4. KASYMOWYÑ HUZURYNDA
Men haýal etmän şol iş boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministri Gurbanmuhammet Gajarowiç Kasymowyň adyna arza ýazdym. Öz eline gowşurmak hem-de arzymy dildenem beýan etmek üçin kabul edýän güni, ýagny, duşenbe güni öýlän sagat üç bolmaga on bäş minut galanda kabulhanasynyň agzynda häzir boldum.
Kabulhanada oturýan uly leýtnant (soň ol polkownik boldy) şahyr Hajy Kakalyýewdi. Ýazyjylar soýuzyna-da ol Öwezdurdy Nepesow dagymyz bilen bile giripdi, «Köpetdag meselesine-de» gatnaşypdy. Şonda olam mazalyja şäkär iýipdi we tas organdan çykarylypdy. Umuman ol jöwher pikirli, adamkärçilikli, tarapgöýligi ýigrenýän, adalatsöýer, ýuka ýürek ýigitdi. Inçesagat. Hor. Ýylgyrman geplänok. Şahyrçylygy gowydy. Ors dilinde-de, türkmen dilinde-de ýazyp bilýär. Pogony asly käri boýunça göterýär. Soýuz döwründe ol şol ugurdan Uraldamy, nämemi, merkezi okuw jaýlarynyň birinde okapdyr. Onuň kabulhanada işleýändigi üçin maňa ministriň ýanyna girmek kyn düşmedi.
Öň Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinde işlän, Içeri işler ministrligine täzelikde bellenen Kasymow hem meni gowy garşy aldy. Hajy onuň gapdalynda oturýardy we kabulhanada oturanlary gezek-gezegine çagyrýardy, gelen adamyň kimdigi, nähili mesele boýunça gelendigi bilen ministri tanyşdyrýardy. Ýazan arzaňy onuň eline tutdurýardy. Kelte boýly, togalak kellesinden saçynyň öň tarapdan ýarysy düşen, dykyz göwreli galjaň, gözlleri ullakan ministr meniň bir sahypadan ybarat maşynkadan geçirilen arzamy okap oturşyna:
– Aha, aha... ühüm, ühüm... – diýip, damagyny makullaýjylyk bilen kakdy, tä okap bolýança elindäki kagyzyň üstüne owsunjyrady.
– Dogry, belläpsiňiz, edil siziň şu ýerde ýazyşyňyz ýaly-da, jenaýat eden adam ak guş bolaýýa-da, hossary köpeläýýä-de, ýöne biz muny mundan buýana beýtmeris, kimem bolsa jenaýat edene çäre göreris – diýip okap bolansoň aýtdy. Elindäki kagyzy bir gyra goýdy. – Bu wakadan meň habarym bar. Sebäbi, şu gije Türkmenistanyň bir ýerinde bir waka boldugy, ertesi ir bilen işe gelenimde ol eýýäm meniň stolumyň üstünde ýatýa. Ýöne, bu iş barada maňa: «Ejir çeken jenaýatkäriň kimdigini bilemok, diýýä», diýdiler. Bular ýaly bolsa biz munyň anygyna gaty basym ýeterisem, çäre-de göreris, gaty arkaýyn boluň.
Şeý diýdi-de, ol meniň gözümiň öňünde Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheri boýunça dolandyryş edarasyna jaň etdi. Şol işi şu pursadyň özünde «Azatlyk» etrap polisiýa bölüminden alyp öz önümçiliklerine geçirmeklerini tabşyrdy. Işiň hökman oňyn çözüljekdigini ýene bir gezek tekrarlabam meniň bilen hoşlaşdy. Gowy kabul edendigi üçin men onuň özüne-de minnetdarlyk bildirdim, öz ýanymdanam hoşak boldum.
Işiň hakykardan-da oňyn hem adalatly çözüljekdigine öz ýanymdan ynandym. Ýöne, bir zat welin meni biynjalyk edýärdi, ýagny meniň öňümde duran beýle uly mesele asla bular ýaly aňsatlyk bilen çözüläýmeli däldi. Hökman bir garşylyk bolaýmalydy. Mesele çözülýänçä meni köp-köp muşakgatlyklaryň üstünden eltäýmelidi.
Men munuň şeýle boljakdygyna ynanýardym we şol zatlara garaşýardym.
Publisistika