17:18 Üçegi ýykdylar | |
ÜÇEGI ÝYKDYLAR
Publisistika
Palestinaly žurnalist, görnükli ýazyjy Gassan Kanafani... Beýrutda awtoulagyna goýlan bomba bilen Mossad tarapyndan 1972-nji ýylyň 8-nji iýulynda şehit edildi. Kanafani ynanjy boýunça sünni musulmandy. Şol sanda ol hristian ynançly doktor Jorj Habaşyň ýolbaşçylygynda gurlan Palestin halkyny Azat-ediş frontunyň (PHHEF) press-sekretarydy we metbugat organlarynyň ýolbaşçysydy. Biri musulman, beýlekisi hristian bolsa-da, olary bilelikde göreş alyp barmaga iteren sosializm ideologiýasydy. Şol döwürler palestin konflikti üçin Beýruta giden türk rewolýusionerlerini-de şu maksat bilen myhman aldylar. Hristiany, musulmany, sosial-demokraty, sosialisti, türki, kürti, araby, hatda ýapony, nemesi... hemmesi palestin dawasy üçin göreş alyp bardy... (Kanafaniniň aýaly-da palestin göreşine gatnaşmak üçin Beýruta gelen daniýaly mugallymdy). PHHEF şol bir wagtyň özünde Palestinany Azat-ediş guramasynyň (PAEG) üçek partiýalarynyň biridi. PAEG-nyň adynyň dünýäde eşidilmegine uçar ogurlama ýaly PHHEF-nyň operasiýalary sebäp boldy... Palestinanyň Kanun çykaryjy Mejlisiniň üçünji uly partiýasy bu guramanyň Syýasy býurosynyň agzasy Muhammet Abdel Al we partiýanyň baş merkez komitetiniň agzasy Imad Awde öňňin Beýrutda faşist Netanýahunyň güýçleri tarapyndan öldürildi. PHHEF-nyň ýolbaşçylarynyň öldürilmegi dünýä jemgyýetçiliginde sünni Ysmaýyl haniýe we şaýy Hasan Nasrallah ýaly seslenme döretmedi. Indi dünýäde sosialistleriň öldürilmegi däl-de, sünnilerdir şaýylaryň öldürilmegi sensassiýa döredýär! Nämüçin beýle bolýarka? Bu soragyň PAEG-nyň ýykylmagy bilen ýakyndan baglanyşygy bar. taryhda kämahal üçek binýatdan has wajypdyr... * * * “Palestinanyň Kommunistik partiýasy” (PKP) sözi köp kişä del eşdilse gerek. Ýogsam bolmasa bu partiýa bir döwür sebitiň iň güýçli syýasy guramalarynyň biridi: Araplar we jöhitler ençeme ýyllap milletara dawalaryň duzagyna düşmezden iňlis imperializmine garaşsyz bir bitewi döwlet üçin göreşdiler... PKP “kapitalistik hereket” diýip atlandyran sionizm akymyna garşy elmydama göreşdi. Sionizmiň iňlis imperializmi bilen bähbitleriniň birleşýändigini nygtady. Partiýa sionist-jöhit tapawutlandyrmasynda elmydama eserdeň çemeleşdi. “Ähli eksplutatirlenýän halklar imperializme garşy birleşmelidir” prinsipinden ugur aldy. Partiýanyň maksady – iki dini ynanja-da hormat goýýan, adalatly ykdysady düzgüni, arap-jöhit lokomotiw işçi synpynyň gurulmagydy. Kolonizator iňlisler etniki oňşuksyzlyk ýaly inçe taktikalar bilen tradision arap liderligini we sionistleri biri-birine gyrdyrmagy başardy. Bu çaknyşmaly şertler kommunistlere-de täsirini ýetirdi... “Bir bitewi döwlet” prinsipi wagtyň geçmegi bilen ornuny “iki döwletli” prinsipe berdi. Käbir kommunistlere çenli arap-jöhit jemgyýetleri biri-birinden doly üzňe ýaşaýandyklary üçin bölünişigiň kanunalaýyklykdygyny ýazdy. “Birleşen palestina” şygary towsa göterildi... PKP-sy, PHHEF, PAEG... hemmesi şowsuzlyga uçrady. Hemmesi etniki oňşuksyzlyga ýeňildi... * * * Gassan Kanafaniniň jynazasynda söz sözlän PHHEF-nyň başlygy Jorj Habaş şeýle diýdi: - Sionistler medeni genosid etmek maksady bilen beýik ýazyjyny öldürdi... Imperializmiň düýp maksady – etniki-medeni gymmatlyklara hüjüm etmek arkaly azat-ediş hereketlerini dargadyp, üleşdirip eksplutasiýasyny dowam etdirmek. Palestin dawasy sa:p medeni etnosadan ýeňiler ýaly edildi. Segseninji ýyllardan bäri global köpçülikleýin aragatnaşyk serişdeleri arkaly dini-mezhep çaknyşyklary çykarylyp, palestin hereketi dyr-pytrak edildi! Häzir ýagdaý şondan gowumy? Eýranyň nädip nyşana alnyşyny göreňzokmy? Ýurdumyzda-da muny görýäris: her mezhep öz ölüsine aglaýar! Bulam az bolýan ýaly, “Palestina” sözüni dilinden düşürmeýän käbirleri häzir “Hizbullaha” duşmançylyk edýär. Şindizem imperializmiň mezhep oýunlaryna duzagyna düşýärler. Gassan kanafaniniň, Jorj Habaşyň guramasy PHHEF-nyş şehitlerini-hä Türkiýäniň Kommunistik partiýasynyň agzalaryndan başga agzaýanam ýok... Faşist Netanýahunyň amala aşyrýan ganly teraktlary-da palestin dawasynda agzybirligi, bileleşigi gurmaga sebäp bolup bilmeýär. Palestinany üçeksiz goýan - Tagut düzgünidir! Soner ÝALÇYN. “SÖZCÜ” gazeti, 02.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |