22:18 Türkmenbaşy döwri -1: Kärhana | |
TÜRKMENBAŞYNYÑ DÖWRI ÝA-DA BIZI GARRADAN ÝYLLAR
Publisistika
1. KÄRHANA ...Howwa, ýurduň syýasy, ykdysady we medeni ýagdaýy umuman alanyňda şeýleräkdi. Halka tükeniksiz wadalar berýärildi, ýöne, ýerine ýetirilmeýärdi. Täze-täze kararlar, görkezmeler, «on ýyllyk», «müň günlük» diýen ýaly Maksatnamalar kabul edilýärdi, emma netije bolmaýardy. Gaýtam soňabaka käbir welaýatlarda un-çörek gytçylygam ýüz berip başlady. Bu ýagdaý hususan-da Mary welaýatynyň adamlaryny aljyraňňylyga saldy. Olar awtobusly, otly bilen, käbiri öz maşynlarynda Aşgabada gelip, öýlerine çörek daşap ugradylar. Bu ýagdaý juda göze ilginç boldy we welaýat häkiminiň biweçligi netijesinde halkyň şol güne düşendigi äşgär edildi. Welaýat häkimine çäre görüldi, gytçylyk aradan aýryldy. Ýöne, ýurt boýunça dowam edýän işsizlik welin gün-günden güýjerleýärdi. «Şertnamaň doldy» bahanasy bilen işden boşadylýan ýa «sokraşşeniýä» düşýän adamlaryň sany kem-kemden köpelýärdi. Döredijilik soýuzlarynyň ýapylmagy bilen, döredijiligem döredijilik işgärlerini eklemesini goýdy. Olaryň hersi özüni bir ugra urdy. Ýagdaý şeýle bolansoň menem günümi dolandyrar ýaly özüme laýyk iş gözläp başladym. Öňde-de ýatlap geçişimiz ýaly, şol döwrüň başlarynda, ýurduň içinde günüň-gününe diýen ýaly hususy kärhanalar, firmalar açylýardy. Täze bazar ykdysadyýetiniň iň bir ähtibarly tarapyny her kim şonda görýärdi. Her kimiň öz güýjüni şol ugurda synap göresi gelýärdi. Söwdanyň haýsy görnüşi boýunça açylandygyna garamazdan, her kim öz kärhanasynyň düzgünnamasyna söwda-satygyň, iş-güýjüň, oba hojalyk işleriniň dürli görnüşlerini goşýardylar. Adamlar şol wagt oňa edil arslanyň awuna topulyşy ýaly topulýardylar.Ürç edýärdiler. Elden gidiren iş orunlarynyň öwezini şol zatlaryň üsti bilen doljak bolýardylar. Işim rowaçlanar, baýaryn diýip boş umyt edýärdiler. Ol zatlar üçin ummasyz maýa gorlarynyň gerekdiginden banklardan pul almak üçin bolsa elleri tugradyr – möhürli, ygtyýarnamaly býurokratlaryň öz öňlerinde böwsülmez böwet bolup durjakdyklaryndan bolsa olar entek bihabardylar. Sowet hökümetiniň ýykylmagy, Türkmenistanyň özbaşdak döwlete öwrülmegi bilen o zatlar aradan aýrylandyr, azat zähmete ýol açylandyr öýdýärdiler. Öňlerinde duran adamlaryň şol bir öňki döwlet işgärleridigini, olaryň diňe öz derilerini çalşyp, tüýslerni, şeýle hem jübülerindäki biletleriniň reňkini, partiýalarynyň adyny üýtgeden düýnki kommunistlerdigini göýä diýersiň bilmeýän ýalydylar. Heýjanelekçiler bolsa ol döwri wasp edýärdiler. Ony «Türkmenbaşynyň döwri» «Türkmenbaşynyň zamanasy» diýip atlandyrýardylar. Ana, şol döwürde ýoň bolan kärhana açyşlygynyň bady bilen, illere öýkünip başda menem öz ugrumdan işlär ýaly döredijilik kärhanasyny – kinostudiýajyk açdym. Ol kärhanada men suratkeşligimem, ýazyjylygymam, aýanlyk döwründe kinoçylar bilen işleşip toplan tejribämem ulanyp biljekdim. Dogrusy ol kärhanany Sarahsdaky täze açylan täjirçilik bankynyň başlygy, Annageldi diýen bir töwekgel ýigit şol bankyň ýanynda açypdy-da, «Türkmenfilm» kinostudiýasynda köp ýyllardan bäri operatorçylyk edip ýören başga bir etrapdaşymyzy direktor edip belläpdi. Annageldiniň esasy maksady etrabyň etniki ilaty bolan salyr türkmenlerini iň soňky gezek Sarahsa ýygnan Teke han hakynda film döretmekden ybaratdy. Film üçin pul, soň ony satyp, dolap bermek we giren girdejiniňem belli bir bölegini bile paýlaşmak şerti bilen bank tarapyndan goýberilýärdi. Ýöne direktor edilip bellenen adamy bu şert ürküzdi we ol ur-tut işden boşady. Şondan soň Annageldi kärhanany ýöretmekligi maňa tabşyrdy. Şert elbetde, menem gorkuzýardy, ýöne, işsiz ýatmak ondan-da beterdi. Diňe öz etrabynda tanalýan şahsyýet barada film döredip halkara kino bazaryna çykmak bolsa çetindi. Elbetde, halkyň taryhy bilen baglanyşdyryp islendik adam barada eser döretmek bolar, ýöne, taryhy maglumatlaram on dokuzynjy asyryň aýaklarynda Eýranyň Zurabad diýen ýerinden Türkmenistanyň Sarahs etrabyna göçürip getirmekde aýgytlaýjy roly salyrlaryň öz pikir edişleri ýaly Teke hanyň däl-de ors hökümetiniň oýnandygyny tassyklaýardy. Onuň üstesine ol wagt eýýäm Nyýazowam han-begler barada eser döretmekligi, gepleşikler, makalalar bermekligi gadagan edip ýördi. Şonuň üçinem, Annageldä hem ýerli etniki ilatyň, hem-de umumy, türkmen halkynyň taryhyna bilelikde degişli bolan gadymy oguz taryhyna ýüzlenmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny düşündirdim. Gorkut ata eposynyň baş gahrymany Salyr Gazan barada ssenariý ýazmaklyga rugsat soradym. Ol ylalaşdy. Çünki, meniň bu teklibim hem-ä onuň başky maksadyndanam gaty bir daş düşmeýärdi, hemem temanyň gerimini giňeldýärdi, filmiň bazarlylygyny güýçlendirýärdi. Film iki seriýaly, söweş sahnalaryna baý, taryhy çeper film bolmalydy. Bu filmi meniň pikirimçe diňe «Türkmenfilm» kinostudiýasynda «Şükür bagşy», «Gazakfilm» kinostudiýasynda «Beýbars» ýaly güýçli filmleri döreden, asly Türkmenistanly, şol wagt Moskwada ýaşap ýören ildeşimiz, häzirkizaman türki kinematografiýasynyň aksakgaly saýylýan Polat Mansurow ýaly režissor alyp biljekdi. Ssenariýanyň birinji warianty taýýar bolandan soň men «Türkmenfilmiň» kätiphanasyna baryp Mansurowyň Moskwadaky telefon belgisini aldym. Öýe gelip jaň etdim. Ol öýünde eken. Biz tanyş däldik, şonuň üçinem, kimdigimi, nähili mesele bilen jaň edýändigimi aýtdym. Ol diňledi-de, meniň tutumymy oňlaýandygyny, ýöne, bular ýaly köp adamly, geýim-gejimli, atly-ýaragly taryhy filmiň juda gymmata düşjekdigini duýdurdy. Men arkamyzda baý bir bankyň durandygyny hem-de onuň şertlerini aýtdym. Şondan soň ol: «Basym Aşgabada barjak. Şol ýerde «Kümüş Aý» atly Orta Aziýa respublikalarynyň we Gazagystanyň kinofestiwaly geçiriljek, men şoňa başlyk bellendim, barýançam ssenarini orsça terjime etdirip goý» diýdi. Men şeýle hem etdim. Festiwal başlanandan soň, salgysyny alyp Mansurowyň ýerleşen ýerine – Aşgabat myhmanhanasyna bardym. Üçünji gata çykyp salgy berlen gapyny kakdym. Içerden: «Kim»? diýip gyryljak, ýuwaş, ýadaw, emma dogumly ses eşidildi. Men adymy aýtdym. Gapy açyldy. Meniň öňümde orta boýly, saçy gaňtarylyp daralan, ýüzüme synlaýjylyk bilen mähirli garaýan, ýaşy altmyşdan geçeňkirlän adam durdy. Bu meniň Mansurowy birinji gezek görşümdi. Şeýle-de bolsa megerem onuň döreden filmlerine gaýybanasyndan dörän mähir sebäp bolan bolsa gerek, şol pursadyň özünde kalbyma hamala diýersiň ony ir döwürlerden bäri tanap gelýän ýaly ýakymly duýgy doldy. Aýdyşlaryna görä adamyň öňünde jyny ýöreýärmişin-de, tanyşu-nätanyş birek-birege sataşylanda öňürti şolar duşuşýarmyşyn. Eger-de şonda jynlary jyňkyryşmasa özleriniňem hüýleri alyşmaýarmyşyn. Mansurow ikimiziň jynymyz men entek gapynyň daşynda durkam jyňkyryşan bolsalar gerek, çünki, biz şol otagdan eýýäm köne dostlar hökmünde çykdyk we tä, festiwal gutarýança, günde-günaşa diýen ýaly duşuşdyk durduk. Çeper filmleriň görkezilişi tamam bolandan soň dokumental filmlere seretmeklik Aşgabatdan Pöwrizä geçirildi. Mansurow ol ýere-de meni ýany bilen alyp gidýärdi. Men žýuriniň yzynda ýeke özüm oturyp hem filmlere, hemem žýuriniň işine syn edýärdim. Žýuriniň agzalary köp däldi, bolaýsa alty-ýedi adamdy, şolaryň birem, Sowet razwedkaçysy Ştirlis baradaky «Baharyň on ýedi pursady» atly meşhur teleseriala saz ýazan belli sowet kompozitory Mikael Tariwerdiewdi. Ýeri gelende aýtsam şol feswtiwala B. Annanow ikimiziň «Zöhre-Tahyr» filmimiz hem gatnaşypdy we «romantizm üçin» diýen baýraga mynasyp bolupdy. Festiwal döwründe wagt tapyp Mansurow meniň ssenariýamy okady. «Täze, heniz ýüzlenilmedik tema, ýöne, entek sünnälenmeli ýerleri bar», diýdi. Özüniň häzir «Sergo Radženskiý» baradaky köp seriýaly filmiň aladasynda gezip ýörendigini islesem ssenariýa kömekçi tapmaga-da, režissor tapmaga-da kömek etjekdigini, özüniň bolsa filme başdanaýak ýolbaşçylyk edip biljekdigini aýtdy. Görüp otursam şol wagt Moskwada ýaş kinoçylary goldamak we döredijilik ýardamyny bermek maksady bilen hojalyk hasaplaşgyndaky halkara Gildiýa döredilen ekeni-de, onuň ýolbaşçylygyna hem Mansurowyň özi bellenen ekeni. Gildiýanyň tugraly kagyzynyň, möhrüniň öz ýanyndalygyndan peýdalanyp biz Mansurow bilen iki taraplaýyn şertnama baglaşdyk, gol çekişdik. Şol şertnama boýunça, goýuljak filmiň çykdajysy şol döwrüň nyrhy boýunça otuz million manat bolmalydy. Ol wagt entek ýurtda sowet rubly höküm sürýärdi, özem gün-günden hümmetsizlenýärdi we olar ýaly uly möçberdäki pula iş başlap, şol bir möçber bilenem başyňy alyp çykaýmak mümkin däldi. Şonuň üçinem, Mansurow şol şertnamanyň aşagyna: görkezilen puluň hümmeti gaçan wagty üstüni dolmaly (indeksirowat), diýip ýazanda men hiç hili garşylyk görkezip bilmedim. Festiwal tamam bolan gününiň ertesi ir bilen Mansurow myhmanhanadan maňa jaň etdi: «Eliň boş bolsa «Aşgabat» kinoteatrynyň öňünde garaş men häzir taksili barýan». Onuň «Aşgabat» kinoteatry diýýäni biziň öýümiziň golaýyndaky «Ýaş tomaşaçylar teatrydy». Mansurow ol binanyň ir döwürki, özüniň Aşgabatda ýaşan döwüründäki adyny tutýardy. Ol ertir Moskwa uçýan ekeni-de, şu gün dükanlara aýlanmak üçin kinostudiýanyň üsti bilen «taksoparkdan» ýarym günlik taksi alan ekeni. Biz öýläne çenli aýlandyk. Ol oduk-buduk satyn alýardy, köçelere, jaýlara köpden bäri görmedik tanşyna sereden ýaly mähirli bakýardy, lezzet alýardy, ýöne, barybir birhili ünjili, ýadaw görünýärdi. Birdenem ol: «Görýäňmi, festiwal gutarýança ýanymdan aýrylanokdylar, ertir-agşam gapymy kakyp bizar edýärdiler, ine, bu gün bolsa gapdalymda senden başga adam ýok», diýdi-de, başyny ýaýkap çalaja ýylgyrdy. Üstesine sürüjem özüniň gyssanýandygyny, gazançdan galýandygyny kinostudiýanyň taksoparka geçirjek pulunyň özi üçin hiç-hili peýdasynyň ýokdugyny ýaňzytmak üçin ýygy-ýygydan ýüzüni çytyp, torsarylyp, «hürrürdäp» režissoryň gaharyny getirýärdi, jegebisini darykdyrýardy. Şol gün myhmanhananyň öňünde hoşlaşanymyzda ol: «Juma! Film gowy zat. Özüne çekiji sungat. Ýöne, häzir inflýasiýa döwri. Pula ynam ýok. Onuň hümmeti günsaýyn üýtgäp dur. Film bolsa uly. Hysyrdyly. Uzaga çekjek iş. Köp zada, köp adama bagly. Diňe ikimizden çözülýän zat ýok. Meniň saňa näler kömek edesim gelýä, ýöne, ýanarsyň öýdüp gorkýan. Şonuň üçinem bankiriň bilen gürleş, biziň «Gildiýamyza» on sany «Žiguliniň» bahasyny geçirsin, bizde şeýle ssenariýa bar, ýagny, şonça maşyn Moskwadan, mysal üçin Aşgabada gaýdýar we barmaly ýerine barýança birnäçe gyzykly wakalar bolup geçýär. Ýolboýy filmi surata düşürýäs, maşynlaram size goýup gidýäs. Tolýatti zawody bilen şeýle gepleşigimiz bar. Başga ýagdaý ýok. Ýöne, gowuja pikirlen. Şu wagt pul bilen oýun eder ýaly däl. – Ol ýuwaşja güldi. – Seň ýagdaýňa-da düşünýän. Döredijilik adamsyna pul bilen iş salyşmak kyn, onda-da bular ýaly uly möçberdäki pul bilen... Dogrusy men onuň on maşynly maslahaty barada-ha Annageldiniň ýanynda dil hem ýaryp bilmedim. Çünki, birinjiden-ä Annageldi rugsat edäýeninde-de men onça puly boýnuma alyp, lükgeligi bilen, «mesaňa» diýäge-de näbelet bir zawoda geçirip goýberiberip biljek däldim, elime nagt beräýenlerinde-de başaryp biljek däldim, sebäbi men söwdagär däldim, Mansurowyň aýdyşy ýaly, o zatlar meniň ganymda ýokdy. Ol iş üçin demi daş ýarýan, bäş manatlaryny bäş günüň içinde bäş esse çişirip bilýän, aždarha ýaly ýalmawuz ýigitler gerekdi. Meniň egnimden bolsa döredijilik aslyşýardy. Goýbermeýärdi. «Gitme, o ýol seniň üçin garaňky» diýýärdi. Döwrüň üýtgemegi, köp zatlara ygtyýar berilmegi bilen göräýmäge haýsy işe baş ursaň ugrugyp gidiberjek ýaly görünýärdi, emma ýeke meniňki däl, kärhana açan dürli hünärdäki, dürli ugurlardaky adamlaryň ählisiniňem tutan tutumlary sähel salymyň içinde edil, suw gysymlan ýaly bolýar gidiberýärdi. Ýa iş üçin material tapylmaýardy, ýa edilen işiň muzdy tölenmeýärdi, ýa para hantamaçylygy bilen şol zatlara ýardam bermeli adamlaryň hut özleri dürli bahanalar bilen kärhana eýelerini köseýärdiler, gysýardylar, ahyrsoňunda-da her kim kärhanasyny ýapdyryp, sag-aman başyny gutarybilse kaýyl gelýärdi. Başarmajak zatlaryna baş goşup, halys aljyranlar bolsa basylýardylar, sypmak üçin öňki-soňky gazanalaryny, münüp ýören maşynlaryny, guran jaýlaryny satmaga mejbur bolýardylar. Käbirleri bolsa ata-babalaryndan galan garry öýlerinem satyp, zordan başlaryny gutarýardylar. Nirä ýöreýänini, näme edýänini bilmän äm-säm bolşup ýörenleriňem sany-sajagy ýokdy. Emeldarlar welin hususy kärhanalary çökermek bilen döwletiň ykdysadyýetine zeper ýetirýändiklerine düşünmegem islemeýärdiler. Ol wagt diňe bank işgärleriniň, etrap, welaýat ýolbaşçylarynyň, ministrleriň we ministrlikde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, Prezident köşgünde işleýänleriň, heýjanelekçileriň işleri rowaçdy, demleri şahdy, küştleri goçgünlidi. Haryt üçin o ýan, bu ýan welin olaryň özleri gitmeýärdiler. Döwlet bankyndan alnyp döwlet dükanlarynda, göterimine nagt pula öwrülen ýa-da banklardan alnyp pylan edaranyň, pylan kolhozyň, pylan mekdebiň işgärlerine paýlandy edilen gara pullar bilen nökerlerini üpjün edýärdiler-de, gerek bolsa ol pullary bermelije muzdy bilen dollara öwrüp, islendik ýurda, bezirgençilige iberýärdiler. Olaram sähel wagtyň içinde dolup-daşyp gelýärdiler-de, hem-ä alanja pullaryny ýerinde goýýardylar, hemem özlerini we özlerine şolar ýaly ak ýol açyp beren «akgalaryny» gönendirýärdiler. Şol döwür köp edaralaryň, daýhan hojalyklarynyň «bankda pul ýok» bahanasy bilen halky telim aýlap aýlyksyz kösemekleriniň sebäbi hut şonuň bilen baglydy. Muny hemmelerem bilýärdiler, ýöne, hiç kim dilini ýaryp bilmeýärdi. Ýaranyňdanam peýda ýokdy. Çünki, şol zatlary edýänler, seniň baryp arz etjek adamlaryň özleridi. Prezidentiň tankydy gadagançylyga salmagyndan arka tapynan häkimler, edara ýolbaşçylary hiç kimden gypynç etmän: «Baryň, dadyňyzy kime ýetirseňiz şoňa ýetiriň, diýip, daýhanlaryň, işçileriň, gullukçylaryň üstüne arkaýyn gygyryp bilýärdiler. Ertirki gün alkymlaryndan alar ýaly Prezidente-de hut şolar ýaly jenaýatkärler gerekdi. Ol özünem, olaram şoňa taýýarlaýardy. Türkmenistan atly ullakan gämi bolsa, durmuş deňzinde nämälim tarapa ýüzüp barýardy. Onuň nirä barjagyny, nirden çykjagyny, haýsy kenara baryp uruljagyny hiç kim, hatda onuň rulunyň başynda oturan adamyň özem bilmeýärdi. Halk iki oduň arasynda urunýardy. Howwa, çeper film çykarmak meselämiz şeýdip tamam boldy. Ýöne, meniň yza gaýdasym gelenokdy. Näme-de bolsa bir zatlar etmelidim. Şonuň üçinem men Annageldä: «Wideokamera satyn alaly-da, zakaz boýunça wideofilmjikler alyp kärhanany idirdediberili-le», diýdim. Başky höwesiniň köýendigi üçin nägile bolandygy daşyndan bildirip duran hem bolsa ol meniň o teklibime-de razy boldy. Şeýdip, birküç ýyl etrabymyzyň özüne, onuň kolhozlaryna, edaralaryna, etrabyň çäginde ýerleşýän «Sowetabad» gaz känine, şol käniň desgalaryny gurnaýjy, Rumyniýanyň «Rompetrol» kompaniýasyna ujypsyzja pula wideofilmler alyp berdim. Şol aralykda-da, ençeme ýyl bäri böwrek keselinden ejir çekip ýören Annageldi ýogaldy. Şondan soň men şertnama laýyklykda kärhanany bankdan aýryp öz hususy kärhanama öwürdim. Ýöne iş tapmak, işlemek, film öndürmek barha kynlaşýardy. SSSR-iň dargamagy netijesinde daýhan birleşiklerine öwrülen kolhozlar, sowhozlar, döwlet eýeçiligindäki edaralar halys çöküpdiler. Hojalyk hasaplaşygyndaky edaralar bolsa, işgärleriniň aýlyklarynam beribilmän kösenişip ýördüler. Tapanja bäş manatlarynam işgärleriniň agzyndan kesip edaralarynyň öňünde Prezidentiň, onuň kakasy Atamyradyň, ejesi Gurbansoltanyň heýkellerini dikeltmeklige, kabinetleriniň içinde suratlaryny asdyrmaklyga, stollarynyň üstünde býustjagazlaryny goýdurmaklyga sarp edýärdiler. Surat-bezeg işleri bilen günümi aýlabereýin diýsemem elde çekilýän plakatlatdyr-pannolaryň, şygyrlardyr – reklamalaryň, ornuny kompýuterlerde ýerine ýetirilýän fotoplakatlar eýeläpdiler. Bir çeperçilik okuw mekdeplerinde mugallymçylyk edäýmek galypdy. Emma oňa-da öňi bilen-ä ýerleşmek, boş orun tapmak gerekdi, ikinjidenem «gara sanawdaky» adamy hiç kimiň işe alasy gelmeýärdi. Gepiň gysgasy kärhana işsiz ýatdy-ýatdy-da, öz-özünden ýapyldy. Ýeke meniňki däl, meniňkiden öň ýa soň, garaz bazar ykdysadyýetiniň bady bilen açylan kärhanalaryň ählisi diýen ýaly sanlyja ýylyň içinde ýa batdy, ýa-da ýokarda agzap geçişimiz ýaly dürli sebäplere görä ýatdy. Käbirleri bolsa dyrjaşdy-dyrjaşdylar-da, ahyram meniňki ýaly özlerinden-özleri ýapyldylar. Garaz, «howlap» gelen kärhana ýeli gelşi ýalam sowuldy. Bar eden işi halkyň aňyny bulaşdyrdy. Aklyny çaşyrdy. Äm-säm etdi. Ýene bir eden zady: şol aldym-gaçlyklaryň içinde işi rowaç bolup, az wagtyň içinde köşk ýaly gatbar-gatbar jaý salan, howlusynda bäşden-ondan maşyn saklan, telewizor, holodilnik ýaly geçginli harytlary maşyn-maşyn, wagon-wagon edip daşan we aýlap peýdasyny gören ýigitleriň köpüsiniň ýa özleri ýa-da çagalary neşekeş, arakhor adamlar boldular. Birnäçeleri bolsa bendihanalara basyldy. Ähli gazananlary dargady. Öýleri ýapyldy. Maşgalalary bozuldy. Çökmän galan kärhanalar diňe emeldarlaryňky boldy. Bazar bäsleşiginden olar özlerini baş-esen, bagry bitin alyp çykdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |