22:37 Türkmenbaşy döwri -5: Prezident bilen duşuşyk | |
5. PREZIDENT BILEN DUŞUŞYK
Publisistika
Şol aladalaryň arasy bilen, özümi Prezidente kimiň ýamanlandygy barada pikir hem maňa ynjalyk bermeýärdi. Sorag-ideg bilen magadyna ýetmek bolsa mümkin däldi. Üstesine-de bu ýakymsyz wakany köpleriň bilmänini, eşitmänini kem göremokdym. Çünki, seniň «ýokarky» bilen dawalydygy, onuň seni halamaýandygyny bildikleri iň ýakyn adamlaryňam senden arany açmak bilen bolýarlar. Şeýle-de bolsa nireden çykanyny bilemok, ol habar döredijilik işgärleriniň arasyna gaty basym ýaýrady. Gabat gelen ýerlerinde öz-özlerinden söz açyp, bilemok çynlary bilenmi ýa bilesigelijilikdenmi osmakladyp, ony-muny sorap ugradylar. Duýgudaşlyk bildirdiler. Bir günem şahyr dostlarymyň biri maňa şol gürrüňiň Prezidente ýetmegine sebäp bolan iki sany ýaşuly ýazyjynyň adyny aýtdy. Olaryň birini men bada-bat ortadan aýyrdym. Sebäbi ol adamyň maňa beýle ikilik etmejekdigine ynanýardym. Ol ýazyp başlan günümden bäri maňa hemaýat edip gelen adamdy. Ýazyjylar soýuzyna agzalyga alanlarynda-da maňa arka duranlaryň biri şoldy. Beýlekisem belli ýazyjydy, ýöne ondan her zada garaşmak mümkindi. Boýy jüründikli mis kündügiňkiden sähelçe ulurak, diliniň ujundan ary çakan ýaly «bazzyk-wuzzuk» edip gepleýän, ömürboýy neşirýatlarda baş wezipeleri eýeläp, bor-bolgusyz kitaplaryny çykaryp, erkesiräp gelen ol adam adamlary biri-birine çatmagy, agyzlaryny alartmagy, iliň agzalalygynyň üsti bilen özüne oňaýly pursat döretmegi, islendik bulaşyklykdan özi üçin peýda gazanmaklygy ussatlyk bilen başarýan adamdy. Mekirdi. Jögüdi. Mahlasy, ol özünden başgany ýigrenýärdi. Men Moskwada okaýarkam Orsyýediň «Den» gazetinde çykan, soňam ýerli gazetlerde berlen (men bu barada öňde gürrüň beripdim) hapa makalanyň iki awtorynyň birem şoldy. Kalbynda ýaşlara bolan guwanç däl-de, gabanjaňlyk duýgusy bardy. Gözýetimde görnen islendik ýaş ýazyjy onuň gözüne ullakan howp bolup görünýärdi. Ýaşymyň ellä golaýlap ýörendigine garamazdan şol döwür ýaş ýazyjy hökmünde (men otuz bäş ýaşymda ýazyp başladym) adymyň dile düşüp ugramagam onuň maňa basdaşlyk gözi bilen garan bolmagyna sebäp bolan bolsa gerek. Ýogsam şol çaka çenli onuň bilen aramyzda salam-helikden başga hiç-hili gep-gürrüň bolmandy. Gaty görşen ýerimizem ýokdy. Asla gatnaşyp ýören adamymam däldi. Ýekeje gezek oňkuda ýa meňkide çaý-suw içişdik diýsemem ýalançy. Her niçik hem bolsa meni Prezidente hakykatdanam şonuň ýamanlandygynyň magadyna ýetmek, subut etmek gerekdi. Çak bilen müňkür bolmaklygyň abraýyňa nogsan ýetiräýmegi mümkindi. Ýöne, hakykat ýerde ýatmaz diýlişi ýaly, uzak garaşdyrman onuň özi öz üstüni açdy oturyberdi. Kasymowyň ýanyna girip çykan günümiň ertesi. Ýagny, 1993-nji ýylyň 24-nji awgust güni, Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýe agzalary bilen Prezidentiň duşuşygy boldy. 1991-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrlaryna geçirilen iň soňky gurultaýda prawleniýä agzalyga saýlanandygym üçin, şol çakylyga menem gatnaşmaly boldum. Duşuşygyň öň ýany şeýle bir gülkünç waka bolup geçdi. Ýagny, zala girmezimizden ozal Katar döwletiniň hormatly raýaty Şeýh Halit Bin Abdullahyň tagallasy bilen ýörite türkmenler üçin ors hem arap dillerinde, Stambulda çap edilen düşündirişli, uly göwrümli Kuran paýlandy. Mukaddes kitabyň daşy gyzyl, ýaşyl, garamtyl gök reňklileri gapynyň agzyndaky stoluň üstünde münderlenip goýlupdyr. Her kim islänini alybermeli. Entek SSSR-iň al baýdagynyň reňkinden aýňalyp ýetişmedik ýazyjylaryň birnäçesi bada-bat gyzyl reňkli Kuranlara tarap topuldylar. Biri-birleriniň eline ýapyşyp çekeleşenlerem boldy. Birdenem döwrüň üýtgändigi ýatlaryna düşdümi ýa bu kimiň haýsy tarapa hallan atýandygyny aňmak üçin aşaklyk bilen geçirilýän synagdyr öýtdülermi, özara «hyşy-wyşy» edişdiler-de: Ilk-ä «Wiý, indi nemedir-ow», diýşip aýalary bilen maňlaýlaryna «şap-şap» ýelmediler. Soňam öňki alan daşy gyzyl reňkli Kuranlaryny «tapyr-tupur» yzyna goýdular-da täze we ýasama ýylgyryş bilen ýaşyl reňkli Kuranlara ýapyşdylar. Men garamtyl gök reňklisini saýlap aldym. Suratkeşiň gözi blen garanyňda ol reňk beýlekilere görä doýgun, agras görünýärdi. Ol Kuran häzirem mende bar. Şeýlelikde, biz mejlisler zalyna goltugymyz Kuranly girdik. Ýygnak başlandy. Telewizion kameralaryň öňünde, prožektorlaryň aşagynda garadere batyp oturşyna öňi bilen Prezidentiň özi birnäçe sagatlap gürledi. Hut şol çykyşynda hem ol özüniň «Ýa eýläk, ýa beýläk, ortalyk zat, ýok» diýen meşhur sözüni orta atdy. Ýagny, «Ýa öwersiňiz ýa-da oýundan çykarsyňyz». Şol söz hem ýazyjylaryň «gara» hem «ak» sanawynyň döremegine yşarat boldy. «Türkmenbaşy» sözüniň basym mejlis arkaly resmileşdiriljekdigini hem S.Nyýazow guwanç bilen bize şol gezek habar berdi. Hamala o-da Aýdogdyýew dek metbugatyň neşirýatlaryň düşen gününden bihabar ýaly: «Neşirýatlar açyp, kitaplaryňyzy satyp, bir baýasaňyzlaň» diýen sözünem birhili kükregini ýaryp barýan hyžyrdawuk, hyjuwly ses bilen batly aýtdy. Düýn-öňňünem garaşsyzlyk, millilik, milli baýlyk, dil barada dil ýarýanlary kowalap, üstlerine küpürsäp, olary, milletçilikde aýyplap, SSSR-iň guýrugyndan tä, üzülip galýança aslyşan adam indi gözünem gyrpman: «Şu bolýan zatlar, garaşsyzlygyň beren miweleri ýüregiňizi joşduranokmy? Meňkin-ä joşdurýa. Telewizorda görensiňiz, geçen hepde-de Şewardnadze gelip gitdi, gaz üçin bergilerini birazajyk garaşmagymyzy haýyş etdi. Şunuň özem diýseň buýsançlyk zat. Men-ä bir gez beýgeldirdi» diýip, arkan-ýüzün gaýyşýardy. Şol gezek ol başga-da kän zatlar aýtdy. Boldum edenden soňam telekameralary aýyrtdy-da, oturanlara söz berdi. Ol wagtlar onuň her niçik hem bolsa «üýtgedip gurmak» döwrüniň syýasatyndan, Gorbaçewiň beren demokratiýasyndan doly aýňalyp bilmän, «gyzyllaryň» gaýdyp geläýmeklerinden çekinip hem öňüne, hem yzyna ynjalyksyzlyk bilen garanjaklaýan, öz diktaturasyny berkitmekligiň ýaňy bir ujundan girip ugran döwürleridi. Şonuň üçinem ol kim näme diýse-de, sözüni bölmän dykgat bilen diňledi. Soňundan jogap berdi. Gara sanawdaky ýazyjylardan entek emigrassiýa gitmedik Akmuhаmmet Wеlsaparowy, Нudaýberdi Hаllyýewi, Atаgeldi Gаraýewi we kimdigi ýadyma düşenok, ýene biriniň şol ýerde, el galdyryp Ýazyjylar soýuzyndan çykarmaklygy prawleniýäniň agzalaryndan haýyş etdi. «Bolmasa men o jaýa geçäýeýin» diýdi. Biz birnäçe ýazyjylar bolup onuň bu hereketine garşy çykdyk. Beýtmekligiň Ýazyjylar soýuzynyň düzgünnamasyna ters gelýändigini, Prezidentiň öz abraýy üçinem gowy däldigini ýaňzytdyk , ýöne, döwlet ýolbaşçysynyň ýaňy bir ýola düşüp ugran hökmürowanlygynyň baýdakçylarynyň öňünde durardan güýjümiz asgyn geldi. Sanymyz az boldy. Prawleniýe agzalarynyň köpüsi uly höwes bilen, dik durup el çarpyşdylar, ses sanaşdylar, şeýdibem özleri bilen bir jemgyýetde duran ýoldaşlaryny oka berdiler, dalatdylar, hatardan çykartdylar. Ol adamlaryň köpüsi ol wagt entek ýapylmadyk, ýöne, iň soňky deminde urunýan Ýazyjylar soýuzynyň başlygyndan, sekretarlaryndan şeýle hem käbir gazet-şurnallaryň redaktorlaryndan we başga-da Prezidentiň elinden däne çokaýan, at, baýrak alýan birnäçe çemeçillerden ybaratdylar. Şol gün olaryň «toýdan» boş çykmadylar. Biri: «Men siz hakda poema ýazmaklygy planlaşdyryp ýörün» diýip jaý dilese, başga biri Prezident hakda roman ýazyp başlandygyny aýdyp maşyn sorady. Ýene biri ýene bir zat edýändigini aýdyp başga bir zat diledi. Ýazyjy Tirkiş Jumageldi, «Ýaşlyk» žurnalynyň redaktory Jumadurdy Nepes ýaly iliň, işiň bähbidini arap çykyş edenlerem boldy. Öz gezegimde menem söz aldym. Öz «wawwaly» ýerlerim, MHK-ä çagyryşym, Maksadyň meselesi boýunça organ edaralary bilen tükeniksiz çoçgara çolaşyp ýörşüm barada gürrüň gozgaman, döwlet möçberindäki nogsanlyklar – senzura, dil, «haý-haýa» öwrülýän bag meselesi we şuňa meňzeş zatlar barada gürrüň etdim. Senzura ýatyrylsa, tankyda ýol açylsa döwlet kanunlarynyň, Prezident tarapyndan çykarylýan kararlaryň berjäý edilmegi üçin ýazyjylaryň köp işler bitirip biljekdiklerini aýtdym. Ol diňledi-diňledi-de: – Howlukmaň, hemmesem bolar, ýöne, wagtynda bolar, – diýdi. Şondan soň men sahypadan düşürilen makalam barada aýtdym Prezident apparatyndaky metbugata gözegçilik edýän işgärleriň ählisini ýagdaý bilen habarly edip çykandygymy, hatda Ministrler Kabinetiniň orunbasary Orazgeldi Aýdogdyýewiň hem şol işden habarlydygyny duýdurdym. Prezident gapdalynda oturan Aýdogdyýewe ýüzlendi: – Näme üçin çykarmadyňyz? Syýasata garşy bolmasa çykarmaly ekeniňiz-dä. Aýdigdyýew «ziňk» edip ýerinden galdy. – Syýasata garşy bolandygy üçin çykarmadyk, Sapar Ataýewiç! Bu meni geň galdyrdy. Sebäbi, birinjiden-ä beý diýer ýaly Aýdogdyýew ol makalany okamandy, ikinjidenem şonuň öň ýany maňa: «Men publistika düşünemok, özüňiz oňşuň», diýipdi ahyry. Üçünjidenem makala syýasata garşy däldi, asla syýasat barada hem däldi, onuň mazmuny meniň ýap-ýaňyja, Prezidentiň öz öňünde eden çykyşym bilen, ýagny, «bag», «galla» syýasatynyň we Prezidentiň beýleki kararlarynyň ýerlerde göwnejaý ýerine ýetirilmeýändigi «haý-haýa», kompaniýa öwürilýändigi, göz üçin, başdan sowma edilýändigi bilen baglydy. Makala meniň ýanymdady. Şony şol wagt çykaraga-da: «Ine, özüňiz görüň, niresi syýasata garşymyşyn şuň» diýip, Prezidentiň hut öz eline tutduraýmandygym ýa-da köpçüligiň öňünde okap bermändigim üçin men özümi heniz-henizlerem bagyşlap bilmek. Şeýden bolsadym, onda iş ynanyp ýören adamlarynyň şeýle ýöntem, şeýle iki gepli, iki ýüzli adamlardygyny Prezidente subut edip bilerdim. Ýöne, barybir onuňam netije bermezligi mümkindi. Çünki, islendik tankyda gadagançylyk girizen Prezidentiň özüdi. Galyberse-de ol wagt eýýäm makalalar içki mazmunyna seredilip däl-de sanaw boýunça awtoryna serdilip çap edilýärdi ýa-da gaýtarylýardy. Çykyp geplemeler saýpallaberendenem şol, meni MHK ýamanlamakda şübhe döreden ýazyjy el galdyryp ör turdy. Şol wagtlar ol ýarawsyzrakdy. Belki şonuň üçindir, ol, başam barmagyň ululygyndaky göm-gök sümügiň burnunyň aşagyndaky patallaga çyrşalyp duranynam aňman, dilini öňküsindenem beter «wazzyk-wuzzuk» etdirip, endigine görä sesini kä pýesaýladyp, kä gataldyp şeý diýdi: – Hormatly Prezident! Egerde ygtyýar berseňiz indiki hepdäniň anna güni Köneürgenjiň «üç ýüz altmyş» öwülýasinde siziň başyňyzdan sadaka bermek niýetimiz bar... – Şu ýere ýetende ol gözlerini göge tutup, başyny iki-baka ýaýkalady-da, kimdir birini gaýybanasyndan ýamanlap ugrady. – Dogry, bular ýaly işler her kime ýakybam duranok, geçen gezek men öz öýümde siziň başyňyzdan sadaka berenimden soň birentekleri meni ýigrenip ugrady. Hatda, syrkawlap keselhana düşenimde halymy soramaga-da barmadylar. Mysal üçin, ho-ol, Prezidentiň suraty asylgy jaýa girmen, diýýän bar-a... ana, şolar ýalylar. Gürrüň elbetde men hakda barýardy. Diýmek, men hakda ýalan gürrüňi toslanam, ýaýradanam, Prezidente ýetirenem şol bolmaly. Ýöne, meni has-da geň galdyrýan zat, onuň: «Halymy soramana-da barmadylar» diýmegidi. Ol muny kim hakda aýtsa-da men hakda aýtmaly däldi. Çünki, ýokarda belläp geçişim ýaly onuň bilen meniň hiç hili gatnaşygym ýokdy. Keselhana düşenindenem bihabardym. Habarym bolaýanda-da baryp soramazdym. Umuman, kyn günümde gapymdan garamady, diýip menden kine eder ýaly onda hiç hili esas ýokdy. Dogry, onuň hakykatdanam öz öýünde Prezidentiň başyndan hudaýoly bereninem, şonuň üçin Prezidentiň oňa gymmat bahaly ýüzük sowgat edeninem eşidipdim, ýöne o hakda hiç kimiň ýanynda ne çyndan, ne ýalandan dilimi ýarmandym. Çünki, o zatlar her kimiň öz işidi. Şol wagt onuň ýüzüne seredip oturan Prezidentiň bolşundan ýüreginiň bulanýandygyny, gaharynyň gelýändigi, «Gör men kim-kimleriň goltgusyna mätäç bolup ýörün» diýip, içinden namys edýändigini aňmak bolýardy. Çünki, semiz byzawyň ululygyndaky gök sümük tüňçe boýly ýazyjynyň patallagynda henizem keserip durdy. Prezident elbetde, kimiň-kimdigini tanaman duranokdy. Tanaýardy, ýöne, kimem bolsa gerek bolaýjak menziline çenli ugruna kowmaly, hyzmatyndan peýdalanmaly, gerek bolsa sylag-serpaý etmeli bolýardy. Boldum edeninden soňam ony silkäp bir zyňýardy welin, erkeje görgülileriň köpüsi urgudan aýňalybilmän ýa-ha ur-tut ýurtlaryny täzelemek bilen bolýardylar, ýa-da hassa hala düşýärdiler. Şol, patallagy sümükli ýazyjy bilen Prezidentiň arasyndaky yssy gatnaşygam wagty gelende şolar ýalyrak terzde tamamlanmalydy, ýöne, o gezek ajal Prezidentden öňürtdi. Ýygnak gutarandan soň biz-ä öňki giren gapymyzdan çykyp gitmelidik, Prezident bolsa törki gapydan çykyp, aňyrky otaglaryň birine girip gitmelidi. Ýöne ol ýerinden turşy ýaly çykyp gidibermedi-de, onuň-munuň bilen gümür-ýamyr edişip eglendi. Pursatdan peýdalanyp menem göni oňa tarap ýöneldim. Ýanyna bardym. Orta boýly, berdaşly, ýüzünden häkimlik nury dökülýän Prezident ýüzüme seredip birenaýy ýylgyryp dur. Ol meniň goltugymdaky Kurana tarap baş atdy. – Juma, Kuran aldyňmy? – Aldym, Sapar Ataýewiç. – Men seni ýörite kabulam etjek. – Sag boluň Sapar Ataýewiç. – Işem berjek. Ol wagt entek gonorarlar ýatyrylmandy we döredijilik zähmeti bilenem günüňi görüp bolýardy. Şonuň üçinem men: – Sag boluň, Sapar Ataýewiç, meniň işim kän, – diýdim. – Hany, hiç ýerde işlänok diýdiler-ä. Ýaňy özüňem ýeriňden turduň-a, kim hiç ýerde işlemeýän bolsa ýerinden tursun, diýenimde. – Dogry, edara işinde işlämok, ýöne döredijilik işem ýeterlik. Men hem surat çekmeli, hem ýazmaly, arasynda kinoçylar bilenem işleşýän, teatr bilenem işleşmek hyýalym bar... – Edara işinde-de işlemeli, Watana kömek etmeli. Meniiň ýurt baştutany bilen jedelleşesim gelmedi. – Bor Sapar Ataýewiç, kömek ederis, işleşeris, ýöne, men häzir sizden başga bir zady haýyş etmekçi bolýan. – Howwa?.. – Käbir adamlar bizi size ýamanlaýarlar, sizem ýamanlaýan kim, ýamanlanýan kim seljermän uly-uly edaralary aýaga galdyrýaňyz... Prezident sözümi soňlamana maý bermedi. Ýüzüme seredip birsyhly ýylgyryp durşuna elimi gysdy. – Arkaýyn bol, seljerildem, anygyna-da ýetildi. Barysy ýalan ekeni. Men goltugymdaky daşyň iň soňkusynam orta okladym. – Ýamanlanyň kimdiginem bildim, Sapar Ataýewiç. – Kim? Men gorkuly nazaryny bize tarap aýlap, däliz tarapky gapydan çykyp barýan «burny sümüklä» tarap baş atdym. Prezident oňa tarap gazaply seretdi. Döwlet ýolbaşçysynyň öz çykyşynyň dowamynda: «Siziň birentegiňiz gelip maňa Hudaý diýip ýören adamlary ýamanlaýaňyz» diýen sözleriniň hut özüne degişidigini ýaşuly ýazyjy şol wagt aňypdy we döwüniň pese düşüp ugranyny syzmakdan ýaňa tutuş süňňi bilen galpyldap ugrapdy, ýüzüniň nury açüpdi, dodaklary salparypdy, duluklary «titir-titir» edýärdi, sag gabagy bolsa dyngysyzlyk bilen tirpildeýärdi. Prezidentiň soňky nazary bolsa, onuň ozaldanam enjarsyz göwresini iki bükene meňzedi. Şondan soň men Hudaýdan ýolda-yzda şoňa duş etmezligini dileg etdim. Çünki gabat gelse ýarylman-a men durup biljek däldim, ýarylsamam o bir ýaşuly adam, üstesine-de keselbent, sögüşseňem birhili, uruşsaň hasam erbet, ýüzüne tüýküreýin diýseň ýüzi onsuzam... Her hal Hudaý jan dilegimi kabul edip oňa duş-a etmedi. Şondan soň iki aý ýa geçendir, ýa geçen däldir onuň ady "Edebiýat we Sungat" gazetinde, dört burç gara çyzygyň içinde peýda boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |