15:09 Üçünji ýol | |
ÜÇÜNJI ÝOL
Publisistika
Ilki at sanaýyn: Reñki, heñi aýry-aýry hem bolsa, olaryñ hemmesi çepçidi. Köpüsiniñ partiýasy Sosialistik Internasionala agzady. Hemmesi saýlawlar esasynda häkimiýete gelip, ýurduny dolandyrdy: Bill Klinton (ABŞ), Toni Bleýr (Angliýa), Gerhard Şrýoder (Germaniýa), Massimo D'Alema (Italiýa), Fransua Olland (Fransiýa), Wim Kok (Gollandiýa), Bob Houk (Awstraliýa), Fernando de la Rua (Argentina), Ernesto Zedillo (Meksika), Wiktor Klima (Awstriýa), Fernandu Enriki Kardozu (Braziliýa), Felipe Gonsales (Ispaniýa), Žan Kretýen (Kanada), Antoniu Guterriş (Portugaliýa), Rikardo Lagos (Çili), Helle Torning-Şmitt (Daniýa), Alan Garsiýa (Peru), Paawo Lipponen (Finlandiýa), Kostas Simitis (Gresiýa), Ferens Dýurçan (Wengriýa), Josef Muskat (Malta), Helen Klark (Täze Zelandiýa), Laurentino Kortizo (Panama), Tabo Mbeki (Günorta Afrika), Ýoran Persson (Şwesiýa), Kim De Çžun (Günorta Koreýa), Borut Pahor (Sloweniýa)… Dominikan respublikasy, Kolumbiýa, Ekwator, Gwatemala, Garadag, Filippinler, Polşa, Albaniýa, Wenesuela, Bolgariýa, Ysraýyl… Sanaw uzap barýar… Her ýurtda diñe ýeke lider däl, şol ýurtda birden köp at bar sanawda... * * * Ýurtlaryny dolandyran bu "çepçi" syýasy liderleri birleşdiren täsirli şahs iñlis sosiolog alymy Entoni Giddens (1938-nji ýylda doglan) boldy. Otuz dört kitabyñ awtory Giddens dünýäde kitaplaryna iñ köp goldanylan awtorlaryñ biri. 1993-2005-nji ýyllarda 24 kitaby türk diline terjime edildi. E.Fuat Keýman, Hasan Bülent Kahraman ýaly "çepçiler" onuñ "Üçünji ýol gözlegleri" kitaplaryny terjime etdiler, bu boýunça makalalar ýazdylar. Giddensiñ "üçünji ýol" tezisleri nämeden ybaratdy? – Kapitalizmiñ alternatiwasy galmady. – Ösen döwleti maksat edinen, garyşyk ykdysadyýetiñ tarapdary keýnesýen syýasatlar ýalñyşdyr. – Girdeji paýlaşygyny göz önüñe tutmak, sosial kömeklere üns bermek ösüşe päsgel berýär. – Sosial demokratiýanyñ deñlik garaýşy dereksizdir, işbaşarjañlygy öldürýär. – Sagçy we çepçi syýasy düşünjeler çagşady. Ikisini utgaşdyryjy merkezi pozisiýa gerek. Ady "üçünji ýol" bolmaly... Aslynda bular 'neoliberalizmiñ atasy" Fridrih Haýegiñ "inradikal garaýyşlarynyñ "sosial demokrat" tüýse bürendirilen ýygra görnüşidi! Atlary çepçi, sosial-demokrat, demokrat, sosialist hem bolsa, bu aslynda neoliberalizme-bazar fundamentalizmine boýun egen "täze sagdy"! Üçünji ýoluñ birinji tarapdary amerikan prezidenti Bill Klinton boldy. Beýlekisi bolsa iñlis premýer-ministri Toni Bleýrdi, Giddensiñ özem Bleýriñ geñeşçisidi... * * * Aradan ýyllar geçdi. "Üçünji ýol" giñ köpçülige näme getirdi? Işsizlik... Guşak çekme... Sosial hak-hukuklaryñ gysylmagy... Saglygy goraýyşdan bilim ulgamyna çenli hemme zadyñ gymmatlamagy... Isripçilikli sarp edijilik... Bazaryñ "hudaýlaşmagy"... "Baş duşman inflýasiýa" diýlip, döwlet çykdaýjylary eroziýa uçradylyp, ösen döwletler çökerdildi. Döwlet bazarlary global kapital tarapyndan talandy. Daşary ýurt walýutasy, analiz, bono (aragatnaşyk) ýaly kagyzdan pul gazanmak önümçiligiñ ýerine geçirildi. Baýlar has baýady, güýçli ortagürp gatlak garyplaşdy. Adamkärçilik, ynsanperwerlik ýok edildi... Syýasat halkdan, zähmetden üzñeleşdirilxi. Oppozisiýany bölmek üçin etniki kimlikler "ýoñ" edildi. Çepçi mazmunly programmalar içi boş mahabata düşürildi, terjimeçi alymsumaklar, mediýa professionallary "akylly adam" boldy! Indi ýeke-täk ýol jylaw tutdurmaýan kapitalizmiñ pragmatizmidi... Ýagny: Uly umyt bilen häkimiýet başyna getirilen çepçi-sosial demokrat partiýalar neoliberal syýasaty durmuşa geçirip, gatlaklary lapykeçlige uçratdy. Hemmesi taryhyñ çañly sahypasyna garylyp gitdi. Harabasyndan faşistik partiýalar çykdy, häzirem çykyp dur... Eýsem: Imamogly ýurdumyzdaky agyr ykdysady meselelere degişli özüne mahsus, aýyl-saýyl ediji syýasy ugur hödürläp bilermi? Ýa-da Baýkaldyr Kylyçdarogly ýaly derege ýarajak çözgütleri tapyp bilmeýän "Üçünji ýoluñ" ýolagçysy bolarmy? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |