11:02 Üç tussagyň ýatlamalary -5/ romanyñ dowamy | |
YMAM AGZAM GOLDADY
Romanlar
«Meret, sen «söwda etdim» diýipdiň, näme satdyň, nädip baýadyň?» diýip, Öwezgeldi agama ýüzlendi. Şonda söwda başlaýyşym barada olara aşakdaky setirleri gürrüň berdim: «Atam älemden ötensoň, ýylyň-ýylyna işimiz oňuna bolman başlady. «Adama rysgal ýedi ýola berlip, ýedi ýola-da gidermiş» diýenleri ýaly, şol rysgal atama berläýen ýaly. Gümanym döwlet guşy atamyň başynda ekeni. Eden işim tersine bolup, pukara düşüp başladyk, enem görgüli: «Bize bir döw urdy» diýip, zeýrendi ýördi. Bir gün enem: «Oglum, Hudaý ýoluna sadaka bereli, «sadaka müňde bir belany gaýtararmyş» diýipdirler. Işşallasa, biziňem işimiz oňuna bolar» diýdi. Sadaka-da berdik, ýöne bir görseň, goýunlarymyz, bir görseň, düýelerimiz ýa-da sygyrlarymyz öldi, ölmedi diýsek, ýitdi. Barsyna şeýtan siýen dek boldy durdy. Bu bolşuma oda-köze düşüp, näme etjegimi bilmän ýören günlerimiň birinde daýym geldi. Men onuň gelenine begendim, sebäbi ondan maslahat soramagyň ahyndadym, daýym menden bir sanaç uny köp iýdi, köp işleri başyndan geçiren adam. Çaý başynda ondan-mundan gürrüň edenimizden soň daýyma bolşuny aýtdym. Ol söwda başlamagy ündedi. Şondan soň mallarymy, howludan daşardaky ýerimi satyp, söwda başladym. Ilkinji gezek ýola düşmezden öň Ymam agamyzyň ýoluna goýun soýup, sadaka berdim. Dili dogaly molladan pata aldym. Iki sapar Buhara ýüpek alyp bardym, söwdanyň piri; Ymam agamyzyň goldamagynda täleýim dogry gelip, birneme harjy topladym. Ýene birnäçe iş sapar baryp-gelenden soň, Hudaýa şükür, kisäm hasam agraldy. «Söwdegär söwdegäriň yzyndan bir şapbatda ýeter» diýenleri ýaly, işim rowaç alyp, söwdam küşat boldy. Şondan soň örim hasam giňeldi. Kerki, Buhara, Çärjew ýaly şäherlere haryt alyp gidip, ol ýerden gerek bolan harytlary gerek ýerine çekdim. Garaz, iki tarapa-da boş gitmedim. Birneme maýa toplanymdan soň, mal aldym, ýerimiň ýaryny gaýtaryp satyn aldym». Öwezgeldi aga: «Inijigim, baýan bolsaň, söwdegäriň tutumy ýaly, aç-ýalaňaja, ýetim-hesire hedýe dagy berensiň öz-ä?» diýdi. «Berdim, Öwezgeldi aga, atam pahyr aýdardy: «Sadakanyň ulusy kiçisi bolmaz, göwnüňden çykaranyň bolar» diýerdi. Atam öz wagtynda ýetim-ýesire köp hedýe berdi. Ol aýdardy: «Işiňiz oňandan ýa-da başyňyza bolmaz iş düşende sadaka aýdyp, ony bermeseňiz, iň gowusy, ony agzyňyza almazlykdyr» diýerdi. Atam sadaka barada bir wakany gürrüň beripdi». «O-how, aýt bakaly, ol nähili waka» diýip, Annamyrat aga maňa seretdi. «Aýtsam, bir wagtlar derýa gaýrasynda bir atly külal bolupdyr. Ol Pelwerdiň Ýeketal bazaryna öz harytlaryny getirer ekeni. Günlerde bir gün ol küýzedir golçalaryny, balhydyr gap-çanaklaryny gaýyk durýan güzere getirse, gaýykçy: «Men ileri gyra geçip biljek däl, gör, bu tolkunlary, her birisi dünýäniň howudy ýaly, eger ugrasak, gark bolmagymyz ahmal» diýipdir. Şonda ýaňky külal: «Ýa sadagalaryň bolaýyn, Bilal baba, ýeliň piri Mirhaýdar, ýel teňselip (ýatyp), Aman esen Amydan geçsem, ýoluňyza iki teňňe sadaka bolsun» diýip, omyn edipdir. Külal dilegini soňlap-soňlamanka ýel ýatyp, derýanyň suwy tekizlenipdir. Bular hasyr-husur harytlaryny gaýyga ýükläp, ogly bilen ileri gyra degipdirler. Soň zatlaryny Ýeketala eltip, mydama üstünde örüp goýan sypasynyň üstünde hatyrlap goýupdyr. Söwda başlanypdyr. Şol wagt olaryň duşundan geçip barýan bir galandar: «Söwda küşat» diýipdir. Ogly atasyna: «Ata sadaka aýdan iki teňňäňi şu galandara berseň, ýerine düşer» diýse, atasy: «Derýadan sag-aman geçdik, indi ýeke kytmyr zat berjek däl» diýipdir. Oglam: «Görüň-da, hemaýat isläp, sadaka aýdan özüňiz, pirlerden howatyr etmeseňiz, bir hiliräk öz-ä» diýipdir. Ol husydam: «Pirimem şol, başgaňam, otur gapyşyp oturan ýeriňde» diýenmiş. Birsellemden turanmyş bir apy-tupan, sypanyň üstündäki küýze-çanaklary, balhydyr golçalary ýel uçurup, honda düşürip. Kül-öwram edip taşlanmyş. Bu bolan gudrata ýaňky husyt birsellem huk bolup, iki bakasyna seredip duranmyş. Özüne gelensoň saçyny ýolup aglanmyş. Eden işini ökünip, syrtynyň ysyny bişiripdir, ýöne giç bolupdyr. Ogly «Soňky tüýkülik sakgal ezmez» diýip hüňürdäpdir». «Sadaka aýdyp, soň ondan dänseň, Hudaýam, pirlerem, öwülýälerem halamaz, sebäbi onyň senden tamakinçiligi ýok. Hem-ä sadaka aýdyp, ony bermäni ýatdan çykarmaweriň» diýip atam pahyr sargardy». Annamyrat aga: «Hak söz, hak söz» diýdi. Soňra biz ýatdyk. ULYNYŇ DIÝENINI ETMEDIK, UWLAR Ertesi irden ýataga gelsek, Öwezgeldi aganyň yzyndan ýene bir guty iýmit gelen eken. Biz ýuwunup-ardynýançak, Öwezgeldi aga gutyny getirdi, ony açsak, içinde gowurma, ýagly külçe, gawun kak, sarymsak bar ekeni. Biz hersinden azrak dadyp, naharhana baryp naharlandyk, çaý içdik. Şondan soň ýene gürrüňe başladyk. Bu gezek Annamyrat aga düýe bilen suw çekişi barada gürrüň berdi. Bu gürrüňiniň sebäpkäri biziň bilen bile işleýän gyrgyz ýigidi boldy. Şony çaýa çagyranymyzda öň düýe çopany bolan bu çopan bu gyrgyz düýeleriň gylyk-häsiýeti barada köp gürrüň berdi. Gürrüň aýlanyp-öwrülip, düýeden çykansoň, Annamyrat aga-da bu barada başdan geçirenlerini aýdyp berdi: «Men size öňem aýdypdym, çölde çoluk bolanymy. Iki ýyl dagy geçdi, bir gün baý agamyz meni çagyryp: «Annamyrat, sen Berdi baba suw daşamaga kömekleş, ol agamyz birneme garrapdyr, garrylygam özüňe belli. Magtymguly şahyrymyz: «At garrasa galar toýdan, baýrakdan, Böri dişden galar, bürgüt dyrnakdan» diýip, ýönekeý ýere aýtmandyr, «Dert ýamany garrylykdyr» diýibem il arasynda gürrüň bar, inim. Sen ýaş, men diýen wagtyň, hakyňy bolsa, öňkiden az bermerin» diýdi. Şondan soň Berdi aga bilen çöldäki çopanlara agyzsuw çekip başladym. Öňi bilen Berdi baba maňa düýäni howutlamagy öwretdi. Ol: «Ine, bu ikisi pylan, bular biri-birine çatyk, bu hatap öňdäki bölegi, bu çömmek yzky bölegi, ine, bu ýanagaç, hataby hem çömmegi birikdirip durýar, bu bolsa, howuduň ýapynjasy, örküje çöp-çalam düşmezlik üçin, muňa göwüsbent diýerler, bu düýäniň döşünden howuda berklenýär, bulam guşbent, guýruguň aşagynda geçip, howuda birikdirilýär. Bular howudyň öňe-yza süýşmezligine ýardam berýär. Bu bolsa bilçeki» diýip, atlaryna çenli öwretdi. Soň düýäni çökertdi, «Birnäçe düýäni dyzlamasaň, ýüke gelmez, olar ýaly düýäni şeýdip dyzlamaly» diýip, çöken düýäniň dyzynyň aşagyndan ýüp geçirip, ony dyzyna iki gezek orady. Soň ýüpüň ujuny düýäniň boýnundan geçirip, orady-da, ýüpiň iki ujuny çigdi. «Elmydam arkanlaryň howutdan asylgy bolsun, sebäbi odun dagy ýükleseň, gerek bolar» diýdi. Bu çirkeý lakamly Berdi aga ýaşy altmyşdan geçen horja, çalt hereketli adamdy. Ol ömrüni düýekeşlik bilen geçirip, baýlaryň çopançylygyna agyzsuw daşapdyr. Ol öwran-öwran maňa sargady: «Inim, düýeleri urma, bular adamyň kömekçisi, ähli agyr işleri şu janawarlar ýerine ýetirýär. Bular has çydamly hem akylly, bardy-geldi çölde azaşsaň dagy, owsaryny boýnuna orap, özüni öňe salsaň, haýsy-da bolsa bir guýa elter. Düýäni urmaň, eger ursaň welin, hiç wagt seni ýadyndan çykarmaz, ar almagyň tärini gözlär. Düýäniň ugrundan bolsaň, hyh-çök diýseň çöker, çüw diýseň, ýörär. Eger urup, hun azabyny berseň, seni aňtap, bir gün aşagyna alar-da owup başlar». Gojanyň sargaýyşy ýaly, men düýeler bilen dostlaşdym, ýeke gezegem, näçe gaharymy getirse-de, urmadym. Bu janawarlar bir söz aýtdyrmaga zar, dur diýsem durdy, ýöre diýsem, ýöredi, çök diýsem, çökdi. Iki ýyl diýende Berdi aga-da älemden ötdi, soňra düýekeşlik maňa galdy. Baý agamyza: «Kömekçi ber» diýsem, olam: «Özüň saýla-da, birini alaý» diýdi. Menem şol wagtlar entek ýaş ekenim, adam saýlap bilmändirin. «Ýagşydan at galar, ýamanda bet» diýenleri ýaly, saýlan adamym bet çykdy. Hawa, soň men gorkaklar urugyndan Ömür diýen oglany kömekçi edip aldym. Ol oglan ökde ýaşam däldi, bir zady ündeseň, eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly, bir gulakdan girip, ikinjisinden çykardy. Bu oglan gaty ketjal hem-de ketde göwündi. Men oňa gelen gününden başlap merhum Berdi aganyň maňa öwredişi ýaly, oňa-da öwretdim. «Düýeleri urma» diýip sargadym, «Düýe senden ahmyrly bolsa, ol bir gün saňa azar berer» diýdim. Ýazyň soňky günleridi, otlar gurap alagökdi. Biz Ömür bilen çelekleri suwdan dolduryp, baýyň daşky guýularyndan «Kyrgulaç» diýen guýa ugradyk. Ikinji guýa günortanara bardyk. Düýeleri çökerdik, çelekleri düşürip, suwy humlara guýduk. Soň men Ömüre: «Düýeleriň howudyny aýyr-da, olary duşakla, owsar ýüpüni çözüp al, eltip ahyrdan suwa ýak-da, meýdana kow» diýdim. Şondan soň men çopangoşa bardym, ýuwnup-ardynyp, çoluk bilen çaý içmäge oturdym. Birwagt ýaňky Ömür ýüzüni sam-saz edip geldi. «Hä, näme boldy» diýsem, «Ner owsar ýüpüni çözdürmedi, soň menem oňa birki taýak urdum. Olam däbenekläp üstüme topuldy. Gorkymdan diň arkan gaýtdym, entegem, tiz özümi dürsäp, gaçyp gutuldym. Aýagy duşakly bolmadyk bolsa, meni aşagyna aljakdy» diýip, mäzenäkläp dur. Şol wagt köpi gören çoluk orta gep goşup: «Inim, mal-garany hiç wagt urmaň, sabyrly boluň, «Sabyr soňy sary altyn» diýipdirler, kelpezlik etmäň, gyssanmaň, şonuň ýaly etseňiz, hemme işiň bir hasaby bolar» diýdi. Çolugyň janygyp aýdanlaryna bu ýeňiýoluk hä-hä-ä diýen boldy, ýöne tiz ýadyndan çykaran ekeni. Gepiň tümmegi, bu sapar biz ýaka sag-salamat jyda gowy aşdyk. Iki güni geçirip, üçünji güni ýene çelekleri suwdan dolduryp, çöle ugradyk. Barjak guýumyz uzak däldi, daňdan ugradyk. Ertesi irden goşa bardyk. Çelekleri düşürip, ýene humlara paýlap goýduk. Men Ömüre: «Düýeleri suwa ýak-da, duşap, meýdana goýber» diýdim. Bir görsem, ol ýene neri taýaklap dur. «Näme boldy» diýsem, dişlejek boldy, soň menem birki taýak ýelmedim» diýdi. «Onda men taýagyny elinden alyp: «Sen, garyndaş, doňýürek ekeniň, görýän welin, sen ajal jylawyndan ýapyşmaga gyssanýarsyň, seniň bilen egri oturyp, dogry gepleşmeli, neri urmany goýjakmy ýa-da ýok?» diýdim. «Sen näme baýaky çolugyň aýdanlaryny unutdyňmy, indi sen ner bilen çepikdiň ýagşylyga bolsun, nerden heder etmeseň, bir gün-ä seni aşagyna alar» diýdim. «Bardy-geldi saňa bir zat bolsa, tokmak meniň başymda döwler. Şu sapar kende sag-aman aşsak, sen bu işi goýmaly bolarsyň» diýdim. Onda bu oglan: «Bolmanda bu iş maňa derkar däl, özümem goýjak» diýdi. Içimden her kimiň erki elinde, özi aýdyp dagy goýsa, has gowy diýip pikir ýöretdim. Soň men özüm neri duşaklap, beýleki düýeler bilen meýdana kowdum. Gün günortana ýakynlanda goýunlar suwa indi. Ömür çoluga goýunlary bölüp, suwa goýbermäge kömekleşdi, biz bolsa çopan bilen çaý başyna geçip, ýaňyja bir käse çaý içenimizem şoldy welin, boldy bir gykylyk. Çatmadan çykyp seretsem, çoluk ylgap barýar. Näme bolduka diýip barsam, ner agzyndan ak köpük saçyp, Ömüri owup otyr, biz ony zordan aşagyndan aldyk, görsek, o1 amanadyny tabşyrypdyr. «Bolmaz iş boljak bolsa, göz bilen gaş aralykda» diýenleri boldy. Çolugyň gürrüň bermegine görä, Ömür goýunlary bölüp durka, ner ýeňse tarap ýandan gelipdir-de, Ömrüň boýnundan tutup, bir silkipdir, soň aşagyna alyp, owupdyr. «Ulynyň diýenini etmedik uwlar» diýenleri boldy. Soň men çaý-çöregi ýatdan çykaryp, haýda-hasyr düýeleri howutladym-da, jesedi keçä doladym, çelekleriň birini şor suwdan dolduryp, jesede peseň edip, ýola düşdüm. Gyssap ýörämsoň, eşegim durdy, soň ony düýä tirkedim, kä pyýada, kä düýeli, daň saz berende kende aşdym. Baý agama bolşuny bolşy ýaly aýdyp berdim. Hojaýyn obadan iki-üç sany ýaşuly alyp, Ömüriň atasynyň ýanyna ýyklyma (töwella) gitdi. Garaz, olar bilen razylaşdyk, jesedi depin etdik. Soň baý meni ýene daşky guýularyň birine çoluk edip iberdi. Eşidip görsem, Ömüriň aga-inisi düýäniň öldürendigine ynanman, hun almaga gelmekleri sorap, magadyna ýetipdirler, günäniň Ömürdedigine göz ýetiripdirler diýip Annamyrat aga sözüni tamamlady. Soňra biz ýatdyk. ÝAGŞYLYGA ÝAMANLYK Şol gün howa ýaramaz sowapdy. Bizi tokaýa işe alyp gitmediler. Bu aýaz üç gün dowam etdi. Dördünji güni ondan-mundan gürrüň edip otyrkak Annamyrat aganyň yzyndan bir gapyrjak zadyň gelendigini buşlaýan kagyzjagazy getirip berdiler. Gapyljakda sarymsak, gurt, erik kak, dolak, ellik ýaly zatlar bilen dört eplenen iri çyzyk depdere ýazylan hat bar eken. Şol haty säginmän okamagym bolsa, bulary haýrana goýdy. Ýoldaşlarym: «Sen bu orsuň hatyny okamagy nireden öwrendiň?» diýip soradylar. Men olara nirede, haçan öwrenendigim barada gürrüň berdim: Höküm edipdirler «Hawa, men Özbegistanyň Çyrçyk diýen ýerinde bendide ýatanymda Leningrad uniwersitetiniň professory Lew Nikolaýiwiç Antonow bilen bir tamda bile bolanymda ol maňa okamagy, ýazmagy, hasaplamagy, orsça geplemegi öwretdi. Antonow Ýaponiýa boýunça hünärment ekeni, olary öwrenipdir, dilini bilipdir. Birnäçe ýola ol ýerde bolupdyr. Soň ony ýaponlaryň içalysy, olara satylan hökmünde halk duşmany diýip, müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylda on ýedi ýyl tussaglyga höküm edipdirler. Wagtal-wagtal ol kişi çokunardy. Men ondan: «Siz Hudaýa ynanýarsyňyzmy?» diýip soranymda, şeýle jogap beripdi. «Dinsiz adamdan hakykat görelde, adalat, sabyrlylyk ýaly zatlary umyt etmek aýazdan ýagmyr dilän ýaly ýerliksiz zatdyr. Hudaý hemme halklar üçin birdir we ýeke-täkdir diýerdi. Şol kişä: «Siz bolşewik dälmi?» diýenimde, «Ýok men ylmy işgär» diýerdi. Ol aýdardy: «Edip bilseňiz, birine ýagşylyk ediň, ýagşylygyň ulusy kiçisi bolmaz, ol ýeke-täkdir, iň gowy ýagşylygam ýagşy sözdür, onuň derejesine ýetjek hiç zat ýokdur» diýerdi. Köp akylly adamdy. «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar» diýen nakyl bizde-de bar ahyry». Diňleýjiler. «Mamla-da-mamla» diýişdiler. «Ýene ol aýdardy: «Töwratda ataňa hem eneňe hormat etmek barada wesýet edilipdir, şony ýatda saklamaly, olary ynjytmaly däldir» diýerdi». Öwezgeldi aga meniň sözümi bölüp «Orsam bolsa gör, nähili, edilmeli işleri masalahat berýär» diýdi. Annamyrat aga: «Ors, näme, adam dälmi, o-da Hudaýyň bendesi, özäm, görýän welin, şol adamda çakmagyň uçguny ýaly, görner-görünmez gudrat bar ekeni. Köp adamy otuz ýedide atdylar, görseň, ol atuwa dogry gelmändir» diýdi. Öwezgeldi aga-da: «Inijigim, agzyňdan şu gezek ýagşy söz çykdy» diýip ýylgyrdy. Menem ýene bular erjeşip oturmasynlar diýip, gürrüňi dowam etdirdim: «Ýagşylyga ýagşylyk ýok, bu zamanada gepine jür erkegem galmady» diýerdi. Ol: «Ýagşylyga ýamanlyk edýänler welin, köp, «gadyr bilmeýän adama ýagşylyk etmek nadanlykdyr» diýilen ýeri-de bar» diýerdi. Bir gün ol gepinde bolan işi gürrüň berdi: «Meniň ylmy işimi özüniň dissertasiýasynda peýdalanan birine öz wagtynda köp ýagşylyk etdim. Ana, şol adam meni «Ýaponlar bilen aragatnaşyk edýär» diýip ýamanlap bendi etdirdi. Meniň köp zähmedim siňen ylmy işimi ogurlap, ony öz işinde peýdalandy». Ol: «Aklyňy-paýhasyňy, işjeňligiňi, edermenligiňi ogry ogurlap bilmez, adam-da alyp bilmez» diýip ýazylypdyr. Emma meniň işjeňligim esasynda toplan işimi şol ýagşylyk eden adamym ogurlady, aldy, peýdalandy. «Köňli gara adam bilen ülpet bolmaň, ondan dürli kesapat ýokaşar» diýilen ýeri bar. Men bolsa onuň köňlüniň gara kömürdigini bilmändirin, şolardan häzir boluň» diýerdi. Ol: «Meret, bilip goý, hünäri bolmadyk adam saýasyz agaçdyr, şonuň üçinem haýsy-da bolsa, bir käri öwrenjek bol» diýip sargady. Soňam ol ýene bir zat diýerdi: «Akyl bilen baýlyk toplap bolar, ýöne baýlyk bilen akyl toplap bolmaz» diýerdi. «Dowzah, jennet barada diýseň köp zatlary ýazypdyrlar, meselem, jenneti alsak, göýäki, jennetde owadan ýerler, dürli miweli agaçlar, olarda sallanyp duran dürli miweler, garaz, tebigatyň täsinlikleri barada köp zatlary aýdýarlar. Hakykatda bolsa, jenneti öz eliň, paýhasyň bilen döretmeli. Bir wagtlardan bäri Ýer togalagynda tozap ýatan meýdanlar jennete öwrüldi. Jenneti ýerler adam eliniň, akyl-paýhasynyň täsiri astynda şeýle ýagdaýa owrüldi» diýerdi. Ol aga kä wagtlar öz-özi bilen bir zatlar gepleşerdi. Soň bolsa maňa garap: «Eh, Meret, Meret, meniň ömrümiň köpi geçip, azy galdy, adama berlen ömür göz açyp-ýumasy salymda geçýän wagtdyr. Şonuň üçin men etjek işlerime ýetişmän ölüp gitjek adam» diýerdi. «Bir işi başlasaň, ahyryny gutarman goýma, yza depme, kynçylyk ýüze çyksa, ýeňip geçmegi başar. Kynçylyklar hemişelik däldir, ondan aljyraman, sabyrlylyk bilen üstün çykmagy başar!» diýerdi. Soňam: «Melamatdan häzir bol, mor, bodul adamlardan daşyrakda dur, olardan haraý isläp, dostlaşmagyň» diýerdi». Şol wagt meniň sözümi Öwezgeldi aga bölüp: «Inijigim, bir dur, şu sakgaldaşym şolaryň haýsyna degişli?» diýdi. «Öwezgeldi aga, biziň içimizde olar ýaly adam ýok». Onda ol «Öz-ä bar ýaly» diýdi. «Ýok, ýok. Siz näme diýmekçi?» diýip, biz oňa ýüz tutduk. Onda ol: «Şol ýatan heserdeşim morlardan-a dälmi?» diýdi. «Tapdyň, edil özünden, ýene näme diýjek» diýip, Annamyrat aga tirsegine galdy. «Öň taşlamak, sakaldaş, senden ötüp, maňa gelmez, sen özüňi oňar, adamyň ýetmezçiligi gulagynyň arkasynda bolarmyş, ony özi görmezmiş. Senem öz aýbyňy özüň bilmän, adama at dakýanlardan, özüňden dagy kämahal habar al, sakgaldaş» diýdi. Olam öz gezeginde: «Biziňkem, inijigim, dürtgi bermek, ýogsa, seniň ýalylaryň onusynyň boýnuna arkan atyp, Amydan suwa ýakandyryn» diýdi. «Baý-bow, tüweleme, tüweleme, men goýdum, diýenime puşmanym bar, ötüp-geçersiň-de, inijigim. Yradam-a boduldygyňy boýnuňa aldyrmakdy, o-da bolmady, sen ökde çykdyň, ýataly, wagtam bir çakyna barandyr». Bu gün ökde erjeşmän ýatdyk. MELHEM Şol birheň, işe gitmek, gelmek, iýip-içip, ýene gürrüňe başlamak. «Ilde gep köp, Mekgede arap köp» diýişleri ýaly, bizde-de ganarlap alsaň, gep tükener ýaly däl. Tokaýdan gelip nahar iýdik, soň ýatmaga dolandyk. Bu gije-de gezegi ýene Annamyrat aga aldy; «Bäşim çopan bilen dördünji ýyl işläp başlanymyda ýyl gurakçylyk boldy. Giýä gögermedi diýseg-ä, ýalan bolar, ýylaklar dört barmak ösenden saralyp soldy, arpagan we beýleki otlar hülle göze görnüp gurap gitdi. Dammaz degen şol ýyla dammady. Epgekden ýaňa durar ýaly bolmady. Çopanlar goýunlary diňe gije bakdylar. Gündizlerine bu yssy tapbatdan ýaňa agyz-burnuň çägeden dolup, bir zat çeýneseň, dişiň arasynda çäge gyjyrdap, beýniňi sarsdyryp durdy. Şol günleriň birinde ikinji sürüniň çolugyny gündüz it ýardy. Çolugyň beren gömmesini iýmänsoň, çoluk ony urjak bolupdyr. It guduz bolanda beren nanyňy, aşyňy iýmän, kellesini aşak basyp, agzynyň gyllygyny akdyryp, säňer ýörer ekeni. Çolugyň bagtyna, baý agamyz sürüden habar tutmaga geldi. Ol iti görenden: «Bu guduzlapdyr» diýdi-de, onbiratar bilen atdy. Itiň garnyny ýardy, bagryny alyp, çanaga saldy, oňat myçgady, soň ony biz matadan süzüp geçirdi. Hudanyň kömegi bilen oglana hiç zat bolmady». Öwezgeldi aga-da: «Baý agaň ökde gelipdir, ýogsam-a ol ýigit ölse-de, öläýerdi» diýip ýaňsylan boldy. Ýaňsylama düşünen Annamyrat aga: «Saňa bir zady gürrüňem bermeli däl, özüň welin, garaçomak ýaly, gapyl galdyrjagyň çynyň. Seniňem adamdan zyýat ýeriň ýok, haçan görseň, gömülgen ýylan ýaly, oslamadyk ýerden çykyp, çakjak bolup dursuň» diýdi. Onda ol: «Ýa, inijigim, men ýaramaz gürrüň aýtmadym ahyry, baý agaň melhem taýýarlap, çoluguň saglygyny gorapdyr, işine hötde gelipdir, tebipleriň tebibi Lukman hekim bolupdyr. Gürrüň bereniňi minnet etme, minnet etseň, gürrüň berme» diýip, mys-mys gülen boldy. Oňa gürrüňçiniň gahary hasam beter geldi: «Il içinde aýdylmadyk gep ýok, «Gul bilen gaýmak iýseň, gusdurman goýmaz». Meniňem bar iýenimi gusdurjak özüňsiň» diýdi. Ne ýüz, ne hatyr, «Gözi ýoguň ýüzi ýok» diýenleri ýaly, onuň ýüzüne patlatdy oturyberdi. Gaýpanasyndan meniň ýüzüm gyzaryp, birhili boldum. Öwezgeldi aga-da sandyrap bir oturdy, bir turdy. «Inijigim, öz-ä «Hetdiň barka etegiňi ýap» diýdi, degişmäniň soňy urşa ýazjak. Ig bolubam alan kendiň ýok, sen toba gel, ýogsam meniňem ejinäm atlanjak» diýdi. Bu degişmäniň ahyrynyň oňluga barmajagyny bilip, ikisine-de gezekli-gezegine töwella edip başladym: «Hemmesi bir degişme, bile bir jaýda ýaşaýan ýoldaşynyň inçe damaryndan tutmak bolarmy, at dalanany goýuň! Öwez aga, şu kişä indi sizem degişmäň, degişmäniň ahyry gemirişme boljak» diýip, ýetişdigimden araçy borjumy ýerine ýetirdim. «Töwella zordan ýaman» diýişleri ýaly, töwellam kabul boldy. Soň ikisi-de ýerine geçip ýatdy. Ertesi bizi hammama alyp gitdiler, içki eşiklerimizi çalyşdyk, sirke-bit basan köýnek-balaklarymyzy gaýnaga batyrdyk. Ertesi şol bir iş-tokaýa agaç taýýarlamaga gitdik. | |
|
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |