09:04 Üçlemeler | |
ÜÇLEMELER
Goşgular
![]() Pähim-paýhas, akyl berer kyssalar, Däri-dermana-da mätäçlik çekmez, Tebibi duşanda agyr hassalar. Päk kalbyma ýamanlar ýol salmasyn, Bu gün ýüzün sowan erte düşüner, Öýke-kine köňül mülküm almasyn. Sözlände kelamyň senaly bolsun, Gara daşlar erär şirin owaza, Köňül köşgüň Hakdan penaly bolsun. Ýagşylyk bar, ýamanlyk bar, duýmaly, Ýamanlyk-ejizlik, ýagşylyk-güýçdür, Durşuň bilen gowulyga uýmaly. Daglary behiştiň nusgasyn alan, Türkmenistan-keramatdyr, keremdir, Baglary jennetiň taryny çalar. Men seni hiç haçan terk edip bilmen, Göbek ganym siňen eziz Watanym. Çünki, ýurtdan üzňe ýürekden gülmen. Syrlar syrlygyna galmagy gerek, Çünki baýrak deýin ýaýylsa hemmä, Ynamsyz dostlukdan agyrar ýürek. Edilen ýagşylyk bilinmän galmaz, Kalby pägiň abat bolar dünňäsi. Ýaman niýet mekirlik munda ýol almaz. Hakykat agyrdyr, al salyp bolmaz. Güýrük bolar soňy töhmetiň, alyň. Hiç haçan ýalan söz ýol alyp bilmez. Gün-günden has öňe gidilse ýagşy, Bagta sary şowly gadamlar bilen, Dünýäden ýeten paý alynsa ýagşy. Oguljennet NAZAROWA, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň mugallymy | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |