10:36 Üç tussagyň ýatlamalary -3/ romanyñ dowamy | |
AWÇYLYGA HÖWES
Romanlar
Dynç alyş günleriniň birinde bizi hammama alyp gitdiler, bitlän köýnek-balaklarymyzy gaýnaga batyrdyk. Ýataga gelenden soň ýene warsaka başladyk. Çynmy-ýalanmy, tussaglaryň arasynda «Tussaghananyň neçelnigi awa gidip, ullakan aýy atyp gelenmiş, aýy awçylaryň birini bijaý ýaralanmyş» diýen wyşy-wyşy ýaýrady. Aw sesini eşdenimden awçy bolmak höwesimiň döreýşi ýadyma düşüp, gapan gurup, towşandyr towuk tutuşym barada ýanymdakylara gürrüň berdim: «Agalar, ýaşlyk indi dolanyp gelmez, wagt bolsa garaşyp duranok. Hawa, bir görsem, eýýäm molla Mansur bilen hoşlaşmaly bolup dur. Molladan ýeke çybyk iýmän, elipbiýi gutardym. Okamany, ýazmany öwrendim. Okuwa bolan höwesim bardy. Atam meni Molla etmek arzuwyndady, täleý ters gelip, mollaçylygy okamak miýesser etmedi. Atam näsaglansoň, medresede okap bilmedim. Şol wagtlar meniň on üç ýaşym bardy. Bir gün Hapyzlar tiresinden Çary aga diýen ölermen awçy bizlere hal-ýagdaý soraşmaga geldi. Şonda keýik etiniň bir buduny getirip: «Mejit aga, bu et bolşuna görä dermandyr, gowrup iýseňem, gaýnadyp iýseňem, saglygyňa peýdalydyr, işdäňi açar» diýdi. Şol sapar Çary aga çöl haýwanlaryny awlaýşy, olaryň gylyk-häsiýetleri barada gyzykly gürrüňler berdi. Birki ýola keýik etinden iýensoň, atamyň saglygy birneme gowulaşdy. Bir gün ýagdaýyny tapyp, «Ata, maňa-da üç-dört sany gapan alyp berseňiz, menem aw awlamagy öwrensem biçem bolmazdy» diýdim. Atam: «Bolar, bazar güni bazara gidäýeris, alsak alaýarys» diýdi. Soň biz bazar güni eşeklenip Ýeketal bazaryna ugradyk. Eşegimizi eşeksaraýda daňyp, göni demir gurallaryny satýan hatara bardyk. Ussalar demirden bolan dürli gurallary getiripdrler. Agzymy açyp seredip duranymy gören atam: «Oglum, aňkarma, ýöre tizräk» diýdi. Görsem, bu hatarda pil, kätmen, palta, teşe, zynjyr, gapan, gulp, pyçak, gyrkylyk, syndy, myh, aňňal, orak, dokma darak, taňka, çaýjoş, kündük, tüfdan, semawar, çoýundan guýulan ululy-kiçili gazan, bäşlik, onluk çyra, tagara, jam ýalylar hatara ýatyr. Satyjylar: «Gazana gel, çyra gel, setile gel, arzançylyk menden galsyn» diýip gygyryşýardy. Biz gapan satýanlaryň deňinde saklandyk. Gapanlaryň nyrhyny soradyk. Satyjy: «Tutuň saýlap orsyňky gerekmi, jaýdary gapan gerekmi towşana gurjakmy, keýige, möjege gurjakmy, tilkä» diýişip, ala-wagyr turuzdylar. Atam iki sally, çybyklary erre diş, ýerli ussanyň ýasan gapanyny saýlap, bir çetde goýdy. Soň iki sany kaýymrak bir sally gapan saýlap aldy-da: «Şu gapanlara näçe teňňe bereýin?» diýdi. Satýanam ylalaşdy, teňňesini berip ugran wagtymyz biri: «A-how, agam, gapan aldyň, aranyny-da alyp git» diýip atama ýüzlendi. Atam: «Şun-a dogry aýtdyň» diýdi-de, baryp üç gapanyň üçüsine-de bolar ýaly, ýarym gulaç zynjyra berkidilen çeňi bilen bile aranam alyp berdi. Bazardan başga-da almaly zatlarymyzy alyp, öýe gaýtdyk. Öýde aranlary ýekän-ýekän gapanlaryň salyna berkitdim. Ýuka keçeden kesip, laýyjak edip basyrgyç taýýarladym. Şol günüň ertesi Çary maýryklara gidip: «Gapan gurmagyň tärlerini öwretseňiz» diýip haýyş etdim. Ol kişi öýe gelende «Haçan gapanyň taýýar bolanda guk diýäý, öwrederin» diýipdi. Gepiň türkisi, «Hünäri bolmadyk adam saýasyz agaçdyr» diýişleri ýaly, şol hünäri öwrenjek bolup köp jan etdim. Çary aga-da birki ýola gapan gurmagyň syrlaryny öwretdi. Ýöne guran gapanym bir görsem, ýazyp ýatyr, bir görsem, onuň üstünden ne towşan, ne-de towuk barypdyr. Garaz, işim ugruna-ha bolmady. Köp wagtlap awym oňmansoň gapanlary barlamakdan halys irdim, şu kesbi-käri goýaýyn diýdim. Bir gün ertir irden eşeklenip gapanlary barlamaga gitdim. Hemişekim ýaly, görsem, hiç närse ýok. Gapanlary ýazdyryp horjuna salaga-da, basdym eşegiň gerşine hiläni, öňňürdikden ýazdyrman öýe geldim. Öýdäkiler ýaňyja saçak başyna geçip çaý içmäge başlan ekenler. El-ýüzümi ýuwup içeri girenden atam: «Oglum, aw ganly» diýdi. «Ata, ganam ýok, kokam, şu günden başlap şu käri goýjak» diýdim. «Bolar, goýsaň, goý, otyr, çaý iç, rahatlan, soň gepleşeris» diýdi». Şol wagt Annamyrat aga tirsegine galyp, «Şeýdip sen gapan gurmany goýduňmy?» diýip, maňa seretdi. «Ýok, goýmadym, sebäpkäri atam boldy. Çaý-çörekden soň atam: «Diňle, meniň maslahatymy, sen gapanyma towşan, towuk düşdi-düşmedi diýip, daljykma, «Tamakin günde gamgyn» diýişleri ýaly, hiç wagt şu gün gapanyma towşan düşer ýa-ha towuk düşer diýen tamaňy goý. Adam erjel bolmaly, eden işiňi ikilän-ikilän gözden geçirmeli, ýene harsal ýeri galmadymy diýip. «Bermedik Alladan irmezek awçy alar» diýipdirler, ine, şol nakyla eýermeli. Men saňa atam zamanda bolan bir wakany aýdyp bereýin. Uly obada iki sany külal ýaşapdyr. Olar çanak, küýze, hum, balhy, göwçe, ybryk ýaly gaplary öz humdanynda bişirip, olary ilata satar ekenler. Olaryň biriniň harydy tut-ha-tut göçüpdir, ikinjisiniň harydy bolsa, seýrek göçüpdir. Harydy gowy göçmeýän külal bir gün bilgijiň ýanyna baryp, özüniň küýzedir daş çanaklarynyň beýleki külalyňka garanda gowşak göçýändiginiň sebäbini sorapdyr. Bilgiç oňa: «Ony anyklarys, ol kyn däl» diýipdir. Soňkusy gün bilgiç külallaryň ikisini çagyryp, herisniň bir küýze, iki daş çanak getirmeklerini sorapdyr. Olar berlen tabşyrygy ýerine ýetiripdirler. Bilgiç öňi bilen harydy seýrek göçýän külalyň küýzesini alaga-da, göbek boýy ýokardan aşak goýberipdir. Küýze ýere degenden çym-pytrak bolupdyr. Külal ur-tut: «Agam, nätdiň, how, meniň harydymy näme üçin döwdüň, muzduny özüň tölejekmi?» diýip, bilgijiň eline ýapyşypdyr. «Tölemeli bolsa, tölärin, hany, çanagy al, onam göreli» diýip, külalyň elinden çanagy alyp, onam ýere taşlapdyr, çanagam ýere degenden pytrapdyr. Külal dadu-bidat gygyryp başlapdyr. Bilgiç: «Sen gygyrma, sakawyň soňuna seret» diýip, ikinji külalyň küýzesini göbek boýy ýokardan goýberipdir, küýze döwülmeg-ä beýle-de dursun, jaýrygam açmandyr. Tabagam şonuň ýaly döwülmändir. Bilgiç döwülmezligiň sebäplerini ikinji külaldan soranda, ol şöýle jogap beripdir: — Onuň sebäbi Ilki laýyny makul eýlemekde, soň ony görnüşe getirmekde, şonda ýeterlik suw berip ýylmamakda, galyberse-de, humdana salmazdan öňürti guratmakda, soňam gyzgyny sowandan soň humdandan çykarmakda — diýipdir. Soň bilgiç birinji külala garap: — Eşitdiňmi, seniň bişirýän gaplaryňda, haýsy-da bolsa, bir kemçilik bar. Şol kemçilgiňi özüň gözläp tapsaň, seniň harydyňam gowy göçer — diýipdir. Görşüň ýaly, oglum, Çary saňa: — Aw awlamagyň gizlin syrlaryny niçem bir öwrederin — diýse-de, üçden birinäm öwreden däldir. Awçy awça aňsat öz syryny öwretmez, sebäbi ol aw awlap maşgala bakýar. Ýatda sakla, söwdagärem saňa satýan harydyny nireden, näçeden alandygyny gamçylasaňam, aýtmaz. Şonuň üçin gapan gurmagyň, yz çalmagyň, haýwanlaryň gylyk-häsiýetleriniň gizlin syrlaryny özüň öwrenmeli, ol barada kelle döwmeli. «Gymyldan gyr aşar» diýipdirler, senem howlukman, daljykman, paşmadyk işiň sebäplerini ýeke-ýekeden tap, soň olary öz işiňde ulan. Eden işiň makul bolsun, ol külalyňky ýaly halama-hasyr bolmasyn. Indem, oglum, eden işiň ugruna bolsun, bar ötägit — diýdi. Şondan soň men ýene awyň ugruna çykdym. Gapan gurmakda goýberen kemçiliklerimi yzarlap, olary soňky gezek düzedip başladym. Olardan bir-ä gapanyň dilindäki ýarçyk ilewajy ildirende, ony ahyryna çenli soksam nätjek? Suýk çäge gapanyň diliniň aşagyna baransoň, ildirgijem ahyryna çenli diliň ýarçygyna sokulansoň, diliň özi çäge degip, aşak düşüp, ildirgiç hanasyndan çykman dursa, gapanam ýazmaz eken. Soň onuň abyny-tabyny ele aldym. Towşana gapan guranda onuň oýnaýan, gezim edýän ýeri aklaň ýer bolar eken. Ana soň şol aklaňdan jarany gözläp, tapaga-da oňa gursaň, birinde bolmasa, ikinjisinde oňa towşan iler eken. Aklaň diýýänim jeňňelde ak küpürsik ýer. Çölde guranda keçe ýapynjanyň üstüni ýeňiljek bolar ýaly eşek tezek owradyp gapanyň üstüni basyrmaly, onuň üstüne-de ýeňiljek çäge sepelemeli ekeni. Soňam yz-tozyň galmaz ýaly, ony bir düýp patlak bilen süpürmeli ekeni. Soňra men elimdäki towşanyň guradylan aýagy bilen onuň yzyny ýasadym. Soň-soňlar guran günüm gapanymda ýa towşan ýa-da ýabany towuk boldy durdy. Çölde bolsa, köplenç maslyk tapsam, tilkä gurdum. Gapanlarymy köpeltdim. Şol wagtlar tilkiniň derisine ep-eslije teňňe bererdiler. Şol ýyllarda Çary aga bilenem näçe gezekler keýik awlamaga gitdim. Ilki-ilkiler läşkeş bolup, soňraklar bolsa Çary aganyň hyrlysynda keýik atmanam öwrendim. Garagumuň içinde ýaşam bolsam barmadyk guýymyz, görmedik oýymyz galmady. Kä wagtlar baýlar ýa-da olaryň diwanbegisi gelip sürini möjek heläk edýär. Bir çakyny görüp berseňiz serpaý-senedin-ä ýetirjek diýerdiler. Soň bizem meşiklerimizi suwdan dolduryp, ýapynjamyzy eşege ýükläp niredesiň pylan baýyň pylan guýusy diýip ýola düşerdik. Gepiň Annaberdili ýeri men Çary aga bilen on bäş ýaşyma çenli bile aw awladym. Biziň gumda barmadyk çopan goşumyz ýa-da guýymyz ýok diýen ýaly. Bir gezek Akderiniň bir baýynyň çagyrmagy boýunça kyrk gulaç diýen guýysynda möjek awlamaga bardyk. Çünki olary möjekler has heläk edipdir. — Dek geçen agşam süriden bäş goýny parçalady — diýip çopan käýindi. Biz irden çaý-çöregimizi iýip, möjekleriň sürä daran ýerini salgy alyp, şol tarapa ugradyk. Eset aýy bolansoň, gün dagandan çäge-de gyzyp, howry dem almagy kynlaşdyrýardy. Gün naýza boýy galanda Çary aga möjekleriň sürä daran ýerini tapdy. Köp saklanman, «Olar üç sany eken» diýdi-de biriniň yzyny çalyp ýortup ugrady. Biz günorta bolanda möjekleriň üçüsinem bir ýylgynly oýdan turuzdyk. Çary aga yzlary görüp, «Megerem şu ganjyk bolsa gerek, şuny ele salaly» diýip, onuň yzyny yzarlamaga başlady. Men halypamyň yzyna zordan eýerýärdim. Goýnuň guýrugyndan doýan bu möjegi on dört ýola turuzdyk. Ahyry bir oýa baranda ýyrtyjy götüni yssy çägä sokup, dişlerini gyjyrdadyp, biziň ýüzümize seredip duruberdy. Çary aga-da ýeknilini oklap, edil maňlaýyndan bir ok berdi. Ol peläket bir bökdi-de, aýaklaryny kakyp jan berdi. Bileleşip möjegiň derisni sypyrdyk. Möjegi ele salýançak lak-tak durduk, ýöne möjegem ýadady. Men wagtal-wagtal meşikdäki suwdan bir owurt içip bogazymy ölleýärdim, Çary aganyň welin, suw içmän şol kowup oturyşy. Şonda meniň dodaklarym ýarylyp ganjyrady, zordan ädim ätmäge ýaradym. Şonda halypam maňa «Meret, bilip goý, şular ýaly dembermez yssyda möjegi biziň edişimiz ýaly, çalt-çalt turuzsaň, ol seniň awyňdyr. Eger ol peläket bir owurt suw içse, ýa-da bagryny öl ýere berip bir salym ýatsa, ony ele salyp bilerin diýip hantama bolup oturma, bek ýadyňda sakla!» diýdi. Biz derini halta salyp, birki owurt suw içip, çopan goşuna baka ugradyk. Giç öýlän ýadawlykdan ýaňa sulbamyz çykyp, barmaly ýerimize bardyk. Barandan çoluk «aw ganly» diýip öňümizden çykdy. Ganjaryp duran haltany görenden «Eliňiz-gözüňiz dert görmesin, awçylar» diýip çaýjoşlary oda basdy. Bir salymdan çaý taýýar boldy. Herimiz bir çaýjoş çaýy bokurdakdan geçirinçäk hiç zat iýmedik, ýogsa ertirki el ýaly zagara iýip gidenimiz. Ikinji çaýjoşy öňe alanymyzda çoluk bir tabak gowurma getirdi. Şondan okaramyza salyp çaý çorba bilen birneme garbandyk. Çaý-nandan alynýançak Günem gijikdi. Şol wagt goşda galan ganjyk üýrüp, hasanaklap gitdi. Görsek, üç sany atly oýa inen eken. Çoluk iti kowup, olaryň atlaryny daňmaga ýardan etdi, soň olary biziň çaýlaýan kepbämize getirdi. Salamlaşyp hal-ýagdaý soraşylandan soň, gelenleriň sakgalyna ak sepen, sypaýy geýnen, inçeden uzyn, garaýagyz, satanlak ýaşulysy gürrüňe başlady: — Bolan ýagdaýy aýtsam, meniň atym ogurlandy. Maňa Suhan Tagan ogly diýerler. Akderiniň Garaýeser tiresinden özüm. Bu oturanlaryň sakgal-murty tabany meniň kömekçim, bu bolsa yzçym — diýip, gysgadan sallanyp duran garynly, eňeginde ýeke gyly bolmadyk kösäni görkezdi. Ol: — Üç gün mundan öň meniň münýän atymy ýetimim jeňňeldäki çuňňuldan suwa ýakyp, gawunçylygyň gyrasyna arkanlapdyr. Hupdan düşende barsa, at ýokmuş. «Alan aňry, gören Taňry» bolupdyr. Ýüpi çözülip alnandan soň, megerem, ogurlanan bolsa gerek diýip sorap-idäp başladyk. Ahyry Surhynyň içi bilen atyň yzy çöle çykdy. Yzarlap şundan bir çakrym gaýrarakda ogry bir oýda düşläp, çaý-nahar iýipdir. Şondan soň onuň haýsy tarapa gidendiginiň bellisi ýok, ýel onuň yzyny tekizläpdir. Lapymyz keç bolup, yza dolanmakçy bolanymyzda bir çopanyň «haýt-gaýt» sesini eşidip, ýanyna bardyk. Hal-ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdik. Çopan atly adam görmändigini, ýöne baý agamyzyň çakylygy bilen möjek awlamaga gelen pelwertli iki sany awçynyň bardygyny aýtdy. Ol: «Habarlaşjak diýseňiz, gaty daşda däl» diýdi. Biz «Onuň ýaly bolsa, eslemän gidip bolmaz, baraly ol kişileriň ýanyna» diýdik. «Yza gaýtmany goýup, siziň ýanyňyza geldik, guýyňyz haýsy tarapda?» diýsek, «Dogry kybla baka ýöräberiň, goýunlaryň yzam bardyr» diýdi. Biler bolsaňyz, gelşimiziň sebäbi şulardyr — diýip, ol bizlere hantamaçylyk bilen seretdi. Çary aga-da: «Sakgaldaş, şam namazymyzyň wagty bolup barýar, täret kylyp, namaz okaly, gep-gürrüňi soňa gaýaly» diýip, özi bilen getiren kaýymjak kündügini alyp, täret etmäge gitdi. Hemmämiz şam namazyny okadyk. Namazdan soň Çary aga gelenlere ýüzlenip: «Siz daljykmaň, rahatlanyň, indi bimahal, ertir irden ol deýýusyň yzynam taparys, özünäm» diýdi. Bu gürrüňe gelenleriň yzçysumagy hülleje ýylgyrdy, emma sesini çykarmady-da, ýere bakyp oturdy. Çoluk bularyň myhmanlajakdygyna gözi ýetenden soň, gazan ataryp, çorbanyň ugruna çykdy. Suhan baý kellesini aşak basyp otyrdy, soň ol: «Onda atlaryň eýerini aýryň, berk baglaň» diýdi. Baýyň kömekçisi bilen yzçy eýerdäki bökdergiden horjunlary aýryp, iýip-içer ýaly zatlaryny orta goýdular. Gün eňegini ýere berenden Garagumuň çägelerem sowap başlaýar. Demirgazykdan öwüsýän ýel bolsam, janyňa şypa berýär. Men çoluga keçeleri, kilimleri ýazmaga kömekleşdim. Soň men haltada ýatan möjegiň derisini alyp, bir gyra çykdym-da, oňa selin dykyp, möjegiň gäbini taýýarladym. Goşda galan ganjygam gäbe garap üýrdi durdy. Taýýar bolan çorbany çoluk ullakan kersene guýup, ortada goýdy, susakdan kiçiräk, tabaktaraşyň ýasan üç sany çemçesini getirdi. «Agalar, şundan başga çemçäm ýok, atyşyp dagy oňuşmaly bolarsyňyz» diýip, saçagyň gyrasynda ornaşdy. Suhan aganyň kömekçisi horjundan iki sany bugdaý nanyny çykaryp, orta goýdy. Çary aga: «Bismillä» diýip, çorbadan bir çemçe aldy, yzy bolsa, özüňize belli, alha-al bolup, kimsi bugdaý nan bilen, kimsi çolugyň gömmesi bilen, çemçeleri atyşyp, çorbany iýip-içdik. Çöl ýeri bolansoň, günüňe kaýyl bolmaly. Nahardan soň omyn edip Çary aga dowarlaryn piri Musa babanyň hakyna aýat okady. Aýatdan soň çaýjoşlara, taňkalara gök çaý demläp, çaý içdik. Çaý başynda ondan-mundan gürrüň gyzyp, ahyr ýene ogurlyga syrykdy. Şonda Çary aga Suhan baýa ýüzlenip: — At ogurlan ogry ökde ogry däl bolsa gerek, ýalaňaç aty ogurlapdyr, ýöne «ogrularyň ogrusy» diýen at göteren, ýeke gezek ogurlykda tutulmadyk ogrular bar. Ogurlyk bilen lolulyk ýigrenilýän iş bolsa-da, «Il ogrusyz bolmaz, dag börüsiz» hem diýendir ata-babalar. Ogurlykda özüni tanadan Är ogry barada gürrüň bereýin» diýip, Çary aga gürrüňe başlady: — Haçan bolandygyny bilmedim, öz-ä ýakynda bolmaly. Derýanyň sag kenaryndaky Mekanyň Abdal urugyndan Mergen baý diýen söwdagär Pelwert bazaryna söwda gelip, Ýeketal bazary sowulansoň, ol alan baganadyr beýleki derilerini düýä ýükläp, Nobat Myrahyryňka gelipdir. Myrahyr: «Bu gije, Mergen baý, myhman boluň» diýip, towakga edipdir. Saçak üstüne nahardyr çaý çekilip, myhman bilen Nobat Myrahyryň arasynda söwdadan, daýhançylykdan, çarwaçylykdan gürrüň gyzypdyr. Şol barmana myhman şu gün Ýeketal bazarynda gawun ogurlan ogryny tutup, ýenjişlerini gürrüň beripdir. Nobat aga-da: «Gawun ogurlan bolsa, ol ogurlygy täze öwrenipdir, o1 ogurluga ökde däl ekeni» diýipdir. Onda myhman: — Ogrynyňam ökdesi bolýarmy, hemmesi bir ogrydyr-da — diýenmiş. Onda Myrahyr: — Ökde ogrylar bar. Pelwerdiň tüýkesme ogrusy Nowruz «kädili» ilerden, gaýradan ogurluk edip, näçe aňtasak-da, «tutulmadyk ogry däl» diýişleri ýaly, hiç ele ilmän gelýär. Ol bir ýola alanda «Bismillä» diýip, «Ber!» diýlende, «Estafurulla» diýýän mollasumagyň «Ylaýha omynyna» düşüren aklygyny ogurlapdyr. Mollasumak «Küf-çüfune» düşüren zatlaryny ogurlan ogra gargapdyr. Bu ogrularyň ogrusy alaýyn, ogurlaýyn diýse, birnäçe günläp, hepdeläp, kä halatda aýlaryň dowamynda etjek ogurlygyny öwrener eken. Şondan soň ýene bir gün ogurlapdyr. Ol köplenç husytlaryň mal-garasyny ogurlar eken. Dek şu günler bolsa, «Hiçden giç ýagşy» diýenlerini edip, ol ogry towa gelip, ogurlygy goýandygy barada oba aksakgallarynyň öňünde çök düşüp, ant içip, awy ýalapdyr. Onuň ogurlygy goýmagyna yzly-yzyna iki çagasynyň ýogalandygy sebäp bolupdyr. Çagalarynyň ýogalanyny gargyşdan gören Nowruz ogurlygy bes edipdir. Bu gürrüňleri diňlän Mergen baý özi barada gürrüň beripdir. Gylyk-häsiýetine görä, öwünjeň myhman ogrularyň birnäçe gezek onuň zadyny, malyny ogurlamaga synanyşyk edip, ýöne «At heläk, göt heläk» diýişleri ýaly, ýedi pagsa howludan aşyp bilmän, aşsa-da adamhor itiniň olary parçalaýşy barada güpläp gürrüň beripdir. Bu myhmanyň öwünjeňligine Myrahyr aga-da öz içinden: «agzy gyşygam bolsa, baý ogly geplesin» diýipdirler. Öwünse, goý, öwünibersün» diýip, ugruna kowup, hä-hümüni berip oturanmyş. Bu kişi öwünjeňligini goýar ýerde goýmandyr. Ahyry Nobat Myrahyr muňa çydap bilmän: «Mergen baý, howlyňda bördekiň dagam bardyr, elbetde?» diýipdir. — Howwa, Myrahyr aga, agylymda bäş-alty sany bördeki hemişe bar, birini soýsam, deregine ýene birini agyla gaýýoryn. — Berekella, Mergen baý, bolmalysy-da şonuň ýaly. Ýow ýokmaýan beýik howlyňdaň, adamhor itiňden sen has arkaýyn-da onda? — Men olardan örän arkaýyn, Myrahyr aga. — Boly bilýär, ýöne gaty arkaýynam bolmaly däl. «Ýatanyň üstiine turan gelmesin» diýlenem bardyr. — Bolsa-da, Nobat aga, entekler-ä ogrulara menden hopbagam ýok — diýipdir. Şol gepden soň Nobat Myrahyr çaýyň jogabyny bereýin diýip, myhmany ýeke goýup, daşary çykypdyr. Ol öz hyzmatkärleriniň birini çagyrypdyr. Oňa tizden-tiz belli ogry Nowruz «kädilini» alyp gelmegi buýranmyş. Şol wagtlar gün agyp, öýlän bolanmyş. Ýaňky hyzmatkär Nowruzlara barsa, olam öýünde eken. Gepiň gysgasy, Nowruz Nobat Myrahyryňka gelip: «Hyzmat barmy, Myrahyr aga!» diýenmiş. — Hyzmat has bar. Biler bolsaň, öýde öwünjeň söwdagär dostum bar, ol derýanyň gaýrasyndan, Abdaldan. Söwdagär: «Howlym belent, itim hüşgär, adamhor, ogrulara menden hopbagam ýok» diýip, zol öwünip otyr. Şuňa Göroglynyň «Wellemşaha» oýnuny görkezmesek, boljak däl, Nowruz. — Myrahyr aga, men näme iş etmeli? — Sen häziriň özünde derýanyň gaýrasyna geçip, Mergen baýyň bördekilerinden birini ogurlap getirmeseň, ökde ogrularyň baryna yşanjak däl ol bidöwlet — diýipdir. — Nobat aga, men ogurlygy goýdum, köpçüligiň öňünde şert etdim, şol işi başaryp bilmerin. — Nowruz, geçiniň «Şertim şahyma, ur çüküme» diýenini ýadyňda sakla, ogry adyna ysnat getirme, erjeşme-de, bolar diýäý — diýipdir. — Myrahyr aga, öňem meniň günäm özüme ýetik, indi bir maňa ogurlyk et diýmäň. — Nowruz, dogrulanan, ýylanam mydama düýrlenip ýörse-de, hinine girende dogrulanýandyr. Senem dogrulan, ýöne bir gezek aýdanymy edäý. Soňam bu Pelwert degişmesi, ogrynyň bardygyny, ökdedigini, ýaňky söwdagäre näçe belent howlusy bolsa-da, hüşgär iti baram bolsa, ogurlap boljakdygyny subut etmekdir. Sag-aman meniň ýumşumy bitirseň, saňa-da alaça don ýapjak, dostuma bolsa goýnuň bahasyny berjek — diýipdir. Şondan soň Nowruz birneme ýumşaşypdyr, derýanyň gaýrasyna gitmäge razy bolupdyr. Nobat Myrahyr söwdagäriň howlusyny jikme-jik salgy beripdir. — Öýüňden gerek-ýaragyňy al-da, eşeklenip, tizräk ugra, ýagty gözin gaýra aşjak bol. Gaýyk güzere barma, eşegiňi güzeriň aşak tarapynda daň, men adam ibererin, eşegiňi şol adam Tegelek jeňňele elter, şol duşdan ilerä geçjek bol. Gübseriň barmy? — Bar, Myrahyr aga. — Onda ak ýol, sag-aman dolan — diýipdir. Nowruz «kädili» öýüne baryp, goşhaltasyna gübserini, ganaryny, üç bükdürme on bäş gulaç çöpür arkanyny, çeňini, sapy üç garyş kepjesini, aňňalyny, çaýjoşuny, bir petirek zagarany ýaglyga çigip alaga-da, hemmesini eşegine ýükläp, derýanyň kenaryna ugrapdyr. Derýanyň kenarynda eşegini arkanlap, bar gurawlaryny, eşiklerini, köwşüni gübserine salyp, oňa dem beripdir. Gübser taýýar bolansoň: «Ýa sadagaň gideýin, päkä Perwerdigar, özüň goldaweri!» diýip, gübseri münüp, gaýra gyra ýüzüp ugrapdyr. Sag kenara degensoň, gübserdäki köýnek-balagyny, köwşüni, ýektaýyny geýip, çaýjoşuny Amynyň suwundan dolduryp, çöpleme çöpläp, ot ýakypdyr, çaýjoşuny oda basypdyr. Soň ol nas atyp, nepesini durlapdyr. «Sümmülde suw sowar, mizandan soň Gün» diýenleri. Mizanam ahyrlap baransoň, Nowruzam galdyraklap oduň başyna baryp ýylanypdyr. Bu agajet, inçeden uzyn, saryýagyz, alagöz ogry gaty çasbaň bolupdyr. Ol iki sany süýt kädini halta salyp, haltanyň bilini bogup, ony derýa goýberip, derýadan geçer eken. Şondan soň oňa «kädili» lakamy galypdyr. Çaýjoşuň suwy gülüp başlandan, Nowruz çaýhaltasyny alyp, çaýjoşa gök çaý atyp, çaý bilen ýarty zagara nany bokurdakdan geçirýär. Birneme çuslanyp, gübseri, gerek däl zadyny wižžigiň aşagyna sokup, gerek gurallaryny alyp, nirdesiň, Mergen baýyň howlusy diýip ýöräp ugrapdyr. Şol barmana şam düşüp, garaňkyrap ugrapdyr. Ogry soň azaşmaz ýaly, gyşşalaryň başyny boga-boga, ahyry obanyň çetindäki kiçeňräk arykdan böküp geçipdir. Bir salym durup, salgy berlen ýeri nazaryndan geçiripdir. Şol wagt sygyrlaryňam padadan gelýän wagty bolansoň, sygyr sürüp barýan ýetginjekden Mergen baýyň öýüni sorapdyr. Oglan: «Şol görünýän aşak çetki beýik howly baýyň howlusy» diýipdir. Howlyny tapýança garaňky aralaşypdyr. Nowruz howlynyň daşyndan aýlanyp: «Baý-bow, öz-ä diýseň beýik eken, näçe bir küňňeresi bar, megerem, iki bölekden durýandyr» diýip, aýlanmagyny dowam edipdir. Bir görse, howla girýän suw akar deşik barmyş. Ogry: «Dur bakaly, şundan amatly ýer bolmaz» diýip, barlasa, tut agajyndan galyň ýonulyp ýasalan tokurtga barmyş. «Näme-de bolsa, «Atylan ok daşdan gaýtmaz» diýipdir. Söz berdiňmi, sözüňde tapyl, namartlama!» diýip, öz-özüne göwünlik berip, ogry kepjesini eline alyp, köwmäge başlapdyr. Garaňky düşensoň adam-garadan ätiýaç etmän, bilegini çyzgap, kelte saply kepje bilen tokurtgany köwüpdir. Horazlar ikinji ýola gygyranda, ogry tokurtgany bir gyra süýräp çykarypdyr. Deşigi adam sümer ýaly giňeldipdir-de, howlynyň içerisine äňedipdir. Ýadawlygyna garamazdan, iti nädip oýatmaly diýen pikir ony biynjalyk edipdir. Şol wagtam «It bilen pişigiň çep bolşy ýaly» diýen il arasyndaky meňzetme ýadyna düşüp, iti deşikden daşary çykarmak maksady bilen barmaklaryny dodagyna ýetirip, iki pişigiň boguşanda çykarýan sesine meňzeş ses çykarypdyr. Görse, aňyrdan eşek ýaly ala it ylgap gelýärmiş. Möwriti elden bermän, ganaryň agzyny deşige germäp, itiň gelerine garaşypdyr. Adamhor it şol gelşine ganara kürsäp urupdyr. Ogra-da geregi şol. «Hile et-de, gile et» diýişleri ýaly, hilesi hasyl bolansoň, çuwalyň agzyny berk bogup, çukura taşlapdyr. Köpek janawar näçe çyňsasa-da, çykara deşik tapmansoň, pör-pör goýberip, poh ryhyna bulaşyp, ganarda ýatyberipdir. Ogry bir salym deşikden äňedip durýar, görse, howlynyň içi ümsümlikmiş. Soň ol deşikden sümülip, howla girýär, tilki kimin iki baka garanjaňlap, aýak ýalaňaç, ýuwaşdan haltasyny göterip, mal agylyny gözläp tapypdyr. Görse, dogrudan-da, bäş sany bördeki, guýruklary elek ýaly goýunlar barmyş. Nowruz semizini saýlap, pugta güýläge-de, basypdyr damagyna pyçagy. Salymyny bermän, derini sypyryp, garyndyr içegeleri bir tarapa agdaryp, etiň bir buduny hem kelläni haltasyna salyp, galanyny «Ogry bol, ynsaply bol» diýişleri ýaly, basdyrmanyň heçjesinden asyp, deşige bakan jyrypdyr. Deşikden geçip, eti, kelläni ýerde goýup, ganaryň bogusyny çözüp, iti goýberipdir. Bu adamhor peläket aždarha gören dek, «Etek alty, ýeň ýedi» ýasap, guýrugyny ýamzyna gysyp, zut göterenmiş ökjäni. Ogry hasyr-husyr zatlaryny haltasyna salyp, «Gaçan gutular, ýatan tutular» diýip, itiň pohlan ganarynam taşlap, niredesiň çaý gaýnadan ýerim diýäge-de, ýorgalap ugrapdyr. Ýaňky arykdan geçip, Aýyň ýagtysyna başyny bogup gaýdan gamyşlaryny tapyp, yzarlaý-yzarlaý çaý gaýnadan ýerine gelipdir. Görse Aýam aşaklap, nurana ýagtysyny gysganýan ýaly, Ýere siňip barýarmyş. Nowruz goýan ýerinden gübseri getiräge-de, ähli taky-tukusyny, eti, kelläni gübsere salyp, agzyny pugta bogup, soňra oňa dem beripdir. Gübseri derýa goýberipdir-de, öwlüýäleriň ruhuna aýat okapdyr. Ol: «Ozalasy Alla, galyberse-de ýa, sadagaň bolaýyn, Hezreti Bilal baba, Hezreti Asdana baba, Kyrk Çilten baba, Dyngy baba, özleriňiz goldaweriň» diýip, okan aýatlaryny şol öwlüýäleriň ruhuna bagyş edipdir. «Ýa, sadagaň bolaýyn, Biribar» diýip, gübseri gujaklap, ileri gyra depipdir. Sag-salamat ileri gyra degipdir. Gübseriň agzyny çözüp, köýnek-balagyny, ýektaýyny, köwşüni, şypyrmasyny geýip, ot ýakypdyr-da, ýylanypdyr. Şol wagt daşrakda eşek aňňyrypdyr welin, Nowruz öz eşeginiň sesini tanapdyr. Yşygy köpelder ýaly, oda ýene odun basypdyr. Garaňky gijede çabyrap ýanýan oduň ýagtysyna Nobat Myrahyryň iberen adamy hem eşekleri getiripdir. Olar etli haltany, Nowruzyň gurawlaryny horjuna salyp, ýola düşüpdirler. Ýolda: «Nowruz aga, siz çykmaly ýerden çykman, aşagrakdan çykdyňyz, Tegelekjeňňel ýokarda galdy, eşekleri gyssap sürmesek, daňam tilkiguýruk bolup barýar» diýip, gelen ogra ýüzlenipdir. Nowruzam: «Nätjek-dä ýüki agyr bir gübserden, derýa-da, göwnüme bolmasa, çaltrak akdymy ýa-da gijelikdenmi, öz-ä duşulan ýerimden çykyp bilmedim. Jan inim, meniň demimiň çaý gaýnadýan wagtlary, ýaşam bir çakyna bardy, agaňyň syrtynyň gorulan wagty bu herpille» diýipdir. Bular Gün dogmanka Myrahyryň howlusyna aşypdyrlar. Getirilen eti bölekläp, kelläni ardyp, gazana salyp, gaýnadyp başlapdyrlar. Nobat Myrahyr bilen myhman namazdan soň çaý başyna geçip, ondan-mundan gürrüň edipdirler. Gün naýza boýy galyberende dört-bäş sany oba ýaşululary salam berip içeri giripdir. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, çaýyň başynda köp gürrüň edipdirler. Şonda gojalaryň biri Nobat Myrahyra ýüzlenipdir: — Mysaleki gürrüňe görä, Ak paşşanyň adamlary Diwanabag diýen ýerinde ot bilen demiriň üstünde ýöreýän mahlugy Amynyň üstünden köpri gurap geçirjekmiş diýen howaýy gürrüňem bar. Bu näsazrag-a dälmi?! — Ýok, näsaz däl, erte-birigün Kerki begi Zeýnetdin metlapdan bir topar talabany şol ýere iberjek. Pelwert ilindenem bäş-on adam şoňa goşulmaly. Öň agaç köpri bardy, ol häzirem otlyny öz üstünden geçirýär, ýöne uzaga gitjek däl. Şonuň üçin ony demir köpri bilen çalşyrmaly. Haçan gitmelidigini begiň ýasawuly gelip habar berer — diýipdir. — Baý-bow, bu bir gudrat how, ol demir köprini nädip gurjakka?! — diýip, oturanlar ala-wagyrdy bolşupdyrlar. Şol wagt Myrahyryň diwanbegisi gelip, kelleaýagyň taýýardygyny habar beripdir. Nobat Myrahyram «Hany, onda elleri täzeläli» diýenden, tamyň içeri işiginde bir eli tylla reňkli misden oňarylan elýuwarly, bir eli kündükli entek sakgal-murt örmedik ýigdekçe peýda bolupdyr. Tizlik bilen ellerini ýuwduryp, biýzden bolan el söpürgini äberip durmuş. Tizden üç sany agaç çanakda gatlakly nan dogralan çorba gelipdir. Ýany bilen tegelek nanyň üstünde goýlan goýnuň kellesi-de bile gelipdir. Kelläni bir ýaşulynyň öňünde goýupdyrlar. Goja-da: «Myhman ataňdan uly» diýip, Mergen baýyň öňüne süýşüripdir. Myhman: «Sylanyňyza minnetdar» diýip, pyçagyny çykarypdyr-da, öňi bilen tumşugyň ýarym barmak ýokarysyndan pyçagyny aýlap, ojagaz ýeriniň gukasyny goýupdyr. Galan ýeriniň gukasydyr etlerini dograp, her çanaga bir gysymdan oklapdyr. Soň ol kelläniň sag gözüni alyp, Nobat Myrahyra hödür edipdir. Myrahyr içinden: «Akmak myhman öý eýesine hödür eder» diýişleri bold-ow diýip pikir edip: «Mergen baý, gözüni özüň iý, ony edil öz goýnuň gözi ýaly gör-de, iýiber» diýip gülümsiräpdir. Gepiň tümmegi, öz etini özüne iýdiripdir. Nahardan soň omyn edilip, dowarlaryň piri Musa babanyň, ekin-tikiniň piri Babadaýhan babanyň hak hormatyna aýat okapdyrlar. Şondan soň öý eýesine pata berip, oba ýaşululary öýli-öýüne dargapdyrlar. Nobat Myrahyr işigindäki hyzmatkärine: «Düýäni howutlap, Mergen söwdagäriň bazardan alan baganadyr derilerini düýä ýükläp, gämigüzere eltip, gaýyga basyp beriň» diýip tabşyrypdyr. Myhman atlanyp, gämigüzere tarap ugrapdyr. Myrahyr aga-da biraz ugradansoň: «Ugradandan ýoldaş bolmaz», hoş wagtyň, gelip dur» diýip, hoşlaşyp, yzyna öwrülipdir. Mergen baý bärden barandan darga-da «Baý aga, nebela boldy size, gün ikitel boldy, çäş galanda ileri-gyra degenim, nädereje bolsa-da, gyssanaly. Öňi bilen gaýyga aty salaly, soň ýükleri basarys». Mergen baý aty ýüki bilen gaýra gyra degip, sag-salamat öz külbesine aşypdyr». | |
|
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Köne mülk -11: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |