6. BAŞ PROKURORYÑ KABULHANASYNDA
Içeri işler ministri G.Kasymowyň görkezmesinden soň Aşgabat şäher derňew uprawleniýesi Maksadyň işini hakykatdan-da «Azatlyk» etap bölüminden alyp öz önümçiligine geçirdi. Işi derňemeklik uprawleniýäniň sülçüsi Oraz Ataýewe tabşyryldy.
Daşyndan göräýmäge süňňi ýuwşak mylaýym, garaýagyz ýigit Oraz Ataýew başda gowy işledi. Jenaýatkäri ikinji gezek ýygnady. Sorag-idegem etdi. Hatda «men araňyzda ýokduryn» diýip, Maksady ýaraly halda taşlap gaçan Atdany hem çagyrdy we sorag etdi. Jenaýarkär bilen Maksady ýüzbe-ýüz duşuşdyrdy. Maksat ony görenden tanady. Ine, şu, diýip, üç oglanyň içinden şony görkezdi. Emma Oraz Ataýewiň işjeňligi uzaga çekmedi. Men: «Jenaýatkär näme diýse diýeni bolmalymy? Siz diňe şonuň görkezmesi boýunça işlemelimi» diýdim. Sülçi jogap bermäge derek aşak bakdy. Şeýdip tomus geçdi, güýz düşdi. Bir günem işiň gidişi bilen gyzyklanyp ýanyna baranymda sülçi ýigit gözlerini tegeläp maňa naýynjar garady-da:
– Işi şäher prokuroturasyna geçirdiler, indi şo ýere baryberiň – diýdi.
– Näme, ýapyldymy? Ýa suda geçirmek üçin aldylarmy?
– Aý... amnistiýa düşürmeli diýdiler... Menem aýdylanny etmeli boldum. Galanynam baraňyzsoň bilersiňiz-dä...
– Diýmek, onda sizlik iş gutarypdyr-da? Men nirä gitsem gidibermeli-dä?
– Aý. Öňürti şo ýere bir baryp görüň.
Bardym. Emma men ol işi o ýerden tapmadym. Aýdyşlaryna görä ony Baş prokurotura sorap alypdyr.
Derňew bölüminiň başlygydyryn diýdi öýdýän, familiýasy ýadyma düşenok eginlek, garynlak döşi gapak kimin, syrty ikiýana bulanyp duran bugdaý repk, at ýüzli ýigit däliziň ugrunda içi kagyzdan doly goňur bukjasyny tüýleri çogup duran döşüne basyp, daş-töweregine ätiýaçly garanjaklap durşuna salpy dodaklaryny zordan diýen ýaly herekete getirdi.
–Şol ýere baraýyň. Kyrk altynjy kabinetde Gurbanow diýen sülçüdedir. – Ol bir ugraberjek ýalam etdi-de, äden ädimini gaýdyp aldy we «pat» etdirip öňki ýerine goýdy. Bilegi bilen maňlaý derini süpürdi. – Arza ýazypmydyňyz?
–Nirä?
–Baş prokurotuta.
–Ýok.
–Be-e... – Ýigit az-kem böwrüni diňläp aşak bakyp durdy-da, göwresini hasam salpartdy. Şoňda onuň ullakan syrty bir tarapa towlanyp gitdi. - ...Onda nämüçin aldylarka? Özem özleri sorap aldylar. – Ýigit howlukmaçlyk bilen ýöräp ugrady. Iki ýana çaýkanyp, «patdyk-putdyk» edip barşyna bärsine bakman gürledi. – Hany, baryp bir görüň bakaly...
Müň deşikden geçip, itiň görüminde Baş prokuroturanyň kyrk altynjy kabinetini tapdym. Kakdym. «Giriň» diýen ses eşidildi. Girdim. Darajyk jaý. Yşygy ölügsi görnüşi ýürekgysgynç. Ortarada stol. Stoluň aňyrsynda, penjiräniň öňünde uzynak, süňki iri, ýüzüni mama dişänräk ýaş ýigit otyr. Bakyşy mylaýym. Ol ýerinden turdy. Maňa tarap ýöräp ugrandan bir aýagynyň täbigräkdigini aňdym. Salamlaşdyk. Näme üçin gelendigimi aýtdym. Ol meni diňledi-de, sag eliniň süňklek, damarlary galyp duran penjesini öňündäki kagyzlaryň üstünde goýdy. Haýaljakdan, siňňitli hem ýakymly gepledi.
– Ine, şol iş şü... Neneň edip ýapdylarka, nädip ýapmaga ýüzleri çydadyka, diýip otyryn. Bu ýerde gümürtik zat ýok ahyry. Maddalaryň şaýatlaryň görkezmelerini üýtgedilişi dagy şeýle bir ýöntem welin... Spesalist-ä däl, ýaňy öwrenje-de bular ýaly işe beýle çemeleşmez...
Men:
– Şäher prokuraturasyndan siz sorap aldyňyzmy? – diýdim.
– Ony men bilemok agam. Maňa ýöne seret, pikiriňi aýt, netijäňi ýaz, diýdiler.
...1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramynyň iki ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanyň Prezidenti amnistiýa barada perman çykarypdy. Şol amnistiýa bilkastlaýyn edilen agyr jenaýatlara, kämillik ýaşyna ýeten we pensiýa ýaşyndan geçmedik jenaýatkärlere degişli däldi. Emma «kötek güýçli bolsa ýüň gazyk ýere girer» diýlişi ýaly, sülçi O. Ataýew depesinden edilýän basyşa çydaman öz wyždanynyň garşysyna gidipdir we öňi bilen-ä jenaýatkäriň işini Türkmenistanyň JPK-synyň 113-nji maddasynyň 1-nji bölegine degişli bolanlygyndan şol kodeksiň 116-njy maddasyna degişli edip düzedipdir, soňam amnistiýa dogrulamak üçin ol maddany hem Türkmenistanyň JPK-synyň 6-njy maddasynyň 4-nji punktyna laýyklyklapdyr we 1993-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda: «...Şu jenaýat amnistiýa gabat gelýär», diýip netije çykarypdyr.
Bellenen maddanyň turuwbaşdakysam edilen jenaýata garanyňda kän ýeňillikidi, emma jenaýatkäri goraýjylaryň ony hasam ak guşa öwrüp, suda ýetirmän sypdyraslary gelýärdi. Ýöne, günäkär däl adamyny amnistiýa düşürip bolmaýandygyna welin, edýän işlerine baksaň olar dogrudanam düşünmeýän ýalydylar.
Megerem, şeýle bolsa gerek, çünki, Aşgabat özheriniň prokurory A.Meňliýewem, O.Ataýewiň çykaran şol kararyna säginmän gol çekipdir. Şeýdibem işi ikinji gezek ýapypdyrlar.
Esli mahal maňlaýyny owkalap, böwrüni diňläp oturanyndan soň, Gurbanow maňa şeý diýdi.
– Siz gowusy Baş prokuroryň ýanyna giriň. Bu iş bäri-bäri edaralara, bäri-bäri adamlara eýgertjege meňzänok.
Sülçi Gurbanowyň şol maslahatyna eýerip, men elim arzaly 1993-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Baş prokurotury Baýram Aşyrlyýewiň ýanyna girdim. Gözleri ullakan, burunlak, ýüzi-gözi sowuk, mähirsiz, takmynan elli bäş ýalaryndaky Baş prokuror maňa gözi düşenden ýerinden turdy, elini yzadyp görüşdi, oturmaga ýer görkezdi. Sesini çykarmanam elimdäki kagyzy aldy. Oturyp okady. Soňundanam ýüzüme sowuklaç seretdi:
– Bor, serederis, gaýdyberiň.
Başga gep-gürrüň ýok. Sorag berenok. Tersiňe gaýdanok. Kejikdirenok. Öz-özüňden üstüne sürnüp durmagam birhili. Gaýtdym.
Meniň şol hatyma Baş prokuraturada hertaraplaýyn seretdiler we «iş bikanun ýatyrylan» diýip, netije çykardylar. Söküp, täzeden derňemek üçin yzyna, şäher prokuroturasyna iberdiler.
Umuman, şu iş boýunça meniň Baş prokuraturadan hiç-hili nägileçiligim ýok. Olar şol gezegem, soňam, başdanaýak şol işiň ýapylmazlygy üçin aýak dirediler. Ýöne, göze görünmeýän demir penje welin ol işi öz gysymyna barha we barha berk gysýardy, jenaýatkäri goraýardy, onuň işiniň suda geçirilmezligi üçin ähli mümkinçilikleri ulanýardy.
Şol gezegem şeýle boldy. Üçünji gezek täzeden açylandygyna garamazdan iş herekete gelmedi. Baş prokuraturanyň çykaran netijesine Aşgabat öäheriniň prokurory A.Meňliýew hiç hili pitiwa etmedi. Goşmaça derňew geçirilmezden, «iş» aý ýaryma golaý A.Meňliýewiň tahylynda ýatdy. Haçanda «işiň» ykbaly bilen gyzyklanyp ikinji gezek ýanyna baranymdan soň A.Meňliýew «işi» ýene-de Aşgabat şäheriniň derňew dolandyryşyna, O. Ataýewe iberjekdigini, çünki, bu «işi» şolar bilen bilelikde işlemeseler bolmaýandygyny aýtdy. Näme üçin şol çaka çenli «işleşmändiklerini», näme üçin şol çaka çenli tahylynda bukup saklandygyny welin aýtmady.
Şondan soň ol «iş» ýene-de Aşgabat şäher derňew dolandyrşyna – O.Ataýewe geçdi. Emma bu gezegem ol ýerde hiç hili goşmaça derňew işleri gweçirilmedi we 1994-nji ýylyň ýazyna çenli şol ýerde hereketsiz ýatdy.
Publisistika