11:06 Üç tussagyň ýatlamalary -8/ romanyñ dowamy | |
HALALA HASAP BAR, HARAMA — AZAP
Romanlar
Ertesi agşam Annamyrat aga menden: «Wepa diýen belet bilen baý aga gitmändir, baýak şol barada gürrüň beripdiň, sebäbi näme? Ol ýigit nireden, kim bolmaly, Meret?» diýip sorady. Şonda men Wepa gotur barada gören-eşidenlerimi gürrüň berdim». «Onuň asly Gumara urugynyň Keller tiresinden bolmaly. Wepanyň atasyna Han sölite diýer ekenler. Ol adama «Sölite» lakamynyň galmagam ýöne ýerden bolmandyr. Olar bäş-alty ýigit bolup gumdan odun getirmäge gider ekenler. Gidende-gelende yzda süýrenip, ýoldaşlaryna asgançak bolupdyr. Getiren odunam ýoldaşlarynyňka garanda has az bolupdyr. Atasy oňa: «Han ogul, eden işiň ürküzen gurbagaňa degen ýok» diýer eken. Onuň odunyny götermän, süýräp gelşini görenler: «Baý-bow, ol sölitäniň bolup gelişini görüň» diýip, gülşer ekenler. Käbirleri: «Käşgä bu oduny kesana üçin getirse, ony özi üçin getirýär ahyry» diýer eken. Ony görenler: «Hiç haçan munuň ezekesi iki bolmaz, gazanany bezenmäge ýetmez» diýir ekenler. Ol diýlenler Han sölitäniň perwaýyna-da dälmiş. Garaz, şu adamyň eden işine baha berenlerinde agyz dolduryp aýdar ýaly zat ýokmyş. Bu sölite ulalyp, öýli-işikli bolansoňam idili düzelmändir, kim näme diýse, eşitmedik bolupdyr. «Selki suwda belli, sölite ýolda» diýişleri ýaly, şol sölitelikden oňa «Han sölite» lakamy galypdyr. Han aga enesi-atasy älemden ötensoň, hasam pukara ýaşapdyr. Muňa garamazdan, bu sölite tirýek iýmegi, çekmegi hem öwrenipdir. Işe başlamazdan öň tirýekden pugta ýetirip, şol iş ýarpy bolanda, neşesi gaýdyp, ýene çaýa oturypdyr. Soň-soňlar ol ertirki çaýyny günortankysy bilen goşup, belli iş etmändir. Onuň ýarym tanap ýeri bolup, oňa jöwen eker ekeni, jöwenem kä bişse, kä bişmän balyk göz bolanda akrapda sowuk urup, ýylajy galar eken. Han aganyň ýerine aýakdan suw çykmandyr, şonuň üçin ýerini nowa depip suwarypdyr. Sölite gamyş orup, kepbe dokapdyr, ýeken orup, düşeklik ýeken dokapdyr, gamşagy ýenjip, boýra dokapdyr. Ýeriniň gyrasyna kenep ekipdir. Onuň syryndan beň ýüp işipdir. Galampatlagy ýenjip, kendir ýüp işipdir, şolary satyp oňa tirýek alypdyr. Soňky döwürde hojalygyna gerek-ýaragyny getirmändir. Enesi iliň ýüňüni egiripdir, kilimini dokap, kirini ýuwupdyr. Kämähal iliň jöwenini degirmende üwäp beripdir. Şeýdip bäş-dört teňňe gazanypdyr, är görgüliden bolsa kytmyr zat bolmandyr. Onuň bar aladasy tirýek bolan. Olaryň hojalygynda ojaga gazan atarylýan wagty az bolupdyr. Wepa diýeniň ata-enesi şol zeýilli adamlar bolupdyr. Garaz: «Atasy depä çykmadygyň ogly ýapa çykmaz» diýlenleri bolupdyr. Wepanyň kiçi uýasy bilen erkek dogany mama keseli gelen ýyly iki hepdä ýetmän älemden ötüpdir. Wepany Hydaý öz penasynda saklap, ýüz-gözüni mama dişedip, köp wagt ýatypdyr, soň aýaga galypdyr. Ony ýedi ýaşyna ýetende sünnete ýatyryp bilmändir, sebäbi harjysy ýok eken. Wepa dokuz ýaşyna ýetende daýysynyň kömegi bilen sünnete ýatyrylypdyr. Wepa gotur şol Han sölitäniň ogly. Bu ýigit atasyna-ha ökde meňzemändir. «It ata, är daýa» diýişleri ýaly, daýysyna dagy çekene meňzeş, çakgan, sypjyk, süýji dilli, gürleşseň, onuň bile hojalygy goşubermeli. Oňa günüň galsa, seni öz peýdasyna ulanmany hiç zatça bilmez. Gerek ýerinde ärler ýalan sözlär, güni saňa galsa, iki bükülip, salam berer, ýalbarar, ony özüne kemlik bilmez. Ol ýigitlige ýetensoň, gaýraly bir baýyň kerweninde «Bar, otur, tur, getir» bolup hyzmat etdi.Telim ýola Owganystana, Buhara, Çärjewe, Mara kerwen bilen gatnap, ýola belet boldy. Göçhä-göçlük başlaly bäri bolsa, ýola belet bolup, göç gatnadyp başlady. Oňa «Göçümi Owgana aşyryp ber» diýenden artyk hyzmatpuly aldy. «Arzançylyk bolsa, alyjynyň, gymmatçylyk bolsa, satyjynyň ynsaby gider» diýenleri ýaly, «Ýükümi aşyryp ber» diýýänleriň sany köpeldigiçe, Wepada ynsabyny iýip başlady. Oňa: «Hyzmatpulyňy birneme azalt, «Ilden çyksaň çyk, ýöne nyrhdan çykma» diýen ýerem bar» diýseler, «Agam, tabak ýalamagam sogap, ýöne içe-de bir zat düşse» diýer ekeni. Şonça teňňe, tylla alsa-da, alany çägä siňen suw ýaly, bokurdagyndan, tirýekden, bezm etmekden geçip, öýlenmäge puluny dözmedi. Olam atasy ýaly, suw tirýeki boldy. Soňky wagtlarda nebsi hasam otukdy, göçýän bendeden ýolup bilse, ýoldy. Oňa belet adamlar Wepa ýüz tutmany goýdular. Sebäbi ol diňe tirýek bilen çäklenmän, orsuň aragyny suw içen ýaly içdi, mes boldy, uruşdy, ýakalaşdy. II arasynda «Şol pedernälete ýüz tutmaň, ondan herpille häzir boluň, onuň özi gabahat işiň üstünden barjak» diýip, ilat onuň bolşuny ýazgardy. Derýa gaýrasyndan, Ajydan näbelet adamlar oňa ýüz tutup, göçüni aşyryp bermegini soradylar. Wepa ilde ýok nyrh çykaryp, bar zadyndan geçip barýan bendeleri çürkedi. Bu zaňňaryň gömülgen ýylan ýaly, oslamadyk ýeriňden çykyp, çakjagy ikuçsyzdy. «Gotur goluňda bolmasyn, ýaman ýoluňda» diýenleri, ondan çetde duran gowudy. Şonuň üçin men onuň: «Bile işläli, ýagny göçi bile gatnadaly» diýen teklibini başda ret etdim. Soň ol meni ýigrendi, kä ýerde meniň gybatymy etdi, bolmadyk zady ýöňkäp, il içinde abraýdan düşürjek boldy. Deňňenede meniň gybatymy edende meni tanaýan biri oňa: «Meret, hapyzlar tiresiniň hamyryndan ýugurla bolsa, ol naýynsap işe baş goşmaz. Namys-ary terezä salyp ölçeseň, Merediniň münen pellesi seniňkä garanda agyr geler» diýipdir. Soň ol men barada köpçülikde gybat etmäni goýdy. Wepa mydama gijelerine timisgenip, pohdan monjuk agtaran ýaly, dümtünip ýördi. Oňa: «Bu orsuň jansyzymyş» diýenlerem boldy. Ony tanaýanlar ondan sowlup geçdi. Ýadyňyzda bolsa, bir wagtlar aýdypdym Çary kel barada, ana şol Çary indi odun çekmän, öz düýeleri bilen özi daşady. Onuň bir kişilik alty düýeden ybarat kerweni bolup, iki gezek Wepany ýolbelet edip Owgana göç alyp gitdi. Soňky sapar göç äkidende ol Çara: «Meniň ýolbelet hyzmatpulum seniňkiden köp bolmaly» diýip, oňa az beripdir. Soň bu ikisi it pohuny iki kesişip, Çary ondan aýryldy. «Hasaply dost agraşmaz, bihasap dost baryşmaz» diýenleri boldy. Olar bile işlän döwründe göç gatnadyp, düşüren puluny Kerkide bir myrtara aldyryşy barada janygyp gürrüň beripdir». Annamyrat aga-da: «Goturguly nädip düşürenje puluny aldyrdyka, onuň özi alamana meňzeş öz-ä» diýip, meniň ýüzüme çiňňerilip seretdi. «Men size Çarydan eşiden ahwalatymy gürrüň bereýin. Howwa, «Ogry ogrudan ogurlasa, şeýtanyň gülesi geler» diýişleri ýaly, ynsapsyzlyk bilen toplan puluny özi ýaly bir näkese aldyrany çynmyş. Şol günem Wepa Owgana göç eltip gaýdan bolmaly. «Haram gazanç ýa lola gider, ýa ölä» diýişleri ýaly, bar ömründe gowulygyň gyrasynda barmadyk Wepa ol günem ynsapsyzlyk bilen düşüren teňňe-tyllasyny harçlamaga ýer tapmandyr. Ol Kerkä girenden ýüregi içinden çykara gelipdir, ýadawlygy-da ýadyndan çykypdyr. «Haý, namart atyma eýýe tapsadym, hany, eşek saraýa baraýyn» diýip, atynyň jylawyny saraýa baka öwrüpdir. Saraýa baryp, atdan düşüp, ýüzüni ýelpäp, saraýban bilen saglyk-amanlyk soraşypdyr. Soň ýaranjaňlyk bilen: «Gardaş, bir günlük atymy iýeläp, otlap berseň, puluňy bereýin, gardaş, bir ýardam et» diýip, saraýbana ýalbarypdyr. Olar ylalaşypdyr, atyny bu ýerde goýup, «Niredesiň, Baýkabak» diýip, ýeňsesini el ýaly edipdir. Öňem belet ýeri bolansoň, giripdir gapydan häşdenekläp, sen ýok, men ýok, tamyň törüne baka geçiberende, «Tohtaň» diýen sese sakga duraga-da, ses çykan tarapa äňedipdir. Şol wagt tutynyň aňyrsyndan ýaşy bir çene baran, boldumsak, ak ýüzli, kirpikleri gara boýalan, gaşlary sürme bilen bir-birine çatylan burlam gara gulpaklary çekgesinden sallanyp duran, aşaky dodagy neriň dodagy ýaly sallanyp duran ýogyn burun, seýekden sary dişli zenan ýylgyryp: «Hoş gelipsiz bizge, ni hyzmat?» diýipdir. Wepa-da: «Aý, bikär-ä gelmedik, birneme bezm edeýin diýib-ä gelendiris, ol harydam sizde biminnet köp ahyry» diýip, çerwi iýen pişik ýaly, ýyljyraklap duranmyş. Ýaňky zenan Wepanyň «Jala galan poh» ýaly ýüzüne seredipdir-de: «Hop-hop, kir anda bu tige» diýip, ony jaýyň bir otagyna eltipdir. Onuň eline bir gysym zenan suratyny berip: «Kaýsy gerek olsa tutuňyz» diýipdir. Wepa ýaňky suratlary elinde saklap, öň gelenimde zenanlaryň özüni görkezipdiler. Bu ne ahwalat, sähel saklanyp naskädini çykaryp, agzyny hatap kimin açyp, dişlerine gezekli-gezegine tak-takladyp, nasdan diliniň aşagyny ýaş oglanyň mazary ýaly güberdipdir. Hatyja hanum: «Nige togtapis, kaýasy sizge lazum» diýip, petdäniň ýapragy ýaly gök gözlerini oňa dikipdir. Öň surat görmedik Wepa gotur suratlary hanuma beripdir-de: «Bize iň ýaşajygy lazumdyr» diýen. Bu binişan ýigdiň pulunyň baryna göwni ýetensoň, bir tyllaň, iki tyllaň gözüne görünmändir. Ol bolar diýen äheňde kellesini silkip, derrew goltuk kisesinden teletinden bolan agzy büzmekli sanaçdan bir onluk tyllany çykaryp, hanumyň öňüne taşlapdyr. Hatyja hanum tyllany garbap alaga-da, jaňjagaza ýapyşypdyr. Jaňyň sesine häzir bolan jykyrgolça ýaly bu zenan durşuna ak geýinipdir. Kellesi dagam ak ýaglyk bilen çigilipdir. Ak tämizje, aý ýaly tegelenip duran ýüzüne, etlek eňegi bilen, bokur boýnam üsdegi ýaly görnüpdir. Bu aýynja närse aňk bolup duran Wepanyň guşagyndan tutupdyr-da, yzym bilen diýen yşarat edipdir. Soň tirkäp kiçeňräk jaýa eltipdir. Wepa: «Şu jaý, şu zenanmyka bir tylla düşen» diýip, tasdan gygyran ekeni. Görse, bu jaýjagaz asyl hammam bolsa nätjek. Bir gazanda ýyly suw, ullakan agaç çelekde sowuk suw, demir legen, demir susak, otyr ýaly kürsi, bir bölek gara sabyn, sürteç kädi, ak bizden bolan süpürgi taýýar eken. Ýuwunmalydygyny aňyp, öňi bilen ädigimi çykardym welin, jaýyň içini bir betýakym ys alyp göterdi. Duran heleý agyz burnuny tutup, daşary çykdy. Şol heleý çykan dessine gapyny ýapyp, kiltledim. Guşagymy çözüp, ýektaýymy çykardym. Derden ýaňa tagta dönen köýnegimiň, myzžyk bolan balagymyň yssyda öňki ysyň üstüne urna boldy. Şol wagt işik kakyldy, «Tiz ýuwun!» diýen ses ýaňlandy. Çala-çatdy ýuwunyp gidiberjekdim, ýöne mylaýym suw endamyma degenden hezil etdim. Gyssanmman, öň kellämi, soň endamymy sabynladym, kirlerimi dyrnaklap-dyrnaklap aýyrdym. «Halypa, behişdem ondan zyýat däldir, süňňüm dagy ýeňledi ötägitdi» diýenmiş. Şol wagt ýene işik kakyldy: «Bol tizräk» diýen güňleç erkek adamyň sesi eşidildi. Men köýnek-balagymy geýdim-de, süpürinmän işigi açdym. Görsem, pälwansypat ala, dörtburç kellepoşly, döşündäki çöpürde mal bakybermeli, bir peläket elinde ýektaý tutup dur. Ol: «Höýnek-balagyňy çykar-da, şu köýnegi geý!» diýip, öňüme taşlady. Bu bereni ýektaý däl-de, ýüpek köýnek ekeni, özäm topugyma ýetip dur. «Aýagyňa geý» diýip, apgyrtsyz mahmal köwüş berdi, men içimden: «Bu kärhana täsin üýtgäpdir» diýdim. Men ýene nas atdym. Soň ýektaýymy, köýnek-balagymy, ädigimi hem şypyrgamy guşagyma salyp, çigdim-de, elime aldym, duran peläket meni yzyna tirkäp, içine halydyr palas düşelen otaga eltdi. Elime tüňäni berdi-de: «Nasyňy şuňa tüýkür» diýdi. Tyllalarymdan ätiýaç edip, düwünçegimi gözüm görer ýaly ýerde goýdum. Görsem, saçak ýazylyp, üsti iýer-içer ýaly zatlardan doly. Çaý, çakyr ýaly içgilerem bar. Birden otaga egni ýaşyl ýüpek matadan tikilen ýektaýly, ezip içibermeli owadan zenan girdi-de, ýüzüme jikgerip, seredip durdy. Megerem, meniň betnyşan halym oňa ýaramadyk bolmaly, ýöne bu maýasatar kärhanada ýarasa-ýaramasa, puly berlenden soň, haryt seniňki. Ýanyma geldi, oturdy-da, dyzdanyny çykardy, menem garap oturmadym, hapba tutdum bilinden basdym ata gamçyny, birsalym şora-şop derledim. Soň näme, jahan ýagtylyp, endamym boşaşdy. Şu zamun işden soň Wepa goturyň keýpi kök bolup, iki bakasyna seretse, saçagyň üsti iýip-içer ýaly zatdan dolymyş. Ýuwunyp- ardynmagam ýadyndan çykarypdyr. Ol ýaşyl ýektaýly zenany saçagyň başyna çagyrypdyr. Şerapdan bulgurlary dolduryp, birini zenana, ikinjisini özi içipdir. Zenan bolsa, şerapdan bir ýola owurlap, bulgury gapdala süýşüripdir. Soň zenan Wepanyň bulguryny şerapdan püre-pür dolduraga-da, onuň agzyna tutup içiripdir. Zenanyň bu hyzmatyna göwni hoş bolansoň, bu ýagdaý birnäçe ýola gaýtalanypdyr. Şondan soň Wepa gotur tawus guşy kimin salyhatly hekgeripdir, ýene birini başyna çekensoň, maýmyna meňzäp, herekedi tizleşipdir. Gapdalda ýanbaşlap ýatan zenan gözlerini güldürip, ýene bir bulgur içirensoň, onuň boýnundan dolap, zenan näzi bilen degişipdir, ýaňaklaryndan ogşapdyr. Dura-bara kellesi gyzyp, ýolbarsa meňzäpdir. Ol gopbamsyrap, özüniň iliňkiden artyk bolmadyk güýjüni görkezjek bolup, ýatan zenana abaý edipdir. Zenan gülümsiräp, ýene bir bulgury dolduryp, Wepanyň agzyna tutup içiripdir. Şondan soň Wepa doňza meňzäp, läbige bulaşypdyr. Ol ýanbaşlap ýatan zenany gujaklapdyr, ýene zyna işini etmäge çalşypdyr, emma näçe omzap, şol işi bitirjek bolsa-da, oňa ýaramandyr. Soň ol bolşuny özüne kemlik bilip, «Ýorganyňa ýaraşa aýak uzat», bolmasa bolman geçsin, öňkülerim bor diýip, irkilipdir. Näçe wagt geçeni belli däl, bir wagt şol döşi çöpürli päleket gelipdir-de, Wepany turuzypdyr. Ol: «Wagt gutardy, öýden çyk» diýipdir. Wepa görse, zenanam ýok, saçagam. Ol özüniň serhoşdygyna garamazdan, guşagyna çigilen egin-eşigini alyp, hasyr-husur geýnipdir-de, entirekläp daşary çykypdyr. Çykan dessine goltuk kisesini barlasa, altyny-kümüşi ýerindemiş. Görse, garaňky düşüpdir, adamlaryň aýagy ýygnalypdyr. Garaňky köçe bilen entirekläp, niredesiň eşeksaraý diýip, ýöräp ugrapdyr. Ýokarlygyna bir köçäni kesip geçen wagty, yzynda aýak sesi eşdilip, yzyna seredeýin diýende, ýeňsesine degen batly urgy ony ýere agdarypdyr. Soň ol nämäniň-nämedigini bilmän, özünden gidipdir. Az ýatypmy, köp ýatypmy, onçasy belli däl, bir wagt öldükde özüne gelipdir. Ýerinden galyp, paýyş sözler bilen sögünipdir. Ol zordan eşeksaraýa aşypdyr. «Bu ýerden tizräk gideýin, ýogsa öljegim ikuçsyz» diýip, içini gepledipdir. Saraýa baransoň, saraýbana bermeli teňňesini bermek üçin goltuk kisesine elini ýetirse, tyllaly, teňňeli sanaçjyk ýokmyş. Onuň eli kisesine sokan ýerinde hereketsiz gatap galypdyr. Dodaklary müňk-müňk edip, lasyrdapdyr, bir zatlar diýjek bolupdyr agzy ysmandyr. Bir haýýukdan soň, «teňňäm, tyllam» diýip, aşak oturypdyr. «Ynsaplynyň maly tükelmez» diýseler, ynsapsyzyňky welin tükenipdir. Serhoşlukdan tiz açylan Wepa ýuwusgadan ätlän adam ýaly, ýüzüni ak tam edip: «Agam, bar pulumy urup alypdyrlar, ýeke teňňe-de galmandyr» diýip, aglamjyrap başlapdyr. Saraýbanam çalaja ýagty salýan çyranyň ýagtysyna Wepanyň gotur ýüzüne seredipdir. Ol ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän, aňk bolup duranmyş. Içinden: «Lebiz edip, lebzini ýere berip ýören adam ýa kezzapdyr, ýa-da binamys, bu şolaryň haýsysyka?!» diýip oýlanypdyr. Saraýban Wepanyň geň däldigini aňan bolmaga çemeli: «Hany, ýigit, gepiňi kepekden saýla, atyňa suw berdim, ot berdim, bejerdim, näme-de bolsa, hyzmatyma birneme bermeseň bolmaz, bu bolşuň birhiliräk, «Eneňi pylan edeýin, üstesine näme berjek» diýen ýaly gürrüň munyň. Görýän welin, senden bäş wagt namazdan başga hemme zat çykjak, ülpet». «Agam, şol horjuny bäri al, körseşdirip göreli». Soň Wepa horjunyň bir gözünden teletin gynly aksaply mis gülbentli pyçagyny çykaryp, saraýbana beripdir. «Siz razymy, agam?». «Jyda razy. Gelip duruň, ülpet, hyzmaty bizden» diýipdir. Wepa-da öýkünjeňlikden galan poh häsiýetine görä, saraýbana seredipdir-de, sag gözüni gypypdyr. Saraýbanam sen ýok, men ýok, tutupdyr ýakasyndan: «Sen näme maňa göz gypdyň, men saňa heleými, ýa küntimi?» diýip, alypdyr alkymyndan. Wepa oňa: «Agam, ötüp-geçeweri, bu häsiýeti näçe goýjak bolsam-da, başardanýok, birden göz gypanymy bilmän galýoryn» diýip, saraýbana ýalbarypdyr. Saraýban: «Tizje şu taýdan garaňy saýla, ýogsa çişmedik ýeriňi kelle ýaly ederin» diýipdir-de, horjunyny daşary taşlapdyr. Wepa pohuny aldyran tomzak ýaly sämäp, atynyň ýanyna baryp, aty eýerläpdir, uýany geýdiripdir. Horjunyny bökdergä berkidip, gijäniň bir wagtydygyna garamazdan, ýola düşüpdir. Wepa saraýbanyň sögünçlerini ar-war etmän, gaýtam arkasyna ýag çalnan ýaly bolup: Ol ýeke öýliniň horazy ýaly çişip, ýoluny dowam edipdir. «Teňňe, tyllam owarrama gitsin, alan adamyň ýaman gününe ýarasyn» diýip samyrdapdyr. Görşümiz ýaly, Wepanyň haram pullary lola harç bolupdyr. Wepa ýetginjek mahaly onuň hemsaýasy (goňşusy) Giçgeldi diýen oglan, gije bir ýerden gaýdanda «Jynly howzuň» duşundan geçende bir ak geýimli peläkedi görenmiş. Soň ol dura-bara ak eşege öwrülenmiş. Şondan soň Giçgeldi näme bolanyny bilmän, şol ýere ýykylanmyş. Ol köp wagtlap kesel ýatypdyr, keselden örlänsoň, elleri titrewük bolup, mahal-mahal bolsa, gözüni gypyp goýberýän ekeni. Şol oglanyň göz gypmasyna öýküne-öýküne, Wepada-da göz gypma keseli ymykly orun tutupdyr. Soňra bu keseli, goýjak bolsa-da, goýup bilmändir. «Gülme goňşyňa, geler başyňa» diýişleri ýaly, göz gypma keselini özüne satyn alypdyr. Bu bolan wakany Çara gürrüň beripdir. Şonda: «Şu göz gypmadan ýaňa, dost jan, içim ötüp dur, ýöne alajym ýok» diýenmiş. Haýsydyr bir baýramçylykda gyzlar sallançak uçup otyrka, o-da gyzlaryň ýanyna baryp, olara söz gatypdyr. Gyzlar onuň sözüne pitiwa bermändir, şol wagt gyzlaryň biri, Wepanyň ýüzüne çiňerilip seredipdir. Wepa-da köne keseline görä, göz gypanyny bilmän galypdyr. Ol gyz: «Bu oglan maňa göz gypdy» diýip, gykylyklap başlaýar. Bu gykylyga gelen oglanlar: «Sen göz gyparmyň ýene» diýip, alypdyrlar depginiň aşagyna». Başa bela näden geler? Iki barmak dilden» diýişleri ýaly, Wepanyň başyna dilden däl-de, gözden gelse nätjek». Öwezgeldi aga-da: «Öýkünmek gowy däl, sebäbi nämä öýkünseň, şol kesel saňa-da ýokuşýar. Meniň hemsaýam (goňşym) sakawa öýkündi, soň onuň özi sakaw bolup, näçe goýjak bolsa-da, goýup bilmedi». Annamyrat aga-da: «Her pille öýkünseň, alnyňa geljek, häzir sakawa, maňka öýkünmeli däl, adamlar» diýidi. Şondan soň biz ýatyp dynç aldyk. ÝAKMA, BIŞERSIŇ, GAZMA, DÜŞERSIŇ Biz işden gelenimizden soň, çaý başynda ýene gürrüňe başladyk. Şonda gürrüň, ýakynda sekiz ýyl kesilip, şu koloniýa gelen musulman ýigit Jepbar barada bildy. Bu ýigit köp wagtlap özbeklerden, täjiklerden göknar daşapdyr. Onuň asly Hojambazyň Obadaşalarynyň «Abyl» urugyndan eken. Jepbar göknar söwdasyny edip baýapdyr. Ol pulum müňe ýetse, goýaryn diýen niýet bilen köp ylgapdyr. Bir günem agalary tarapyndan (ol milisiýa işgäriniň biri bilen tanyş eken) tutulypdyr. Onuň ähli gazanany döwlet emlägine geçirilipdir. Neşe bilen söwda edip baýan ýa-da çöle goýun salan adam ýok». Birwagt biziň obamyzda-da bir bizürýat öten biri tirýek söwdasyndan synyp, ölüp gitdi» diýip, men şol näkes barada gürrüň berdim». Onuň ata-babasy şu mekana-Pelwerde birmahallar göçüp gelen bolmaly, «tok!» diýere towugy bolmandyr. Ýerkümede ýaşap, talabançylyk edipdir, karz alan gallasyny möwriti bilen berip bilmän, elmydama zada mähetdel bolupdyr. Ana, şol maşgaladan dörän bu melgun ýigit, atasy gara zähmetden maýyp bolansoň, ene-atasyny taşlap, nirädir bir ýere zym-zyýat boldy. «Ölme-de, ýit!» diýişleri ýaly, ölüsem tapylman ýitdi. Atasy ýogalanda ony oba-gara depin etdi. Hojalygynda hepbe bilen depbe bolmansoň, biri köpenini getirdi. «Ilim- günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýişleri ýaly, il-gün bir gowy zat. Islese, hemme işiň hötdesinden gelýär. Bu bidöwlet ýigit barada bolsa, «Ilde gep köp, Mekgede arap» diýişleri ýaly, gep köpelenmiş. Ol galtamanlara goşulypdyr» diýse, beýlekisi: «Ol pylan ýerde ölüpdir», ýene biri: «Bir baýa talaban duranmyş» diýen ýaly myş-myşlar köpeldi. «Agyz-agyzdan ýel alar» diýenleri ýaly, peşşeden pil ýasaýanlar il arasynda bardy. Bu ýigit baradaky gürrüňler kem-kemden ýatyşdy, emma günleriň birinde ol baýap geldi. Onuň öz beren gürrüňine görä, ol aglap-eňräp, Hudaýdan baýlyk bermegini dileg edip, Garagumyň jümmüşinde köne dona dolanyp, ymyzganan wagty Hydyr ata gelenmiş. Ol: «Köşek, turaweri, kybla baka taýak atym ýöreseň, gurruk bardyr, seniň dilegiň şondadyr» diýenmiş. Dogrudan-da, baryp görse, gurrukda bir ybryk (boýny inçe suw içilýän daş küýzejik) ýatyrmyş. Dykysyny açyp görse, içi doly altyn bilen kümüşmiş, ony baýadan-da şolarmyş. Bu zaňňar hä diýmänkäň üç tanap ýer satyn aldy. Iki bölekden ybarat iki derwezeli, ýedi pagsaly howly galdyrdy. Howluda dört-bäş sany öňi eýwanly, ýokarsy moryly (mory-külallaryň bişiren kiçeňräk humunyň döwlen bokurdak tarapy, ol tüsse çykar bolup hyzmat edýär) tam, iki gatdan ybarat, ikinji gaty üçek, aşaky gaty ammar oduk-buduk goýulýan jaý gurdy. Howlynyň ikinji böleginde at, düýe, sygyr saklanylýan ahyrly, basdyrmaly jaýlar bardy. Hullasy, bu ýigide deň geljek baý az-azdy. Il arasynda: «Hudaý berse guluna, çykaryp goýar ýoluna» diýişleri ýaly, «Bu adamyň Hudaý ýoluna çykaryp goýupdyr» diýerdiler. Müňkürlik gowy zad-a däl, ýöne köplenç adamlar bu bolşuna öz-ä müňkür boldular. Gözi bilen görüp, eli bilen tutmansoň, o-da melamat ýapdygyň bolýor. Magşar gününde oňa-da jogap gaýtarmaly. Ýigit öýlendi, toý tutdy, emma atasynyň meýdini depin edip, sadakasyny beren adamlary ýatlamady. Atasyna Gurhan buýrup, hatym-sahyr etdirmedi, ölen-ýitenleri ýatlap, sadaka-da bermedi. Şol goýazy ýigde göwsünden ak süýt emdiren enesi näçe eňräp, gowy maslahat berse-de, ýer tutmady. Häzire çenli şol husydyňkydan agzy-burnuny ýagjardyp, gägirip çykan adamy gören ýok». Öwezgeldi aga şu ýerde meniň gürrüňimi böldi-de: «Inijigim, bir dur, il arasynda şeýle gürrüň bar: «Öň baý bolup, soň garyp düşse, ol adam sadaka bermez». Şol gürrüňi edýän tüçjar baýyňam şolaryň ikinjisine degişli, dogrumy, inijigim» diýip, ýüzüme seretdi. Men: «Tüýs dogry, Öwezgeldi aga, bu ýigit baýlygyny artdyrjak bolup hars urup, söwda başlady. Ilki-ilkiler bagana, ýüpek, deri, ýüň söwdasyny etdi, soň ol tirýek söwdasyna başlady. Karun dek gözi gumdan dolsa-da, puldan doýmady». Şol wagt Annamyrat aga meniň gepimi bölüp: «Allanyň berenine eýesi kanagat etmedi, ýöne berenine kanagat etmän, Allanyň emrini ýykyp, köpden-köpüni gözleýänlerem az däl. Ol adamlaryň ahyry pul haltasy böwsülip, biyzzat bolup galýar, bu biwepa panydan razy bolup gidýänler az-azdyr, mal-mülkem, şirin janam amanatdyr. Bilseňiz, bu dünýä bir akar sildir, ömrüň bolsa, onda ýüzüp ýören saldyr. Ondan habarsyz käbir harsydünýäler hars urup, baryny sähel wagtda toplajak bolup, zürrük bagta batýarlar. Şeýdibem bir gün peýmanaň dolup, ömür tanapyňy Ezraýyl kesende bile alyp gitjek zadyň ýok, barysy ýalançy dünýäde galýar. Yzbasar ogluň bolsa, o-da bidert bolsa, hars urup ýygnalan emlägiň gadryny bilmän, ony aý-gün geçmänkä tirýekden ýa-oýunlardan giçirip, wejera bolýar. Bu dünýä ynam ýok, şony ýatda saklamaly». Annamyrat dogry aýdýar, bu dünýä ynam ýok, bu gün şa bolsaň, erte gedaý bolmagyňam mümkin. Asyl tirýek söwdasyny edip, baýan adam ýok, bolsa-da ahyry gelýän däldir. Sebäbi neşekeşler bala-çagalarynyň iýjek rysgalynyň bir bölegini neşä berýär, olaryň rysgalyna kesek atýar. Şonda onuň keýwanysy gargyş baryny ýagdyrýar. «Neşäň çüýräpler gitsin, getirmän geçen, getirmeseň bolmaýarmy, alan puluň ýaman günüňe ýarasyn» diýen ýaly gargyşlar köp gaýtalanýar. Bu gargyşlar ýeke bir maşgalada däl, ýüzläp, müňläp maşgalada dowam edýär. Ana, şol gargyşlaryň biri degmese, ikinjisi ýa-da üçünjisi degýär-de, bir günem bir sebäbe görä, onuň emlägi dargaýar. Soň ol adam il arasynda pillempis bolýar». Öwezgeldi aga-da bu diýlenleri: «Şonyň tüýs dogry» diýip, tassyklady». Dogrudan-da, Annamyrat aganyň aýdyşy ýalam boldy. Şol ganojak az-küşüne kanagat etmän, soňky sapar Owganystandan tirýegi at däl-de, düýä ýükläp alyp gaýdýar. Bar gazanan puluny tirýege berýär. «Aç towuk düýşünde daty görer» diýişleri ýaly, ýatsa-tursa bu peläkediň gözüne lek-lek pul görnüpdir. Bu haramsiýdik, getiren düýe ýüki tirýegini bir söwdagäre lükge ak patyşanyň ak puluna satýar. Öz içinden «Söwda küşat boldy» diýip begenipdir. Edil şol wagtlar ynkylapdan soň ak patyşanyň pulunyň synan wagty bolupdyr. Ertesi görse, bu pul synypdyr, nirä barsa, bu puluň ýüzüne seredýän tapylnandyr, it ursaň, şol puluň üstüne kyhlapdyr. Iki-baka ylgapdyr, ýer tutdyrjak bolupdyr, ýöne eden synagy bolmandyr. Soň ol syrtyny näçe çitiklese-de, ýerine gelnändir. Söwdadan synyp, bagryny gara ýere berip ýatypdyr, howwa, «Ýiti gyzyl tiz solar» boldy. Bir dana, nebsi, uýansyz ata deňäpdir. Ol: «Edip bilseňiz, nebsi uýanlaň, ony öz erkine goýbermäň, jylawy çekiň. Nebis jylawyny elden gidirseň, ol seni girdaba goýberer» diýipdir. Bu bitäret ýigit nebis jylawyny elden sypdyryp, girdaba düşdi. Şol barmana howlusyna ogry girip, haly-palaslaryny ogurlady. «Bela ýeke gelmez» diýişleri ýaly, yzly-yzyna bela-betere sataşdy. Bir görseň, aty ölüp dur, bir görseň düýesi. «Eneňi pylan edeýin, üstesine näme berjek» diýen ýaly, bela-beterden dynmady. Gelen belalary özünden görmän, bendesinden görüp, ýüregine saldy, soňam keselledi. Ýatan ýerine duzaga düşen sülgün ýaly, ganatlaryny gerip, uçmaga synanyşypdyr. Synanyşdygyça, duzak onuň bogazyny gysypdyr, uçdum-uçdumda-da bu bende bir ýeljik püňäp, ýagty jahan bilen hoşlaşypdyr. Amanadyny tabşyrmazdan öň enesi näme bişirip berse, idili tagam datmandyr. Enesi daş ýerden tebip çagyryp, ogluny emledipdir, bar edilen emler ýardam etmändir. Şonda tebip: «Garry, näbileýin, ogluň bu keselden sagalyp, atyna ot-suw berer-ä diýip biljek däl, ýöne sen ynjama, «Ýatan ölmez, ýeten öler» diýipdirler. Bu panyda bir gün ýaşasa-da, ýaşasyn, soňunam Hudaý oňarsyn» diýen ekeni. Şondan soň enesiniňem ýürek ýarasy gün-günden güýjäp, oglunyň kyrk sadakasyny berensoň, bir hepde geçirip, ömür tanapy kesildi. Entek çaga dogurmadyk ol bidöwlediň gelnem «Är öldi — hatyn talak» diýenlerini edip, atasy öýüne gitdi. Ýeri, howlyny gelniň atasy satdy. Bir gowy ýeri, gudasy, ölenleriň sadakasyny berdi, ol ýigdiň ahyry gelmedi. Ata-babalarymyz birine pata berende: «Bularyň jany sag, wagty hoş, agyz-dili bir bolsun, murty towly, işi şowly bolsun, toprak diýip tutany altyn bolsun, iki dünýäsi abat bolsun, suw belasyndan, ot belasyndan, görner-görünmez bela-beterden bir Allanyň özi saklasyn, eden işinden bereket tapyp, ahyry gelsin» diýerdiler. Ol ýigidiň eden günäsi köp bolansoň, ahyry gelmedi. Ondan ne zürýat galdy, ne-de at. Sähel wagt geçmänkä bu bidöwlet baradaky gürrüňler könelişip, ony ýatlamadylar. Sebäbi baýan döwründe karz pul, teňňe soran adamyň möhümini bitirmedi. Onuň dosty ýa-da gatnaşyk edýän adamy-da ýokdy, onuň bilen dostlaşjak bolýanam ýokdy. Soň-soňlar bir söwdagäriň gürrüňine görä, bu gürrüňi edýän adamym, bir gün saý-sebäp bilen, Jeýhunyň kenaryna barýar. Gämi güzerde ullakan ýelkenli gämi duran bolýar. Ondan ýükleri düşürmek üçin, adam güýji gerek bolansoň, darga ýanky gödegi hammalçylyga çagyrýar. Gara güýji ýeterlik bolanson, gämidäki ýükleri «häh» diýmänkä düşürip beripdir. Onuň işleýşi darga ýaransoň, ol ony özi bilen işlemäge çagyrýar. Bu myrtaram, näme, derrew razy bolupdyr. Şunlukda Amynyň ýokary akymlaryna çenli ýük daşaýan gämide hammalçylyk edip, obadan ýitirim bolupdyr. Onuň nirä, näme üçin gideni belli bolmandyr. Gämi bolsa Täjige, Owganystana ýük çekip, söwdagärleri gatnadypdyr. Bu gäminiň gatnawy, esasan, Kerki Owganystan aralygy bolupdyr. Üç ýyl dagy işläp, harjy toplapdyr, öýlenmek niýeti bilen oba barmagy ýüregine düwüp ýören wagty, bir baý täjigi öldürip, tylla-teňňesine eýe bolmagy başarypdyr. Bu ýigit şol gün gämide didebançylyk edýär. Şol gün täjik söwdagäri-de gämi duralgasyna barýar, wagt giç bolansoň, gämide ýatýar, söwdagäriň tylla-teňňesi köp bolýar. Ony duýan ýaňky ganojak, gijäniň birwagty söwdägäri bogup öldürýär-de derýa taşlaýar. Zadyny almaýar-da, diňe tylla-kümüşlerini alaga-da horjunyny suwa zyňýar. Şeýlelikde, ol täjik suwa gark bolan hataryna gidýär. Şondan köp wagt geçmänkä alan oljasy bilen oba dolanyp gelýär». NESIHAT Ertesi bizi ýene işe alyp gitmediler, sebäbi aýaz ýan bermän, şol 47 graduslygyna galypdyr. Ertir çaýdan soň, ýene başdan geçiren wakalarymyzy ýatlap başladyk, bu gün Annamyrat aga söz berdik». Men öňem Garaganda-da bir kişi bilen bile ýatanymy ýatladypdym». Öwezgeldi aga ýene gürrüňçiniň sözüni bölüp: «Şol söýgülisini ýatlaýan gazakmy?» diýip sorady». «Hawa, şol gazak» diýip, Annamyrat aga ýene gürrüňüni dowam etdi. «Menem, Meret, seniň ors bilen bir ýerde ýaşaýşyň ýaly, onuň bilen bir jaýda bile ýatdym. Bu köpi gören gazagam elmydam öwüt-nesihat bererdi. Ol maňa «Myrat» diýip ýüzlenerdi. Bir gün radioda Staliniň buýrugy bilen birnäçe goşun serkerdelerini atypdyrlar. Hamala, olar dönükmişler, özäm köpüsi onuň bile işleşen generallarmyş. Men orsça gowy düşünmänimsoň, nämäniň-nämedigine göz ýetirip bilmedim. Şol sapar ol aýtdy: «Ähli patyşalar oda meňzeýärler, eger ýanaşsaň, köýdürer, olar ýagşylygy tiz ýatdan çykarýarlar, ýagşylyk etdim diýip, arkaýyn bolmaly däldir» diýip, soň özi barada gürrüň beripdi. «Men gazaklaryň uly ýolbaşçysyna köp ýagşylyk etdim. Ony wagtynda ölümden alyp galdym, ýagşylyga ýagşylyk ýok. Şonda ol maňa kemteresinden sag bolam diýmedi. Onuň gylyksyzdygyny aňypdym, ýöne beýle bolar öýtmändim. Ol meni öz eli bilen günämiň ýokdugyna garamazdan, on alty ýyl tussaglyga iberdi. Ol kezzap ýagşylyklarymyň öňündäki bergisini aýaklary bilen depgiledi. Meniň ahy-zarym ony düzüw ýaşamaga goýmaz. Öň saňa gürrüň berendirin, enteklerem şol zenan ýadyma düşse, ýüregim çalt urup, içimden çykjak diýerdi. Meniň oňa bolan söýgim hiç wagt sönmez, sebäbi söýgülim şol näkesiň maňa ýapan ýalan töhmedine ynandy. Öňem, häzirem zenan gözelligi köp adamyň başyna ýetendir, çünki owadan zenanyň söýgüsi ýalynly oduň küle öwrülişi ýalydyr. Edil şonuň ýaly boldy, ol menden dänip, ýaňky ýagşylyk eden adamyma durmuşa çykdy, soň ol nejis meni gabanyp, ýok günäni başyma ýöňkäp, tussag etdirdi. Söýgülim bolsa men barada aýdylanlaryň baryna ynanypdyr. Görşüň ýaly, «Hydyr diýenim hyrs çykdy». Meniň söýgülimi almak üçin ol daşyma düşdüşiň kerep aýlaýşy ýaly, kerep aýlan eken. Menem siňegiň gurlan tora çolaşyp, düş-düşe şamlyk bolşy ýaly, «ülpedime» şam boldum. Ol şöhratparaz hem ýaranjaňdy, şonuň üçin ähli basgançaklary geçip, dowamsyz bolansoň, tiz syndy. «Kast eden, pes bolar» diýişleri ýaly, niýetiň düzüw bolmasa, Hudaý-da seni ýigrenýär» diýerdi». Häzir ol-da tussaglykda ýatyr, gör, muny, «Gazma, düşersiň, ýakma, bişersiň» diýenleri dop-dogry eken. Birine ýamanlyk etseň, ýamanlyga garaşyber. Şol ülpedim öýlenende men gudaçylyga barypdym, gyzyň ata-enesine olaryň gowy ýaşajakdyklaryna güwä geçipdim, ýöne ol haramzada bir ýyla ýetirmän öňküsini aýryp, meniň söýgülime öýlendi. «Heleýiň saçy uzyn bolsa-da, akyly kelte bolar» diýişleri ýaly, sähel bolmadyk gepe ynanyp, durmuşyny wejera etdi, meniňem ömürlik ýüregime dag basdy. Myrat, ýatda sakla, hiç wagt zenan nikasyna pyýadakazylyk etme, eden men bolmaýyn, sebäbi uruşsa-sögüşse seni günäkär eder. Eger ýagdaýy gülala-güllük bolsa, sen olaryň ýadyna-da düşmersiň. Soňam dostuň öýüne ýygy-ýygy barma, ol seni ýigrenmegi mümkin» diýerdi. «Myrat, bilip goý, hiç wagt adamyň göwnüne degme, ulumsylyk etme, magtanma, az sözle, ýöne manyly sözle. Siziň Magtymguly şahyryňyz bu barada: «Az iýip, az uklap, ýene az sözle. Köp söz seni il içinde har eýlär» diýip ýazypdyr. Bu şahyryňyz öňden görüji hem durmuşy aýan ediji beýik şahyr. Şonuň kitaplaryny okagyn» diýip sargardy. Hany aýdyň, şu kişiniň aýdanlary mamlamy ýa ýok» diýip. Annamyrat aga bize ýüzlendi. Öwezgeldi aga ikimizem: «Mamla-da-mamla» boluşdyk. ZYNDANDA Bu gije ýoldaşlarymyň haýyşy boýunça Öde inimi zyndanda boşadyşym barada gürrüň berdim. Şol sapar men Buhara ýüpek bilen çaý alyp gitdim. Ýüklerimi gaýra gyrada abdallardan Hudaýberdi baýyňka eltdim. Soň şonuň kerweni bilen Buhara ugradyk. Kerwen gümrükhana ýetende ol taýda ýüküň näçe teňňelik bar bolsa, şoňa ýaraşa pajymanlara paj tölemelidi. Bardy-geldi aýdanyňdan zyýat dagy çyksa, jerimesi has agyrdy. Meniň ýükümi barladylar, sebäbi men olara çaýpuly bermedim. Ýüküm aýdyşym ýaly, dogry çykdy. Pajymanlaryň dykgat bilen barlamagynyň sebäbi, Buhara emirliginiň soraýan welaýatlarynda ýarag söwdasyny etmek gadagandy. Ýüküňde ýarag tapylsa welin, soň ol ýükden hiç zat tama edip oturmaly däldi. Ýola ugramazdan öň oba kethudasy, Welnazar aga «Başaryp bilsem, Ödäni alyp gaýtjak» diýsem, «Meret, sen üm bilmez bolma, ol saňa başartmaz» diýdi. Menem içimden başarjak bolub-a göreýin diýdim. Meniň arzuwym, söwdam küşat bolsa, doganoglan inim Ödäni zyndandan boşatmakdy. «Bagtyň ýatsa, düýäň üstünde it ýatar» diýişleri ýaly, Öde inim Owganystandan getiren iňlis ýaraglaryny Gamaça alyp gitdi. Ol taýda bir näkesiň maslahaty bilen Gamaçydan Garşa alyp barýar. Ol taýda: «Buhara äkitseň, gymmat göçer» diýseler, oňa köpden köpi gerek bolupdyr, şödüp Buhara baranda, ele salnyp zyndana taşlanýar. Şol sapar Hudaý abraý berip, söwdam oňdy, harytlary bir söwdagäre lomaý tabşyrdym. Soň men Ödäni zyndandan boşatmagyň ýollaryny agtardym. Haýsy deşikden girip-çykmalydygyny bilmän, kelebiň ujyny ýitirdim. Gije ýatyp pikir etdim, «Ajygan ölmez, alňasan öler» diýleni, men özüme sabyrly bol, gyssanma, çykalga tapylar diýip, göwünlik berdim. Ertesi aýlanyp-aýlanyp, ýene kerwensaraýa geldim. Şol sapar Buharany aýlananymda köçeleriniň dardygyny, iki araba bir-birine gabat gelende geçmesi kyndygyny gördüm. Jaýlary bolsa, ötlem-ötlem, belent bolmansoň, barjak ýerimi tapjak gümanym ýok. Ýöne welin, kaşaň-kaşaň-a metjitler, medreseler, minaralar baryny haýran galdyrjak. Kerwensaraýa gelen wagtym öz kerwenbaşymyza duşdum. Şular ýaly işim bar diýsem, «Işikden tapsaň, töre geçme» diýipdirler, sen, gowusy kerwensaraýyň eýesine ýüz tutsaň, gowy bolardy, pul şu taýynyň ekdisi» diýdi. Diş gysyp, ýaňky bormen, peşenedar, garynlak özbek kişiniň ýanyna bardym, köp gowy adam ekeni. Men oňa: «Size işim bar» diýsem, «Bu ýakga» diýip, özüniň iş otagyny görkezdi. Soň ol maňa seredip: «Kulak asýapmen» diýdi. Men oňa inimiň ýarag söwdasy bilen şu taýda ele düşendigini, häzir zyndanda ýatandygyny gürrüň berdim. Gürrüňi gutaranymdan soň ol kişi köp wagtlap ýere seredip, kellesini ýaýkap, «juk-juklap» oturdy. Birsellem oturandan soň, ol: «Bu meseläni diňe Mirşab (Buhara polisiýasynyň başlygy) çözer, başga adam çözüp bilmez. Uka, «Düýeden uly pil bar», şol pile arzyňy aýdarsyň, häzir «gün güýçliniňki» iň güýçli adam Buhara Mirşabydyr» diýdi. «Ýarag söwdasy barada emiriň permany bar, şol permanda olaryň, Aly Hezretleri ýarag söwdasyny gadagan edýär, onuň jezasy agyr. Läkin, Mirşaba-da az-owlak zat bereniň bilen iniňi boşatmaz, oňa ep-esli tylla bermeli bolarsyň» diýdi. Men bu kişä näçe diýse berjekdigimi aýtdym. Ol: «Onda sen onuň kabulhanasyna bar, ýanyna girmäge rugsat sora, eger girip bilseň, berjek tyllalaryňy öňünde goý. Ol adam alym-berime öwrendeklidir, «Berim gökden ýol ýasar» diýipdirler» diýdi-de «Işiň şowly bolsun!» diýip, pata berdi. Şol gije hesret edip, uklap bilmedim. Azançy azan aýdyp, namaza çagyranda, turup, täret kylyp, namaz okadym. Göze dürtme garaňkyda gitmäýin diýdim, görsem, çaýçy samawaryny otlady, soň men çaý taýar bolýança garaşdym. Doga ýaly nany bir käse çaý bilen bokurdakdan geçirip, «Ölümden özgäniň irkisi gowy» diýip, ýola düşdüm. Sübsegärler ýaňyja köçeleri syryp ugran ekenler. Köp ýerleri aýlanyp, öldük-de sorap-idäp, Mirşebiň kabulhanasyny tapdym. Howlynyň derwezesiniň öňünde duran ýasawul: «Raýis ýok, gelmedi» diýip, içeri goýbermedi. Soň men gapdala garap durdum hem kabul etse, nämeden başlamaly diýip oýlandym, «Siziň Aly Hezretiňiz, arzymy aýtmaga merhemet ediň» diýerin diýip oýlandym. Gün naýza boýy asmana galanda ak at goşulan paýtun Mirşebiň kabulhanasynyň öňünde saklandy. Şol wagt ýasawullardan biri paýtunyň gapysyny çaltlyk bilen açdy-da, «merhemet» diýip, elini döşüne basyp, iki bükülip durdy. Menem derwezäniň daş işiginde Mirşebiň gelerine garaşdym, ýakynlaşan badyna iki bükülip salam berdim. Maňa gözi düşen Mirşep gözlerini tegeläp, özbek dilinde: «Hä, türkmen, saňa näme gerek?» diýdi. Menem: «Arzym bar» diýdim. «Inijigim, ol siziň türkmendigiňizi nireden bildikä?» megerem, gyrmyzy donumdan, telpegimden aňan bolmaga çemeli. Soň ol gapy sakçysyna: «Goýber!» diýip yşarat etdi. Ol öňde, men yzyndan ýöräberdim, giden otag, otag üstüne, otag. Ahyry bir otaga girdik weli, içi dagy gül sepilen ýaly. Ýere ýazylan halylary aýtjakmy, mylky-mylky oturgyçlary aýtjakmy, bäş-alty ýerde pagsa berkidilen owadan tagtalaryň üstünde ýerleşdirilen şemdanlaryň içindäki topbak şemleri aýtjakmy, pagsadan asylan suratlaram has täsin. Gepiň tümmegi, ýöne agzyňy açyp oturmaly. Şu otagda Ýewropa egin-eşiginde biri otyr ekeni, şu dyzmaç ýigit sen ýok, men ýok, alnyma geçip: «saklan» diýdi. Men saklandym, oňa çenli Mirşep gapdaldaky otaga girip gitdi. Ýaňky ýigit özbekçeläp: «Oturyň» diýip, bir oturgyjy görkezdi, men oturdym. Az wagtdan jaňjagazlaryň inçejik sesi eşidildi. Oturan ýigit çaltlyk bilen Mirşebiň otagyna girdi-de, yzyny ýel bozmanka-da çalt çykdy. Soň ol Mirşebiň gapysyny açdy-da, giriň diýip yşarat etdi. Içeri girip, gol gowşuryp durdum-da, söze başladym: «Siziň Aly Hezretliňiz, arzymy aýtmaga merhemet ediň!». «Hop» diýenden näme sebäpden gelendigimi düşündirdim-de, teletin sanaçjykda bar bolan elli tyllany öňünde goýdum. Ol tyllaly sanajy aldy-da, öňündäki hat ýazarynyň üstüne döküp, sanady, soň ol hille ýyrşardy, bilmedim nämeden, keýpi kök göründi, öz-ä diňe tylla-ha däldir diýdim. Soň saraýyň hojaýyny Bagtyýar ekeden onuň sebäbini bildim. Seýit Alym han düýn öz ýaranlaryny kabul edende, Mirşebe öz çorularyndan birini teperrik beripdir. Bu bolsa Mirşebi köşk emeldarlarynyň arasynda bir gez ýokary göteripdir. Hawa, sanan tyllalaryny öňündäki torbasyna saldy-da jaňjagazy jyňňyrdatdy. Kätip: «Näme hyzmat» diýdi-de, buýruga garaşdy. Mirşep: «Zyndanda Öde Rehim ogluny boşatmak barada perman taýýarla» diýdi. Kätip salymyny bermän kagyza ýazylan permany Mirşebiň öňünde goýdy. Hojaýyn okap gördi-de, oňa möhür basdy. Ýaňky kätip permany maňa berip: «Häzir ýasawulbaşynyň ýanyna baryp, permany ber!» diýdi. Sorap-idäp galanyň içinden zyndany tapdym, ýaňky permany ýasawulbaşa berdim. Bu-da hata göz gezdirdi-de, gülümsiräp, başam barmagy bilen külbike barmaklaryny biri-birine süýkäp dur. Düşdüm, muňa-da çaý puly gerek diýdim-de, donumyň goltuk kisesinden ak patyşanyň iki bäşlik tyllasyny alyp, gysymyna gysdyrdym. Ol şol dessine bir ýasawuly çagyryp: «Öde Rehim ogluny getir» diýip buýurdy. Birhaýukdan aýagy işgilli, sakgal-murt basan, eşikleri sal-sal Öde inimi getirdiler. Görsem, torsuk ýaly doluja oglan iňňe iýen it ýaly horlanypdyr. Ol meni görenden möňňürip aglady. Biz gujaklaşyp görüşdik. Görsem aýagy ganjaryp ýara bolupdyr, aýak ýalaň, dyrnaklary ösüp, eşegiň toýnagy ýaly bolan. Bu betbagtyň gören gününi it görse gözi agyrar diýip pikir etdim. Dogrudan-da, ony gören adam gorkjak, ýüzi jyrk sary, ýöreýşi dagy aýaklanmadyk göle ýaly, ent-ment edip barýar. Nätmeli, öňi bilen dellekhana baryp, saç-sakgalyny gurşatmaly. Ýöräp ugradyk welin, ýolda gören adam bize seredip dur, halys bolduk. Ahyry sertaraşhana bardyk, saçy syrdyryp, sakgal-murty bejertdik, el-aýagynyň dyrnaklarynam şol ýerde alyp berdiler. Sertaraş bilen hasaplaşyp, niredesiň tebip diýip ýola düşdük. Tebibi salgy alyp, onam tapdyk, tebip Ödäniň aýagyndaky ýarany ýuwdy, soň oňa melhem ýapdy, sarady. Soň biz galanyň etegindäki dükanlara bardyk. Ol taýdan birlaý köýnek-balak, köwüş, başgap, ýektaý aldyk. Paýtuna münüp, kerwensaraýa geldik. Ol ýerde ýuwunyp-ardynyp, alan geýimlerimizi geýdi. Ala ýektaý, dörtburç galpak, teletin köwüş geýenden soň, baryp ýatan özbegiň özi boldy. «Näme-de bolsa, indi Odä meňzediň» diýsem, ol ýyrşardy, ýogsa ony tanar ýaly däldi. Soň biz saraýdaky çaýhana bardyk, garbandyk, çaý içdik. Şondan soň saraýyň hojaýyny Bagtyýar aganyň ýanyna bardym, beren maslahatyna minnetdarlyk bildirdim. Ol meniň mundan beýlägem işimiň rowaç bolmagyny dileg edip, pata berdi. Onuň hyzmatlaryna iki tylla hedýe berdim. Satylan ýüpekdir çaýyň pulunyň bir bölegi Mirşebiň kisesine girensoň, ugurly pulam galmady. Barja puluma kokand şaýysyndan, Nogaý ädigi bilen mesiden alyp, ýükümi taýýar etdim. Kerwenbaşynyň haçan ugrajakdygyny anykladym. Saraýdaky açarçyny tapdym, alan harytlarymy ammarlara daşadyp, ammarça tabşyrdym. Şondan soň Öde bilen saraýdaky çaýhana bardyk. Palawdan şamlyk iýip, çaý içdik. Şonda Öde inim zyndanda ýatan döwründe dişine zagara bilen ýarma-aşdan başga iýmit degmändigini wagtynda suwam berilmändigini, gaýta-gaýta aýdyp, jebir-sütem görendigini gürrüň berdi. «Zyndanda aç ölýänler köp, meni aç ölmekden saklan bolsa şol dört sany bozgakbaşy ýigitler. «Söýenişen-ýykylmaz» diýişleri ýaly, olaryň yzyndan iýmit getirseler, el ýaly zagarany maňa-da berdiler. Olar ulamalara garşy çykyş edipdirler. Olary bozgakbaşylykda aýyplap, zyndana taşlapdyrlar. Olar özlerine gelen iýmitden maňa paý çykardylar, soň men ölmän galdym» diýip, inim gürrüň berdi. Ýola ugramazdan öňki güni çaýhanadan iki tabak palaw, on sany bugdaý nany, kişmiş-süýji aldyk. Soň biz şu iýmitleri alyp, zyndan sakçysynyň ýanyna bardyk, oňa iki rupiýa berip, getiren iýmitlerimizi Orunbaý daga berdik. Öde olar bilen hoşlaşdy. Çaýhanadan alan çanakdyr okarany çaýça eltip berdik, girew goýan bäş teňňäni yzyna aldyk. Ýola ugrandan bäş gün diýende dogduk mekana sag-aman geldik. Öde inim sag-salamat öýüne dolananyna sadaka berdi. Şonda bolan wakany obadaşlaryma gürrüň berdim. Köp çarşenbäni başdan geçiren Gulnazar aga: «Sen ol işi oňarypsyň, söwdaňam paşypdyr, biriň iki bolup, gurduň gündiz uwlapdyr. Şu işleri etmek her kese başartmasa gerek» diýip, meni öwdi oturdy. Men şol bolan işleri aýdanyma puşman etdim, sebäbi çakdan aşa öwgä bolmaýanym çyn. Annamyrat aga-da: «Ol öwgi däl, sen gaty rähberlik edipsiň, är işini bitiripsiň, onuň üçin özüňi horlaýşyň bolmandyr» diýdi. Öwezgeldi aganyň teklibi boýunça biz dessine ýatdyk. | |
|
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |