11:09 Üç tussagyň ýatlamalary -9/ romanyñ dowamy | |
ADALAT
Romanlar
Şol gün biz Öwezgeldi aga bilen işe gitdik. Annamyrat aga bolsa, brigadiriň tabşyrygy boýunça nobatçylyk etdi. Ol baragyň içini syryp-süpürmek üçin ýatakda galdy. Işden ýadap, zordan giçlik nahara bardyk. Pudalan agaçlary maşyna ýüklände täjik ýigidiniň seresapsyz hereket edendigi sebäpli, agaç togalanyp, iki aýagyny baldyryndan omurdy. Ony hassahana getirýänçäk laky-tak durduk. Annamyrat aga bu habary eşidip: «Ölmese bolar, ýaş tendir, işşallasa gownar gider» diýdi. Soň ol çäýnegini alyp, çaý getirmäge gitdi. Gelensoň: «Hany, bir stakan çaý içiň, ýadawlygam ýom-ýok bolar, görýän welin, has ýadapsyňyz ýaly-la» diýip, stakana çaý guýdy. Gowy çaýdan ýetirensoň, ýadawlygam aýrylan ýaly boldy». Meret, şu gün ýaz ysyny duýduňmy? Bu taýa-da ýazyň ýeli geljek öz-ä» diýip, Öwezgeldi aga maňa ýüzlendi. «Men-ä, Öwezgeldi aga, ýaz ysyny duýmadym, ýöne wagtam boldy, mart aýynyň içi, islese-islemese, ýaza çykylmaly» diýdim. Şonda Annamyrat aga: «Häzir Garagum owlak-guzynyň mäleýän sesinden dolandyr, çopanlar döli ýitgisiz almak ugrunda çalyşýandyrlar» diýdi». Öňler goýny hojalyklar çöle ýazlaga çykardy, goýun sagyp, balhy-balhy sary ýag taýýarlardylar. Dek şu günler bolsa, kolhozyň goýunlaryny sagýanam ýok, sagjak bolýanam. Çopanlaryň arasynda-da her hili, ekiz ýa-da üçem tokly aljak bolup, pikir edýänem ýok. Oňa goýun ýalky dogsa ýeterlik, ýüz goýundan ýüz on tokly alsa atly çopan bolýar» diýip, Öwezgeldi aga närazy seslendi». Sakgaldaş, dogry aýtdyň, öňleriň çopanlary sürini semiz saklardy, gije-gündiz diňe her goýundan iki-üç tokly almak üçin göreşerdiler. Men şonuň şaýady, bolan bir wakany aýt diýseňiz, aýdyp bereýin» diýip, Annamyrat aga bize ýüzlendi. Öwezgeldi aga-da: «Aýt, inijigim, olar ýaly bolan zat dagy bolsa, eşideli, gulagymyz sende» diýdi. Şondan soň Annamyrat aga söze başlady: «Men ol wagtlar ýaňyja on ýedi ýaşymdadym, iki ýyl bäri Mämmet baýyň Şorgol diýen guýusynda çolukdym. Gazanç edip, öýlenmegiň arzuwyndadym. Ýazyň başy bilen baýyň maşgalasy ýazlaga çykdy. Olar goş-golamy bilen Şorgola göçüp geldiler, goýun sagyp, süýt basdyryp, asma tulumda ýaýyp, balhy balhy ýag taýýarladylar, sargan peýnir, gurt taýýarladylar. Baýyň üç aýaly bardy. Iki sanam hakyna tutulan, ýaşy bir çakyna baran kömekçi daýza bardy. Men bolsa goýunlary kökerip bererdim, çopana nahar taýýarlap, gömme gömerdim, goýunlary suwa ýakmaga kömekleşerdim. Çopanam ýaňy otuz ýaşyna baran sakgal-murty taban görmegeý ýigitdi. Baýyň maşgalasy çopan goşuna gelen gününden başlap, baýyň iň kiçi aýaly ýaňky çopany aňtap ugrady. Oňa söz gatyp, gülümsiräp, öz gündeşlerinden-de çekinmedi. Bu heleýiň peseňi ýeňil eken. Gündeşiniň ýagdaýyny aňan baýyň baýry heleýi: «Jeren, sen bulhamaňy goý, her pille ahyry gowulyga barmaz, «Ýüp syrylyp, toýnukdan geçer» diýipdirler. Ýöne şol ýüp seniň başyňda syrylmasyn». Ol närse-de, ör-gökden gelip, gündeşiniň üstüne gygyrmaga başlady: «Müňkürligiňizi goýuň, meniň çopana gülüp bakanym size ýaramadymy, maňa tebsireme, seniň hogyňa “merk” diýen adam ýok, goý meni öz günüme» diýdi. «Elhepus diýerin, bolşuň şul bolsa, Mämmet bir gelsin bakaly, soň göreris» diýdi-de, öz işi bilen boldy. Menem şol wagt ojaga odun salyp, çaý gaýnadyp otyrdym. Bir wagt maňa gözi düşendir-dä, ol maňa heňkirip başlady: «Sen näme kürk towuk ýaly çugudyp otyrsyň, bar, işiň bilen bol!» diýip gygyrdy. Menem, näme, ýeňsämi el ýaly edäge-de, göterildim ol taýdan. Şondan üç gün geçende baý agamyz habar almaga geldi. Ilkinji gijäni ak öýde, kiçisi bilen geçirdi. Bu öýde entek oglan-uşak bolmansoň, ol iş üçin ogurlyk edip oturasy iş ýok. Arkaýynçylyk, soňam näme ýaşajyk ten, näme-de bolsa, howry belendiräk. Ertesi Mämmet agamyz baýry heleýiniň öýünde myhmanlady. Şonda Ogulsapar daýza ärine Jeren barada birki-agyz bolar-bolmaz gürrüň beripdir. Jereniň bulhaýyşy dogrusynda aýdanda baýyň gahary gelipdir. Ol goý gybatyňy-gümürdiňi, boldy-how, bir çaky. Zat diýilmese, çakyňdan çykyp gitdiň, ýa heleýguly. «Aýalyň saçy uzyn bolsa-da, akyly kelte bolarmyş» diýenleri juda dogry, ýogsa-da owarra bol, şu taýdan, iýenimi zähere döndürdiň» diýip, aýalyny öýden kowupdyr. Megerem, täzejesi daň atýança baý agany nas eýlän dek eýleýän bolmaly. Ogulsapar daýza-da: «Götüň başyňdan aşsyn, erteki gün gepiň awulja ýeri saňa deger, maňa näme?» diýäge-de, çykyp gidipdir». Öwezgeldi aga orta gep goşup: «Sen şol gürrüňleri gulagyň bilen eşitdiňmi?» diýip, sorady. «Sakaldaş, sen hemişe müňkür, şon-a goýjak däl özüň. Ýok gulagym bilen eşitmedim, ony maňa kömekçi bolup gelen daýzalaryň biri gürrüň berdi, toslamadyr öýtme. Näme dodagyňy müňküldedip otyrsyň, göwnüňe kireň giden bolsa, aýdaý dogurlap». «Inijigim, kireňem ýok, kirem, men hut öz gulagyň bilen eşidenmikäň diýip soradym, bagyşla, aýdyber, sözüňi bölenime günäkär. «Sakgaldaş, bagyşla diýen söz dagy nädip diliňe geldi?». «Göwnüm gara tartyp soradym, gapdaldan gulagyňy ýapyryp diňlänsiň öýtdüm, ýalňyşypdyryn, ýene bir ýola bagyşla, yzyny dowam ediber!». «Bolar onda. Gün guşluk bolanda goýunlaram suwa indi, owlak-guzularyň mäleşýän sesleri goly ýaňlandyryp dur. Şol wagt baý agamyzam gyrmyzy donuny ýelbegeý alyp, goýunlary gözden geçirmäge bardy. Çopandan dölüň düşüşi barada soranda çopan: «Döl geçen ýylkydan gowy, goýunlaryň ekiz, üçem doganlary-da bar. Ýeneki ýyl ikinji sürini taýýarlamaly boljak, süri gaty agraldy» diýdi. Şonda baý agamyz: «Ýeňilräk bolar ýaly sürini iki ederis, soňam geljek ýyl birneme bagana üçin toklulardan soýarys, sebäbi bu guýy iki sürüden artyk goýunlary suwaryp bilmez, jöwza düşse, hasam kyn bolar». «Baý aga, gowa, urgan ýüp daglaryňam haýy gaçypdyr, olary täzelemesek, bir gün bimöwrit işden goýmagy mümkin» diýdi. Baý: «Düýe nähili?». «Düýäniň entek hyzmat ederligi bar. Annamyrat, tüweleme, düýä gowy seredýär». Menem gapdalda öwgä mynasypdyryn diýip söz goşdum. Baý agamyz bilen çopan tirkeşip, baýyň baýry aýalynyň öýüne bardylar, iýip-içdiler, ondan-mundan gürrüň etdiler. Soň çykyp, biziň ýaşaýan kepbämize geldiler. Şu taýda bolan gürrüň welin, entegem ýadymda». Öwezgeldi aga: «Aýt-da, ýadyňda bolsa» diýdi. Onda Annamyrat aga: «Ýa, sakgaldaş, soragyň bilen bizar-peteň etdiň, bolmasa-da, aýtjak, sabyrlyrak bol!». «Başla-da onda». — Bolar, kepbä girensoň, çopan birden dillendi: «Baý aga, ötüp-geçseňiz, bir bolmazy gürrüň bar». — Aýdyber, Bäşim, gulagym sende. Soňra çopan biraz dymdy-da: «Maňa jogap beriň, yz ýagdaýymyň ugry ýok, öý üstüne barmasam, atam-enem garrapdyr» diýdi. Baý agamyz güman bir bolmasy belanyň bardygyny aňan bolsa gerek. Ol Bäşime siňe seretdi-de: «Näme hakyňy az görýärmiň, iýip-içgiden gysyldyňmy ýa-da saňa azar berýän barmy, näme boldy?» diýip sorady. Onda çopan: «Aýdýan zatlaryňyzyň hemmesi ýeterlik. Hakym az däl, garaz, sizden käýejek ýerim ýok. Men diňe atam-enemiň hyzmatynda bolmakçy. Başga maksadym ýok». Onda baý: «Entek seniň ataň-eneň garry däl, olar hyzmata mätäjem däl, ol taýda doganlaryň ylgaşyp ýör. Sen, iň gowusy göniňden gel, näme ýetmeziň bar?». Çopan ýene: «Baý aga, iň, gowusy, siz soramaň, men aýtmaýyn. Maňa rugsat beriň» diýdi. Baý ýene: «Inim, adamyň eti haram bolsa-da, lebzi halaldyr, başda söz berdiň, lebziňden dänme, Hudaýam halamaz beýtseň» diýdi. Onda çopan: «Ol dogry» diýdi-de, biraz dymdy. Baý biraz gaharlandy we: «Sen, inim, buz üstünde tozan arama-da, dogryňdan gel, diňe şonda ikimiz ylalaşarys» diýdi. Onda çopan: — Bolar onda, aýdaýyn, «Ýetimiň agzy aşa ýetende, burny ganar» diýenleri, meniňem agzym aşa ýetende burnum ganajak bolup dur. — Çopan, sen gepi köpeltme-de, gitmäniň sebäbini dogurlap aýt. — Baý aga, dogrusuny aýtsam, urýalar diýişleri ýaly, uruş-sögüş bolmasa, bolşuny bolşy ýaly aýdaýyn. — Sen dogrusy, ýürege düşdüň, ýa urşup-sögüşmejegime söz bereýinmi?! Soň Bäşim takdyra ten berip, kiçi heleýiniň yzarlap gün bermän ýörendigini, arada täze dogan goýnuň guzusyny körpenje salanda yzyndan gelip, guzyny bahanalap, elinden tutandygyny aýtdy. «Beýdip ýörse, bir gün bolmazy iş bolsa, «Duzuňy iýip, duzluguňa syçaýyn» edip biljek däl. Şeýtan gyjyklasa, bolgusyz işiň ýakasyndan tutmaga mejbur etjek, şonuň üçin maňa, iň gowusy, rugsat beriň» diýdi. Baý agamyz çopanyň sözüni bölmän, ak sapla-da ýapyşman, duran ýerinde gatap galdy. Soň ol haşlap dem aldy, men-ä agzyndan ýalyn syçradymyka diýdim. Soň ol: «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de, bizini al» diýipdirler» diýdi-de, baýry aýalynyň öýüne gitdi. Bir salymdan aýallaryny öňüne salyp, Jereniň işiginde aýak çekdiler. Menem: «Indi näme bolarka?» diýip, aňkaryp durdum. Baý agamyz menäm, Bäşimäm ýanyna çagyrdy-da: «Jeren, hany, bäri çyk» diýip, gygyrdy. Jeren daşary çykdy, saňsar bolup durdy. Mämmet baý: «Adamlar men şu heleýimiň talagyny berdim» diýip, eliniň arka ýüzüni üç ýola ýüzüne syldy. Gelin entirekläp, lampa otyrdy, birdenem hünibirýan aglady, ýer ýumruklap Ogulsapar daýza gargap başlady: «Etjegiň-ä etdiň, melgun heleý, görüňde dik oturarsyň, howlularyň baýguşhana bolsun, äriň başyňy iýsin» diýip, gargap-gargap, hazzar ýerinden turdy. Baý meni ýanyna çagyryp: «Bar, eşegi gaňňala-da, suw, çaý, çörek al, gelen yzyny ýel bozmanka, bu heleýi atasynyň öýüne eltip gaýt» diýdi. Zenan gara-ört bolan ýüzüni çapaklap, egin-eşigini alyp, gitmäge taýýar boldy. Biz ýeke eşekde kende baka ugradyk. Howa yssy bolansoň, pyýada ýöremek onça kynam bolmady. Tä atasy öýüne barýança, eşegi ylalaşyp münende: «Gel, indi sen münäý» diýmese, başga geplemedi. Daň saz berende biz Jereniň howlusynda saklandyk. Men ony şol ýerde goýup, haýdan-hasyr yzyma dolandym. Baý agamyzam: «Gidişiňden gelşiň tiz bolsun» diýipdi». Şol wagt Öwezgeldi aga ýene orta gep goşdy. Ol: «Öýdäki heleý bilen çöldäki çopana Hudaý ynsap bersin» diýenleri-de bar. Çopan ynsaply bolsa-da, heleýde welin, ynsap ýok eken. Diýmese, injigim, ýolda ol aýynja närse bilen araňyzda bir syrjagaz-a geçäýen däldir?» diýdi. — Sakaldaş, sen betgüman adam, hemmäni özüň ýaly etjek bolýarsyň. — Ýa, inijigim, derrew gübürdäp gaharyň geläýýär, hezile daga ýer goý ahyry. — Bar, goýdum, ýogsam, ýene ikimiz eňekleşmeli boljak, ýataly, wagtam gijikdi. Soň menem durup bilmän: «Annamyrat aga, baý agaňyz heleýini çopana çalşypdyr, bolmasa, entek bolan zada ýok eken» diýdim. — Onyň dogry, ýöne çopan dogrusyndan gelmedik bolsa, osal işler bolaýmagy mümkindi, «Osursaň, ýakaňdan çykar» diýipdirler-ä. Onuň ahyrsoňy-ölüm. Bäşimiň päli azyp, haramçylygyň ýekeje katrasy inine siňse, onuň işi hiç wagt ugruna bolmaz. Soňam çopan maňa öň gürrüň beripdi. Haçan Bäşim çopançylyga gelende baýyň bary-ýogy üç ýüz ýaly goýny bar eken. Indi bolsa iki sürä ýakyn bolupdyr. «Gelnimiň aýagy, çopanymyň taýagy» diýen nakylam bar, diýmek, çopanyň taýagy düşüpdir. Baý agamyzyň aýdany-aýdan, diýeni-diýen mert adam. Çopanyň çeken zähmetine seretseň, ony on sany Jerene çalşyp bolmaz. Baý agamyz, gör, nähili adalatly, onuňky makulmy ýa nämakul? Biz baýyň özüni alyp barşyny makulladyk. Şonda Öwezgeldi aga: «Ýaman hatyn ýagşy äre tükeniksiz töhmetdir» diýenleri dogry, adamlar. Şol gelniň aýagy düşmändir, oňa özi sebäpkär» diýdi. — Sakgaldaş, seniňki mamla, «Goýnam öz aýagyndan asarlar, geçinäm öz aýagyndan». Öň baýry heleýiniň gepine ynanman, gündeşini gabanýandyr diýip pikir eden bolmaly, çopan bolan işi aýyl-saýyl edip, deliller bilen ynandyransoň, talagyny berdi. Hem-ä, adamlar, kezzap heleýden daşda duruň, olaryň bela betere sezewar etjegi çynydyr». «Indi onda ýataly, irden işdir» diýip, ýerimize geçdik. GAZAPLY GYŞ Giçlik işden gelenimizden soň çaý başynda men Annamyrat agadan «Baýak siz Jumabaý mal-garasyny derýa doňanda buzuň üstünden sürüp geçirdi diýdiňiz welin, ol nähili beýle boldy?» diýdim. Siz eşiden dälsiňiz ýöne ol hakykat. Baý agamyz Gyzylgumdaky iki sürüsini oňa-muňa arzan-gymmat satdy. Iki sürini-de gyşdan heder edip ýakyndaky guýulara sürdi. Baý agamyzda bir hili galagoplyk peýda bolup, ýüzi soluk, gözüniň şöhlesi öçgün, haçan görseň, oýda-pikirde boldy. Her kimiň bir başy, müň işi bar diýenleri. Baý agamyz bir derwaýys işe garaşýan ýaly boldy ýördi. Bolmazça-da däldi, ýurt bulaşykdy, Owgana göçýänler köpeldi. Günde-günaşa Ahalda, Maryda baýlaryň guýularyny alanmyşlar, mallaryny köpçülige «Kolhoza» beripdirler, ýerleri garamaýaga paýlapdyrlar diýen myş-myşlar köpeldi. Garybyň güzerany gowy bolmaly, Şura başlyklary ynkylabyň tarapyndaky adamlardan goýuljakmyşlar diýen gürrüň günde-günaşa il arasynda haýkylyk turuzdy. Birnäçe ýetim-ýesirler «Biz indi bolşewikleriň raýatyndaky adam, olar bizden başga hemaýat bermezler, baýlardan emeldar goýuljak dälmiş» diýen ýaly gürrüňler bolsa, baý agamyzyň gonjuna gor guýýardy. Bir gün baý agamyz Mamaş urugynyň Altymamaş tiresinden bolan halaýygy maslahata çagyrdy. Ol şonda «Bu mekanda durarlyk galmady, men Muhammet ymmaty diýenleriňiz göçmäge taýýar boluň, gyş aýagyny ýerden üzse göçeris» diýdi. Edil şol wagtlar uly çilleden bäş-alty gün geçipdi. Birden howa sowady, gar ýagdy. Gar köp ýagmady, ýöne gury aýaz welin mallary, adamlary mäjumlap başlady. Tutdyr erikler sowukdan ýaňa tarka-tarka ýaryldy. Diwanabagda derýa doňup, otly geçýän köprä howp salýarmyş, erte-birgün şu deňe-de geljekmiş diýen myş-myşlar ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrady. «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýişleri ýaly, Amy doňup biziň duşumyzdan geçip gitdi. Ana onsoň, baý agamyz günde özi gidip derýanyň bakyýamyrak doňandygyny özi barlamaga başlady. Bir hepde geçende gumdaky dowarlaryny ýaka sürmegi tabşyrdy. Jumabaý öz tiresine göçmegi ündäp otuza ýakyn adamy jemledi. Soň biz derýa kenaryna bardyk, derýanyň iň dar ýerini saýlap aldyk, buzuň galyňlygyny barladyk. Biz pyýada ileri gyra geçip yza dolandyk, baý agamyz buzuň galyňlygy ýeterlik däl, ony galňatmak gerek diýdi. Onuň buýrugy bilen ertesi biz aňňally, orakly, setilli ýene şol ýere ýygnandyk. Kenarda hyşa, galampatlak, wižžik ordyk. Olary otuz ädim töweregindäki giňlige ýazdyk, doňy ýaryp şol çöpleriň üstüne suw sepdik. Garaz çöp ýazdyk suw sepdik. Sepen suwumyz çalt buza öwrüýardi. Bu otuza ýakyn adama bir hepde iş boldy. Çöp ýazyp suwlan buzumyzyň galyňlygy üç garş töweregi boldy. Şol bir wagtda baý agamyz hut özi ýanynda durup, agaç ussalarynyň birine buzda typar ýaly, uzynlygy bäş ädim, ini üç ädim, beýikligi bir gulaç kejebä meňzeş bir gural ýasatdy. Jumabaý öz adamlaryny çagyrdy, ol şeýle diýdi. «Halaýyk, biz Allanyň beren kömeginden peýdalanmaly, wagty ýitirmän göçjegiňiz taýýar boluň. Birden howa ýylap galsa, bar çeken zähmedimiz wäher bolar». Soň ol iýip-içmeli zatlary halaýyga ýatlatdy. Öz ýanyna diwanbegisi Çaýty agany çagyrdy. Oňa «Çaýty, sen on sekiz düýe, on iki at, ýedi eşek, alty düýelik kejebe, olaryň ot-iýmleri, ýüp, horjun, suw gaplary bilen taýýar et» diýdi. Ýüz gulaç çöpür arkan taýýarmy diýip, Çaýty agadan sorady. «Diwanbegi taýýar däl, emma erte taýýar bolar. Bu jogaba baýyň burjy baglan gaşlary bir çytyldy, bir ýazyldy, gözleri alardy, elleri titräp çaýly käsäni götermedi». Onuň bu bolşy geplemese-de, «Duruber, seniň bilen soň gepleşeris» diýdigi. Çaýty aga welin, hiç zat duýmadyk ýaly, arkaýyn otyrdy. Birsellemden soň baý gaharyny ýuwutdymy nämemi, ýene buýruk berip başlady. Onuň sesi näme üçindir garga garkyldan ýaly gorramsy çykdy. Ol on ahdany gowrup, öz garnyna gapla, bir düýe ýüki nan, gapdalyndan dört halta duzda gowrulan bugdaý, iki halta duzda gowrulan jöwen taýýar bolsun. Ýorgan-düşegi, gap-gaçlary salar ýaly çuwallary taýýarla. Jykyrdan başga juwazdyr harazy, degirmendir sokyny, mallardyr rahdy (Küde) elekleri almagy unutma. Ýene çadyryň taýýarmy diýip sorady. Diwanbegi taýýar diýdi. Adamlar, biz jeddi aýy gutarmanka barjak ýerimize barmalydyrys birneme tijeniň. Sowugam gowşak däl, şonda-da pursady elden bermäliň» diýdi. Ertesi juma namazyny Nyzametdin işanyň metjidinde okadylar. Baý agamyz namazdan gelen soň, iki sany goýun soýup taýýarlamagy tabşyrdy. Iki sany ýetginjegi töweregi, tiredeşlerini hem garyndaş kowmuny erte günortan sadaka çagyrmaga iberdi. Baý agamyzyň giňden uzyn myhman tamyna öň ýeken ýazdyk, üstünden haly, palas, gülli keçe ýazdyk. Ertir irden iki sany otýanary otladyk, howanyň çäksiz sowukdygyna garamazdan, sadaka çagyrylan adamlar gelýänçä ýüze ýakyn adamy özünde ýerleşdirýän bu uzyn tam gyzdy. Tamda tüsse ýokdy, sebäbi otýanardan uzalyp gidýän tokurtga, morynyň içinden geçip, ýokary çykýardy. Bu dört aýakly, gapyly otýanara gelenleriň köpüsi haýran galyp seredýärdi. Bu guraly baý agamyz Diwanabagdan getiripdi. Çagyrylan adamlar gelenden soň, el ýuwduryp, nahar çekdik. Nahardan soň omyn edip, molla baba tebärek okady. Soň sadakany nämä niýetläp beren bolsaň, Alla dergähinde kabul bolsun diýip, baý agamyza pata berdi. Gelenler gaýdandan soň, mollanyň aklygyny getiren baýyň adamy onuň saklanmagyny sorady. Onýança baý agamyz-da geldi. Ol molladan çökmek üçin haçan sähet diýip sorady. Molla babalar hepdäniň duşenbe, çarşenbe, penşenbe günleri sähet diýdi. Molla baba şonda «Sähet» arapça bolup, türkmençä geçirilende «Bagtly gün» diýmekdir diýdi. II arasynda «Şenbede biçme, annada göçme, ýa-da anna bilen ýekşenbe, sapar kylma sag ýana, şenbe bilen sişenbe sapar kylma sol ýana diýen nakyllar-da bar». Bisähet günlerde uly işleriň başyny tutmak bolmaýar. Göçmek toý tutmak, gyz çykarmak ýalylary diňe sähetli günlerde amal etmelidiris diýip nygtady. Taýýarlyk işleri öz tiresinden başgalardan gizlin saklanansoň, baý agamyz molla içini dökmedi. Duşenbe güni irden sowuga garamazdan, derýa ýakasyna bardyk. Öňi bilen baý agamyz atly buzuň üstünden ileri gyra geçip geldi, soň ineri idip geçirdik. Şonda buz jygyrt-jygyrt edip ses etdi, ýöne aşak çökmedi. Şondan soň baý agamyz dowarlary sürüp geçirmäge rugsat berdi. Öňi bilen eşege iki sany serkäni tirkedik, olary idip ugradyk. Olaryň yzyndan bölip-bölip goýunlary goýberdik. Janawarlar hatar tirkeş bolup, ýekeje çykdajy bolman ileri gyra geçdi. Çopan itleri, düýeleri goş goludy bilen aman-esen geçdiler. Jumabaý sürini öňden bellenen ýandakly oýa sürmegi tabşyrdy. Bu oýda öňden galan garaýatak bardy. Üç eşeklini şol garaýatagyň garyny arassalamaga, Sylap çopany baş edip iberdi. Sylap Garaguma belet bolansoň, öňbaşçy boldy. Baýyň öýlerini çözüp düýelere ýükläp geçelgä eltdik, umuman alynmaly zatlaryň barysy derýa ýakasyna eltildi. Baý agamyzyň ýasadan typýan kejebesi, juwaza goşulan iki öküze tirkäp geçelgä alyp bardyk. Soň bu gurala öý goşlary tärimi, uklary, tüýnikleri, serpikdir üzükleri, durlyklary, gamyşlary, gapylary, bosagalary ýükledik. Çöpürden üç bükdürme edip bükdürilen arkanyň ujuny ýaňky kejebä daňdyk. Ikinji ujuny öküzleriň boýuntyrygyna daňdyk. Arkanyň uzynlygy ýigrimi gulaç töweregidi, sebäbi birden buz çökse suwa ikisinden biri gitmelidi. Ätiýajy elden bermeli däldi. Oküzleri sürüp ugradyk sag-salamat geçirdik. Typýan bu guraly birnäçe ýola gaýradan ilerä ýük bilen gatnatdyk, hemme paty-putymyzy, mallary sag-aman geçirdik. Umuman, baýyň öz tiresiniň göçi ileri-gyra adamlary bilen geçdi. Diňe bir taýlak däbenekläp buzuň aşagyna gitdi. Göçi Şybyrganyň Taganaryk diýen gyşlagyna eltip gaýdýançak gören görgimizi it görse, gözi agyrjak. Iň ýamany suw meselesi boldy. O bela adamy suw bilen üpjün etmek aňsat bolmady. Meşikleri keçä dolasak-da peýda bermedi, olar doňdy. Çeleklerdäki, küýzelerdäki suwlar doňup öz gaplaryny perkem-para edip zyňdy. Sygyrlar, düýeler, goýun-geçiler, eşekler, atlar suwsuzlykdan, açlykdan, sowukdan köp öldi. Baý agamyzyň iki sürüsinden, bir süri köprägi galdy. Göçüp barýanlaryň ulusy-kiçisi sowuklap goş ýazdyryp düşlän ýerimizde öhhe-de-öhhe bolşup zordan ädim ätmäge ýaraýardylar. Entegem ýerde garyň bary köp adamy halas etdi. Ýük ýazdyran ýerimizde gary eredip çaý gaýnatdyk. Açlykdan bolsa duzda gowrulan jöwen bugdaý halas etdi. Baý näçe tiredeşlerine nan, suw köp alyň diýse-de iýmiti gutaranlar köp boldy, baý agamyz olara günde bir käse gowrulan bugdaý bermegi diwanabegä tabşyrdy. Adamlaryň ýüz-gözi gara-ört boldy, biri-biri bilen gepleşesi gelmeýärdi. Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer diýişleri ýaly, adamlar öz gynanýandygyny bir-birinden görýäne meňzeýärdi. Barjak ýerimize barýançak, ýaşy bir çakyna baran iki zenany, bir erkek adamy, dört şany ýaş çagany depin etdik. Ymamnazara ýarym salkyn ýol galanda düşledik. Şonda ýazylmaga giden adamlaryň biri, hol ýapynyň aňyrsyndaky oýda bir adam ölüp ýatyr diýip oturanlara habar berdi. Baryp görsek, dogrudan-da biri ýatyr. Ölenine bir-iki gün bolana meňzeş, Hudaý ýalkap ne möjek, ne-de tilki, ne-de dazzarkeller ony böleklemändir. Ýogsa ygyp ýören aç gurtlar, bürgütler köp. Bu adamyň hiç ýerine ok degmändir, ganjaran ýeri ýok. Sypaýy geýnen teletin ädik, üç gat ala donuň üstünden gara çäkmen geýipdir, başy selleli, bili guşakly. Soň onuň goltuk kisesini barladyk, kimdigini anyklamak isledik. Onuň kisesinde büzmekli teletin sanaçjyk bolup, onda ep-esli rupiýasy, teňňesi, ak patyşanyň kagyz puly bar eken. Ýene bir zat, dört eplenen kagyz bar eken. Ýaňky kagyzy molla Döwlet aga okady, ýöne ol farsi ýazylansoň, mollamyz manysyny anyklap bilmedi. Şonda molla baba bu adamyň patyşalykda uly orun tutýan adamdygyna güwä geçýän möhür basylan hatdygyny takyklady. Megerem ol ýumuş bilen Kabuldan Samarkanda barýan adam bolmaly, sebäbi kagyzda Samarkand sözi mese-mälim ýazylypdyr. Megerem onuň ýüregi durandyr, ýa-da doňup ötendir, töwereginde at yzy adam yzy ýok eken. «Jan berene jaş berer» diýenleri ýaly, serent kimin doňup gatan bu kişini, kellesini köpen edip, jynaza namazyny okap jaýladyk. Bar pullaryny molla baba berdik. Adyny bilmese-de her juma gije degsin aýtjagyny molla boýnuna aldy. Ertir tursak, öňem bir garyş galyňlygy bolan garyň üstüne ýene gar ýagyp, ony iki garyşa ýetiripdir. Öňki ýatan gar ýeterlik diýsek, o-da çädesine uma boldy. Muňa garamazdan, kerwen öz ýoluny dowam etdi. Apaň-apaň basyp barýan düýeleriň dabany gara çomanda, guýurt-hüýrt, guýurt-hüýrt diýene ogşaýan sesler yzly-yzyna gaýtalap gitdi. Biz soňky gezek düşlänimizde baý agamyzdan ot başynda biri: «Typýan kejebäni men öň hiç ýerde görmedim, eşitmedim, ol siziň oýlap tapan guralyňyzmy?» diýip sorady. Jumabaý «Ýok, men onuň ata goýlanyny Peterburgda gördüm» diýip gürrüňe başlady. Ynkylapdan üç ýyl öň, meniň deri, ýüň, bagana söwdasyny edýän adamym Smimow meni myhmançylyga çagyrdy. Şol çakylyga men öz kömekçim hem dilmajym Nureddin bilen Pýotyr patyşanyň şäherine bardym. Bizde «Taýyma baş öwretjek hem daýymlara barjak» diýişleri ýaly menem şol bar öndüren önümlerimi şol täjire iberdim. Wagtynda gidip bilmedim, sebäbi gaşanara wagtym bolmady. Edýäniň çarwaçylyk bolsa, ýyl dowamynda iş tapylýar. Atalarymyz «Daýhan garda dynar, çopan görde» diýipdirler, şol hakykat. Men onsoň näme-de bolsa, gideýin diýip häzirki ýaly uly çilläniň içinde Nureddin bilen otla mündük. Myhmançylygyň bir tarapy seýil bolsa, ikinji tarapy bar, puluma haryt alyp gaýtjak. Smimowlara çenli otly bilen bir hepde dagy ýöredik, özem Mesgawyň üstünden geçip gitdik. Bu täjir bizi garda taýýan kejebäni ata goşup, baý gezdird-ow. Ot bilen ýöreýän araba mündük, bug bilen suwda ýüzýän gämä mündük. Wagtynda Orsyýedi Orsyýet edip giden Pýotyr diýen patyşanyň obasyna bardyk. Şol ýer welin, täsin ekeni, ol ýerde tylla suwy çaýylan oglandyr gyzlaryň, aşdarhadyr guşlaryň heýkelleri diýseň köp ekeni, giden tokaýlyk. Şäher sap daşdan, gupbalary tylladan bolan enjiment-enjiment orsuň ybadathanalary köp. Kaşaň-kaşaň beýikli-pesli gar ýaly ak jaýlary diýjekmi, garaz gudrat. Gudrat görseň, daglara bar diýenleri ýaly, gudrat görseň, şol ýere-de baraýmaly. Men gudrat diňe Buhara bilen Samarkantdamyka diýip ýördüm. Ýok, gudrat-a Mesgäw bilen Simimowyň ýurdunda ekeni. Bir juma güni Seýit Alym hanyň saldyran metjidine baryp, Nurreddin bilen namaz okadyk. Ol ýerde-de musulman köp. Aýlap-öwrüp aýtjagym gije ýatyrkam, Smimowyň garda taýýan kejebesi ýadyma düşdi. Ana onsoň, şol görenime meňzeş edip ussa ýasatdym şu guraly. Ýasatmagymyň sebäbi agyr ýükleri düýä ýüklesek buzuň aşak çökmegi mümkin. Bu guralda agram bäş ädim aralyga düşensoň, aňsat buz çökjek däl. Görşüňiz ýaly, ýüküniň agyrdygyna garamazdan, buz çökmedi, hemmämiz sag-salamat Amydan geçdik. Oturanlar baýyň beren gürrüňini üns bilen diňläp: «Siz mamla» diýdiler. Ertesi biz ýoly dowam etdik, gyşyň howsalaly günleriniň birinde bela-betere, serhet sakçylaryna gabat gelmän serhetden geçdik. Baý agamyz özüni goramak üçin ileri gyradan on iki sany penakär tutupdy. Olaryň baştutany Mergenliniň Goruplar tiresinden Aryp meletelpek diýen serdardy. Bu serdar barada Amynyň iki kenarynda-da gürrüň köpdi, atan oky hata gitmeýärmiş, atynyň yzy düldülüňkä meňzeýärmiş, onuň yzyny gören çiştopbylar: «Eto Aryp» diýäge-de saňsalaşyp yza dolanýarmyşlar, diýip gürrüň edýärdiler. Şol on iki atly serdar bilen Owganyň Sultanrabat diýen ýerine ýetende, baý agamyz olara wadalaşan puluny berip, hoşlaşdy. Biz ölmän galan sürini Juma baýyň öňden satyn alan guýusyna sürdük. Bu guýy Şybyrganyň Taganaryk diýen gyşlagyndan bir günlük ýol ekeni. Howa öňküden birneme çözüldi. Ýer alagar bolansoň, goýunlar samandan alnyp başladylar. Owganyň ol ýerleri giden takyrlyk ekeni. Garyň erän ýeri öljerip laýy aýagyňa ýapyşyp ýatyr. Giden meýdanda däldirik, (iswent) çüm, ýylakdan başga ösümlik az. Çopanlar diňe goýunyň çörüni ýakýan ekenler. Biz sürini, itleri, eşekleri, sag-aman eltmeli guýymyza eltip tabşyrdyk. Şonda bir gije çopanlar bilen çaý başynda söhbetdeş bolduk. Öň Garagumda çopançylyk eden çopan «Garagum bilen bu taýynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Ota-samana gezek gelende, bu ýerler gaty bir ýamanam däl, ýöne görşüňiz ýaly, giden ýalazy meýdan. Bu ýerlerde ne selin bar, ne sazak, kä ýerde gyrymsyja ýandak bar. Garagum bilen deňejek gümanyň ýok. Garagumda ýeriň ýüzi gar bolsa, goýunlary sazaklyga, ýa-da ýandaklyga bassaň, goýunlar aç galmaýar, bu ýerde welin, ol ösümlikler ýok. Bu ýalazy meýdanda gyş ýaramaz gelse, samanyň üsti açylmasa, näme etmeli, gara çöpem ýok diýen ýaly. Garagum başgaça, olar ýaly garly gyşda sazakly, selinli, ýandakly ýerlere sürseň bolýar. Näme gara çöp hiç ýerde ýokmy diýen soraga çopan şeýle diýdi: «Bu taýda-da goýunlary iki aşyrym ilerligine sürsek, gara çöpiň bol ýeri bar» diýip jogap berdi. Ertesi irden eşeklenip belet bilen ýola ugradyk. Baý agamyzyň düşlän gyşlagyna ikinji güni ikindiler baryp ýetdik. Bir hepde diýende, Lebaba gidýän belet bilen baý agamyz meni eşekli zähmet pulumy berip, ýola gönderdi. Men şol sapar Owgan diýen ýurdunyň mazasyny tapmadym. Özüm Mamaşlardan bolsam-da biziň tirämize «Gyrmyzy» diýýärler. Şol tire-de baharda göçmäge taýýarlanýardy. Dogduk mekana baransoň, göçmelimi, ýa-da ýok, diýip iki jahan owarrasy bolup, köp gezdim. Näme-de bolsa, Watan-da, hiç şol tarapa aýagym çekmedi. Howul-halat tiresi bilen göçenler soň puşman etdiler, dolanyp gelenleri köp boldy. Gulnazar aganyň diýenini enteklerem ýatlaýaryn. Şol wagt Öwezgeldi aga ýene bolmazyny orta atdy,ol: «Watanda galyp sen orsdan näme ýagşylyk gördüň. Kapyra etseň hyzmat, muzduň gara gylyç» diýipdirler. Sen oňa hyzmat edip, günäsiz bendihanada ýatyrsyň. Öňem biri «Watan-Watan diýip çykdy köten» diýipdir. Biziňkem edil şonuňky ýaly, inijigim, bendihanada çüýräp galmasak ýagşydyr. Sakgaldaş, seniňkäm bir gyrasynda barýar, heran-haçan sag-aman dolanyp barsak, göbek ganyň daman ýerine deň geljek ýer bolmaz. «Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa-sökse, horlansa-da il ýagşy» diýip aýdylan ýeri bar öz-ä. Her pille şonam ýatdan çykarma. Bolar, inijigim, gel, ikimiz erjeşmäli, seniňki mamla bolsun. Wagtam gijikdi, ýataly, irdenem işdir. Men Öwezgeldi agany goldadym, soň biz ýatdyk. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |