10:43 Türkmeniñ gadymy aýratynlygy | |
TÜRKMENIŇ GADYMY
Edebiýaty öwreniş
AÝRATYNLYGY Türkmeniň soňky ýüzýyllyk taryhynyň filosofik problemalary düýpli öwrenilenok. Munuň özi biziň intellektual ejizligimizden alamatmyka diýýärin. Pikir edip görüň, bizde öňde-soňda milli taryhyň filosofiýasy bolupmydy? Taryhyň filosofiýasy – munuň özi örän wajyp hem milli aňyň ösüşinde düýpli hadysadyr, ol milli taryhy ykballaryň filosofiki umumylaşdyrmasy, milletiň geçen ýolundan, onuň özboluşly taryhy indiwid hökmündäki psihologik hem ruhy, sosial hem syýasy aýratynlyklaryndan filosofiki netije çykarmakdyr. «Filosofiki netije» diýmek bolsa, gaty uzaga gidýän ýaşaýşyň, şol sanda taryhy ýaşaýşyň iň düýpli taraplaryna degişli anyk pikire gelmek diýmek ahyryn. Şeýle netijeler taryhy prosesiň teýinde bolup geçýän esas üýtgeşmelerine degişli, olardan bolsa şol prosesiň ýüzündäki has ýeňil-ýelpaý, ýalpak hadysalar gelip çykýar. Milli taryhyň filosofiýasy – millet baradaky teoretiki garaýyşlaryň toplumydyr. Ol toplum «anyk bir millet ruhy-taryhy hadysa hökmünde nämäni aňladýar, onuň nähili ruhy-psihologik häsiýetleri bar, onuň milli kalbynyň özgeleriňkiden tapawutly nähili taraplary bar, taryhy-geografik sreda onuň formirlenmegine nähili täsir edipdir, onuň ruhy häsiýetini üýtgeden nähili aýratyn taryhy öwrümler bolupdyr» diýen ýaly sowal-meseleleri öz içine alýar. Şol meseleler teoretiki taýdan işlenen halatynda, milletiň geçmişine, şu gününe hem geljegine degişli anyk-praktiki sowallara, garaz, jogap bermek mümkinçiligi döreýär. «Her kellede han otyr» – türkmeniň geçmişdäki sosial-syýasy ruhunyň aýratynlygyny aňladýan metafora. Metaforanyň filosofiki umumylaşdyrma ukybynyň bardygyny hiç kim inkär edip bilmez, ol logiki sözlemleriň onlarçasynda, hatda ýüzlerçesinde aýdylan pikiri-hakykaty hem umumylaşdyrmaga, hem şol bir wagtda fiziki duýarlykly anyklaşdyrmaga ukyply. Ol türkmenleriň öz-özüne beren bahasy. Şol bahanyň aňyrsynda öz erkinligine, sosial-syýasy durmuşda şahsyýetiň belli bir manyda azatlygyna bolan garaýyş bar. Her bir düşünjäniň, onda-da metaforanyň iki many tarapy bolýar. Men häzir şolaryň diňe biri hakynda gürrüň edýärin. Erkiniň azatlygy, biri-birine ruhy garaşsyzlyk sosial durmuşda emläk deňsizliginiň mahal-mahal düýpli bolandygyna garamazdan, adam aragatnaşyklarynyň esasy prinsipleri bolupdyr. Baryp-ha oguz zamanlaryndan galan şeýle ruh tä ýigriminji asyra çenli ýaşaýşa ukyplylygynda gelipdir. Biziň halk döredijilik eserlerimizi, öz hem özge taryhçylarymyzyň ýazgylaryny okanyňda türkmeniň hersiniň özüne han bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. «Göroglynyň», «Gorkut atanyň» gahrymanlaryny ýatlamak ýeterlik bolsa gerek. Taryhy maglumatlar hem ýönekeý türkmeniň han ýa-da syýasy häkimligiň simwoly bolan başga bir şahsyýete erkin gatnaşygynyň bolandygyny tassyklaýar. Muny türkmenleriň özi-de oňat bilipdir. Türkmen etnografiýasyny düýpli öwrenen alym G.I.Karpow şeýle bir dokumental fakty gürrüň berýär: «1937-nji ýylda garaja urugyndan birnäçe maşgala, ýaşulular, ulular, çagalar, erkeg-u-aýallar Sanjar bilen ýaraşmak üçin onuň mawzoleýine geldiler. Garajalaryň gürrüňine görä, olaryň ata-babalary köp gezek soltan Sanjary aldapdyrlar, özlerine düşýän salgydy has azaldyp töläpdirler we ş.m. Munuň üçin Sanjar olara nälet okapdyr hem garajalary Merw şäheriniň territoriýasyna goýbermegi gadagan edipdir. 1937-nji ýylda mawzoleýiň ýanynda çaý-nahar bilen garajalar öz maksatlaryna – ýaraşyga ýakyn geldik öýdüpdirler, ýöne bu saparam Sanjar garajalara «ýüz bermedi», Mawzoleýiň birinji gatyna çykan oglanjyk ýere ýykyldy-da, el-aýagyny agyrtdy. Bu wakany garajalar Sanjaryň ýaraşmak islemänligi hökmünde gördüler». Beýle maglumatlar diňe taryhyň özüni däl, oňa bolan gatnaşygy-da özünde saklaýanlygy, taryhy hakydanyň üznüksiz bir pursadyny beýan edýänligi bilen gyzyklydyr. Özüm-ä taryhy faktlaryň jansyz proporsiýalaryndan ýokary galmaýan sowuk taryhdan ýokarky ýaly taryha sergin dem salýan stili has gowy görýärin. Türkmenler öz bir-birine göwnüýetmezçiliginiň o diýen oňat netijelere getirmeýändigini-de, diýmek, bilýän ekenler. Ýöne ol «bilimi» durmuşyň, taryhyň sapagy hökmünde ruhy ýaşaýyşda hasaba almak başga gürrüňdir. Has soňraky durmuşa degişli başga bir fakt. XIX asyrda türkmenlerde ýesirlikde bolan pereňli G.-de Blokwiliň maglumaty: «Şeýle kethudalaryň biri Gowşut han türkmenleriň arasynda belli bir manyda ýokary häkimlige eýedir, munuň üçin bolsa öz hileli paýhasyna hem gerekli pursatda erki elden bermeýänligine minnetdar bolmagydyr. Ol örän gadymy hem «men» diýen teke maşgalasyndan diýip tanalýan hem bolsa, şonda-da umumy erke garşy gidip bilmeýär, sebäbi türkmenler öz aralarynda birini öňbaşçy diýip ykrar etmek bilen bir hatarda doly deňligi saklaýarlar hem öz azatlygynyň gadyryny bilýärler». Şol bir milli psihologik faktor her halatda bir hili teswir alýar. «Her kellede han otyr» formulirowkasynyň iki tarapy bar» diýýänimem şonuň üçin. Ol – şu gün üçin hezillik, geljek üçin – betbagtlyk. Çünki biri-birinden, hanlykdan absolýut garaşsyzlyk ahyrky netijede şol ýaşaýyş bitewüliginiň dargamagyna getirýär. Men türkmenleriň Oguz han zamanyndan başlap, ägirt uly territorial migrasiýasyny hut şol ruhy aýratynlyk bilen düşündirerdim. Çünki men islendik, şol sanda taryhyň meselelerinde-de idealistik nukdaýnazary esas edýärin. Şol nukdaýnazar bolsa islendik halkyň ruhuna görä-de öz sosial-syýasy barlygy, önümçilik uklady, öndürijilik ukyplary bolýar, bularyň hemmesi ruhuň aýratynlyklaryna görä özboluşly röwüş alýar. Türkmenleriň irki orta asyrlardan başlap, ummasyz köp tire-taýpa bölünişigine geçmegi, bu prosesiň dyngysyz, üznüksiz bir häsiýete geçmegini onuň ruhy fundamentindäki bir synasynyň beýlekisini inkär etmek mehanizmi bilen düşündirerdim. Aýyn bolmasa, bu ruhuň bölünip, böleklenesi gelip dur. Onsoň, köp halklardan tapawutlylykda, türkmeniň taryhy ösüş prosesi – munuň özi bitewülikden bölünmek, ululykdan kiçelmek, çala mümkinçiligiň bar ýerinde topar-topar bolmak prosesidir. Ruhy-etniki progresiň şu hili ýol bilen gitmegi syýasy planda-da bölünişikleriň ýol almagyna sebäp bolupdyr. Ruhy-psihologik planda: türkmeniň her kellesi özüne han, etniki planda – her iki türkmen özbaşdak tire, syýasy planda – her iki tire – özbaşdak döwlet. Men, elbetde, häzir öten zaman işliginde gürleýän. Ine, onsoň türkmenlerdäki ýaly tire-nebereleriň şeýle köplügi, uly-u-kiçijik döwletleriň ummasyzlygy bize ýakynrak özge bir halkda-da bolan däldir diýip pikir edýärin. Türkmen etniki esasynda birgiden milletleriň döremegi ruhuň öz-özünden böleklenmek prosesiniň netijesidir. Türk, azerbaýjan, gajar, urdu, gagauz, krym tatarlary – oguzlar, salarlar – türkmenler esasda döränligi jedel saýylmaýan milletler, göze görünmeýän, entek jedel-liräk hasaplanýan, diňe spesialistleriň bilýän ownuk etnoslary näme? Ruhuň aýrylmagy, sosial-syýasy, psihologik aýralygy gaty çaltlandyrypdyr. Türkmende uly taýpa – munuň özi tas, aýratyn halk eken. Özüniňkiden çalt aýrylyşýar, özi bilenem çalt garyşyp-gatyşýar. Şeýdip, ady başga bolan tire-taýpalaryň, türk, azerbaýjan, özbek, gazak ýaly milletleri kemala getirişiniň tersine, adybir türkmenler aýry-aýry halklara bölünip gitdi. Biziň milli taryhy ösüşimiz regres ýoly bilen gitdi. Türkmenistanyň esasy ilatyny tutýan türkmenleriň esasy bölegi bary-ýogy müň ýyla golaý mundan öňki 24 türkmen taýpasynyň diňe biriniň – salyrlaryň doly bolmadyk galyndysydyr. Häzirki zaman ýa-da «täze» türkmen milletiniň taryhy, onuň etnopsihologiýasy XI asyrdan – saltyklar zamanyndan başlanýar. Şol milletiň düýp ruhy özenini hem milli formalaryny saklap galan bölegi-de – Türkmenistanda ýaşaýan türkmenlerdir. Galanlary ýa-ha özge milletlere öwrülip gidipdirler, ýa-da bizden juda-juda daşlaşypdyrlar. Eýsem-de bolsa, millet näme? Meniň pikirimçe, beýik rus filosofy N.Berdýaýewiň pikiri bu babatda häzire çenli aýdylanlaryň içinde iň çuňňurydyr: «Milleti rasional kesgitlemegiň ähli synanyşyklary şowsuzlyga eltýär. Milletiň tebigatyny hiç bir hili rasional-göze görnüp duran alamatlar boýunça kesgitlemek mümkin däldir. Jyns hem, territoriýa hem, dil hem, din hem milleti kesgitleýän alamatlar däldir, ýogsam olaryň bary ony kesgitlemekde belli rol oýnaýar. Millet – çylşyrymly taryhy birlikdir, ol jynslaryň hem taýpalaryň gan gatyşygy, ykbalyny baglanyşdyrýan ýer-ýurt paýlaşygy hem-de gaýtalanmaz ruhy keşbini emele getirýän ruhy-medeni proses netijesinde döreýär. Onsoň ähli taryhy, psihologik derňewlerden soňam, milli indiwiduallygyň bar syryny özünde saklaýan elýetersiz hem gözýetersiz galyndy galýar. Millet – islendik özge indiwidual barlyk ýaly, syrlydyr, pynhandyr, irrasionaldyr». Pikiriň çuňlugy sitatanyň uzynlygyna sebäp bolýar. Ýogsam-a men sitatalara kän bir pitiwa berip duramok, sebäbi ol, göwnüme bolmasa, gürrüňe paýhas resmiligini berýär. Şeýlelikde, filosof «millet» diýilýän taryhy hadysanyň düýp manysyna akyl çatmaýandygyny, hiç hili logiki formulirowkanyň peýdasynyň ýokdugyny tekrarlaýar. Ýöne milleti kesgitläp bolmaýandygyny kesgitlemegiň özem eýýäm paýhasyň hökmürowanlygydyr. Türkmeniň taryhy ykbalyna göz ýetirmekde filosofiýa milletiň döremegini aňladýan üç ölçegi – gan gatyşygy, ýer-ýurt bitewüligi hem umumy medeni-ruhy proses uly ähmiýetli bolup biler. XVI asyrdan başlap türkmeniň milli göwresi kiçeldi – ep-esli bölegi özge gan gatyşygyna, ýer-ýurt bitewüligine, ruhy-medeni prosese goşulyp, bizden bölünip gitdi. Indi olar biziň üçin türkmen ýaly, şol bir wagtda-da türkmen däl ýaly bolup dur. Saltyklar, osman imperiýalary bolsa orta asyr imperiýalarydy. Orta asyr imperiýalary üçin bolsa milli ideallar däl-de, bütindünýä teokratik döwleti idealy, ýagny dini bitewülige ymtylyş häsiýetlidir. Saltyklar döwletinde döwlet diliniň pars dili bolanlygy, arap diliniň üýtgeşik rol oýnandygy, osmanlylaryň bolsa musulman dünýäsini hristianlaryň haçly ýörişlerinden goramagy öz taryhy missiýasy hasaplandygy ýöne ýere däldir. Bu aladalar bilen gan hem ýer-ýurt bitewüligi öz-özünden başga ugra syrylyp gitdi, şeýdip, aýry-aýry milletler döredi, diňe medeni-ruhy proses stihiýalaýyn suratda tas tä XVIII asyra çenli bitewüligine galdy. Biziň halk dessanlarymyzda köp wakalaryň Kiçi hem Merkezi Aziýa aralygynda bolup geçýänligi şuňa şaýat bolup biler. Ýöne XVIII asyrdan başlap, ol prosesiň togtandygyny aýtmak gerek. Indi türkmenler taryhy Şirwandan, Şemahdan, Çandybilden, Araz çaýyndan başga bir zat bolan olaryň toslama, edebi wariantlaryny döretdiler. Bularyň bary häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda «bolup çykdy». Munda halkyň öňki medeni-ruhy bitewüligini hatda geografik toslamalar arkaly hem bolsa aman saklamak instinktini görmek bolýar. Kim bilýär, belki, hut şol instinktiw toslamalar hem biziň käbir beýleki dogan taýpalarymyzdan tapawutlylykda öňki milli keşbimizi ýitirmänligimizde wajyp rol oýnandyr. Aslynda, adamzadyň bütin akyl işi – toslamadyr, edebi işi bolsa – çypdyrmadyr-fantaziýadyr. Adamzadyň durmuşynda mukaddeslik diýilýän zat bar bolsa, onda, ilki bilen, toslamalar hem çypdyrmalar mukaddesdir. Marksizm şol mukaddeslikleri ýok etmäge synanyşdy, ol adamzady ýalaňaç hakykat bilen ýüzbe-ýüz goýmak isledi. Ruh üçin dünýäde ýalaňaç hakykatdan pis zat ýokdur. Ýalaňaç hakykat diňe haýwanlaryň dünýäsinde zatlaryň adaty ýagdaýy, baş kanunalaýyklyk bolup biler. Adamy ýaşadyp gelýän zat – onuň özi bilen ýalaňaç, bimany, ýowuz materiýanyň arasyndaky, agram deňleýji ruh. Ruh – adamzadyň kosmiki ýaşaýşynyň formasy, şonuň üçinem Engelsiň sözleriniň tersine, belli bir manyda adamy adam eden ruhdur diýip aýtmalydyrys. Şonuň üçinem men adamzat jemgyýetinde ruhuň üýtgeşik rolunyň, materiýadan, maddy dünýäden, dünýälikden rüstem rolunyň bardygyny ykrar edýärin. Dogry, göze görnüp duran, has dogrusy, dürli fiziki enjamlara – teleskoplara we ş.m.-lere görnüp duran kosmosda materiýa birinjilik degişli bolmagy mümkin. Ýöne, barybir, şahyr N.Rejebowyň döreden beýik obrazyna laýyk aýdanymda, «ruh atyň ardynda oturanam bolsa, jylaw şonuň elindedir». Baryp näçe müň ýyl mundan ozal beýik Eflatun ruhuň ähmiýetini şeýle aňladypdyr: «Iýmek üçin ýaşalmaýar, ýaşamak üçin iýilýär». Diýmek, ähli maddy hakykatlar-hajatlar kömekçi rol oýnaýar, olar ruhuň öňüsyra gelip, onuň ýaşaýşyny üpjün etmäge höküm edilendir. Millet üznüksiz taryhy proses hökmünde diňe ruhda amal bolup biler. Ruh üýtgänsoň ýa ölensoň ne diliň, ne diniň, ne-de egin-eşigiň öňküliginden peýda bolmaz. Gadymy hem orta asyr türkmenleri öz ruhuny möjegiň obrazyna salypdyrlar. Türkmen ruhunyň tebigatyny şol obrazyň özi hem görkezip dur. Munuň üstüne goşara zat ýok. Möjek – dürli geografik-klimat şertlere uýgunlaşmaga ukyply ýyrtyjy. Möjek döwleti gurmak, dolandyrmakdanam beter ony goramagyň simwolydyr. Ahmet Bekmyradow ençeme gezek oka diýensoň, rus alymy W.Bartoldyň türkmen taryhyna degişli işlerini konspektläp okapdym, öwrenipdim. Men rus alymynyň agyr şertlerde türkmen taryhyny öwrenmekde bitiren tutumly işlerine haýran galdym. Alym örän okumyş, dogruçyl hem gaty synçy kişi bolupdyr. Alymyň işlerine gümra bolup, onuň türkmenleriň milli keşbiniň aýratynlygy hakda aýdan iki sany pikiri ýadymda galypdyr. Birinji: Taryhda iň güýçli türki döwletler türkmen halky tarapyndan gurulypdy, ýöne bu halkyň hiç mahalam milli döwleti bolmandy. Ikinji: Türkmenler sansyz ýurtlara ýörişler etdiler, örän köp ýerleri basyp aldylar, emma bu hereketler hiç mahalam umumymilli häsiýete eýe bolmandy. Şu iki taryhy paradoksy nähili çözmeli? Çözmek üçin, ilki bilen, onuň dogrulygyny ykrar etmeli. Men alymyň sözlerine berýän anyk manysyndan, haýsy faktlary göz öňüne tutýandygyndan habarly bolanym üçin, onuň şeýle umumylaşdyrmasyny tassyklaýaryn. Ýöne gepiň aňyrsynda nämäniň ýatandygyndan doly habarly bolmadyk alymlar ol sözlere bütinleý başga many berdiler. Hamana, türkmenler geçmişde bir süri mal bolanmyş, olaryň gözli-başly döwleti-de, zady-da bolmanmyş we ş.m.-ler. Bu pikir beýnilerimize siňdi, aňymyzyň mankurtizmleşmeginde köp iş bitirdi. Ýadyňyzdamy, «Mukamyň syry» filminde Döwran bagşy Uspenskä türkmen sazynyň taryhy manysy hakynda «leksiýa okaýar». «Türkmeniň taryhyny ýazyp oturan adam bolmandyr, şonuň üçin ol öz taryhyny – agyr ykbalyny saza geçiripdir». Sözme-söz dogry gelmezligi mümkin, manysyny dogry berýänligime ynamym bar. Baý-buw, nähili ýalan, nähili galplyk! Hakykatynda türkmenleriňki ýaly taryhy köp ýazylan halkyň türki halklaryň içinde başga ýokdugyny Bartoldyň özi aýdýar-a: «Türki halklaryň özge hiç biri hakynda-da şonça maglumat ýokdur». Şu ýerde meni howpurgadýan bir hakykat hakda ýüregimi açaýyn. Türkmen sazy hakynda ýazylan makalalar, çeper eserler az däl. Özem ol eserlerde, makalalarda örän beletlik bilen gürrüň edýärler. Ýöne şol edilýän gürrüňleriň köpüsi ýapa degenok. Näme üçin? Şol ýazylan makalalary, eserleri okasaň, göýä türkmen halkynyň saz gudraty diňe soňky ýüzýyllykda bolaýan ýaly. Ýüz ýyldan aňyrda ylla türkmen sazy bolmadyk ýaly. Her aýdymyň taryhy hakda rowaýatpisint eserler ýazdylar.Ol eserlerden çen tutsaň hem türkmen sazy Amangeldi Gönübekden aňry geçenok. Türkmen sazy – türkmen halkynyň ruhy. Türkmen sazy türkmen ruhunyň taryhy. Türkmen dutarynyň kämilligini gören, onuň inçe sazyny diňlän her bir üşükli adam bu inçe senediň Amangeldi Gönübekden başlanmaýandygyny aňar, biler. Türkmen sazynda türkmen halkynyň Oguz handan gaýdýan ruhy dünýäsi ýaýylyp ýatyr. Ol ruhy dünýä seni bada-bat öz dünýäsine salýar, özi bilen begendirýär, özi bilen gynandyrýar. Türkmen ruhuny onuň sazy bilen baglanyşykly öwrenmeli. Men saz sungaty hakda eser ýazýan adamlary hormatlaýaryn, ýöne türkmen sazynyň taryhyny Oktýabr rewolýusiýasyndan aňry geçirmek islemändikleri üçin welin olary günäkärleýärin. Anyk bilmeýän bolsaň, dymandan gowusy ýok. Men bu zatlary diňe gepiň gerdişine görä aýtdym. Iň güýçli türki döwletleri – saltyklar hem osman döwletini guran türkmenleriň orta asyrlarda milli döwletiniň bolmanlygyny döwrüň ruhy bilen düşündirmelidir. Bular – imperiýadyr. Onda-da dini ideallara ymtylyp yglan edilen imperiýalardyr. Islendik imperiýa-da milli, hatda şol sanda ony guran halkyňam milli meseleleri ikinji ähmiýetli zada öwrülýär, çünki imperiýa ruhy millilige ýatdyr. Imperiýa – imperiýany guran halkyň adyndan diňe özge halklary däl, şol halkyň özünem ekspluatasiýa etmekdir. Imperiýa wagtynda belli bir milletiň esasynda milletden başga bir bähbidi araýan birikme döreýär. Munuň özi özüni millet hökmünde görkezjek bolýan synp toparlanyşygydyr. Imperiýanyň dargamagy bilen ýa-ha onuň deregine milli döwlet döreýär, ýa-da şol milletiň özem özge bir etnosa öwrülip gidýär. Britan imperiýasynyň dargamagy bilen Welikobritaniýa döwleti, Sowet imperiýasynyň dargamagy bilen Russiýa Federasiýasy döredi. Rim imperiýasy dargady weli latyn diýilýän millet ölüp, italýanlar, fransuzlar ýaly halklar kemala geldi. Osman imperiýasyny guran türkmenlerem «türk» diýilýän halka siňip-öwrülip gitdiler. Ol prosese gatnaşmadyk, ýa-da, az dahylly türkmenler bolsa, öňki türkmenligine galdylar. Ine, şu manyda-da türkmenleriň milli döwleti «bolmandy». Ruslaryňam Pýotrdan bäri milli döwleti ýokdy, imperiýasy bardy. Diňe häzir olar milli döwletlilige tarap ýüz öwürdiler. W.Bartoldyň nygtan ikinji paradoksy hakynda: türkmenleriň dünýä ýörişleriniň umumymilli häsiýete eýe bolmanlygy türkmen-oguz halkynyň sap hem türkmen ruhunyň hil aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. San babatda aýdylanda, türkmenler bir hereket ederden gaty köp ekenler. Hil babatda: bu ýerde «Her kellede han otyr» diýlen ýazylmadyk kanunyň ýörän bolmagy mümkin. Şeýlelikde, bu kanun diňe imperiýalaryň dargamagynda däl, eýsem umumymilli möçberde döwlet gurnalmanlygynda hem öz negatiw roluny oýnandyr. Türkmenleriň içinden döwlet gurmak üçin çykan şahsyýetleriň Oguzdan başgasynyň biri-de umumymilli masştabdaky goldawy tapyp bilmändir. Dogrusyny aýtsaň, Oguz hanyňam edil hemmeler tarapyndan goldanylmandygyny aýtmak gerek. A.Bekmyradow Amerika giden gunnlary Oguz han bilen oňuşmadyk, ony ykrar etmedik taýpalar hasaplaýar. Şeýle ruhy häsiýeti bilen türkmenler Täze eýýama – XVIII asyra gelip ýetdiler. Ol häsiýet şondan soňam dowam etdi. Dowam edeni üçinem, meger, Magtymguly: Döwlet gonsa goç ýigidiň başyna, Hemaýatçy ili gerek daşynda – – diýip ýazandyr? Birek-birege göwnüýetmezçilik; taýpanyň taýpa, tiräniň tirä, neberäniň neberä, bir maşgalanyň başga birine, bir adamyň özge bir adama göwnüýetmezçiligi; şejere meselesinde özüni ig türkmen, başgalary «däl» hasaplamak; adamçylyk meselelerinde başga äsgermezçilikli garamak beýik milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň köp kelle döwen meseleleridir! Ruhy egoizm şahyryň iň bir näletlän häsiýetidir. Şahyryň aýratyn köp ulanýan redifleri bar: «Saýar», «degmez», «ýagşydyr». Ol öz-özüni aldamagy iň erbet ruhy aýyplaryň biri hökmünde ýazgarýar. Magtymgulynyň türkmen agzalalygyny çözmegi ömür işi hasaplandygy, hatda onuň tapdan düşüp, ölmegine-de göýä şol agzalalygyň sebäp bolandygy hemmä oňat mälim. Şahyr: Dilegim duş eýle, gözel Allahym, Ersgin boldy, gitdi gyzyl başymyz – – diýip ýazypdyr. Şu setirlerde o diýen üns berilmedik gyzykly pikirler bar. Birinji setirde awtor döwletiň dikelmegini dileg edýär, munuň üçin Hudaýa mynajat okaýar. Ersgin bolmak – döwletiň, imperiýanyň dargamagy manysyndadyr. Häzirki türkmen dilinde «ers-mers bolmak» – ösüşi, dikelişi aňladýar. Diýmek, Magtymguluda formasy üýtgeşigräk ol sözüň manysy hem häzirkisine gapma-garşy eken. Şahyr: Ersgin bolsa, gider döwlet, Hiç ülke bibaş olmasyn – – diýýär. Diýmek, ersgin – esasan başyň, döwletiň esasynda duran güýçleriň synmagy eken. Şahyr ýüreginden syzdyrýar, milli tragediýany şahsy tragediýasy hökmünde kabul edýär. Magtymgulynyň «gitdi gyzyl başymyz» diýýän informasiýasyna nähili düşünmeli? Neşirlerde ol «gyzylbaş» görnüşinde goşma söz edilip ýazylypdyr. Munuň özi nädogry bolsa gerek, sebäbi şu goşgusyny-da ýazmagyna sebäp bolan tragediýanyň başy – garşydaşyň menlik ýöňkemede gelmegi logika sygýan zat däl. Diýmek, bu ýerde «baş» sözi esasy bolup, ony aýyklap gelýän «gyzyl» sözi-de epitet bolmaly. Muny şahyryň «bibaş» sözüni agzamagy-da logiki tassyklaýar. Şahyr aradan çykan haýsy hem bolsa bir hökümdaryň, taýpabaşynyň agysyny aglaýar. Şahyryň pikiriçe, esasy betbagtlyk – taýpalaryň biri-birine ynanmaýanlygynda, belli bir başa bil baglamaýanlygynda eken. «Türkmenler, baglasak bir ýere bili...» Nädip bil baglasyn, biri-birine göwni ýetenok, äsgerenok ahyryn – hersi özbaşyna han. Ýöne XVIII asyrda bu dertli meseläni ilki gozgan Döwletmämmet Azadydyr. Padyşahyň hiç halaýyk galmaýa, Müfendindur – kimse tabyg bolmaýa. Bolmagaý täjirlergen ýoly aman – Kylmasa tenbihisin şahy-heman. Ýol uranlar bilen ogrylarny şah Kesmese, öltürmese her sal-u mah, Bolmaýa misgin fakyrlaryň güni, Her öýde gezmegeý aga-ini. Azady syýasy bitewüligi halkyň fiziki ýaşaýşy üçin nan, suw ýaly gündelik zerurlyk hökmünde görkezdi. Onuň «Wagzy-azat» eseri türkmen üçin irde-giçde ýazylan iň zerur kitapdyr. Onda awtor türkmen döwletiniň syýasy hem sosial, ahlaky hem intellektual taslamasyny berdi. Patyşa – syýasy toparlar; alym – intelligensiýa; baý-garyp – sosial synplar; derwüşler – miletiň moral goldawy – awtor şu zatlar hakynda ýazypdy. Elbetde, bu zatlaryň baryny ol dini äheňde berýär, ýöne onuň ateistik döwlet hakynda arzuw etmejegi düşnüklidir. Azady diňe ideýa garaşsyzlygy, syýasy garaşsyzlygy hakynda däl, milli dil özbaşdaklygy baradaky meselänem wajyp hasaplapdyr: Arap, parsy tilinge danyşym ýok, Araplar, parsylar birle işim ýok. Bu türki ýarlara nazm tüzetdim Doga birle aňarlar diýp göz etdim. Azady sap praktiki meseleleri gozgaýar: ýol uranlary, alamançylary, ogrulary jezalandyrmak, sosial reformalar geçirmek, milli dil meselesi... Azady – pragmatik. Emma ol taryhyň filosofiýasyna kän baş agyrdanok. Taryhyň filosofiýasynyň döremegi üçin adamzadyň bitewi ömri hökmündäki taryhy prosesi göz öňüne getirmek gerekdi. «Progres» diýilýän düşünjäniň ýüze çykmagy gerekdi. Bu hili gatnaşyk diňe hristiançylygyň täze eýýamynda döredi. Orta asyrlarda, onda-da musulman orta asyrynda bolsa taryhy proses däl-de, islegiň aýlanyş prosesi bar diýlip göz öňüne getirilýärdi. «Taryh» düýpli filosofik termin däldi, ol haýsydyr bir anyk wakalary aňladýardy. «Taryh» filosofiki termin hökmünde sosial, syýasy, ruhy meselelerde global ösüş prosesini aňlatmalydy, musulman dünýägaraýşy bolsa adamzat durmuşyna metafizik garaýyşlary öz içine alýardy. Garaz, Azady «Her kellede han otyr» diýen kanuny «bir kellede – patyşa, birinde – adam, ýene birlerinde baý, garyp, derwüş otyr» diýip üýtgetmegiň tarapynda çykyş etdi. Munuň özi sosial-psihologik reformanyň talabydy. XIX asyr Azady, Magtymguly, Şeýdaýy ýaly şahsyýetleriň pikirini kabul etdi. Baş-başdaklygyň soňy görnüp ugrady. Doly oturymly ýaşaýyş muňa hasam oňat ýardam etdi. Syýasy wakalaryň has ýitileşmegi agzalalyk meselesine gylaw berdi. XIX asyr türkmen şahyrlarynyň iň görnüklileriniň şahsy ykbalynyň tragiki bolanlygy häsiýetlidir: Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji, Kätibi. Bularyň bary uruşlar zerarly kösenipdiler. Milli bitewülik meselesini Abdysetdar Kazy «Jeňnama» poemasynda original suratda işledi. Ol döwrüniň milli garaşsyzlyk ugrunda amal edilen taryhy wakalaryny suratlandyrdy. 1858-nji hem 1861-nji ýyllaryň uruşlary azatlyk, özbaşdaklyk, din, ar-namys, ýurt ugrundaky uruşlar hökmünde häsiýetlendirildi. Artykmaç ýeri, awtor türkmen taýpalaryny bitewülikde, birlikde umumy daşky duşmana garşy göreşýän şekilde görkezipdi. Poemanyň wakalaryndan, gahrymanlaryndan çen tutsaň, türkmenler-de milli bitewülik tendensiýalary güýçlenip ugrapdyr diýdirýär. Mysal üçin, taýpalaryň biri-birine gatnaşygy, Nurberdi hanyň «hany Seýil han» – umumy türkmen hany diýen epiteti we beýlekiler. A.Kazy türkmeniň ruhy dünýäsini oňat bilipdir, ol muny «kowmy-bibaş» diýen jümle bilen aňladýar... Hawa, orta asyrlar türkmen özüni gurda deňedi, Täze Eýýamda bolsa bütintürkmen ideology Magtymguly: Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr, Goýun kibi çar tarapa il bolgul – – diýen çagyryş bilen çykyş etdi. Döwlet gerekdi, döwlet bolsa hersinde bir han oturan kellelere çydam edip bilmez. XIX asyryň ahyrynda türkmen Russiýa imperiýasynyň koloniýasyna öwrüldi. Russiýa imperiýasy – Täze Eýýamyň imperiýasy. Ol orta asyrlaryň özge halklary bir Hudaýa uýdurmagy, olara özüçe gymmatlyklary eltmegi borjy hasaplan imperiýalardan düýpgöter tapawutlanýar. Täze Eýýamyň buržuaz imperiýalaryny N.Berdýaýew şeýle häsiýetlendirýär: «Kolonial syýasat, deňizdäki agalyk ugrunda göreş, bazarlar ugrunda göreş – ine, häzirki zaman imperializminiň gümra bolan zatlary, onuň saýlap alan uniwersal kuwwatlylyk tärleri hem metodlary». Imperializmiň gulçulygy astyna düşen türkmen syýasy özbaşdaklykdan, ruhy erkinlikden, öz ykbalyny – gowy bolsun, ýaman bolsun – özi kesgitlemekden mahrum edildi. Russiýa imperiýasynyň maksady etiňi iýip, süňküňi gemirmekdi, onuň kalbyň, ruhuň bilen asla işi ýokdy. Ýöne ten iýilensoň, ruhdan ullakan derek bolarmy? Bary-ýogy ýüz ýylyň içinde türkmeniň ruhy keşbiniň üýtgemegi ak patyşa döwründe başlanan proses hem bolsa, ol diňe 17-nji ýylyň oktýabryndan soň has dinamiki görnüşe geçipdi. Ak patyşa döwründe bolsa diniň ýöräp dur, salgyt bolsa türkmen üçin öň görülmedik zat däl. Dogry, indi ozalkylar ýaly sapalak atjak, çemini aňtap, salgytdan ýüz dönderjek gümanyň ýok. Kolonial durmuş türkmenler arasyndaky sosial differensiasiýanyň has güýçlenmegine täsir etdi. Baýarlar döräp ugrady. Edebiýat görlüp-eşidilmedik derejede pese düşdi. Kolonializm döwrüniň edebiýatyna epigonçylyk edebiýaty diýseň laýyk boljak. Döredijilik bitewüligi, çeperçilik originallygy bilen öňe çykyp bilen ýekeje-de ýazyjy-şahyr bolmady. Öňki böwri sanjyly hem bolsa erkin durmuş ýuwaş-ýuwaşdan geçmişe gidip ugrady. Gymmat düşýän azatlyk bolsa mugt, başy dynç gulçulykdan artykmaç däl zat bolup göründi. Türkmen ikitaraplaýyn alamandan, ýesir almakdan hem ýesir bolmakdan halys ýadapdy. Elgarama-da bolsa oňa dynç almak gerekdi. Şeýdip, türkmende passiw ýaşaýyş uklady ornaşyp başlady. Munuň özi islendik siwilizleşen ýaşaýşa gadam uran halkyň maňlaýyna ýazylan täleý. Her kelledäki han her gursakdaky gula aýlanyp ugrady. Munuň hakyt şeýle bolmalydygy baradaky parasatlara atalar sözünde, ilkinji ýazuw ýadygärliklerimizde-de duşýarys. Mysal üçin, «Agzybire Taňry bir, agzalany gaňrybiýr» diýen türkmen nakylyny, ýa-da, Gorkut atadaky: «Tekepbiri Hudaýam halamaýar» diýen sözleri biz şu gün eşitmeli däl. Şular ýaly dagap ýatan parasatlar başga-da kän. Gep bulary birleşdirmekde, umumylaşdyryp, olaryň öz manylaryna has ýiti hyzmat etmegini gazanmakda. Biz filosoflardan şuňa-da garaşýarys. Kolonial döwürde milli ýaşaýşyň problemalaryny paýhas eleginden geçirýän kiçijigem bolsa, özboluşly türkmen buržuaz intelligensiýasy XX asyryň ikinji on ýyllygynda formirlenip ugrady. M.Atabaýew, T.Tekinskaýa, Ýomudskiler, soňraklar bolsa A.Gulmuhammedow, S.Öwezbaýew dagy taryhy prosese özüçe düşünmäge dyrjaşdylar. Näme-de bolsa, durmuşdan yza galmazlyga çalyşýan pikir döräp ugrapdy. Emma ol pikir prosesi 17-nji ýylyň wakalary sebäpli togtamaly boldy. Ýöne munuň ilkinji buržuaz formalardygy üçin uly taryhy ähmiýeti bardy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, hut şol zatlaram ylymda iň az öwrenilen temalar. Hususanam, S.Öwezbaýewiň «Gökdepe galasy» eserini agzaman geçmek bolmaz. Özüm-ä şu eseri XIX asyryň milli tragediýasy – Gökdepe urşy hakynda öňde-soňda ýazylan işleriň iň güýçlüsi hasap edýärin. Awtoryň örän ýokary intellektual hem estetiki derejede pikirlenip bilýänligi, onuň täze tipli buržuaz aňynyň eýesidigi mesaňa bolup dur. Bularyň üstesine-de, onuň juda ösen milli duýgusy joş urýar. Ady tutulan beýleki şahsyýetleriň aň-derejesi hakynda-da şony aýtmak bolar. M.Atabaýewiň milli bitewülik, Ýewropa progresinden yza galmazlyk hakyndaky baky aktual pikirleri nämä degmeýär? Arman, türkmen ruhunyň bir çet künjeklerinde dörän bu pikir janlanmasynyň real durmuşa täsiri juda azdy. Real durmuşyň bütinleý başga öz hereket ugry bardy. Onsoň ýaňky zatlar gursagyň gulçulygynyň öňüni alardan ýürek awadyjy derejede ejizdi. Emma ruhuň hakyky gulçulygy 17-nji ýyldan soň başlandy. Kommunistik ideologiýa kommunistik imperiýanyň esasy ruhy ýaragy boldy. Kommunistik imperiýanyň orta asyrlar imperiýalaryny ýada salýan taraplary bardy: ol baýlyga hem pula göz gyzdyrýan buržuaz imperiýalaryndan tapawutlylykda öz esasy maksady diýip kommunistik ideologiýany – täze eýýamyň bu ateistik dinini ýaýratmagy hasaplaýardy. Marksyň hem Leniniň dünýägaraýşy bolsa maddy gymmatlyklary birinji orunda goýýan buržuaz siwilizasiýasy döwründe kemala geldi. Şonuň üçinem ol dünýäniň döremeginiň hem ösmeginiň esasynda maddy-önümçilik gatnaşyklaryny goýýardy. Olar – rewolýusionerlerdi. Ruh üçin bolsa iň aýylganç zat rewolýusiýa hem rewolýusionlykdy, çünki dünýäni rewolýusion agdarmagy makullardan ruh has paýhaslydyr. Marksizmiň iň erbet tarapy – ol ruhy inkär etmegiň, dünýä akyl ýetirmekde rasional pikire, pozitiwizme esasy orny bermegiň ýokary derejesine ýetip, ruhy kölege hasaplaýardy. Marksyň hem Leniniň adamzat taryhyny iň çynlakaý suratda materialistik hem ateistik nukdaýnazardan öwrenmekleri dünýäni bir ömrüň dowamynda üýtgedip hem düzedip bolar diýen netijelere getirýärdi. Materializm mukaddeslik diýen zady bilmeýär, ol akyla daýanýar, adamda bolsa akyldan başga-da ondan az ähmiýetli bolmadyk ruh, jan, ýürek bar. Marksizm ruhuň awtonom häsiýetiniň bardygyny inkär edýär. Iň erbet ýeri-de, ol bitewi maksatlara ýetmek üçin nejis serişdeleriňem paýhasa laýyk zatdygyny açyk tekrarlaýar. Ol adamyň ganyny sil kimin döküp, adamy bagta ýetirip boljagyny ykrar edýär. Ol asyl proletariatdan başgany adam hasabyndan öçürýär. Kommunis-tik ideologiýa baý, gurply adamlary uçdantutma nadan, nejis, halkyň mürdüni iýip oturan adam hasaplaýar. Baý adamy görmänimizden soň, bu ýöntem ideologiýa güp ynanypdyrys. Sowet häkimiýeti ýyllary içinde amal edilen eden-etdilikleriň bary marksizmiň taglymat hökmündäki düýp mazmunynyň netijesidir. «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda işlän ýyllarym boş wagtym köp bolýardy. Şondan peýdalanyp, men Leniniň «Filosofik depderlerini» howlukman, iş edinip öwrenip, Leniniň pikirlerine hopugypdym. Bu ýerde hakyt Leniniň özi bar – gödek, ylmy opponenti äsgermezlik, diňe öz dogmatiki garaýşyna laýyk gelýän pikirleri görüp bilmek, täze zatlary diňe öz asylky garaýyşlaryň delili bolanlygy üçin kabul etmek, «Biziň bilen pikirdeş däller biziň duşmanlarymyz» diýmek, garşydaşyňy her edip, hesip edip ýeňmek, üstüne atybilen garaňy atmak, masgara, wejera etmäge çalyşmak. Edil şu häsiýetleriň Marksa-da mahsus bolandygyny aýtmak gerek. Wladimir Iliçiň ýetmiş ýyllap ýekeje-de ýalňyşy ýokdy. Ýekeje-de! Birdenem ol görgüliniň üstüni ýalňyşdan doldurdylar. Ýöne, onuň sözüň hakyky manysynda geniý bolandygyna men berk ynanýaryn. Geniýler ýalňyşanda onuň pidasy uly bolýan eken. Kommunistik imperiýa döwründe gören, şaýat bolan hem ol barada okan zatlarymyzy filosofiki umumylaşdyryp, şol döwre öz ideýa gatnaşygymyzy aýdyň aňlatmalydyrys. Gynansagam, biziň taryhçylarymyz hem ylaýta-da filosoflarymyz degişli döwür babatda tankydy-filosofiki garaýyşlaryny formulirlemäge, taryhyň sapaklaryny umumylaşdyrmaga howluganoklar. Ýa köne inersiýa dowam edýär, ýa sowat ýetenok, ýa ýene gyzyl imperiýanyň gelerine garaşýarlar, ýa-da bilmedim, başga bir zat. Kommunistik döwlet maşynynyň bikemallygy, onuň ideologiýasynyň akyl hem ahlak çäkliligini akyl eleginden geçirip, ertire sapak hökmünde işlenilmeli problemadyr. Taryhy zorluk bilen üýtgetmek, oňa, hamala, öz erkiň çägindäki iş, proses hökmünde gatyşjak bolmak ahyrky netijede kommunistleriň öz öňünde goýan maksatlarynyň gapma-garşylygyna getirdi. Paradoks: kim iň uly maksatlary yglan edibem, iň bir pes hem pis netijelere gelýär, kim üýtgeşik maksat goýmanam, tebigy hem sazlaşykly ýaşaýşa ýetmäni başarýar. Rewolýusion fanatizmiň hem sosial utopiýanyň iň ýokary formasy bolan kommunizm adamlary mankurta – süri mala öwürdi. «Kommunizm» diýmegiň özi kollektiwi, umumylygy aňladýar. Munuň bir sinonimi bolsa sürüdir. Taryhy hakydanyň ýitirilmegi kanunalaýyk zatdy, çünki kommunistik ideologiýa, marksistik teoriýa görä, adamzadyň şundan ozalky geçmişi ýalňyşlyk hem öz-özüni aldamak diýip düşündirilýärdi. Onsoň onuň näme peýdasy bolsun! Özüni adamzat taryhyny ilkinji bolup ylmy esaslarda düşündirýän teoriýa saýýan marksizm, ol taryhda ähli zadyň tebigy hem kanunalaýyk suratda bolup geçýändigini ilki açdyk diýip döşüne kakýan marksizm çaga oýnuna gatyşan ýaly, taryhyň işine gatyşýardy. Ýene bir gezek gaýtalaýanlygym üçin aýyplaşmaň: meniň pikirimçe, kommunizmiň taglymat hökmündäki esasy betbagtlygy onuň teoretiki plandaky juda çynlakaý, agras metodlarynyň hem delilleriniň praktiki durmuşda gülkünçden ýeňles netijelere getirenligidir. Munuň özi özüne zor salynjak bolnan taryhyň ýaňsysy, pelegiň oýny bolsa gerek. Şükür Hudaýa, Garaşsyzlyk alnymyzdan diredi. Biziň indiki wezipämiz öz akyl hem ruhy durmuşymyzda köne kommunistik ideologiýany soňuna çenli gysyp çykarmak, onuň alternatiwalaryny ösdürmekdir. Ilki bilen, filosofiki alternatiwa hakynda. Göwnüme bolmasa, filosofiki pikirlenme meselesinde biziň alymlarymyz köne heňleri ýüregedüşgünç gaýtalaýarlar. Dogry, indi hiç bir kitapdan ýa ylmy makaladan, hiç bir çykyşdan Marksyň ýa Engelsiň, Leniniň sözüni tapmarsyňyz, emma häzirki işler kommunistik döwürdäkilerden şolaryň sözüniň ýoklugy bilen tapawutlanýar diýäýmeseň, özge düýpli täzelig-ä ýok ýaly. Şol öňki ylmy-filosofiki problematika, şol öňki pikirleniş stili hem manerasy, şol öňki pikir ýatlamasy. Biz marksizmi ret etdik, munuň özümiz üçin nähili manysy bar? Onuň deregine nähili taglymatlar gelmeli, olaryň nähili rüstemligi bar, onuň düýp problematikasyny nämeler kesgitleýär, ol nähili formalarda ýüze çykmaly, ol taglymat milli-ruhy galkynyş, praktiki durmuşa nähili täsir edip biler, milli-döwlet ideologiýasynyň kemala gelmegine nähili goşantlar goşup biler? Bu meseleler jana-jan işlenilmeli filosofiki meselelerdir. Biziň ruhy durmuşymyzda haýsy filosofiki taglymatlar kesgitleýji rol oýnar, biz ylymda hem beýleki ruhy sferalarda nähili metodlary hem usullary ulanarys, nähili filosofik sistemany kepillendirmäge çalşarys? Ine, ideologik planda mankurtizmi ruhy kesel hökmünde ýeňip geçmegiň ýollary şu meseleleriň goýulmagyna hem çözülmegine bagly bolarmyka diýýärin. Türkmen batyrlyk, erkinlik bilen, gylyç bilen öz-özüni ykrar etdirilýän döwürde buýsançly millet bolup ýaşapdyr. Indi ol döwürlerden oba göçdi. Adamzat taryhy juda siwilizasiýalaşdy. Indi diňe akyl bilen, ruhy iş bilen özüňi ykrar etdirmeli. Millet hökmündäki özboluşlylyk, ýaşaýşa ukyplylyk özge sferalarda we formalarda däl-de, diňe milli paýhasyň özboluşlylygy görnüşinde dowam edip biler. Biziň zamanamyz akyldan çörek iýilýän zamana. Adamzat taryhynda şu wagta çenli iň peýdasyz, iň gerekmejek zat bolup görnen akyl-paýhas indi adam ýaşaýşynyň esasy çeşmesine, formasyna öwrüldi. Şol çeşmäň bolmasa, günüň kyn bolaýmagy gaty ähtimal. Ahlak alternatiwa hökmünde türkmen aňynyň öňden gelýän düşünjeleriniň täzeden, täze şertlere görä işlenilmegi gerek. «Iman», «halal», «haram», «günä», «sogap», «ýagşylyk», «erbetlik» ýaly ahlak kategoriýalary biraz dünýewileşdirilen manyda çuňňur teswirlenilmelidir. Munuň üçin hem çuňňur filosofik paýhasy hem şahsy durmuşynyň päkligi bilen görelde bolup biljek şahsyýetler gerek. Ahlagy mümkingadar dünýewileşdirmek, ony praktiki durmuşyň wezipeleri bilen baglanyşdyrmak babatda bir zat aýdaýyn: din hem onuň durmuşa gatnaşygy meselesinde pikir ýöredenimde, meni hemişe hristian hem musulman dinleriniň mynasybeti gyzyklandyrýar. Göwnüme bolmasa, hristiançylyk durmuşa görä özgermäge, durmuş reallyklaryny öz içine almaga, täze reallyklary özleşdirmäge has ukyply, çeýe taglymat ýaly bolup dur. Ylymda muňa – diniň dünýewileşmegine sekulýarizasiýa diýilýär. Yslam kanunlarynyň düýp manysyny ýoýmazdan, ony-da durmuş prosesine gönüden-göni gatyşykly, durmuşyň ýaramaz-u-ýagşy janly täzelikleri bilen baglanyşykly sypatda görmegi arzuw ederdim. Men takwa dindar däl, barypýatan ateistem däl, ýöne ahlagyň hem diniň baglanyşygy barada meniň pozisiýam hem garaýşym kesgitlidir: bu dinsiz ahlagyň bolmaýandygyna syrygýar. Ahlak diňe ynanja, onda-da dini ynanja daýanyp biler, ylmy pikir, onda-da ateistik pikir ahlak üçin juda ynamsyz hem gowşak fundamentdir. Ahlak meselelerinde bir paýhasa daýanmak, akyly erkine goýbermek gaty howply zatdyr. Akyldan mahrum haýwanlar üçin ahlagyň bimany zatdygy ýaly, sap akyldan ugur alýan adamlar üçinem ahlak bimanylykdyr. Çünki logiki pikir ynanja esas bolup bilmeýär, Hudaýa ynanç ýok ýerinde bolsa haýyrdyr, şeri esaslandyrjak bolmak gaty gülkünç ýagdaýlara getirip biler. Ahlak ynanjyň tapan guralydyr. Göwnüme bolmasa, biz «ahlak» sözüne juda dar manyda düşünýäris. Ahlak – munuň özi adamyň Haýyra hem Şere, günä hem sogaba, Hudaýa hem adamlara we gaýry filosofik manyly zatlara gatnaşygydyr. Umuman, «ahlak» dini-filosofik kategoriýa, adam ýaşaýşynyň prinsipi hökmünde biziň giňden hem uludan işlemeli problemamyz. Ol biziň milli ruhy işimiziň uly sferasyna öwrülmelidir. Şonsuz gursaklarda ýatan gulçulygy ýok edip bilmersiň. Adama taýýar pikirleri, taýýar duýgulary berip, bagtly edip bolmaz, diňe onuň pikire hem köňüle bolan ukybyny oýarmak gerek, şonda ol öz gursagynda ýatan guly özi ýok eder. Ahlaky sistemany işläp düzmeli. Kimdir biriniň «bu zatlar utopiýa» diýip seňrigini ýygyrmagy mümkindir. Ylalaşýan, şu manyda edebiýat, ylym, sungat, medeniýet – adamyň ruhy işiniň bary utopiýadyr, dil çykaranja çaganyň birinji aýdan sözi utopiýadyr. Görnüşi ýaly, men seňrigini ýygyrýan bilen pikirdeş, ýöne şo pikirdeşlik herimizi bir ahlaky pozisiýada goýýar, pikirdeşlik garşydaşlyga getirýär. Paradoks dälmi? Ol paradoks «adam» diýilýän düşünjäni pikiriň däl-de, ýüregiň kesgitleýänliginden gelip çykýar. Adamyň haýwandan tapawudy onuň diňe pikirlenip bilýänliginde däl-de, iman getirip bilýänligindedir. Adam ata pikir ukybyna eýe bolup, jennetden kowulýar, çünki ol imanyny ýitirýär, pese düşýär. «Iman» türkmen milli ahlagynyň esasy kategoriýalarynyň biri bolmaly. Iman – şahsyýetiň ahlak azatlygy. Ahlak gözellik düşünjesini hasyl edýär. L.Tolstoý gözelligi ahlaga garşy goýýar. Megerem, bu ýalňyşlykdyr. Has dogrusy, köňüliň gözelligi ahlaga garşy bolup bilmez. Nebsiň, teniň gözellige gatnaşygy – aýşy-eşret, elpe-şelpe gözelligi bolsa, başga gep. Şonuň üçinem men Dostoýewskiniň «Gözellik dünýäni halas eder» diýen ganatly sözüne ynanýaryn. Gözellik – ýüregiň ýaşaýşa, oňatlyga, haýra ymtylmasydyr. Gözellik duýgusy – pikiriň ýa-da nebsiň däl-de, köňlüň sypatydyr. Gözellik – ten duýgusy däl, ahlak duýgusy. Ahlak duýgulary oýarmaýan owadanlyk gözellik däl-de, titilik hem elpe-şelpelik. Nebsi hem teni öz erkine goýberseň, olaryň etmejek zady ýok. Iň esasy zadam, ol seniň iman azatlygyňy eliňden alar. Onsoň sen hakyky gulsuň. Onsoň sen akmak bolsaň – özgeleriň, akylly bolsaň hem özüň hem özgeleriň bagtsyz bolmagyna sebäp borsuň. Hiç hili ýuridik, sosial ýa maddy erkinlik bilen kompensirläp ahlak gulçulygyň öwezini dolduryp bolmaz. «Ýok, bolar» diýip adam diňe özüni aldap biler. Owadan jümleler entek hakykaty aýdyp bilýändigiňi aňlatmaýar. Her gursakda gul ýatan bolsa, onda muňa diňe daşky sredada günäkärdir öýtmeli däl. Adamyň özünden gerek. Adamyň bagtly bolmagynyň köplenç, hawa, köplenç hut özüne baglydygyny pikir hem ýürek bilen tassyklap biljek. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |