol ony, hiç bolmanda, arşdan inen melekdir, hiç bolmanda, behiştden çykan hüýrdür öýdýär hem-de öz söýen şol hüýrüne mynasyp bolmak üçin, özi-de bilmezden, kämillenip başlaýar. Ol Mežnun ýaly wepaly, Garyp ýaly ygtybarly, Perhat ýaly edermen bolmaga jan edýär. Diýmek, ol öz söýgüsine çenli ýokary göterilýär, söýgi bolsa, şahyr aýtmyşlaýyn, dünýäniň depesine göterilen älemgoşar. Dünýäde dirilik suwy – abyköwser bar bolsa, ol – yşkdyr, söýgüdir. Söýýän adam ähli gahrymançylyga taýýardyr. Maksim Gorkiý her bir şahyra öz döwrüne görä baha bermelidigini tekrarlaýar. Biz onuň sözünden ters peýdalanyp, käbir tankytçylardyr edebiýatçylaryň edişi ýaly, ähli günäni döwrüň üstüne atyp, öz derňeýän şahyrymyzyň nogsanlaryny, bärden gaýtmalaryny, ýalňyşlyklaryny, kemçiliklerini, ejizliklerini ýuwup-ýaýmak pikirinden daşda. Ýöne halys ideologiýalaşdyrylan Sowet eýýamynda tankytdan gypjyn-gypjyn bolan şahyr «hasratly, gamgyn, göwnüçökgün» goşgularyny wagtynda çapdan çykardyp bilmedi, olam, isleseň-islemeseň, şahyryň az ýazmagyna getirdi. Herhal, şahyr uly söýgüniň hasratyny çekýän onlarça gowy goşgy ýazdy. Hawa-da, «ölüsine jynaza okadylmaga gorkulýan döwründe, ölüsine aglamaga utanylýan zamanada, söýgüňe aglap bilseňem az däl!» Eger, bilbil kapasada bolmasa, ol beýle şirin saýrap bilmeýär! Eger, Şandor Petefi öz söýgülisi Etelkany ajala aldyrmadyk bolanda, onuň ajaýyp elegiýalary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna girip bilmezdi, eger Magtymguly Pyragy yşk hesretlerini mertlerçe çekmedik bolsa, onuň ajaýyp goşgulary şu günki günem Meňliniň agysyny aglamazdy! Edebiýat döräli bäri ençeme edebi ugurlar döredi, wagtyň geçmegi, döwrüň, heňňamyň üýtgemegi bilen bolsa Jeýhunyň öz ornuny wagtal-wagtal ýalmap-opuryp durşy ýaly, akabasyny çalyşdy. Şu asyryň başynda rus edebiýatynda birnäçe edebi ugruň dörändigini, köpüsiniň bolsa öz möwritini ötürendigini biz bilýäris. Akmeizm, futurizm, sosialistik realizm, sýurrealizm ýaly täze ugurlar diňe bir edebiýatda öz ornuny alman, eýsem çeperçilik sungatyna, kino, teatra hem öz täsirini ýetirdi. Her bir ugur ýöne ýerden döremeýär. Her bir ugruň döremegi üçin zehin ýa-da ülker ýaly birtopar zehinleriň birleşmesi zerurlykdyr. Seredip otursak, futurizm zerurlykdan döreýär. Çünki: «Ýewropada kommunizmiň alamatlary gezýär». Beýle ýagdaýda halkyň ruhy dünýäsini sünnälenen, berk düzgün-nyzamly ýazylýan nusgawyy poeziýa beýan edip biljek däl. Rewolýusiýa könäni ýumrup, ýykyp, dargadyp barýan rewolýusioner şahyr zerur, ol hem W.W.Maýakowskiniň paýyna düşdi. Eýse sýurrealizmiň döremegi üçin hem öz döwründe zerurlyk ýüze çykypdy. Bu ýerdäki «sýur» affiksiniň «süýr» sözünden bolaýmagy hem gaty ähtimal. Bu edebi ugur şu asyryň başynda dörän awangardçylyk ugurdan gözbaş alýar. Bu ugruň döremeginde dadaizmiň hem roly biçak uludyr. Sýurrealizmi esaslandyryjylar bu edebi ugruň köklerini beýik fransuz şahyry Artur Rembonyň edebi mirasyna çenli alyp gidýärler. Bu edebi ugur birsydyrgyn, hülli-hülli edip ýetişdirilen, şol bir pikirleniş usullarynda döredilen buržuaz gymmatlyklaryny inkär edip, romantik-anarhistik pitnewi pikirleri edebiýata getirýär. Bu ugruň wekilleri hatda real pikirlenmäni hem ret edip, onuň ornuna aňasty aň esasynda döreýän eserleri döretmek isleýär. Şeýlelikde hem olar real dünýäden, real pikirlenişden daş düşüp, jemgyýete ýat edebiýaty ündeýärler. Ýöne bu edebiýatyň, aýratynam poeziýanyň L.Aragon, Pol Elýuar, Rober Desnos ýaly ägirt uly läheňleri bar. Wagtyň geçmegi bilen sýurrealizm öz ýoluny, äheňini üýtgedip, Ýewropadan ösen döwletleriň ählisine ýaýrady. Häzir realistik poeziýada bütinleý täze poeziýa sýurrealizm diýilýär. Islendik uly şahyr, uly ýazyjy özünden öňki edebiýaty özüne binýat edinip, soňra köp halatda şol edebiýaty ret edip, ýa ret etmän, täze bir akym döredýär. Islendik uly şahyrlar – döwre garşy, dünýä garşy, çarhypelege garşy uly ýa kiçi pitnedir. Perişdepisint, ýagşyzada kybap, emer-damary bilen dindar, hudawy Magtymguly türki dilli poeziýada rewolýusiadyr, ol özünden ozalky poeziýanyň inkär edilmesidir. Ol Hudaýa bütin durky bilen bitýän halaty, Biribarsyz çöpbaşy gymyldamaýandygyna belet Magtymgulynyň Taňrynyň ýasan dünýäsine garaýşyna bir bakyň! Ahundan ylymdar Magtymguly Ýaradanyň dünýäsine «loly dünýä», «gasygy gam bilen doly dünýä», «öz balasyny özi iýýän doýmaz-dolmaz» diýip, gargama kemini goýmaýar. Eýse, Pygamber derejesine göterilen Magtymgula dünýä şeýle gahar-gazap bilen gargamak uslypmydyr?! Elbetde, Magtymguly diniň bendisi däl, ol sufistdir, dünýäden Hudaýy agtarýar. Ol zeminde bolup ýören adalatsyzlyga çydaman, sebäpkärini agtarýar… Şu babatda türkmen edebiýatynyň baý taryhy bar. Türkmen geçmiş edebiýatynda edebi mekdepleriň, ugurlaryň, stilleriň döreýiş hem ösüş meselesi belli bir derejede aýdyňlaşdyryldy*. Gürrüňi edilýän ugurlary häzirki edebiýat ylmynyň «edebi mekdep» diýen adalgasy bilen aňlatmak bolardy. Meselem, gadymy türkmen edebiýatyndaky oguznamaçylyk ugrunyň birnäçe mekdepleri bolupdyr diýip hasaplamak mümkin. Şolaryň içinde «Gorkut ata»** eposy aýratyn orun eýeleýär. Çünki IX – X asyrlarda dörän (R.Rejebowyň pikiri) bu eser gadymy türki çeperçilik mekdebiniň däplerine esaslanýar. Özüniň mazmun, gurluş alamatlary boýunça «Gorkut atanyň» gaýry oguznamalardan üzül-kesil tapawudynyň bardygyny eser bilen az-kem tanyş adam bada-bat aňlar. Özüniň beýan ediliş usuly, düzümi, şeýle hem gaýry çeperçilik alamatlary boýunça «Gorkut ata» ýakyn duran eser – munuň özi, elbetde, «Görogly» eposy. Bu iki eposyň ýakynlygyna, olaryň şol bir edebi mekdebiň irki we giçki çeperçilik däpleriniň önümidigine baryp Bartold ýaly gündogarşynaslar hem ünsi çekipdiler. Özüniň «Türk eposy we Kawkaz» diýen göwrümli işinde meşhur alym bu eposlary gadymy türkmenleriň halk döredijilik däplerine degişli edýär. Edebiýata, çeper söze inçeden düşünen alym çeperçilik özboluşlylygy, estetiki kuwwaty boýunça «Gorkut ata» eserini «Görogly»* eposyndanam has ýokarda goýupdyr. Biziň pikirimizçe, «Gorkut atanyň» çeperçilik nusgalygyna, özboluşlylygyna şeýle baha berilmegi, awtoryň subýektiw meýline, islegine degişli zat ýaly bolup görünse-de, umuman, edebiýatyň obýektiw ösüş nukdaýnazaryndan beýle bahanyň özüne ýeterlik esaslary bolmaly. Obýektiw ösüş aýratynlyklary – munuň özi edebiýatyň mazmun, forma babatdaky ösüş üýtgeşiklikleridir. «Gorkut ata» IX – X asyrlarda – türkmenleriň yslamy ýaňy kabul eden mahallary kämil eser hökmünde ýüze çykypdyr**. Ol mahallar entek arap-pars medeniýetiniň, edebiýatynyň, yslamyň täsiri türkmen siwilizasiýasynyň özenlerine aralaşardan, onuň manysyny üýtgederden ejiz bolupdyr. Edebiýat stil, forma, struktura, dil, owaz babatda şol öňki antik nepisligini, arassalygyny, tebigylygyny saklapdyr. Bize gelip ýeten «Gorkut atanyň» şygyrlarynyň forma, owaz aýratynlyklaryna ser salyp görüň. Munuň özi durşuna ak goşgy hem werlirb ahyryn! Şeýle original, şeýle özboluşly çeper hadysa siz soňky asyrlaryň edebiýatynda duşan dälsiňiz. Çünki olar eýýäm arap-pars siwilizasiýasynyň täsirini düýpli özleşdiren türkmen estetiki aňynyň önümleri. Şeýle-de bolsa, soňky asyrlarda hem «Gorkut atanyň» mazmun-forma elementleri köp derejede saklanyp galypdyr. Esasan hem «Görogly» eposynda oguznamaçylygyň halky däpleri oňat bildirýär. Eposyň mazmuny – gadymy erkin oguz-türkmen durmuşyndan alnan wakalar. Arap we gaýry basybalyjylara garşy garaýyş, gahrymanlaryň dine garaýşy, eposda aýal-gyzlaryň tutýan orny, harby-çarwa durmuş – bu zatlar iki eposyň mazmun ýakynlygyna güwä geçýär. Eserler gurluşy boýunça-da biri-birine meňzeş. Bar tapawut nämede? Biri aýry-aýry boýlara, beýleki bolsa şahalara bölünýär. Iki epos hem şygyr bilen kyssanyň gatyşygyndan kemala gelipdir. Eger agzalan görkezijileriň toplumyndan edebi mekdebiň çeperçilik bitewüligi diýen zat emele gelýän bolsa, onda «Gorkut ata» hem «Görogly» eposlary şol bir edebi mekdebiň – türkmen halk (ýazuw däl!) oguznamaçylyk mekdebiniň eserleridir. Ýöne olaryň arasyndaky tapawutlary gözden salmaly däl. Sap çeperçilik nukdaýnazaryndan munuň özi eseriň dilinde bildirýär. Eposlaryň kyssa böleginiňem, şygyr bölekleriniňem dili, formasy biri-birinden bellibir derejede tapawutlanýar. «Gorkut atanyň» kyssasy has özboluşly, şireli, onuň şygyrlarynyň bolsa duýgy-pikiri has ter, tebigy. «Göroglynyň» dili, formasy az-kem ýönekeýräk bolup görünýär. Bu, ýaňky aýdyşymyz ýaly, «Görogly» eposy bolsa gutarnykly suratda XVI asyrda kemala gelýär. Arap-pars dilli edebiýat bilen aragatnaşyk X – XVI asyrlarda ol edebiýatlaryň türkmen edebiýatyna güýçli täsir etmegine getirdi. Diňe «takmynan, XVI asyrdan başlap, türkmen halkynyň birhili üzňelikde ýaşandygyny onuň edebiýatynda Merkezi Aziýanyň hem Eýranyň edebiýatyna häsiýetli bolan umumy stilden kem-kemden ara açmagyna sebäp bolupdyr»*. Ine, şol döwürde-de «Görogly» eposy doly kemala gelipdir. «Gorkut atanyň» gözellik hadysa hökmündäki aýratynlyklaryny entek-entekler giňden öwrenmeli bolsa gerek. Çünki ol sözüň doly manysyndaky gadymy edebiýat bolup, gadymy oguz türkmenleriniň ynançlaryny, däp-dessurlaryny, estetiki duýgy-düşünjesini, durmuş gurluşyny çala emele gelen görnüşde bolsa-da (çünki bize eseriň has soňky asyrlardaky görnüşi gelip ýetipdir), doly saklapdyr. Özüniň çeperçilik däpleri boýunça bolsa ol gidenbir edebi mekdebiň sakasynda durýar. Soňra şol mekdebiň däpleriniň içinde «Görogly» eposy, beýleki käbir halk dessanlary, folklory, beýleki eserleri döredildi**. Edebi mekdep manysynda muny nähili atlandyrmaly? Biziň pikirimizçe, bu estetiki hadysany oguznamaçylyk mekdebi hökmünde häsiýetlendirmeli. Çünki «Gorkut ata» eposynda «oguz zamanlary» diýen berk aňlatma bar. Soňky döwürlerde «türkmençilik» diýlen düşünje ýörgünli bolupdyr. Türkmençilik – munuň özi türkmen halkynyň ideologiki, sosial, dini, estetiki özbaşdaklygy hem özboluşlygydyr. Şol durmuş gurluşynyň çäginde dörän eserler hem Magtymgula çenli türkmen halk edebiýatynyň esasy çeperçilik mekdepleriniň biri bolup gelipdir. Magtymguly Pyragy oguznamaçylyk mekdebinden, Gündogar edebiýatyndan köp zatlary öwrenip, türkmen halkyna düşnükli dilde eser ýazyp, öz edebi mekdebini esaslandyrmagyň hötdesinden geldi. XIX asyrda, XX asyryň hem otuzynjy ýyllaryna çenli ähli türkmen şahyrlary Magtymgulynyň döreden şahyrana diliniň çygryndan çykyp bilmediler. Magtymgulynyň döreden şahyrana dilinde eser döretdiler. XX asyr türkmen şygyrýetinde Rehmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow hem Nobatguly Rejebow täze edebi ugur döretmegiň hötdesinden gelen görnükli şahyrlardyr. Türkmen sowet şygryýetini ösdürmekde Rehmet Seýidowyň bitiren hyzmaty uludyr. Özüniň zehininiň ýitiligi, şahsy şahyrlyk keşbiniň belentligi bilen ol özboluşly edebi ugry döretdi. Gurbannazar Ezizow Rehmet Seýidowyň döredijiligine ýekeje setirde örän jaýdar baha beripdi: «Bu gije durşuna Rehmet Seýidow». Rehmet Seýidowyň öz şygry dili bardy. Şygry dili diýenimizde biz çeper usuly, özem ýeke şahyryň däl, tutuş şygryýetiň ýa onuň agramly böleginiň dili bolup bilen mümkinçiligi, usulyny göz öňünde tutýarys. Ýöne Rehmet Seýidowyň dili beýle uly hadysa öwrülmedi. Näme üçin? Munuň özi, megerem, şahyrana paradokslaryň biridir. Şygryýetde ösüşi şahsyýetler kesgitleýär. Ýöne, megerem, şygryýetiň hemişe bar we bolan «reňksiz köpçüligem» öz gezeginde şol ösüşiň logikasyna täsir edýär. Garaz, R. Seýidow öz mümkinçiliklerine, poeziýa getiren täzelik gymmarlyklaryna garanda, doly ykrar edilmedi. Herhal, ol XX asyrda türkmen şygryýetinde lirikanyň nämedigini görkezen, Magtymgulynyň giň, amatly, rahat goşgy düzüş, şahyrana beýan ediş çygryny böwsen ilkinji şahyr boldy. Hawa, her bir – hatda şöhratly, meşhur şahyr atlydan şahyr bolmaýar, her bir goşgy görnüşinde ýazylan närseden goşgy bolmaýar, – hatda öňýeten goşgudan lirika-da bolmaýar. Goşgy köpdi, lirika weli ýokdy. Magtymgulynyň şahyrana dili, goşgy düzüş görnüşinde halkyň aňyna şeýlebir ornaşypdy, öwrenilişipdi. Göýä goşgyny başgaça ýazmak, «gürlemek» asla mümkin däl ýalydy. Otuzynjy ýyllarda goşgynyň temasy, mazmuny üýtgänem bolsa, gurluş, şahyrana dil Magtymgulynyňkydy. Rehmet Seýidow ilkinji bolup türkmen şygryýetinde lirizm akymyny, ugruny esaslandyrdy. «Edebi ugur» diýlende, birnäçe şahyrlary özüne birikdirýän bir çeper hadysa göz öňüne gelýär. Şygyrda öz aýratynlygyny, akymyny tapan şahyrlar bolýar, ýöne şol bir wagtda öz poeziýa dilini döreden şahsyýetlerem bolýar. Birinji bilen soňkynyň tapawudy – şahsy ýoluny tapan şahyr ony döwrüň umumy edebi akymynyň içinden tapýar, öz akymyny tapan şahyr şygryň umumy ruhundan daşgary, onuň çäklerinden aňyrdaky giňişlikde öz usulyny tapýar. Onuň bu tapyndysy hususy ýolundan ösüp, edebi akyma öwrülýär. Rehmet Seýidowyň gymmaty boýunça häzir deň görülýän döwürdeşlerinden tapawudy şundadyr. Munuň öz şahsy ýoly bar, beýlekileriňem. Ýöne beýlekileriň ýoly umumy ýörelgeleriň çägindäki özboluşly hadysa – şahsy ýol. R. Seýidowyň lirikasy ondan aňyrdaky özboluşly hadysadyr – edebi ýoldur. Gurbannazar Ezizow türkmen şygryýetiniň gözellik esaslaryny, şygryň durmuşa, jemgyýete gatnaşygyny düýpgöter üýtgetdi, şygryň adam ruhuny şöhlelendirmekdäki mümkinçiligini düýpli giňeltdi. Takygy, şygyrda täze bir edebi mekdep, edebi ugur döredi. Häzirki şygryýetiň iň öňdebaryjy wekilleri, onuň gözellikdir paýhas bölegi – munuň özi Ezizowdan gaýdýan şahyrana şahsyýetlerdir. Düýpli intellektual hem estetiki öwrülişik edebi mekdebiň başyny başlaýjynyň poeziýa täze çeperçilik ulgamyny, täze keşpler ulgamyny getirmegi, žanrlaryň ösüşinde düýpli ewolýusiýa etmegi, formanyň, çeper diliň, metodikanyň täze gözýetimlerini açmagy, galyberse-de, täze edebi usuly esaslandyrmagy bilen gutarnykly proses ýüze çykýar. Muny biz Magtymgulynyň goşuk žanryny kämilleşdirmeginde, edebi dili esaslandyrmagynda, obrazlar ulgamyny döretmeginde görýäris. Muny biz G. Ezizowyň dörtleme – murapbag görnüşini düýpli estetiki hadysa öwürmeginde, ony edebi filosofiki, edebi psihologiki mazmuna hyzmat etdirmeginde, senetden sungata öwürmeginde, şahyryň edebiýata getiren keşpler, troplar ulgamynda, täze çeper tebigaty bolan kapyýalar ulgamyny esaslandyrmagynda görýäris. Nobatguly Rejebow – şu gündenem beter geljegiň şahyry, ol XX asyr romantik türkmen poeziýasynyň kerwenbaşy wekilidir. H. Diwangulyýewiň sözleri bilen aýtsak, «Nobatguly Rejebowyň poeziýasy, biziň şu günki poeziýamyzyň ýeten derejesidir»*. Ezizowyň mekdebinden çykmak bilen, ol çuňňurlygy hem giňligi boýunça şol mekdebe barabar potensiýaly, metapozisiýany döretdi. Şu kitapda onuň romantik poeziýasynyň motiwler – keşpler ulgamyny mümkingadar jikme-jik yzarlamaga synanyşdym. Şahyr ummasyz köp metaforalar, troplaryň gaýry görnüşlerini, alamatlaryny türkmen şygryýetine getirdi. Onuň romantiki şygryýetine uly çeperçilik hadysalar – subutnama mahsus. Şahyryň romantikasynda tebigat hadysasy, adam köňlüniň hadysasy uly orun tutýar. Nobatguly Rejebow soňky döwürde täze bir ugra – sýurrealizme geçip ugrady. Magtymguly türkmen şygryýetinde düýpli öwrülişik eden – öz şahyrana dilini döreden şahyr. Rehmet Seýidow türkmen şygryýetinde düýpli öwrülişik eden – öz şahyrana dilini döreden şahyr. Gurbannazar Ezizow türkmen şygryýetiniň öňki berk galyply, kada-kanunly sözlük düzümini «döwüp», öz şahyrana dilini girizen şahyr. Nobatguly türkmen şygryýetine batyrgaýlyk bilen öz şahyrana dilini girizen şahyr. Bu dört şahyr türkmen edebiýatynda, – eger şeýle şertli atlandyrmak mümkin bolsa, – dil öwrülişigini amala aşyran şahyrlar. Bu şahyrlaryñ hersi türkmen şygryýetiniñ bir öwrülişik etabynyñ kerwenbaşysy. OSMAN ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |