11:03 Üç tussagyň ýatlamalary -6/ romanyñ dowamy | |
AJYGAN ÖLMEZ, ALŇASAN ÖLER
Romanlar
Şol gije gürrüň maşyna agaç ýüklände seresaplylygy elden beren özbek ýigdiniň aljyrap, kranyň trosyny çala baglandygy barada boldy. «Alňasamak başa bela getirýär» diýip, Annamyrat aga bolan bir wakany gürrüň berdi. «Şol ýyl baý agamyz Garagumda bakylýan goýunlaryň ýüň-derilerini gaýra gyra geçirdi. «Gyzylgumdaky sürüleriň ýüň-derisini jemläp, ony Orsyýede alyp gitjekmiş» diýip gürrüň etdiler. Hemişe baý agamyz olary Diwanabaga alyp giderdi. Köp wagt geçmänkä Juma baýyň diwanabegisi Çaýty aga ýüň-derileri ganarlara salyp, taýýarlamagy bize buýurdy. Sanly günde ýüň-derileri alyp gitmäge taýýarladyk. Sähetli günleriň birinde otuz iki düýä ýük urup, Sam-Sam (Samsonowa) diýen otly duralgasyna tarap ugradyk. Biz Üçdük Abadala ýetenimizde günem batar ýaly boldy. Düýeleri çökerip, ýük ýazdyrdyk. Düýedir eşekleri duşadyk-da, jeňňele otlamaga goýberdik. Petdeden, ýylgyndan çapdyk, ot ýakdyk, çaýjoşlary oda basdyk, çaý içmäge başladyk. Ondan-mundan gürrüň etdik, şonda aljyramazlyk, gyssanmazlyk, sabyrly bolmak barada köp gürrüň boldy. Şol sapar diwanabegi Çaýty aga bolan bir ahwalat barada gürrüň berdi: «Şol ýyl Garaguma bir süri goýun geçirdik. Sürini Könejireli diýen guýa sürmelidik. Baý agamyz: «Belet geljek, garaşaly» diýdi, ýarym salkyn garaşdyk, beledem gelmedi. Ýanymyzda öň bir sürüde çoluk bolup işlän ýaş ýigit bardy. Dadyranly diýen guýa şol çoluk eltipdi, ýöne barjak guýymyza belet däl ekeni. Könejireli Dadyranlydan ökde daşam däl eken, ony soň bildik. Şol gezek baý agamyz gyssandy: «Men Sahy sardaba ugrajak, siz sürini ýuwaşdan sürüp ugraň, beledem yzyňyzdan ýeter» diýdi-de, Sardaba tarap ugrady. Menem belede garaşman, çopanlara: «Sürüp başlaň, özümiz taparys» diýdim. «Ýurdy belet çapar» diýişleri dogry boldy. Goşumyzy düýä yükläp, goýunlary çolugyň görkezmesine görä, Jirelä tarap ugradyk. Herki işiň müddeti bar, garaşmalymy, garaşmaly, takdyra ten berip, sabyrly bolmaly, bisabyrlygyň başyňa bela getirjegi ikuçsuçdyr. Hawa, baý agamyz bu sapar gyssandy, bisabyrlyk etdi, garaşan bolsak, beledem geljek eken. Şol wagtlar Ýaldyragyň dogan wagty ekeni. «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Ýüz gözüňi ýalap alyp barýan yssy tapbatda goýunlary suwa ýakmak zerurdy. Biz azaşyp alla-owarralara gidipdiris. Goýunlaryň gitjek ugruny üýtgedipdiris, olara päsgel beripdiris. Ýogsa ol janawarlaryn özi guýyny tapjak ekeni. «Men belet» diýen çolugam aljyrady, sebäbi gaýta-gaýta biz ondan: «Guýy nirede?» diýip soradyk. Dördünji güni goýunlar suwsyzlykdan ölüp başlady. Jemi iki ýüzden köpräk goýun hem eşegimiz öldi. Eger belet yzarlap tapmadyk bolsa, mal-hal hemmämiz Garagumyň depeleriniň arasynda ölüp galjak ekenik. «Ajygan ölmez, alňasan öler» diýenleri ýaly, bizem alňasapdyrys. Soň bize belet garaşmanymyz üçin ykarat baryny berdi. Nätjek boljak iş bolansoň, «Soňky, puşman — syrta duşman» diýipdirler, näçe puşman edeniň bilen, ýerine geljek däl» diýip, Çaýty aga sözüni tamamlady. Gije şol ýerde ýatdyk, ertesi düýelere ýük urup, ýoly dowam etdik. Günortan çaýy Olam obasyndan geçip içdik. Şonda oturanlaryň biri: «Otlynyň durýan duralgasyna Sam-Sam diýipdirler, ol samyrdap köp adamlaryň lakamydyr-da» diýdi. Onuň bu sözlerine gülüşdiler. Soň Çaýty aga: «Ýok, lakamy däl, ol Samsonowa bolmaly, özäm adam ady» diýip düzetdi. Gün batmaga naýza boýy galanda otly duralgasyna bardyk, düýeleri diwanbegiň görkezen ýerinde çökerdik, ýöne ýükleri ýazdyrmadyk. Çaýty aga bir ýerden Nureddin Sadreddin diýen gyzyl sakgally tatary tapyp geldi. Ol aga telim ýola barmaklary bilen burnunyň üstündäki äýnegini ýokary galdyrdy. Soň: «Kiliňiz bu tamanga» diýip Çaýty agany yzyna tirkäp alyp girdi. Ol gelenden şoň: «Düýeleri örlediň-de, çetde duran iki gyzyl wagonyň ýanyna ýükleri düşüriň!» diýdi. Biz görkezilen ýere ýükleri eltip düşürdik. Düýeleri gapdaldaky saraýa eltdik, ot berdik, suw berdik. Onýança gün batyp, garaňkam düşdi. Ýüňleri, derileri bir ýere üýşürdük, dört adam bolup, sakmançylyk etdik. Ertesi kerwenbaşy düýeleri yzyna alyp gitdi, biz bolsa sekiz kişi bolup, işlemäge, ýük basmaga galdyk. Gün aganda deridir ýüňleri wagona ýükläp bolduk. Şondan soň Sadreddin iki sany orsy yzyna tirkäp geldi. Olar ýüki gözden geçirip, wagonyň agzyny bekläp, oňa gulp urup, möhür basdylar. Soň Çaýty aga bizi duralgadaky naharhana alyp bardy. Biz agaç ketiň üstüne ýazylan ýumşak palasyň üstünde aýbogdaş gurap oturdyk. Oturan dessimize biziň ýanymyza boýny kebelek galstukly, gara balakly, gara kemzolly, ýalpyldawuk, gara köwüşli, orta boýly, lopbuş ýüzli hyzmatkär ak matadan bolan el süpürgini bileginden sallap, ýeňiljek ýöräp geldi-de, elindaki kagyza seredip, aşhanada bar bolan naharlary bir ujundan sanap başlady. Çaýty aga oňa palaw, çörek, çaý sargady. Palawdan doýup, çaý içip oturan wagtymyz bir waka boldy: Sada geýnen çortmak boýly garaýagyz pyýada oturgyçda ýeke oturan zenanyň ýanyna bardy, oňa ýuwaşjada söz gatdy. Zenan birsellem bu adamyň ýüzüne seredip oturdy, soňra ýerinden turdy, onuň hurmaýy dodaklary titir-titir etdi. Ýüzi agardy, gözleri giňden açyldy, birdenem ellerini kelewledip, zenan maşgala gelişmeýän hapa sözler bilen ýanyndaky adama ajysyny pürkdi. Çortmagam etek alty, ýeň ýedi, çapalap ýom-ýok boldy. Oturanlar agyzlaryny açyşyp, ýaňky zenana seretdiler. Meniň bilen ýanaşyk oturan Eziz: «Bu garaýagyz tulpar zenandan näme soradyka?» diýip, köpçülige ýüzlendi, soraga ondan soralmasa-da, Aman şypdar gözleriniň çorbasyny akdyryp, ony ýeňi bilen süpürdi-de: «Sähne, näme sorar öýtdüň, «Bir gije bileje bolaly» diýendir» diýip, ha-ha-haýlap güldi. Hiç kimden ses çykmady. Biz örledik, duralga baran wagtymyz aňyrdan gara tütün goýberip, gar gurum örtülen otly haş-haş edip duşumuza geldi. Birdenem ak bulut kimin tüsse üfledi, soň sorasak, tüsse däl-de, bug ekeni. Hemmämiz agzymyzy açyp, oňa seretdik. Bug bilen ýöreýän peläkät jügüldäp gygyrdy, menem gorkymdan tarsa oturdym. Hezil edip gülüşdik. Aman şypdaram: «Dost jan, balagyňy dagy öllän-ä dälsiň-dä» diýip, çerwi iýen pişik ýaly, ýalym-ýulum edip durdy. Menem näme, şypdardan göreşende basyljak gümanym ýok diýdim-de: «Eneňdir balagyna goýberen» diýdim. «Sen-ä enä ýetdiň» diýip, bökdi üstüme, birsalym boguşdyk, içinden ilip, çylpap urdum ýeriň ýüzüne. Soň bizi araladylar». «Inijigim, baý gopduň-ow şu gezeg-ä» diýip, Öwezgeldi aga Annamyrat aganyň gepini ýaňsylan boldy. Bularyň arasynda ýene-de erjeşme bolmasyn diýdim-de, hekaýatça ýüzlendim: «Annamyrat aga, siz Burdalygyň haýsy tiresinden bolarsyňyz?» «Men, baý aganyň tiresinden, mamaşlardan bolaryn. Öň men aýdypdym, Mämmet baýyň sürüsünde çoluk boldum, soňam düýe bilen suw çekdim diýip. Hawa, soň öýlendim, çagamyz bolansoň, çöli goýdum. Iki ýyl dagy geçdi, soň tiredeşim Juma baýyň sürüsinde ýene çoluk bolup işledim». «Annamyrat aga, sizi näme sebäpden tussag etdiler?» «Ynkylapdan soň baýlar Owganystana göçdi. Ana, şol göçhä-göçlük welin, birnäçe obanyň, etraplaryň, giden topar maşgalanyň tozmagyna sebäp boldy. «Iki göç-bir talaň» diýişleri ýaly, Garagumy söküp, Owganystana gaçyp geçjek bolan bendeler gumuň birmeňzeş depeleriniň arasynda suwsuzlykdan, çiştopbylaryň okundan şehit bolup, jan berdiler. Ajal aždarhasynyň agzyny açyp durandygyna garamazdan, kimsi düýeli, kimsi atly-eşekli, hiç bolmanda ýekeje sygrynyň üstüne balja taky-tukusyny ýükläp, gönüden-göni şol aždarha şamlyk bolanlar köp. «Türkmen agany göçürjek bolsaň, üstünden göç geçir» diýenleri, Burdalyk iliniň üstünden geçýän özbekleriň, gazaklaryň göçli kerwenleri bu ile-de özüniň täsirini ýetirdi. «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybir» diýleni, ýurtda agzalalyk, eden-etdiklik hem başlandy, o-da tüýs gaňyrdy birniçäni. Şol döwürde menem göçjekdim, ýöne göçmezligime oba ketgudasy Gulgeldi aga sebäp boldy. Bir gün göçmek maksady bilen Gulgeldi aganyň ýanyna bardym. Bärden baranymdan ol kişi meni görüp: «Annamyrat, bolup gelşiň näwüran, eýgilikmi?! Öz-ä, ýüzüň dagy salyk görünýär, näme boldy, aýt hany?» diýip, sorap başlady. Onda men: «Ýaşuly, men-ä Owgana göçmekçi, ýurdam bulaşdy, gelmän geçenler iliň malyny ortalyga alsa, dararlyg-a galmaz. Göçjeklere goşulyp, aşsam, bolmazmyka?!» diýdim. Onda ol: «Sende näme bar, ortalyga alar ýaly, malyň köp däl, öýüňde bolsa hepbe bilen depbe ýok. Iýmäge zadym ýok diýseňem, ynanjak däl. Owganystanda-da işlekliniň arkasy ýok, baran men bolaýyn, otur oturan ýeriňde, inim. Baranlary şu iki gözüm bilen görüp gaýtdym, bärden baran garyp-pukaralaryň ýaşaýşyny it görse, gözi agyrjak, menem yza dolananlardan, ýogsam göçdüm ahyry. Öňden galmadyk nakyl ýok: «Akylyň bolsa, akyla eýer, akylyň bolmasa, nakyla» diýipdirler. Meniň akylyma eýerseň, Owganystana däl, gaýraky oba-da göçme. Tozmajak bolsaň, göwrümiňi giň tut-da, göbek ganyň dökülen ýerinde boluber» diýdi. Şol mamla gürrüňden soň men, ymykly göçmegi goýdum. Barja ýerimi ekdim, şonuň bilen güzeran etdim. Soň-soňlar Şura hökümedi biziň ýaly göçmän galanlara baýlardan galan ýerleri paýlap berdi. Size-de mälim, soňrak daýhan birleşik, Güýç birleşik diýen ýaly, daýhanlaryň birleşip, işlemesi başlandy. Men şol birleşmeleriň birinde işledim. Baý agamyz-a iş hakymy gowy berýärdi, bu birleşmede işlän döwrümde iş haky bermediler. Soň birleşmeler «Kolhoz» boldy. Gelip-gelip, 1937-nji ýylda men halk duşmany boldum. Bir näkesiň ýazyp bermegine görä, men Juma baýyň sag eli bolanmyşym, göçende ony Owganystana çenli eltip gaýdanmyşym. Ol: «Baýyň şu taýdaky dikmesi, içalysy, özäm basmaçylara nan ýapyp berdi, olar bilen aragatnaşygy bar» diýip ýazan eken. Bu ýazanlarynyň biräm dogry däl diýsem, ýalan bolar. Sebäbi 1927-1928-nji ýyllaryň gaty gyşynda derýa doňup, baý agamyz mallaryny doňuň üstünden geçirende menem bardym mallary sürüp, Owganystana eltip gaýdanymam çyn, ýöne men şol wagtlar Juma baýyň çolugydym. Bu taýda meniň günäm ýok, hakymy berdi, menem kömekleşdim. Onsoň şol gep bilen tussag etdiler, on dört ýyl kesip, bendi etdiler. Hudaýa şükür, entegem atmadylar». Şondan soň gürrüň gutardy, ýatdyk, ukladyk. AÝLANAÝYN KÖNÄM SENDEN, HIÇ BIR GÜMAN ETME MENDEN! Bu gün aýaz birneme yza tesdi, bizem işe baryp-gaýtdyk. Agşamky nahardan soň ýene gurrüňe başladyk. Bu sapar men ikinji ýola öýlenişimi gürrün berdim: «Hawa, men adaglym bilen bäş ýyl uruşman, sögüşmän, bir-birimize hormat goýup ýaşadyk. Şu döwürde bizden çaga önmedi. Barmadyk tebibimiz, ýykylmadyk öwlüýämiz galmady. Ahyrynda barara ýer, batara köl tapman, halys ýadadyk. Çagasyzlygam otursaň-tursaň, böwrüňden dürtdi durdy. Bir gün öýe girsem, Durdygül aglap otyr. «Näme boldy?!» diýsem, «Bizi biri-birimizden aýyrjaklar, men gaýyn enem bilen gaýyn atamyň eden gürrüňlerini diňledim. Olar: «Gyzym, saňa aýdýaryn, gelnim, sen eşit!» diýen ýaly, maňa eşidiler ýaly batly gürrüň etdiler. Şonda olar meniň çagalamaýanymy aýdyp, «Agtyk-çowluk görmän, ölüp gidermikäk?» diýişdiler. Sen, iň gowusy, birine öýlen, zürýatsyz galma, meniň talagymy berme, çagaň bolsa, öz çagam ýaly görüp, olara hyzmat ederin» diýdi. Köp oýlandym, netijä gelenimden soň: «Durdygül jan, men seni gündeşli saklap bilmerin, senem bagtyňdakyny synap gör, Hudaý berse, sendenem çaga bolar, bagtyň açylar» diýdim. Garaz ylalaşdyk. Bir gün atam ýanyna çagyrdy-da: «Oglum, şu gelnimizi boşadaly, şunuň talagyny ber. Men daýzaň dagy bilen gepleşip geleýin, ikinji ýola bagtyňy synap gör, belki bagtyň açylar. Oglum, senem ýeke çykan, ogulda-gyzda yzbasar gerek, menem, eneňem ölmänkäk agtyk dagam görüp ölsek, armanymyz ýok» diýdi. Günleriň birinde atam daýzam dagy bilen ylalaşyp gelen eken. Bir gün goýun öldürip, gudalary, oba ýaşulularyny çagyryp, daýzam dagy bilen ylalaşdyk. Men şol gije gelnimiň talagyny berip, atasynyň öýüne eltip gaýtdym. Durdygülem, menem köp hapa bolduk, çagalap bolmansoň alaç bolmady. Edil şol wagtlar meniň öňki söýgülim Nargül aýrylyşyp atasynyň öýüne geldi. Hudaý bermese, alaç ýok, Nargüliňem baran ýerinde çagasy bolmandan soň, olaram nikasyny bozdular. Soň maňa gyz gözläp başladylar. Men bolsa, enteklerem Nargüliň ahynda bolamsoň, tapan gyzlarynyň birinem halamadym. Gepiň gysgasy, ogrynça Nargül bilen gepleşip başladym. Men alarman, ol gelermen. Ikimiz wadalaşdyk. Ertesi Çary kel duşdy. Ol: «Meret, öten agşam gulagyň-a şaňlan däldir-de?» diýdi. «Ýok, näme boldy, ýene meniň gybatymy etdiňizmi?» diýsem, «gybat-a däl, sypatyňy ara alyp maslahatlaşdyk. Seniň öňňin Nargül bilen ikindinara gürleşip duranyňy görüpdirler». «Onda-ha meni ýerden alyp, ýere sokansyňyz» diýdim. O-da: «Ýok-how, tersine, ten oňarypsyň şol işi, biz seniň tarapyňda, goldaýarys seni» diýdi. Meniň Nargül bilen aragatnaşygymyň bardygy barada, oba zenanlarynyň arasynda-da gybaty köpeldi. Bir topar emi parawuzsyz heleýler hyşy-da-wyşy bolşup, «Nargülden çaga tama etmek, tomusda tebigatdan gar tama eden ýaly bir zatdyr. Dogjak bolsa, öňki baran ýerinde birnemejik taýlardy» diýse, ikinji topary: «Hudaý berse, çaga-da bolar, «Aşyňy aja ber, gyzyňy aşygyna» diýipdirler. Haçandan bäri Meret Nargülüň ugrunda ýanyp ýör. Meret şoňa öýlense, tüýs ýerine düşjek» diýýänlerem bardy. Atam-enemem bu gybatlary eşidip, meniň bilen gepleşmän torsaryşyp ýördüler. Bir gün atam ýanyna çagyryp: «Gowy aýal ömrüň bezegidir» diýlen ýeri bar, kemi ýok Hudaýbereniň gyzynyň, ýöne ondan çaga bolmasa, sen ony näme etjek? Çaga garaşmaýan bolsaň, daýzaňyň gyzynyň talagyny bermeli däl ekeniň. Meniň zorum ýok, zarym bar, diýenimi etseň, Nargüli ýatdan çykar, oglum» diýdi. Birbada men sesimi çykarmadym. Soň bir gün eneme içimi dökdüm, ol: «Ataňy razy etseň, men razy» diýdi. Şu bolan gürrüňi baryp Hudaýberdi daýyma aýtmakçy bolup, olara bardym. Barsam, daýzam tamdyry otlap, oňa nan ýapjak bolup dur eken. Saglyk-amanlyk soraşandan soň, daýzam: «Daýyňam tiz geler, birsellem garaş» diýdi. Menem içeri girmän, daýzamyň gapdalynda köweň-şöweň edip garaşyp durdym. Tamdyrdaky ahyrky çöpjek ýanandan soň, tamdyr gyzardy öýdýän, sebäbi daýzam kesewini eline alyp, gory tamdyryň ortasyna jemledi. Soň kesewini bir tarapa taşlady-da, ýeňçesini bilegine geýdi. Repidesini alyp, ýasalyp, tikeç urlan hamyryň ýüzüne dişläp duran çöpi bilen dürtdi. Soň ony repidä goýup, tamdyryň ýüzüne ýelmedi, birsellem tap, tap-tap boldy. Aý ýaly tegelenip duran nanlaryň ýüzüne suw urandan soň, ak görnüşler gyzlymtyl mele reňke öwrüldi. Birsalymdan soň bahary bugdaýyň unundan bolan nanlaryň özüne bent ediji ysy burnuňa uranda agzym suwjaryp, tüýkürenimi bilmän galdym. Oňa üns beren Tawus daýzam gülümsiräp: «Meret jan, näme, ýakymly ys burnuňa urdumy, ýene emenama, entegräk taýýar bolansoň, el ýaly nan saňa-da bererin» diýip degişdi. Tamdyrdaky nanlar gowy bişensoň daýzam öýe girip, saçagy ýazdy, soň nanlary tamdyrdan gopardy-da saçagyň üstüne ýaýradyp goýdy. Birneme sowansoň, bir nany maýdaja dograp, tabaga saldy, üstüne kiçeňräk ýumruk ýaly mesgäni oklap, ony owmaga başlady. Owmaç taýýar bolansoň, onuň ýarysyny çagalarynyň, ýarysynam meniň öňüme süýşürdi. Şol gezek iýen owmajymyň tagamy enteklerem agzymdan gidenýok». Inijigim, gaýpanasyndan meniňem agzym suwjardy. Olar ýaly tagamly iýmitiň gürrüňini etme, ýogsa biziň ýatyp ukymyz gelmez. Şolar ýaly tagamlary ýene dadarmykak?». «Işşallasa, dadarsyň, sakgaldaş, bendi hemişelik däl, saglygyňy dile, bir gün kende barsak, owmajam, palawam, kebapdyr işleklem bişirip iýeris» diýip, haşş edip, uludan demini aldy. Soňam: «Ýa päk-ä, Perwerdigär-ä, sadagalaryň bolaýyn, özüň goldap, biz biçärelere medet ber, läşimiz bu ýurtlarda galmasyn» diýip Annamyrat aga dileg etdi. Şondan soň men ýene gürrüňümi dawam etdirdim: «Sähel wagtdan daýymam geldi, saglyk-amanlyk soraşyp: «Öý içeriňiz, mal-baş amanlykmy, keselden dagy bijirimmi?» diýip sorady. Ol ýylgyrdy-da: «Ýegen uja ýagy» diýipdirler, sen ýagy ýa ýag bolmasaňam, bir habarjygyň bardyr öz-ä» diýdi. «Habar- hatyrym ýok däl, daýy, men maslahata deldim» diýsem, «Aýdyber, gulagym sende, ýegen» diýdi. Men gysgaçä matlabymy beýan etdim. Daýym esli wagt sesini çykarman, oýa batdy, soň murtlaryna gezek-gezegine tow berdi-de: «Ýegen, eşitmişime görä, ol gelin dogmazak bolmaly, çagatalap bolsaň, onyň-a birhiliräk. Ýene bir nakyl bar: «Ir gülmedik giç gülmez, giç gülmedik hiç gülmez» diýibem-ä ahyrynda zürýatsyz galyp oturma». «Daýy, men şol zenan diýip köp eňşedim, siz oňa öňdenem belet, yrada etdim, indi şony duluma geçirsem, armanym ýok. Enşalla çaga-da bolar, berse, Hudaýda azmy näme? Obamyň ýakymsyz heleýleri köp gybat edip, arada atam maňa käýedi». «Gybat edýänler, goý, edibersinler gybaty, ol hiç-le, «It üýrer, kerwen geçer» diýipdirler. Ýöne, ýönäniň ýönesi bar, seniň çynyňmy?». «Meniň çynym». «Olar ýaly bolsa, gözel göwnüň, men näme iş etmeli?». «Siz atamy aýdyp berseňiz has enaýy boljak, atam şu işi oňlasa, Nargülüň ata-enesiniň hoş diýjegine men zamun». «Bolar, synanyşyp göreýin, olar ýaly bolsa» diýdi. Iki güni geçirip, daýym bizlere geldi, şonda atam bilen ikiçäk oturyp, köp çekeleşikden soň ony razy etdi. Şunlukda çaklaňrak çakylyk berip, Nargüli nikalap, duluma geçirdim. Ikinji hepdede enem bizi Bilal babalara zyýarata äkitdi, şonda gaýykly Amydan geçenimizde Alladan çaga bermegini dileg etdik. Müjewür elten goýnumyzy soýup, sadaka edip berdi. Sadakadan soň müjewür bize ýyly ýete çaga bermegini Alladan diläp, pata berdi, oturan halaýygam ony goldady. Aý-gün geçip, bir gün enem gelnim göwreli bolupdyr diýip buşlady. Begenjimizden ýaňa diňe uçup bilmedik, goýun soýup, ony ýarma garyp sadaka berdik. «Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen ýer gögär» diýişleri ýaly, eden alkyşlarymyz ýerine düşdi. II bende-de bizden beter begendi. Ana, onsoň aý-güni dolup, oglum boldy, maşgalamyz, il-gün bolup şatlandyk, iki sany goýun soýup, nana garyp, garma berdik. Iki hepde geçmänkä ojagaz oglum ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Hemmämiz gökden düşen ýaly, elimiz işe barmady, aýratynam, enem görgüli bu ýitgini ýüregine salyp, onda deramat galmady. Aý geçdi, ýyl geçdi, gelnim ýene göwreli boldy, bu gezek gyzym boldy. Üç hepde diýende gyzymam ýogaldy. Soň-a biziň maşgalamyzda kyýamat gopdy, bu ne bela boldy diýip, özümizi ýitirdik. Gyzymy depin eden günüm bir bilimsek mama: «Işanlara baryp, täleý açdyryň» diýip maslahat beripdir. Şol maslahata görä, biz Nargül ikimiz edil işanyň huzuryna bardyk, ýagdaýy jikme-jik aýtdyk. Işan agamyz täleý açyp seretdi-de: «Ýene çagaňyz boljak, bolan güni goýun soýuň, etini sylyp alyň, süňňüni köpene çolap, üç ýerinden boguň, tabyda salyň-da adam jaýlan dek gör gazyp, çagalaryňyzy gömen öwlüýäňize gömersiňiz. Adamy depin edende okalýan aýatlary okarsyňyz, soň üç, ýedi, kyrk, ýyl sadakalaryny sypdyrmarsyňyz. Goýun etini il bendä sadaka edip beriň» diýdi. Şol gürrüňden soň göwrämiz giňäp, işan aganyň aklygyny berdik-de, öýe gaýtdyk. Şol wakany daýyma gürrüň bersem, «Ýegen, juda gowy edipsiň, işanlara baryp» diýdi. Ýene wagt-warak geçip, ýassykdaşym göwreli boldy, aýy-güni dolup, bu gezek ýene gyzym boldy. Işan agamyzyň buýurşy ýalam etdik. Goýnuň süňküni eltip, çagalarymy goýan gonamçylyga-kyrkçiltene jaýladyk, uly adam jaýlan ýaly, gölegçiler gelensoň, olara nahar çekdik. Okamaly aýatlary okadyk, üç, ýedi, kyrkyny berdik, ýyl dolansoň ýylynam berdik. Şondan soň, Hudaýa şükür, çagamyz ölmedi. Her sapar çaga doglanda işan aganyň sargytlaryny gaýtaladyk». «Sakaldaş, görseň, bu zatlar bir gudrat, yrymyňam bitirýän işi köp görseň» diýip, Annamyrat aga Öwezgeldi aga ýüzlendi. Soň Öwezgeldi aga: «Inijigim, dek şu günler näçe çagaň bar?» diýip menden sorady. «Men Lebaba gaýdanymda iki gyz, bir oglum bardy, bilmedim, olar sagmy, dirimi, onçasy belli däl, indi olary görerin diýen tamam ýok». Öwezgeldi aga: «Tüweleme, bagtly çagalar bolsun, ömürleri uzak bolsun, enşalla, olary görmegem saňa miýesser etsin» diýip alkyş aýtdy. ÝARANJAŇ ÝARAR, ONUŇ AWUSYNY DUÝMARSYŇ, DUÝAN WAGTYŇ EÝÝÄM GIÇ BOLAR Dynç günüdi, her kim öz işi bilen başagaýdy, kim ädigini-köwşüni tikse, ýene biri balagynyň ýyrtylan ýerini ýamaýardy. Biri sakgal syrsa, ikinjisi kir ýuwýardy. Garaz, işe güýmenip otyrkak iňňe ýuwdan it ýaly, hor, satanlak, ýüzüniň üçden birini lakga balygyň agzy ýaly, ullakan agyz tutup duran özbek ýigdi «essalowmaleýkim» diýip içeri girdi. Salamyny alan dessime haltajygynyň agzyny açyp «Zawaruşka» diýip, orsçalap hedýe bermeli atar çaý sorady. Bu salgyt brigadir tarapyndan salynýardy. Salgyt diýmeli däl-de, göwnüňden çykaryp bermek hasap edilýärdi. Bu ýasykelle özbek ýüz gramlyk stakanyny çykaryp elime berdi, çaýhaltadaky çaýdan dolduryp ýassynyň haltasyna guýdum. Bu gün olaryň brigadir başlyklaýyn keýp çekýän günüdi. Ýygnan çaýlaryny gazanda tä goýalýança gaýnadyp «çifir» diýilýän emeli keýp göterýän suwuklygy taýýarlap, şony üç bölüp içerdiler. Içensoň olaryň göhi göterilip, dünýäni bir gyzyl aşyga alman, keýp gaýygynda ýüzüp başlaýardylar. Her gün diýen ýaly brigadir iki kömekçisi bilen şol suwuklygy içmese, keýpi bolmazdy. Içýän çaýymyz gara çaýdy, gök çaý bolsa, ol ýerde pyýada beýle-de dursun, atla-da ýokdy. Bular şol «çifir» diýen neşä bent bolan adamlardy. Eger şol suwuklygy içmeseler, hemmesiniň keýpi bozulyp, dawa-jenjele başlardylar. Bardy-geldi biriniň yzyndan iberilen zat (posylka) gelse, şondan brigadire hak aýryp bermelidi, bermeseň welin, zorlap alýardy. Neşä bent bolan bu kezzaplar bendihananyň neçennigi bilenem ysnyşykly aragatnaşyk saklaýan bolmaga çemeli. Sebäbi bularyň towugyna tok diýýän ýokdy. Bular kime-de bolsa, birine daýanyp dört tarapa çyrpynýardylar. Şondan bir hepde öň etap bilen gelen ýomut ýigdi brigadiri äsgermän, «çaý ber!» diýseler, ýumrugyny düwüp, ýassykelle özbege howala boldy. Brigadir bu habary eşidenden öwjäp nägilelik bilen siňrigini ýygryp Ýagmyra paýyş sözler bilen sögdi, barmajygyny çömeldip «soň göreris» diýdi. Üçler şol günden başlap, ony aňtap, maýdalyny tapyp, ýençmegi planlaşdyrdylar. Brigadiriň ýanyndaky özbek bilen tatar diýseň ýaranjaňdy. Olar brigadire ýaramly sözler tapyp, ol ommal diýse, ommalmany kyn görjek däldiler. Her hili pyssy-pyjurlygy oňa öwredýärdiler. Baş konwoýy görende dagy ýaý kimin epilip, elini döşüne goýup, salam bererdiler. Şu brigadada işleýänler ol lkisine «Raskladuşka» diýip lakam goýdular. Olaryň adyny tutman, «Raskladuşkany» gördüňmi ýa-da ol barmy?» diýerdiler. Ýaranjaňlar agyr zähmet çekmän, brigadiriň «Bar, otur, tur, getiridi». Ýadymda däl, öz-ä bir aý töweregi geçdi, ahyr gabadyna getirip, üçler ýaňky ýomut ýigdi ýüň saýan ýaly saýypdyrlar. Ol birki gün nahara-da gelmedi. Soň eşitsek, ony başga brigada geçiren ekenler. Biziň brigadirimiz donuna sygman, gomalyp: «Meniň ýolumy kesip geçjek bolýanlaryň boýnuny towlaryn» diýerdi. Bir gün olar şol içgini bölüşip bilmän, gär-gülki boldular. Soň olaryň arasy it bile pişik ýaly boldy. Şondan peýdalandymy, nämemi ýa-da onuň gahar böwedi böwsüldimi, bir gün urlan ýomut ýigdi Ýagmyr geldi-de, sen-men ýok, tapyr-tupur özbek bilen tatary nas ýenjen ýaly ýençdi ötägitdi. «Zora zor bar, ejize ejiz ýok» diýişleri ýaly, özüni elýetmez hasaplaýan «raskladuşkalary» ýeke ýigit tülpüni çykaryp urup gitdi. Bolan işi iki ýaranjaň agasyna aýtsa, «Araça alty taýak» diýipdirler, men ara düşmäýin, öz ýagdaýyňyzy özüňiz görüň» diýipdir. Şondan köp wagt geçmänkä dynç güni meniň ýanyma Ýagmyr geldi. Edil şol wagtam iki ýaranjaň bir zadyň üstünde dawalaşyp otyrdy. Ýagmyry görenden gykylyk, galmagal gyrgy gören serçeler ýaly, birden kesildi. Ýagmyr Çelekenden eken, atly pälwan bolupdyr. Ol bir myrtar azerbaýjan zenanyna öýlenipdir. Bu zenan öňler Ýagmyryň üzeňňisinden günde üç ýola geçipdir, tä nikalaşýança ýüzüň üstünde burnuň bar diýmändir. Nikalaşandan soň welin, günde dürli bahana tapyp, iýenini awy, geýenini köpen edip, jenjel tapyp, halys ýüregine düşüpdir. Günleriň birinde pälwan içgili gelipdir, şonda heleýi daş işikde durup, agzyna gelenini sepeläpdir. Ýagmyr oňa: «Hany, tasanma-da, içeri gir, goňşy-golamlar geň görer» diýse, aýdan-diýen bolandyr. Soň Ýagmyryň äjinnesi atlanyp, alypdyr taýagyň astyna ýaňky heleýi. Şonda keýwanysynyň çep eli goşaryndan döwlüpdir. Zenan ony suda berip, on bir ýyl iş kesdiripdir. Soňky gelen hatlardan belli bolşy ýaly, zenanyň pälwana durmuşa çykmagynyň sebäbi oňa Ýagmyryň iki otagly jaýy gerek bolupdyr. Bu ýigit bendihanada özüni tanatdy. Köpler oňa hormat goýup, ylalaşyp ýaşadylar. Brigadirden aryny alyp bilmedigine gynandy. Sebäbi brigadir Nowikowy näme üçindir, etap bilen bir ýere lberdiler. Soň ýaranjaňlaryň paltasy daşa degip, jyňkyny çykaryp bilmediler, olary hiç kim hasap etmedi. Her ýeten olaryň üstünden güldi. Ýaranjaňlar Ýagmyry görende eýesini gören itiň ýallaklaýşy ýaly, guýrugyny bulap, hoş sözler bilen öňünden çykýardylar. «Suwa gark bolan sypaldan haraý gözlär» diýişleri ýaly, ýaranjaňlar ýetenden haraý tama edip, gülümsiräp salamlaşýardylar. Içýän suwundan kesat bolansoň, olaryň biri, özbek ýigdi keselhana düşüp, tiz amanadyny tabşyrdy. Tataram guran agaja meňzäp, çöp ýaly, iňňä sapybermeli boldy, işe-de ýaraman, köp wagtlap keselhanada ýatdy. Ahyry aýak üstüne galdy, galsa-da ne galmak, diňe ölmän galdy. Annamyrat aga gürrüňini tamamlan dessine Öwezgeldi aga ýene-de dek oturmady. Ol: «Inijigim» diýip, Annamyrat aga ýüzlendi. — Özüňem Garaganda-da ýatanyňda «Pahanyň» kirini ýuwup, çägini çatdym» diýip gürrüň beripdiň, ol näme ýaranjaňlyk dälmi? — Elbetde däl, olar meni urup etdirdiler şol işi. Seniň welin, sakgaldaş, haçan görseň, «Pohdan monjuk agtaran ýaly gepden-gep ogurlap, meniň öňümden çykmaň bar. Tüket indi şol häsiýetiňi. — Bolar, inijigim, tüket diýseň, tüketmedikmi, biziňkäm duşunda aýdyp galmak-da — diýdi. Soň men bulara birwagtlar eşiden wakamy gürrüň berdim: «Ýaranjaňlyk öňlerem, häzirem dürli kynçylyklara eltipdir, eltýärem. Ýaranjaňlyk dürli adamlary ölmäge, tozmaga çenli eltipdir. Hawa, gadym zamanda ady äleme dolan bir patyşanyň ogly bolmandyr. Ol: «Durmuşyň miwesinden kesat etmäsin» diýip, wagtal-wagtal namazdan soň oturyp, Hudaýa nalyş edip, ondan ogul dilär eken. Patyşa: «Eý, Taňrym, sen öz merhemetliligiň bilen maňa bagt, tükenmez baýlyk, at-abraý berdiň, ýöne meniň garaňky öýüme şamçyrag bermediň. Sadagaň gideýin, Biribar, maňa bir edepli, akylly, uzak ýaşly ogul ber. Şonda meniň adym, yzym ýitip gitmez» diýip, Hudaýa ýalbaryp aglar eken. Allajan onuň dilegini kabul edip, yzly-yzyna iki ogul beripdir. Olaryň enekesi patyşa ogullaryna edepliligi, sabyrlylygy, paýhaslylygy, mertligi, süýji geplemegi, Watany söýmegi öwredipdir. Oglanlara uruş tärini öwredýän terbiýeçisi bolsa, atüstünde söweşmegi, galkan tutmagy, ýaý çekmegi, naýza, gylyç urmagy öwredipdir. Şu harby terbiýeçi hiç wagt oglanlar harby işde üstünlik gazansalar-da, olary öwmändir, zyýat geplemändir. Şonuň üçin oglanlar ýaranjaň sözlerden çetde durupdyr. Olar ýaranjaňlary ýigrenipdir. Iki dogan atasynyň kabulhanasynda kabul ediş wagtynda patyşanyň gapdalynda oturyp, atasyna aýdylýan sözleri diňläp, olaryň çyn ýürekden aýdylmaýandygyny, hakykata dogry gelmeýändigini belleýän ekenler. Ýaranjaňlar patyşa ýüzlenip: «Eý, patyşalaryň patyşasy, älemi titreden soltan, adyllaryň adyly, sahylaryň sahysy, adalat äleminiň ýolbaşçysy, size uzak ömür, egsilmez hazyna, ýörüşleriňizde üstünlik gazanmak miýesser etsin» diýip patyşanyň öňünde iki bükülip, ýer ysgap, oňa ýüzlener ekenler. Oglanlar bu sözleriň bir topar ähdiýalan ýaranjaňlaryň çypdyrmasydygyny bilip, olary näletleýän ekeni. Şeýle ýakymly dilegler patyşany öz erkine goýman, käte ýalňyş buýruklar bermek, eden-etdilige, günäsizleri horlamaga, biderek ýörişlere gitmäge, ilata agyr salgytlar salmaga itekläpdir. Haçan-da ogullary ýigit çykanda olaryň hersine bir welaýat berip, ony özbaşdak dolandyrmagy talap edipdir. Iki ýyl geçipdir, inisi agasynyňka myhmançylyga barypdyr. Agasy inisiniň hormatyna kabul edişlik gurapdyr. Bular kabulhana gitmek üçin geýnip başlapdyr. Inisi hyzmatkäriň kömegine garaşmazdan, donuny geýip, sellesini orap, köwşüni geýip taýýar bolupdyr. Agasy welin, hyzmatkär donuny, topbusyny, köwşüni geýdirýänçä ädiminem ätmändir. Olar kabulhana baka ugraýar. Inisi agasynyň bu bolşuny geň görüpdir, ýöne sesini çykarmandyr. Kabul edişlige welaýatyň men diýen adamlary gatnaşypdyr. Şonda agasynyň adyna aýdylýan öwgüli sözleri eşidip, inisiniň depe saçy syh-syh galypdyr. Olar kabulhanadan çykyp, öýüne baranda inisi agsyna: «Biz ýaranjaňlary ýigrenýärdik, ýöne seniň bu günki bolşuň asla ol ýigrençleri ýadyňdan çykarana meňzeýär» diýipdir. Onda agasy: «Näme etjek, bir gün däl, iki gün däl, gün saýyn adyňa öwgüli sözler aýdylsa, adam oňa öwrenişip, soň-soňlar olary ýigrenmek beýle-de dursun, gaýtam oňat görüp başlar ekeniň. Sen entegem öwrenişmediňmi?» diýipdir. Onda inisi: «Gör-dä, ýaranjaňlary daşyňdan aýyrmasaň ýurduň tozar, soň ony düzetmek aňsat düşmez» diýipdir. Aradan sähel wagt geçmänkä agasynyň welaýaty eden-etdilige, açlyga sezewar bolup tozup başlapdyr. Ýaranjaň ýarar, onuň awusyny duýmarsyň, duýan wagtyň bolsa, giç bolar diýişleri ýaly, suw siňrikden agansoň duýduň näme, duýmadyň näme. Inisi bolsa öz wezir-wekilleriniň ony öwmän, geplände gysga, manyly, bolan işi aýdyp, bolmadygyny aýtmazlygy tabşyrar ekeni. Garaz, her bir döwlet möçberinde maslahat bolanda geplejek gepini çöp döwen ýaly etmegi ündäpdir. Ol edilen, edilmeli işleriň takyk ýerine ýetirilýändigini barlapdyr. Her çykyşynda: «Meniň welaýatymda tirsek boýy ekilmedik ýer bolmaly däldir, bolsa, oňa arçynlar kellesi bilen jogap bermelidir» diýer eken. «Ýamanlygy bolmadygyň ýagşylygy bolmaz» diýişleri ýaly, günäkärleri berk ýazgarypdyr, ýagşylary hormatlapdyr. Patyşanyň kiçi ogly öz halkyna ýagşylyk edipdir. Ol birnäçe salgytlary ýatyrypdyr. Ogry-jümrüleri, aldawçylary yzarlap, berk ýazgarypdyr. Bu häkim nähak dökülen ganyň hununy sorapdyr, ondan rehimsiz ar almagyny goldapdyr. «Berim gökden ýol ýasar diýseler-de, oňa ýol bermändir». Kazy-kelanlaryň arassa işlemegini talap edipdir. Şonuň üçin onuň welaýatynda hemme işler şowly bolup, ilaty gün-günden baýlaşypdyr. Oňa bir synçy: «Sizi ähli halk gowy görýär» diýse, ol: «Ýok, Hezret Alynam hemme halk gowy görmändir. Menem ýigrenýänler bar» diýip jogap beripdir. Oňa «Sahylykda sizden öňe düşjek adam ýok» diýseler, ol «Sahy bolmak gaty kyndyr, onuň agramyny ölçemek entekler köp adama başartmaýar. Sahylar tamakin, müňkür, betgüman, ýalan sözli bolmaly däldir, olar oňa ýatdyr. Men bolsa şolaryň birnäçesini entegem özleşdirip bilmedim» diýipdir. Görşümiz ýaly, ýaranjaňlardan ägä bolmaly, olara iç syryňy bermeli däl. Olaryň gep okap, pagta bilen damagyňy çaljagy çyny, şonuň üçin gepiňi bilip geplemeli. — Inijigim, bir dur, sen ýene «gep okan» diýdiňmi, onda menem şolardan-da seniň pikiriňçe? Öwezgeldi aganyň ýene-de erjeşjekdigini aňdym-da, men orta düşdüm: «Öwezgeldi aga, belanyň körügi sizde, gep ogurlap, kaş etjek bolup dursuňyz. Mydama siz suw gysymlan ýaly suwjyk gürrüň tapyp, meniňem, Annamyrat aganyňam zedesine degip dursuňyz. Munyňyz ýoldaşyňyza hormat goýmaýandygyňyzy görkezýär. — Boldy, Meret, men goýdym, senem inijigimiň tarapynda bolsaň, men ýeke galypdyryn «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýenleri dogry. — Ýok, Öwezgeldi aga, meniň sözümde zerre ýalan bolsa, ikirjiňlenmän aýdyň! — Bolar, men goýdum, indi gaýtalanmaz. — Sen, sakgaldaş, «Eneňi pylan edeýin, üstesine näme berjek?» diýen ýaly diýeniňi diýip, soňundan towpyga gelen ýaly, gowja söz tapyp, soň onuň yzynda durup bileňýok. Öňem seniň bilen näçe ýola erjeşdik, her gezek ýüregimi köpdürip, soňundan ony malalan bolýarsyň, goý, indi şu häsiýetiňi. — Aýtdym how, inijigim, goýjagymy. — Agalar, geliň, bir-birimiz bilen çekişmäli ýa-da başdan geçirenlerimizi gürrüň bermäni goýaly. Inim, Meret, «Çekişmän bekişmez» diýipdirler. Wagtal-wagtal çekişmegem erbet däl. — Sakgaldaş, seniň çekişmäňden ýaňa endam-janym bez boldy, iň gowusy diňle-de ümsüm otur. — Bolar, geliň, gürrüňi bes edliň-de, ýatalyň. — Ine, munyň makul, Öwezgeldi aga, onda ýatdyk. | |
|
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |