11:00 Üç tussagyň ýatlamalary -4/ romanyñ dowamy | |
ÖÝLENIŞIM
Romanlar
Biz işden gelsek, Öwezgeldi aganyň yzyndan agaç gutyda gurt, erik kak, igde, sarymsak, kişmiş hem bir jüp dolak gelipdir. Nahardan soň gelen iýmitleriň hersinden dadyp hezil etdik, dogduk mekany ýatladyk. Öwezgeldi aga: «Çemçäni saňa atypdyk, indi başlaber, Meret» diýdi. Menem öýlenişimi gürrüň berdim: — Bu waka ikimiziňem başymyzdan geçdi. Şol ýyl ýaňy on alty ýaşym dolupdy. Tomusda gelen mama keseli özümden kiçi inimi, iki uýamy binobat ol dünýä äkitdi. Hudaý öz penasynda saklap, maňa şol kesel degmedi. «Gyz gerege tiz gerek» diýenleri ýaly, enem-atam şol «Toý edeli» diýdiler. Keçjallyk etseňem, olaryň göwni ýykyljak, öz-ä öýlenmek meselesini sulhum almady, arman alajym ýokdy. Bir gün atam ýanyna çagyrdy, köp wagtlap ümsüm oturdy, soň şeýle diýdi: «Oglum, ynsana dört zat parzdyr. Birinjisi çörek, ikinjisi geýim, üçünjisi öý, dördünjüsi söwer ýar. Bularyň üçis-ä sende bar. Dördünjinäm öýüň törüne geçirsek, soň ölsemem armanym ýok» diýdi. Ýene bir salym dymdy-da: «Özüň belet, saglygym gowy däl, ölmänkäm agtyk dagam görsem, kem boljak däl. Senem, oglum, ýeke çykan bolduň, birneme köpelip-känelseň, erteki gün özüňe kömekçi bolar» diýdi. Men atam daga: «Nargüli halaýan, şony alaly» diýsem, enem-atam ör-gökden geldi. «Sen näme adaglyňy derýa itjekmi, diliň geplänini gulagyň eşidenýok» diýip käýediler! Nätjek susagyň sapy enem-atamda bolansoň, sesimi çykarman razylaşdym. Atamyň diýenem mamla, «Il oňlasa, atyňy soý» diýleni eneň-ataň oňlasa, kemi bolmaz, olar saňa ýamanlyk etmez diýip düşündim. Bir gün daýym bilen atamyň eden gürrüňi çalaja gulagyma kaklyşdy. Şonda daýym: «Ýegeni öýlendirden öz-ä gögele, ras öýlendirmeli diýseňiz, gepi bolmaz» diýdi. Gepiň gysgasy; men daýzamyň adagly gyzyna öýlenmeli boldum. Meniň razylygymy alansoňlar, sähet belläp, toýa taýýarlanyp başladylar. Bir hepde geçirip, toýuň geňeşini çagyrdylar, ony baýram aýynyň dördünji hepdesiniň çarşenbe güni geçirmegi makullaşdylar, çakylykçylary bellediler. Hasapdanyň aýtmagyna görä, «Çarşenbe gün çar tarapa» diýen nakylam bar. Baýram aýyna arapça şewwal diýilýär. Ol bilene gozganmak, göçmek diýmekdir» diýip, hasaplan goja gürrüň berdi. Öňi bilen alty ganat ak öý dikdiler. Gyş güni bolansoň, odun-çöpi taýýarladylar. Ähli toýa gerek bolan zatlary desga edip başladylar. Şonda enem daýymy çagyryp: «Biraz ýetmeýän şaý-sep bilen birki sany don hem gyrma köwüş almaly, erte bazara gitmeseň, boljak däl» diýdi. Ertesi daýym meni öz ýany bilen alyp gitdi. Pelwerdiň Ýeketal bazaryna bardyk, şaý-sep hataryndan ýylpyldysy bilen gözüňi gamaşdyrýan alty gaşly bilezik, saçasyk, tumar, gulakhalka, ysyrga aldyk. Söwdegärlerem: «Menden al-da, menden al» diýşip gygyrşdylar. Şol sapar bazardaky tylla-kümüşden ýasalan şaý-sepleri görüp, agzymy açyp bir salym durupdyryn. Bir wagt «Ýegen, aňkarma, ýöre tiziräk» diýen daýymyň sesine ukudan açylan ýaly, hasanaklap ýanyna bardym. Biz tirkeşip egin-eşik bazaryna bardyk. Iki sany alaça, bir Hywa donuny satyn aldyk. Soň aýakgap bazaryna bardyk-da, bir jübüt gyrma köwüş aldyk. Bu köwüş ýörite aýallar üçin tikilen apgyrtsyz, ökjesi belent, burun tarapy yzyna gaýyşyp duran, seçekli, ýasydaban goňras-gyzyl reňkli teletinden tikilen köwüş eken. Şoňa çenli beýle köwüşiň bardygyna ünsem bermändirin. Öýe gaýdanymyzda howa-da biýakym sowady. «Gar ýagmabilse ýagşydyr» diýip, daýym howatyrlandy. Enem, daýym dagy gyzyň dokuzunam eltip gatdylar. Hiç hili dawa-jenjelsiz gyza beriljek goşlar, gyzyň galyňy barada-da ylalaşyldy. Däp-dessura görä, edilmeli işler tamamlanansoň, toý tutuljak günem ýetip geldi. Erte toý diýen güni gassaplar goýun soýup, aýallar hamyr garyp, nan ýapdylar. Başga hojalyklardan taňka, çaýjoş, kündük, gazan, tabak, çemçe, keçe, palas, haly ýalylary alyp taýýarladylar. Gelinalyjy bolup erkekden kimler, aýaldan kimler gitmelidigini anykladylar. At başy kim bolmaly, ner başyny kim çekmeli, kejebeleri kim taýýarlamaly, bar edilmeli işler öňünden ylalaşyldy. Ertesi daňdan aşpezler, olaryň kömekçileri gazany ataryp, ot ýakdylar, etleri gazana basdylar. Gün naýza boýy galanda howluda adamlaryň sany hasam köpeldi. Tizden-tiz düýeleri bezäp, kejebe çatdylar. Atlylar atlaryny bezäp, taýýar boldular. Gün uly guşluga galanda kerwen bilen kim eşekli, kim pyýada, atlylar öňde Gülegenjä baka ýöneldiler Gelinalyjylaryň ketgudasy daýym boldy. Toýuň nahary nangarma boldy, bahary bugdaýyň nanyna bişen garmanyň üstüne guýruk ýagyny guýup berdik. Şol garmanyň tagamy entegem agzymdan giden däldir. Toýum gowy geçdi, bagşylar aýdym aýdyp, saz çaldylar. Olaryň töwereginde mähelle-bary toplandy. Her hili oýun oýnadylar. Gyzlar sallançak uçsa, oglanlar ýaglyga towusdular. Gijäniň bir wagtyna çenli toý dowam etdi. Şol gije molla çagyryp nika gyýyldy. «Elbetde, Öwezgeldi aga, içime büre giren ýaly gorsanyp otyrdym. Molla: «Durdugül Ýagşymyrat gyzy, sen öz teniňi Meret Mejit ogluna bagyş etdiňmi?» diýende Durdugül ýitireni bar ýaly, maňa gezekli-gezegine seretdi. Soň sessizje «Hawa» diýdi. «Meret Mejit ogly, sen Durdugüli öz saýaňda aç-ýalaňaç horlaman saklajagyňa güwä geçýärmiň?», «Hawa». Şondan soň molla bir zatlar diýip pysyrdady-da jamakdaky suwa goýberlen rupiýany iki barmagyna gapjap aldy, jamakdaky suwdan bir owurt içmegi talap etdi. Biz içdik. Durdugüli ýeňsesi bize dikilen ak öýe alyp gitdiler, meniň ýeňňelerim öň öýlenen oglanlardan iki sanydy. Olar maňa ädigi nähili çykartmaly, guşagy nähili çözdürmeli, gyz bilen nähili gepleşmeli hemmesini ýene bir ýola öwretdiler. Soň elime ak sapydan boglan ýaglyjak berdi. Ony ulanmagyň ýollaryny öwretdiler. Soň meni gyzyň ýanyna goýberdiler, basaga sürçüp, tas ýykylypdym». «Inijigim, bir dur, seret onuň gultunup oturuşuna» diýip, çommalyp oturan Annamyrat agany görkezdi. Annamyrat aganyň gahary tiz bolansoň: «Sakaldaş, saňa birneme meçew berip jenjel tapdyr diýseň, ýogsa, meniň nähili oturanym, gulkunuşym bilen ne işiň bar seniň, otur-da oturan ýeriňde» diýdi. — Ýa inijigim, saňa bir agyz gep-ä az, iki agyz gepem köp, degişmä ýer goýman, ganjyk it ýaly bolup dursuň. — Sakaldaş, hetdiňden aşma, gowy bolmaz, ganjyk it bolsa seniň özüň, haçan görseň, guýruguňy bulap üýrüp dursuň. Şol wagt men ara düşdüm. — Ikiňizem mugyra geljek däl. Biri-biriňiz bilen ekjeşmäni goýuň diýsem, siz barha beter — diýip, janygyp gepledim. Şonda soň olar ümsüm boldular. Ikisi iki ýerden: «Dowam et» diýip seslendiler. Içimden «Äh-ä, bu waka ikisiniňem başyndan geçensoň, gör, nähili gyzykly» diýip oýlandym. «Dowamy edil siziň başdan geçiren günleriňiz ýaly, näme etjek meni köp gepledip». Gülüşdik. Biraz wagtdanam uka maýyl bolduk. ÝURT BULAŞYP BAŞLADY, BULAM-BUJARLYK 1919-njy ýylyň hut aýynyň ahyrlarynda ýene-de «Lebapda emiriň soraýan ýerlerinde ýaragly gozgalaň bolupdyr. Garakölde, Giždiwanda, Wabkende, hamal aýynda bolsa, Garyşda, Täze Buharada tolgunyşuklar bolupdyr diýen myş-myşlar agyzdan-agyza geçip, peşeden pil ýasaýanlar köpeldi. Emir Seýit Alym han bu tolgunyşuklary ýatyrypdyr, 63 sanysyny dardan asyp, 5 müň adamy bendi edipdir diýen gürrüňler Lebaba ýaýrady. Bazarlarda, çaýhanalarda, köpçüligiň üýşen ýerlerinde diňe şol gürrüňler boldy. «Bar işi bulamak kimin bulaýan Hudaýsyz orslarmyş, olar emiri tagtyndan agdarjak bolup, synanyşýarmyş» diýibem gürrüň etdiler. «Seýit Alym han, Hywa hany, Owganyň patyşasy, Kokand hany dördüsi birleşip, orsy gelen yzyna kowjakmyş» diýibem gürrüň etdiler. 1920-nji ýylyň hamal aýynyň başlarydy, ýerimi ekişe taýýarlaýardym, çil-çimridäki çaýyrlary alyp ýörkäm daýym geldi. Salam alyşanymyzdan soň daýym: «Berekella, ýegen, çaýyr goýman alaweri, «Ýer gyrasyndan garrar, dag deresinden» diýipdirler. Şonuň manysy, çaýyr öz goluny ýeriň ortasyna gönükdir, ana, onsoň ýuwaş-ýuwaş ýeriňi çaýyr bassa, hasyllylyk peseler» diýdi. Soň biz öýe baryp, çaý içdik, şonda daýym: «Diwanabagdaky orslar ak patyşany agdaran Hudaýsyzlara goşulup, eminiň garşysyna çykyş edipdir diýen myş-a bar, ýegen. Öz-ä gowuluk däl, «Bozuljak araba kyrk gün öňünden jygyldar» diýişleri ýaly, ýurt hakykatdan-da, bulaşjaga meňzeýär. Gelmän geçen Hudaýsyzlar ak patyşany agdaryp, indi bu taýlara-da geljek öz-ä. Kerki beginiň ýasawullary: «Ol gepleriň barysy ýalan, oňa ynanmaň» diýib-ä ýör, ýöne onuň çyndygynyň bellisi ýok. «Onuň Aly Hezretleri sarbazlyga ýaş ýigitleri alýarmyş, Kerki begi bäş ýüz adam sarbazlyga aljakmyş» diýen myşlar-a bar. Soňam: «Ak patyşanyň puly synjakmyş, oňa derek ýene teňňe ýörejekmiş» diýen gürrüňem bar, kagyz pul saklama» diýdi. Şol ýylyň eset aýynyň başlarynda (1920 ýyl, iýul) «Emir Seýit Alym han belşewiklere garşy uruş yglan edipdir, Buharanyň eteginde Hudaýsyzlara garşy uruş gidip durmyş» diýen habar Lebaba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. «Kerkiden sarbazlyga köp ýygyn gidipdir, hudaýsyzlary yzyna kowupdyr» diýen hoş habaram il arasynda köpeldi. Bir aý geçdimi-geçmedimi «Emir ýeňilipdir, belşewikler üstün çykypdyr» diýen myş-myşlar ýaýrady. «Bolan gan döküşlik size ýalan, maňa çyn, orslaryň ýaragy köp ekeni, emiriň bolsa ahyrynda ok därisi tükendi, biz basyldyk!» diýip, bir gaçgak hut Pelwertde biriniňkide gürrüň beripdir. Akrab (oktyýabr) aýynyň ortalarynda «Seýit Alym han orslardan gaçyp Owganystana gaçypdyr» diýen gürrüň ýaýrady. Bu habar bulutsyz asmanda ýyldyrym çakan ýaly boldy. Hemmeler elden-aýakdan düşüp, soňky habara garaşdylar. Ilat bu habara yşanjagynam, yşanmajagynam bilmedi. Soňky habar hasam gynandyryjy boldy, sebäbi «Emiriň egindeşleri işan-mollalar, Owganystana gaçýarmyşlar» diýen gürrüň köpeldi. Şol bir wagtda «Belşewik baýlaryň ýerini, malyny, guýularyny elinden alyp, garyplaara paýlajakmyş, erkek bilen aýalyň hukugy deň boljakmyş, iki, üç heleý almagy gadagan etjekmiş» diýen ýaly hyşy-wyşy gürrüňler köpeldi. Näme diýseler-de belşewik bir bada-ha biziň oba gelmedi, «Geljekmiş, pylan obadaky baýy tapypdyr, ýerini, zatlaryny ortak edipdir» diýen ýaly gürrüňler bolsa, dowam etdi. 1921-nji ýylyň aýlary-günleri bir ujundan gädip başlady. Halk arasynda: «Ogul-gyzyňyzy hudaýsyzlara görkezmäli, olaryň ýüzüni babaly görsün, gelmänkä olardan daşlaşaly» diýip göçmäge başladylar. Soň-soňlar göçhä-göçlügiň çarhy has-da tiz aýlanyp başlady. Esasan bu döwürde uly baýlar, molla-işanlar, guş begi, myrahyr, jebeçi ýaly emiriň ynamdar adamlary göçdi. Şol günleriň birinde tirämizden Böri hapyz geldi. Ol: «Sen belet, göçümi Owgana aşyryp ber» diýip towakga etdi. Men, dogrudan-da, Garaguma, Owganystanyň hem köp ýerine belet. Söwda edenimsoň ol taýlarda barmadyk ýerim az. Ýaban ýatan ýerim köp. Menem Böri garyndaşyma: «Söz bermäýin, ýöne daýyma öý-içerime geňeşip göreýin» diýdim. Soň öňi bilen Hudaýberdi daýymyňka bardym, ýagdaýymy aýtdym: «Göçümi aşyryp ber» diýip gelýänler bar, nätsemkäm, söwdanyňam ugry ýok, alamanlaram talajak öz-ä». Daýym esli wagt oturdy, soň ol söze başlady: «Gör-de, ýegen, gazanjy söwdadan kem bolmaz, ýöne gep gazançda däl, göçi aman-esen barjak ýerine eltmekde. Garaguma-da sen belet, kä yssy tapbat, kä aňzakly gyş, gör, bakaly, injigiňe şapbatlap» diýdi. Köp pikirlendim eneme geňeşsem: «Öňi bilen özüňi aşyr, başga kişini soň alyp gidersiň» diýdi. «Özümiň-ä göçmek niýetimde ýokdy, şonuň üçin göç alyp gideýin diýen netijä gelipdim». «Hawa, inijigim, soň göçdüňmi ýa-da göç alyp gitdiňmi?» «Göç alyp gitdim, Öwezgeldi aga. Ertesi ikindinara Böri garyndaşymyňka baryp: «Haçan guraw-esbabyny taýýarlasa, maňa aýdaýyň menem taýýar bolaryn» diýip gaýtdym. Iki güni geçirip, üçünji güni daňdan alty düýe ýük, dört at, iki eşek, sygyrlary tirkäp, ýola düşdük hepde diýende Akjanyň gapdalyndaky Gumaryk diýen gyşlaga eltip gaýtdym. Hudaý halap işim juda jüpüne düşdi. Suwumyzam, nanymyzam ýetip galdy, hiç zatdan kemçilik çekmedik. Şondan aý ýarym geçirip, daýzam dagyny alyp gitdim. Olar göçmezden öň ýarma aşdan sadaka berdi, şonda gyzjagazyny yzyna tirkäp, ýören öňki ýassykdaşym Durdugüli gördüm. Ýüregim tasdan içimden çykypdy, näme-de bolsa ilkinjiň, soňam bäş ýyl dagy el-ele berip, äbede-jüýje bolup, bile ýaşaşdyk ahyryn. Ol meni görüp, birhili aljyrady, gyzardy, ýöne sesini çykarmady. Soň menem «Saglykmy?» diýip ýolumy dowam etdim. Nätjek, nesibede onuň bilen razylaşyp aýyrylyşdyk ahyry». «Hawa-hawa, öň gürrüň beripdiň, siziň çagaňyz bolmandyr, dogry gerek?» «Tüýs dogry, täleý ters gelipmi ýa-da ýyldyzy duşmanmy, garaz çagamyz bolmady». «Inijigim, tussaglykdan boşap barsaň, işallasa, ýene birini alarsyň, indi Owgana gideriňe ors goýmaz, şonda çagaňam bolar». «Aý, bilmedim, Öwezgeldi aga ölmän şu ýerden sypsag-a Hudaýdanam, bendesindenem müň gezek razy». «SakgaIdaş, dogry diýdi, bu taýdan boşap mekana barsaň, öýlen, näme müjerret ötmelimi bu düýäden? «Ömrüňden bir gün galsa, at al, iki gün galsa, öýlen» diýen ol ýeri-de bar» diýip, Annamyrat aga janygyp gepledi. «Hawa, iki göçi sag-aman Owganystana eltip gelemsoň, adygyp ugradym. «Göçümi aşyryp ber» diýip gelýän adamlaryň yzy üzülmedi. Şol arada biziň üçünji çagamyz gyzjagaz dünýä indi, şonuň üçin özüm göçmäni birbada goýbolsun etdim». Aradan bir aý dagy geçdi. Bir gün Gülegenjeden Tereňler tiresinden Şanazar baýyň diwan begisi gelip, onuň göçüni Owgana aşyryp bermegimi haýyş etdi. Baýyň goş-golamy-da köp ekeni, üstesine öz tiresinden iki hojalyk goşulypdyr. Goýunlary, sygyrlary-da köp eken. Sähetli günleriň birinde daňdan ýola ugradyk. Bu sapar göçi ýerine eltip gaýdýançam azap baryny gördüm. Garamätnyýaza ýetmänkäk atymyň aýagy alaka kürüme girip, agsap başlady. Soň ony idip, kä pyýada, käte eşekli ýoly dowam etdim, bir görsem köne meşigiň tikilen ýerinden suw syzyp dur, öňi bilen şol meşigi boşatmagy tabşyrdym. Soltan sardaba çenli bir salkyn ýol ýöremelidi, sünbüle aýynyň ortasydygyna garamazdan, kölege gysgaldygyça, Gün batly gyzdyrýardy. Gün batdygy çäge sowap salkyn düşerdi, şonda birneme adamlar rahat dem alardy. «Onda, diňle, «bir iş etjek bolsaň, heleýiňe geňeş, onuň beren aklynyň tersine et» diýlen ýeri-de bar, sakaldaş». «Ol diýenlerem makul, inijigim, emma sen meniň keýwanym bilen geňeşip iş edýänimi nireden bilýärsiň?». «Sakaldaş, bir wagtlar özüň gürrüň beripdiň, ýadyňda dälmi, baýak sygyr söwdasyny edeniňde keýwanyň gepi bilen sygyry almakdan ýüz döndüreniň?» «Diýmek men onda heleýiň äride?» «Bolubilseň-ä heleýiň äri, sakaldaş. Şol sygyry aljak diýip, alan bolsaň, keýwanyň gepine gitmedik bolsaň, onda senem äriň ärine degişli bolardýň. Soňam «Är lebizden, koý bogazdan» diýen ýerem bar, diýen sözüň yzynda durmaly». «Bolar inijigim, men seniň diýeniňe razy, ýogsa, özüň olaryň haýsysyna degişli?» «BolubiIseg-ä, äriň äridiris diýeniňe sakaldaş». Şol wagt Öwezgeldi aga bolmazyny taşlajak bolup bir gowsundy, ýöne men öňürtdim, söze başladym: «Agalar, gürrüňimiň soňuny diňläň, Çoganlykda ýatdyk, ertesi ýene ýoly dowam etdik. Bela-betere, Soltan sardaba bardyk. Boşan meşikleri suwdan doldurduk, çaý-çörekden ýetirip, ýene ýoly dowam etdik. Alty gün diýende olary Akjanyň gapdalyndaky Bäşaryk diýen gyşlagyna eltip gaýtdym. Gaýdyşyn Kerkä darap, dellekhana bardym, şonda iňňe iýen it ýaly, hor garakburun jöhit sakgal-murtumy tämizläp berdi. Olar öz aralarynda Buharadan gelen wekiliň diýmegine görä, emir gaçypdyr, bar zady kapyra galypdyr. Men diýen baýlaryň, işan-mollalaryň, emrine ýakyn adamlaryň Owganystana göçýändigini habar berşi barada gürrüň etdiler. Gulagymy keýkerdip diňledim, çak etdim içimden: «Horaz hemme ýerde birmeňzeş gygyrýan ekeni» diýip goýdum. Kerwensaraýa baryp, atymy aldym-da, ýola ugradym. Ýolboýy: «Hem-ä, eýgilik boladyr» diýip, Hudaýdan diledim». AÝYLGANÇ ÇYKAN SES Biz işden geldik, çaý-nahardan soň tokaýda bolan waka barada gürrrüň etdik. Bendileri saklaýan esgeriň biri çeträkde ýazylyp oturan wagty onuň ýanyna aýy gelipdir. Bu ýigit ony görenden pohunyň üstüne gyşaryp, essinden gidipdir. Ol esli wagt geçenden soň, gapdaldaky esger ony derekläp barsa, ýaňky aýy gören ýigit pohuna bulaşyp ýatyrmyş. Ony ol ýerden alyp gaýdyp, ýuwup-ardyp özüne getiripdirler. Ondan: «Saňa näme boldy?» diýip sorasalar, geplemän ellerini galgadyp, aýa öýküne-öýküne, näme bolandygyny düşündiripdir. Soň ony hat üsti bilen has anyk habar beripdir. Gorkudan ýaňa dili tutulup geplemändir. Şonda men «Entegem aýy ony parçalamandyr, olam haýryýet» diýdim. Öwezgeldi aga: «Aýy bolsun, ýolbars bolsun, ýylan bolsun, bular, özüň degmeseň, degmezmiş, ýöne aç gurtlaryň adama hüjüm eden wagtlary bar. Aýy, görşümiz ýaly, degmedige degmändir» diýdi. Men ýene: «Öwezgeldi aga, ol esger indi lal bolarmy, geplemezmi?» diýdim. «Wagt-warak geçse, geplemegi mümkin, oňa-da sebäp gerek» diýip, öz gözi bilen gören wakasyny gürrüň berdi. «Gürrüňini berjek bolýan oglanym meniň bilen atdaşdy. Ady Öwezdurdydy. Onuň bilen molla-da bile barardyk, men hetjikläp okamda ol şowladyp okardy, diýseň ýatkeşdi. Ol menden birki ýaş dagy kiçidi, on iki ýaşlaryndady. Hawa, obanyň çetinde beýik diň bardy, onuň töweregi garamyk, ekme, hyşa ýaly ösümliklerden basgyrylgydy. Gapdalyndan bolsa kiçeňräk aryk akýardy, şul arygyň raýyşyndan ýöreleýän pyýada ýol bardy. Aý ýagty gijeleriň birinde Öwezdurdy daýylaryndan öýüne gaýdýar. Oňa «Giç boldy, ýatyp git» diýseler, ol: «Giç däl» diýip, ýola ugraýar. Onuň ýoly şol diňiň gapdalyndan geçmeli. Bu diňe bolsa, Janlydiň diýipdirler. Öwezdurdy diňiň ýanyna gelende birden kelle ýaly ak zat togalanyp öňünden çykýar. Soň ol ot bolup syçrapdyr. Oňa gözi düşen Öwezdurdy çirkin gygyryp, özünden gidipdir. Bu ýakymsyz sesi ýerini gijeläp suwa ýakýan bir bende eşidip, barsa, oglan agzyndan ak köpük saçalap ýatyrmyş. Ýaňky gelen adam siňe seretse, Wellek çopanyň ogly. Bu adam bar işini goýup, oglanyň atasy Wellegiňkä ylgapdyr. Gelip görseler, bir dem gelip-gidip durmyş. Öýüne eltenden soň atasy: «Ony jyn urupdyr» diýip, molla çagyryp, iki hepdeläp ony okatdy. Okan bilenem, her dürli em edenleri bilenem oglan gepläp bilmedi. Ony ýoluň üç aýrylan ýerinde däldirik (üzärlik) tütedip, jyn-arwahdan saplajak bolsalar-da, bolmady. Ol bir zady düşündirjek bolsa, ellerini hereketlendirdi, gepläp bilmän güň bolup galdy. Üç aý dagy geçensoň ol birneme tijendi hem aýak üstüne galdy, şonda-da gepläp bilmedi. Ol hojalygynda bir iş etse, oňa gaty ynjyk darap, kemini goýman bitirdi. Ol palta, kätmen, pil ýalylary saplasa, oňa hiç kim at dakyp bilmedi. Öýüň töweregini syrsa ýa-da sygyrlaryň aşagyny arassalasa, ol işi harsal etmedi. Bir işi görkezseň, ony ikinji ýola görkezmek gerek bolmady, şol işi ezberlik bilen ýerine ýetirdi. Aradan üç ýyl geçdi, ol on bäş ýaşady. Soň ony atasy öz ýanyna çoluk edip alyp gitdi. Öwezdurdy çöle barandan köp wagt geçmänkä gömme işlekli, gaýnatma bişirmegi, gap-çanaklary ýuwup, päkize saklamagy birkemsiz öwrenipdir. Ol goýun soýup, gowurma gowrup, ony saklamagy-da öwrenipdir. Goýunlara suw çekýän suwça kömekleşip, gowany sowmagy, ahyrlary arassa saklamagy, itlere wagtynda ýal bermegi başarypdyr. Gepiň tümmegi çolukçylygyň gizlin syrlaryny özleşdiripdir. Ýaz günleri gelip ýetende döl düşüp, owlak-guzynyň mäleşýän sesi oýuň töweregini ýaňlandyryp duranmyş. Şol günleriň birinde atasy ogluna elli-altmyş sany täze dogan goýunlara gözegçilik etmegi, ilerki ýazlymda bakyp gelmegi tabşyrypdyr. Ana, şol ýaş tokly goýunlary bakyp ýörkä iki sany möjek gündiziň güni bakylýan goýunlara darapdyr. Olar bir ujundan parçalap başlapdyr, möjekleriň edäty bolsa parçalamak, öldürmek. Taýak atym ýerde otlap ýören eşek janewer burnuny parladyp, özüni ölümden guturmak üçin, Öwezdurdynyň ýanyna ylgapdyr. Emma möjek çaltlyk bilen eşegiň yzynda ýetipdir-de, onuň kötenini sogurupdyr. Oňa gözi düşen Öwezdurdy gorkudan ýaňa titräp, bir gygyrypdyr welin, bu aýylganç çykan sesden gorkusyna, ýaňky möjek eşegi taşlap, zut gidipdir. Öwezdurdy bir salym duran ýerinde gatap galypdyr. Soň özüne gelip «Men gepledim, men gepledim, eşegim, eşegim» gaýtalaý-gaýtalaý gygyryp, iki-baka ylgapdyr. Şoňa deňiç möjeklerem iýenini iýip, iýmedigini parçalap, birkisini öňüne alyp gidipdir. Öwezdurdy bolsa, goýundan, geçiden geçip, ylgawyny ýazdyrman, çopan goşa barypdyr. Ol: «Men gepledim, men gepleýärin, eşidiň, adamlar» diýip, üznüksiz gepläp durmyş. Suw çekýän Nepesem nämäniň- nämedigine düşünensoň, baryp, ony gujaklapdyr. Soň ony köşeşdiripdir-de: «Goýunlar nirede, hany eşegiň?» diýip sorapdyr. Şol wagt özüne gelen Öwezdurdy bolan, wakany sakyna-sakyna beýan edipdir. Bu ikisi ýaňadandan hasanaklaşyp, owlak-guzynyň galan ýerine ylgapdyrlar. Barsalar, möjekler guzularyň, owlaklaryň kellesini çeýnäpdir, goýunlaryň bolsa, içini silkipdir, guýrugyny goparypdyr. Garaz, on dört owlak-guzyny, ýedi goýun bilen bir eşegi parçalapdyr-da, zym uçan ýaly bolupdyr. Bar goýunlary toplap, oýa sürüp getiripdirler. Soň Nepes eşegini münüp, içi silkilen goýunlary, kellesi çeýnelenleri eşegi bilen dynman hupdana çenli daşapdyr. Olaryň köpüsini gan akanlygy sebäpli, depme halal edipdir. Edil şol wagtlaram Wellek çopan goýunlaryny oýa indiripdir. Göklem bolansoň, goýunlar gündiz bakylypdyr. Nepes çopan gelmezden ön Öwezdurda öz başyndan geçirenleri beýan etmegi öwredipdir: «Birden: «Men geldim» diýip, alnyndan çyksaň, begenjinden ýüregi ýarylmagy mümkin. Şonuň üçin öňi bilen bir bolmazja ses çykararsyň, soň düşnüksiz hüňňürdärsiň, erte-birgün ýuwaşjadan geplärsiň» diýip, berk sargapdyr. Çopan goýunlary tegene gapyp, söýäni söýäp, ony berk baglapdyr. Ol çatma ýakynlaşanda gözi bir topar heçjeden asylgy läşe düşüp, sakga saklanypdyr. «Bu nämäniň alamaty, Öwezdurdy, sen nirede?» diýip gygyrypdyr. Şol wagt ogly çatmadan çykypdyr-da, bir hili pişik boguşan ýaly, boguk ses çykarypdyr. Atasy ylgap ýanyna barsa, ol elleri bilen asylgy läşleri görkezipdir. Onýança suw çekýän Nepesem bolan işleri çopana düşündiripdir. Wellek aga-da: «Bu ýylam bize baý agadan belli hak ýok. Onça goýun, owlak-guzy çykdajy bolan bolsa, ol-a meniň ýyllyk gazanjym boljak» diýip, sandyraklap duranmyş. Nepesem: «Azyrganan aç galar» diýipdirler, hakym az boljak diýip käýinme, Biribaryň özi ýetirer. Bokurdagy deşen özi, Hudany çagyr, diýenleriňe puşman et» diýipdir. Şol wagt Öwezdurdy köne golça ary giren ýaly bir hili güňleç ses çykarypdyr. Atasy bu sesi eşidende ogluny gujaklap: «Hany, ýene seslen, oglum, sesiňi çykar» diýip, öwran-öwran owranypdyr. Ol gün ýatypdyrlar, irden tursalar, Öwezdurdy çaý gaýnadypdyr, gömmäni gyzdyrypdyr, gowurmany orta goýup, «Çaý-çaý» diýip gaýtalapdyr. Soňra çopan bu sese iki bolup bilmändir. Ol: «Sen geplejek, sen geplediň, ähli ýitgi bolan dowarlar başymyň sadakasy, hany ýene gaýtala, oglum» diýip, ogluna ýüzlenipdir. Ogly: «Çaý-çaý» diýip, çaý atylan taňkany görkezipdir. Şol günden başlap, Öwezdurdy Nepesiň sargaýşy ýaly, ýuwaşjadan sakawlanyp, geplemäge başlapdyr. Atasy: «Bu nä käre iş boldy, megerem, Hydyr ata duşan bolmaly, sadagasy gitdigim, özi kömek etdi» diýip, begenipdir. Hakykatda bolsa, Öwezdurdynyň gürrüň bermegine görä, gorkusyna gygyrypdyr. Bir dana kişi: «Çakym çak bolsa, ol oglan gorkup, güň bolupdyr, güňlükden-de gorkup açylypdyr» diýen eken. II içinde bu hadysany her hili biçip-tikenler boldy. Biri: «Hydyr ata duşup pata beripdir» diýse, ýene biriniň: «Jynlaryň özi irip, taşlap gidipdir, soň ol geplänmiş» diýen ýarym çypdyrma gürrüňleri köp wagtlap agyzdan-agyza geçip, soň-soňlar ümsüm boldy» diýip, Öwezdurdy aga gürrüňini tamamlady. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |