10:31 Üç tussagyň ýatlamalary -2/ romanyñ dowamy | |
BAZARDA
Romanlar
Şol gün Annamyrat aga tussaglykdan boşajak birinden arzan bahadan güpbi satyn aldy. Ol tussag edilende Kerkide ep- esli wagt ýatypdyr. Şonda bir kişiniň maslahaty bilen ýanyna az-owlak pul götermegi ündäpdir. Aga-inisi yzyndan gelende pul getirmegi tabşyrypdyr. Olar pagtaly balagy söküp, pagtasynyň arasyna ýigrimi sany könelişen gyzyl onlugy salyp, täzeden tikipdirler. Ine, şeýdibem, ýyly egin-eşikler bilen, onlukly balagy-da geçiripdirler. Annamyrat aga şondan bäri pagtaly balagy ýanyndan goýmandyr. «Aýlanaýyn könäm senden, hiç kim güman etmez menden» diýişleri ýaly, bu köne pagtaly balakda şonça pul bardyr diýip hiç kim pikirem etmändir. Köp külpetleri başyndan geçiren Annamyrat aga bir wagtky Burdalyk bazary barada köp gürrüň berdi, indi bolsa bu taýda bazaram ýok, dükanam — diýip, sözüne dyngy berdi. Şonda men ýaş wagtym Pelwerdiň Ýeketal bazaryna barşym barada olara gürrüň berdim. Bu meniň eşek urşuna tomaşa edenimden soň, ikinji ýola Ýeketal bazaryna barşymdy. Atam bilen eşege artlaşyp gitdik. Eşek saraýa girenden «eşek urşy» ýadyma düşdi, birhili aljyradym, ýöne atama duýdurmadym. Ýeketal bazary gara daňdan başlanyp, giç öýlänler gutarýan eken. Öňi bilen atam et hataryna bardy. Biz bärden baranymyzdan gassaplaryň biri: «Semiz görmeseň, goýun etine gel, guýruk goýup berjekdirin-how, döş gerekmi, gapyrga, but gerekmi?» diýip, şeýle bir çalt gygyrýar welin, duşundan alman geçjek gümanyň ýok. Hatara giden üsti gamyş kepbe bilen basdyrylyp suwalan sabatlaryň sany-sajagy ýok. Olar biri-birine goşulyşyp, beýikli-pesli basdyrmalary ýadyňa salýar. Et hatarynda sygyr, goýun, geçi, düýe etleri köp eken. Her gassabyň ethanasynda gulaç ýetmejek tal, erik agaçlaryndan bolan ýogyn et çapgylar somalyşyp dur. Ýeňsedäki balara berkidilen demir çeňden ýa-da toýnukdan asylan ýarymy ýag sygryň ýarty bölegi, goýnuň, geçiniň, düýäniň budy ýa-da öň goly asylgy dur. Çapgylap böleklenen etler bolsa, boýranyň, ýekeniň üstüne ýazylan saçaklaryň üstünde rejeli ýatyr. Ahyry atam bir gassabyň deňinde saklandy-da: «Et näden» diýip sorady. Gassabam: «Şu bazarda menden arzan et satýan ýokdur. Gel, agam, gadagy ýarym teňňeden boldy, hany, görkez, niresinden keseýin» diýip, pyçagyny gaýrap başlady. Soň atam: «Onda on gadak beräý» diýdi. Eti ýaglyga çigip, gassap bilen hasaplaşdy-da, meni yzyna tirkäp, mata hataryna bardy. Bu hataryň aňyrsy-bärsi görünmeýär. Top-top alaça gerekmi, biýzdir keteni gerekmi, nepis dokalan çäkmenlik ýüň mata gerekmi, ýüzüne dürli gül basylan, edil janly ýaly ýalpyldap duran Samarkandyň ýüpek matalary gerekmi, Hytaýyň ýüpek matalary, burnuň gany ýaly elwan gerekmi, leňke, mahmal dagam has köp eken. Şu hatarda dürli ululykda hem dürli reňkde ýaglyklar bar eken. Atam şu hatardan mamam üçin bir esgi hem ýaglyk satyn aldy. Ýene atam sekiz gary biýz, alty gary alaça alandan soň, egin-eşik hataryna bardyk. Bu hatarda alaça donlar, ýektaý, çäkmen, has ýygy syralan pagtaly gara-goňur reňkdäki Hywa donlary, özbekleriň ala donlary, possun, oýluk, çermegine uçgur ötürilen tap-taýýar ululy-kiçili balaklar, köýnekler, näçe diýseň bar. Başgaplaram sanardan köp. Şypyrma, sümmen, silkme, tahýa, gulakjym ýalylaram hatara goýlupdyr. Meniň geň görenlerimiň biri olam ýaşajyklar üçin tikilen ululy-kiçili donlar, ýektaýlar, köýnek-balaklar, kürtedir kirlikler, maňlaýyna alaça ýüp aýlanan topbydyr tahýalar, telpekler, sümmenler diýseň köp eken. Bir gojanyň duşuna baranda atam saklandy-da, onuň bilen salamlaşdy. Soň: «Teke aga, sümmenleriň nyrhy näçeden?» diýip sorady. Ol: «Mejitbaý, saýlap birini tut, bahasyny soň aýdarys» diýdi. Atamam depesi mele baganadan, etegi gara baganadan ezberlik bilen tikilen sümmeni alyp, kelläme geýdirdi. Sümmen kelläme laýyk geldi duruberdi. «Bize şu sümmen dogry geldi. Indi bahasyny aýdaýyň» diýdi. «Aý, bahasam, näme, at, düýe-hä däl, sümmendir-de, iki teňňe beräý, Mejitbaý» diýdi. Onuň bilen hasaplaşyp, biz aňyrlygyna ugradyk. Şonda men atamdan: «Bu adamy tanaýarsyňyzmy?» diýip soradym. «Elbetde, tanaýaryn, oňa Teke sümmençi diýerler. Bizden aşakrakda ýaşaýar» diýdi. Soň biz tirkeşip däne hataryna bardyk. Ol hatarda çuwal-çuwal ap-ak gar ýaly, alty aýlyk jöwen gerekmi, guşgursak mele bugdaý gerekmi, atyp sanabermeli Töwriz bürünji, arassalanmadyk şaly, arpa, mäş, künji, mekgejöwen isledigiňçe bar eken. Terezibanlaram ýokardan asylan terezilerini güjeňläp: «Geliň-haw, näçe gerek bolsa, ölçäp berjekdirin-how, terezi pulum ynsap bilen arzandyr-how, put gerekmi, gadak, batman gerekmi, ýarym put» diýşip gygyryşyp durlar. Bu hatardan atam ýarym put bürünç aldy. Soň biz bir çeträkde galla hatary bilen utgaşyp giden tohum satylýan ýere bardyk. Bu hatarda käşiriň, soganyň, gawun-garpyzyň, hyýaryň, mazynyň, baljöweniň, sübsejöweniň, ak jöweniň, kädiniň, künjiniň, göknaryň tohumlary bar eken. Şolardan atam iki mysgal käşiriň, bir gadagam baljöweniň tohumyny aldy. Ol: «Hudaý halasa, sen geljek ýyl ogurlyk baljöwen sormarsyň, ol biziň öz ýerimizde gögerer» diýdi. Men şol wagt ýer ýarylsa, ýere girjekdim, bolmady, bijaý utandym. Hawa, bu waka şeýle bolupdy. Bir gün maňa Çary kel duşdy. Ol meni baljöwen sormaga çagyrdy. «Haçan, nirede, öýüňize baraýynmy?» diýsem, «Ýok, öýe däl, sen kölegäň üç daban bolanda, Welnazar meňirsekleriň gaýrasyndaky harabanyň içine baraý» diýdi. Men köp ýola kölegämi dabanlap ölçedim, ahyrsoňy üç dabana ýetende bellenen ýere ugradym. Barsam, Kelhanam harabadan bir gujak baljöwen çykaryp, haýatyň kölegesine eltdi. Süýr günortan bolansoň, adam-gara görünmeýärdi. Çary bilen palaç arassalap, sorha-sora başladyk. Bir-birimizden galmajak bolup, baý sorduk, palaçlaryň baryny gutardyk. Şonda meniň ernim kesilip, ertesi agzymy açyp bilmedim. Ertirine iýýän süýtli nanymy iýip bilmedim, diňe süýdüni içip goýdum. Enem sorady: «Emiňe näme boldy, kesilipdir-ä ol». Menem bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdim. Şol gezek Çarydan: «Palaç özüňkimi?» diýip soranymda, «Üzüm iýseň, bagyny sorama» diýipdirler, çeýnäp soranyňy bil» diýipdi. Ogurlukda bolsa, sorup aňryňa geçireňsoň, gusjakmy ony. Şu bolan işi enem atama gürrüň beripdir. Atamam: «Gyzym, saňa aýdýaryn, gelnim, sen eşit» diýişleri ýaly, ikinji ýola ogurlyk zadyň ýanyna barmazlygy guş dili bilen ýatlatdy. Soň biz bazara aýlanmagy dowam etdik. Güýzüň ilkinji günleridi, oňa garamazdan, howa petiş hem yssydy. Şonuň üçin suwçylar: «Jana şypa berýän küýzäniň sowuk suwy bardyr-how, içmedik armandadyr-how» diýşip gygyryşýardylar. Bazaryň ortarasyndaky laýdan galdyrylan sypanyň üstünde duran jarçam: «Adamlar-how, Işanguly baýyň arwanasy ýitipdir-how, şony görene bäş teňňe, tapyp getirene bäş rupyýa beriljekdir-how, arwananyň öň aýaklary işgilli, sag gulagy bolsa çortukdyr-how. Tapan ýa-da gören adam dessine habarlaşsyn-how» diýip gygyrýardy. Jarçy ýene gygyrmaga başlady: «Adamlar-how, alymyzdaky çarşenbe güni Nobat myrahyryňka günortan toýa çagyrylýarsyňyz-how, ogluna sünnet toý tutýandyr-how, eşitdim-eşitmedim diýmäň-how. Ýanyňyz bilen pälwandyr bagşylaryňyzy, mergendir owlaga çapylýan atlaryňyzy alyp geliweriň-how» diýip, yzly-yzyna gygyrdy durdy. Biz atam bilen tirkeşip, garyndaşymyz Sarybakgalyň ýanyna baryp, salamlaşdyk. Soň horjunymyzy şonuň ýanynda goýduk-da, aňyrlygyna gitdik. Biz gök önüm hataryny kesip geçenimizde harman bolup üýşüp ýatan gawundyr garpyzlara, kädidir käşirlere, sogandyr hyýarlara, beýleki bakja önümlerine haýranlar galyp seredip durdum. Eger atam: «Ýöre tizräk, aňkaryp durma» diýmedik bolsa, entegem agzymy açyp durjakdym. Baý bu gawunlaryň başyňy aýlap, agzyňy suwardýan şypa beriji ysyny diýsene. Satyjynyň öz harydyny almaga çagyryşy dagy has täsin, olary diňleseň, alman geçjek gümanyň ýok. Şonda gawun satyjynyň öz gawunlaryny öwüşi entegem ýadymdan çykanýok: «Adamlar, meňirsege geliň-how, daşy gara, içi gyzyl, iýseň ony örän hezil bolýar, iýenem armanly, iýmedigem. Almasaň meýli, dadyp gör, nabatdan süýji bolmasa, maňa sök» diýip, ötene-geçene bir dilim hödür edip otyr. Ýene biri: «Zamça gel, zamça, bir dilimi uly hojalyga hörekdir, ysyny aýtjakmy, tagamyny, arzançylyk menden galsyn, saýlaň, tutuň, adamlar» diýip gygyryşýardylar. «Akşarlawuga gel, alagülaba, waharmana, alagarpyza gel!» diýip gygyrýanlaram bardy. Bu hatardan düşek hataryna bardyk. Ol ýerde haly, keçe, kilim ýaly düşekler köp ekeni. Ahyrynda iýip-içgi hataryna bardyk. Bu hatara baranymyzda* agzym suwjaryp heläk etdi. Iýip-içer ýaly iýmitiň aňrysy-bärisi görünmeýär. Bu taýda: «Mesgä gel, sary ýaga gel, täzeje tamdyrdan çykan etli börege gel, künji ýaga gel» diýip, satyjylar gygyryşýardylar. «Işlekli iýjekmi, sap-sary sargan iýjekmi, gowurma gerekmi, jyzzykly nana geliň-how!» diýibem gygyryşýardylar. Bu iýmitleriň ysy burnuma urup, agzyma ýygnanan tüýküliklerimi tiz-tizden tüýkürmäge mejbur edýärdi. «Süýtli külçä gel, süýtli zagara gel, gatlakly nana gel» diýibem gygyrýardylar. Şu hatarda gaýnap-gaýnamadyk ýumurtga, çekize, gatyk, gurt, sök, gawun kak, kişmiş, igde, erik kak, hoz-pisse, balhy-balhysy, şirini, baly-mürepbesi weşeň-weşeňdi. Şu hataryň ahyry Gurama arygyna degip, onuň raýyşynda 4-5 sany sypa, ullakan inedördül jaý bar. Bir giden tamdyr, ojak, odun üýşüp ýatyr. Ojaklaryň birinde palaw, ýene birinde çorba, üçünjisinde balyk gowrulyp dur. Bir tarapda laýdan dörtburç edilip ýasalan ojagyň üstünde syh-syh kebap bişip dur. Biz atam bilen baryp, sypalaryň biriniň üstünde oturdyk. Ylgap ýanymyza gelen hyzmatkär: «Buýruň, näme iýersiňiz» diýip, ýüzümize seretdi. Atam iki adamlyk goýun kebabyny, iki çäýnek çaý, bir çörek buýurdy. Seretsem, ojakdaky oduň töweregi çaýjoş bilen taňkadan doly. Biz entek aň-saň etmänkäk, özüm ýaly bir oglan kündügini göterip geldi-de: «Eliňizi täzeläň, aga!» diýip, atamyň eline suw akytmaga durdy. Atam elini ýuwandan soň, kibtine atan biýz süpürgini atama berip, meniň elimi ýuwdurmaga durdy. Özüm ýaly oglanyň elime suw akydyp berşine birhili müýnürgedim, özümi utançly ýaly duýdum. Pyşyrdap: «Sag bol!» diýdim. Oglanam ýylgyrdy-da, kellesini aşak-ýokary edip, sesini çykarmady. Saçak ýazylyp, kebap öňe gelensoň, iýmäge başladyk. Şol wagt meniň gözüm gapdaldaky sypada, kimsi donuny, kimsi çäkmendir ýektaýyny ýassyk edip, tirsekleşip ýatan adamlara düşdi. Assajykdan olary synladym, görsem, olaryň öňünde çaý, gaýnan ýumurtga, birki bölek nan bar. Olar öz aralarynda: «Haltaňy al-da, haltaňy al» diýşip, bir-biriniň öňüne çaý halta ýaly agzy büzmekli güberip duran haltajyklary oklaşyp durlar. Olardan tahýasynyň etegi kirden ýaňa päki gaýrabermeli biri haltasyndan aýasyna şol pahaldan ep-esli dökdi-de, hemmesini agzyna atdy, agzynda ýer galman, doldy. Çaýly käsäni eline alyp, owurtlajak bolup durka, ýanyndaky biri ondan bir zad-a sorady. Soraga jogap gaýtarmak üçin agzyny açanda, agzyndaky pahal pytrap, agzyndan çykyp gitdi. Bir salym gülmejek bolup çytraşdym, ýöne bolmady. Sojap gülmäge başladym. Atam muny duýup, gaňrylyp seretdi, görse neşebentler üýşüp göknar iýýän ekenler (Men olaryň göknar iýýändiklerini akylym ýetensoň bildim). «Oglum, saçaga seret, al birki agyz iý, ýogsa kebap gutarjak» diýende olara seretmäni goýdum. Ýöne men ýaňky neşebendiň: «Halypa, oňardyň, indi bu gün meniňki tutmaz, näçe iýsem, iýibereýin» diýip hüňürdänini eşitdim. Şonda ýatan mahluk: «Tutmanam bir görsün, al Maşadyň kakyndan noýba ýalysyny ýuwut!» diýip, syçala barmagym ýaly bir zady ýaňkynyň öňüne taşlady. Ýaňky neşebendem Maşadyň kakyndan «kirt» etdirip, dişläp aldy-da, çaý bilen ony ýuwutdy. Neşebent ýene haltasyny alyp, ep-esli göknary käsesine guýdy-da, ony kir barmaklary bilen bulady. Az salymdan ony hopurdedyp içdi. Ol ýatanlara ýüzlenip: «Tutmanam bir görsün, içigar galan, hany halkasyndan bir bölegmi ber» diýip, ýaňky mahluga ýüzlendi. Ol ýumurtganyň ýarysyny kärdeşiniň öňüne süýşürdi. «A1, huruş et!» diýdi-de, gaşanmaga başlady. Onuň gaşanyşyna gözi gitdimi, nämemi, beýleki ýatanlaram gaşanmaga başladylar. Boldy bir gaşan-ha-gaşan, häli-bärde dynmadylar. Men bular bitläpdir diýip pikir etdim. Ýaşym bir çakyna baranda men olaryň neşebent ekenligini bildim. Nahar iýip, çaý içenimizden soň, «omyn» edip, aşpez bilen hasaplaşyp, mal bazaryna bardyk. Bu taýda at, eşek, düýe, goýun, geçi, sygyr... diýseň köp eken. Bu ýerde biz bir salym atam bilen sygyr söwdasyna syn etdik. Sygyr satyjy sygryny öwüp arşa çykarýar: «Serediň, bu sygyr beýleki sygyrlardan iki oňurga zyýat, ýelnine seret, goşhalta ýaly, her emjegi tüte ýaly, öziäm alty aýlyk bogaz, Sapar aýynyň ahyrynda dogmaly. Özi ýaş, şu gezek dördünji gezek dogmaly» diýip, baý öwdi-ow. Dellalam satyjynyňhä-hümüni berip, alyja: «Al, garyndaş, şundan gowy sygyr almarsyň» diýip, alyjyny tijäp başlady. Bizden başga-da dört-bäş adam bularyň daşyna üýşdi. Dellal: «Inim, tutan ýerinden kesen ýok, hany näçe gaýtjak, eliňi ber hany, elleşiň!» diýip, olary elleşdirdi. Aýdylan bahadan iki rupyýa bilen iki teňňe gaýdyp, olary ylalaşdyrdy. Atam goýnuň nyrhyny sorady. Şol wagt salam berip biri atamyň ýanyna geldi-de: «Baý aga, aljakmy, satjak» diýip sorady. Atam salamyny alyp: «Öz-ä satjak, Sapar» diýdi. Sorasam, bu adama Sapar jellap diýer ekenler. Ol arzan alyp, gymmat satýanlaryň biri eken. Şu gün bäşaýak araby goýunlar sekiz-on rupyýa boldy. Eger arzan berseňiz, Mejit aga, özüm alaryn» diýdi. Atam «Bolar, Sapar, satmaly bolsa, soň habarlaşarys» diýip, horjunymyzy goýan ýerimize baryp, Sary bakgaldan horjuny aldyk. Eşek saraýa baryp, eşegimizi alyp, gazyk puluny töläp, artlaşyp öýe baka ugradyk. Şol sapar bazaryň hemme ýerini görüp bilmedik. «Inijigim, bir dur, ýaňy sen neşebentleriň gaşanyşy barada durup geçdiň, olar bitläpmi ýa-da başga sebäbi barmy?» «Onçasyn-a bilmedim, Öwezgeldi aga, ýöne olar çyn neşeden ýetiren wagtlary gart-gart gaşanyb-a durýan ekenler. Ony birnäçe sapar synladym». «Meret dogry aýdýar, sakgaldaş, şol häsiýet neşe çekýänlerde öz-ä bar, biziň tirämizde Öwülýaguly baý diýip biri bardy, il arasynda hormatlanýan baýdy. Her zaman sadaka bererdi, ýetim oglana, dul hatyna ýardam ederdi. Öwülýaguly aganyň heleýäm ýekedi. Onuň alty gyzy bilen bir ogly bardy» diýip, Annamyrat aga gürrüňe başlady. «Baý ogluny ýagşy görüp, läliksiredip, zähmet çekmegi öwretmedi. Ol ulalansoňam işden berhizli boldy. Onuň jübüsinde haçan görseň, bäş-dört teňňe tapylyp* neşe çekýänlere goşulyp çeker ekeni. Neşekeşler ilki-ilkiler oňa mugt iýdirip, mugt çekdirip, gowy öwrenenden soň, «Senem indi kärdeş bolduň, mübärek bolsun» diýip, geň iş eden ýaly mübärekläpdirler. Kärdeşleri oňa «ajynyň rysgyny Hudaý ýetirer, sen ony gaýgy etme-de dartyber» diýipdirler. Öwlüýaguly baý gyzlaryny çykarandan soň, ogluny öýerdi, ýöne oglunyň neşekeş bolanyndan habarsyz eken. Ogluny söwdagär etmek maksady bilen, bir gurrumsak adam bilen ogluny şärikli söwda iberýär. Olar iki düýe ýüki garaköli bagana bilen Owganystana baryp, baganalary satýarlar. Söwda oňuna bolsa-da, bularyň ikisiäm jelephana gatnap, pullarynyň ýarysyny gümläp yzlaryna dolanýarlar. «Şärikli işe baş goşma» diýişleri ýaly, aldyrdyk, ogurlatdyk diýen ýaly bahanalar bilen atasyny aldap zyýana goýdy. Şondan soň atasy «Oglum, söwdanyň hötdesinden gelip biljek däl ekeni» diýip, ogluny hiç ýere ibermedi. Öwülýaguly baýyň Gully aga diýen daýhan dogany bardy. Şol doganyna: «Ogluň tentegräk, bir bolmasyz işiň üstünden barmanka onuň aýagyny iş bilen duşa» diýip köp ýalbarypdyr. Ogluny esirgän baý ahyrynyň näme bilen gutarjagyna göz ýetirmändir. «Owalym gelenden ahyrym gelsin» diýişleri ýaly, Öwlüýaguly aganyň ahyry gelmedi. Ogluny öýerip, tiz wagtdan baý aga-da älemden ötdi. Entek ýyl sadakasyny bermänkä, keýwanysam ýogaldy. Soň uly hojalyk oglunyň eline galdy. Aradan iki ýyl geçende ýerini satdy, üç ýyl diýlende bolsa, mal-garasyny satyp gutardy. Gudasy giýewiniň ýagdaýyny eşidip, maslahat bermäge gelende giýewisi: «Meniň öz akylym özüme ýetik» diýipdir. Şonda gaýyn atasy: «Beren maslahatyma hoş diý-de, kabul et, ýogsa töwella-tagsyr mende-de gaty bir bolelindirem öýtme» diýipdir. «Maslahatyňa sag bol, gaýyn, öz akylym özüme ýeterlik» diýip ýene gaýtalapdyr. Bolmajagyny bilen bu bende gaharyny ýuwdup, öýüne gaýdýar. Gara der bilen gazanmandan soň, onuň ýanynda mal-garanyň gymmaty bolmady. «Oduny ýygana ýakdyr» diýişleri ýaly, syrtynyň çorbasyny akdyryp ýygnan bolsa, şol mallary, onda malyň gadyryny gowy bilerdi. Ýylyň ahyrynda «Çaga önmedi» bahanasy bilen heleýiniň talagyny berdi. «Pis äriň ýagşy hatyny, onuň üçin bigymmatdyr» diýenleri boldy, edep-ekramly, güler ýüzli, kirli el bilen tutup bolmajak, gowy maşgaladan bolan hoşroý heleýini kowdy. Soň onuň howlusy neşebenthana öwrüldi. Haçan görseň, üç-dört sany neşebent oduň başynda donuny ýapynyp, çekip ýatandyr. Mysgal-mysgal tirýek tüsseläp göge sowruldy. Soň-soňlar öý-goşlaryny satdy, onda ne goş galdy, ne gurow. Şeýdip bäş ýyl diýende suwdan salkyn boldy. Oňa aýal doganlary näçe ýalbarsalar-da, gep bawar bolmady. «Bu ýagdaý seniň üçin uslyp dälmi, seniň ataň il arasynda hormatlanýan adamdy» diýseler, «Meniň ýeňse damarymdan tutjak bolmaň, kel bir ýana, kör bir ýana, ýok boluň şu taýdan» diýip, maslahat berýänleri kowardy. Ahyrynda ol il arasynda wejera bolup, sadakada san ýetmedik boldy. Kimde-kim maslahat berjek bolsa «Maňa berekellaçy gerek däl» diýip gygyrdy. Soňky wagtlarda ertirki çaýyny günortanka, günortankyny giçlige goşup, ýatan çöpi galdyrmady. Ol ýatsa, turmaz, iýse, doýmaz diýenleri boldy. Onuň ýüzüne öliniň reňki urdy, endamy daşa ham dartylan ýaly, gözüniň nury öçüp, saç-sakgaly, dyrnaklary ösüp ýigrenji boldy. Aýal doganlaram, barmyň, ýokmuň diýmediler. Bir günem il arasynda Rahmanberdi asylyp ölüpdir diýen şum habar ýaýrady. Ine, şeýdip, ýaş, ýaňy ýigrimi alty ýaşyň içindse ol pany bilen hasaplaşdy. Gör, bu neşäniň salýan oýunlaryny. Dek bu günler bolsa tirýek ýok diýen ýaly, ýöne onuň deregine arak welin, bolelin. Käbir adamlar arak içip, uruşmak, sögüşmek, ölüşige çenli ýetýän wagtlary az däl. Öňem ýedi çarşenbäni başyndan geçiren biri «Arak adamy batyr edýär, neşe gorkak» diýipdi. Şonuň diýeni hakykata ýakyn. Öňler arak-şerap ýok wagty, neşe çekip ölüşmändirler. Häzirler içip jenjel tapyp ölüşýänlerem ýok däl». «Sakgaldaş, şuny dogry aýtdyň, ors geleli bäri şu jenjel suwuny içip, köçelerde ýatýanlar, bir-birini pyçaklap ganjaryşýanlar köpeldi. Daşa gitmeli däl, dördünji brigadadan maryly Hommat arak içip, öz dostuny pyçaklap, alty ýyl alyp gitdi. Pyçaklanan ýigidem «Arymy almasam, atamyň döli bolmadygym» diýip, Hommadyň inisini pyçaklap, olam tussaglykda otyrmyş. Şonuň üçin tussaglykdan boşap barsak, ogul-gyzlarymyza aragy içmezligi ündemeli bolarys». Soň Öwezgeldi: «Ýataly, wagt azaldy» diýdi. KYRK GÜN BERHIZ Soňky günem şol bir heň diýişleri ýaly, tokaýa işe gitdik. Men özümi bimaza duýdum, işläp ugrum bolmady, zordan ýatagymyza aşdym. Annamyrat aga tussaghananyň hekimini çagyryp geldi. Lukman bir elini maňlaýyna goýdy-da, az salym saklandy. Soň bolsa gapyrjagyndan gyzgyn ölçeýän guralyny çykardy, ony birnäçe ýola aşaklygyna silkedi-de, goltuguma gysdyrdy. Şony bilýärin, soň men özümden gidip, ýykylypdyiyn, oýansam, bendihananyň keselhanasynda ýatyr ekenim. Meniň ýagdaýymy barlamaga gelen lukman: «Düýn gyzgynyň kyrk iki boldy, sen ölmän galdyň, bedeniň berk ekeni» diýdi. Iki hepde diýende: «Indi öýkeniň namazaly boldy» diýip, hekim meni ýatýan jaýyma goýberdi. Soňam bir hepde işe gitmedim. Gürrüň keselçilikden bolansoň, men boşdakçylykdan peýdalanyp, öz galaryma atam barada gürrüň berdim: «Ýaş wagtynda atam syzga keseli bilen keselläp, yryl-syryl bolup, köp gezipdir. Şol wagtlar atam on iki ýaşynda ekeni. Onuň iýeni daşyna çykman, ýüzi saralyp, garny pökgerip, boýny inçelipdir, içi durman azap baryny beripdir. Birnäçe tebibiň beren dermany oňa peýda etmändir. Bir akylly adamyň maslahaty bilen babam atamy Itakylda Jomart tebip diýen atly tebibiňkä alyp barypdyr. Şol tebip atamyň derdine derman tapypdyr. Ol atamy barlap bolandan soň: «Ogluňy ýene iki aýdan getirersiň; häzir onuň dermany taýýar däl» diýipdir. Tebip jeňňelde derýa ýakasynda ýaşap, onuň üç tanap ýeri barmyş. Ol ýerine jöwen, gawun-garpyz ekýän eken. Iki aýyny geçirip, babam atamy ýaňky tebibiňkä alyp barypdyr. Şonda tebip: «Möwritinde getirdiň, bu keseliň dermany taýýar boldy» diýipdir. Soň tebip babama: «Ogluň ep-esli wagt şu ýerde ýaşar, güýjüniň ýeteninden işlär. Ýene özüň barkaň bu oglandan berhiz saklajakdygy barada ähtinama almakçy, sebäbi berhiz saklaman, ony äsgermese, keseli ömürlik ýoldaşy bolar» diýipdir. Atam berhiz saklajakdygy barada tebibe söz beripdir. Edil şol wagtlar gawun-tarpyzyň bişýän wagty bolupdyr. Tebip atamyň keselini gawun bilen bejermäge başlapdyr. Birinji hepdede günortan naharda doga ýaly nan, bir çomuç towuk çorbasyny beripdir. Galan wagty diňe gawun iýdiripdir.Ikinji hepdeden çörek, çorba galyp, diňe gawun iýdiripdir. Başda atama nansyz oňmak agyr düşüpdir, gije-gündiz, ýatsa-tursa: «Wah, bir dişlem nan bolsady» diýip ah çekipdir. Bir gün nan ogurlap iýjegem bolupdyr, ýöne keselden gutulmaryn diýip, ýene iýmändir. Berhiz saklamagy dowam edipdir, üçünji hepdede nan, çorba ýadyna-da düşmändir. Haçan höwes etse, gawun iýipdir. Gawun bilen iýmitlenmek kyrk gün dowam edipdir. Kyrk birinji güni tebip atama bir çemçe atala içiripdir. Atala içmeklik gün-günden köpelip, ol kyrk gün dowam edipdir. Şondan soň towuk çorbasyna maýdaja petir dograp iýdiripdir, şüle, süýtli aş, unaş ýalylary beripdir. Üç aýdan gowrak geçensoň, atam özüni ýuwaş-ýuwaş gowy duýup başlapdyr. Alty aý diýende bolsa, atam keselinden doly saplanypdyr. Soň atam tebibiň işiginde bir ýyl hyzmat edipdir-de, öýe dolanypdyr. «Görk agyzdan» diýilişleri ýaly, iýeni özüne hezim edip ugrandan onuň ýaňaklary gyzaryp, ýüzi tegelenip, barha güýç-kuwata gelip, saglygy düzelipdir». «Tebip ökde ekeni, işşalla, senem öňkiň ýaly sagalyp, işe goşularsyň» diýip, Annamyrat aga orta gep goşdy. «Inijigim, sagalmasyn-a, sen eýýäm sagaldyň, goý, saňa tut ýaly berk saglyk, uzak ömür bersin. Meni gyzyklandyrýan zat şol gawun keseliň nämesine ýardam etdikä?» diýen sowal. «Atamyň çaklaýşyna görä, gawun aşgazandaky, içegelerdäki poryhlary alyp çykarýarmyşyn». «Kyrk günläp atala içmek nämä gerekkä?». «Gawun iýen döwründe içegeler ýukalaşýarmyş, olar birneme öňki durkuna gelýänçä gaty-gaýrym iýmeli dälmiş». «Dogrudan-da, tebip ökde ekeni, men oňa telpek goýdum» diýip Öwezgeldi aga soragyny kesdi. Kesel bolan ýylym irbahar boldy. Gar eredäm welin, otlar gülläp başlady. «Gül baharyň buşlukçusudyr» diýişleri ýaly, tokaýda arçalar özüniň ýakymly ysyny saçyp, şatlygyňa şatlyk goşdy. Guşlar saýrap, häli-şindi daşdeşeniň takgyldasy eşidilip ugrady. Soň men tiz daýandym. Bir gün işden gelenmizde Annamyrat aga bir zady pikirlenýän ýaly köp durdy-da, birden: «Meret, ataň şol syzga keselinden ýogaldymy?» diýip sorady. «Goýaweri, ol ölmänkä agtygynyň bolandygyny, azan aýdylyp, at dakylandygyny görüp, soň ýogaldy» diýip jogap berdim. | |
|
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -14: romanyň dowamy - 18.10.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||