3. ÝYLLARA ÇEKEN HUPBAT
Şol wakadan ylaýyk bir ýarym aý geçenden soň, ýagny, 1993-nji ýylyň 24-nji iýul gijesi Aşgabadyň «Hitrowka» diýen ýerinde bolan bir toýda uly oglum Maksady pyçakladylar. Elbetde, MHK-ä çagyrylmagym bilen şu bolan wakanyň arasynda arabaglanşyk bardyr diýip men çürt-kesik aýdyp biljek däl, ýöne, organ işgärleri tarapyndan şol işiň iňňän süýrenjeňlige salynmagy mende şeýle şübhäni döretmänem durmady. Çünki, uly märekäniň ortarasynda pyçaklanyp, telim adamyň gözüniň öňünde maşyna ýüklenip alnyp gaýdylan ogluma pyçak çeken adamy basdyrmag-a däl, hatda sud etdirmek üçinem ylaýyk üç ýarym ýyl gerek boldy.
Wakanyň bolan güni men ýokarda agzap geçen kärhanamyň käbir maliýe işleriniň aladasy bilen etrabymyzda gezip ýördüm. Habar gije bardy we men ertesi ir bilen Aşgabada gaýtdym. Öňi bilenem «tiz kömek» syrkawhanasyna baryp oglumy gördüm. Wakanyň nähili ýagdaýda bolandygyny soradym. Göwnüme bolmasa ol menden bir zalary ýaşyrýan ýalydy, wakalary beýan edişi yzygiderli, ynandyryjy däldi. Ol: «Toýdan gelýärkäk ýolda birtopar nätanyş oglanlara duşduk, sözümiz azaşyp şolar bilen uruşdyk» diýýärdi, emma onuň «uruşdyk» diýýän ýeri toýuň bolan ýerinden öýe gaýdanyňda düýbünden ters tarapda galýardy. Başga-da mantyga gabat gelmeýän zatlar kändi. Iň ýamanam: «Garma-gürmelikde kimiň pyçaklanyny bilemok» diýýärdi. Şu sözi ol keselhana getirilen pursaty, sorag etmäge gelen uçastok milisionerine hem aýdypdyr we onuň ýazan protokolyna gol çekipdir. Onuň şol sözi üç ýyl gowraga çeken çekeleşikli göreşde maňa-ha birsyhly päsgel, jenaýatkäriň tarapdarlaryna bolsa goltgy berdi durdy. Soň görüp otursam jenaýatkäriň hossarlary meniň öýde ýokdugymy aňypdyrlar-da, milisiýadanam öň keselhana baryp, ondan şol söz i alypdyrlar. «Häzirlikçe şeý diý, türmeden bir sypdyraly, soň özüň şony nätseň şeýt, seniň ygtyýaryňa bereli», diýipdirler. Dil haty aljak bolubam dyzapdyrlar. Ýöne, hernä şony welin bermändir. Jenaýatkäriň hossarlary soňam iňňän berk işlediler, soňabaka hatda Maksadyň şol toýa bile giden, şol urşa bile gatnaşan dostlarynam öz taraplaryna çekdiler. Olaram başdanaýak: «Göremizok, bilemizokdan» başga zat aýtmadylar. Atda diýilýän bir dosty-ha bütünleý jenaýatkäriň tarapynda durdy. Hatda ol bir gezek öýe gelip, gabat garşymda gormaýylyp oturşyna kükreginem ýelden doldurdy-da:
– Ýaşuly! Edibilen zadyň bolmaz, goý gowusy sen şu hereketleriňi, - diýdi. Men:
– Aý, ony Alla biler, - diýdim.
– Onda ýa, Alla, - diýdi-de, ol ýigit hasanaklap ýerinden turdy.
Ine, şu hili ýagdaýlar, hususan-da şol Atda diýilýän oglanyň özüni alyp barşy meniň «şu iş gurnalan bolaýmasyn», diýen iňkisimi artdyrýardy. Sebäbi ol ýigit iňňän ynamly gürleýärdi, syrtyny iňňän berk daşa diräne meňzeýärdi. Aslynda, Maksat dagyny toýa diýip alyp gidenem şol. Eşdişime görä ol öňem bir gezek bir sebäp bilen organ işgärleriniň eline düşüpdir-de, bir emel bilenem sypypdyr. Ana, şol gezek onuň organ işgärleriniň çeňňegine ilen bolmagy we «bile işleşmegi» boýnuna alan bolmagy mümkin. Maksady maşyna ýükläp gelýärkälerem ol: «Men araňyzda ýokduryn, bu işe gatnaşan däldirin, adymy beräýmäň», diýip öwran-öwran gaýtalapdyr we entek keselhananyň gapysyna-da ýetmänkäler maşyndan düşüp galypdyr.
...»Tiz kömekden» çykyp öýe geldim. Öňüme çaý alanymdan, «uçastok milisioneridirin» diýip, bir azerbaýjan ýigidi gapydan girdi. Papagyny ýeňsä süýşürip, maňlaý derini ýetişibildiginden süpürip oturşyna Maksadyň bir zatlary gizleýän bolmagynyň ahmaldygyny, Begli diýilýän bir dostunyň bolsa düýbünden ýalňyş görkezme berýändigini aýtdy.
– Şonuň «postawnoýe liso» bolaýmagy mümkin – diýdi. – Ýöne, jenaýatkär eýýäm tutuldy. Günäsinem boýnuna aldy. Tak çto dogrusyny aýtsyn».
Atda barada welin, ol wagt o-da bilmeýärdi, menem bilmeýärdim. Ýaňky gürrüňem aramyzda biraz soňrak bolup geçdi. «Uçastkowoý» aýalym ikimizdenem ony-muny soraşdyrdy. Protokol ýazdy. Gol çekdirdi. Iş gozgamaklaryny haýyş edip etrap polisiýa bölüminiň başlygynyň adyna arza ýazmalydygymy duýdurdy. Şeýdibem çykyp gitdi.
Men öýlänaralar «Azatlyk» polisiýa bölümine bardym. Arza ýazyp kätiphanasyna tabşyrdym. Ýüzbe-ýüz gürleşmek üçin polisiýa bölüminiň başlygynyň ýanyna girdim. Kimdigimi, näme iş bilen gelendigimi aýtdym. Ol oturan ýerinde arkan gaýyşdy-da, uludan demini aldy.
– Agam, biz-ä şol işi ýapdyk.
Men serpmeden gaýdan ýaly boldum.
– O nähili ýapdyňyz? Bir adam pyçaklanypdyr, jenaýatkär tutulypdyr, günäsini boýnuna alypdyr, «uçaskowoý» ol işiň üstünde işläp ýör...
Tegelek ak ýüzli, süzübräk seredende, gözleri ünjüli görünýän çakym boýunça bizden birneme ýaşrak, şahyr Ahmet Gurbannepesowa meňzäp duran ýigit ýüzüme garap oturşyna ýüreginden syzdyryp şeý diýdi:
– Biz sizi daşyňyzdan tanaýas, agam. Şonuň üçinem, dogrumy aýdaýyn, bize şol işi ýapdyrdylar. Jenaýatkäriň tutulanam çyn, günäsini boýnuna alanam çyn, ýöne, ýapdyrdylar. Düşünýäňizmi, ýap-dyr-dylar... – Ýigit gurak-gurak ýuwdundy. – Men özüm ýapdym. Sebäbi ol iş üçin örän uly ýerlerden «wliýatelnyý» adamlar gelýäler. Biziň işimizde şular ýaly zatlar häli-şindi blup dur. Ýöne... Siz şuny men aýtdy diýmäň-de, nirä barar ýaly bolsaňyz baryň, kimi görer ýaly bolsaňyzam görüň. Başga ýol ýok. Onsoňam ogluňyza aýdyň, goý ol dogrusyny aýtsyn. Şol dogrusyny aýtmasa, günäkär barybir sypar. Bizden welin gaty görmäň, nädeli, işimiz şeýle...
Şu zatlary şol wagt ak ýürekden aýdandygy üçin men ol ýigide ömürlik minnetdar boldum. Eger-de soňkular ýaly o-da haýal-ýagallyga salyp, işi öz elinde köpräk saklan bolsady, onda soňky etjek hereketlerime meniň ýaramazlygymam mümkindi.
Ol ýigidiň ýanyndan çykyşym ýaly, däliziň ugrunda hälki «uçastkowoý» gabat geldi. Meni görüp ol birhili aljyrady, bir saga, bir çepe sowuljak boldy, sypara ýer gözledi. Onuň eýýäm öňküliginiň ýokdugy görnüp durdy. Ýöne, ol polisiýa başlygy ýaly dogrusyny aýdyp bilmedi. Pete-pet bolanymyzdan soňam ýüzüme seredibilmän köwşümiň burnuna tiňkesini dikdi-de: özünden-özi:
– Aý, görýän welin boljak däl öýdýän... onsoňam iş kän... başga-da tutulmadyk jenaýatkär kän... munam goýberdiler. Günäsi subut bolanok... – diýip hümürdedi. Şeýdip ol özünem menem aldajak boldy. Hiç-hili netije çykmajakdygyna gözüm ýetip duranam bolsa, onuň ýap-ýaňyja, öýümiň ortarasynda-ha badyhowalyk bilen, meniň haýryma yhlasly gürrüňler edip, indem beýdip, bir gysym bolup, müzzerilip durşuna gaharym geldi. Janym ýandy.
Şonuň üçinem:
– Göwneseňiz siz jenaýatkäri ýeriň aşagynda bolsa-da tapýaňyz. Onda-da gaty basym tapýaňyz. Tapasyňyz gelmese welin, goltugyňyzyň aşagynda bolsa-da tapaňzok. Hakykatda welin jenatkär ol däl bolaýanlygynda-da siz işi ýapmaly däl-de, hakyky günäkäri gözlemeli ahyry, - diýdim.
– Ýok, ýok, iş ýapylanok, iş wagtlaýynça togtadyldy.
Ine, iň erbet ýerem şoldy. Bir togtan işiň gaýtadan herekete gelmejekdigine, onuň hälki bir, ejir çekeniň hossarlarynyň göwünlerini awlamak üçin çykarylýan hokgadygyna meniň aklym ýetip durdy.
Şondan soň men tutuş sistema bilen göreşmeli boljakdygyma düşündim. Bu göreşiň iňňän uzaga, hatda ýyllara çekäýmeginiň mümkindiginem, agyr, hupbatly boljakdygynam aňdym. Meniň öňümde açylmasy kyn agyr-agyr, mähnet-mähnet gapylar durdy. Men ýa-ha binamyslyga salyp oturmalydym, ýa-da göreşmelidim. Öz çagam üçin, maşgalamyň mertebesi üçin göreşmelidim, ata hökmünde çagamy goramalydym, «wah, kakam bolan bolsa beýle bolmazdy» diýdirmeli däldim. Onuň üçinem maňa sabyrlylyk, çydamlylyk gerekdi. Öňki ýaly ýüz tutara Moskwa ýokdy. Ýerli guramalar bolsa bu ýagdaýdan peýdalanýardylar, hiç kimden heder etmän, eden-etdiliklerini dowam etdirýärdiler. Ýöne, Garagumyň uç-gyraksy, ulgam-ulgam çägeleriniň içindäki, alyslardan elesläp görünýän çelgi kimin, haýsydyr bir nämälim güýç meni öňe çagyrýardy, ýeňil düşmejek ýeňşiň maňa agyr azaplaryň aňyrsynda garaşýandygyny duýdurýardy. Ine, şol duýgy hem meni göreş ýoluna atardy. Hemişe goltgy, güýç, kuwwat, ynam berdi.
Publisistika