18:34 Üçekde däli bar! / satiriki hekaýa | |
ÜÇEKDE DÄLI BAR!
Satiriki hekaýalar
Mähelle aýaga galdy: — Üçekde däli bar! Köçäniñ ugry däliniñ bolşuna tomaşa etmek üçin gelenlerden doldy. Ilki polisiýanyñ daýanç nokadyndan, soñ polisiýa müdirliginden awtoulagly poliseýler geldi. Yzysüre ýangyn söndüriji gullugyñ işgärlerem gelip ýetişdi. Däliniñ ejesi: — Balam, oglum, düş aşak!.. Düşäýsene balajygym!.. - diýip ýalbarýardy. Däli: — Arçyn etmeseñiz, özümi aşak zyñaryn! - diýýärdi. Ýangyn söndüriji gullugyñ işgärleri däli özüni aşak zyñsa gapmak üçin brezendi açyp gerip goýdular. Dokuz ýangyn söndüriji bir ujundan tutup tutan brezentlerini jaýyñ dört ýanyna süýräp ýörmekden ýadady. Komissar: — Haýyş edýärin, doganjygym, düş aşak! - diýip ýarym gorkuzyjy, ýarym ýalbaryjy äheñde dälini raýyndan gaýtarmaga synanyşýardy. — Meni arçyn saýlañ, düşeýin! Yogsam özümi aşak zyñaryn! Ýalbaranyña-ýakaranyña, gorkuzanyña gulak asmady. — Doganjygym, nätdiñaý muny… Hany, bol, düşsene aşak! — Bulara seret!… Meni aşak düşürjek bolup durman, özüñiz ýokaryk çykaýsañyzlañ… Köpçülikden biri: — Arçyn saýladyk diýsek näder? - diýdi. Başga biri: — Bolmaz-ow, bolmaz! - diýdi. - Heý, dälidenem bir arçyn bolarmy! — Hudaý saklasyn… Çyndan arçyn etjek bolup duramzog-a… Hasasyna söýenip duran bir goja: — Bolmaz - diýdi. - Çyndanam, ýalandanam, oýundanam etseñiz, bolmaz. — Belkäm, düşer… — Düşmez. Men bulary gowy tanaýan. Bir gezek ýokary çykansoñlar, öldürseñem aşak düşmezler. — Ilki aşak bir düşsün, soñ bir alajy bolar-la! — Düşmez diýdim, düşmez! Aşakdan biri: — Seni arçyn belledik! - diýip gygyrdy. - Hany, düş indi aşak! Däli bökjeklemäge başlady: — Düşmerin! Şäher mejlisine agza saýlamasañyz, özümi aşak zyñaryn. Goja ýanyndakylara: — Nätdi? - diýdi. - Men size aýtmadymmy näme? — Näme diýse edäýeliñ-le. — Näme etseñizem düşmez, adam bir gezek üçege çykarlyk derejede däliredimi, bolany. Soñ hiç aşak düşmez. Komissar: — Saýladyk - diýip gygyrdy. - Seni şäher mejlisiniñ agzalygyna saýladyk. Hany, indi doganjygym aşak düş, dostlaryñy garaşdyrma!.. - diýdi. — Düşjek däl! Şäher sowetiniñ başlygy ediñ, düşeýin! Goja: — Gördüñüzmi? - diýdi. - Size geregem şu. Ind-ä hiçem düşmeýär. Garadere batan ýangyn söndüriji işgärleriñ başlygy: — Şäher sowetiniñ başlygy edende üýtgejek zat barmy, edeliñ-de dynalyñ - diýdi. Soñra iki elini agzyna tutup, surnaýda gygyrýan ýaly gygyrdy: - Düş, doganjygym!.. Seni şäher sowetiniñ başlygy wezipesine belledik. Aşak düş-de işiñe başla! Dälini bilini oýnadyp: — Düşäýmen asyl - diýdi. - Gezip ýören dälini şäher sowetiniñ başlygy edip bellänleriñ arasynda näme işim bar? Düşjek däl! — Ýeri, näme isleýäñ onda? — Ministr etseñiz, düşerin! Aşakdakylar az wagtlyk gürrüñleşip duranlaryndan soñ: — Ýeri bolýa - diýdiler. - Seni ministrem etdik! Hany, indi düş aşak!.. Düş... seret, hemmeler saña garaşýar. Däli başam barmaklary bilen burnuny ýapyp, beýleki barmaklaryny oýnatdy: — Düşjek däl-aý! Bir telbäni ministr edenleriñ arasyna düşer öýdýäñizmi!.. — Ana, doganjygym, seni ministrem etdik, beýleki ministrler saña garaşyp dur. Bol, düş!.. — Ýagy kowalaýarmy yzyñyzdan, ynha düşerin welin, meni dälihana dykarsyñyz siz! Düşemok!.. Goja: — Biderek janykýarsyñyz, düşmez ol indi! - diýdi. - Men bu dälileri gowy tanaýan-a. Sizi ministr etsinler, siziñem düşesiñiz gelmez. Däli bogazyny ýyrtaýjak bolup gygyrýardy: — Premýer-ministr etmeseñiz aýagymam ätjek däl, özümi aşak zyñaryn! — Etdik-how, etdik!.. - diýip gygyrdylar. - Seni premýer-ministrem etdik. Goja: — Şonda-da düşmez! - diýdi. Däli ýene aýnap başlady. Soñra: — Patyşa etjek diýseñiz-ä, düşeýin! - diýdi. - Patyşa etmejek bolsañyz, özümi aşak oklaryn. Gojanyñ aýdanlarynyñ barsy dogry bolup çykdy. Oña sala saldylar: — Näme diýýäñiz? Patyşa edeliñmi? Goja: — Suw señrikden agdy- diýdi. - Indi ol näme diýse etmeli borsuñyz. Bir gezegem bolsa, eýtdi-beýtdi premýer-ministr-ä boldy. — Seni patyşa saýladyk, gardaş! - diýip gygyryşdylar. - Hany indi, düş-dä senem aşak!.. Üçekde bolmajyny bolan däli: — Düşjek däl! - diýdi. — Näme isleýäñ? Patyşa-da etdig-ä seni! — Ha-ha… Düşemok, imperator ediñ, düşeýin. Ýogsa-da özümi aşak zyñaryn. Goja: — Etmeseñiz zyñar özüni - diýdi. — Etdik! - diýip gygyrdylar - Seni imperatoram etdik. Bol, indi düşsene aşak! Däli: — Siziñ ýaly tentekleriñ arasynda men ýaly imperatoryñ näme işi bar? - diýdi. — Ýeri bolýa-la, başga näme isleýäñ? Diliñ gürlesin, biz edeli şony. Düşäýsene indi doganjygym! Üçekdäki däli: — Men imperatormy indi? - diýdi. Aşakdan gygyryşdylar: — Hakyky imperator sen!! — Eger imparator bolýan bolsam, islesem düşerin, islemesem düşmerin... Içiñiz ýansa-da düşemok. Öläýiñ! Komissaryñ gahary geldi: — Zyñýan bolsa zyñyp dynsyn-aý, behh!… Hamana bir dälisi kemeljekmiş-dä dünýäniñ!.. - diýip, oýlandy. Oýlandy oýlanmasyna, emma ol özüni zyñsa komissaryñ kellesini agyrdaýmaklary daşda däldi. Ýangyn söndüriji gullugyñ başlygy gojadan: — Indi näme ederkäk? - diýip sorady. - Bu däli, heý, aşak düşjek dälmikä? — Düşer. — Nädip? — Duruñ häzir, men düşüreýin! Märeke gojanyñ dälini nädip aşak düşürjegini gaýgy edýärdi. Goja üçekdäki dälä: — Imperator hezretleri!.. - diýip gygyrdy. - Ýogsa-da size altynjy gata çykmagyñyzy towakga etsem kyn görmersiñiz-ä? Däli çyny bilen ýüz-gözüni çytyp: — Ýeri bolýa-da - diýdi. Ol üçege çykylýan ýerden içerik girdi. Basgançaga düşdi. Altynjy gatyñ penjiresinden märekä seretdi. Goja: — Serim size sadaga!… Bäşinji gata çykasyñyz gelenokmy? - diýip sorady. Däli: — Düşäýerin! - diýdi. Hemmeler haýran galdy. Goja dördünji gatyñ penjiresinden köpçüligi synlaýan dälä: — Çuññur hormatlanýan imperatorym, ýogsa-da, size, üçünji gata çykmagyñyzy haýyş etsem bolarmyka? - diýdi. Däli: — Bolar, elbetde! - diýip, jogap berdi. Däli indi üçünji gatyñ penjiresiniñ öñündedi. Ol indi bilini oýnadanokdy, aýnanokdy. Özüni hakykatdanam patyşa ýaly alyp barýardy: — Mähriban imperatorymyzyñ ikinji gata çykasy gelenokmyka? — Isleýärin. Ol ikinji gata-da düşdi. — Onuñ alyjenaplary birinji gata çykasy gelenokmyka? Däli köçä inip, köpçüligiñ arasyna goşuldy. Göni gojanyñ ýanyna bardy. Elini gojanyñ egnine goýup: — Häk, ýaşok! - diýdi. - Seniñem däli bolanyñ belli... Däli däliniñ ýagdaýyna gowy düşünermiş. Soñra komissara ýüzlenip: — Ýör, bakaly. Şindi meni dañ-da, dälihana ýolla - diýdi. - Dälä nähili çemeleşmeli eken, öwrendiñmi? Dälini äkidenlerinden soñ, märeke gojanyñ daşyna üýşdi: — Älhepus, ýaşuly! Nädip oñardyñ bu işi? Goja: — Eeee… - diýdi. - Añsat däl, tutuş kyrk ýyllap syýasatyñ içinde ýugrulyp-eýlendik. Soñra uludan bir içini çekip: — Ah, ahh!.. - diýdi. - Häzir aýaklarymda rowgat bolsa, menem üçege çykardym, onsoñ meni hiç kimem aşak düşürip bilmezdi… Eziz NESIN. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||