11. Magtymguly hem Atabaýew
T.J. Söhbedimiziň bir ýerinde, taryhda uly-uly wakalar bolýar, eger şol wakalaryň başynda belli şahsyýet bolmasa, olar pytrap gidýär diýdiňiz. Agyr goşunyň başynda serkerdesi bolmasa, ýeňiş gazanyp bolanok.
Biz Atabaýewiň şahsyýeti hakynda gürleşip otyrys. Bu şahsy türkmene Hudaý beräýipdir diýýäris, ýöne görnükli adamlar tarp ýerden döremeýärler, olaryň döremegini kanunalaýyk edip bilýän kökler bolmaly, hiç tötänleýin zat bolmaýar. Kämahal türkmenlerden Magtymguly döräýipdir, şol döremedik bolsa, bu halk nähili bolardy diýip, beýik şahyryň döremegine tötänlik alamatyny berjek bolýarys. Beýle däl. Magtymguly türkmen halkynyň ruhunden dörän adam. Siz taryhçy, siz hem beýik şahslaryň döremek zerurlygy bilen döwrüň arabaglanyşygy hakynda pikir edýänsiňiz?
K.M. Şu meselede men seniň bilen doly ylalaşýan, Tirkiş. Sen taryha gowy düşünýärsiň. Maňa seniň bilen söhbetdeş bolmak hem aňsat, hem gaty kyn. Aňsat ýeri, meniň oýlanýan, kelle döwýän meselelerim barada eýýäm sende bişişen, aňyrsyna ýetjek bolnan, belli derejede ýetilen pikirler bar, şolar maňa ýeňillik berýär, kömek edýär. Ikinji tarapdan, sen meniň jogapkärçiligimi güýçlendirýärsiň. Käýerde taryhçy hökmünde men şu zatlary bilýän-ow diýip, biraz özüme göwnüm ýetip gürleýän bolsamam, seniň bilen gürleşmeli bolamda özümi has jogapkärli duýýan, orta atylan meselä has takyk jogaplar gözlemeli bolýan.
Men taryhy taryh edýän zat şahsyýet diýdim. Beýik şahsyýetler tiz-tizden döräp duranok, belli bir döwürlerde, halk arasynda ýüzýyllyklarda, hatda müň ýyldan döreýär diýenem bir ynanç bar. Biz ony müňýyllyklara çekmäli, ýöne seýrek döreýändigini tekrarlaly. Eger müňýyllyklara çekip, yzyndanam Oguzhana eltip, ana, şol biziňki bolupdyr, hemmesi şondan gaýdypdyr diýip gümpülläp otursak, onda hakyky taryh ýazdygymyz bolmaz. Dogry, biziň Oguzhana dahylymyzam bardyr, ýöne gös-göni dokument şekilli subut¬namamyz ýok ahyryn.
T.J. Dogrusyny aýtsak, biz häzir legendar şahslar hakyndaky rowaýatlara salgylanyp, halkyň gadymy taryhyny ýazjak bolmagyň ýoluna düşdük.
K.M. Biz real taryhy bärräkden gözlemeli, özümizden gö¬zlemeli, türkmenden gözlemeli. Asla taryhda giň ýaýramadyk bir metodologiýa bar, ugur bar, menem şonuň tarapdarlarynyň biri. Taryhy gaty gadymdan başlaman, şu soňky döwürden başlamaly. Millete garamaly, biz türkmen, biz kim? Nireden döredik, nireden geldik? Şu günki gün aňrymyz, bärimiz, töweregimiz görnüp dur-da!
T.J. Ine, şunuň özi taryhy faktor.
K.M. Hawa, faktor bolup dur. Taryhyň beýleki ylymlardan tapawutly ýeri taryh ylmynda eksperiment edip bolmaýar, taryh diýeniň özi durşy bilen eksperiment! Taryhy gaýtalamak bolmaýar, muny täzeden barlap göreýin diýjek umydyň ýok. Töweregiňe, halkyňa, onuň gylygyna, özüni alyp barşyna seredýärsiň. Şundan nämä garaşmak mümkin, şundan näme talap etmek mümkin? Ine, şundanam yzyňa gaýtmaly, yzyňa gaýdyp, gidiber aňyrlygyna, näçe gidibilseň git, ýöne ýene şuňa, şu güne gaýdyp gel. Ine, şu iki aralykda taryh ýatyr. Bizi gadymyýetlere äkidibermek, şonda şeýle bir beýik bolupdyrys, çensiz bolupdyrys, näçe imperiýa gurupdyrys, pylança gezek dünýäni aňk edipdiris, haýran galdyrypdyrys diýmegem-ä gowy zatdyr, ýöne ondan maňa ne peýda, eger şu gün özüm aňkaryp duran adama öwrülen bolsam?!
T.J. Muňa şu günden gaçmak diýse bolar.
K.M. Hawa, seň aýdyşyň ýaly şu günden gaçmak bolýar. Taryhda despot, diktator ýolbaşçylar bolupdyr, kän bolupdyr, olaram başarsalar, şu günden gaçyp, taryhyň örän gadymy döwürlerine arka diräp, beýik halk ýasamaga çalşypdyrlar. Ony anyklajak gümanyňam ýok, ýaňky aýdyşyň ýaly, legenda meňzeş bir zat. Onsoň, ”şol taryhdaky beýik halkyň şu günki şasy men!” diýmeli. Men nähili beýik diýmek üçin gerek. Has bäri gaýdyberseň, jogap talap edýän sowallar köpelýär. Halkyň namart bolsa, bigaýrat bolsa, özüni oňarmaýan derejä ýeten bolsa, özem häkimiň öňünde lepbeý diýip, eplenip du¬ran bolsa, hemmesi hammala öwrülip barýan bolsa, sen şol halkyň şasy bolaňda, kimmişiň! Seniň şalygyňam halkyňa meňzeş bolýar-da. Bu hadysa taryhda gaýtalanyp gelýän ahwalat.
Biz biraz temamyzdan sowulaýan ýaly bolduk. Biziň söhbedimiziň esasy temasy Atabaýew. Atabaýewden aňyrda türkmen halkynyň süňňünden dörän beýik şahs bar. Ol Magtymguly. Magtymguly bilen Atabaýewi nirede baglaşdyryp bolar? Ikisiniň alyp baran ugry başga, taryhda galdyran yzlary başga, ýollary başga. Men soňky ýyllar Atabaýewi öwrenip, türkmen taryhyna düşünjek bolup, özümize düşünjek bolup, Magtymguly hakynda kän kelle döwdüm…
Magtymguly nireden döredi? Ol asmandan-a gaçmady, halkyň jümmüşinden çykdy. Bu nähili beýle beýik bolup bildi? Taryha seretseňem-ä, şol ýyllar türkmeniň gaty pese düşen döwri bolmaly. Pese düşen ýerinde-de Magtymguly döreýär. Nähili dörändigi hakynda köp oýlandym. Bartold, Ýakubowskiý ýaly görnükli taryhçylaryň kitaplaryny okadym. Ol ýerden-ä jogap tapyp bilmedim. Olar ýörite bu ugurdan işem ýazmandyrlar. Akademik Samoýlowiçem ýörite onuň bilen meşgullanmandyr. Şol döwri öwrenen taryhçam türkmende bolmady. Käbir awtorda “Magtymguly we onuň döwri” diýen sözbaşyly iş bolsa-da, ol ýerdenem özümi gyzyklandyrýan meselä jogap tapmadym. Kösäýewiň, Garryýewiň ýazgylaryndanam zat tapmadym. Men bulary, elbetde, inkär etjek bolamok, men anyk sowalyň jogaby ba¬batda aýdýan. Geldi Orazowiç Çaryýew diýen bir düşünip bolmaýan alym Magtymguly hakynda ýazarman boldy, ýöne nireden baryp, nireden gaýdýanyna düşünip bolanok. Magtymguly hakynda diýib-ä dissertasiýa ýazýar, içinde edýän gürrüňem Gegel hakynda. Bizde şunuň ýaly paradokslaram boldy.
Ýazyjylaryň ýazan powestlerini, romanlaryny, pýesalaryny-da okadym. Soň Hudaýberdi Durdyýew bir zatlar ýazyşdyrdy, ýöne bolmady, gapdala zyňanymy duýman galypdyryn. Beýle diýsem, özüne artyk baha berýär, köpbilmişlik, ulumsylyk edýär diýäýmegin maňa, senden haýyş edýän. Seniň “Gara ýyldyrym” romanyňy okadym, şonda romanyň gutaryşy bar: “Nusaýyň depesinde tomus gök gürläp, ýyldyrym çakan gijesi Döwletmämmediň maşgalasynda ýene bir ogul dünýä indi. Onuň adyna Magtymguly dakdylar” diýip ýazýaň. Gep romanyň gutaryşynda däl. Sen şonda bir zady gözleýäň, şu halkyň düşen derejesini gözleýäň. Senden bir jogaplar tapdym, ýüzüňe diýip aýdamok, eşidýärmiň. Ýöne senem gaty görmegin menden, sebäp men taryhçy, sendenem aňryk süýşesim geldi, ýene bir sorag beresim geldi. Eger sorag bersem, söhbediň uzaga çekmegi mümkin. ”Magtymgulynyň döremegine, Magtymgulynyň beýik bolmagyna sebäp bolan zat näme?” diýsem, saňa bir agyzda jogap bermegiň kyn bolmagy ähtimal. Gysga jogap berer ýaly sowalam däl.
T.J. Men bir agyzda jogap bermäýin. Biz pikir alşyp otyrys. Meniň şol romany ýazmagym, soňunda Magtymgulynyň adyny getirmegim, Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda täze dünýä inen ogla Magtymguly adyny goýdular diýip gutarmagym, Magtymgulynyň döremegine türkmen jemgyýetindäki zerurlygy görkezmegi maksat edinendigim üçindir. Okan adam: hä, bu çaganyň döremegine zerurlyk diýmeli. Ýadyňyzda bolsa, romanda Azady bilen Nedir şanyň pikirlerini berýändirin.
K.M. Men şol pikirleri konspekt edip öwrendim.
T.J. Şol pikirler Magtymgulynyň döremegine şert. Sebäbi, halkyň idealy bar. Amala aşsyn-aşmasyn, ideal halkda hökman bolmaly, öňden çyra ýaly bolup gitmeli. “Hakyda” at bilen täze ýazan kitabymda “Türkmeniň idealy bolupmy?” diýen bölüm bar. Türkmende iki ideal bolupdyr diýip ýazýan. Nedir şanyň öň ýanynda, yz ýanynda bir böwşeňlik aralaşýar. Eýranda häkimlik gowşaýar. Şu böwşeňligiň Döwl¬etmämmetde umyt döreden bolmagy gaty ähtimal, mende şeýle ynanç bar. Ol türkmeniň döwleti hakynda pikir edýär: ”Heý, türkmeniň öz döwletini berkarar edip bolmazmyka?” diýendir. Belki, gurup bolmajagyna akyldar bir bakuwda göz hem ýetirendir, sebäbi türkmeniň her ili bir ýerde. Biri-birinden bihabar, ýöne şonda-da Azady akyldar bolany üçin, döwletiň nähili bolmalydygyny bir ýazaýyn diýip, “Wagzy-Azat” atly belli traktadyny döredýär, özem Nowaýy ýaly beýik şahyryň, döwlet işgäriniň ýörelgesine eýerip döredýär. Emma yz ýanyndan Eýran ýene döwlet hökmünde berkeýär, böwşeňlik gutarýar.
Magtymguly atasynyň arzuwlan idealynyň amala aşmajagyna göz ýetirýär. Ilki bilen tireleriň arasyndaky agzalalygy aradan aýyrmak zerur. Şonuň üçinem Magtymguly ikinji ideala gol ýapýar. Adamyň ahlak taýdan kämilleşmegini, hakyň ýolunda, Allanyň öňünde onuň ynsap borjuna düşünmegini, şer işe, zorluga ýüz urmazlygyny isleýär. Adamyň ruhy ahlak belentligine ymtylanda, ruhuň kämilligine baş goşanda, zorluk, şer iş onuň etmişine öwrülmez, adam birek-birege ynsaply garar diýen pikiri öňe sürýär. Bu äheň onuň eserleriniň süňňüne siňýär. Ruhy sagdynlyk Magtymgulynyň idealy. Ýaňy siz bir sowal goýduňyz: ”Magtymguly bilen Atabaýewi näme birleşdirýär?” diýdiňiz. Olary birleşdirýän zat döwlet hakyndaky ideala gulluk etmek. Soňra türkmeniň dagynyklygy, tozgunlygy kiparlap, rus imperiýasynyň düzüminde azrak goltgy tapanda, türkmeniň zandyndaky döwlet gurmak idealy ýene dömme bilen bolýar, şol zerurlygam Atabaýewiň döremegine, döwlet işgäri hökmünde göterilmegine sebäp bolýar. Bu ideal Magtymgulynyň hem idealydy, ýöne ol öz döwründe onuň amala aşmajagyna göz ýetireni üçin, adamy kämilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşamaly bolupdy. Soňky dörän amatly şert öňki idealyň oýanmagyna, Atabaýewiň döremegine getiripdi. Imperiýanyň şertlerinde Atabaýewiň nähili işler alyp barandygy, nähili emellere ýüz urmaly bolandygy hakynda biz söhbedimiziň dowamynda ýeterlik durup geçdik.
K.M. Seniň bu aýdanlaryňy gyssagarada seljermek maňa kyn düşýär. Soňky aýdan pikiriň bar, men şol hakda aýdaýyn. Atabaýewiň döreden döwleti bar, şol döwletiň zerurlygyny Magtymguly aýtdy diýjek bolduň, şeýlemi?
T.J. Döwletmämmet Azady.
K.M. Bagyşla, Azady aýdýar. Magtymgulyda döwlet guralyň, şonuň üçin söweş edeliň diýlen ýeri ýok. Magtymgu¬lyda kän bir şahsyýetler hakynda sözem ýok, käbiriniň adyny tutsa-da, olary idealam etjek bolanok. Ol, umuman halky akyla, paýhasa, ruhy sagdynlyga çagyrýar. Hemme ýerde dini ýörelgä-de baglanyp oturanok, käbir ýerde dinem gapdala goýýar, diňe dine baglanyp oturan adam şahsyýet bo¬lup bilmeýär. Magtymguly ýüregini ýaryp barýan ahwalatyň jogabyny dinden hem tapanok, ýöne bögüriberýär! Ol has belende göterilýär, şonuň üçin hem ol beýik.
T.J. Alymlaryň arasynda häzir Magtymgulyny tutuşlygy bilen sufizmiň däplerine, filosofiýasyna, mistikasyna baglap goýmagy niýet edinýänler bar. Şeýdip, olar Magtymgulyny peseldýändiklerine düşünmeýän bolarly. Magtymguly zerur ýerinde sopuçylyk düşünjelerinden çykýar.
K.M. Ýo-ýok, ol sufizme baglanyp oturjak şahyr däl, ony böwsüp çykýar. Eger boýun bolup oturan bolsa, Magtymguly bolarmydy ol?!
T.J. Boýun bolup oturan bolsady, sopy bolardy.
K.M. Magtymgulynyň özi şahsyýet. Indi şuny nähili edip subut etmeli? Ine, kelle döwmeli ýer. Bu nähili şahsyýet? Göreşe çagyrmasa, ýa bir şahsyýeti öňe sürmese, taryhy ýazmasa, döwlet gurmasa, gurmagyň çäreleri üçin göreşmese, onda nähili şahsyýet bolýarmyşyn? Eý, toba, men şu hakda kän kelle döwdüm. Meni bagyşlaweriň, Magtymgulyny ýazgarjak bolan ýerimem bar. Muny öwselerem, bu meniň diýjek Magtymgulym-a däl diýen ýerlerimem boldy. Birdenem ýerimden zöwwe turup, ”Ýo-ýok, hakyň ýok, Magtymgulynyň özi şahsyýet, özi belent şahsyýet!” diýdim. Şol pes derejä ýeten halky göreşe çykar ýaly etmek üçin, ertir döwlet gurar ýaly, güýç toplap biler ýaly etmek üçin, guran döwletine-de eýe bolar ýaly etmek üçin, öňürti adam etmeli, öňürti munuň özüni götermeli! Şeýdibem şahsyýet bolup bolýan ekeni. Şuňa düşüneniňden soň, bir ýerde belent şahsyýet bolsa, Magtymgulydan belendi ýokdur diýeniňi duýman galýarsyň. Özüme özüm şeýdip jogap tapýan.
Sen ýaňy bir ýerde gowy aýtdyň. Atabaýew döwlet döretdi, aňyrsyny Azadydan, Magtymgulydan alyp gaýtdy diýdiň-ä, şu uly gürrüň, uly pikir, gymmatly pikir.
Ine, Magtymguly!.. Magtymgulynyň yzyndan Kemine diýip bir beýik döreýär, Mollanepes, belki, ondan beýik bolmasa, pes däldir. Biri-birinden beter, heý, şulardan belendem bir şahyr bolarmy! Şonda-da olaryň kiçigöwünligine seret! Kemine näme diýýär: Magtymguly şahyrçylyk meýdanyň oragyny orup gitdi, biz onuň hoşasyny çöpleýäris diýýär. Eýýäm şu sözde näçe many bar! Magtymgulynyň ululygyny bilýär, ýogsa özünem kiçeldenok ahyry.
T.J. Olaram orak orup ýörenler.
K.M. Beýige beýik diýip bilýär. Eýýäm Magtymgulynyň şu iki ägirde beren zadyndanam köp many çykaryp bolýar. Soň Seýdi, Zelili, Mätäji diýýär gidiberýär, onsoň birneme uşaýas, boýnumyza alaly, uşadyk. Kem-kem uşap, bärräk gelýäris welin, birden ýene belent adamlar döreýär. Gowşut han, Nurberdi han, Atamyrat han, Maryda Gajar han döreýär, taryhy baha berilmedik adam, rus gatnaşyklary boýunça ýazgarylan adam. 1868-nji ýylda Buharadan howp abananda Gowşut han goşun bilen baryp, Amyderýa türkmenlerini goldamakçy bolýar. Bu, eýse, belent iş dälmi!
T.J. Eýýäm döwletiň basgançagy başlanýar.
K.M. Döwlet gurmagyň aladasy başlandy. Azadyň, Magtymgulynyň umydyna ýol açylyp barýar. Soňra Gazawat söweşleri. Dünýäni aňk eden söweş! Biz oňa ýeterlik baha bermän gelýäris. Biz marksizmi öwrenip gezdik, döwrümiz şeýle boldy, ondan ullakan zyýan çeken ýerimizem ýok, olam ylym, özem çuň ylym. Engels “Anti-Dýuring” diýen eser¬inde adamzat taryhynda tä şu güne çenli beýle adalatsyzlyk, belki, bolan däldir, eger bolan bolsa, bir ýerde gyrlyşyk bolan bolsa, adalatsyzlyk bolan bolsa, jellatlyk bolan bolsa, iň agyry Rossiýanyň, ruslaryň hywa türkmenlerini gyryşlarydyr diýýär, eger bir ýerde gahryman halk bolan bolsa, türkmenlerden gahryman halk bolan däldir diýýär. Ine, şu aýdylýan taryhy göwnejaý ýazamzok, ondan gaçyp ýörüs. Bize köp ýyllaryň dowamynda Gökdepe söweşinem ýazdyrmadylar ahyry! Ýazsagam, ters ýazyp geldik. Ýöne Gökdepe hakynda soňky ýyllar birhili ýol bilen ýazdyk. Gökdepäniň taryhyndan biz az-kem habarly diýsek boljak.
T.J. Ol hem ýene birtaraply.
K.M. Birtaraply diýse-de boljak. Gazawatda, Gökdepede lerzana gelen türkmen on-ýigrimi ýyl galyp bilmedi, pesde galdy. Şol döwürde taryha giren bir şahsyýet bar, ony türkmenler bilenogam. Menem ykbalym çatyp, Horezm sebitlerine baranymdan soň bilip galdym. Baba Gökleň diýip, Gökleň batyr, Gökleň bala diýip, dürli atlar bilen bir adam segseninji ýyllaryň aýagynda, togsanynjy ýyllaryň başynda bütin Horezmiň halkyny, diňe türkmenleri däl, özbegini, gazagyny, garagalpagyny aýaga galdyryp bilen bir ägirt bar. Horezmde ol hakda pýesalar ýazyldy, oýunlar goýuldy, şahsyýet hökmünde göterilip gelindi, emma bizde onuň adam tutulanok.
T.J. Menem birinji gezek sizden eşidýärin.
K.M. Şol ýerde Baba Gökleň atly öwrenilmedik şahsyýet ýatyr, gökleňlerden. Häzirki Biruny raýonyndan. Ol hakda roman ýazsa-da boljak. Hawa, on altynjy ýylda türkmen ýene baş göterýär. Halk gozgalaňy bolup geçýär. Jüneýit han, Şammy kel, Eziz han öňe çykýar. Bularyň hereketi entek başa barmajak hyýala baş goşan ýalydy. Uly bir imperiýanyň golastyndadygyna garamazdan, türkmen baş göterýär!
Şahsyýet tötänden döränok, onuň döremegi üçin öňürti zerurlyk döreýär. Magtymgulynyň döwründäki halka Magtymguly ýaly şahsyýet gerekdi, akyla, paýhasa, gaýrata çagyrýan, entek göni göreşe çagyrmaýan, halkyň derejesinden habarly, şol gün oňa näme gerekdigini aňan beýik şahsyýet gerekdi. Şeýle şahsyýet hem döräpdi, ol Magtymgulydy.
Gazawat urşy, Gökdepe urşy diýdik, on altynjy ýylyň halk gozgalaňy, agzasak-agzamasagam Oktýabr rewolýusiýasy, Hywa hanynyň, Buhara emiriniň ýykylyşy ýaly wakalar bar. Şolaryň bolup geçendigine garamazdan, türkmeniň dagynyklygy dowam edýär. Öňki ýaly, Atabaýewiň aýdyşy ýaly, bäş bölek däl-de, şonuň üç bölegi indi bir imperiýanyň garamagynda. Belki, bir pursat, bir amatly mümkinçilik döredi, şol mümkinçiligi ulanyp bilmesek, soň ol haçan dörär diýen pikir dörändir? Mundan beýläk türkmene döwletsizlik gelişjek däl, türkmen diýdirmek, onuň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin türkmene döwlet gerek, birleşer ýaly döwlet gerek! Zerurlyk döredi. Şol zerurlygy aňan, oňa düşünen, oňa baş bolup biljek şahsyýet gerek boldy. Onuň kim boljakdygy entek belli däl. Ine, bir gudrat bilen Magtymguly ýaly beýik şahsyýet döredi! Ol ägirt şahsyýetlerin ýene birine Atabaýew diýýärler!
Ýene bir gezek gaýtalap aýtsak, Atabaýew ilki Zakaspini türkmen oblasty etdi, Buharanyň düzüminde Türkmen Awtonom oblastynyň döredilmegini gazandy, Horezm Respublikasynda Türkmen oblastynyň döredilmegini başardy. Atabaýewiň edip ýören işlerinden entek köp adamyň habar¬am ýok, öňünde nähili beýik maksat goýandygyny entek aňanoklaram! Az wagt geçenden soň, Lenindenem belent bolup, geň görme, şu meselede men ony Leninden belent goýýan, sebäbi, ýerli ýagdaýy bilýär, onsoň Stalin hakynda-ha gürrüňem ýok, şularyň arasyndan Atabaýew çykýar. Staliniň syýasaty Leniniňkiden başga. Lenin Buhara, Horezm respublikalaryny saklamaly diýen bolsa, Stalinde başga pikir döredi, milletleriň özlerine döwlet bermeli-de, soňra çeňňege düşürip, idip äkitmeli diýen teoriýa gulluk etdi. Stalin bilen Leniniň syýasatlarynyň ortasynda, bir ýagdaý edip, türkmen döwletini döretmegi Atabaýew başardy. Nähili amala aşyrandygyny aýtdyk.
Magtymgulam, Atabaýewem döwrüň zerurlygyndan dörän beýik şahslardyr. Atabaýewi Magtymgulynyň derejesine göterýänligimde hiç hili nädürslik ýok. Magtymguly özüniň öňe süren ideýasy bilen beýik. Atabaýewiň amal eden taryhy wezipesi-de şol derejedäki belentlige göterilmäge mynasypdyr. Men-ä şuny çekinmän aýdýan, aýtmalam, aýdarynam!
T.J. Biziň şahsyýet kultuna uýgunlaşan aňymyza görä, diňe bir adam beýik bolsun diýen düşünje bar.
K.M. Magtymguly türkmene aň-paýhas berdi, beýik poeziýa berdi. Atabaýew türkmeni döwletli etdi, döwlete birleşmese, ýene dargar diýen howpdan halas etdi. Türkmeniň döwletini dünýä kartasyna saldy. Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy diýilse-de, onuň döwlet diýen ady bardy, resmi konstitusiýasy bardy. Ýaşamaga, dem almaga rugsat, pursat aldyk. Ine, taryhy şu nukdaýnazardan ýazmaly diýjek. Biziň häzirki ýazjak bolşumyz ýöne bir, hälki bir... gynansagam...
T.J. Bir adamyň, bir ideologiýanyň göwnüni tapmak üçin ýazylýan taryhda!
K.M. Şeýle bolany üçinem ol uşajyk taryh bolýar galaýýar. Tom-tom çykarylýan kitap bar, kitaby ýapýaň welin, kelläňde galýan zat ýok.
Men söhbedimiziň şu ýerinde bir, rowaýat aýdaýyn. Men bu rowaýaty öň-ä ýöntemräk ýaly görýärdim, soňky wagtda oýlandyraýýaram. Bir gezek Atabaýewe sowal berenmişler, käbir adam Jüneýit han soranmyş diýýär. “Atabaýew, sen ynandyň, uly ýalňyşlyk goýberdiň, gör, indi nähili ýagdaýa düşdüň?” diýenmiş. Atabaýew aýdanmyş: “Meni bezemen bir gyrata mündürdiler, men ony çarpaýa galdyrmakçy bolamda, arman elimden jylawymy aldylar”.
Onuň gyrat diýýäni türkmeniň döwleti, ony ösdürjekdi, berkitjekdi, belende göterjekdi, arman, häkimligini elinden alypdyrlar. Ýigrimi dokuzynjy ýyla çenli Atabaýewiň her güni taryhy wakadan dolydy, emma otuzynjy ýyllarda türkmeniň oňurgasyny ýazdyrypdylar, Atabaýewiňem gün saýy häkimligini çäklendiripdirler, hatda şofýoryny-da organ işgärinden goýupdylar. Ýokarky rowaýatyň şol mahallar döredilen bolmagy-da ähtimal.
T.J. Men şu ýerde söhbedimize ugurdaş bir pikir aýdaýyn, ýaşuly. Eger “Gara ýyldyrym” romanyny ünsli okan bolsaňyz, bir ýagdaýa üns berensiňiz. Nedir entek Eýranyň şasy diýlip yglan edilmedigem bolsa, ýurdy ýeke-täk özi dolandyryp ýör. Ertir şa diýip yglan edibermeli ýagdaýda. Şonda Uly serdar bilen duşuşýandyr. Meniň Uly serdar diýýänim Keýmir köri ýatladýandyr, ýöne Keýmiriň anyk taryhy şahslygy takyklanmany üçin Uly serdar diýip aldym. Ikiçäk söhbetde Nedir tekeler, umuman, türkmenler bilen bagly pikirini aýdýar: siz nähili geň halk diýýär, geliň-de maňa gulluk ediň, gün-güzeranyňyzy düzediň, siz bolsa, oňa derek bolgusyz erkinligiňizi mazamlap, şol taňrygargan çölüňizde kaňkap, demigip ýörsüňiz diýýär. Geliň, maňa gulluk ediň, gapdalymda boluň, meniň hemaýatymyň hözürini görüň diýýär. Uly serdar bu sözlerde hile görýär, duzakdyr öýdýär, Nediriň pikirini unamaýar, ýüz öwrüp gaýdýar.
Indi, gel-gel, ýigriminji asyryň birinji çärýeginde Atabaýew ozal taryhda Uly serdaryň ýüz öwren syýasatyny kabul edip alýar. Imperiýanyň düzüminde, şonuň beren mümkinçiliginden peýdalanyp, türkmeniň döwletini gurmagy başarýar. Bu döwlet özbaşdak bolmasa-da, türkmeni bir ýere jemlemekde edilen ägirt uly öwrülişik. Eger Atabaýewiň tagallasy bilen şu taryhy sepgide ýetilmedik bolsady, türkmenleriň sowet imperiýasynyň içinde-de dürli döwletiň düzüminde galmagy ähtimaldy. Bir respublika edip, Atabaýew şu günki garaşsyz döwletiň döremegine ýardam etdi, ýol açdy.
K.M. Şu günki garaşsyzlygyň hem düýbüni tutan Atabaýew. Arman, ol garaşsyzlygy görüp bilmedi, ýöne garaşsyzlygy ýüreginde besläni welin, çyn. Eger 1924-nji ýylda Atabaýewiň başda durmagynda döredilen Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy bolmadyk bolsady, 1991-nji ýylda döwlet garaşsyzlygyny Türkmenistan alyp bilmezdi, asla bolmazdy, kim bolsa bolaýsyn!
12. Garaşsyzlyk hem türkmenler
T.J. Milli garaşsyzlygyň, döwlet garaşsyzlygynyň aňyrsy Atabaýewiň beýik hyzmatyndan başlanan ekeni. SSSR-iň duýdansyz dargamagy bilen taryh bize amatly pursat berdi. Diňe bize däl, öňki soýuz respublikalarynyň hemmesine-de garaşsyzlyklaryny jar etmäge mümkinçilik berdi. Meniň indiki orta atjak sowalym garaşsyzlygyň mazmuny bilen bagly. Biziň häzirki jar edip, eýe bolan garaşsyzlygymyz, umu¬man, garaşsyzlyk diýen düşünjäniň düýp mazmunyna gabat gelýärmi?
K.M. Garaşsyzlyk diýeniňde, bir gapdaly syýasata uruberýär.
T.J. Garaşsyzlygyň özi syýasat-da.
K.M. Bu zamanda syýasatsyz geplemegem mümkin däl. Munuň edil syýasy taraplaryna gitjek bolmaýyn-da, seniň sowalyňa jogap berjek bolaýyn. Sen beren sowalyň ýaryna eýýäm özüň jogap berdiň. Beýle aňsatlyk bilen garaşsyz bolmaklyk taryhda mümkin zat däl diýseňem boljak. Garaşsyz diýen sözüň hakyky manysyna görä almaly bolsa, bu söwet respublikalarynyň garaşsyz boluşlary, islesek-islemesek aýt¬maly bolýar, ýasama hadysa.
T.J. Tötänlik diýse-de bolarmy?
K.M. Hawa, tötänligem bar. Aslynda-ha tötänleýin diýlen zat durmuşda düýbünden bolanok, ýöne käbir zady böle¬kleýin, wagtlaýyn manyda alanyňda, tötänleýin sözüni ulan¬maly bolaýýar.
Bu duýdansyzlykda, garaşylmadyk ýerden bolan waka. Sebäbi dargamagyň öň ýanynda geçirilen referendumda respublikalar Soýuzda galjak diýdiler, biziň Türkmenistanymyzyň ilatynyň 99 prosenti Soýuzyň tarapyna ses beripdir. Birden garaşsyz bolmaly diýildi welin, hiç zat üýtgemedi, öňki wezipedäki adamlar ýerlerinde galdylar. Men bu ýerde öňki oturanlar akyllymy-dälmi, ol hakda aýtjak bolamok, ýöne garaşsyzlyk şolara berläýdi diýjek bolýan. Gürrüň bir adam hakynda gidenok, bütin sistema hakynda gidýär. Ilkibada garaşsyzlygyň nämedigine düşünilmän aljyraňňylygam döredi. Bu, şeýdip, başa düşen garaşsyzlyk boldy…
Muny kem-kemden milli garaşsyzlyga öwürmelidi. Ony soňky ýyllaryň dowamynda öwrüp bildikmi? Bu eýýäm ikinji sowal bolýar duruberýär. Hakykatda, şol öňki durşumyza galdyk, şol bölünişik, şol oturylyşyk. Sowet Soýuzy döwründe ol eýle bolupdy, bu beýle bolupdy diýip, sögüp oturmakdan peýda ýok. Erbetçiligiň bolmaýan döwri hiç mahal bolmaýar, hemmetaraplaýyn gowy boldy diýilýän döwür bolmaýar. Umumylaşdyryp aýtsak, bu biziň taryhymyz, taryh babat¬da oňat ýa-da erbet taryh diýilmeýär. Taryh mydama taryh. Meniň özüm taryh, durkum, duýgym, düşünjäm, häsiýetim taryh. Özgereýin diýenim bilen men özgerip bilemog-a, men düýnki adam-a! Buýruk bilen özgerdiljek bolsa, bolmaýar. Bir manat berseň islän tarapyňa öwrülip duranlar bar, olar ikinji tipdäki adamlar, olar sanly bolýar. Aleksandr Ýakowlewiň iňňän ýerlikli kesgitlemesine eýerip aýtsam, olar nomenklatura şpanalary. Olarda ynanç ýok, olar örän aňyrdan gelýän topar. Bu topara häsiýetli bolan maksady Taleýranyň jogabyndan aňyp bolýar. Taleýran belli fransuz diplomaty, Napoleonyň daşary işler ministri. Napoleony agdarýarlar, im¬periýa dargadylýar, emma Taleýran ýene depede otyr. Munuň sebäbini soranlarynda ol: men pula gulluk edýän, puluň ýüzünde kimiň suratynyň barlygy meni gyzyklandyryp duranok diýen manyda jogap berýär. Biz garaşsyzlyga kem-kemden geçmelidik. Şu gün geçip bildikmi, ýokmy, men ol syýasata goşulmaýyn.
T.J. Ýaşuly, SSSR-iň dargamagy kanunalaýyk hadysa boldy. Hernä, uruşsyz, gan dökülmän dargady. Ýuwaşlyk bilen çagşap, pellehana geldi. Ýöne öňki soýuz respublikalarynyň köpüsinde, aýratynam Merkezi Aziýa girýän respublikalarda milli garaşsyzlyk diýen zerurlyk entek bişişmekden irdi. Bu ýerdäki halklar entek milli garaşsyzlygyň zarynam çekenokdylar, garaşsyzlygyň zerurlygyny-da köpçülikleýin duýanokdylar. Sowet imperiýasynyň düzümine girýändiklerini, sistema tabyndyklaryny oňlap ýaşap ýördüler. Şu meselede türkmenleriň bolşuny men “Hakyda” atly edil ýaňy gutaran kitabymda bir zada deňäp düşündirmekçi boldum. Uly maşgala bolýar, maşgalanyň başynda abraýly ýaşuly dur. Ikimi, üçmi, ogluny öýeripdir, hemmesi bir gapydan girip-çykyp ýör welin, bir gün ýaşuly olaryň öýlerini aýralamakçy bolýar. Doganlaryň arasynda biri bar, ol umumy ojagyň başyndan örülýänine, ýetdik hakyny alyp ýaşap ýörenine örän kanagatly garaýar. Şol uly ojakdan aýry öz aladasyny edip ýaşamaga onda höwesem ýok. Bile bolnany oňa kemje-kerdem däl, ýöne ojagy aýralamak hakda ýaşulynyň diýenine boýun bolmakdan başga alajy ýok. Ine, men SSSR-iň düzüminde ýaşamaga ram eden türkmeni şol ýygra, hakyna kaýyl ogluň ornunda görýän. Häzirem şol ýygralygy, henizem bile bolnandaky durmuşyny küýsäp ýör.
K.M. Takyk aýtsam, türkmen millet bolup ýetişmedi, bolup bilmedi. Onuň bolmandygynyň dürli sebäpleri bar, iki sanysyny aýdaýyn. Birinjiden-ä, türkmeniň gedemligi, tekepbirligi, meseläni ata çykyp çözmäge görinligi. Ikinjiden, Garagumam etjegini etdi. Garagum çölüniň uly täsiri boldy. Halka mahsus umumy häsiýetiň emele gelmeginde ony gurşap alýan tebigatyň täsiri kiçi-girim däl. Türkmen häsiýet jähtden Garagum çölüne meňzeş halk. Basmaçylyk uruşlarynda türkmene hemaýat berenem Garagum, onuň Garaguma urup gidip, birgiden ýerde heläkçilikden sypanlygy mälim. Soňky problemalara geçsek, bolşewizm türkmeniň millet bolmagyny islänokdy. Ony millet diýip aldamaly, soňra islän ugruňa alyp gidibermeli. Aslynda bu Staliniň teoriýasy. Çeňňege düşürmeli. Soňundanam milletleriň birleşmegi diýen şygary öňe sürmeli. Şeýdip, türkmen öňküje gazananynam ýitirdi.
Bolşewizm türkmeniň gowşak ýerini ýeserlik bilen ulanmagy başardy. Türkmende gedemlik, tekepbirlik bar diýdik, ol hem görübilmezçiligi döredýär: näme, ol bolýa-da bu bolanok diýen ýaly. Ýa-da, o ýerli, bu ýerli diýmek keseli. Ynha, sen şu kesellerden özüňi sap adam hasap et, şeýledigine-de ynan, men teke-de, ýomudam, ärsaram, ýene birem däl, ýönekeý kalby arassa türkmen diý, emma beýleki biri, şu ýerde deýýus diýen sözem ulanaýyn, deýýusyň biri seni şeýledir öýdenok. Men bu ýagdaýy aýratynam Çärjew pedinstitutynda rektor bolup işlämde bildim. Şeýle bitarap bolup, arassa işlejek bolsaňam, saňa ynananoklar, göwünlerinde müňkürlik bar. Birini işe goýýaň welin, beýleki tarapdan biri: ”o-how, gör muň edýän zadyny!” diýýär. Şol barmana onuň tarapyndanam birini işe goýýaň welin, hä diýenok, muny bir oýun üçin edendir diýýär. Türkmeniň agzy bir bolmady, millet bolup ýetişmedi.
Kim hakynda aýdylanam bolsa, türkmenlere-de öwüt bolup biläýjek bir anekdot bar… Bir topar adam bilelikde dowzahyň gazanynda gaýnaýarmyş, göriplikden biri-biriniň aýagyndan aslyşyp ýatansoňlar, ýekejesem dowzah odundan gutulyp bilenokmyş… Bu ýöne ýere dörän anekdot däldir! Garaz, agzybir bolmasa, milletiň güni kyn. Bu kemçilik bizde-de bar ahyryn! Milli duýgynyň pesligini bilip, bu kemçiligimizi şu güne çenli mazaly ulandylar...
1991-nji ýylda her kim garaşsyzlygyny almaly diýildi we¬lin, iň yza galan respublikanyň Türkmenistandygy göründi duruberdi. Ähli ugurdan alsaňam yza galan, munuň sebäbi biziň milli duýgymyzyň pesliginden. Biz sowet sosializminiň az-kem ulanaýmaly ýerinem ulanyp bilmedik, biri-birimize ýagy bolduk. Şonuň üçinem Rykowyň Moskwa baryp aýdan sözi ýöne ýerden däldi. Rykowa näme üçin beýleki respublikalarda milli duýgy ösýär, howp salýar diýip ätiýaç edilýär welin, siziň sesiňiz çykanok, geleňsizlik edip, duýman ýören bolmaň diýenlerinde, onuň beren jogaby bar. Respublikalardaky ikinji sekretarlaryň arasynda iň meki¬ri, gazaplysy Rykowdy. Beýleki ikinji sekretarlar SSKP-niň Merkezi Komitetiniň agzalygyna kandidatdylar, Rykow agzady. Moskwa oňa aýratyn sarpa goýýardy. Rykow: türkmen¬lerden ýaňa birahat bolmaň, olar öz etini özleri iýýärler. Türkmen özbaşdaklyga dyzamaz, milli duýga-da maýyl bolmaz, oňa taýýar däl diýipdir. Bu sözler ýöne ýerden aýdylan söz däl-ä!
T.J. On ýyla golaý Türkmenistany dolandyran adamyň sözi.
K.M. Hawa, Rykowyň sözünde bizi pikirlendirmeli zat köp.
13. Taryhçy. Ýazyjy. Çeper fantaziýa
T.J. Ýaşuly, men siziň ünsüňizi ýene bir möhüm meselä çekmekçi. Ikimiz taryh, çeper edebiýat hakynda yzygiderli pikir alşyp gelýäris. Taryhy çeper edebiýatda beýan etmek, görkezmek, suratlandyrmak, şular bilen bagly taryhy temadan ýazylýan çeper eserlere baha bermek, umuman, pikir alyşmalarymyz şu temalaryň ýaýrawynda dowam edýärdi. Käbir ýerde pikirlerimiziň çapraz gelýän pursatlaram bolýar, elbetde, bu bolmaly zat, bolmaly ýagdaý, sebäbi siz taryhçy, men ýazyjy, her bir hadysa öz pikirimiz bar. Herimiz öz düşünjämizden, häsiýetimizden, nukdaýnazarymyzdan ugur alýarys, tapawutly ýerleriň boljagy belli zat.
K.M. Bir mahal bir eýforiýa boldy, ”Rossiýa birleşmek meýletin boldumy ýa-da zorluk bilen amala aşyryldymy?” diýen meselede köp gürrüň edilipdi. Şonda seniň bir çykyşyňda aýdan pikiriň ýadymda galypdyr, megerem, sen şu meselä çemeleşmekde taryhçylar ýazyjylardan yza galdylar diýipdiň.
T.J. Biziň türkmen edebiýatymyzyň mysalynda aýdan däldirin. Gazak ýazyjylarynyň taryhy temadan ýazan eserleri hakynda ýörite makala ýazypdym, ýöne ol ýerde Rossiýa birleşmek meselesine däl-de, umumy taryha çemeleşilişi barada gürrüň gidýärdi. Türkmen ýazyjylarynyň arasynda ýeke-iki bolaýmasa, taryhçylardan öňe gidip bir pikir aýtmak hadysa derejesine ýetmändi. Çeper edebiýat adam bilen iş salyşýar, taryh geçmişi görkezýän faktlar bilen iş salyşýar. Taryhçy faktlaryň çynlakaýlygy, takyklygy bilen taryhyň dogruçyllygyny gazanýar. Edebiýatçy belli bir taryhy döwürde ýaşan, hereket eden adamlar hakynda ýazýar. Adam şahsy häsiýet, gaýtalanmajak indiwiduum, ruh. Adam faktda däl-de, obrazda hakyky ýüzüni görkezýär. Ýazyjy obrazyň anyklygyny gazanjak bolsa, taryhy döwrüň häsiýetini, takyklygyny esas edip almaly bolýar. Bir akylly adamyň, ady takyk ýadyma düşenok, aýdan jaýdar sözi bar: çeper toslama (woobraženiýe) üçin öňi bilen faktyň bolmagy zerur diýýär. Dogrudanam, fakta esaslanman edilýän göz öňüne getirmeler aýagyňy ýerden üzmeklige alyp barýar. Sowet döwründe taryhy öwreniş ylmynda ýüz beren nogsanlar hakynda biz söhbedimiziň dowamynda ýeterlik gürrüň etdik. Sowet taryhçylary ideologiýanyň görkezmesine köre-körlük bilen eýerdiler. Ideologiýanyň islegine bap gelýän toslama taryh ýa¬zyldy. Şol taryhdaky toslanyp tapylan faktlaryň esasynda ýa¬zylan çeper eseriň hem galp boljagy aýdyň zat. Söhbedimiziň dowamynda Jüneýit han ýaly erkinligi, ar-namysy goramak üçin ata çykan adamlaryň hem taryhçylar, hem ýazyjylar tarapyndan iň otrisatel, iň aýylganç adamlar edilip görkezilendigini belläp geçdik.
Ýazyjy halkyň taryhynda at galdyran şahsyýet hakynda çeper eser ýazmakçy bolýar, onuň ömrüni, durmuşyny öwrenip başlaýar. Ol şol pursat belli bir derejede taryhçynyň wezipesini-de ýerine ýetirýär. Täze-täze taryhy faktlaryň üstüni açýar, jemgyýete öňki hödürlenen faktlaryň birnäçesiniň ýalandygyny subut edýär. Şahsyýete berlen baha wakalara täzeden garamagyň zerurlygyny aýan edýär. Taryhçylara heniz belli bolmadyk hadysalara olaryň ünsüni jemleýär. Ine, şu aýdylanlar babatda altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarda gazak ýazyjylarynyň halkyň taryhyny ýazmakda taryhçylara hemaýat berendiginiň faktyna men makalam¬da ünsi çekipdim. Siz, megerem, şol makalany göz öňünde tutýansyňyz.
Men belli rus ýazyjysy Ýuriý Tynýanowyň göwnüme ýaran bir pikirini aýtmakçy. Onuň sözme-söz takyklygyna güwä geçip biljek däl, onuň manysy şeýle: meniň üçin taryhy roman faktlaryň gutarýan ýerinden başlanýar diýýär. Beýle diýdigi taryhy fakty inkär edýän diýdigi däl. Oňa fakt şahsyýetleriň ýaşan taryhy döwrüni göz öňüne getirmek, bilmek üçin gerekdi. Ol öwrendi, bildi. Indi ol şol döwürde ýaşan adamlaryň durmuşyny, ruhy dünýäsini, häsiýetleriniň ýüze çykyşyny olaryň etmişleriniň, maksatlarynyň üsti bilen suratlandyryp başlaýar. Indi ýazyjydan taryhçydan talap edilýän takyklygy talap edip bolmaz, sebäbi çeper döredijiligiň tebigaty, häsiýeti beýle talaby inkär edýär. Şu ýerde belli amerikan ýazyjysynyň, megerem, Gor Widalyň bolsa gerek, jaýdar aýdan belligini mysal getireýin: taryhy temadan ýazýan ýazyjynyň motiwirowka etmäge haky bar diýýär. Taryhy fakty çeper fantaziýanyň ugry boýunça äheňleşdirmäge haky bar diýildigi diýip düşünýärin. Emma taryhça motiwirowka etmäge, ýagny, äheň esasynda ýazmaga rugsat berilmeýär, ol diňe taryhy faktyň anyklygy esasynda taryhy ýazmaly. Eger oňa-da äheňleşdirmek bolýar diýseň, onda taryh çaklamalardan dolaýar. Meniň şu aýdanlarym bilen baglylykda siziň pikiriňizi diňlemek maňa gyzykly bolar.
K.M. Taryhçy, edebiýatçy, ýazyjy diýip, utgaşdyryp aýtmagyň ýöne ýerden däl. Meniň düşünişim, garaýşym boýunça taryhçy boljak bolsaň, belli bir derejede ýazyjy bolmaly, belli bir derejede filosof bolmaly. Sen belli bir derejede ýazyjy bolman, filosof bolman, ýene bolmaly zat kän, hemmesini sanap oturmaýyn, taryhçy bolup bolmaz diýen kesgitlemeden ugur aldym. Käbir taryhçy bilen pikirimiň gabat gelmedik pursatlary az bolmandy. Men seniň edebiýat hakynda ýaňky aýdan pikirleriňi makullaýaryn. Biz öňem telim sapar pikir alşypdyk, ýöne ikimiziň mydama bir gabat gelmeýänräk ýerimiz bar. Ony senem bir açyk aýdaňok, menem bir aýtjak bolamok. Men kesgin aýdaýyn, az-kem ýazyjy bolmadyk taryhçynyň bahasy kör köpük! Käbir ýerde taryhy faktyň ýetmeýän ýeri bolýar, şonda az-kem gepletmeli ýerleri bolýar, doldurmaly ýerleri bolýar, ýogsa boşluk, waakum döreýär. Şol boşlugy gaty bir ägä bolup, häzir bolup, ätiýaçly doldurmajak bolsa, ol taryhçynyň ýazan taryhyny okamazlar. Ol hälki bir sanawaç taryhçy bolar, ol öli taryhçy bolar. Meniň aýtjak bolýan zadym, hakykatdan aýagyňy üzmän, kämahal taryhyň boşlugyny azajyk dolduraýmagyň aýby ýokdur. Öňdäki fakt bilen soňdaky faktyň çatyljak bolup duran ýerinde azajyk şire gerek, özen gerek, şojagaz jan bermeli ýerinde fakt ýok diýip, böküp geçen taryhçynyň ýazan zadyny oka-noklar. Okanoklar, sebäbi, jan ýok, jan berilmedik taryhdan ne peýda! Näme üçin Tarleni, Manfredi gaýtalap-gaýtalap okaýarlar? Näme üçin? Ýa-da, soňky döwre geçip aýtsak, gaty bir moda öwrülen taryhçy bar, Gumilýew, Angliýanyň tary¬hçysy Toýnbi bar, bularyň işlerinde-de şol boşluklar az-kem doldurylýar. Şu meselede menem öz pikirimde galaýyn.
T.J. Hawa-la!
K.M. Meniň diýjek taryhçymyň iň bolmanda dörtden, üçden biri, aslynda-ha ýarpysy, ýazyjy bolmaly, sebäbi ikisiniň obýekti bir, ikisiniň hem öňe sürýän meselesi adam! Adam! Meniň taryhçylygym çyn bolsa, adama täsir edip bilmejek bolsam, adamyň şu gününe däl, ertirine täsir edip bilmejek bolsam, onda men taryhçy däl. Asla hakyky taryhçy ertiriň taryhyny ýazýar, düýnüň taryhyny ýazan, ol taryhçy däl, şu günki diýen-ä taryh bolmaýaram, bir-ä düýnki, birem ertirki bar, ertiriň taryhyny ýazmadyk adam taryhçy däldir. Men beýle bir syýasata, teoriýa gidýändirin öýtme, gadymy grekler ýöne ýerden KLIO döretmändirler-ä! Klioda taryham bar, edebiýatam, sungatam bar. /Klio – häzirki esse žanryna gabat gelýär – T.J./. Taryhçynyň taryhçylygy çyn bolsa, ýazyjy ýaly döretmese, sungatçy ýaly döretmese, ol taryhçynyň gymmaty ýok diýen pikiri ýazyjy Sergeý Zalygin aýdýar. Ol ýene bir pikir aýdýar: şeýle bir zaman geler, edebiýat bilen taryh, taryh bilen edebiýat bir zat hökmünde okadylar diýýär, bir zat hökmünde öwreniler diýýär, sebäbi, ikisiniňem düýbünde adam ýatyr diýýär. Ýaňy sen gowy aýtdyň, adama täsir etmek, adamy adam etmek esasy ündew diýdiň. Adam diýen düşünjäniň manysy örän çuň, şol mana ýetmekde edebiýatyňam, taryhyňam maksady bir. Seniň ýaňky aýdan pikiriň, taryhçy faktdan aýagyny üzmeli däl diýeniň bilen ylalaşýan, asla-ha edebiýatçam faktdan aýagyny üzmeli däldir.
Taryhçy fakta hasam sarpa goýmalydyr. Men birini öwjek bolsam, hökman fakt getirip öwmeli. Onsoňam, edebiýat taryha köp zat berýärmi, ýa-da taryh edebiýata köp zat berýärmi diýen sowalyň ýöntem görünmegi-de mümkin. Men şu ýerde bir zat aýtjak. Pawlo Zagrabelnyý “Roksalana” romanynyň sözsoňunda şeýle ýazýar: “Men ýazyjy hökmünde ýazyjylaryň ylma berýän materialyndan ylmyň ýazyjylara berýäniniň has artyklygyny boýun alýaryn” diýýär. Merones diýen alym aýal şeýle ýazýar: “Çeper eser taryhy çeşme bolup bilermi? Hawa, bolup biler” diýýär.
Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romany durşy bilen syýasat, ol diýjek zadynam diýip bilmändir, bu aýratyn gürrüň. Emma şol romanyň taryhy çeşme bolup galjagy çyn. Edebiýat bilen taryh aýrylmaz dogan. Ýöne biziň ýazan taryhymyz durşy bilen ideologiýanyň beýany boldy. Bäşýyllyk planlar, gurultaýlar bar, emma adam, şahsyýet ýok. Mundan tapawutlylykda biraz özbaşdak pikirlenýän edebiýatçy, ýazyjy biraz gapdala çykyp bilýärdi, bir zatlar diýip bilýärdi. Emma biz, taryhçylar edil örklenen ýaly diňe aýdylmaly diýlen fakta daňyldyk oturdyk. Beýdip ýazylan taryhy okamaga hiç kimde höwes ýokdy.
T.J. Sizem öwrülip meniň aýdan pikirime geldiňiz-dä. /Kakajan aga çalarak gülýär/. Ýaşuly, edebi döredijiligiň taryhynda şeýle bir zatlar bolýar. Meselem, ýazyjy taryhda uly rol oýnan şahsyýet hakynda eser ýazýar. Ol gahrymanynyň häsiýetini, etmişlerini görkezýär. Adam hökmünde şahsyýetiň mümkinçiligine garap, onuň taryhda hasaba alynmadyk, alynsa-da ýitirilen taraplary, hatda möhüm dokumentler barada-da fantaziýasynyň kömegi bilen aýdyp bilýär. Muny aýdanda ol şol şahsyýetiň başarnygyndan, pikir öwrüş endiginden hem gaýry mümkinçiliklerinden ugur alýar.
Mysal hökmünde bir fakty almakçy. Sergeý Borodin diýen atly ýazyjy bardy. Ol Teýmirleň, türkmençe aýtsak Emir Temir hakynda dört tomdan ybarat taryhy roman döretdi.
Emir Temiriň Fransiýanyň koroly Karl Altynja ýazan haty bolmaly. Şol haty ýazyjy köp arhiwlerden gözleýär, tapanok. Ahyry Borodin şol hatyň takmyny wariantyny öz zehininden düzýär. Emir Temiriň häsiýetini, diplomatiýasyny, Gündogar hem Ýewropa ýurtlary babatda alyp baran syýasatyny örän çuň öwreneni üçin şol haty özünden ýazmaga batyrlyk edipdir. Soňra şol hat tapylýar. Ýazyjynyň düzen haty bilen Emir Temiriň ýazan hatyny deňeşdirseler, ikisi diýseň meňzeş bolup çykýar. Gördüňizmi, ýazyjynyň tapylmadyk haty şeýleräk bolandyr diýip, fantaziýasyna daýanyp düzmäge haky bar, geň görlenok. Emma beýle etmäge taryhçynyň haky ýok, ol diňe hakyky dokumental fakta gol ýapmaly. Ýazyja hyýal etmäge çeper döredijiligiň häsiýeti, tebigaty rugsat berýär, emma taryhçynyň ýok fakty toslamaga ahlak taýdanam, ylmy taýdanam haky ýok! Toslasa, ol taryhçy bolanok!
K.M. Tirkiş, sen ”fantazirowat” diýen sözüň aşagyny çyzdyň, beýtme, bolanok. Taryhçynyň oýlanmaga haky bar. Ýazyjy Borodin ýaňky haty düzendir welin, ýöne goşa dyrnak içine alyp bilen däldir. Gabrilowiç “Lenin Polşada” diýen filmiň ssenarisini ýazýar. Onuň üstüne topulýarlar: ”sen näme, hamala, gapdalynda bolan ýaly Lenini gepledip ýörsüň?” diýýärler. Gabrilowiç jogap berýär: Men bir mahalyň özünde taryhçam, men taryhdan ugur alýan. Men Lenine şol döwürde diýäýjek zatlaryny düýdirýän. Eger şol döwrüň taryhyndan çykyp, Lenine bir söz diýdiren bolsam, onda maňa ýol bermäň diýýär. Şonuň üçinem men senden dost hökmünde fantazirowat diýen sözüň aşagyny çyzmazlygyňy haýyş edýän. Çyzsak ýalňyşarys.
T.J. Ýaşuly, gürrüň çeper fantaziýa hakynda gidýär. Men çeper fantaziýanyň gürrüňini edýän. Gabrilowiçem ýazyjy, dramaturg ahyry!
K.M. Az-kem fantaziýa ýol berilmese, jan berilmese, ol taryhdan ne peýda! Ol gury taryhdan, gahrymanyny az-kem gepletmedik taryhçydan ne peýda? Biziň taryhçylarymyzyň işini gören zat, taryhy gepletmediler, gepledenoklar. Diňe gury fakt bilen oňdular.
T.J. Bu diýeniňiz dogry, siz taryhçynyň ýazan zadyny okar ýaly çeper dilde ýazmagynyň gürrüňini edýärsiňiz, emma meniň diýjek bolýanym düýbünden başga zat.
K.M. Men ömrümde çeper edebiýaty köp okadym. Ede¬biýat barada makala-da ýazan kişi boldum, çapam etdiren ýerlerim boldy. Özüme teoretik ýa-da çyn edebiýatçy diýjek bolamok, ýöne çeper edebiýat bilen taryhy birleşdirmesek, bizi okamazlar, biziň gymmatymyz pes bolar diýip gezdim-dä. Şonuň üçinem sen meniň bilen biraz ylalaş.
T.J. Ýaşuly, bu meselede ylalaşyp, ylalaşmazlygymyzam mümkin. Biz aýry-aýry adamlar. Siz ýaňy biziň taryhçylarymyzyň diliniň gurakdygyny, gury faktdan başga zat bilmeýändiklerini aýtdyňyz. Munuňam özüne ýetik sebäbi bar. Olara öňden bir zat öwredilen: bir zat aýtjak bolsaňyz, şol aýtjak bolýan pikiriňize kepil geçjek çeşmä, öň aýdylan fakta salgylanmak hökman diýildi. Onsoň, olar ”diýlende näme!” diýip bilenoklar. ”Meniň özümem taryhçy ahyry!” diýmeli. Ol näme üçin türkmeniň düýni hakynda aýtjak pikirini Bartolda ýa-da ýene bir öň ýazyp gideniň pikirine salgylanyp aýtmaly? Täze pikiriň öňüni almak maksady bilen tapylan usul! Men näme üçin çagalykda görenimi, duýanymy ýazanymda, okyjyny ynandyrmak üçin hökman öňki gelip giden taryhçylaryň faktlaryndan kepilnama gözlemeli? Meniňem kandidat, doktor diýen ylmy derejäm bar-a! Dogry, onda sen öz pikiriňe ynan, ynanar ýaly edip ýazmagy başar! Okalar ýaly çeper dilde ýaz, obrazly aňlatmalardan peýdalanyp ýaz! Obrazly, çeper dilde beýan etmek üçin hökman edebiýatçy, ýazyjy bolmaly däl-ä! Taryhçyda-da başarnyk bolmaly, sebäbi ol arhiw üçin ýazanok, adamlara okatmak üçin ýazýar. Taryhçy halkyň etnografiýasyny, däp-dessuryny, häsiýetini, gylygyny beýan edende, şüwlümli okalar ýaly çeper ýazmaga çalyşmaly. Taryhçynyň ýazmaga-da zehini bolmaly!
K.M. Hä-ä...
* * *
Gutarylmadyk söhbediň soňy…
Söhbetdeşligiň ýazylan günleri: 16-njy, 26-njy, 28-nji, 30-njy dekabr 1999-njy ýyl, 2-nji, 7-nji ýanwar, 2000-nji ýyl.
Kakajan Muhammetberdiýew 2000-nji ýylyň 18-nji ýan¬warynda ir sagat 6.30-da jan berdi. Ol 19-njy ýanwarda sagat 12-de Köşi obasynyň ilersindäki belent baýyrlaryň üstünde jaýlandy. Meniň bu ýitgi barada ýazan gynanç hatymy habarçy Saparmyrat Öwezberdiýew şol gün agşam “Azatlyk” radiosy arkaly türkmen jemgyýetçiligine ýetirdi.
G Y N A N Ç
Türkmen halky gün geldigiçe seýrekläp barýan bilimli, namysjaň ogullarynyň ýene birini ýitirdi. 18-nji ýanwarda taryh ylymlarynyň doktory, professor Kakajan Muhammetberdiýew agyr keseliň derdini çekip, ýetmiş alty ýaşynyň içinde aramyzdan gitdi.
Kyrkynjy ýyllaryň aýagynda milli meseleden diplom ýa¬zyp, Daşkentdäki Orta Aziýa döwlet uniwersitetini üstünlikli gutaran Kakajan Muhammetberdiýew ýaşlykdan ylmy hem jemgyýetçilik işlerine lükgeligi bilen berilýär. Gaýgysyz Atabaýewi, Şaja Batyrowy şahs hökmünde özüne ideal, nus¬ga tutunan bu adam hem edil şol ägirtler ýaly agalyk eden kommunistik sistema ak ýürekden gulluk edip, türkmeniň şahsyýet derejesinde erkin pikir edip bilýän adamlarynyň köpelmeginiň hatyrasyna janyny gaýgyrmazlygyň ýoluna düşüpdi. Onuň bu niýeti aýratynam Çärjew Döwlet pedagogik institutynyň rektory bolup işlän ýyllarynda aýdyň ýüze çykýar. Emma raýatlarynyň ölçelip berlenje çäkden çykmazlyklary üçin berk gözegçiligi ýola goýan sistema Kakajan aganyň-da rehimsizlik bilen kastyna çykypdy. Ony işden, partiýa agzalygyndan çykarýarlar, hatda ýaşap oturan jaýyndan çykaryp, uly maşgalasy bilen köçä zyňýarlar, ýurtdan gitmäge mejbur edýärler. Soňra Moskwada, Özbegistan¬da, Garagalpagystanda işläp, ökde alym, taryhçy hökmünde uly abraý alýar.
Kakajan aga sowet döwletiniň gurluşy bilen bagly Orta Aziýa sebitinde bolup geçen wakalary, aýratynam Gaýgysyz Atabaýewiň Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny döretmekde bitiren beýik işlerini ähli inçeliginde yzarlap, olara taryhçy alym hökmünde real baha berip bilýärdi. Alymyň gymmatly pikirlerini halka ýetirmek gelejegiň işi.
Kakajan aga köptaraply, töwerekleýin oýlanyp bilýän adamdy. Ýazyjylaram, hudožniklerem, kinoçylaram, teatr işgärlerem oňa höwes bilen täze işlerini görkezerdiler, onuň aýtjak sözüne, berjek bahasyna garaşardylar. Ol şowly esere çaga höwesi bilen begenmegi, şowsuzlyga gynanmagy, onda-da paýhasly ýaşula mahsus göwün göterijiligi saklap, gynanjyny bildirmezligi başarýardy.
Kakajan aga ýaly syrdaşlar bakyýete gidende, jemgyýetde olaryň orny gädilip galýar. Döwürdeşleriniň kalbyndaky ýakymly ýatlamalar kem-kemden şol gädigi doldurmaly. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, KAKAJAN AGA!
Söhbetdeşlik