21:43 Türkmen taryhynyñ ak ýoly | |
TÜRKMEN TARYHYNYÑ AK ÝOLY
Taryhy makalalar
Nuh zamanyndan bäri türkmen halky özüniñ gahrymanlaryny unutman, agyzdan-agza, nesilden-nesle geçirip gelýär. Dowamy-da şeýle bolup gider oturar. Halk özüniñ kalbyna, islegine, maksadyna görä ertekidir rowaýat, dessandyr epos döredýär. Olary ýatdan bilipdirler, bilýärler, bilerler. Halk döredijiliginiñ içindäki položitel gahrymanlara guwanýarlar, ýeñişlerine begenýärler. Otrisatel gahrymanlary halamaýarlar, olaryñ käbir üstünliklerine, ýeñişlerine gynanýarlar. Olary halk özünden daşda saklaýar. Eposlary, dessanlary, ertekidir rowaýatlary sanap gepi uzaldyp oturmalyñ. Olary bilmeýän, eşitmeýän türkmen ýok bolsa gerek. Gepiñ tümmek ýerine göz ýetirjek bolalyñ! Sowet döwri diýilýän zamanada özbaşdak, garaşsyz döwleti küýsäp, är ýigitlere baştutanlyk eden ar-namysly, gaplañ ýürekli gerçekler barasyndaky arhiw ýazgylarymyz, taryhymyz gulp astynda saklanýardy. Ylymy-sowatly, görnükli alymlarymyz, taryhçylarymyz munuñ ýedi menzil töwereginden baryp bilmediler. Sebäbi gulp astynda Gökdepe galasynyñ gahrymanlarça goralyşy, ar-namys, Watan üçin başyny goýanlaryñ kysmaty baslygyp ýatyrdy. Garaş han ogly Ýomudskiniñ "Türkmenler we rewolýusiýa" diýen taryhy eseri saklanýardy. Şol döwrüñ diri şaýady N.N.Ýomudskinoñ eserinde Jüneýit han, Eziz han hakynda ýazylan hakykat ýatyrdy. Türkmen halky bu gahrymanlar barasynda, ýagny günbatar türkmenler; Eziz han hakynda, Jeýhun kenarynda ýaşaýanlar Jüneýit han barasynda añsyz zat bilmeýärdiler. Arhiwdäki taryhynyzy öwrenip halka ýaýmak alymlarymyzyñ, taryhçylarymyzyñ paýyna düşýärdi. Olar-da Gökdepe galasy, Gazawat söweşi, Türkmensähra gozgalañy hakynda, Jüneýit han, Eziz han barada dil ýaryp bilmezdiler. Kelam agyz söz açsalar, Sibirden çykaryljakdygyny aýnada gören ýaly anyk añlaýardylar. Şeýle-de bolsa, men-men diýen alymlarymyz, taryhçylarymyz Gaýyp Nepesow, Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Aga Garryýew, Aman Kekilow, Ata Rahmanow ýöne ýatmadylar. Gadymy şahslardan - "Gorkut atadan" başladylar. Epos yzarlanyp başlandy. Çemçeläp ýygnan eserlerini çanaklap dökdüler. Olaryñ başlaryna ýok oýun saldylar. Görgi baryny görkezdiler. Bu aýdylanlary teswirlemek üçin käbir delilnama getirmek zerurlyk edýär. Şonuñ üçin geçen wakalardan, gazet-žurnal sahypalaryndaly ýazgylardan tymsal almaly boldy. Kyrkynjy ýyllaryñ ikinji ýarymynda Aşgabadyñ pedagogik institutynda "Gorkut atany" öwredip başladylar. Sapakda, esasan, bütin ömrîni halk döredijiligine bagş eden, hakdan içen, guýmagursak professor Mäti (agamyz) Kösäýew ilkinji bolup "Gorkut atanyñ" gatyny açdy. Ýetişibildiginden talyplara eposy ýazdyrardy. Gaýybana okaýan talyplar il içinde "Gorkut atany" okap başladylar. Türkmen halky gahrymanyna guwanyp başaldy. Armaj, guwanç uzaga çekmedi. "Gorkut ata" eposy halka garşy ýazylan epos diýlip, oña ýalan töhmeti atdylar. Döwletli iş bitirip, halkyñ göwnünden turan alymlardyr taryhçylaryñ daşyna halka aýladylar. Birnäçesini basdylar, birnäçesini işinden daşlaşdyryp, Çärjewden, Daşhowuzdan çykardylar. Yzy indegli, yzarlanýan ýagdaýda ýaşamaly, işlemeli boldular. Sözümiz gury bolmaz ýaly, 1953-nji ýylyñ mart aýynda Aman Kekilowyñ, A.Garryýewin "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ redaksiýasyna ýazan hatlary bilen tanyşsak ynamly bolar: "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ redaksiýasyna. SSKP Merkezi Komitetiniñ organy "Kommunist" žurnalynyń 1953-nji ýylda çykan 2-nji sanynda çap edilen "Türkmen edebiýatynyñ dessançylyk häsiýeti hakynda" diýen makalam ideýa taýdan zyýanly bir makala hökmünde ýazgaryldy. "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ 1952-nji ýylda çykan 12-nji sanynda bolsa meniñ şol makalamyñ zyýanlydygy we onda goýberlen ýalñyşlyklar hakynda ýörite redaksion makala çap edildi. Men şu ady tutulan makalamy 1940-njy ýylda ýazyp, 1950-nji ýylyñ başlarynda "Sowet edebiýaty" žurnalyna hödürledim. Men özümiñ şu makalamda halka garşy "Gorkut ata" kitabynyñ türkmen halkynyñ epiki döredijiliginiñ ösmeginde rol oýnady diýip görkezmäge synanyşyk etmek bilen, uly ýalñyşlyklar goýberipdirin. "Gorkut ata" kitabynyñ aýry-aýry hekaýalary halk arasynda ýaýrady diýip, nädogry pikirleri subut etjek bolup, men özümiñ şu makalamda, şol halka garşy eposdan mysallar getiripdirin. Men özümiñ şu makalam ýazylan döwürde, ýagny "Gorkut ata" kitaby hakynda "Правда" gazetiniñ görkezmesine we TKP Merkezi Komitetiniñ kararyna çenli onuñ halka garşy we reaksion häsiýetine düşünmändirin. Bu düşünmezlik bolsa meni makalanda gödek ýalñyşlyklara eltdi. "Gorkut ata" kitabynyñ reaksion häsiýeti partiýamyzyñ Merkezi Komiteti, partiýa metbugaty hem biziñ sowet jemgyýetimiz tarapyndan paş edilenden soñ, men özümiñ bu meselede goýberen ýalñyşyma düşünip, Çärjew döwlet pedagogik institutynyñ kommunistleriniñ açyk partiýa ýygnagynda, Çärjew şäheriniñ, Çärjew, Farap, Kaganowiç we Sakar raýonlarynyñ mugallymlarynyñ maslahatynda hem-de başga ýygnaklarda "Gorkut ata" kitabynyñ reaksion manysy hakynda dokladlar etmek bilen, bu meseledäki öz ýalñyşlarym barasynda hem ýörite durup geçdim. Men özümiñ goýberen ýalñyşyma çuññur düşünmäge we ony düzetmäge kömek eden partiýa metbugatyna we sowet jemgyýetine çyn ýürekden minnetdardyryn. Aman KEKILOW, Mart, 1953 ýyl. Redaksiýa hat "Murgap oazisiniñ Russiýa imperiýasynyñ sostawyna girmegi" diýen makalam "SSSR Ylymlar akademiýasynyñ Türkmenistan filialynyñ habarlarynda" çap edilipdi (1951-nji ýyl. No 3). Şol makalamda men Ahal tekeleriniñ howaýy özbaşdaklygyny tassyklapdyryn. Teke hanlaryny (Nurberdi han, Gowşut han) ideallaşdyrmaklyga ýol beripdirin, munuñ özi-de uly ýalñyşlykdyr. Elbetde, meniñ bu tassyklamalarymyñ we ýalñyşlyklarymyñ ählisi "Kommunist" žurnalynyñ sanynda adalatly görkezildi. Öz ýalñyşlyklaryma her taraplaýyn we çuñ paýhaslanmak hem-de akyl ýetirmek bilen, men "Kommunist" žurnalynyñ sagdyn, prinsipial tankydyndan özüm üçin degişli netijeleri we sapaklary çykarandygymy hem-de öz tarapymdan goýberlen ýalñyşlyklary düzetmäge we olary ýok etmäge ähli güýjümi sarp etjekdigimi aýtmagy zerur hasap edýärin. (Professor A.Garryýewiñ haty köp derejede gysgaldylyp alyndy. Awtor) ("Sowet edebiýaty". Çap etmäge rugsat edilen wagty 18.05.53 ý.). Gep - çig deri, eýlä-beýlä çekeläp oturmalyñ! "Kötek güýçli bolsa, ýüñ gazyk ýere girer" diýen türkmen nakyly bilen hatlar baradaky düşünjäni jemlesek, kemterlik etmese gerek. Jüneýit han barasynda gürrüñ gozgajak bolsak, turuwbaşdan arhiw materiallaryna daýanmaly bolarys. Garaşsyzlyk aýy başlan badyna "Ýaş kommunist" gazetinde "Jüneýit han kim bolupdyr?" (05.10.1991 ý.) diýen makala çap edilipdi. Bu makalada Jûneýit hanyñ atlysy bolup gulluk eden, Tagta posýologynda ýaşap dünýäden öten, meşhur Şyhnazar aganyñ beren gürrüñinden söhbet açylýar. "Jüneýit han türkmeniñ ýomut taýpasynyñ orsugçy (jüneýit) tiresinden bolup, ady Gurbanmämmet bolmaly. Ol orta daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Türkmeniñ demirgazyk raýonyndaky ýomut taýpalary Hywa hanlygynyñ raýatynda bolupdyr. Jüneýit hana-da öz jüneýit tiresiniñ salgydyny ýygnap, Hywa hanyna gowşurmak emeli ýetipdir. Ol Hywa hanyna halallyk bilen gaty gowy hyzmat edipdir. Şol döwürlerde Hywa hany sözenek keseline sataşýar. Emri güýçli han, bir ýerde tebip, gurrandaz bolsa ýygnaýar, tebiplerden em sorasa, gurrandazlara haýsy tebibiñ ýa-da dermanyñ em boljakdygyna göz ýetirmek üçin pal atdyrypdyr. Hiç kim onuñ derdine em tapmandyr. Şol döwürlerde garrap, halys tebipçilikden galan bir haýýar kempir pursatdan peýdalanyp, hana em buýrup, uly baýlyga eýe bolmak maksady bilen, Hywa hanynyñ huzuryna gelýär. Oýlan emlerinden göwnühoş halda, handan bir çemçe ganynyñ geçilmegini sorap, em salgy berýär. Oña ýüzi açylmadyk 40 sany ýaş gyza el gatsa, derdinden halas boljakdygyny mälim edýär. Han wagty hoş bolup, kempire köp pul berip, gymmatbahaly sowgatlar berip, ony öýüne ugradýar. Gabap saklap oturan tebiplerine we gurrandazlaryna bolsa jogap berip goýberýär. Aslynda kempir "Han dert çekip güýçden gaçandyr, 40 gyza el gatyp bilmez. Soñra-da men jezadan gutularyn" diýen niýet bilen, şeýle elhenç em buýrupdyr. Şondan soñ Hywa hany hana mynasyp owadan gyzlary ýygnamagy öz soraýan welaýatlaryna höküm edipdir. Gyz ähli milletlerden ýygnanypdyr. Şonda han üçin bir türkmeniñ gyzyny hem zorluk bilen alyp gaýdýarlar. Ýañky gyzy alyp gaýdylan türkmen namysa çydaman, Hywa hanynyñ ýanyna gelýär. Hywa hany ony öldürip, kellesini naýza ildirip, kelläñ gapdalynda "Namys yzarlap gelen türkmeniñ kellesi" diýen ýazgy goýýar. Sebäp bilen Hywa gelen Jüneýit hanyñ gözi şol ýazga düşende, dabanyna ot basylan ýaly bolup, yzyna dolanýar. Obasyna gelip, namysly ýigitlerden atly-ýaragly nöker jemläp, Hywa gelýär. Hywa hanyndan ýaña içleri tütąp duran goşunbaşylary, nökerler, ähli ilat hem Jüneýit hana tarapdar bolýarlar. Şeýdip Hywanyn azgyn hanynyñ kellesi alynýar. Soñra Jüneýit han ählu Hywa ýurdunyñ emeldarlaryna, wezir-wekillerine maslahat edip, Hywa täzeden han belleýär. Jüneýit handa han bolmak niýeti-de bolmandyr. Jüneýit hanyñ döwründe ogurlyk, talañçylyk, aýagy egri basmaklyk aýalda-erkekde bolmandyr. Namyslaryny ýere dökeninden ölenini ýüz paý oñat görýän sylaşykly halk bolupdyr. Jüneýit han näme iş etse-de, hemişe il bähbidini arapdyr. Onda millet saýlamak ýa-da ogul-gyzyna, öz ýakyn garyndaşlaryna başga hili seredip, gol ýapmak, baýlyk toplamak niýeti bolmandyr. Ol türkmeniñ ähli tireleriniñ han-beglerine birikmek üçin ilçi, töwellaçy ýollapdyr. Jüneýit han ýurt soran ýyllarynda bir adamyñ pully gapjygy gaçan ýagdaýynda, şol gapjygyñ iki tarapyndan sowlup geçilipdir. Eýesi gelip el urýança bir adam hem şol pully gapjyga el urmandyr, hatda ony almak barada pikir etmegi-de uly günä hasaplapdyrlar. Hatda ondan añyrda uly jenaýar bardyr diýip çaklama edilmändir. Hemişe ululara hormat bilen geñeş salnypdyr. Jüneýit hanyñ tutýan ýoly erbedem däldi" diýip, makalada Şyhnazar aga gürrüñini soñlaýar. Gazanjyk, Gyzylarbat etraplarynda ýaşy ýetmişe ýetip barýan adamlardan (90-njy ýyllarda -t.b.) Jüneýit han barasynda öwgüli sözleri eşitmek bolýar. Şolaryñ biri barada söhbet açalyñ. Oña Şyhy aga Teke ogly diýýärler. Emgek baryny görüp, öz iline sag-aman gowşan adam. Ol Isgender obasynda ýaşap, birki ýyllykda ýurduny täzeledi. O pahyr aşa zehinlidi. Şyhy aganyñ saglygyny soramaga öýüne bardym. Çaý başynyñ gürrüñi başlady. Gürrüñden-gürrüñ çykarlary, Jüneýit han barada gürrüñiñ üsti açyldy. O pahyr hanyñ adyny "Han Jüneýit" diýip tutdy. "Han Eýrana geçmek maksady bilen, Ortaguýuda birnäçe aýlap goş basyp ýatdy. Sowet döwleti ony ýek görse-de, il-gün oña aşa sarpa goýýardy. O döwürdr Hywa kerwen gurap argyşa gidilerdi. Hywa ýoly han Jüneýdiñ üstünden geçerdi. Olaryñ Han bilen özara gatnaşygy, arkalaşygy bardy. Bardy-geldi han Jüneýit bir baýa ýumuş salsa, onuñ bitmejek gümany bolmazdy. Weli kakañ (belli baý) owadan al sakar aty bardy. Ony toýa-tomaşa diñe özi münerdi. Han Jüneýit iki sany alaşa iberip: "Weli baý aty maña bersin" diýip, sargyt edende, şol aty berip goýberdi. O wagtlar bedewleri adamlar öz başyna deñärdi. Han Jüneýidiñ atlary kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler bolupdyr. "Han Jüneýit döwlet bilen ýaraşyk etjekmiş" diýen gürrüñ il içine ýaýrap başlady. Ol ýaraşyk ugra barmandyr. Şondan soñ "Han Jüneýit Eýran geçjekmiş" diýen habar eşdilip başlandy. Biz şol ýyllarda Gyradeñde ýaýlalardyk. Gyş aýyna çenli oturardyk. Gyşyñ başynda gyşlanylýan ýerlere, mal üstüne bölek-bölek bolup göçerdik. Eşidilen habar dogry bolup çykdy. 1928-nji ýylyñ güýzüniñ soñky aýynda han Parawbibi obasynyñ gündogaryndan, Musanyñ gädiginiñ üsti bilen geçip, Gyradeñ oýuna geldi. Biz mal-garasynyñ suwsuzdygyny bilip, ýol ýakasyndaky guýyñ başyna ýygnanyp, dört-bäş ahyry suwdan dolduryp goýupdyk. Han Jüneýde suwuñ taýýarlygyny habar etdik. Ol: "Eden aladañyza Tañry ýalkasyn! Men suwlanmaýyn. Geçip gideýin. Bilip bolmaz pelek işini, soñ bir wagtlar Jüneýit hanyñ leşgerini suwlandyrypsyñyz diýip, başyñyza ýok oýun salmaklary ahmaldyr. Menden size hiç wagt zeper ýetmesin" diýip, nökerleri bilen geçip gitdi. Hanyñ aty bozdy (akdy). Han Jüneýit bihal adam däl eken. 8-9 ýyldan soñra NKWD-äñ jansyzlary: "Han Jüneýde kömek edipsiñiz" diýen ýalan töhmet bilen, birnäçe mysapyr adamlaryñ başyna ýetdiler. Şolaryñ biri-de mendim. Han Jüneýit şol gidişine Ejegül çoññalyñ gündogaryndaky şyr takyrlykda ýük ýazdyrýar. Niredendir bir ýerden Ýegejan hajy gelýär. "Ýegejan hajy Burkut atanyñ ýerdäki wekili" diýerdiler. Şeýle bolmagy-da ahmal. Ony gören, bilýän adamlardan häzir-bu güne çenli ýaşap ýörenler tapylýar. O pahyry men-de telim gezek gördüm. Hudaýyñ bendesi, il-gün "Ýegejan kaka, ýer-ýurt ýagyna mätäç" diýip duýdursa, haýsy-da bolsa bir depäniñ üstüne çykyp bürenip, gözýaş etse, Hudaý tarapyn ýagyn ýagardy. Belkem, Ýegejan haja sataşjagy han Jüneýide-de Hudaý tarapyn aýan bolandyr. Muny Alla bilmese adam bilmeýär. Garaz, Ýegejan kaka, şol şyr takyryñ golaý günbataryndaky galbanyñ üstüne çykyp, bürenip ýatyp, gözýaş edipdir. Han ýagşy suwlananyndan soñ ýola rowana bolýar. Etrek derýasyna baryp Harolumdan geçmeli bolanda, kiçiräjik çaknyşyk bolýar. Şol ýerde üsti ýükli maýasy batyp galýar. Soñra il-gün ol maýany batgadan çykaryp, han Jüneýide eltip berýärler. Şol mahal hanyñ 50-60 nökeri bardy. Olaryñ arasynda biziñ tanaýan adamlarymyzdan öz ogly Eşşi, Körje, Mergen, Guljan gülek dagy bardy" diýip, Şyhy aga sözüni tamamlady. Alymlarymyzyñ, taryhçylarymyzyñ öñünde türkmeniñ dogruçyl, hakyky, hususy taryhyny, täzeçe taryhyny döretmek ýaly abraýly, jogapkärli wezipe bar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alanyndan soñ mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyñ hakyky taryhyny öwretmegiñ uly syýasy ähmiýeti boldy. Hakyky taryhymyz, asylly däplerimiz adama howa ýaly gerek bolup duran päkize durmuşda arassa ahlak, ynsanperwerlik, Watany, halkymyzy söýmek ýaly häsiýetleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ IV klas üçin "Türkmenistanyñ taryhy" okuw programmasyna Jüneýit han, Eziz han diýen temalar girizildi IV klasyñ taryh mugallymlarynyñ elinde şol tema degişli gollanma ýokmuka diýip oýlandym. Olara delalaty deger diýen niýet bilen, şu makalanyñ başyny çatdym. Ýokardaky hanlar barasynda Garaşhan ogly Ýomudskiniñ "Türkmenler we rewolýusiýa" diýen eserinde giñişleýin berlendir. 1916-njy ýylyñ gozgalañy, Mergen arçyn, Esen han, Babagylyç, Madritow barasynda "Atbaýrak" romanymda giñişleýin arhiw materillary bardyr. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |