22:18 Türkmenbaşy döwri -2: Töhmet | |
2. TÖHMET
Publisistika
Meniň dünýäde iň erbet görýän zadym töhmet. Emma näme üçindir şol belaýygerdan ömürboýy meniň maňlaýymdan şo-ol çykdy durdy, çykdy durdy. Haýsy tarapa ugrasam alkymymdan aldy. Töhmetleriň, şyltaklaryň dürli görnüşleri meni maşgala durmuşymda-da, iş ýagdaýymda-da, döredijiligimde-de birsyhly siltedi ýördi. Meniň bu ýerde beýan etmekçi bolýan tşhmedimiň welin çägem, möçberem, görnüşem, gerdenime basan agyr labyram, töhmet zerarly şo çaka çenli çeken ähli azaplarymdanam agyr boldy. Ýagny, ol töhmet döwlet möçberinde bolup, aýagyny syýasata, başynam baryp ýurduň baştutanyna diredi. Eger-de şol töhmet maňa otuzynjy ýyllarda, SSSR döwri atylyp, ýurt başynda-da Stalin oturan bolsady, onda men ýa-ha duran ýerimde diwara söýelip atylmalydym, ýa-da Sibire sürgün edilmelidim. Şol ýerde-de çüýräp gitmelidim. ... Gepiň gysgasy 1993-nji ýylyň 14-nji aprelinde ýagy, Ýazyjylar soýuzynyň iň soňky deminde urunýan wagtlary, Sarahsda ýaş ýazyjylaryň respublikan maslahaty geçirilmeli edildi. Oňa gatnaşmaly ýazyjylaryň sanawynda menem bardym. Ýöne, men oňa gitmedim. Ýazyjylar soýuzynyň sekretary A. Atabaýewiň ýanyna baryp: «Sarahslylar meni elmydama görüp ýörler, goý, maňa derek ol ýere olaryň heniz görmedik ýazjylarynyň biri gitsin, şonda seminar has gyzykly geçer, giden adam üçinem gowy bor, ol ýerdäki gadymy ýadygärlikleri görer, ýerli ilat bilen tanyş bolar», diýdim we sanawdan adymy aýyrtdym. Ana, hut şol hereketimem meni agyr apatdan sowdy. Seminardan takmynan üç hepde geçenden soň, ýagny, 1993-nji ýylyň 7-nji iýun güni ir bilen, «kinostudiýa baryp geljek» diýip öýden çykdym-da, soňam öz hususy işim boýunça Hudožnikler soýuzyna, Ýazyjylar soýuzyna, käbir redaksiýalara, neşirýatlara aýlanyp günuzyn öýe köwlenibem bilmedim. Agşam sagat altylarda dolanyp gelsem çagalaryň kiçiräkleriniň biri ýazan bolsa gerek, iş stolumyň üstünde: «Nury Aşyr jaň etdi gelse hökman habarlaşsyn diýdi», diýen çaýşak-çuýşak ýazgyly gyralary nädogry ýyrtylan kagyz ýatan ekeni. Nury Aşyr meniň mekdepde bile okan dostumdy we şol wagt Türkmenistanyň Tokaý hoajlygy ministri bolup işleýärdi. Men onuň bilen häli-şindi duşuşyp, jaňlaşyp durýardym. Şol gezegem: aý, keýpinedir-le, diýip oýlandym-da, eşigimi zadymam çykarman, dik duran ýerimden nomerini aýladym. Onuň sesi howsalaly çykdy: «Häziriň özünde maşyn iberýän, basym gel!» Trubkany goýdumam welin hälki hatyň aşagynda ýene biriniň adyna gözüm düşdi. Men ony başda aňşyrmandyryn. Onda: «MHK-dan Annaew jaň etdi» diýlip ýazylandy. Annaewi men tanamokdym. Asla MHK-da hiç hili tanşymam ýokdy. Şeýle-de bolsa bir kagyza çyrşalan bu iki habaryň arasynda bir baglanyşygyň bardygyny ýüregim syzdy. Oňa çenlem gapy ýuwaşja kakyldy-da bir nätanyş, ýülmegräk garaýagyz, inçemik ýigit süýnjeýip gapydan girdi. Ol boýnuny süýndirip durşuna ilk-ä öýüň içine, soňam maňa tarap sowuklaç göz aýlady-da, ýüzüme çiňerlip ýuwaşja gürledi. – Men Annaýew, Milli howpsuzlyk komitetinden. Sizi başlyk çagyrýa. Häziriň özünde barmaly. – Uly başlyk çagyrýamy? – Howwa. Size generalyň hut özi garaşyp otyr. – Menlik näme mesele ýüze çykypdyr? – Bilemok. – Ertirjik baraýamda bolmazmyka? Men häzir ýadaw. Şumatjyk gelip durşum. – Bilýän, ýaňyja edaramyzyň işiginde durkam «Swoboda» bilen geçip gaýdanyňyzy gördüm. Ýöne, barybir gitmeli bor. Şu gün sizi görmän başlyk öýüne-de gitmeýä. Ertirden bäri gözläp ýörşümiz. Öýüňizdäkiler «kinostudiýa gitdi» diýdiler, o ýere-de jaň etdik ýok ekeniňiz. «Geçip gaýdanyňyzy gördüm» diýip ol ýalan sözleýärdi. Haçan gelerkä diýip gapymy alyp garawullap duranyny gizlejek bolýardy. Ýöne, meniň onuň ýalan sözlänine däl-de, «kinostudiýa-da jaň etdik» diýenine gaharym geldi. – Ýazyjylar soýuzyna-da, Hudožnikler soýuzyna-da, neşirýatlara, redaksiýalara-da, başga-da baryp biläýjek ýerlerime jaň edäýmeli ekeniňiz. Ol meniň kinaýamy düşünmedi. – Wah, o ýerlerdedigiöizi bilmesek näme... Men dişimi gyjadym. Gaharymy zordan basyp geplänimden beýnim sarsyp gitdi. – Maşynyňyz bamy? – Ýok. – Onda ýörüň! Maňa daşarda maşyn garaşyp dur. Ýolda degmeli ýerim bar, ondan soň ötägideris. – Birdenem ganym beýnime urdy-da, sögünenimi bilmän galdym, - Bir doganyňy... ýamanlandyr meni. Aňrymda bir müýnjagazym bar bolsa men elbetde, ýöwsellärdim. Ýöne, mende müýn ýokdy. Men hiç ýerde, hiç kim barada syýasy gürrüň etmändim. Ýöne, kim tarapyndanam bolsa, bu gezegem özüme ömürýoldaş bolan töhmet belasyna çolaşandygymy welin aňdym. Şonuň üçinem, süňňüm galpyldap, ganym gaýnap başlady. Gaharym joşdy: Dördünji gatdan tä aşak düşýänçäk sögünjiräp gelşime Annaýewiň özem birhili boldy. – Aý, agam... biz-ä bir ýumuş oglany. Nämüçindiginem bilemizok. Şu gün nirede bolsa-da tapmaly, getirmeli, diýdiler, biziňem ine, aýdylany ýerine ýetirip ýörşümiz. Elbetde men onuň ýagdaýyna düşünýärdim. Käriň şol bolsa sen «getir» diýlen adamy ataňam bolsa getiräýmeli. Gaýtmajak bolsa zor bilen alyp gaýtmaly. Gep onda däl. Gep töhmet belasynyň başyňdan inendigini entek ony saňa mälim etmänkäler tutuş süňňüň bilen syzmakda. Jepasyndan öň duýgunyň jebrini çekmekde. Tokaý hojalyk ministrliginiň gapysyna baranymyzdan soň men maşyndan düşdüm. Annaýewe: – Sen şu ýerde garaş, men häzir gelýän, – diýdim-de, binanyň içine girip gitdim. Nury meni hemişekileri ýaly mylaýym garşylady. Ol gür, çal saçy yzyna gaňtarylan tegelek dolmuş ýüzli, Nyýazowyň özüne meňzäp duran garaýagyz, daýaw, ala gözli, görmegeý ýigit. Telewizorda ikisi bileräk görünäýse dagy, haýsysy Nyýazowka muň» diýdirýärdi. Onuň kakasy etrabymyzyň bir obasynya biregne ýigrimi dokuz ýyl başlyklyk edipdi. Ýönekeý, sada adamdy. Toýlarda göreş tutardy. Gezegi gelýänçä göreş meýdançajygynyň gyrasynda ýeri tirsekläp, gum ýassanar ýatardy. Ony uly il gowy görýärdi. Ol täze posýolaga-da ähli kolhozçylaryň soňundan göçüp gelipdi. Jaýam hemmelerden soň salnypdy. Mekdepdekäk Nurynyň özem, bir ýaş uludygyna garamazdan biziň bilen bir klasda okaýan agasy Ýazy hem bizden üýtgeşik geýinmeýärdiler, başlygyň ogludyrys-ow, diýşip läliksireşmeýärdiler. Eginlerinde-hä köneje sary güpbi (fufaýka), aýaklarynda-da ýeňsesi ýyrtyk köneje galoş bolardy. ...Käsäme çaý guýup oturşyma Nury hal-ahwal soraşdy. Men howlukmaçdygymy aýtdym. Ýöne, nirä howlukýandygymy welin aýtmadym. «MHK-a çagyrypdyrlar, şoňa barýan», diýdigim onuň oňaýsyz ýagdaýa düşmegi, hatda gorkaýmagam ahmaldy. Çünki, MHK-a çagyrylan adama beýdip, öz kabinetinde çaý süzüp berip, yssy gürrüňler edişip oturmak ministr adam üçin ýol berilmesiz ýagdaýdy. Howlukmaç diýenimden soň ol biraz ýaýdanjyrap oturdy-da, kabinetiniň içine howatyrly göz aýlady. Oýkanjyrady. Näme üçindir gyzardy. – Neme.. Ýaňyja meni Prezident çagyrdy. Seň bilen gürleşmegimi haýyş etdi. Sen bir ýerde «Men Nyýazowyň suraty asylgy duran jaýa giremok» diýipsiňmi, nämemi... Ana şol çynmy, ýalanmy, anygyna ýet, diýdi. Ol ýüzüme köpmanyly seretdi. Men onuň öz arkasynda asylgy duran surata tarap baş atdym. – Honha, asylgy dur-a, şoň suraty, hiý, şol bar diýip şu kabinete girmän giden gezegim boldumy? – Beh, dogrudanam şeý diýäýmeli ekenim, - diýende onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Men öz gaharyma düwnügip oturşyma gurak-gurak ýuwdundym. – Ýamanlapdyrlar. Ýazyjylaryň arasynda: Jumadan bitarap adam ýok, ýaşlar sowetinem adalatly alyp bardy, gazetem gowy çykardy, şoň üçinem şony başlyk saýlamaly, diýen gürrüň bar. Şony eşidip, kimdir biriniň öňüme taýak oklap ýörşüdir bi. Ýöne, men-ä günüme goýsalar başlyklygyndanam bizar, aýaklygyndanam. Meň üçin öz döredijiligimden uly wezipe ýok. Wezipä ymtylýan bolsam gazeti, ýaşlar sowetini taşlap gaýtmazdym. Prezidente-de aýdaý, menden ýaňa arkaýyn bolsun, men islendik ýerde diňe öz pikirimi onda-da ýamanlyk üçin däl-de, ýagşylyk üçin aýdaryn. Onuň özüne-de, döwlete-de, halka-da bähbitlisi bolsun, diýip aýdaryn. Indi bolsa kyn görme-de şofýoryňa aýt, meni barmaly ýerime eltip gaýtsyn. Şonuň bilenem gürrüň gutardy. Kabinetden çykdym. Görsem hälki Annaýew däliziň ugrunda her kabinetiň gapysyna gulagyny goýup, ýazgysyna çiňerilip, kä yza çekilip kä öňe omzap şeýle bir hars urýar welin, megerem, ol meni gaçandyr, öýden bolsa gerek, ýüzi-gözem edil, ýap-ýaňyja tutan awuny elinden aldyran awçynyňky ýaly aladaly. Ahmyrly. Men syr bildirmedim-de, gapdalyndan geçibedim. O-da sesini çykarmady-da yzyma düşüberdi. Meni göni MHK-nyň başlygy general Saparmyrat Seýidowyň ýanyna eltdiler. Bu kemem bolmady. Çünki, pes derejedäki adamlar bilen gürleşmek, düşünişmek kyn bolýar. Olar öz hökmürowanlyklryny bildirmek üçin, ellerine düşen adama ýowuz daraşýarlar, gödek gepleşýärler, aýdyşlaryna görä, urmadan, sökmedenem gaýtmaýarlar. Şeýtmek bilen seni kejikdirýärler, bulaşdyrýarlar. Günäkär dälem bolsaň şol ýeriň özünde günäkär bolar ýaly derejä ýetirýärler. General welin, meni ýerinden turup garşy aldy. Elini uzadyp gelşine, diýseň sypaýyçylykly salamlaşdy. Soňam gabat garşysynda oturtdy-da, öňürti döredijiligim bilen gyzyklandy, soň iş ýagdaýlarymy soraşdyrdy. – Gazetden nämüçin gaýtdyň? Ýa göwnüňe degdilermi? – Ýok, özüm gaýtdym. Men döredijilik adamsy, maňa stol saklap oturmak bolanok. Hiç kimden öýke-kinämem ýok. Megerem biziň gürrüňçiligimiz magnit lentasyna geçirilýän bolsa gerek. General aşak bakyp, ýumşaksy ýylgyryp oturşyna ýüzüni öňküdenem ýuwaş gepledi. – Döredijilik soýuzlary gerek zatmy? Bu sorag onuň öz sözi däldi. Prezidentiňkidi. Çünki, şol wagtlar Prezident döredijilik soýuzlaryny ýapmak baradky meseläniň üstünde işleýärdi. Islendik birleşik, hatda jemgyýetçilik ýygnanşyklary hem onuň gözüne howp bolup görünýärdi. Gabat gelen ýerinde döredijilik işgärlerini şol mesele babatda çümmükläp görmek bolsa döwlet işgärlerine Prezident tarapyndan aşaklyk bilen berlen tabşyrykdy. Döredijilik soýuzlary menem gaty bir söýündirip baranokdy. Şonuň üçinem ol edaralaryň kime gerek, kime gerek däldigini gypynç etmän aýtdym. – Halk seniň soýuza agzalygyňam, adyňam, baýraklaryňam alga alanok, eseriň gowy bolsa-ha okaýa, bolmasa-da eliniň tersi bilen eýlesine oklap goýberýä. Şonuň üçinem... – Özüňiz-ä iki soýuzyň dagy agzasy ekeniňiz...? – Howwa. Basym üçünji, dördünji soýuzyň agzasy bolaýmagymam ahmal. Ýöne, men özüm-ä şolaryň barysy birden ýapylaýanda-da gynanyp durjak däl. Sebäbi, hakyky soýuz bolanda, ol pikirdeş adamlaryň birleşigi bolmaly. Olary döredijilik akymlarymy, eebiýatyň, sungatyň geljekki ykbalymy, öňünde duran meselelermi, garaz, bir zatlar birleşdirmeli. Başgaça pikirlenýän toparlaryňam öz birleşikleri bolmaly. Olar kä ýerde biri-birleri blen ylalaşmaly, kä ýerde jedelleşmeli, şol zatlaryň netijesinde-de sungat, edebiýat ösmeli. Bu wagtkylaryň bolsa barysy bir soýuzyň içinde, barysam biri-biri bilen kellegöz iýen ýaly. Olar öz aralarynda göreşýärler. Ondada edebiýatyň, sungatyň hatyrasyna däl-de, weizpe, at, baýrak, jaý, daşary ýurt gezelençleri şeýle hem ýaşlary agzalyga almak arkaly nökerlerini köpeltmek ugrunda göreşýärler. Has takygy uruşýärlar. Eger-de, dogry çözgüt gözlenýän bolsa, onda häzirki hökümete garaşly soýuzlary ýapmaly-da, pikirdeş döredijileriň erkin birleşmelerine ýol açmaly. – Şondan soň menem generalyň özi ýaly ýuwaşja ýylgyrdym. – Indi bolsa esasy temaňyza geçiberiň. – Tema bardygyny näbilýäňiz? – Bilýän-dä. Bu ýere gelýänçäm tema bilen tanyş bolanym maňa gowy kömek etdi. Kalbymda hiç hili gümürtiklik, gorky galmady. Çünki, Prezidentiň suraty asylgy jaýa girmeýärin, diýip men hakykatdan-da hiç ýerde aýtmandym. Akly ýerindäki adam ony aýdybam bilmez. Bir adam ýurduň başynda oturan bolsa onuň suraty edara ýolbaşçylarynyň kabinetlerinde asylaram, şol edaralara barmalam, girmelem bolar. Şonuň üçinem, generala-da Nury Aşyrowa diýenimi aýtdym. – Honha, siziň arkaňyzda-da asylgy dur-a şoň suraty, emma ine geldim-ä, otyryn-a... – Biz sizi çagyrdyk, şonuň üçinem siz bu ýere geläýmeli. – Dogry. Gelmedik bolsam siz meni zor bilenem getiribilerdiňiz. Emma, gelenimden soňam çykyp gidibermedim-ä. – Özümiz goýbermesek gidibem bilmersiňiz. – Bolýa, o-da şeýle diýeli, ýöne, ine daş çykaryn welin köçelerem şoň suratyndan doly, tutuş şäherem doly, gaçyp oba gideýin diýsem, etrap merkezine giren ýeriňde-de şoň ullakan suraty dikilgi dur. Men näme, eýsem ýurtdan çykyp gideýinmi? Onam men edibiljek-gä. Ony edere mende ýagdaýam ýok. Daşary ýurda-ha däl, zerur wagtym öz obamyza gidere-de zordan harjy tapýan... Gowusy, eger-de gizlin bolmasa aýdyň, men nirede, kimiň ýanynda aýdypdyryn şo gürrüňi? – Apreliň ortalaryna ýaş ýazyjylaryň seminaryna gitdiňizmi? Men güldim. – Görýän welin, siziň işgärleriňiz gowşak işleýän ekenler. Eger-de olaryň getirip berýän ähli habarlary şular ýaly bolsa, onda siz tiz-tizden ýalňyşarsyňyz. – Nämüçin? – Sebäbi. Men şol seminara gidemok. Okunyň sowa geçendigine gözi ýeten generala kartyny ýere taşlaýmakdan başga alaç galmady. – Aý, bize-de gürleşmeli, düşünişmeli diýdiler-dä... – Gürleşmegem, düşünişmegem gowy zat. Ýöne, sowet döwründe şu edara şu usul bilen sowet halkynyň iň gowy, iň batyr ogul-gyzlarynyň, alymlarynyň, iň bir zehinli döredijileriniň millionlarçasynyň başyna ýetdi. Ine, indi özbaşdak bolunandan soňam... beýdip... haýsydyr bir namardyň nähak sözi bilen birtopar bigünä adamlary yzarlan bolup ... – Men çalarak düwündim. – Indiden soň bir bes edäýmel-ä şu zatlary. Asylam beýdip, halkyň gözüni gorkuzyp, birgiden nalajedeýinler bilen Nyýazow nirä gitjekkä? General: «Beý diýme» diýýän manyda ellerini gysgadan daldalatdy. Başyny ýaýkady. Ýöne, sesini gataltmady. – Ýok, ýok, olar ýaly zat ýok! Bu diňe düşünişmek üçin geçirilýän gürrüňçilik. – Men diňe özüm hakda aýdamok. – Hiç kime-de nähak sütem edilmez. Şoň üçinem Prezident bize tutuň, basyň diýenok-da, düşünişiň, diýýä. – Stalin döwründe ýüregi çakylan halk üçin öýünden Howpsuzlyk komitetine diýlip, alnyp gaýdylmagyň özem köp zatdan habar berýär. General çalarak ynjady, tegelek ýüzüni gör, indi näçenji gezekdir aşak salyp iki ýana sypajaklatdy, çytyldy, emma syr bildirmedi. Söhbetdeşligiň gutarandygyny aňlatmak üçin usullyk bilen ýerinden turdy. Egnime elini goýup gapa çenli ugratdy. Hoşlaşjak wagty öňküsine görä birneme könelişen, ýöne, şol bir mylaýym ýylgyryşy bilen çalaja pyşyrdady. – Biziň edaramyzam edil siziň aýdyňşyňyz ýaly o diýen gazap däldir-laý... – Belki Hudaý şeýle bolaýady-da. Galanynam wagt görkezer. Ýöne, siziň hut özüňizden-ä meniň nägileligim ýok. Meniň ondan hakykatdan-da nägilegim ýokdy. Gürrüňçiligiň alnyp barlyşyndanam närazy däldim. ...Şonuň üçinem onuň ýanyndan birhili süňňüm ýeňlän ýaly bolup çykdym. Birnäçe ýyldan soň onuň özünem işinden aýyrdylar. Biziň eşidişimize görä, edil meniňki ýaly töhmet bilen, 202-nji ýylyň noýabr aýyndaky Prezidentiň janyna kast etmeklige edilen synanşyga gatnaşanlar bilen aragatnaşyk edenlikde aýyplap türmä basdylar. Onuň ornuna bellenen general Muhammetnazar Nazarow welin ondanam öň tutuldy. Ýeke olar däl, MHK-dan başga-da tutulanlar köp boldy. Olaryň arasynda daşary ýurtlara giden oppozisionerleri yzarlamakda Prezidente köp-köp hyzmatlar görkezen Otuzow hem bardy. Şol gezek meni gyr-gyssag öýden alyp gaýdan «ýumuş oglany» Serdar Annaýew bolsa, eşidişime görä, soň MHK-nyň kontrrazwedka bölümine başlyk bellenipdir. Onuň ondan soňky ykbaly maňa mälim däl. ...Howwa şol gezek general Saparmyrat Seýidowyň gapysyndan çykyşym ýaly, ýene-de Annaýew bilen ýüzbe-ýüz boldum. Onuň ýanynda ýene biri bardy. Men onuň terzini halamadym. Duýgym meni aldamady. Wezipesiniň Annaýewiňkä görä ulurakdygyny bildirjek boldumy ýa işleýän edarasynyň hökmürowanlygyny terkarlamak isledimi, garaz, ýüzüme yzgytsyz seredip durşuna ýoknasyzyny oklady. – Bu edara girmegem-ä kyndyr welin, agam, çykmak ondanam kyndyr, – Soň ol Annaýewe tarap baş atdy. – Bar, ugrat, çykaryň goýber! Annaýew onuň aýdyşy ýaly etdi. Meni daş işige çenli ugratdy. Öýe ýetip gelýärkäm gowy gatnaşýan goňşym, ýazyjy dostum, «Ýaşlyk» žurnalynyň baş redaktory Jumadurdy Nepesow duşdy. Ol çatryk ýoluň gyrasynda kelteräk, ak plaşyny ýelbegeý atynyp abşarylybrak durdy we daş-töweregine dyngysyz garanjaklaýardy. Maňa gözi düşendenem: – Oh, atdaş! Ýaňyja öýüňe jaň etdim, ýok ekeniň, duşanyň gowy bolaýdy, bar, öýe bar, oglanlar oturandyrlar, menem ine, myhmanyň birine garaşyp durun, şol geldigi alyp barýan – diýdi. Men muňa diýseň begendim. Sebäbi ol wagt öýe sygjagam däldim. Ol wagt maňa oturylyşyk, şowhun, şagalaň gerekdi. Jumadurdylarda Ýazyjylar soýuzynyň birinji sekretary Atamyrat Atabaýew, şahyr hem ýazyjy Orazguly Annaýew, şeýle-de Garagum etrabyndan gelen bir myhman ýigit bar ekeni. Men ornaşyp-ornaşmankam ýene bir myhmany yzyna tirkäp atdaşyň özem gapydan girdi. Oturylyşyk ýaňy bir gyzyberende Atamyrat maňa: Sen ertir ir bilen Oraz Aýdogdyýewiň ýanyna barmaly. Işiň soňragynda jaň etdiler. Hökman gelsin diýdiler. Näme üçin diýsem, aý, gürrüň bar diýip, gümürtik jogap berdiler. Aýdogdyýew şol wagt Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ideologiýa boýunça orunbasary bolup işleýärdi. Onuň ýanyna näme üçin çagyrylandygymy Atamyrat bilmese-de, özüm gowy bilýärdim. Diýmek, kimdir biriniň atyp goýberen ujypsyzja töhmeti döwlet apparatyny tutuşlygyna herekete getiripdir. Hamala diýersiň şol ýerde oturan adamlaryň başga edere işleri ýok ýaly. Oturyşygyň mazasyny almazlyk üçin men şol gün nirä kimiň ýanyna, näme sebäpden çagyrylanymam, çagyrylmagymyň sebäbinem aýtmadym. Olar meni kabmine düýn-öňňünlikde «Ýaş kommunist» gazetiniň sahypasyndan düşürilen makalam üçin çagyrandyrlar öýtdiler. Çünki, şol makalany dikeltjek bolup men köp ýerlere barypdym we ondan şol ýerde oturanlaram hemmesi diýen ýaly habarlydylar. Ertesi Oraz Aýdogdyýewiň kömekçisi ýazyjy, Köpetdag meselesine gatnaşyjylaryň biri, biziň bilen Ýazyjylar soýuzyna bile giren, şeýle hem goňşym Öwezdurdy Nepesow işinden jaň etdi. – Derrew gel! Bir käse çaý içeris, hemem gümür-ýamyr edişeris. O-ojagaz «gümür-ýamyryň» aňyrsynda nämeleriň ýatandygyny, bir käse çaýyň maňa gowy ýazyjylygym üçin berilmejekdigini men eýýäm bilip durdum. Şonuň üçinem, onuň bu çakylygyny göwnüm bir ýaly kabul etdim. Öwezdurdy meni başda mesaýy gürrüňler bilen güýmejek boldy. Sesimi çykarman, başymy aşak salyp işläp ýörsem meniň at, baýrak almaly adamlaryň biridigimi ýaňzytdy. Iýmezden öň pişigiň syçany kä goýberip, kä tutup oýnaýşy ýaly, o tarapymdan bir gelip, bu tarapymdan bir gelip lezzet alasy geldi. Emma men ony ojagaz keýpden bir demde mahrum etdim. – Bir-ä içer ýaly sowuk suw ber, birem gudaçylyk gürrüňiňi goç-da, elt meni çaltrak Aýdogdyýewiň ýanyna. Öwezdurdy geň galdy. Hezil edip güldi. – Oň ýanyna barmalydygyňy näbilýäň? – Bilýän. Şoň ýanyna barmalydygymam bilýän, nämüçin çagyrylandygymam bilýän. Sen gowusy çaltrak suw ber. Içim ýanyp barýa. Agşam köp içipdirin. Sowutgyçdan çykaran bir baklažka mineral suwunyň gapagyny açjak bolup, Öwezdurdynyň kyn güne galyp oturşy henizem gözümiň öňünde. Ol baklažkany başaşak tutup, birnäçe gezek «gülç-gülç» etdirip pola uransoň dyky birneme gowşady. Gyralaryndan paşyrdap gaz çykyp başlady. Sähelçe towlanyndanam çogdy. Baklažkanyň ýarysyna golaýyny bir demde başyma çekenimden soň ýüregim ýerine gelen ýaly boldy. Dünýäm giňedi. – Ýör! Boýy kelte bolansoň goňur hem ýalpyldawuk, mähnet stoluň aňyrsyndan diňe çigninden ýokarysy görünýän Aýdogdyýewem wezipeli adamlaryň salam-helikden soň şular ýalyda adatça edäýýän giriş sözlerini ortalap-ortalamanka esasy meselä geçmegini haýyş etdim. Ol ozaldanam käse ýaly ullakan gözlerini tegeläp, «bilýämi» diýen manyda Öwezdurdynyň ýüzüne seretdi. Öwezdurdam: «howwa» diýen terzde baş atdy. Şondan soň soraga-da garaşman gürrüňe özüm başladym. – Hemmesinden habarym bar, ýöne, sizden bir haýyşym bar... Aýdigdyýew ýüzüme seredip boýnuny süýndirdi. – Howwa?.. –diýip, maňa tarap tumşugyny taýzardanda tes-tegelek ýüzi çalarak çal öwüsdi. Men haýyşymy aýtdym. – Beýdip, her gün bir gapa çagyrdyp ýörmesinde, meni Prezidentiň özi kabul etsin. Siz maňa şu meselede kömek ediň. Şeýtsek mesele has gowy aýdyňlaşar. – Näme, şu mesele boýunça eýýäm başga ýerlere-de çagyrdylarmy? – Howwa. Çagyrdylar. Ine, onsoň menem her baran ýerimde şol bir diýenimi gaýtalap ýadadym. Şu zatlaryň hemmesiniň şonuň tabşyrygy boýunça edilýänini bilýän. Şonuň üçinem, indi diňe şonuň özi bilen düşünişjek. Aýdogdyýewiň ýaňy dikgerilip ugran göwresi «şalkyldap» aşak gaýtdy. – Aý, ýok, oň ýanyna-ha eltip bilmeris. – Onda oňaýsyz ýagdaýa düşmeziňiz ýaly öňünden duýduraýyn, Men ýaş ýazyjylaryň Sarahsda geçirilen seminaryna gidemogam, şolar ýaly sözleri aýdamogam. Ýöne, şo gep kimden, nireden çykdy? Açyk gürleşjegiňiz çyn bolsa siz maňa ine, şony bir aýdyň. Aýdogdyýew ýene-de boýnuny süýndürdi-de, göwresine görä ulurak görünýän tegelek ýüzüne gelşik berip duran gözlerini petreýdip sapagyna ökde okuwçynyň jogap berişi ýaly pert-pert gürledi. – Häkimden çykdy. – Sarahsyň häkimindenmi? – Howwa. Men geň galdym. Çünki, Sarahsyň häkimi meniň bir obada önüp-ösen, bir mekdepde okan dostumdy. Onuň men hakda beýle nähak gürrüň ýaýratmagy mümkin däldi. Şonuň üçinem: – Geliň onda şu oturan ýerimizden şoňa jaň edeliň. Men şoňa şol sözleri aýdypdyrynmy ýa ýok, takyklalyň. Ine-de belgisi – diýdim. Aýdogdyýewiň egni gysyldy. – Aý, ony beýdip obostrit edip, oturmalyň. Gerek bolsa soň özümiz oňa jaňam ederis sorarysam. Ýöne, sen şoň ýanynda şol sözleri aýdypsyň. O gezek aýtmasaň başga bir gezek aýdypsyň. «Kabinetiňden şoň suratyny aýyr», diýipsiň-de, yzyňa öwrülip gaýdypsyň. Ertesi ýene barypsyň. Suratyň şol duran ýerinde asylgydygyny görübem: «Dolanyp men şu kabinete girmen» diýipsiň-de, gapyny gürpüldedip çykyp gidipsiň. Şu barada bizde maglumat bar. Egerde başga maglumatyňyz ýok bolsa, ojagaz maglumatlaryňyz-a ýalňyş, Ýoldaş Aýdogdyýew. Howpsuzlyk komitetiniňem, siziňem maglumatcylaryňyz örän gowşak işleýän ekenler. Ýöne, men barada maglumat ýygnaýan bolsaňyz, soň ýene birinden ýalňyş eşidip salgyma çapmazyňyz ýaly, gelenime görä özüm aýdyp gideýin, men radiodyr-telewideniýäniň ýerli gepleşiklerine-de seredemogam, diňlämogam. Aýdogdyýew meni geňler galdyryp gönüsinden geldi. – Oňa hakyň bar. Ol seniň raýatlyk hukugyň. – Ol birdenkä resmi äheňde gürläp başlady. – Aslynda sen şol häkimiň ýanyna näme üçin barýaň? – Ol meniň çagalyk dostum. Bir obada önüp-ösdük, bir mekdepde okadyk, bileje kolhoz meýdanlarynda işledik. Etraba, oba iş bilen ýa görme-görşe baranymda dost-ýarlarym bilen salamlaşmaga hakym ýokmy? – Bar, bar, oňa-da hakyň bar. Şondan soň gürrüňçilik kiparlaberdi. Aýdogdyýew hem edil Seýidow ýaly gaty görmezligimi, munuňam bir gepleşik geçirmeli diýlensoň edilip ýörlen zatdygyny aýdyp, sypaýyçylyk bilen ötünç sorady. Men oňa minnetdarlyk bildirdim we şondan soň hakykatdan-da şo-ol, «Ýaş Kommunist» gazetiniň sahypasyndan düşürilen makalam barada gürrüň gozgadym. Dogry, ondan öňem meniň köp makalalarym ýa-ha sahypadan düşürilipdi, ýa-da senzura tarapyndan bütinleý çapa goýberilmändi. Ýöne, şol, soňky makalamyň ykbaly bilen gyzyklanyp, men köp ýerlere barypdym. Şol mesele bilen Öwezdurdy Nepesowa-da, Prezidentiň metbugat meseleleri boýunça kömekçisi Arazbaý Öräýewe-de ýüz tutupdym. Okadypdym. Senzorlar bilenem ýüzbe-ýüz gürleşipdim. Şo-ol, edebiýat we Sungat gazetindäki makalamy alyp çykyşym ýaly her dürli ýollar agtarypdym. Indem Aýdogdyýewe – döwletiň baş ideologyna ýüz tutaýyn diýip ýördüm-de, ras, gabadyna geläýdi gerek, diýip, aýdyşym boldy. Ýöne, Aýdogdyýew o barada meniň bilen gürleşmegem islemedi. – Men publistika düşünemok, özüňiz oňuşyň... – diýip, gaýtam iňňän ýöntem bahana tapdy. Birdenem ol hamala üýtgedip gurmak döwri tamamlanyp, Türkmenistan döwleti özbaşdak bolandan soň kitap çykartmaklygyň sowet döwründäkisinden hem has hyllalla bolandygyndan, gündelik metbugatda çykýan eserler üçin berilýän galam hakylarynyň ýatyrylandygyndan bihabar ýaly» – Her kitabyňyz üçin dünýäň pulun-a alýansyňyz-la, şoň üçinem maddy tarapdan-a kynçylyk çekýän dälsiňiz-le – diýip, ýüzüme çiňerildi. Bu zatlaryň näjüre ýagdaýdadygyna ol iň bolmanda öz kömekçisi, ýazyjy Öwezdurdy Nepesowyň üsti bilen belet bolaýmaly ýalydy. Onsoňam döredijileriň hal-ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanyp durmaly, olaryň ahwallaryna özlerindenem belet bolmaly adamyň bu, diýip oturan sözi akla sygjak zat däldi. Çünki, döredijiligem, döredijilerem şol wagt iň soňky demlerinde urunýardylar, ol bolsa tutuş döwletiň edebiýat, sungat, medeniýet meselesine piramidanyň çür başyndan gözegçilik edip oturan adamdy. Şol pudak babatda Prezidentiň sag goludy. Ýöne, işe bellenen gününiň ertesi gazet-äurnallaryň, radiodyr-telewideniýäniň ähli redaktorlaryny ýygnap: «Berýän zatlaryňyzyň içinde pikir bolmasyn, wagtly-wagtynda çykyp dursa bolýa» diýendigini ýada salsaň-a bu ýerde geň galyp oturasy zadam ýok. Garaşsyzlyk döwrüniň başlanmagy bilen ýüze çykan şama-şaýyrdynyň gözbaşynda duranam, şol zatlara ýol açanam, ak pata berenem heýjanelekçileri masgaraçylygyň çür başyna çykaranam şol. Şonuň üçinem, men onuň ýaňky soragyna jogap berjegem bolmadym-da, uludan demimi alyp Öwezdurdynyň ýüzüne seretdim. Ol bolsa aşak bakdy. Şonuň bilenem gürrüňçilik gutardy. Her niçik hem bolsa men Aýdogdyýew bilen bolan şol gezekki duşuşygym dartgynly ýagdaýda geçdi, maňa ruhy we ahlak taýdan basyş edildi, haýbat atyldy diýib-ä biljek däl. Edil Seýidow bilen bolşy ýaly gürrüňçilik onuň bilenem birek-birege düşünişmek ýagdaýda, parahat geçdi. Ýöne, uly bir döwletiň iň uly edaralary, şol edaralaryň iň uly wezipelerinde oturan adamlar bolup, şol töhmetçilikli gürrüňiň anygyna ýetdiler, töhmetçiniň kimdigini anykladylar, oňa çäre gördüler, nähak azar berenimiz üçin bagyşla, diýip menden ötünç soradylar diýibem aýdyp biljek däl. Olar asla töhmetçiniň kimdigini biljegem bolmadylar. Gözlemedilerem. Onuň tapylmagyny, özleriniň şonça wagtlap ýalňyş işländikleriniň üstüniň açylmagyny, günäli hasap eden adamlarynyň bigünä bolup çykmagyny islemedilerem. Hersi özüne buýrulan ýumşy ýerine ýetirdi, günäkär hasap edilýän adam bilen söhbetdeşlik geçirdi, hersi şeýle-şeýle diýip özünden ýokardakylara hasabat berdi, belany öz başyndan sowdy, wessalam! Bir bigünä adamy döwlet derejesinde biabraý edendikleri barada bolsa asla oýlanmadylaram. Günäkäre welin, ony men özüm tapyp berenimden soňam çäre görülmedi. Hatda ünsem berilmedi. Gaýtam ol şondan soňam ençeme sylaglara, baýraklara, hormatly atlara mynasyp boldy. Çünki, döwür şolar ýaly adamlaryňkydy. Onuň kimdigini bilendigim barada bolsa men yzda giňişleýin gürrüň bererin. Aýdogdyýew baradaky pikirimizi jemläp aýtsak, Prezident şol döwrüň her gezekki ýygnanyşyklarynda onuň işine nägilelik bildirýärdi we: «Arman ýeriňe adam tapamok, ýigsam seni günübirin täzelejek» diýýärdi. Ýöne, kiçi dilden bärden aýdýardy. Çünki, birinjiden-ä ondan sowatly, ondan başarnykly adam oňa gerek däldi, ikinji klasyň okuwçysy ýaly her sözünde eglip-galyp, elini ogşap duran adam bolsa iň bolmanda belli bir möhlete çenli gerekdi. Hut şonuň üçinem, Aýdogdyýew öz ornunda uly wezipeli işgärleriň ählisinden köp oturdy. Sebäbi, kä ýyl ýurduň galla, pagta, nebir-gaz plany dolman galan hem bolsa, öwgi planynyň dolman galan ýyly bolmandy. Gürrüňini berýän wagtymdan on ýyla golaý wagt geçenden soň, Prezident ahyry Aýdogdyýewiň ornuna adam tapdy. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden aýyrdy. Ýöne gözden salmady. Medeniýet ministri wezipesinde galdyrdy (ol öň şol wezipäni hem esasy işiniň gapdaly bilen alyp barýardy). Soň ondanam aýryp, Medeniýet ministrliginiň içindäki «döredijiler bilen işleşmek» diýen ýaly bir kiçijik bölüme müdir edip goýdy. Soňy bilen ol müdirlikdenem çykaryldy we ymykly gözden ýitdi. Onuň ornuna baran adamlaryň hiç birem şol ýerde şonça uzak işläp bilmedi. Umumy syýasat üýtgemese, bir adamy wezipesinden aýryp, ýerine başga birini goýanyň blen hiç zadyň üýtgemeýändigine welin halk o wagt eýýäm göz ýetiripdi. Çünki, ähli pudaklar boýunça ilk-ä «alty aý synag möhleti bilen wezipä bellenip soňam «iş başarmaýandygy» ýa-da «wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin» diýlip işinden aýrylan, türmä basylan ministrleriň, welaýat we etrap häkimleriniň, şeýle-de ondanam has uly wezipelerdäki beýleki adamlaryň sany-sajagy ýitdi. Bu ýagdaý soňabaka S. Nyýazowyň özüniňem halys etinden ötüp süňňüne ýetdi öýdýän, telewideniýe boýunça edýän çykyşlarynyň birinde ol tüýs ýüreginden syzdyryp: «Wezipä bellän işgärim iş başarmaýan ýa haramhor bolup çykyp dur, men-ä indi näme etjegimem bilemok» diýdi. Onuň bu halyna şonda tutuş halk garaçyny bilen gynandy. Çagalyk dostum Nury Aşyrow bolsa, şondan soň gören ýerinde menden gaçdy ýördi. Sarahs etrabynda häkim bolup ýörkä, şol etrabyň bir obasy üçin döreden wideofilmmiziň hakyny alybilmän ýanyna ýüz tutup baranymda ol meni hatda kabulam edibilmedi. «Maliýe boýunça orunbasarym bardyr, bar, şonuň ýanyna baraý» diýdi. Etrap häkimligi ministrlikdenem ýokarymykan-aý, diýip, şonda men öz ýanymdan pikir etdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |