23:01 Üç ýüz togsan sandyk hazyna | |
ÜÇ ÝÜZ TOGSAN SANDYK HAZYNA
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Bolan wakalara esaslanyp düşürilen "Hazyna gözleýjiler" atly bir çeper kinofilm bar. Kinofilm ikinji jahan urşy ýyllarynda nemes faşistleri tarapyndan ogurlanan sungat eserleriniñ yzyna düşen az sanly sungat adamsynyñ başdan geçirmelerini gürrüñ berýär. Uruş döwründe "Mukaddes amanatlar" we sungat eserleri nädip goraldyka? Gizlinlikde nirede ýaşyryldy? Gizlin operasiýanyñ buýrugyny kim berdi? Operasiýa kim ýolbaşçylyk etdi? Gitleriñ goşuny Trakýada goş ýazdyrdy. Türk goşuny Trakýada "Çakmak hatary" (“Çakmak Hattı”) diýilýän goranyş berkitmesini gurdy. 1943-nji ýylyñ 26-njy ýanwary. Prezident Ismet Inönü birnäçe gün bäri nähoşlap ýatyrdy. Öýünde dynç alýardy. Oña Angliýanyñ premýer-ministri Çerçilliñ gyssagly duşuşmak isleýändigini aýtdylar. Duşuşygyñ maksady mälim: iñlisler Türkiýäniñ öz ýanlarynda urşa girmegini isleýärdi... Depderine bellik etdi: "Göni Baş wekillige gitdim. Şükrü Sarajogly iñlis ilçisiniñ habaryny aýtdy we ýazan ýazgysyny görkezdi. "Mister Çerçill meniñ bilen iñ bolmanda Başwekillikdemi, ýa başga bir ýerde gepleşik geçirjek bolýar. Kipri teklip edýär. Öz Goranmak ministriniñ marşal Fewzi Çakmak bilen duşuşmagyny teklip edýär. Möhüm habar hökmünde-de Amerikanyñ prezidentiniñ bu boýunça ýörite gelendigini mälim edýär. Duşuşygyñ örän gizlin bolmalydygyny hem ýatladýar. Habar şundan ybaratdy. (...) Sarajogly bilen bile naharymyzy iýdik. Meseläni töwerekleýin öwrenenimizden soñ duşuşyk teklibini kabul edýändigimizi habar bermegi makul bildik. Meniñ ýurtdan çykmagym mümkin däl. Çerçiliñ özi ýurduñ haýsam bolsa bir ýerine gelse hoşal bolardym. Gelmese-de baş wekil marşaly ýanyna alyp, Kipre gitmeli bolar. Şular ýalyrak jogap beräýeris..." • "Ak medrese", "Sary han" Iki gün geçensoñ... "Baş wekil habar berdi. Çerçillden jogap gelipdir. Ol resmi we gizlin sapar üçin Adana şäherine gelmekçimiş. Ýanynda generallary hem gelmelimiş. Azyndan ýigrimi dört sagat galmagy göz öñünde tutýarlar. Pozitiw jogabymdan örän hoşal bolandygyny aýtmagy gaýta-gaýta sargapdyr. Aýyñ 30-y üçin Adanadaky bu duşuşugyñ geçiş tertibini we meýilnamasyny taýýarlamak işleri başlady." 1943-nji ýylyñ 29-njy ýanwary. Sagat 09:30... Ýedi ýyl öñ Germaniýadan alnan we halkyñ arasynda penjireleriñ astyna çenli gögümtil, ûsti ak reñkli bolandygy üçin "Atatürküñ ak otlusy" adyny alan otly Kaýaşdan ýola düşdi. Prezident Inönüni alyp barýan otlynyñ ümzügi Adana bakandy! Otly 347 km geçip Nigdä ýetensoñ, duýdansyz aýak çekdi. Şäherdäki ýokary wezipeli ýolbaşçylara habar berilmändi. Diñe Lütfü Turanbek mundan habardar edildi. Inönü ilki 1409-njy ýylda gurlan "Ak medresä", yzyndanam 1357-nji ýylda gurlan "Sary hana" gitdi. Prezident Inönü uruş ýurduñ serhedine gelip dirän aýgytlaýjy pursatynda iññän möhüm duşuşyga gatnaşmakdan dänip, näme üçin gizlinlikde bu iki ýere zyýarat etdikä? • Gizlin operasiýa Şondan bir ýyl öñ... Gitleriñ Anadola girmek baradaky meýilnamalaryndan habarly Prezident Inönü gizlin buýruk çykardy. Nemes istrebitelleri Stambuly bombalamaýmy ähtimaldy. Kümmetler muzeýi we Stambuluñ Topgapy köşgi muzeýindäki "Mukaddes amanatlara" we sungat eserlerine, taryhy kitaplara zyýan ýetip bilerdi. Olary ygtybarly bir ýere göçürmek gerekdi. Içi-daşy sink bilwn gaplanan 391 sany sany sandyk taýýarlandy. Käbir sandyklaryñ içinde gizlin öýjüklerem bardy. Sandyklaryñ içine "Mukaddes amanatlar" seresaplylyk bilen ýerleşdirildi: "Hyrkaýy sagadat" (Pygamberiñ dony), "Hyrkaýy sagadatyñ" saklanýan altyn sandygy, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) sakgaly, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) dişiniñ bölegi, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) gubrunyñ gumy, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) möhüri, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) gylyçlary we gylyjynyñ gyny, oky we ýaýy, ýalançy "pygamberlere" ugradylan hat, Käbäniñ gapylarynyñ biri we açary... "Mukaddes amanatlar", käbir sungat eserleri we käbir gymmatly kitaplar gizlinlik bilen kyrk sekiz wagona ýerleşdirildi. Hiç kime bildirmänem Nigdä äkidildi. Otluda Topgapy köşgüniñ müdiriniñ orunbasary Lütfü Turanbek we otuz işgär hem-de olaryñ maşgalalary bardy. Olar urşu gutarýança Nigdede bolmalydy we "Ak medresedir" "Sary handa" goýlan "Mukaddes amanatlary" we sungat eserlerini goramalydy. Nigdeliler uruş döwründe otuz işgäriñ ur-tut muzeýlerine gelip ýerleşmegine düşünmänem galdylar. Eserler 1947-nji ýylda çenli şol ýerde galdy. Soñra gizlinlik bilen Stambula göçürildi. Serediñ ahwetin... daşary ýurtlular sungat eserlerini nädip goraýandyklary barada birgiden çeper we dokumental kinofilmleri döredýärler, biz bolsa agzymy öweldip ýörşümize öz taryhymyzy bilemzok. Gidip görüñ, Londondaky "National" galareýasyna... Gidip görüñ, Sankt-Peterburgdaky Ermitaž muzeýine... Ikinji jahan urşy ýyllarynda sungat eserlerini Gitlerden nähili goraýyşlarynyñ dokumental filmlerini görkezýärler!.. DVD-sini satýarlar. • Dört ýüz ýigrimi iki sandyk sungat eseri "Muzeýleriñ atasy" saýylýan Ermitaž muzeýi... 1764-nji ýylda açyldy. Dünýäniñ iñ möhüm sungat merkezlerinden biri saýylýan Sankt-Peterburgyñ bu muzeýinde 16 müñ surat, 12 müñ heýkel, 700 müñ arheologik tapyndylar we bir million zikge-medalýonlar bilen birlikde üç million eser bar. Leonarda da Winçi, Rembrandt, Rubens, Titian, Bottiçelli, Rafael, Karawaggio, Wan Gog, Pikasso, Matisse, Goýa we başgalar... Kimler ýok... 1941-nji ýyl. Sankt-Peterburg, şol wagtky ady bilen Leningrad nemes faşistleri tarapyndan gabawa alyndy. Žosef Orbelli şol wagt Ermitaž muzeýiniñ müdiridi. Nemes goşunynyñ şäheri basyp almagyndan ätiýaç eden Orbelli muzeýiñ eksponatlaryny başga ýere göçürmek üçin inçelik bilen taýýarlanan meýilnama düzdi. Ilkinji nobatda meýletinçileriñ kömegi gerekdi. Çünki müñlerçe sungat eseri ýörite gaplara salnyp, seresaplylyk bilen göçürilmeli we goralmalydy. Ýaman ýeri, olaryñ hemmesini göçürmek mümkin däldi. Käbirlerini muzeýiñ ýerzemininde goýmaly bolýardy. Meýletinçiler tapyldy. Iýun aýynyñ başyndan başlap müñlerçe meýletinçi alty günläp hummaly zähmet çekdi. Sungat eserleriniñ bir bölegi 422 sany sandyga ýerleşdirildi. Az sanly adama ýagdaý mälim edildi: Bahasyna ýetip bolmajak bu sungat eserleri Ural daglaryna äkidilmelidi. Eserler uly ýük awtoylaglarydyr otlularda Ural daglaryna sary ýola rowana boldy... Nemes istrebitelleri iki aýdan soñ şäheri bombalamaga başlanda - 1899-njy we 1907-nji ýylda gol çekilen medeni baýlyklaryñ goralyp saklanylmagy baradaky konwensiýanyñ bardygyna garamazdan, ilkinji bombany Ermitaž muzeýiniñ depesinden goýberdi! Muzeýde galdyrylan sungat eserleri binanyñ ýerzemininde muzeýiñ işgärlerinden, meýletinçilerden we alymlardan ybarat iki müñ kişilik bilen bir takdyry paýlaşmalydy. Gabaw döwründe muzeýe ýeten zyýan uly boldy. Ynanyp bolmajak kynçylyklara uçrandyklaryna garamazdan, ýerzeminde sungat eserleriniñ ýanynda galan adamlar hernäme-de bolsa, eserleri gorap saklamagyñ hötdesinden geldiler. Gabaw 1944-nji ýylyñ ýanwarynda gutardy. Eserler Ural daglaryndan yzyna getirildi. Ermitaž 1945-nji ýylyñ oktýabrynda öz işine başlady. Ikinji jahan urşy döwründe bu eserler gowy goralyp saklanandygy üçin häzirki wagt muzeý iñ köp surat eserini özünde jemläp, Ginnesiñ rekordlar kitabynda öñdeligi eýeleýär. • Magdan känindäki hazyna Londonyñ meşhur Trafalgar meýdanyndaky "National Gallery"… Korol Jorj IV baý rus bankiri we sungat kolleksioneri Jon Julius Angerşteýniñ öýüni satyn alyp, 1824-nji ýylda muzeýiñ binýadyny tutdy. XIII asyrdan XX asyra çenli nijeme taryhy eser bilen birlikde 2 müñ 300 surat eseriniñ ýerleşen muzeýiniñ eýesi Birleşen Korollygyñ özi. Ikinji jahan urşuna girmek kararyna gelen Angliýanyñ ilkinji meýilnamalarynyñ biri-de "National" galareýasyndaky gymmatly eserleriñ göçürilmegidi. Ilki olary Kanada äkitmegi teklip etdiler. Çerçill muña garşy çykdy. Howa hüjümlerinden zyýan görmezligi üçin eserleri Demirgazyk Uelsdäki magdan känleriniñ birine göçürmek makul bilindi. Ýeñler çyzgaldy: ilki magdan käni jemgyýetçilik eýeçiligine geçirildi. Eserleriñ gyzgynlyga we çyga zaýalanmazlygy üçin taýýarlyklar görüldi. (Bu taýýarlyklar 1949-njy ýyldan başlap ilkinji kondisionerli galareýalaryñ açylmagyna sebäp boldy.) Surat eserleri üçin serediş-abatlaýyş topary we restawrasiýa studiýasy döredildi. Magdan käni taýýar ýagdaýa getirilensoñ eserler wagonlardyr, uly ýük awtoulaglary bilen daşalmaga başlandy. Iş añsat düşmedi: mysal üçin Wan Dikiñ çeken "Şarl I" portreti juda uludy, ony göçürmede kynçylyk döredi, otly ýolunda gysyşyp galdy. Magdan käninde eserleri goramak kyndy, mysal üçin suratlaryñ üstüne iki gezek gaýa daşy düşdi. Şol ikiarada Londonda öñ bolmadyk oñyn wakalar bolup geçdi. Ilkinji gezek muzeýse sergi açylyşlary boldy. Her aý eserler sergi edildi, "Aýyñ iñ gowy suraty" konseptinde ilkinji gezek Rembrantyñ surat eseri magdan käninden getirilip, sergä çykaryldy. Ilkinji gezek halky ruhlandyrmak üçin Maýra Hess we Mura Limpani ýaly aýdymçylar konsert berdi. Bütin bu wakalar muzeýiñ bombalanmagyna çenli dowam etdi. Uruş gutarandan soñ muzeý gysga wagtda ýapyldy, abatlaýyş işleri geçirildi we 1945-nji ýylda magdan känindäki eserler getirilensoñ, gaýtadan işläp başlady. Şol ýyl muzeýiñ müdiri Kennet Klark eserleri gaýtadan muzeýe ýerleşdirip bolandan soñ rahat dem aldy we pensiýa çykarman boldy. Uruş ýyllarynda "National" galareýasynda bolup geçenler muzeýçilige bolan garaýşy üýtgetdi... • Öýden çykan 1500 sany kartina Geçen ýylyñ ahyrynda Germaniýanyñ Mýunhen şäherindäki bir ýaşaýyş jaýynyñ otagynda 1939-njy ýyldan bäri ýitirilip tapylman ýören 1500 sany surat eseriniñ üstünden baryldy! Segsen ýaşly Kornelius Gurlitt eýeçilik edýän suratlaryny tegelek altmyş sekiz ýyllap öýündäki konserwa gapyrjaklarynyñ üýşmeginiñ añyrsynda gizläp saklapdy. Suratlar Gurlitte onuñ kakasy Hildebrand Gurlittden miras galypdyr. Hildebrand Gurlitt Gitleriñ 1838-nji ýylda nasistik konfiskasiýa komitetine bellän dört tejribeli sungat maklerlerinden biridi! Oña Gitleriñ, Geringiñ we Gebbelsiñ görkezmesi bilen "sozulan sungat eserlerini" ýok etmek tabşyrlypdy. 1939-njy ýylyñ 20-nji martynda 1004 sany surat we heýkel, 3825 sany suwly boýag, neşir önümleri we çyzgylar Berliniñ Ýangyn söndüriji gullugynyñ howlusynda oda atyldy. Emma, Gurlitt bu suratlaryñ gymmatyny bilmän duranokdy. 1941-nji ýylda Matisseniñ çeken suratlaryny 2.600 sterlinge, Pikassoñkyny 880 sterlinge bahaladýardylar. Görnüşi ýaly Gurlitt olaryñ käbirlerini ida atmandyr, özünde saklapdyr. Gurlitt 1945-nji ýylda Bambergiñ golaýynda ýaranlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi. Soñ-soñlar mälim bolşy ýaly, Gurlit we onuñ ogly müñden gowrak eseri eýdip-beýdip gizläp saklamagy başarypdy. Mälim bolşy ýaly... Gitler çyzgylar we suratlar bilen içgin gyzyklanypdyr, ol toplan surat kolleksiýasyna buýsanypdyr. Adolf ömürboýy ussat suratkeş bolmagy arzuwlapdy, emma başarmandy. Iki gezek, 1907-nji we 1908-nji ýylda girmäge synanşan Wena Çeperçilik akademiýasyndan ýykylypdy. Ol poçta kartlaryndan toplan suratlaryny dükanlara we turistlere satyp gününi dolapdyr. Ýagny, Gitler sungatyñ hakyky janköýeridi. Diktatorlyk eden döwründe bir muzeý gurdurdy: Fýurer muzeýi! Aýratynam konslagerlere ugradan jöhit öýlerindäki ýa-da onun basyp alan Fransiýa, Gollandiýa, Belgiýa, Awstriýa, Çehoslowakiýa, Polşa we Russiýa ýaly ýurtlaryndan toplanan gymmatly eserleri we kartinalary muzeýine getirtdi! Sözümiñ soñunda jikme-jik maglumatlara girip durjak däl, 1940-njy ýylda "Medeni baýlyklaryñ duşman döwletlerden Germaniýa getirilmegi" maksatnamasy boýunça operasiýalara başlan Gebbelsiñ özem sungat kolleksioneridi. Hut Geringiñ özem iki müñden gowrak sungat eserine eýeçilik edýärdi. Bu gymmatly eserler häzirki wagt dawalydyr, sudlyk meseledir. Maşgalalar we ýurtlar sungat eserlerini yzyna almak üçin hukuk göreşini häli-häzirlerem dowam etdirýärler. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 30.03.2014 ý. Terjjme eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||