10:00 Üç tussagyň ýatlamalary -1/ roman | |
ÜÇ TUSSAGYŇ ÝATLAMALARY
Romanlar
Hojanepes Jumaýew we “Üç tussagyň ýatlamalary” romany barada Durmuşy öwrenmegi gowy görýän adam hemişe halka ýakyn, mydama gözlegde bolýar. Durmuş bir düýpsiz umman, ony öwrenip başladygyňça entek bilmeýän, bilmeli zatlaryň örän köpdügine düşünýärsiň. Bilmek bolsa okamak, adamlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak, gezmek, görmek arkaly hasyl bolýar. Ol adamlar köpçüligi, köpçülik hem ony gowy görýär. Hojanepes aga hem şeýle adamlaryň hilinden. Ol Halaç etrabynyň Pelwert geňeşliginiň Gülegenje obasynda doglup, mekdebi tamamlap Türkmenabatdaky mugallymçylyk institutynda 1956-njy ýylda himiýa-biologiýa mugallymy hünärine eýe bolýar. Ýene-de öz dogduk mekanyna gelip mekdepde çagalara bilim-terbiýe bermek bilen meşgu¬llanýar. Ol ilki başdan direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary bolup işe başlap tä 1982-nji ýylda hormatly dynç alyşa çykýança işleýär. 60-njy ýyllaryň ahyryna çenli Gülegenje obasynda hiç hili mekdep ýokdy. Oba adamlarynyň Hojanepes aganyň uly aladalary netijesinde obada täze tipli orta mekdep jaýy gurulýar. 640 orunlyk bu jaý iki gatdan ybarat. Hojanepes aga hemişe adamlaryň arasynda bilmeýän zatlaryny adamlardan öwrenip, bilýänlerini halk köpçüligine düşündirýär. “Amyderýanyň orta akymyndaky guşlaryň ekologiýasy” diýen temada bir topar makalalar ýazyp, olary Moskwanyň “Selskaýa žizn” Aşgabatda neşir edilýän gazet-žurnallarda çap etdirýär. Segseninji ýyllaryň ortalarynda Hojanepes aga Pelwert obasynyň adamlarynyň geçen asyryň 20-nji ýyllarynda başdan geçiren taryhy wakalaryny beýan edýän iri göwrümli eser ýazmaklygy ýüregine düwýär. Eseri ýazmak üçin awtor il arasynda aýlanyp, köp adamlar bilen gürrüňdeş bolup olaryň başdan geçiren wakalary il arasynda aýdylýan gürrüňleri ýazyp alýar. Men: - Hojanepes aga bu romany ýazmagyňyza ilkinji höweslendirlen zat näme? – diýip soranymda Hojanepes aga şeýle jogap berdi: -Men ýaşlykdan edebi döredejilik bilen meşgullanmadym. Ýöne ylmy makalalaryň bir toparyny ýazyp metbugatda çap etdirdim. Çeper eser ýazmaklyga bolan höwes ruslaryň Pýotr birinji hakyndaky romany okanymdan soň döredi. Romanyňyzdaky beýan edilýän wakalaryň aňyrsynda hakykat barmy? - Elbetde, bar. Men romanymdaky wakalary atam Juma Mejit oglunyň, Annamyrat aganyň, Öwezgeldi magsumyň başdan geçiren, gözi bilen gören, öz döwürdeşleri hakyndaky gürrüň beren zatlaryna esaslandym. Galyberse-de obamazykdaky ökde gürrüňçiler, rowaýatyçylar Babak Nazar, Annaguly Mämet, Gurbangeldi halypa dagynyň çeper kyssalaryndan peýdalandym. Köp zatlary şol adamlar bilen maslahatlaşdym. Enem Ogulnyýaz Şajyk gyzy hem garajyklaryň durmuşy barada aýdan gürrüňlerine salgylandym. -Sizde häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryndan täsirlenme nähili? -Men ozaly bilen türkmen klassyk edebiýatynyň wekillerine uly sarpa goýýaryn, olardan öwrenýärin. Şeýle hem Rähmet Seýidowy, Çary Aşyry, Aman Kekili, Allaberdi Haýydy, Naryman Jumany, Beki Seýtegi özümiň gaýybana halypalarym hasaplaýaryn. Şolaryň eserlerini okap, görüp, türkmen halkynyň ozaly bilen öz obamyzyň taryhyny ýazmaklyga höwes döredi. Hojanepes Jumaýewiň üç tussagyň ýatlamalary romanynda arassa ýönekeý pikir bilen obamyzyň toý-märekesinde edilýän däp-dessurlarymyz giňden görkezilen. Öz döwrüniň oba ekabyrlary, tanymal aşpezler, toýa görülýän taýýarlyklar, toý märekesiniň süweleňi, bagşylar barada aýdylyp geçilýär. Bu romanda obanyň ýaşaýjylary barada, olaryň kärleri, häsýetleri esasanam öňki oturylan guýylar, olaryň geografiki ýerleşişi barada anyk beýan edilen. Häzirki ýaş nesli terbiýelemekde uly goldaw bolýan awçylyk tilsimleri, Çary yzçynyň gürrüňleriniň üsti bilen yzçylyk, ünslilik usullary örän öwrenerliklidir. Ýaşlara zähmet terbiýesini bermekde we zähmet endiklerini ösdürmekde, halypa-şägirt ýoluny ösdürmekde bu romanyň adamlara täsiri uludyr. Romanda gürrüňleriň üsti bilen lebzi halallyk, dogruçyllyk, öz edýän kärine, adamlara hormat goýmak ussatlyk bilen görkezilendir. Öz döwrüniň pajygaly wakalarynyň üsti bilen ýaşlarda watançylyk ruhuny ösdürmekde, terbiýelemekde Watana bolan söýgini ösdürmekde uly täsiri bar. (Hajy işan, Nobat myrahyr Arypguly meletelpek). Romanda Türkmen alabaýynyň wepalylygy, gaýduwsyzlygy, gowy häsýetleri ýerlikli bellenilipdir. Hojanepes Jumaýewiň ,,Üç tussagyň ýatlamalary” romany 2009-njy ýylda az sanly çap edildi. Roman okyjylar tarapynda gyzgyn garşylandy. Romanyň içindäki dürli rowaýatlar, nakyllar, şeýle hem gahrymanlaryň başdan geçirimleri, adam atalarynyň üýtgedilmän alynmagy oba adamlaryň esere bolan höwesini has hem artdyrdy. Üç tussagyň aýdanyn höwes bilen okadym, Sypdyrmadym birsözün, otyryny, nokadyn. Eden hyzmatyň üçin seni Alla ýalkasyn, Hojanepes halypa, baky minnetdar saňa. Watany söýüp giden gerçekleriň ady bar, Nakyllary köp olaň, göwünleriň şady bar. Bu romanyň geljege galar baky ýadygär, Hojanepes mugallym, baky minnetdar saňa. Rowaýatly eseriň il göwnüne ýarady, Özüne maýyl etdi, doňan ýürek eredi. Ýürek joşup, bu goşgy çyn ýürekden döredi, Öwezdurdy okuwçyň baky minnetdar saňa. Öwezdurdy Annakulyýew, mugallym, Pelwert obasynyň ýaşaýjysy. AWTORDAN Diýdimzor sowet imperiýasynyň ilkinji ýyllarynda, ýagny geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň bas-ha-baslygynda, türkmeniň ylymly-bilimli, giň gözýetimli, barly-barjamly adamlary: «Baý-kulak, işan-molla» diýen bahana duwlanyp atyldy, ýa-da Sibire sürgün edildi. Indi pikir edip otursaň, şol elhençlikleriň ajy şarpygyny datmadyk türkmen maşgalasy az-az eken. Hut meniň atam hem şol bas-ha-baslygyň pidasy bolup, sowuk ülkä sürgün edilipdir. Hudaýa şükür, mukaddes Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen ýurdumyzam, halkymyzam erkinlige çykdy, bagtyýar durmuşa ýetdi. Hernä, ol günler indi hiç mahal gaýtalanmasyn! Men, esasan, öz neberäme niýetläp döreden şu eserimi ýaş nesle sapak bolsun, olar elmydama erkinligiň, häzirki bagtyýar durmuşyň gadyryny bilsin diýen maksat bilen ýazdym. © Jumaýew H., 2009. Atam Juma Mejit oglunyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn. I BAP. ÜÇ TUSSAGYŇ ÝATLAMALARY Size beýan etmek isleýän şu taryhy wakalarym Lebapda, Oktýabr rewolýusiýasyndan öňki we soňky döwürlerde bolupdyr. Ynkylapdan soňky döwürde Lebap türkmenleri, şol sanda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan türkmenler dargap başlaýar. Bularyň birinji tapgyry az sanly bolýar. Şeýle-de bolsa, 1918-1920-nji ýy1larda aklaryň, Buhara emiriniň goşun gullugynda bolanlar, bolşewikleriň syýasy garşydaşlary, bolşowizime garşy göreşen adamlar daşary ýurtlara gaçyp, geçmäge mejbur bolýarlar. Şolaryň arasynda Buhara emiriniň Lebapdaky wekilleri, olaryň maşgalasy, ýakyn adamlary-da göçýär. Bular, esasan, Owganystana, Eýrana göçüpdirler. Bolşewikleriň 1925-1928-nji ýyllarda ýer-suw reformasyny geçiren döwründe, ondan närazy gatlak Owganystana, Eýrana göçýär. Şonda baýlaryň, orta daýhanlaryň ýeri-suwy zor bilen elinden alnyp, garyplara paýlanýar. Bu bolsa, şu gatlakdaky hojalyklaryň ummasyz gaharyny getirip, olary Watany terk edip gitmäge mejbur edýär. Şu göç-hä-göçlükde baýlar öz tireleriniň adamlaryny-da öz ýanlary bilen äkidipdirler. Netijede, boşan obalar köp bolupdyr. Kanun boýunça söwdagärler, din wekilleri, çarwalar, ýer eýeleri hakyna adam tutup, işledip bilmändirler. Şol kanun şu gatlakdaky adamlaryň köpçülikleýin göçmegine getiripdir. 1929-1933-nji ýyllarda kolhoz gurluşygy döwründe göçenler has-da köpelipdir. Sebäbi daýhanyň malyny ortaga, ýagny kolhoza zordan almak, daýhanlary islese-islemese kolhoza agza etmek ýaly nädogry görkezmeler olaryň daşary ýurtlara toparlaýyn göçmegine sebäp bolupdyr. Soň baýlary synp hökmünde ýok etmek barada kanun çykýar. Bu kanun bolsa, olaryň başga respublikalara sürgün edilmegine, göçürilmegine eltipdir. Sowetleriň geçirýän bu çäreleri köp hojalyklaryň gaçyp daşary ýurda göçmesine eltipdir. Mutlak kapyryň halky öz gününe goýmajagyna akyly ýeten Meret Mejit ogly-da Owganystana göçýär. Gürrüňi ediljek bolunýan tussaglaryň biri Meret Mejit oglunyň beren gürrüňi esasynda ýazylan şu setirler, Sowetler döwründe bendide ýatan bendelerdir. Bularyň ilkinjisi Meret bolup, ol özüniň beren sözünde tapyljak bolup, serhetde ele düşenleriň biri. Ikinjisi bolsa, döwletiň zadyny basmaçylara aldyryp, özüne ýöňkelen nähak töhmetiň jebrini çeken tussag. Üçünjisi, bir topar göripleriň bir-biriniň üstünden ýazan nädogry habarlary esasynda 1937-nji ýyldaky bas-ha-baslyga duş gelen sada adam. Tussaglar dürli wagtlarda Krasnogwardeýskiý raýonyndaky bendihana gelipdirler. Olar ilki aýry-aýry brigadalarda işläp, soň bir-biri bilen tanşyp, berim üsti bilen bir baraga ýerleşýärler. Bular tokaýda agaç kesip taýýarlapdyrlar. Üçleriň nan-aşy bile bolupdyr. Olar gijelerine birek-birege başdan geçirenlerini gürrüň beripdirler. Kähalatda degşipdirler, gülşüpdirler, sögüşipdirler, emma tä bendilikden boşaýançalar agyz-dili bir bolup, bir-birini goldapdyrlar. Men şolaryň biri Meret Mejit oglundan eşidenlerimi, üstüne goşman, kagyza geçirdim. Serhetden aňyrda bolan wakalary 1972-nji ýylda Baku şäherindäki medisina inistitutyna Owganystanyň Altybölek gyşlagyndan okamaga gelen Merediň agtygy Janmyratdan eşitdim. SÜNNET Bir gün işden gelip giçlik naharymyzy iýdik. Ýatakhana gelende Öwezgeldi aga agraýan aýaklaryny uzadyp: «Çep aýagymyň dyzy çişip, gyzarypdyr. Ertir işe ýarajak däl, hekimiň ýanyna baryp, görkezeýin» diýip, hassahana tarap ugrady. Sagat ýarym geçenden soň gelip: «Indi janym ara geldi, agyry azaldy» diýip, hekimiň eden emini gürrüň berdi. «Ol sanjym edýän guraly bilen dyzçanagymyň içinden ep-esli iriň sorup aldy. Iki gün işden boşatdy. Eli-gözi dert görmesin şu jöhidiň, aýagyma, ine, görseňiz, melhem ýapyp, sarap berdi» diýip, lukmanyň saglygyny diledi. Şonda Annamyrat aga gepe goşulyp: «Men Garagandada bendilikde bolanymda bir heýkeltaraş jöhit bilen bile boldum. Ol Odessa diýen şäherden eken. Her gepinde «Ýa Odessit» diýip, kükregine kakardy. Ony bir görnükli, ölen jöhidiň heýkelini ogryn ýasap berendigi üçin dokuz ýyl iş kesip, bendi edipdirler. Ol örän ylymly-bilimli adamdy. Her kynçylykdanam baş çykarmagy başarýardy. «Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer» diýişleri ýaly, köp geplemezdi. Döwlet ýolbaşçylarynyň gybatyny etmezdi, olara sökmezdi. Ol aýdardy: «Jöhitler bilen araplaryň anrysy birdir, ýöne dini başgadyr. Musulmanlar Gurhana uýýan bolsalar, jöhitleriň mukaddes kitaby Töwratdyr. Olaryň ikisi-de Allanyň ýekedigini ündeýändir» diýerdi. Dynç günleriniň birinde hammama alyp gitdiler. Şonda seretsem, jöhide sünnet edilipdir. Men haýran galyp, ondan soradym: «Haçan seniň ujydyňy kesdiler?» diýenimde, ol «Eneden doglanyma sekiz gün geçende» diýip, jogap gaýtardy. Bizde bolsa sünnet ýedi ýaşyň içinde edilýär. Musulmanlarda «ýedi» diýen san has ýörgünli. Ýedi gat ýer, ýedi gat asman, ýedi ýoluň üsti, ýedi ölçäp, bir kes, ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşara çenli, ýada ölen adamyň ýedi sadakasy diýen ýaly aýtgylar bar». Men şol wagt durup bilmän: «Agalar, ýedi ýaşyň içindäki wakalar hiç wagt ýatdan çykmaýar» diýip, meni sünnete ýatyryşlary barada gürrüň berdim. «Bir gün atam çaý başynda «Oglum, seniň ýedi ýaşyň doldy, seni ullakan adam etjek» diýdi. «Nädip ullakan etjek?» diýip, atamyň ýüzüne gülümsiräp garadym. Atam: «Seniň eliňi halallatjak, sünnete ýatyrjak, soň sen towuk dagam soýup bilersiň» diýdi. Gorkymdan ýaňa gözüm garaňkyrap, başym aýlandy, sesimi çykarman, ýuwdunyp durdum. «Gorkan öňürder» diýişjeri ýaly, şol öýlän daýymlara gaçdym, peýşinara olara bardym, üç gün daýymlarda boldum. Dördünji gün daýym ýanyna çagyryp «Ýegen, «Myhmanyňky üç gün, üç günden soň göçgün» diýipdirler. Indi senem göç, ýola taýýar bol, öýüňize alyp gitjek» diýdi. Daýym eşegini gaňňalap, çöpürden dokalan horjuny üstüne atdy, beň ýüpüň iki ujuny çigip, horjunyň üstünden goýberdi, «häh» diýdi-de, eşegine mündi. Üzeňňä aýagyny iltänden soň: «Ýegen, eliňi uzat» diýdi. Elimi uzatdym, bir siltände eşegiň syrtynda ýerleşdim. Şeýdip eşekli öýümize geldik. Howlynyň derwezesi açyk eken, içeri girenden daýymyň çontusy aňňyryp ugrady. Çontynyň sesine ýene dört-bäş eşek aňňyryp, boldy bir warryk-da-wurruk. «Eşek eşekden galsa, gulak-guýrugyny kes!» diýenleri boldy. Görsem, garyndaşlar, hemsaýalar goýun soýup, gazan ataryp, bir zada taýýarlyk görýärler. Şol barmana daýym meni elimden tutup, tama alyp bardy. Ol taýda üç adam bar eken. Olaryň biri ussa bolara çemeli, sebäbi onuň adyny «Usta Magtym» diýip tutýardylar. Şol ussa daýy yşarat bilen daýyma meni körpeçäniň üstünde ýatyr diýdi. Daýym: «Ýegen, gel hany, bäri, «Boljak oglan pohundan belli diýenleri», görýän welin, gözleriňde gorky alamaty ýok, geç körpeçäniň üstüne, ýat şu ýerde» diýip, ýer görkezdi. Ýatdym, daýym uçgurymy çözüp, balagymy çykardy. Şol wagt men endamymdan bir bölek etiň alynjakdygyny bilýärdim. Sebäbi menden üç ýaş uly hemsaýam Çopan sünnet edilende nämeler bolýandygyny mundan bir ýyl öň gulagyma guýupdy. Ol, bilişine görä, taýýarlyk işlerini öwredipdi. Daýym: «Hany göreli, byzawyň çöwrülýärmi?» diýip, çükümi elledi. Seredip duran Magtym aga: «Boljak, hany, gapjamany al, gysyp dur, ganasa, gorkma» diýip, daýyma wagtal-wagtal tabşyryklar berdi. Görsem, garyndaşlardan biri aýaklarymy, ýene biri ellerimi basyp dur. Birdenem, häkilimde ýakymsyz yza duýdum, derledim, Usta Magtym: «Berekella, aglamadyň, indi sen Muhammet ymmaty bolduň» diýip, iki sany paşaýy teňňäni elime berdi. Soňra «Gutly bolsun-da, mübärek bolsun» diýşip, hersi elime dört-bäşden teňne berdi. Daýym bolsa, öz ýasan ak saply pyçagyny ýassygynyň aşagyna dykyp: «Bu menden ullakan adam bolanlygyň üçin sowgatdyr, ýegen!» diýdi. Daýym boljak işleriň hemmesinden habarly eken. Ussa Magtym sünnet işlerini tamamlandan soň, iki-üç günläp daşary çykmazlygymy tabşyryp, atam, daýym dagy bilen hoşlaşyp: «Bir gün habar ttaryn» diýip, ykyp gitdi. Daýym dagy ussany ugratmaga onuň yzyndan çykdylar, ussa gidenden soň enem, agam, gyz doganlarym bir topar bolup meni sünnetim bilen gutladylar. Hepdeläp dogan-garyndaşlar, daýy-ýegenler, hemsaýalar meniň sünnetimi gutlap, köýnekdir balak, dondyr ýektaý, tahýadyr sümmen ýalylardan üstümi gömdüler. Bir zat welin, entegem ýadymda. Siýesim geldi, näçe çynymy etsemem, hiç siýip bilmedim. Meniň üçin syçanyň hini müň teňňä döndi. Göwnüme bolmasa, ýarylyp barýan ýalydy. Atam: «Oglum, rahatlan, çygylma, öz-özünden gowy bolar, ommugy elýeterde goý-da, sabyrlylyk bilen garaş: «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýdi. Birneme köşeşdim, iki käse çaý içim pursat geçensoň, aýdyşy ýaly, siýip başladym. Ommugy ýarty etdim. Dünýäm giňäp, ýazlaga çykan ýaly boldum. Iki güni geçirip, ussa Magtym geldi, seredip: «Biraz çişipdir, ýaglaşdyryň, balak geýmesin, çigrek wagty daşary çykmasyn, kürte geýdiriň» diýdi. Enem topugyma ýetip duran kürte geýdirdi, çünki şol günler ertirlerine çigrek bolýardy. «Mizandan soň ýaz bolmaz, Nowruzdan soň gyş» diýişleri ýaly, agşamlaryna çyg, gyraw düşüp, ekin-tikinleri sowuk urýan wagtam gelip ýetipdi. Çakym çak bolsa, on iki-on üç gün geçende köýnek-balagymy geýip, onda-munda görnüp başladym. Şu ýyl bijin ýyly bolansoň, örän oýnakyrdy, «Sowuk urýan ekinleri tiz ýygnaly» diýşip gürrüň ederdiler. Bir gün ataň ähli maşgalamyza Meret aýynyň dördünji hepdesinde, sähetli günleriň birinde toý tutjakdygyny, meni orta çykarjakdygyny mälim etdi. Şol günden başlap toýa taýýarlanyp başladyk. Howludan daşarda iki tanap ýerimiz bardy, şony ekinlerden boşatmaga başladyk. Orulan jöwenleriň başyny gaňryp, harmana çekdik, soň olary alty eşek bilen döwdük. Atam wagtal-wagtal aýlanyp, tiz-tiz agdaryň: «Ýaby döwmez, ýabak döwer» diýip sargardy. «Eşekleriň tezeginden, siýdiginden häzir boluň, legeni ýakynrakda goýuň» diýerdi. Gepiň tümmegi, sanly günde toýa gelenleri oturdar ýaly ýer taýýar boldy. Jöweniň tommuklaryny kätmen bilen çapyp aýyrdyk. Toýuň sähedini bellemek üçin geňeş çagyrdyk. Toýy Meret aýynyň üçünji hepdesiniň ýekşenbe güni günortana çagyrmagy wadalaşdyk. Toýa Gurama-Mergenliden, Garabagşylydan, Müsürden, Itaklydan, Gülegenjeden üç ýüzden gowrak adam çagyrdyk. Döwlet bagşy Ärdana ogly, onuň şägirdi Annaguly bagşy dagam toýa çagyryldy. Toý günem gelip ýetdi, toýa kömek diýip bir agyl goýun-geçinidaýy-ýegenler, garyndaşlar, obadaşlar getirdiler. Erte toý diýen güni daşdan gelen gonaklar, gonak almaly adamlara paýlanyp berildi. Gün garaňkyrandan gije göreş başlandy, üstün çykan |pälwanlara halat, geçidir goýun berildi. Ertesi daň agarandan toý nahary bolan garmany taýýarlap başladylar. Gazan atarylyp, goýnuň ýagly, semiz etleri gazanda gaýnap başlady. Aşpezler: «Duzuny gör, susagy al-da, köpüklerini aýyr!» diýşip etleri bişirdiler. Soňra eti gazandan çykaryp, saçaklaryň üstünde serdiler. Sowandan soň şüňklerini aýryp, dogradylar. Süňklerini oglan-üşaga paýlap, dogralan eti dogralyp taýýar bolan petire garyp, gazana salybermeli etdiler. Çorbany täzeden gaýnadyp, dogralan nany gazana gaplap, çorba ezdiler. Garma taýýar bolýança, toý düşeklerini ýazyp, toýa gelenleri garşylap, oturtmaga başladylar. Mähelle bary geldi. Döwlet bagşy bilen şägirdi saz çalyp, aýdym aýdyp başlady. Bagşynyň daş-töweregi diňleýjilerden hyryn-dykyndy, «How, diýdim» diýen sesler yzly-yzyna ýaňlanýardy. Ikinji tarapdan jarçynyň: «Pälwan bolsaň, tabagyňy al, geçi serpaýy bardy-how. Armanly bolmaň, how, ikinji çanagyň goç serpaýy bardyr, how» diýen sesleri köpçüligiň sesi bilen garyşyp, ýitirim bolýardy. Şol wagt meni öýe çagyrdylar. Barsam, Gülegenjä düşen daýzam dagy gelen eken. Ogulnäzik daýzam özi tiken alaça donuny geýdirip, toýy mübärekledi. Soň ol gyzyna ýüzlenip: «Durdygül jan, senem adaglyňy gutlaweri, jan gyzym» diýdi-de, eneme tarap öwrülip, onuň gulagyna bir zatlar diýip pysyrdady. Durdygülem çym-gyzyl boldy, onda ne ses bar, ne-de seza, duran ýerinde dikilgazyk bolup dur. Menem alňasap, sesimi çykarmadym. Şol wagt daýym içeri girdi. Daýym: «Ýegeni orta çykarmaga taýýarlaň» diýip, çykyp gitdi. Entegem özüni ýitirip duran adaglym gözüni elek-çelek edip, öýden atylyp çykdy, özüni köpçülige urdy. Enemiň kä wagtlar: «Sen daýzaňyň gyzyna adaglysyň» diýeni ýadyma düşüp, adagly nämekä diýip oýlandym. Pikirlenere goýman, maňa bir topar don, ýektaý, köýnek, balak geýdirip, bilime orap bilen ýaglyklaryny orap, toýa gelenleriň öňüne çykarmaga taýýar etdiler. Daýym meniň taýýardygymy görüp: «Häzir el ýuwduryp, tagam çekeris» diýdi. Toýuň bekewüli Babanazar aga el ýuwdurylandan soň, toý nahary bolan garmany köpçülige çekmäge rugsat berdi. Alty sany kelläni nanyň üstüne goýup, her ýerräkde, gelen ýaşulularyň öňüne goýdular. Babanazar aga nirde ýetmezçilik bolsa, öz kömekçilerini şol tarapa gönükdirip durdy. Tabak goýlup bolansoň, Babanazar aga öz kömekçisine: «Birsellem göreşäm, bagşynam goýduryň» diýip sargady. Nahara «Bissimillany» Aman işan etdi. Toýa gelenler nahara başlandan, daýym elimden tutup, toýa gelenleriň öňünden aýlamaga başlady. Biziň yzymyz bilen kersende goýun buduny göterip, garyndaşymyz gelýärdi. Her sellemden bişirilen budy toý tutjaklar saklap, bir çümmük etinden ýolup alaga-da, agyzlaryna atýardy. Kersene paşaýy teňňedir rupyýa taşlaýardylar. Gelen myhmanlara, daýy-ýegenlere, garyndaşlara, hapyzlar urugyndan bolanlara serpaý bary ýapyldy. Nahara omyn edilenden soň, atama ak pata berdiler. Şol wagt toýuň bekewüli Babanazar aga gelip: «Hany, Mejit hapyz orta bar-da, mähellä öz minnetdarlygyňy bildir» diýdi. Atam orta baryp, sag elini ýüreginiň üstünde goýup: «Sylap toýa geleniňiz üçin köp sag boluň, minnetdar. Size-de toý tutmak nesip etsin» diýdi. Oturan halaýygam: «Sag bol-da, sag bol» diýişdiler. Şondan soň ýene göreş dowam etdi. Bagşylar saz çalyp, aýdym aýtdylar. Baş pälwanyň kimdigi ýadymda däl, ýöne agyldaky pälwanlara niýetlenen goýundyr geçiler gutaran ekeni. Toýuň şüweleňi ýarym gijä çenli dowam etdi». Şonda Öwezgeldi aga: «Tüweleme, toýuňa gowy geçipdir. Aýtmasa, at çapdyryp, altyn gabak atdyrmadyňyzmy?» «Ýok, ökde uly toý bolmandan soň, şolar ýaly ýaryşlar-a bolmady». Annamyrat aga: «Munça toý boldugy, kemi galmandyr toýuň» diýdi. Soň men: «Sizem sünnete ýatandan soň toý edensiňiz, hany, biriňiz özüňiz barada gürrüň beriň» diýdim. Öwezgeldi aga sagada seredip: «Wagtam gijikdi, ýataly, ertirem ir örlemesek, bolmaz, işem ýeňil däl» diýdi. Soňra her ýerli ýerine geçip, gyşardylar. MEKDEBE BARŞYM Toýdan üç gün geçipdi. Atam meni yzyna tirkäp, mollanyňka alyp bardy. Ýaňy sakgal-murt ören ýetginjek bizi garşylap, tama alyp bardy. «Oturyň!» diýip ýer görkezdi. Az salymdan gögümtil matadan oralan selleli, ak balakly, ak köýnekli, aýagy teletin köwüşli molla baba ýektaýyny ýelbegeý alyp içeri girdi. Biz ýerimizden turup, molla salam berdik. Ol: «Waleýkim essalam» diýip, salamymyzy aldy. Ýerine geçip oturandan soň: «Saglyga — salamat, ezýete — abraý» diýip, ellerini ýüzüne syldy. Bizem şony gaýtaladyk. Şondan soň saglyk-amanlyk soraşyldy. Saçak ýazylyp, iki çäýnek çaý geldi. Atam özümiz bilen getiren nanymyzy, etli saçagy orta süýşürdi. Molla baba saçagy açyp, goýnuň bujasyndan bir bölejik eti çümmükläp aldy-da, duz datdy. Atam molla ýüzlenip: «Oglumyň eti sizden, süňňi bizden», şuňa hat-sowat öwretseňiz, köp minnetdar bolardym. Molla: «Oglanda höwes bolsa, hat-sowat öwretmek biziň bilen» diýdi. Soň molla baba tagama omyn edip, aýat okady, elimizi ýüzümize syldyk. Hälki ýaş ýigit häzir boldy. Molla oňa saçagy boşadyp gel diýip, yşarat etdi. Ol saçagy boşadyp geldi. Soň tirkeşip öýe gaýtdyk. Men ýolboýy «Eti sizden, süňňi bizden» diýlen jümlä düşünmän, köp oýlandym. Toýdan bir hepde geçensoň, mekdebe gatnap başladym. Biziň hat-sowat öwrenýän jaýymyz inedördül, ini alty ädim, boýy alty ädim töweregi, ortasy sütünli jaý ekeni. Bu mekdep metjidiň gapdalynda ýerleşip, palçykdan diklenen pagsalary samanly laý bilen suwalypdyr. Günüň dogýan tarapynda dört sany dereçe goýlupdyr. Pagsa kakylan köp sanly syhça bardy, şondan biz ýektaýdyr donlarymyzy asardyk. Ýene pagsada sekiz sany tekçe bolup, olarda köp sanly kitaplar bardy. Oturýan düşegimiz örülen ekendi. Şu jaýyň kybla tarapynda mollanyň oturýan ýeri bardy. Öňünde tagtadan dört aýakly götergi, üstünde-de kitap, syýadan, galamdanda bolsa, galam bardy. Ol kitapdyr kagyzlaryny çep tarapyndaky tekjede goýup giderdi. Güpjegiň üstünde aýboşdaş gurap oturýardy. Gapdalynda üç-dört sany tut çybygy ýatardy. Mojuklyk edenleri çybyklap, tertibe çagyrýardy. Bile okaýan oglanlaryň arasynda menden dört-bäş ýaş ulysam bardy. Soň görüp otursam, olar mollanyň beren sapagyny özleşdirip bilmeýänler ekeni. Şolardan meniň gapdalymda oturýan Çary atly oglan has ýeserdi. Ol özüniň näçe gezek çybyk dadandygyna garamazdan, «hokga» çykarmaga ökdedi. Deň-duşlary oňa «Çary kel» diýip ýüzlenerdiler. Ol kel däldi. Bir wagtlar onuň kellesine örgün çykypdyr. Bu gylawly päki bilen saçy syrylandan soň bolupdyr. Örgünler gijänsoň, ony gaşap-gaşap beterledipdir. Soň oňa tebip melhem ýapandan soň, gowy bolupdyr. Şondan soň oňa kel lakamy galypdyr. Häzirler pikir edip görsem, Çary lakamyna tüýs laýyk eken. «Keliň iň bärkisi köpriniň aşagynda durup eşek ürküzer» diýenleri çyn ekeni. Bir gün mekdebe barsam, Çary mollanyň oturýan güpjegine bir zatlar çalyp otyr. Meni görenden ýylgyrdy-da: «Agzyňa berk bol» diýdi. Çalyp gutaransoň, elindäki daş käsäni metjidiň gapdalyndaky howuza taşlap goýberdi. Çary menden: «Ak düýäni gördüňmi?» diýip sorady. Men: «Ýok» diýdim. Az salymdan molladan sapak alýanlaram üýşdi. Molla gelip ýerinde oturdy. Her talyp özüniň bişiren sapagyny ýatdan aýdyp berdi. Men «säkgini» aýdyp berdim. Gezek Çara ýetdi, ýöne ol ýene mollanyň soraglaryna jogap berip bilmedi. Mollamyz ýerinden turdy-da, işige baka ýöneldi. Ýöräp ugrandan güpjek mollanyň ýektaýyndan asyldy. Mollamyz şatyrdadyp ýektaýynyň synlaryny güpjekden aýyrdy. Oturanlar näçe gülmejek bolup agyz-burunlaryny tutsalar-da, boldy bir «wakyrdy». Mollanyň gasyny köpelen ýüzi bir agardy, bir gyzardy. Çaltlyk bilen bir bökende daşary çykdy. Bir şalymdan mollamyz howuzdaky suwda ýatan sozma çybyklaryň iki sanysyny eline alyp içeri girdi. Oturanlardan ne şes, ne-de seza çykýardy. Molla duran ýerinden: «Mekdebe öň gelen kim?» diýip sorady. Hiç kimden ses çykmady. Mollamyz soragyny ikinji gezek gaýtalanda Çary kel «Men» diýip jogap berdi. «Onda köşek, bäri gel». Çary mollanyň ýanyna arkaýyn ýöräp bardy, onuň ýüzünde gorky alamaty ýokdy. Molla: «Şu işi eden oglany gören-ä dälsiň?» «Ýok, görmedim». Molla-da: «Şu pohy özüň iýen-ä dälsiň?» «Ýok, iýmedim». «Iýmedik bolsaň, balagyňy dyzyňa çenli çyzga!». Çary balagyny dyzyna çenli çyzgady. Sozma çybyklaryň biri bilen Çarynyň injiginiň hersine ýedi çybyk urdy. Çary kemteresinden gözünem gyrpmady. Molla Çara seredip: «Köşek, hany aýt, goýun sürüden bölünse, çopan günäkärmi ýa-da goýun?». «Çopan günäkär». «Dowzahy, ine, çopan günäkär bolsa» diýip, her injigine ýene üç çybyk urdy. Ol ýene sesini çykarman, dişini gysyp durdy. Mollamyz Çara oturmaga rugsat berdi. Soň mollamyz: «Her kesapat şumluk etse, iýjegi çybykdyr» diýdi. Öýe gidenimizde Çarynyň aýaklaryna syn etsek, onuň injiklerinde deraýy gyzyl yz galypdyr. Biz Çara: «Toba et-de, bu häsiýetiňi goý» diýdik. Onda ol: «Bu işler hiç-le, bähbit bolsun, men mollamdan öňem birki kepgir datdym ahyry». «Sen äwmän dursuň, bolan işi desbi-dähel ataňa habar ber» diýdik. Onda Çary: «Molla baranda hemmämiziň atamyz: «Eti sizden, süňňi bizden» diýip tabşyrmadymy näme?!» diýdi. «Tabşyranda näme» diýdim. Oglanlar meniň ýüzüme seredip: «Bu sähnä serediň-ä» diýen ýaly gülümsiräp durdylar. Ahyry Çary dillenip: «Eti sizden» diýdigi etine yza berseň hakyň bar, ýöne süňňüňe zeper ýetirme» diýdigi bolar, sony baryp aýtsaň, ataňam «Bir poh iýensiň» diýip, iýjegiň ýene çybykdyr. Ondan aýtmadygyň ýagşydyr diýdi. Şol wagt men «Eti sizden» diýen sözüň manysyna düşünip galdym. Oglanlar öýli-öýüne dargady. Şonda: «Ýelimi nireden aldyň?» diýip, Çarydan soradym. Ol: «Erik şepbik, ony eriklerden alyp, gaýnan suwda ýumşatdym» diýdi. Men haýran galmak bilen oňa seretdim. «Inijigim, betlik edip, molladan näçe gezek çybyk iýdiň?» diýip, Öwezgeldi aga menden sorady. Menem: «Ýeke ýola-da çybyk datmadym, çünki betlik etmedim, beren sapaklaryny mydama özleşdirdim». «Onda sen ökde gelipsiň, men bolsa «säkgini» gutarman, molla bilen hasaplaşdym. Iki ýyl mekdebe gatnadym, şol arada köp gezek sozma çybyklar baldyrymda, syrtymda döwüldi. Zehinim kütek bolansoň, mollanyň ýumuşlaryny özleşdirip bilmezdim, bilmesem, ol hem çybyklardy. Mollamyz gaharjaň hem husytrakdy. Bardy-geldi obada biri amanadyny tabşyrsa, çagyrylmasa-da, şol ýere tarap ýelk ýasardy. «Däli-dälini söýer, molla ölini» diýişleri ýaly, «öldi» sesini eşitse, durup bilmezdi. Ol hemişe ilden tamakindi. «Tamakin günde gamgyn» diýenleri, nebsine bir zatlar düşmese, ýüzüni sallap, onam talyplardan çykarjak bolardy. Olaryň gylyk-häsiýetleri barada il arasynda dürli degişmedir ýomaklar galypdyr. Meniň mollamam şolara meňzeşdi. Mollamyz elipbiýden «nun» n harpyny geçenden soň, her talybyň bir çanak un getirmegini talap edipdir. Şonuň üçin halk arasynda «Nun»-mollamyza bir çanak un» diýen degişme äheňli aýtgy döräpdir. Haçan-da «Rownak ul-yslam» diýen kitaby geçip gutaranam bolsa, her talybyň bir owlak getirmegini talap eder ekeni. Şonuň üçin il içinde «Rownak»-mollamyza bir owlak» diýen ýaly degişme äheňli aýtgy döräpdir. Mollamyz bize «Gel, köşek, aýt, köşek, gel, şabaz, diý, şabaz, oka, şabaz» diýip ýüzlenerdi. Bu sözleri onuň gowy görüp aýtmadygy-ha belli, sähel säginseň, üstümize küpürsärdi. Soran zadyny aýtman ýalňyşsaň, «wäher saňa, zäher saňa» diýip derrew çybyga ýapyşardy». Şol wagt men ara gep goşdum: «Ýok, biziň mollamyz olar ýaly peseňsiz däldi. Mojuklyk etseň, onam bilse welin, endamyňy alabeder ederdi. It dalan ýaly dalap, edeniňe puşman etdirerdi». Soň Öwezgeldi aga gürrüňi dowam edip: «Meniňki ugruna bolmady, bary pillempis boldy. Molla berenine puşman eden atam: «Sen, oglum, goý şu käri, barybir senden okuwly bolan ýok. Ikibaşdan saňa ýasda ýasyn okatjak işim ýok. Entegem bir pille, molla özüm aýdaryn» diýdi. Atam maňa köşek satyn alyp berdi. «Oglum, gowuja serenjam ber, hä diýmäge düýe bolar, şonda sen odun çekersiň» diýdi. Menem günde köşegimi idip, nirede bolrak ýandak barka diýip, selpäp ýördüm. Molla bile gatnan oglanlarym «Armaweri, köşek çopan» diýip, pitjiň atardylar. Wagt-warak geçip, köşegem düýe çykdy, atamyň aýdyşy ýaly, men odunçylara goşulyp, onda odun çekip başladym». Öwezgeldi aga gürrüňini tamamlandan soň, men bolan wakany ýene gürrüň berdim. «Hawa, şol ýelimli wakadan köp wagt geçmänkä, mollamyz Çara: «Köşek, sen mekdebe gatnamaňy goýaý, senden hiç wagt okap, ýazyp bilen bolmaz. Ataňa özüm aýdaryn» diýdi. Çary mollanyň aýdanyny goldaýan görnüşinde kellesini birnäçe sapar aşak ýokary galdyryp düşürdi. Bolsa-da, oňa mollanyň diýeni ýakmady, synlasam, onuň ýüzi ýedi ýuwlan ak esgi ýaly agardy, gan-kok galmady. Ol sesini çykarman, jaýdan çykyp gitdi». ADAMAK Meni köp wagtlap daýzamyň sünnet toýum gününde, gyzyna ýüzlenip: «Gyzym, toý bilen adaglyňy gutla» diýeni ynjalyga goýdy. Bu gepi «Kimden sorasam, gowy bolarka» diýip köp pikirlendim. Günleriň birinde öýe girsem, enem hamyr ýugrup oturan eken. Soň men gapdalyna baryp, çommalyp oturdym. Soňam: «Ene, adagly bolmak näme?» diýip soradym. Enem hamyr ýugurmasyny goýdy-da, ep-esli wagt ýüzüme garap dymdy. Bir haýukdan, ukudan oýanan ýaly, uludan pallap, gözüniň ýaşyny hamyrly eli bilen süpürdi-de, ýylgyrdy. Enem: «Hany, duldaky unsanajy alyp ber, ýogsam, hamyrym suwukrak bolupdyr» diýdi. Men haýal etmän, unsanajy getirip berdim. Enem sanaçdan birazrak uny kersene guýup, hamyry täzeden ýugurdy, soňam bir bölejik hamyry agzyna ýetirdi-de: «Duzam-a ýetmändir» diýdi. Gapdalyndaky duz torbany alyp, hamyra duz atdy, azrak suw guýdy, hamyry ýene täzeden ýugurdy. Baý, muştlady oturdy, ahyry boldy edip, ýene duzuny gördi. Hamyry kersende ýaýradyp, ony şapbatlady. Kerseni ini bir gez biýze dolap, sandygyň üstündäki ýorganyň arasyna goýdy. Kendirigini epläp ýygnady, gara tabakda eliniň hamyr ýokuny ýuwup, ýuwundyny it ýalaga dökdi. Diňe şondan soň meniň ýanyma gelip oturdy, kellämi sypalady, saçlarymy telim ýola barmaklarynyň arasyndan geçirdi. Şondan soň gözüme seredip: «Oglum, adamak hem adalmak ata-babadan gelýän däp-dessur. Bizem sen entek göwrämdekäň, Durdygülem dogulmanka, daýzaň bilen «Kimiň ogly bolsa, almaly, gyzy bolsa bermeli» diýip, ähti-peýman edişdik. Doglanyňyzdan soň duz alyşdyk. Daýzaň ikimiz ogul dogran bolsak, olary deň sünnete ýatyryp, deň öýermegi, eger gyz bolsa, deň durmuşa çykarmagy wadalaşdyk. Hudaý maňa ogul, daýzaňa-da gyz berdi. Indem sag-salamat ýigit çyksaň, Durdygül seniň gelniň bolar. Men ýörite zergäre buýrup, adalanyň tahýasyna dakar ýaly kümüş güpbelçekler ýasatdym». Şondan soň men «adaglamak» diýen sözüň manysyna düşünip galdym. «ÝA, REMEZAN!» Bir gün işden gelip, çaý-çöregimizi iýip, ýatýan jaýymyza geçdik. Şonda Annamyrat aga: «Şu gije «Ýa, remezan!» gygyrylýan gündür, men ony Abdyrahman gazakdan eşitdim. Erteden agzy beklemeli günmiş» diýdi. Soň biz ýaşlygymyzy ýatlap, bir wagtlar «Ýa, remezan!» gygyryşymyz barada biri-birimize gürrüň berdik. Öz gezegimde men hem olara şeýle gürrüň berdim: «Biz bäş oglan bolup, Çary kel başlyklaýyn «Ýa, remezan!» gygyrdyk. Çary bizden uly bolansoň, öňbaşçy hem samap gygyrmagy öz boýnuna aldy. Men jöwen üçin, ikinji oglan bugdaý üçin, üçünjimiz erikkak, igde we şuňa meňzeşleri salar ýaly torba aldyk. Dördünjimiz bolsa, itden goranar ýaly, bir gulaç çemesi uzynlykda tommakly taýak aldy. Şeýdip obany aýlanmaga başladyk. Öňi bilen obanyň ýokary çetinden Hezretguly agalardan başladyk. Şu günki ýaly ýadymda, Çary gygyrman, ýaýdanyp durdy. Bizem: «Bol-da, bol!» bolşup, ony gyssap başladyk. Çary ahyry «Bismillähir-rahmanni rahym» diýip, şowladyp iýberdi. «Ýa, Remezan!» aýlary geler-de, geçer, eýerläp, müner-de gaçar, Behişdiň işigin Hak, jomart açar. Hak Resulam jennetiň işigin açar, Size-de Hudaýym uly bagt seçer, Hak Resul ymmaty, ýa, remeza-a-an! Birinji gygyryşymyz bolansoň, ahyrynda «Ýa, remezany» sozup aýtmaga derek, gysga «an» diýip gutardyk. Çary kelem gaharlanyp: «Sizlerdenem bir «Ýa, remezan!» gygyran bolarmy?» diýip, hüňňürdäp, ösmezek etdi. Şol barmana gapy şakyrdap açyldy, içerden bir daýza çykyp, bir okara jöwen getirdi. Daýza: «Hany, ýene bir gezek gaýtalaň, ýogsa, bizler-ä ýagşy eşitmedik» diýdi. Diýenem senmi, ýene öňkini gaýtaladyk. Jöweni torba guýup, gapy-gapy syrmagy dowam etdik. Soň uly howlynyň derwezesiniň öňüne baryp gygyrdyk. Bu howlynyň iti welin, üýrmesini goýmady. Oňa garamazdan, Çary ikinji ýola gygyrdy. Mekgede bir agaç gördük, Pürli-pudakly, Allahym bir ogul bersin, ýolbars ýürekli, olam bolsun mydam ile gerekli. Hak Resul ymmaty, ýa, remezan! Bu sapar ahyry «ýa, remezan!» diýenimizde sesimiz sazlaşykly çykdy. Itiň sesi welin, ýatar ýerde ýatmady. Çaram derwezä has ýakyn baryp: «Köp berenden tiz beren» diýip gygyrdy. Çary: «Bulardan köçe gopjak däl, gideli, oglanlar» diýdem welin, demir taslamaly agyr derweze jagyldap açyldy. Içerden göwremen, sakgally biri çykyp, gysymynda bir zady görkezip: «Ýene bir ýola gygyrsaňyz, şuny berjek» diýdi. Çaram: «Juda gygyrarys, kemini goýmarys» diýip, ardyndy-da, saýrap başlady: Aşyňy iç-ä, aşyňy iç, Aşyňy içen derlesin, Size gelen belalar, Daga-daşa ýaýrasyn, Hak Resul ymmaty, ýa, remezan!» diýdi. Sesimiz kesilenden ýaňky adam gysymyndaky zady Çara berdi. Aýyň ýagtysyna ýaňky zat ýalpyldap gitdi. Men onuň kümüş puldygyny aňşyrdym. Azrak ýöränden soň, Çary gysymyny açdy, görsek rupiýa ekeni, oňa iki bolup bilmedik, bijaý begendik. Çarydan: «Sen ol adamy tanaýarmyň?» diýip sorasam, «Oňa Nobat myrahyr diýerler» diýip, hondanbäri gopbamsyrap, bar kişini tanaýandan boldy. Biz şol barmana üç sany hatara oturan gümmez kepbäniň üstünden bardyk. It üýrmänsoň, kepbeleriň ýanyragyna baryp gygyrdyk: «Mydam başyň dik bolsun, Ogul-gyzyň jüp bolsun, Eden işiň päk bolsun, mydam ýaran Hak bolsun! Hak Resul ymmaty, ýa, remeza-a-an!». Sag kepbäniň işigi ýuwaşja açyldy, içerden ýaş gelin çykdy. Elinde bir saçak ap-ak gowrulan mekge patrak. Gelin ýakynymyza geldi-de, gülümsiräp: «Ýene birini aýtsaňyz, baryny berjek, ýogsa-da, ýaryny» diýdi. Çarynyňam ýat haltasy dürli bentlerden doly bolansoň, ýene birini güzledip goýberdi: «Biz-ä sizi baý gördük, Tüýnügňizden Aý gördük, Altyn bilen apardyk, Kümüş bilen gopardyk, Az bereniň gyzy bolsun, Köp bereniň ogly bolsun! Hak Resul ymmaty, ýa remeza-a-an! Gelin jakyrdap güldi-de, gowrulan mekgäni üçünji oglanyň torbasyna agdardy. Gijäniň ýaryna çenli «Ýa, remezan» gezdik. Ahyry bir howla baranymyzda bir ýaşuly çykyp, Çarynyň ýüzüne bakyp üç gezek dagy bir zatlar diýdi. Bizem, näme ahyry ýa remezanyny diýerdik. Ýaşuly gysymyndaky paşaýy teňňäni Çara berip: «Indi öýüňize gidiň, il uklady, hä diýmän daň atar» diýdi. Gojanyň aýdanyny makul görüp, öýe ugradyk. Şol wagtam aşaky obada «Ýa, remezançylaryň» sesleri ýaňlandy. «Biz gygyrmany goýanda, bular näme üçin gygyrýarlar» diýip, Çary dillendi. «Bu bihepbeleri gygyrmaz ýaly edeliň, hany, yzyma düşüň!» diýip, Çary şol tarapa ugrady. Men oňa garşy çykdym: «Dost, sen ýalňyşma, olar seniň bereniňi iýmedimi, goý, gygyrsynlar, bize näme». Ýöne bu gezegem kel kelligini edip, üç oglany öz tarapyna azdyryp aldy. Olar Çaryny goldadylar. Men öýe ýeke gaýtmaga gorkyp, olaryň yzyna düşmeli boldum. Şeýdip ýa remezan gygyrýanlary aňtap başladyk. Olar bir gabşala gelende Çary eli taýakly olaryň öňünden çykyp: «Torbalaryňyzy ýerde goýuň, bolmasa, baryňyzy urup ýykaryn» diýip haýbat atdy. Oglanlar kelhandan köp ýaş bolansoň, gorkularyna, sen-men ýok, torbalaryny ýere taşlap, göterdiler ökjäni. Çary hondan bäri, iş bitiren kişi bolup, torbalaryň ýanyna baryp, bize-de bäri geliň diýip yşarat etdi. Ol oglanlaryň birine: «Tulparja, hany, torbalarda näme bar, barlaşdyr» diýdi. Tulpar, diýseň tulparja, pitdikleseň ýaryljak, bu zaňňar togalanyp bardy-da, torbalara elini sokup barlamaga durdy. Ol ýetişip bildiginden: «Bul bugdaý, bu jöwen, bu igde» diýip, sanap başlady. Oňa: «Jöwen bilen bugdaýda biraz goýdy-da, galanyny öz torbamyza agdar» diýdi. Soň biz awy oňan tilki ýaly, öýe baka ugradyk. Çary ýolboýy sykylykda «Sen-seni» çalyp geldi, başgalarmyzdan welin, ses-seda çykmady. Haçanda dargaşmaly bolanda Çary bize: «Bu bolan işi hiç ýerde aýtmaly däl, agzyňyza berk boluň. Torbalary, pullary özüm saklajak, erte agşam ýene şu ýere jemleneris, «Ýa, remezan» gygyrarys» diýdi. Ol torbalary göterip, öýüne baka ýumlukdy. Bizem öýli-öýümize dargadyk. Ertesi agşam ýene «Ýa, remezan» gygyryp ugradyk, ep-esli jöwen, bugdaý, teňňe düşdi. «Osursaň, ýakaňdan çykar» diýleni, aşaky obanyň oglanlary Çary keli tanap, ony agalaryna ýamanlapdyr. Şol gije indi gygyrmany bes edip, öýe gaýdaly diýip durkak, aşaky obanyň iki sany dyzman oglany taýakly alymyzdan çykdy. «Zora zor bar, ejize ejiz ýok» diýişleri ýaly, Çara-da zor geljek bu iki ýetginjek oňa tarap ýönükdi. Olaryň biri Çarynyň ýakasyndan tutup, ýeňsesine bir degirdi, kelhan diň arkan gaýtdy. Biz gorkymyzdan torbalary taşlap, aýak aldygyna öýe gaçdyk. «Bu bolan wakany aýtmasyz» diýip, öýli-öýümize ugradyk. Ertesi, oglanlara aýtman, men Çarylara bardym. «Çaryny çagyryň» diýsem, enesi: «Ol agşam gelmedi, daýylarynda galandyr» diýdi. Ýeke-ýekeden oglanlary jemledim, Çarynyň gözlegine çykdyk. Şonda Hudaýberdi tulpar: «Öz-ä bolsa, taraşlaryň harabasyndadyr» diýdi. Soň biz tulparyň diýen harabasyna bardyk. Barsak, bu haraba biziň Çary bilen baljöwen soran ýerimiz eken. Görsek dodaklary ganjaryp, çişipdir, gözüniň aşagy hem gap-gara, gowuja ýenjilipdir. Men içimden «Gazma, düşersiň, ýakma, bişersiň!» diýenleri. «Bu, sebäbi atalardan arkama-arka geçip gelýän dessur ahbeti» diýip, içimi gepletdim. Soňra biz Çarydan näme bolanyny soradyk, ol bolan işi gizlemän aýdyp berdi: «Urdular, özäm gowuja urdular. Sizem näme, namartlap, gaçdyňyz, eger hemmämiz garşysyna duran bolsak, kisämdäki teňňeler galardy. Ýeke galanymdan soň, kisämi barlap, hemmesini aldylar. Entegem düýnki rupýa hem teňňeleri özüm bilen almandyryn, alan bolsam, olaram gitjek ekeni. Men bu ýagdaýda birki gün meýdana çykyp biljek däl, meni öýe eltiň» diýdi. Enesi Çaryny görenden: «Waý-eý, balam, ýüz-gözüň näwüran, näme boldy saňa?» diýip gygyryp başlady. Çaram: «Tutdan ýykyldym» diýip ýalan sözledi. Bizem aňkaryp durman: «Erte geleris» diýip, öýe baka ugradyk. Ertesi jöwendir bugdaýy bazarda satyp, pullara süýji almagy wadalaşdyk. Bazar güni Çary bilen Welli gidip, jöweni, bugdaýy pullap, üstüne rupýa bilen teňňeleri goşup, alty gadak nabat hem kemput getirdiler. Iýenimizi iýip, galanyny paýlaşdyk». «Ýaşlyg-a hezil, Öwezgeldi aga, ýatlasaň, ýatlap oturmaly. Indi ýaşlygyň gaýdyp geljek gümany ýok. Ölmän tussaglykdan boşasam, dogduk mekana aýlanaryn, gelnimi bolsa ýa görerin, ýa görmerin, peýmanam dolup ölsem, Hudaý gargan adam bolaryn. Bolan işler tötänden bolmady, oňa men günäkär. Indikide bular ýaly işler gaýtalanmaz. Ýöne sag-salamat mekana dolansam, gömen zadymy gözlärin. Tapmagymam ahmal» diýip, sözüni jemledi. Annamyrat aga: — Gömüsgäňi orslar tapandyr, onuň üçin heläk bolma. — Niýetim-ä, ölmän mekana barsam, her edip, hesip edip, Öz-ä olary agtarmak. — «Ýagşy niýet ýarym döwlet» diýleni» hökman agtar, inijigim, tapsaň, bizäm ýatlaweri. — «Gürrüňi bolmaz, agalar! Soňra-da, näme, ýatdyk. EŞEK URŞY Bir gün mollamyzdan täze sapak alyp, öýe gaýtdym. Howlymyzyň ilerisinden geçýän Işan arygyň üstünden howla tarap geçýän paýapyl bardy. Şol paýapylyň üstünden häli gaýra, häli ilerligine gatnap duran kimkä diýsem, Çary ekeni. Men bärden baranymdan: «Meret, men-ä mollanyň bar taky-tukysyndan dyndym, sen haçan dynjak?» diýdi. Menem: «Aý, wagty gelende dynaryn-da» diýdim. Meniň molla gatnap başlanyma ýaňy bir ýyl bolupdy. Bir salym gürrüňleşip durduk. Soň Çary meni ýekşenbe güni Pelwerdiň Ýeketal bazaryna baryp, eşek urşuna tomaşa etmäge çagyrdy. Men içimden goç, it, horaz uruşdyryşlary ýaly, eşegem uruşdyrylýandyr diýip pikir etdim. «Bolar, gitsek, gideli» diýdim. Soňkusy güni Ýeketal bazaryna bardyk. Men ene-atama gitjegimi aýtmadym. Gurama arygyň raýyşyna çykyp, pyýadalap Ýeketala bardyk. Bazaryň ýokary tarapynda daşyna bir pagsa haýat aýlanan eşek saraý bar eken. Saraýdaky eşekleriň sany-sajagy ýok, olaryň aňyrsy-bärsi görünmeýär. Ol ýerde eşek, at, düýe-de bar. Çary meni yzyna tirkäp bir beýige eltdi-de: «Şu taýda dur, gozganma, tot-tozana gömülme» diýdi. Çary bir ýortanda üç sany häňňini boşatdy. Öňem gazygyna zor salyp duran häňňiler dazlaşyp, madalaryň üstüne topuldylar. Wagty elden bermän, bir salymdan madalaram gazygyndan boşatdy. Madalar gaçdy, häňňiler kowdy, boldy bir ala-galmagal. Eşekler biri-birinden möwç alyp, «Eşek-eşekden galsa, gulak-guýrugyny kes» diýleni boldy. Olaryň sojap aňňyrýan sesleri biri-birine goşulyşyp, güwläp duran bazarçylaryň sesini ýitirim edýärdi. Eşekleriň tozan turzuşyny gören saraý sakçylary olary tutup, daňmaga synanyşdylar. Olar biri-biri bilen gemrişip, tutdyrar ýaly däldi. Bu gykylyga bir topar bazarçy goşulyp, tomaşa etdi. Ahyry bir gojanyň akyly bilen gazykdaky boşan ýüpleri getirip, eşekleriň boýnundan syrtmak salyp, çekensoňlar, olary biri- birinden aýyrmak saraý eýelerine başartdy. Saraýbanlar: «Bu kimiň işikä, eşekleri biri boşadypdyr, bolmasa, eşegiň eli ýok, gürmegi ýa-da gazykbagyny çözer ýaly» diýşip durkalar, ýakynjakda bir bazarçy eşegine horjunyny atyp, gitmäge meýil edende, saraý sakçylarynyň biri onuň ýanyna baryp, gazyk puly sorady. O-da: «Gazyk puluňy hol haýatda oturan oglandan al, ana, şol oglan mojukçylygyň eýesi» diýdi. Saraýbanlar gazyk puluny ýatdan çykaryp, çermeklerini çekip, Çary kele tarap okduryldylar. Çaram rejäniň geň däldigini bilip, berdi ýazzyny. «Duran tutular, gaçan gutular» diýenleri boldy, birsellemde buludyň saýasy ýaly, ýom-ýok boldy. Ol gaçmazdan öň elini kelemenledip, senem gaç diýip, maňa yşarat etdi. Bir wagt ukudan oýanan ýaly, özüme geldim. Öz-özüme: «Gaç tizräk, namart» diýip, haýatdan böküp, özümi bazarçylaryň arasyna urdum. Bazarçylardan ýaňa aýak basara ýer ýok eken. Adamlaryň arasy bilen öýümize tarap* ylgadym. Öldük-de zordan çykyp, ýola düşdüm. Bazara gelen ýolum bilen ýortup ugradym. Orta ýolda tutbalagyň arasyndan Çary kelem çykdy. Men oňa: «Sag-aman sypdyňmy?» diýdim. «Sypandyryn öz-ä, ele ilen bolsam, olar meni körüň eline bit düşen ýaly etjekdiler» diýdi. «Mydama adam, ham süýt emenligini edýär, ýogsa eşeksaraýda körüň barmy, çagalykda ýalňyşýan ýeriň köp bolýar eken» diýdim. Öwezgeldi aga dillenip: «Inijigim, ýeke sen däl, menem çagalykda şumluk baryny edendirin» diýdi. — Öwezgeldi aga, şumlugy men etmedim, Çary kel etdi ahyry. — Hany, sakgaldaş, näme hokga çykaran bolsaň, bizem eşideli, aýdyp başla — diýip, Annamyrat aga Öwezgeldi aga ýüzlendi. OÝUNLAR Öwezgeldi aga-da soňky agşam ýaşlygy barada gürrüň berdi. Şonda ol: «Meret, sen ýaşlygy ýada saldyň, seniňki dogry, indi ýaşlyk dolanyp gelmez, ýöne ýatlap oturmaly» diýip, söze başlady. «Bir gün oglanlar bilen hekgal oýnadyk. Bu oýun örän gyzykly. Ýöne şu oýundan welin, bijaý çürkendim. Hawa, şol gezek döwürçi bolanymda hekgal taýajygyny ras urdum welin, taýajyk on bäş ädim dagy uçup, gapdaldaky händege baryp düşdi. Eşekçem daýaw uzyn oglandy, sen-men ýok, arkasyna hopba boldum-da: «Çüw, atym» diýip, aýaklarym bilen buduna depdim. Eşekçi ylgap baryp, meni händege taşlady. Händegem adam boýy çukur eken. Edil golça gaçan ýaly, pötläp düşdüm. Şonda, ine, şu çep elim aşagymda galyp, bilekden döwlen eken. Ýerimden turup bilmän, köp ýatdym. Ýaňky oglanam heňkirip: «Jögülik etme, bol tizräk, indi sen eşekçi bolmaly» diýip, jabjynyp durdy. Onýança oglanlar gelip, meni galdyrdylar. Görsem, çep elim birhili sallanyp dur. Oglanlaryň biri: «Öwez baý, eliň döwlüpdir» diýdi. Soň oglanlar goltugyma girip, händekden çykardylar, itek-çomak öýe aşdym. Bagtyma, atam öýde eken. Atam iňirdeý-iňirdeý: «Seniňki näme, işiň jygba-jygynda, gözbagçy oýnanyňda gözüňe çöp gaçany ýadyňdan çykdymy?» diýip, eşegini getirmäge gitdi. Enem bolsa, daşymdan aýlanyp: «Wah, jan oglum, nädipler eliňi döwdüň, indi näderis» diýip käýendi. «Bilmän händege gaçdym, ene, aglama, hiç zat bolmaz» diýip, eneme göwünlik berdim. Enemem: «Jan oglum, şol oýny oýnama diýe-diýe, dilim syryldy, indem giç, boljagy bolansoň» diýip ýene aglady. Eşege syrtlaşyp, Isa diwana diýen tebibiňkä bardyk. Tebip öýünde ýok eken, orta ýaşlaryndan geçen daýza çykyp, atama salam berdi. Atam: «Amanlykmy, diwana ýokmy?» diýip sorady. Ol: «Agam Itakyla gitdi, erte geler, bu gün-ä gelmez» diýdi. Elim boýnumdan asygly bolansoň, ýaňky daýza: «Eli döwüldimi, ýada çykdymy?» diýip sorady. Jogaba garaşman, elimi barlady-da: «Aýny wagtynda gelipsiňiz, öz-ä döwülipdir, garaşyň» diýdi-de, tamyna girip gitdi. Bir sellemden gamyş, pyçak, ýüp alyp, tamdan çykdy. Gazan, gapak getirdi, elimi şonuň üstünde tekiz ýatyryp goýdy. Elim agyryp başlady. Daýza: «Gorkma, häzir goýar» diýdi-de, elimi owkalap: «Indi eliňi gorjama» diýdi. Soň ol: «Eliňi seýikledim, indi şujagaz gamyşlary ýerine goýsak, has oňat bolar» diýip, alty hatar gamşy bilegime goýup, inçe ýüp bilen gowy sarady-da, bilegime ýaglyk orady. Atamyň ýaglygyny alyp, elimi boýundan asyp berdi. «Birigün geliň, mumyýa-da alyp geliň. Ony agama görkezersiňiz» diýdi. «Bolar, köp sag bol, keýigim» diýip, atam onuň aklygyny berdi. Biz eşeklenip öýe gaýtdyk. Soňky baranymyzda lukmanam bar ekeni. Isa aga elimiň sargysyny çözüp, döwlen ýerini basyşdyryp, elmeläp gördi-de: «Gülendam süňkleri ýerine dogry eltipdir, ýatanda, turanda häzir bol, näçe ýaşan bolsaň, şonça günde eliň biter» diýip, loh-loh güldi. Bir bölek mata dolap mumyýa berdi. «Muny agşam ýatar wagty ümsümlik bolar, şonda mäş ýalysyny günde içirersiňiz» diýip atama berdi. Atam teňňe berjek bolsa, almady, «Öňki bereniň bolar» diýdi. Ýadymda däl iki aý dagy geçdi, elim gowy boldy». «Öwezgeldi aga, ol oglan gaty birehim eken, näme üçin ol sizi händege taşlady?» diýip soradym. «Men aýtdym-a, ýaňky hekgalçöp händege baryp düşdi» diýip. Şol çöp nirä baryp düşse, eşekçi döwürçini şol çöpüň duran ýerine arkasyna hopba edip eltip goýmaly, oýnuň düzgüni şeýle». — Hekgalçöp diýeniňiz ulumy, nähili? — Ýok, uly däl, onuň uzynlygy garyş ýarym töweregi, ýogynlygam başam barmak ýaly, uranda döwülmez ýaly, erik agajyndan ýasalan bolsa, has gowy. Hekgalçöpüň iki ujy ýonulup, inçeldilen bolmaly. Ýerde ýatyrylan, uçlary ýere degmeli däl. Soňra ony ýere ýatyryp goýmaly-da, egmekli taýak bilen bir ujuna batly urmaly, çöp dessine böker welin, wagty sypdyrman, çalasynlyk bilen ony urmaly. Görşuň ýaly, inijigim, meniň uran hekgalçöpüm händege düşdi, eşekçäm näbilsin meniň elimiň döwüljegini, çöpüň düşen ýerine eltip taşlady. — Sakgaldaş, eliň oňat bolansoň, ar almadyňmy? — Ýok, atam aýdardy: «Daş bilen urany, aş bilen ur» diýip. Bary bilmezlikde bolupdyr, olary, aýratynam, günäkäri sadakamyza çagyr» diýdi. — Inijiklerim, ynha, serediň bilegime, bitişen ýeri birneme tüňňüräkdir, işe-hä zyýany ýok — diýip, bilegini görkezdi. Annamyrat aga-da: «Ikinji gezek dagy döwüp, zeper ýetirensiň, sakgaldaş» diýdi. — Ýok, soň döwmedim, bir gün eşek sebet bilen ýerimize ders çekdim. Şonda eşek durmaly ýerinde durmady, gaharyma eşekhile bilen kellesine gowuja ýelmedim, eşegem dazlap gitdi. Eşegiň nogta ýüpi şu çep elimde bolansoň, azrak ýere süýredi. Şonda şu döwlen ýeri süýnüpdir ýa-da gowuja zahym iýipdir. — Köp oýunlary oýnadyk, ýöne şu hekgal diýen oýny welin, oýnamadyk. Oýundan ýaňa, sorama, çaý-çörek iýmän, etmeli işiňi etmän, ýüpsüz daňylýan wagtlarym az bolmady. Biz karsmal, eşekaly, gözbagdy, horaz urşy, gizlinpeçek, suwda çümdi-kowdy ýaly oýunlary oýnardyk. Bir ýola suwa düşülýän güzerde oglanlar bilen çümdi-kowdy oýnadyk. Şonda tarylar tiresinde Jumak diýen bir oglan çümüp kowmaga derek, çümmän, gulaçlap ýüzüp geläge-de, arkama şapbatlap: «Indi sen kowmaly» diýdi. Menem etdim dawany «Çümüp kowmaga derek, ýüzüp kowduň» diýip. Bu jenjeliň ahyry urşa ýazdy. Tarylar bizden köp bolansoň, jedelçi diýip, meni urdular. Öýe baranymda enem: «Wah-wah aýny, sallama sajak bolup gelşiň näwiran, hi bu çakada galmak bolarmy, hany köwşüň, başgabyň, ýüzüňem ganjarypdyr» diýip, jowranyp başlady. Menem hamsyga-hamsyga bolan wakany eneme gürrüň berdim. Enem «Indikide olar ýaly oglanlar bilen oýnama» diýdi. Öwezgeldi aga-da: «Inijigim, oýnuň ahyry kä halatda urşa ýazýar, ýagşydan ýaman döräniň biri ýok ýerden jenjel tapyp, ýa-da saňa etmedik işiňe melamat ýapsa, uruşmaly bolýor» diýdi. Annamyrat aga: «Meret, sen soň aryňy aldyňmy?» diýip sorady. «Aryma-a aldym, Annamyrat aga! Wagt, warak geçdi, bir gün olar gum etekde oýnap ýör ekenler. Olaryň arasynda Jumak diýen oglanam bar. Men bärden barandan bular gyrgy gören serçe sürüsi ýaly, hersi bir tarapa pytrady. Menem düşdüm Jumagyň ökjesine, iki bökende ojagaz tulparyň yzyndan ýetdim. Aldym depeginiň aşagyna, garaz, körüň eline bit düşen ýaly etdim. Ahyry «Çümüp kowaýyn» diýýänçä urdum» diýip gürrüň berdi. | |
|
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||